Ýigitler çepe, gyzlaram saga sowuldy. Edil şol wagtam Mähriniň kakalygy gyzlaryň deňinden ýetip geçdi. Ol göräýmäge hiç zada üns bermedik kişi bolsa-da, ýigitleri göz astyndan synlady.
Kakalygynyň bimahal peýda bolmagy Mährä ýaramady. Hemişe iň bolmanda „armaň” diýmän oňmaýan adam, bu gün sessiz-üýnsiz geçip gitdi.
Muny Heselem duýdy. Mähri bolsa içinden bigünä Hesele igendi. „Ýeri, gitse gidipdir-dä dosty, yzyna köwlenmän oňjakmyşmy. Bu gün görmese ertir görjek ekeni-de! Ýedi ýoluň üstünde sataşyp ýörmegi aýpdyram öýdenoklar. Hawa-da, gyz utanmasa, ýigit çekinermi diýsene”.
Hesele igense-de, Hojamyradyň wäşiligine, beýleki ýigidiň salyhatlylygyna pisindi oturan Mähri jorasynyň ýap-ýaňy beren soragyna nagt jogap berdi.
— Haladym.
— Eýlekisini nähili gördüň?
— Oňa esewanam etmändirin.
Hesel güldi.
— Näme ýalan sözleýäň?!
Mähri diňe ýylgyraýdy.
Hesel ol ýigit hakynda bilýänlerini gürrüň berdi. Ol ýakynda Sankt-Peterburgda okuwa giripdir. Gutarsa uçarman bolmalymyş. Özünem gyzyl ýaly ýigitmiş. Bir bagtlynyň-a bagtyndan çykar — diýip, Hesel aýdanlarynyň üstüni ýetirdi.
— Şeý diýsene.
— Näme ýaňsylan bolýaň?! Birden öz bagtyndan çykaýmasyn?! Gözüň-ä aýryp bilmediň, keýgim!
Jorasynyň kinaýalyja sözi Mähriniň çetine degdi:
— Synlan synlawersin, biz-ä synlaşyp-saýlaşyp ýörmegi oňarjagam däl.
Heselem Mähriniň gürrüňine görä jogap gaýtardy.
— Synlajagam, saýlajagam jorajygym, saňa-da şony nesihat berýän. Mähri sesini çykarmady.
Mähri lukmançylyk institutyna girip bilmän gelensoň göwnünde baram bolsa, okuw diýmäge ýaýdandy. Ejesine dözmedi. Mährileriň obasynda okuwa gidýänem azdy. Ataly ussanyň gyzy gidipdi. Olam gybatçylara bir salym güýmenje boldy. Etmedigini etdirdiler, diýmedigini diýdirdiler. Telim ýigit bilen gaçyrdylar. Etdi–goýdyň soňy puç bolansoň ahyram ýadap goýdular. Şu ýagdaýlaram Mährini oýlandyrdy. Ol meýdan işini bolsa ýaňy görmeli däl. Okaýarka-da, okuwdan boş wagtlaram kömekleşýärdi. Alsynda dogup-döräp içinde ýaýnan ajaýyp meýdanlary, ala-ýaz adamlar gyza egsilmez şatlyk berýärdi. Ýaltanmany, ýadamany bilmeýän Mähri üçin deň–duşlaryna ýomak oklap, özi bilen tas boýdaş gowaçalary çürtmekden, traktorlaryň zenzelesine, daş-töwereginiň gowruna, boýdaşlarynyň gülküsine diň salyp, pagta ekmekden, otamakdan, mele suwuň ýapjagazlara, gowaçaly pellere lummurdap akyşyna syn etmekden lezzetli zat ýokdy.
Ter güli ýadyňa salyp ösüp barýan derek boýly Mähri köpüň gözünde-di. Onuň ak ýüzüne bezeg berýän garamyk ýaly gözleri-de, gyýlyp duran gaşlary-da, çürüje eňegindäki garaja haly-da köp gözleri egleýärdi. Emma bu ýygra gyza lak atybermäge her kimiň bogny ysanokdy.
— Galyň bende gyz çykarjak däliňe-de gulak asanoklar. Şol dökülişip durlar. Ilde-de gyz bardyr welin — diýip. Dürjemal özem bilmän bir gün adamsynyň ýanynda zeýrendi.
— Dökülseler berme-de, sakla-da otur — diýip. Ýagdy ýüp işip oturşyna kineli aýtdy. Biri bilen goşuny getirerine garaşýansyň.
Adamsynyň jogaby Dürjemalyň göwnüne degdi.
— Seňňem gyşyk gürrüňiň galjak däl. Geňeşmedigim bolsun!
— Şu adamlaram bir zada göz ýetirmän aýdanok how! Saňa gep nokatla diýseň. Oturan ýerinde gyzyň edip ýören işinden habaryň ýok — diýip, Ýagdy aýalynyň nazaryndan ýüzüni sowup gürledi.
Dürjemal iňňän geň galyp adamsyna howsalaly çiňerildi:
— Näme işleýämiş?
— Ony gyzyň özünden sora!
— Menden bidin gyzym adimem ätmez!
— Äden bolsa bildiňmi? Gatnadyp durma-da, berip goýber ilerkilere. Ýa olaram tanaňokmy? Gyzyňam agyrjak däl. „Okaýsa” diýdiň. Ol görgüliler şoňa-da razy. Başy bogulsyn, goý, okabersin! Başga saňa näme gerek. Şol içerde oňa „edenine däl” diýjek tapylmaz. Ýada bereňde ondan gowy boljakmy?
Ýagdynyň „ilerkiler” diýýäni Dürjemalyň daşkyrak garyndaşlarynyň biridi. Olar Mähri berilse, obada sürüji bolup işleýän ortanjy ogluna gelin edinjekdi. „Köp ýalbartma, Dürjemal, ber Mähri jany maňa! Şüýl elimiz bilenjigem okuwa eltip geleli? Ýa sen bize-de ynanaňokmy?” diýip, her gelende ýigidiň ejesi ýalbardy. „Özleri oňlamasa men „pylan” diýip bilmen” diýip, gyzynyň göwnünden habarsyz Dürjemalam gutarnykly jogap berip bilmedi.
Adamsynyň kakdyrmasy Dürjemaly iňkise goýdy. Mähri birine göwün beräýdimikä? Kimkä ol? Nähili adamka? Şol ilerkiler bolandygynda-ha adamsy agzamaly däl.
Dürjemal haýal etmän gyzy bilen gürleşip görmegi ýüregine düwdi. Adamsy çykandan, igini göterip gyzynyň ýanyna ugrady.
Mähri goňşy otagdady. Gyz ýeke bolsun, iki bolsun, şonda oturaýanyny kem görenok. Ýöne Mähriniň ýanynyň gelin-gyzsyz wagtam az bolýar. Şol jaýda agşamlaryna gyzy-gelni üýşüp tikin tikýär. Jorap örýär. Üýşüp-üýşüp gopuz çalýar.
Dürjemal girende gyzynyň ýeke özi eken. Mähri jigilerine jorap örüp otyrdy. Jaýyň tämizligi içerdäki zatlaryň ýerbe-ýerligi Dürjemalyň göwnüni göterdi. Aslynda gyzly içeriniň howasam ýazyň howasyny ýadyňa salýar. Görmegeý Mähriniň gyýarak bakyp oturşynda birhili üýtgeşik gudrat bar. Onuň ýakasy bir garyş bejerilen köne ketenisem tüýs Mähriniňki. Belki, şu köýnek täzekä-de oňa edil häzirkisi ýaly gelşen däldir. Sebäbi köne keteni Mährä öwrenşipdi. Ony sada görkezýärdi. Mähriniň iňňeden çykma gültahýasam ak ýüzüne, gyýma gaşlaryna gelişýärdi... Mähri kimedir birine näz edýän ýaly, owadan gözlerini süzüpdir-de, gabagyny galdyrman, halkalary ol çişden beýlekisine geçirýärdi. Sülük ýaly barmaklarynyň hereketine göz ilenokdy. Nepis sungata meňzäp gül öwsüp oturan Mährä ýigid-ä däl, aýal maşgala-da gözi gitmän seredip biljek däldi.
Mährä aňk bolup duran Dürjemaly ýakymly duýgy gaplap aldy-da, onuň gyzlyk döwrüni ýadyna saldy „Balam, hernä bagtyň bolsun-da” içini gepleden Dürjemal gyzynyň ýanyna geçdi.
— Geleniň gowy bolaýdy, şumat ýanyňa baraýyn diýip oturşymdy. Çabydyma jähek çalyşaý diýjekdim.
— Gyzyň sülük ýaly barmaklarynyň hereketine guwanyp Dürjemal öýlerini Mährisiz göz öňüne getirjek bolup çalyşdy. Başarmady. Mähri onuň ýüreginiň örki. Iki dünýäsiniň – görüp, duýup ýaşap ýören daşky hem içki dünýäsiniň bezegi. Ömrüniň bahary. Şol baharam şu gyz bilen baglanyşykly. Ol günleriň her sagady, her minudy ajy hem süýji ýatlamalardan doly. Mähriniň ejesem, kakasam çagalykda bileje oýnan deň-duşlarydy.
Dürjemal uludan dem aldy-da, gyzyny gözüniň görüp duran ýerine çykarmaklygy makullap, öz-özüni köşeşdirdi. Mähri geler durar. Girse-çyksa-da, gözüniň alnynda bolar.
Ejesiniň ýöne oturmaga gelmedigine gyz düşündi.
Jähek çalyp oturşyna Dürjemal ýaýdanjyran gyzyna söz gatdy.
— Ilerkilerem-ä, özüň bilýäň, at tezegini guradanoklar, keýgim. Bir bendeleri gatnadyp durmagam uslyp däl.
Dürjemal muny diýse-de diýdi welin, matlaby ilerkilere jogap bermek däldi. Gyzynyň göwnündäkini bilmekdi.
Dogrusyndan gelse, ejesiniň häzirki söz aýdyp oturan ýigidini „halamok” diýmäge onuň dili aýlanjak däldi. Özüne saýla diýläýende-de obada şondan edepli, ezber ýigidi saýlabam bilmejekdi. „Tanamok” diýibem biljek däldi. Mähri ony sylaýardam, hormatam goýýardy. Muny Dürjemalam bilýärdi, beýlekilerem. Ýöne ýigidiň telim gezek gürleşjek bolup synanyşyndan özünden başganyň habary ýokdy. Ýigidiň özüne bir zat aýtjagyny duýan badyna, Mähriniň reňki üýtgäp gidýärdi. Näme üçin beýle bolýandygyna özem düşünenokdy. Ýekeje söz aýdaýsa, Mähriniň ýaryljagyny aňyp, ýigidem batyrlyk edip bilenokdy. Häzirem Mähri oňaýsyz ýagdaýa düşdi. Dogrusyny aýtsaň, ejesiniň şu gürrüňi gozgamanyny gowy gördi. Şonuň üçinem basymrak başyndan sowmak niýeti bilen, göwnüne gelenini aýdyp goýberdi:
— Özüňiz oňlasaňyz, sorap oturmaň-da, göwnüňizdäkini ediberseňizläň, eje!
Gyzynyň agzynyň ugruna aýdyp goýberen sözüni Dürjemal ýokuş gördi.
— Gyşyk gürrüňiňi goý-da, sala salnanda, adam ýaly jogap ber. Dürjemal elindäki sapaklary gaçyrdy. – Bumat ejeň oýun ýadyna düşenok. Gönüle-de göwnüňdäkini aýt. Ejeňden zat gizleme.
— Eje, bolşuň bir tüýsli. Men näme gizläpdirin?!
— Ony özüň gowy bilýänsiň!
— Meň-ä üýtgeşik bilýän zadym ýok... Näme diýjek bolsaň, gönüle-de diýäý, eje. Kelç-külçümi gören bolsaň, ýa birinden bir zat eşidenem bolsaň. Eger iň bärkisi şol „ilerkileriň” bilenem gepleşýändir öýdüp müňkür bolýanam bolsaň, onam aýt!
— Ejeň göwni üçin razylyk berip otyrsyň-da onda. Olarda göwnüň ýok-da?!
— Göwnüm bolup-bolman siz oňlasaňyz...
— Men onda çem geleniň habaryny alsam razylyk beräýjekmi?
— Ejesi ynanmasa-da, gyzy ejesine ynanýandyr. Çem gelene berilmejeginem bilýändir.
— Ýaramaz adama iterilip goýberilmejegine akylyň çatýandygyny menem bilýän. Ýagşy adam köpdür dünýäde. Ýöne gowynyň gowudan parhy bardyr. Bu zatlara indi akylyň ýetmelidir. Berdilerem-dä, ysnyşyp gidiberseň-ä bir gowy, gitmeseň göwnüňem başga bolsa, soňky gün onuň gowulygyndan saňa peýda ýokdur. „Özüňiz oňlasaňyz bor”. Muny diýmegin. Bu akylly adamyň diýjek sözi däldir. Şu sözi indi men seň agzyňdan eşitmäýin.
Şu meseläni hökman şu gün çözmegi göwnüne düwen ýaly, Dürjemal soňam tüketmedi. Ahyr soňun-da garyndaşlarynyň habaryny almajakdygyny aýtdy.
Belki-de, ejesiniň beren öwütlerini makullandyr. Belki-de, olaryň hemmesine düşünenem däldir. Ýöne «ilerkilere» beriljeginiň özüne täsir etmeýşi ýaly, berilmejegi hakyndaky gürrüňem gyzda täsir galdyrmady.
Ýöne ejesine beren jogabynyň ýalňyşdygyna gyz soň düşündi.
Gök gübürdäp ýagyş ýagyp, bütin älemi suw-sil etdi. Işden gelýän Mähri süllümbaý ezildi. Şonda-da keýpi kök gyz, bady gaýdyşan ýagşyň şybyrdysyna keýp edip, çaga ýaly iki ýana ylgaberesi geldi. Ýagyş damjalarynyň daş-töwerekdäki zatlara degip seslenýän owazy Mähriniň kalbynda ýakymly duýgy döretdi. Ol ýyljyraklap töweregine höwesli bakyp barşyna, haýsydyr bir aýdyma ýuwaşja hiňlendi. Birdenem gyzyň ädimleri haýallady, sesi kesildi. Heselleriň deňinde bir ýaş ýigit ýoluň gyrasynda bytnaman durdy. Ýigidiň garanjaklap durşundan özünden bir zat sorajak bolýandygyny aňdy. Ol sowlup geçmegiňem ebeteýini tapmady. Ýigidiň indi diňe özüne seredýändigini bilibem aljyrady. Hatda ýoluň gyrasyndaky töňürtgäni görmän, oňa büdredi.
— Ýoluňyza seredeweriň. Aýagyňyzy bir agyrdaýmaň!
Ýigit Mährä lak atdy-da, yzyndan gyzyň sowlup geçibermeginden ätiýaç edip, entek ýanyna golaýlamanka oňa ýüzlendi:
— Maňa Heselleriň öýleri gerekdi welin, şu töweregi salgy berdiler. Sagdamy, çepdemi bilmän durşum.
— Garşyňyzdaky ýaşyl gabsaly jaý-da şolaryňky.
— Olaryň hersi öz ugruna gitdi.
Ýigit tanyş ýüze meňzedi. Onuň göze ýakymly keşbem, boý syratam tämizden ykjam geýinşem gyza kimdir birini ýatlatdy. Birdenem bir zat hakydasyna geldi-de Hesellere ýetip barýan ýigidiň yzyndan seretdi. Heseliň uçarman bolmaly diýýän ýigididigini çaklady. Hesel ýakynda durmuşa çykypdy. Hojamyrat onuň adamsydy. Ol indi birki gün bäri gaýynlaryndady. Heselleriň jaýlarynyň üstüni bejerýärdiler. Ýaňky ýigidem dostuny küýseýändir-de, gaýdyberendir öýdüp Mähri öz ýanyndan çak etdi.
Ýigidiň nurana keşbi, gülümsiräp durşy öýlerine barandan soň hem, gyzyň gözüniň öňünden gitmedi.
Şu wakadan ep-esli wagt geçenden soň, Mähriniň durmuşynda uly özgerişlik boldy. Bir gün işden gelen gyz gapylarynda nätanyş adamlary görüp yza tesdi. Duranlaryň biri saçyndan ak giren syratly aýaldy. Beýlekisi ak sakgally, ýüzi nurana daýaw adamdy. Nätanyşlaryň ikisiniňem nazary gyza gönükdi. Mähri öýe girjeginem yzyna öwrüljeginem bilmän aljyrady. Birdenem, tez maral ýaly, keýerjekläp yzyna gaçdy.
Sygyr sagyp gelen Dürjemal gyzynyň yzyndan seretdi-de, myhmanlaryny öýe çagyrdy.
Mähri Hesellere sowuldy. Heselem gezmäge gelipdir. Jorasynyň işden gelerine alňasap oturan eken. Ol Mähriden düşege geçmänkä ornaşykly oturar ýaly, ejesine duýduryp gaýtmagyny haýyş etdi. Mähri dogrujasyny aýtdy.
— Öýde myhman bar, barmaga utanýan. „Myhmanyň” sawçydygyna Hesel şol bada düşündi. Oňa jorasyna degmäge bahana tapyldy.
— Aparjaklar diýsene.
Hesel jorasyna saçak atdy-da, ejesi çykyp gidensoň myhmanlaryň kimdigi bilen gyzyklandy:
— Näbileýin men. Gören zatlarym däl – diýip Mähri jogap berdi.
— Hesel ilgezeklendi.
— Sen otur entek, jora jan, men olary tanar geläýerin.
Ol Mähriniň garşylygyna garaman, çykyp gitdi. Salym geçmänem geldi:
— Anjaýyn.
Hesel Mähriniň üstünden düşüp başlady:
— Piliň gulagynda uklap ýören ogşyýak. Nirede duşuşyp, nirede tanşyp ýörsüň, gyz?! Wah, sen hakda soradylaram-a, şonda-da güman etmändirin. Bolsa-da sorajak adamyny bilipdirler. Aý, kimden soranlarynda-da seni ýamanlajak adam tapylar öýdemok-la.
Mähri sözüni bölmedik bolsa, Hesel entegem gürlejekdi.
— Nämeler samrap otyrsyň, men-ä seň kim hakynda parsylaýanyňa düşünýän däldirin.
