11:37 Ukraina uruşynyñ üçünji ýylynda türki respublikalar | |
UKRAINA URUŞYNYÑ ÜÇÜNJI ÝYLYNDA TÜRKI RESPUBLIKALAR
Publisistika
Ilýustrasiýa: Benedetto Kristofan / Foreign Affairsi 2022-nji ýylyñ 24-nji fewralynda başlan Russiýanyñ Ukraina okkupasiýasynyñ dünýäde juda köp täsirleri boldy. Iñ köp täsirlenen ýerlerden birem türki respublikalardy. Täsir diýlende, birinji ýada düşýän zat işiñ köplenç ýaramaz tarapydyr. Emma bu gezek rus çozuşynyñ türki respublikalaryna ýetiren täsiriniñ ýaramazdan has köp juda oñyn taraplary boldy. Şeýleräk düşündireýin: 1991-nji ýylda garaşsyzlyklaryny alandan soñ Orta Aziýanyñ üstünde "Demoklyñ gylyjy" ýaly sallanyp duran Russiýanyñ pikir edilişi ýaly güýçli däldigi ýüze çykdy. Hünärmenleriñ "birküç hepdede boýun eger, uzak wagta çekmez" diýen Ukrainasy çozuşyñ üçünji ýylynda-da dyza çökmedi we rus goşunlaryna garşy gahrymanlarça göreşýär. Russiýa okkupasiýanyñ başky aýlarynda eýelän birnäçe oblastyndan yza çekilmäge mejbur boldy. Edil häzirem birnäçe posýology elinde saklamakda kynçylyk çekýär. Russiýanyñ pikir edilişi ýaly güýçli däldiginiñ ýüze çykmagy bilen Orta Aziýa respiblikalary öñki gorkularyndan saplanyp, arkaýyn hereket etmäge başladylar. Aýratynam rus goşun bölümleriniñ okkupasiýanyñ başky aýlarynda Kiýewiñ daşyndaky gabawy taşlap yza çekilmegi türki respublikalary arkaýynlatdy. Soñky aýlarda-da ukrain frontyndan gelýän habarlar Orta Aziýanyñ paýtagtlarynda ýüreklere suw serpýän röwüşdedi. Orta Aziýa respublikalary iki ýyllyk okkupasiýa döwründe örän ünsli diplomatiýa ýöretdiler.. Olar rus okkupasiýasynam ýazgarmadylar, Günbataryñ tarapynam tutmadylar. Iki tarapa-da deñ aralykda durmaga synanyşdylar. Şol bir wagtyñ özünde Hytaýdyr Türkiýe ýaly beýleki ýurtlar bilen gatnaşyklaryny ösdürip, öz pozisiýalaryny berkitmäge üns berdiler. Koronawirus ýokanjyndan soñky 2022-nji ýylyñ sentýabrynda birinji daşary ýurt saparyny Gazagystana eden Hytaýyñ döwlet ýolbaşçysy Si Szinpin "Haýsydyr bir güýjüñ ýurduñyzyñ içerki işlerine goşulmagyna garşydyrys" diýip, gazaklary gylawlandyrnak bilen birlikde Moskwanyñ özüne-de gep kakdyrmagy ýatdan çykarmady. Yzyndan ABŞ-nyñ prezidenti Jo Baýden BMG-nyñ Baş Assambleýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka gelen bäş Orta Aziýa respublikasynyñ döwlet ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi. Onuñ yzyndanam Germaniýanyñ premýer-ministri Şols bilen Fransiýanyñ prezidenti Makron Orta Aziýada resmi saparlarda boldy. Elbetde, oñlanylmaýan bu gatnaşyklar Moskwanyñ o diýen göwnüne ýaramasa-da, has möhüm we wajyp meseleler bilen başagaý bolansoñ, häzirlikçe edip biljek zady ýokdy. Muny amatly mümkinçilik hasaplan Orta Aziýa liderleri daşary syýasatda Moskwadan has garaşsyz hereket etmäge başladylar, emma şol bir wagtyñ özünde Russiýanyñ garşysyndaky fronta bolan aralyklaryny-da sakladylar. Orta Aziýa bir ýanda uruş gidip durka hereket ediş ugruny giñeltdi, şol bir wagtyñ özünde Russiýa däne we azyk önümlerini satyp, ykdysady taýdanam peýda gazandy. Rus okkupasiýasynyñ başga bir oñyn tarapy Günbataryñ Orta Aziýany täzeden açmagy boldy. 