— Şeý diýsene. Gözüm bilen görüp gelemsoň, ýalan sözläp sypmarsyň, keýgim. Bolsa-da, ýeserje ekeniň. Duýdurmanjyk seret-le, ýigit dagam däl-dä. Akylymy, syraty diýermiň. Ýöne-möne ýigidi saýlamajagyňy öňem bilýärdim-le. Oňarypsyň. Onda-da ne oňarmak, bagtyň bolsuň, jan jora!
Hesel çaý demläp, nahar gyzdyryp ýörşüne jorasyna ýürejigi bilen bagt arzuw etdi. Mährem ondan kem oturmady.
— Toba, ynha bir başa gelen musallat. Men-ä, şolaryň ogullarynam, özlerinem tanap baramok. Tanajak bolup nä derdim.
— At oýnatmasana.
— At-a sen oýnadýaň. Niräň ýady üçin boýnumdan ildiň-le?
Hesel geň galyp öweldi, ýigidiň özi Mährini görendir-de halandyr diýen pikir kellesine geldi-de, öz ýanyndan ýigidi ýazgardy. Gyzyň meýlini bilmän adam iberäýmek bor ogşyýa. Bolmanda iki barmak hat ýazyp duýduraýmaly. Akmyradyň halany bilen bar zat çözülenok ahyry. Akylly-başly gyz görmän, tanaman bütin obaň bilen sawçy gelende bir razylyk berjekmi? Akmyrat aslynda bir ýygra ýigitdä. Setanda-seýranda öýe geläýse-de, Hojamyrat bolmasa, jaýa salyp bolmaz. Giräýdigem, geplemez-de, şol dymar oturar. Özümiz-ä ulugyzam bolup görüpdik welin, şoň ýaly utanmagy, çekinmegi bilmändiris. Aslynda Mähri ikisi bir adam-la. Bularyň häsiýetleriniň beýle meňzeş bolaýşyny. Her halda ýigide igense-de, Akmyrat tarapyndan Mährä söz aýdyjy gelinmegine Hesel begendi. Şonuň üçinem ol jorasyny ol ýigit bilen içgin tanyşdyrdy.
— Ýadyňa sal, biziň toýmuzyň öň ýanynda ikijigimiz işden gelýärkäk, Hojamyrat bilen ýene bir ýigit öňümizden çykypdy. Dosty diýip aýdypdym.
Gürrüňiň kim hakynda gidýändigini Mähri eýýäm aňdy. Ýöne onuň ýüz keşbinden jorasynyň bu meselä garaýşyny aňmak Hesele kyn düşdi. Ol çintgedi!
— Ýadyňa düşenokmy, gyz? Ho uçarman bolmalymyş diýmedimmi?
— Şu gürrüňi goýaly-la, Hesel!
— Syr saklasaň öýkelärin. Näme diýseňem men bir zada ynanmajak bolýan. Olaryň şu oba gyz tapman gelmediklerine akylym ýetýär. Akmyradyň çem gelen gyza, onda-da ata-enesine gyz gözledip öýlenmejeginem bilýärin. Hesel gülümsiräp jorasyna seredip goýberdi-de dowam etdi.
— Näme diýseňem keýgim, seňem oňa göwnüň ýetmän duran däldigini bilýärin. Şol gün gözjagazyňy aýyrman, Akmyrady synlanyňy Hesel näme ýadyndan çykaraýandyr öýdýärmiň.
— Sen-ä oňaraýdyň. Bar onda git-de, ejeme duýdur. Habarlaryny alsyn!
Hesel hezil edip güldi-de:
— Hemişe oýun edýärsiň Mähri jan, meň bolsa çynym. Göwnüme sen oňa, olam saňa mynasyp ýaly bolup dur. Adam iberýän bolsa, özem görnäýmeli – diýdi.
Heseliň jigisi ukudan oýandy-da, bir enaýyja ýylgyryp, gyzlara seretdi. Mähri ony hasyr-husur gujagyna aldy. Ýaňajyklaryndan ogşady:
— Ballym, Hesel ejeňden sora, ol jorasyna söz aýtmaga gelipmi ýa-da gezmäge. Eger gudaçylyga gelen bolsa ýekesiretmesin, baraýsyn obadaşlarynyň ýanyna.
— Hawa, şoň Hesel ejes-ä jorasyna söz aýtmaga geldi. Gopararyn diýen tamasy bar. Olar dost, biz jora. Onsoň jorasy bilen goňşy bolsa, Heseliň nä armany bar.
Mähri Heseliň jigisini bökdürdi-de, perwaýsyz jogap berdi:
— Joraňy ýaňy tanamaly dälsiň-le, Hesel. Bu meselä Mähriniň gatyşmajakdygyny bilipjik duransyň-la?! Mähriniň perwaýsyzlygy Hesele ýaramady.
Mähriniň ykbalyny onuň özünden başga adam çözmez.
— Bolmanda-da menden bimaslahat guda bolunmaz-la – diýip. Mähri indi çynlakaý gürledi:
— Bolmanda-da gyza sala salynýandyr. Ýüregiňe ýol salynman gapyňyzy açdyrarsyň öýdemok.
Şundan soň, gürrüň meýdan işine syrykdy.
Mähri öýlerine gijräk gaýtdy. Jorasyna syr bildirmese-de nätanyş ýigit hakyndaky ýakymly gürrüňler onuň göwnüne ýarady. Ol gijäniň bir wagtyna çenli keşde çekip oturdy.
Akmyrat bilen ilkinji duşuşygynam, soňky duşuşygynam ýatlady. Hojamyradyň oklaýan ýomaklaryna jogap bermegiň deregine, Akmyradyň utanjyrap adaja ýylgyryp durşy göz öňüne gelende özünde şeýle oňat täsir galdyran ýigidi şu wagta çenli ýatlamandygyna geň galdy. Mähri şol wagt Akmyrada höwes edipdi. Guwanyp synlapdy. Ol ýigidiň şol keşbini göz öňüne getirmäge synandy. Arada Hojamyratlara gelende aýdan sözlerini ýatlady. „Ýoluňyza bir seredeweriň, aýagyňyzy bir agyrdaýmaň”. Ýogsa-da, näme üçin Mähri şol gün Akmyratdan utanyp, aljyrap der-başagaý bolduka? Ýa nätanyşlygy üçin şeýtdimikä? Ýa oňa göwni gitdimikä? Gyz bu soraglaryna jogap berjek bolup kelle döwdi. Mährini halaýan az däl. Özlerem tanyş ýigitler. Akmyrat bolsa näbelet. Näme üçin Mähri bäş barmagy ýaly belet obadaş ýigidi hakynda däl-de, özüne nätanyş başga bir ýigit hakynda göwün ýüwürdýär?!
Gyz muňa jogap tapmady. Tersine, Akmyrat hakynda has köp pikir etdi. Oýlandygyça-da ol Mährä tanyş, onda-da iň ýakyn, mähriban adam bolup göründi.
Akmyradyň görünmän ýörmesini gyz oňlady. Heselem onuň çekinjeňdigini aýtdy ahyryn. Mährä geregem şol. Ýolda-yzda sataşyp lak atyp dursa, halajagam däl. Utanjak. Il-günden ätiýaç etjek. Akmyradam muny duýýandyr.
Gyzyň aňyndaky göreşde Akmyrada imrinýän duýgular üstün çykdy. Oňa öýde bolsa ýigit gapydan giräýjek ýaly boldy durdy. Meýdanda bolsa gözi töwereginde gezdi.
Işde-de Mähri mahal-mahal piline ýaplanyp pikire batanyny duýman galdy. Gyz haýsy tarapa nazar salsa, Akmyrat hoşamaý ýylgyryp Mährä tarap ýetip gelýär. Onuň başynda gök papagy, egninde bürgüt suratly gelşikli gök penjegi bar. Ol şol ýylgyryp gelşine „Mähri, sen bize razy bolgun, bolýarmy? Men seni haladymda” diýýär. Bir gezek joralarynyň biri oňa degdi.
— A gyz, doňup galaýana dälsiň! Näme öz-özüň ýylgyryp dursuň?
Mähri jogap bermän işläp başlady. Şundan soň gyz ejesiniň sawçylara beren jogabyny bilesi geldi. Aradan ep-esli wagt geçensoň çaý içip otyrkalar Dürjemal olar hakynda mesaýy gürrüň etdi. Dürjemalyň çürt-kesik jogabyny sawçylar ýokuş görüp gidipdirler. Ýene dolanjakdyklarynam aýdypdyrlar.
— Bolsa-da ogullaryna göwünleri ýetýär. Çagasyny kim erbet görýär. Mähriniň ejesi şundan soň, olar hakynda gaýdyp gürrüň gozgamady.
Akmyradyň ene-atasam Mährä yhlasly ýapyşdy. Dürjemaly oturmaga-turmaga goýmadylar. Gyzyň özüne-de telim gezek duýdurdylar.
Mähri ýigide göwnüni bölenini duýman galdy. Şundan soň bir gün gyz utansa-da, olara razydygyny jorasyna aýtdy. Şol gün atasy öýlerine gezmäge gelen Hesel jorasyndan az-kem öýkelemänem durmady. „Ýeri, öň görşüp–duşuşyp ýörendigiňi aýdaýanyňda-da ile jar etjek däl-ä. Ýa aralaryna çöp atjakmy? Dogry, özümem gizläpdim”. Ýigit bilen baglanyşykly gürrüň gozgasaň halanok. „Utançsyzlar” diýýär, turýar ötägidýär. Özüni asylly, bizi asylsyz saýýar. Wah, irde-giçde düşünen ýeri bolýar. Gizlese gizläbersin. Mährini söýdürip bilen ýigidiň bardygyna şat. Bir obada ýaşap, işleşip ýörsek, bir döwüm çöregimizem, şatlygymyzam, gussamyzam paýlaşarys...
Içini gepletse-de, Hesel jorasyna daşyndan zat duýdurmady.
Ýap-ýaňy işden gelip öňüne çaý alan Dürjemal Hesel girenden, gyzynyň çykyp gidenine geňirgense-de, goňşusyndan geň habara garaşmandy. Hesel Mähriniň razylygyny duýduranda, Dürjemal gulaklaryna ynanmady, onuň agzyna öweldi.
— Ýokuş gördüňiz-le, Dürjemal daýza! Akmyrat ýa-la ýigit tapmarsyňyz. Gyzyl ýalydyr – diýip Hesel ýöwselledi.
Dürjemal sesini çykarmady. Ýöne ol çaýa-da seretmedi, nahara-da. Boz-ýaz boldy-da, doňdy galaýdy. Hesele „oturam” diýmedigine soň gynandy. Bu gezek ol gyzyndan iňňän ynjady.
Dürjemal adamsynyň bir wagtky sözüni ýatlady.
„Saňa gep nokatla diýseň, oturan ýerinde gyzyň edip ýören işlerinden habaryň ýok”. Bile duranlaryny göräýdimikä? Ýa eşitdimikä? Aňyrsynda bir zat bolmasa, ol aýtmaz. Ýalan sözlemek ýek ýigrenenidir.”
Gyzynyň şu meselede howlukmaçlyk edip ýalňyşlyga ýol bermeginiň mümkindigi hakyndaky gorkuly duýgam onuň ynjalygyny aldy. Dürjemal anyklamasa ynjalmady. Mähriniň razylygyna garamazdan, myhmanlara ýyly söz bermedi. Dürjemal gyzy bilen ýüzbe-ýüz bolýança özüni birneme köşeşdirdi. „Ýygra gyzyňdan göwnüň galmasyn, Dürjemal. Halaýarmy, özem asylly ýeriň çagasymy, abraýlyja gözli-başly edeniňi bil.”
Dürjemal çagalarynyň ikisinem goňşy jaýa iberdi. Gyzyny ýanyna çagyrdy.
Öz ýanyna barman soň, ejesiniň ynjandygyny duýan Mähri ýaýdanjyrap jaýa girdi. Ejesiniň gapdalyna geçip birhili oňaýsyz ýagdaýda oturdy. Dürjemal çagalarynyň eşiklerini ütükleýärdi.
— Mährim, ýa gyzy ejesini tananok, ýa-da ejesi gyzyny. Ýogsam olar biri-birine ynanaýmaly ýaly welin.
— Eje, sen menden nägile-dä!
— Muňa birjigem beýle düşünme, gyzym. Maňa göwnüňdäkini aýtdyň, sag bol! Ýöne sen, Mährim, ejeňe esasy zady aýtmadyň. Kim ol? Nähili adam? Tanaýarmyň, gördüňmi?
Mähri ýuwdunyp esli salym oturandan soň dillendi:
— Soranjyrap oturmasana, eje, alaýyň şolaryň habaryny. Özüň bilýäň-ä abraýly ýer. Okasamam garşy boljak däller.
Dürjemal gyzyna ynjyly jogap berdi:
— Senden tamam çykanok, Mährim! Okuwly gürrüňi ara goşma. Ejeňem seni daňyp saklanok. Bolşuň şu bolsa näbileýin, gyzym, senden okanam bolmaz, dokanam. Bagt diýilýän zat biriniň eli bilen getirilip berilýän zat däldir. Tanap, bilip ejeňden gizlän bolsaň, şonda-da senden kine etmäýin. Saňa ýaran bize ýarar. Ejeňe diňe iki agyz sözüň gerek. Soraşyp tanyşmaly bolsa onda tanama kemi galmady. Iliň-günüň derdine ýaraýan abraýly adamlar. Muňa-da gözümiz ýetdi.
Onda Mähri ejesiniň nämeden dilgir bolýandygyna düşünmedi. „Entek oýlan, akylyňa geňeş, tana, bil”. Öňem telim gezek aýdylan sargytlar onuň ýüregine düşdi. Ejesi irýän däldir-dä, elbetde?!
Gyz ýüzüni asyp oturşyna jogap berdi!
— Oýlandym...
Toý sowlup adamlar böwşeňleşdi. Gelniň ýanam çolardy. Mähri dikelip oturdy-da, bilini ýazdy. Mahmalyny ýokaryk çekip, oturan jaýyna göz gezdirdi. Içerde hemme zat ýerli-ýerinde. Jaýyň ap-ak diwarlarynyň aýnalaram, gapysam arassa. Içerde päkize adamyň ýaşaýandygyny soraman biläýmeli. Mähriniň edil garşysynda lowurdap duran halynyň erňeginden ullakan surat asylypdyr. Ondan goňrasrak saçly, saryýagyz, görmegeý ýigit edil janly ýaly Mährä seredýär. Mähri ýuwaşja pyşyrdady:
— „Akmyrat”
Hesel çaý getirip Mähriniň öňünde goýdy. Özem gapdalynda ornaşyp, bir käse çaýy Mährä uzatdy-da, ýene ony gozgalaňa saldy.
— Gaýnyň görgüli daň ataly şol zowzuldap ýörşi-dä! Düýnki gelmeli adam ahyryn ol.
— Düşünsemem özümem alada etmän duramok, Hesel. Sagaman gelse-de biri.
— Gelmesine geler-le. Daş ýurtda, elbetde, bir sebäp tapandyr-da. Ýa uçarlary kem tapandyr.
Hesel yzyndanam ynjalanokdy. Gaýynenesi ýaranokdy. Hojamyradam toý sowulyp-sowulman gidipdi. Hesel Akmyradyň gelenini görüp gitse ynjaljakdy. Akmyrat gije ýarymdan agandan soň geldi. Mähri ynjalyp, gapdalynda ýatan saçlaryny öňüne düýrledi, çekeliginiň ykjydan ýerlerini saçynyň içine salyşdyryp, bulaşan tarlaryna timar berdi. Maňlaýyna daňlaň ýaglygy aýyryp, şaýly tahýasyny ýokaryk çekdi. Ýerinden gozganyp ketenisiniň ýygyrtlaryny düzedişdirdi. Şundan soň az-kem howsala bassa-da, pursat saýyn ýigidiň gelip girenine garaşdy.
Akmyrat gelibermedi. Ikinji jaýda gopgun arty. Gyz içini gepletdi. „Bir zada dawalaşýan bolmaga çemeliler. Ogullaryna käýýändirler. Neresse ýetişen däldir-dä. Uzak menzilden aňsatmy? Toý güni birek-biregiň göwnüne degmeli däl ahyryn”.
Gopguny, gapynyň çalt-çalt açylyp-ýapylýandygyny eşitse-de, Mähri olaryň dawalarynyň, gürrüňleriniň manysyny aňşyryp bilmedi.
Ep–esli wagtdan soň gapy jygyldap zaryn ses edip açyldy.
Mähri gapa ýeňsesini öwrüp oturansoň giren adamy görmedi.Ýöne onuň ele düşen guş ýaly, galpyldap duran ýüregi kimiň girendigini şol bada duýdy. Gyza nätanyş galpyldy bütin bedenini gurşap aldy. Ýigit üsgürinjiredi. Ol gelip oturan bolmaga çemeli. Ýigidiň garşysynda oturmandygyny duýdy-da, Mähri birneme özüni dürsedi. Ýarym açyk ýüzünden gyýalap gapdalyna seretdi.
Mähriniň şol gören syratly ýigidi başyny aşak salyp otyr. Onuň ýakasy açyk ýaşylymtyl köýneginden çykyp duran ap-ak boýnam, maňlaýyna düşüp duran altyn saçlaram ýigidiň gül öwsüp duran nurana keşbem gyza şeýle bir eziz, ýakymly göründi, gyz gözüni aýyrman synlasy geldi. Ýöne bir wagt Mährä parahat sereden gözler, gyzyň göwnüne bolmasa, galagop göründi.
Akmyradyň mylaýymdan tutugrak sesi gyzy huşuna getirdi.
— Men sizi gynandyrmaly boljak.
Mähriniň ýüregi gopdy.
— Elbetde, meni tanaýansyňyz, ýogsam razylyk bermezdiň. Ýöne ikimiziň birikmegimiz üçin şol ýeterlikmikä?
Howsala düşen Mähri Akmyradyň ahyrky sözüne alňasady. Ýigit howlukmady. Geleli bäri dartgynly duýgulary başyndan geçirip, ahyram özüni birneme ele alan ýigidiň, diňe şundan soň, özi bilen gürleşmegi göwnüne düwendigini gyz näbilsin?!
— Elbetde, häzirki bolan gopgundan habaryňyz ýok. Hiç kime agramly sözem aýtmadyňyz, eşitmelem bolmadyňyz. Men welin göwnüne deglen adam. Öýdäkiler bilen tersleşdim. Size-de sypaýçylyk edip bilerin öýdemok. Heniz ýüzüme gelmedik enem-atamyň ykbalym bilen eden geňeşsiz oýunlary akylyma syganok. Men owarram, sizem kyn ýagdaýda goýdular. Sizi görmänem-gepleşmänem gidip bilýärdim. Ynsabym çatmady. Onsoňam maňa düşünersiňiz diýen umyt bilen geldim.
Ýüregi agzyna gelen Mähri çydamady. Howa ýetmeýän ýaly mahmalynyň synyny ýelpedi. Howlukmaç dillendi:
— Näme diýjek bolsaňyz, diýiň-de dynyň!
— Diýjegimi diýdimmikäm diýýärin. Eger düşünmedik bolsaňyz...
Mähri tisgindi. Gany beýnisine urdy-da, bedenine şagga der geldi. Göwresinde ygsyn-mydar galmady. Başyny dyzyna ýaplady. Gorp atyp aşagynda galan adamyň duýgusyna meňzeş duýgyny başyndan geçirdi. Birdenem bütin göwresi bilen silkindi-de, elini ýüzüne tutup, edil çaga ýaly aglady. Bir diýenini iki gezek gaýtlady.
— Ýalan, ýalan-la siz oýun edýärsiňiz.
— „Oýun edýänsiňiz” diýseňizle, bu meselede oýun edilýänmidir. Edilýänem bolsa, şol oýny men-ä etmedim. „Öň niredediň”, „duýdurmadyň” diýmegiňiz mümkin. Bilýäňiz-ä, häzir gelip durşum. Öň öýlenmejegimem aýdyp gitdim. Ynansaňyz bu habary eşidip bir däliremedim. Toýdan öň ýetişjekdim. Howa ýagdaýy sebäpli uçurmadylar. Her minudyň meniň üçin nähili ejirli geçendigini bir göz öňüne getirip görüň. Jaň etdim, almadylar. Meniň bilen maslahatlaşman ykbalymy çözýän enem-atama, ykbalyny baglaýan ýigidini tanaman durmuşa çykýan gyza diýmäge söz tapmadym. Ýürek awusyna, duýdansyz depesinden inen betbagtlyga birbada tap getirip bilmedik gyz Akmyradyň oýun etmeýändigine, munuň hut hakykatdygyna, onda-da özi üçin aýylganç hakykatdygyna, şol bada, onda-da bütin durky bilen düşündi. Ol elenip gygyrdy:
— Jan almak niýetiňiz ýok bolsa bes ediň! Ýüregimi paralamaň.
Jany ýanan Akmyrat ýap-ýaňy aýdan sözlerine soň ökündi.
Gyz wagty bilen özüni ele alyp bilmedi. Mähri bilen düşünişmegi oňarmasa, başa-baş „söweşmegi” göwnüne düwüp gelen ýigit, oda düşen perwana ýaly örtenýän gyza sowukganly seredip bilmedi. Ýüregi awady-da, garşysyna geçip köşeşdiresi geldi. Emma ugruny tapman telim gezek oturyp-turdy:
— Şeýle-de bir özüňizi horlamak bolarmy? Merdiräk bolaýsaňyzlaň. Ol bu sözleri iki-üç gezek gaýtalady.
Mähri ahyry köşeşdi. Ol elini maňlaýyna söýget edip, bükülip oturşyna geplemedem, gozganmadam.
Akmyrat garşysynda öz göýberen hatasynyň jebrini çekip, ajy hakykaty boýnuna alyp, sarsman oturan gyza indi agyr söz aýtmagyň artykmaç boljakdygyna düşündi.
Mähriniň welin häzir yzyna dolanyp barjagy-da, gürrüňe galjagy-da, ejesiniň ýüregini paralap aglajagy-da ýadyna düşmedi. Onuň ýüregi sogruldy. Kalbynda ýaňyja oýanyp başlan näzijek duýgularyna talaň salyndy. Ençe wagtlap hyýalynda beslän, häzir bolsa gapdalynda oturan eziz adamy terk edip gitmek onuň üçin her bir sütemden agyr geldi.
Mähri süýji arzuwlar bilen bu gapydan ätläpdi. Gapydan sag aýagyny basyp girende ýüzüni lowurdap duran gyzyl mahmal ýapyp duranam bolsa, ol gyzyl çog bolup içerini dolduryp oturan gelin-gyzlaryň arasynda diňe Akmyradyň keşbini görüpdi. Gülki-gowur sesleriň içinde-de, diňe onuň sesini eşidipdi. Içerde bolmasa-da, hyýalynda ýigit onuň daşynda aýlanyp ýörüpdi. Ony hut özüniňki hasap edipdi. Boý-syratyna guwanjakdy. Didaryndan doýjakdy. Onsoň gyz ýigidi neneňsi terk edip gidip bilsin! Oňa ýüreginden orun beripdi ahyryn.
Akmyrat ýerinden galdy. Ýaýdanjyrap durdy-da, ýüregindäkini aýtdy:
— Irde-giçde düşünersiňiz, maşgala diýilýän zat mukaddesdir. Ol iki tarapyň söýgüsi bilen gurulýandyr. Onsoň ony hiç kim yrabam, gowşadybam bilmez. Size göwnümi böläýenimde-de meniň bilen bagtly bolmarsyňyz.
Akmyrat Mähriniň üstüne abanyp durmagy birhili görüp, içerde gezmeläp başlady.
„Ýüregim ýarylyp barýar. Örteme indi. Mukaddes ojagyňda artykmaç men. Emma häzir „git” diýme! Bu meň üçin iň aýylganç jeza. Muny saňa nädip düşündireýin...”
Mähriniň pikirlerinden bihabar ýigit gürrüňini dowam etdi: „Dogrymy aýtsam, häzir öz ýagdaýymam ýeňil däl. Sizi şu ýagdaýda elendirip goýup gitmäge ynsabymam, wyždanymam çatanok. Maňa başga çykalga ýok. Belki, bardyram, häzir ugur tapamok. Siz bir basyrynyp, dymyp oturmaň-da, göwnüňizdäkini aýdyň. Belki, çykalga bardyr. Bir dilleniň ahyryn. Bolmanda siziň abraýyňyz, soňundan dili gysga bolmazlygyňyz üçin men näme edeýin? Ejem-kakama-da şony diýdim. Öýňüze-de eltip gaýdaýyn”. Göwne degilmekden, yzly-yzyna suňşurylýan teýeneli sözlerden ýaňa ýüregi agzyndan çykyp barýan Mähri ýigidiň bu sözüni iňňän ýokuş gördi.
Birden ýaryldy. Onuň sesi ýuwaşam bolsa kesgitli çykdy.
— Beýle ýagşylyk maňa gerek däl. Mähriň başyna kürtäni Akmyrat atmady. Kim atsa-da onuň mahmalyny zyňyp, saçyny sallap ulugyz bolup obada gezip bilmejegine akmagyňam akyly çatar. Mähri „gelin” adyny alyp gezmäge kaýyl.
— Gyz bir dymdy-da uludan demini alyp, has ýangynly gürledi: — Meni däliretmejek bolsaňyz, gidiň şu jaýdan! Siziň garşyňyzda akmagam, samsygam bolsa adamyň oturandygyny unutmaň!... Men namysymy ömrüm bilen des-deň görýändirin. Häzir meň üçin öýe gaýdyp barmak ölüm bilen des-deň. Akmyrat bilen göwnümiň birikmedigini edil häzir kime ynandyraýyn?
Ýigit hyrçyny dişläp çykyp gitdi.
Mähri diwara ýaplanyp sarsman oturdy. Ol häzir içinde gopýan harasady köşeşdirmekden ejiz geldi. Birdenem, edil ýüregi togtan ýaly buruldy-da, düşegiň üstüne süýndi. „Seň goýberen hataň düzederden has kyn, Mähri! Wah, wah seni erkiňe bakman, ýa günüňe goýman berdilermi? Öz eliň bilen özüňi oda atdyň. Ejem jan, käbäm, gyzyň akmaklygyna göz ýetirip oda düşdüňmi? „Mähri jan oýlan, Mähri jan ony gördüňmi, tanaýarmyň? Halaýarmyň?” Neneňsiler elendiň. Sen bagryňy paralajak-da käbäm! Neneň gözüňe görneýin, ejem jan, neneň ile çykaýyn?!
Akmyrat şol çykyşyna göni Hojamyradyň ýanyna gitdi. Dostuny öýlerinden tapmady. Öňem lapykeç ýigidiň dünýäsi has-da daraldy. Ol obany iki bölýän ene ýabyň raýşyny syryp gitdi. Eslije ýöräp, suwyň gyrasynda tegelenip oturan tudyň aşagynda oturdy.
Sähelçe salymyň içinde bolup geçen wakalar onuň beýnisine sygmady. Akmyrat ene-atasynyňam göwnüne degdi. Heniz olaryň maşgalasynda şunuň ýaly dartgynly ýagdaý bolmandy. Ýigit şu wagta çenli kakasynyň sesini gataldyp geplänini-de eşitmändi. Aslynda özüniňem olaryň ýüzüne gelip, edenlerine „däl” diýen ýeri ýokdy. Belki, oňa zerurlygam ýüze çykan däldir. Belki-de, nädogry edendir. Diýmeli ýerinde-de özleri düşünerler öýdüp dymandyr. Akmyradyň häzirem bir zada gözi ýetýärdi. Başga bir mesele bolanlygynda ol kakasy, ejesi bilen-de, edil häzirkisi ýaly gürleşmezdi. Häzir sypaýçylyga ýer galmady. Iş işden geçdi. Ol şol maşgala bilen ýaşamajakdygyny gös-göni aýtdy. Ýöne özüniňem gowşaklyk eden ýeri bardy. Birki aý mundan öň şu mesele bilen baglanyşykly sala salypdylar. Hatda bir maşgalany gözleriniň astyna alýanlaryny, öýerjek bolýandyklarynam aýdypdylar. Akmyrat şonda çöp döwen ýaly etmändi. Diňe „toý sesiňiz ýatmady, bu gezegä has çynyrgadaýypsyňyz gyzam saýlapsyňyz. Saýlaşykda Akmyrat çetde galan-a däldir-ä? Onuň hukugyny elinden alanyňyz bilen saýlanan gyz size ykbalyny ynanarmyka, ýigidi tanaman razylyk berjek gyzy tapsaňyz, walla öýleneýin. Aýyň aýagyna barýaryn” diýip, ýazypdy. Kakasy indi şony tutaryk edindi:
— Şonda diliň damagyňa gitdimi. „Azara galmaň, özüm taparyn” diýeniňde şu adamlar begenjinden ýürekleri ýarylyp öläýer öýtdüňmi? Telim gezek habar etdik. Bir gezek yzyňa öwrülmediň. Hat ýazdyk, jogap ýok. Şu adamlaryň indi näçe gün ömri galypdyr. Perzendini gözli-başly etmek ata-enäniň borjy dälmi? Ýa maşgala saýladyň-da oňlamadykmy? Näbelet maşgalaňa ýapyşdykmy? Ýa şol maşgalanyň synasynda, akylynda-huşunda bir kemi barmy? Şu adamlaram bir zady oýlanman, ölçerip-dökmän edenok. Sala-da saldyk. Hojamyrat daşda däl. Onuň ýanynda şu maşgalany öwüp arşa çykaranam özüň...
Edil şol wagt ýigidiň dostuna-da gahary geldi. Göze ýakymly maşgala hakynda ýigitleriň öz aralarynda onça-onça zatlary diýişmeýänleri barmy?
— Akmyrat razy, toý tutuberiň diýdimi onsoň – diýip, Akmyrat jany ýanyp kakasynyň sözüni agzyndan aldy. Kakasam oglundan söz alyp galmady.
— Sesiňi gataltma! Hojamyrat saňa biriniň gül ýaly maşgalasyny harlap, ataň, eneň göwnüne degip, obadan çykybam git diýmez. Akmyradyň ejesem ýeň bermedi.
— Maşgala şondan öňe geçmez. Hanha, agaňy öýerdik. Orta barmak ýaly gyz. Sesi çykdymy! Bal bilen ýag ýaly garylyp-gatylyp gitdi. Hudaýa şükür, uly il höwes edýär.
— Iliň tanany meň üçin ýeterlik däl. Onsoňam men ol maşgala at dakamok.
— Dakmasan hyňňy-çyňňyňy bes et-de, maşgalaňa eýelik et.
— Bes etmeli bolsa ederin. Ýöne sulhum almadyk maşgalama öýlenmejegim hak – diýip, Akmyradam yza çekilmedi.
Akmyradyň kakaksy täzeden hüjüme geçdi.
— Özi saýlap öýlenjekmiş? Gelin getirilen soň seret tapýan gürüňine. Beýle akylyň daş ýarýan bolsa öň nirede bolduň. Ýa öýlenmäge pursat bolmadymy? Badyňa kakdykmy?
Akmyradyň kakasy aýalynyňam ýüzüni sypamady. Ähli günäni onuň üstüne atdy:
— Ogluňy indi tanadyň dälmi senem? Tanamasaň tanap goý-da halha ogluň, halha sen, özüň gürleş. Men şu zatlaryň şeýle boljagyny öňem aňman duramokdym. Köp badyň alnandyr. Ýeň bermediň. Ot aldyň. Ne mende san goýduň. Halha indi maşgalanyň eýesine-de jogaby özüň berersiň.
–– Dulumyza geçen soň maşgalanyň bizden başga eýesi bolmaz. Bir tyrryk balagy yzyna tirkäp gelip, obadan, çykyp gidäýjekdir welin, ony etdiräýmeris. Obadan, öýden gaçsyn diýip okatmadyk biz ony – diýip, Akmyradyň ejesi bolýan zatlary kellesine sygdyryp bilmän, hälden bäri çişip oturşyna jibrindi.
Oýunda pikirinde ýok zady ejesiniň hetjiklemegi Akmyradyň has-da ganyny gyzdyrdy.
–– Perzentlik borjumy her wagtam ödärin. Ony ýatladyp oturmasaňyzam bolardy. Ýöne siziňem perzent hökmünde sarpamy saklamagyňyzy gaty haýyş edýärin. Tebigatyma düýbünden ýat adamy boýnumdan ildirjek bolşup özüňizem menem gynap oturşyňyz aklyma syganok.
–– Kaka, siz bir sellem çykyň. Özüm düşünişjek bolup göreýin – diýip, Akmyradyň dogany halys bolmajagyny bilip, ara düşdi. Akmyrat ejesi, kakasy çykandan agasyna ýüzlendi:
–– Düşünip-düşünişmez ýaly aýry dilde geplenenok. Şu ýagdaýda saňa-da üýtgeşik zat aýdyp bilerin öýdemok. Onda-da senden goldawa garaşýan ýagdaýymda.
–– Goldar ýaly iş etseň goldardym – diýip Akmyradyň dogany bir hili sowukganlylygyny saklap aýtdy.
Akmyrat onuň gürrüniniň yzyny aýtdyrmady. Muňa onuň takaty ýetmedi:
–– Maslahat bermek aňsat, eger bu meselede oňa mätäçlik çekilse. Sebäbi bu mesele köp bilen çözülýän mesele däl.
–– Seniň maslahata mätäç däldigiňi duýup otyryn. Ýöne sen bir zady ýadyňdan çykarma. Başyňa gonan bagty eliňden giderip, soň maňlaýyňa uraýma. Ýene bir zadam bek belle. Sen hiç kimi söýmänäm bilersiň.
Akmyrat gönüledi:
–– Durmuşda beýle zat bolmaýar.
–– Durmuşda bolmaýan zat ýok. Bütin ömründe söýginiň nämedigini bilmeýän adamlaram bar.
–– Men ol mahluklaryň hilinden däl.
–– Şolaryň hemmesini mahlukdyr öýdemok. Onsaňam söýginiň ilkinji gijeden başlanýan pursatlaram bolýandyr.
–– Men oňa bil baglap bir maşgalany şumbagt edip bilmen – diýip, sanaşyp oturmagy iňňän kyn görýän Akmyrat, halys jany ýanyp aýtdy.
Akmyradyň dogany inisiniň gös-göni garajygyna seretdi.
–– Seniňçe ol bagtlymy indi?
Akmyrat jogaby nagt berdi:
–– Şu meselede egilşik etmeklik akmaklykdyr, etseňem ol ýagşylygyň üstünden eltmez.
–– Bir sen akylly-da, galan adam akmak bolýar-da!
Inisinden jogap bolmandan soň, agasy gürrüginiň yzyny ýetirdi: –– Gül ýaly maşgalany syňsyradyp goýbermek, namys astynda goýmak akyllylyk-da seniňçe. Sen gaty birehim.
–– Gülmi, balmy, arymy ýa perimi, al-arwahmy, tapawudy ýok, ynan şony meniň sulhum alanok – diýip, Akmyrat doganynyň, agzyndan çykýan sözlere häzirem ynanman, jany ýanyp gaharyna özem duýman gygyrdy: — Haýsyňyzy gürletseň men birehimmişim. Bolduňyz meň başyma rehimli adamlar. Näme üçin düşünýäniňiz düşünmeýäniňiz meni ýazgarmalymyşyňyz. Islemeýän adamymy boýnuma zor bilen dakmaga hakyňyz barmyşmy? Näme üçin baryňyz onuň tarapynda. Ol mamlamy? Meniň meýlimi bilmän, durmuşyma al salmaga haky barmy? Ýa meniň durmuşym onuň üçin oýunjakmy? Ýa ol meniň bilen deň hukukly adam dälmi? – Akmyrat uludan demini alyp birneme sesini ýuwaşadyp soň dowam etdi:
–– Belki-de men rehimliligim üçin, onuň gelejegi bagty üçin dogry ýoly saýlandyryn. Men akyl ýetiren zadymy aýdýaryn. Akyl ýetirmän bolsa gürlemen. Sen näme üçin bu zatlara düşünmedik bolýaň. Söýmän men ony bagtly edip bilerinmi? Belki, men iki gün onuň bilen ýaşap soňam kä birleriniňki ýaly „sulhum almady” diýip, taşlap gitmelidirin. Ýok, men beýle messepsizleriň hilinden däl. Men özümi az-kem tanaýaryn. Ýene bir gezek aýdýaryn, ýüregim almasa, içgin tanamasam oňa öýlenmejegim hak. Senem nähak gyssap ganyňy gyzdyryp oturma! Diýmejek sözlerimem diýdirme. Öz ykbalyna biperwaý garaýan maşgala Akmyradam bagtyň gapysyndan eltmez, beýlekinem. Beýle adamyň durmuşda ornam bolmaz, özbaşdak çözen meselesem. Buýsanjam bolmaz, erkem. Sen şoňa-da düşünmeýän bolsaň, ikimiziň çekeleşip oturmagmyza zerurlyk ýok – diýdi-de, Akmyrat doganyny ýalňyz galdyryp ýüzüniň ugurna jaýdan çykyp gitdi.
Gahary depesine çykan ýigidiň, şol wagt gelinli jaýa seredesem gelmedi.
–– Eneň-ataň ýüzüne geldiň. Oňa eliň bilen etdiň, egniň bilen çek diýibilmediň. Gaýratyň çatmadymy? Çatmadyk bolsa geziber indi başyňy tut-da – diýip, ýigit öz-özüne igendi. – Onuň üçin Akmyratmy, Saparmyratmy tapawudy ýok. Kim bolanda-da duluny bezäp biljek ýaly. Her näme diýse-de Mähriniň elenişi gözüniň öňüne geldigiçe ýigit hopurgaberdi. Duýdansyz başyndan inen ýagdaý üçin hossarlary bilen „egri oturyp, dogry sözleşdi”. Emma maşgala ojagyna hut özüne dahylly kiçijik „döwletine” rugsatsyz, soraman aýak basan bigänä gezek gelende ol bir hili dözümsizlik etdi. Bu gyzyň egnine düşen ýüküň has agyrlygyna ýigidiň düşünenligi üçinmikä? Ýa Mähriniň sähelçe pursatda başyndan geçiren elhenç örtenmesiniň şaýady bolanlygy üçinmikä? Gyzyň goýberen hatasy has çökder. Ýigit hemme zatdan beter şony beýnisine sygdyryp bilmedi. Onsoň ölçerip-dökmän, akylynda durlaman şeýle işe baş goşan adam bilen ýigit düşünişip biljekmi? Onda-da onuň bilen ýüzbe-ýüz oturyp gürleşip biljek ýagdaýynda. Ýogsam bolmanda barybir durmuş gurmak, ýa ýaşaşmak däl, maslahatlaşsaň hem bir kelleden iki kelle ýagşy. Akmyrat gelinli jaýyň gapysynda diňşirgenip durdy. Soň gyz bilen ýene bir gezek maslahatlaşyp görmegi ýüregine düwdi. Ýigit jaýa girdi. Mähri şol bir oturan ýerinde doňan ýaly bolup otyrdy. Ol ýigidiň girenini duýup başyny galdyrsa-da yzyna bakmady. Akmyrat giren ýerinde ýaýdanjyrap durdy. Soň duldaky oturgyjy aldy-da Mähriniň gapdalyna geçip oturdy. Gyz mahmalyny ýüzüne çekdi. Bu ýigide ýaramady.
––Asyl size seredemok, ýüzünizi ýapyp azara galmaň! Men siz bilen aç-açan gürleşmeli. Bolmanda az salymlyk meni deň-duşlaryň biri hasap ediň-de göwnüňizdäkini çekinmen aýdyň. Obaňyza barmaga namys etseňiz nirä diýseňiz alyp gideýin. Belkem okarsyňyz. Oba dolanmaga soňam wagt taparsyňyz. Onam etmeseňiz belki, başga isleg-arzuwlaryňyz bardyr...
Ýigidiň göwni üçin Mähri gozganmadam. Akmyradyň aýdýan zatlary indi onuň gulagyna-da ilenokdy. Özüne diýilýändirem öýdenokdy. Beýnisindäki sarsgyndan soň saňsara dönüp oýlanmak ukybyny ýitirene meňzeýärdi.
Akmyrat bolsa şol garaşyp otyrdy...
Aslynda Akmyrat içerini bezäp, duly dolduryp oturan gyzyl kürteli gelniň garşysynda oturyp, oňa ogryn-ogryn garamagy, bälçireşmegi az arzuw edipmidi? Akmyradyň ýigit kalbynyň hemrasy bolan şol gudrat garşysynda. Mährini tanamasa-da, gaşynda gyzyl çog bolup oturan gelniň jemalyny görmese-de, onuň görýän gyzlarynyň ençemesinden artykmaçdygyny ýüregi bilen duýup otyr. Emma şol gudrat ýigide dahylsyz. Ol diňe Akmyrady horlamak üçin şu içerde peýda bolupdyr. Häzirki ýagdaýda ýigit oňa golaýlaşybam bilenok, daşlaşybam. Akmyrat:
— Aýdaýyň bir zat, başyňyza döneýin!
Gapydan telim adam jyklap gitdi. Ýene-de daşarda hümür-sümür eşidildi. Salym geçmänem gapy açylyp iki ýigit bilen bir ýetginjek içerik girdi. Oglanlaryň başyna oýun getirjegini duýup, ýigit olary alyp çykmaga howlukdy.
–– Hany, ýörüň bir çaý içeliň-le!
–– Çaýa-da wagt taparys. Sen entek dur, gardaş. Sen biziň başymyza oýun getirensiň, indi bize-de gezek ýetdi dälmi? Ýüzüňden gar ýagdyrybam durma – diýip ýigitleriň biri Akmyradyň iliklerini üzüp eline tutdurdy. Bularyň gapdalyna ýene iki sany aýalam goşuldy.
Akmyrat çykgynsyz ýagdaýda galdy. Indi Mähriniň öňüne geçip ilik dakdyrmalymy! Ýa-da obanyň ol başyndan gelen oglanlara hakykaty aýdyp, öňem ýüregi ýanyp duran gyzyň ýarasyna duz sepmelimi? Ýigitlerem oglan-oglanjyk däl. Olaryň „Gyzda göwnüň bolmasa, bu taýda näme işleýäň, gapdaljygyny-ha alyp otyrsyň” diýjekleri ikuçsyz.
Akmyradyň hemişe özüniň keýp edýän zadyny häzir ondan talap etdiler. Onuň hut özi şu duranlaryň ikisiniň iligini dakdyrypdy. Birine dagysyna degip „Ýa emelsiz ekeniň aýt, kelläňi gazap oturmada, süýş-dä golaýrak, ýa gorkýarmyň?” diýip degişipdi. Akmyradyň köwejekläp durşuna bakman, oglanlar hersi bir gapdalyndan baryp ony gelniň garşysyna getirdiler.
Ýigit oturmady. Her näçe duýdurmazlyga çalyşsada, Akmyradyň ýüzi üýtgäpdi. Ol sag gapdalynda duran ýigide erjellik bilen garşylyk görkezdi-de, gelniň yzyna geçdi. Onsoň ýene oglanlara ýalbardy.
–– Ýörüň bir çaý içeliň! Onsoň köýnek tikdirseňizem men bar how!
Hemişe şadyýan ýigidiň bolup durşundan bir zadyň bardygyny aňan oglanlar çykmak bilen boldular. „Ýüzüni bir görkezip git” diýip, aýallaryň biri yzyndan gygyrdy.
Akmyradyň Mähri bilen maslahatlaşmak hyýaly başa barmady. Ýigit ölçerip-döküp ahyr obadan gitmekligi göwnüne düwdi. Ol rugsady gutarmasa-da, şaýyny tutdy. Ýigidiň ejesi bolsa özüne jaý tapmady. Sözi ýer almasa-da, ýene ogluna ýalbarmakdan başga ugur tapmady.
–– Başyňa döwlet guşy gondy, balam, akmak bolma, ony uçuryp nirä gitjek, sypdyrsaň ökünersiň guzym.
–– Eje, ýene aýdýan, ýalbarma? Näme etjek özüňi horlap, barybir men gitjek! Häzir siz maňa düşüneňzok, menem size.
–– Ýigidiň gamgyn göreçleri kakasynyň göreçleri bilen çaknyşdy.
Ogly çykyp barýarka kakasy iň soňkysyny diýdi:
–– Ýa şu maşgalaň kemini tapyp gidersiň, ýogsa-da gül ýaly çagany harlap, eneňem ynjadyp gitseň, öwrülip bäriňi garama.
Ýigit nämelerdir diýmek isledi. Emma kakasyna barybir gep düşündirip bilmejegine akyly ýetdi-de, gynanyp diňe ýuwdundy.
Ol gelinli jaýa-da ýaýdanyp-ýaýdanyp girdi. Mähriniň ýanynda emaý bilen geçip, penjegini aldy-da, gapa ýöneldi. Birdenem sakga durdy-da, yzyna öwrüldi:
–– Uzak galsam ikimiz üçinem amatsyz boljak. Maňa bir düşüniň. Gideýin men. Sizem, özümem horlamaýyn. Şuny makul bildim. Barybir düşünişip, maslahatlaşyp bolmady. Elbetde, ylalaşsaňyz elimden gelenini etjekdim. Ony unamadyňyz. Basyryndyňyz oturdyňyz. Hawa-da men siziň üçin düýbünden ýat adam. Başarsaňyz meni ýazgarmazlygyňy haýyş edýän. Hoş galyň!
— Ýüregi agzyndan çykara gelen Mähri iki eli bilen agyrydan ýaňa ýarylyp gelýän kellesini tutdy-da silkinip aglady.
Ýigit hoşlaşsa-da gidibermedi.
–– Mähriban!
Bu söz aýdyldy. Gyzyň ilkinji gezek doly ady tutuldy. Ýöne onuň näme sebäpden agzyndan sypandygyna ýigidiň özem düşünmedi.
Bagtyna ol jogapsyz galdyryldy, şonda-da howatyrlanyp yzyna bakdy. Mähri gobsunjak ýaly etdi. Ýöne ýere çüýlenene döndi. Şu wagt ýigidi synlan adam onuň ýüzünde suratyny çekip bolmajak gynanjyň adam ykbalynyň galdyran ökünçli yzyny görerdi.
Akmyrat durdy. Emma hyýalynda özüni elendiren, kalbyny lerzana getiren duýgularynyň jylawyny çekmegi başaran örän mert, namysjaň bu gyzyň öňünde baş egdi. Onsoň jaýy terk etdi. Mähri ýigit çykandan howpurgap ýerinden galdy.
Agyr gussa leşgeri bilen onuň depesinden indi. Giň jahan gözüne dar göründi. Penjirä ýapyşdy. Akmyrat öýden alyp çykan penjegidir papagyny elinde göterip, başyny aşak salyp gidip barýardy.
Ýüregi üzülere gelen gyz ýigit gözden ýitenden soň hem aýnadan ýapyşdy durdy.
Mähriniň göwnüne haýsydyr bir gudrat Akmyrady yzyna dolaýjak ýaly bolup duýuldy. Wah, dolamady.
Içerde höküm sürýän ümsümlik şeýle bir ýürek gysgynçdy. Mähri başyny alyp jaýdan çykyp ötägidesi geldi. Bir haýukdan soň Nurjemal daýza jaýa girdi. Oňa gözi düşüp gyz has-da örtendi. Ahmyryny ondan çykarasy, diýip-diýip, içini boşadasy geldi. Emma öňem nirä girjegini bilmän, müýnürgäp duran aýal bosagada çökenden soň, Mähri ondan ýüzüni öwürdi-de öňki ýerinde oturdy. Ýöne gaýynenesiniň basymrak çykyp gidenini kem görmedi. Häzir derdini egismek üçin oňa ýalňyzlyk gerekdi. Nurjemal daýza şol oturşyna esli dymyp, soň ýaýdanybrak şeýle diýdi:
–– Wah, beýle-beýle zatlaryň boljagyny biz nireden bileli, jan gelin. Ýogsam Akmyradym ýaly ogul barmydyr. Şu wagta çenli atasyna-enesine „şunyň däl” diýen çaga däl ahyryn ol. Bizi ynjydyp gitjek ýeri bolmaz, gelin! Gynanyp özüňi horlamagyn. Görde duruber, ynha dolanar, hökman dolanar.
Nurjemal daýzanyň gürrüňleri Mährä çigidiň gabygy ýalam täsir etmedi. Kejikdirdi gaýtam. Mundan habarsyz Nurjemal daýza olara gudaçylyga barşynyň sebäbini düşündirip başlady. Şeýdip ol oglunyň ýüküni birneme ýeňliderin öýütdi. Günäniň köpüsini öz üstüne aldy. Öz ýanyndan weli esasy günäkäri ogly hasaplady.
Nurjemal daýza bir gün Hesellere baranda, olara gezmäge gelen Mährini görüp oda düşäýipdir. Gyzyň jemalyna, oturyp-turşuna şeýle bir syny oturypdyr, gyz gaýdýança şol töwerekden aýrylmandyr asyl. Öňem ogluny öýermäge gyssanyp ýören Nurjemal daýza hamana diýersiň gyz elinden gidip barýan ýaly alňasap adamsynam çölden çagyrdyp getiripdir. Gelendenem adamsynyň başyndan dökülipdir.
–– Seniň azaryňa-da däl. Ulyň-a gara ört bolup çölden bärik gelenok. Gözlegi tümmek. Diýmäýin diýsem kör alaka ýaly şol dörüp ýör. Ommak küýze bilen posly demirden ýaňa bu tünekde dik durmaga ýer galjakgäl.
–– Käri-dä, oň, Nurjemal – diýip, Akmyradyň kakasy aýalynyň öňünden çykypdyr.
–– Ýakmasana, kär gytçylygy bamy? Tüýs bir netikaza özleri. Kiçisem juda başa çykdy. Alagada aýagyny duşaklamasak gider olam, bize tutdyrmaz. Hanha, Işan däliň oglam sürüp ýörmänmi uçar, gelsin ogluňam, uçary hökman şäherde sürmelimi?
–– Seň ýanyňda müşgül iş ýok, Nurjemal. Razy et-de getir oba, şu adamlar nä garşy bolar öýdýärmiň? – diýip, Akmyradyň kakasy özüni aýalynyň näme üçin çagyrandygyny aňyp, emma aňmadykdan bolup, gep urupdyr.
–– Toba-eý, bolmanda garşam boljakmydyň. Sen-ä gutaraýdyň halys – diýip, Akmyradyň ejesi ör-gökden gelipdir.
–– Tilpuna-da gelenok ogluň. Hatlaşyp bolmasa, gürleşip bolmasa hany aýt, gutarman dagy nädersiň? Ýyla ýetmänem-ä okuwyny soňlaýar. Öýermeseň tutdyrmajagyna meniňem aklym ýetýär. Zowzuldaýan ýeke özümdirin öýütme, senem. Agzaýan bolsa bu jelegaýlarda durmaz ogluň.
–– Wah gitjek sesini eşidip ne ýatyp uky bardyr. Ne oturyp karar ýetýändir. Asyl gelmesin şol tilpuna. Duýdurdyk dälmi, bessir. Men bir üýtgeşik maşgalanyň üstünden bardym. Ediljek aýyň bölegi. Oturyp turuşam üýtgeşik, gepi sözem bu görülýänlerden müň esse artyk. Ony sypdyrsak beýle maşgala dagy-duwara ýüzümiz düşmez. Şony törüme geçirmesem özüm-ä armanly öterin dünýesinden.
–– O niräň maşgalasy? – diýip Akmyradyň kakasy çyny bilen gyzyklanypdyr.
Nurjemal daýza Mähri barada bilýänlerini orta döküpdir. Mährili gürrüň Akmyradyň kakasynyň gulagyna ýaksa-da, ol gudaçylyk meselesinde ylalaşmandyr:
–– Bu zatlary ikimiz çözüp bilýän bolsak ýekeje minut ýaýdanjakmy? Ýa tilpuna gatnap köwşümi tozdurjakmy, Nurjemal? Bardyň-da gudaçylyga, adamçylykdyr olaram „geliberiň” diýse, sen-men ýok ogluň dikdüşdilik etse şonda nätjek.
–– Nätmeden allalarym saklasyn – diýip, Nurjemal daýza adamsyny gepletmändir. Oglum bilen özüm oňşaryn. Ýüz öwrer ýaly maşgalamy bir ol? Aý parçasy ýaly gyzy törümize geçireris-de ogluň arkan gaýşarmy? Tapýan gürrüňiň nähili seniň. Gaýtam alkyş okar. Özüni görmän, göwnüňe gelenini aýdyp oturma! Göräýseň beýdip, ýaýdanjyrap oturmarsyň, mendenem öňe düşüp ylgarsyň. Onsaňam dikdüşdilik eder ýaly biz onuň näbelet maşgalasyna söz aýdamyzok. Hemmesini anykladym. Hojamyradyň ýanynda şol gyzy öwüpdirem özi. Hojamyrat aýdýa şony. Daşda däl, ynanmasaň, sora-da göräý. Töwekgele endişe ýok. Ataly agany öňümize salaly-da gideli gudaçylyga. Töwerekden öýersek oglumyz uzak gitmez, düşünäý senem bir gepe.
–– Ogluň gelmän, gudaçylykly gürrüňiňi çig görýän, Nurjemal. Ile-güne-de bir geňeşeli welin, soň maňlaýymyza uraýmaly – diýip Akmyradyň kakasy ýene ýöwselläpdir.
–– Uly iliň geňeşdary Ataly aga. Oň oňlany iliň oňlany. Sala salsam şol maşgalany aňryňyza geçirip bilseňiz, bagtyňyzyň getirdigi. Döwletli işi yza çekmäň, - diýip otyr.
–– Sen bir eňen tarapyňa eňseň, eýgeritmersiň, Nurjemal. Ýöne ikimiz entek suw görmän tamman çykaryşyp otyrys. Juda özümize göwnümiz ýetýär – diýip, Nurjemal daýzanyň adamsy ahyr bolmajagyny bilip, meseläniň başga tarapyndan baryp görüpdir.
Nurjemal daýza iňňän ynamly gürläpdir:
–– Akmyrat ýaly oglumyz bolsa baran ýerimizden boş gaýtmarys, han.
Akmyradyň kakasy geň galyp aýalynyň ýüzüne köp manyly seredipdir. Olam şol bada düşünip al petinden alypdyr:
–– Wah, meni öldürýän seniň şu ýaýdanjaňlygyň-da. Ata ata bolsa tutan ýerini goparar. Ýok, sen beýle däl. Bolmanda-da kemally ýigit „Men öýlenjek” diýer dyzar durarmy? Sypaýçylyga-da düşüneňok sen.
(dowamy bar)...
Powestler