90-njy ýyllarda täze garaşsyzlyklaryny alan türki respublikalar amerikan diplomatlarynyñ iñ gelim-gidimli ýerine öwrüldi we şol wagtyñ amerikan daşary işler ministri Jim Baker sebiti hamana duldegşir goñşusyna öwren ýalydy. Soñra sebit uzak wagtlap Günbataryñ ünsünden düşdi. Tä şugünki güne deñiç. Günbataryñ Orta Aziýany täzeden ýada salmagynyñ bir sebäbi günbatar frontunda gysylyp galan Russiýany arkasyndanam gabamak, beýleki bir sebäbi sebitiñ rus nebit-gazyna alternatiw bolup biljek uçursyz energetika ýataklaryna baý bolmagydyr. Emma Günbataryñ ýaranlaryna nämeleri rowa görýändigini gören Orta Aziýa Waşingtondan, Brýusselden ýollanan ýasama gülümsiremelere ynanjak bolup durmady we sowukganlylygyny saklady. Elbetde, bu ýagdaý Moskwanyñ ünsünden sypmady. Hernäme-de bolsa, Finlandiýadan Ýaponiýa çenli uzaýan we Orta Aziýany gurşap alýan ümmülmez ýerleri bilen geografiki taýdan dünýäniñ iñ uly ýurdy hökmünde Russiýa türki respublikalaryñ görmezlige, äwmezlige salyp bilmejek goñşy supergüýji. Bular ýaly güýjiñ gaharyny getirmek we gidişmek sebitdäki hiç bir respublikanyñ peýdasyna bolmaýşy ýaly, Orta Aziýadaky liderleriñ häkimiýet başynda oturmaklary-da Moskwa bilen düşünişip işlemeklerine bagly. Gürrüñsiz, ukrain uruşyndan iñ uly peýda gören türki respublika Azerbaýjan boldy. Russiýanyñ Günbatar bilen Ukrainada ullakan göreşe girişendigi we ünsüniñ dagynyk döwründe Azerbaýjan ussat küştçi ýaly dogry hemläni atyp, otuz ýyl bäri okkupasiýa astynda ýatan ýerlerini azat etdi. Elbetde, munda Türkiýäniñem ýardamy az bolmady. Russiýa Günbatarda wawwaly mesele bilen başagaý bolup ýörensoñ, Ermenistan ýaly ikinji mesele bilen gyzyklanmaga wagty-da ýokdy, ýagdaýy-da. Şeýle-de aýyn bolmasa, Günbatara göz-gaş kakyp duran Paşinýan we ermeniler mazaly almytyny almaga mynasyp bolupdyrlar. Şeýlelikde Moskwa ermenileri türkleriñ ynsabyna berip, bir daş bilen iki guş urmagy başardy: hem-ä özüne hyýanat eden ermenileri jezalandyrdy, hemem Türkiýäniñ Daglyk Garabagdaky ekspansiýasyna sesini çykarman, Günbatara garşy uruşyna möhüm soýuzdaş gazandy. Elbetde, Türkiýe kagyz ýüzünde Günbatar ýaranlygynda ýer alan ýurdam bolsa, hiç wagt Russiýa garşy yglan edilen sanksiýalara goşulmady. Ankara Ukraina bilenem, Russiýa bilenem gatnaşyklaryny dowam etdirip, ykdysady we syýasy taýdan maksimum peýda gazandy. Jemläp aýdanymyzda, Ukraina uruşy türki respublikalaryñ we Türkiýäniñ hem-ä syýasy, hemem ykdysady taýdan has giñ manýowr meýdanyny gazanmagyna we has çeýe hereket edip bilmegine mümkinçilik döretdi. Şu ýerde berekellasyny ýetirmeli zat - türki respublikalaryñ ussatlyk bilen deñagramly syýasat ýöredip, hem-ä Günbatara, hemem Russiýa deñ aralykda durup, emele gelen amatly mümkinçiligi maksimum bähbide öwürip bilmegidir. Esedulla OGUZ, Germaniýaly türkmen žurnalisti. Sişenbe, 27.02.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |