Gepiň keltesi Nurjemal daýza adamsynyň „eý” diýse, eýlesinden, „beý” diýse beýlesinden barypdyr. Mähriniň ugruna çykýança ony oturara-turara goýmandyr. Şonda-da ýigidiň kakasy gyzyň özüni görüp, synlaýança belli karara gelmändir. Gyza welin onuň syny oturypdyr, ony terbiýelän adamlara-da. „Durjemalyň terbiýesini alan gyz bikemal maşgala bolmady däl” diýen netijä gelipdir.
Akmyradyň kakasy oýlanyp, ençeme gezek ölçerip–döküp ahyr aýaly bilen ylalaşypdyr. Ogluna günibirin hatam ýazypdyr. Jogap alman welin bükgüldäpdir. Ýöne ony aýalyna duýdurmandyr.
Nurjemal daýza entegem gürlejekdi. Ýüzüni ak tam edip jaýa giren Hesel Akmyradyň ejesine gözi düşüp tütäýdi. Gelinlik sarpasyny unutdy. Ýaşmagyny arkan atyp jedirdedi: - Ýagşy-da bir gelin edindiňiz. Obamyzda heniz beýle masgaraçylygy gören ýokdur. Hany, indi Mähriniň ata-enesine, asyl obasyna näme jogap berjek. Gül ýaly gyzlaryny harlap goýberip, neneňsi ile çykjak?!
Hesel tükederli däldi. Nurjemal daýza turubermekden başga alaç tapmady. Ol ýekeje agyzam dil gaýtarman, elini ýakasyna ýetirdi-de haýygyp gapydan çykmak bilen boldy.
Akmyradyň ejesi çykandan Mähri dil açdy:
–– Näme diýseň, maňa diý, Hesel jan! Mähriniň bagtyny adam ýatyrmady, özi ýatyrdy.
Heseliň näler dili gijedi:
„Seňňem ýüzüňi ýüwjakgäl. Geňlemesiz zady geňläp, utanmasyz zada utanyp, ýeri indi abraýly bolduňmy? Geplesek al-petimizden aldyň. Ne ile meňzeş söýdüň, ne-de söýdürdiň. Söýseňem gizlediň. Ýeri, ýigit bilen ýüzbe-ýüz bolman, görmän, gepleşmän toý tutaýmak bormy? Ýygralygyňam bir çaky ýagşy ahyryn” diýesi geldi. Öňem ýanyp duran ýüregiň oduny ölçeresi gelmedi. Agşam Hesel Mähriniň ýanynda boldy. Jorasy ir bilen işe gidende welin, Mähri ýene dünýä sygmady. „Sen beýle ejizlediň-le?! Boş duly saklap oturjakmy indi şeýdip? Müň gaýgy bir iş bitirjekmi? Ejem jan, bilip aýdan ekeniň. Bagt diýilýän zat biriniň eli bilen getirilip berilýän zat däl eken. Okajakdym, söýüljekdim, işlejekdim. Göwün ýüwürtmek aňsat eken. Durmuş meni seň ýaly läliksiretmedi, käbäm! Iň bärkisi jahanda özümi halaman biljek adam bardyr öýdüp kelläme-de gelmändi”.
Mähri Akmyratlarda uzak durmady.
Dürjemala baran ýerinde aýagy ýer tutmadyk gyzynyň namysy has agyr degdi. Ejesiniň birden ak esgä dönen ýüzüne nazary kaklyşan Mähri gygyrman zordan saklandy. Edil ysytma tutýan ýaly gagşap özüni düşege goýberdi.
Dürjemal tä myhmanlar gaýdýança, şol bir oturan ýerinde doňdy oturdy. Töweregini geň galdyryp, Dürjemal myhmanlaryna ýekeje agyzam agramly söz aýtmady. Belki, gyzynyň ýüküni ýetik görendir, belki-de peýdasyz hasaplandyr. Mährä-de gaty-gaýrym diýmedi. Özi welin soňabaka içini hümledip ýörmäni, wagtal-wagtal bir nokada seredip oturmany çykardy. Ejesine söz gatyp, Mähriniň sözüniň jogapsyz galan wagtlaram boldy. Dürjemal goňşy-golama-da çykmady.
Bu ýagdaý gyzy gysyp gowurdy. Ol öýlerine sygmady, gideýin diýse, işe-de aýagy çekmedi. Bu masgaraçylykdan soň, ile çykmaga-da utandy. Emma Mähri üçin her wagtam öýde oturmak agyr jezady. Okuwdan galsyn, işden galsyn, tapawudy ýok, onuň diňe ýekeje güne takaty ýetýärdi.
Bir gün ol ejesiniň ýanynda dillendi.
–– Ýüküňi ýeňletjek bolup, ýük ýükledim, eje!
–– Janyň saglygyny dile gyzym – diýip, Durjemal gyzynyň sözüni agzyndan aldy. – Bagtyň açylan günem bolar. Meýdana çyk. Deň-duşlaryň arasynda bolsaň, göwnüň açylar. Onam etmeseň, öýdäka gulak gabartma-da gidiber, okuwa! Ejeňi azar edinme. Ejeň onuň gykylygy bilen öwrenişendir.
Şundan soň, Mähri ölçerip-döküp okuwa gitmekligi ýüregine düwdi. Ejesi ony Aşgabada gidýän ýolagçylaryň birine goşup goýberdi. Gyz ýene lukmançylyk institutyna resminamalaryny tabşyryp, okuwa taýynlanyp başlady. Gije-gündiz kitapdan başyny galdyrmady. Bahalary ýaramaz bolmasa-da, bellisini bilýänçä Mähride sabyr-takat galmady. Ol ilkinji talyplaryň arasynda öz adyny görende, begenjinden bir uçmady. Şonda-da okap başlandan soň, Mähriniň ejesini, jigilerini, obalaryny küýsäp ýüregi gysdy. Aglaberen wagtlaram boldy. Çydady. Üçünji kursy gutarýança, okuwam oňa iňňän agyr düşdi. Boş wagtlary düýbünden diýen ýaly bolmady.
Mähri dura-bara rus diline-de ökdeledi. Okalýan leksiýalary gysgajyk jemläp, ýazmaga-da ýetişdi. Bir bada alada, gaýgy, üstesine-de nätanyş sapaklar ony birneme darykdyrsa-da hassahanalarda geçilýän okuwlary-da yhlasly öwrendi. Ýöne Mähriden nirede bolsun, näme işlesin tapawudy ýok, onuň kalbynda kimdir birine garaşýan, kimdir birini küýseýän, galyberse-de, şol küýseýän eziz adamy bu gün, ýa erte bir ýerden çykaýjak ýaly bolup duran alasarmyk duýgy-da aýrylmady. Birden-birdenem özüne şeýle sütem eden ýigidiň paýhasly nazary oňa uzaklardan bir ýerden seretdi durdy. Akmyradyň galagoply ýagdaýda ýere bakyp oturşam, şol pursatda hut diýäýmeli zatlary-da diýmän, özüne basalyk berip sypaýçylyk bilen oklaýan sözlerem, agrasrak, emma örän ýakymly keşbem ýadyndan çykmady. Birden-birdenem gyzyň ýüregi uly göwresine sygman böwsüp çykaýaýyn diýdi. Şonuň ýaly wagtlar ol kimdir birine ýüregini açaýasy geldi. Emma talyp joralaryna syryny aýtmaga namys etdi. Asla ol Akmyrat bilen bagly wakalary hiç kime gürrüň bermedi. Bererinem öýdenokdy. Ýöne talyp ýoldaşlarynyň köpüsi onuň durmuşa çykandygyny eýýäm bilýärdi. Şu meselede Mähriniň ýakyn syrdaşy Hesel bilen ejesidi. Gyz öz duýgulary barada ejesine-de gürrüň bermäge utanypdy. Mähri bir zada geň galypdy. Heniz ejesiniň Akmyradyň adyny tutup ýekeje agyzam agramly söz aýdanyny eşitmedi. Bir gezek bolsa ol Mährä hut şeýle diýdi: „Sen örtenýäň-dä, Mähri jan, ony halapsyň-da, ana men şoňa ýanýaryn”. Jogap bermeg-ä beýle-de dursun, Mähri şonda ýüzünem galdyrmady. Akmyradyň ejesi her gezek öýlerine gelende, Mähri ejesinden gypynç edip, halys bolýardy. „Aýagyňyzy çekiň” diýer öýdüp gorkýardy. Mähriniň ejesi munam diýmedi.
Ýaz aýlarydy. Howa diýseň tämizdi. Ýagyş ýagyp bütin älemi suw-sil edipdi. Yzyndanam gün görnüp jahany görke getiripdi. Al-ýaşyl baglaryň, al-elwan gülleriň ysy bilen topragyň tämiz ysy garyşyp burnuňa urýardy. Howanyň şu gözel çagy Mähri jorasy bilen Magtymguly şaýolunyň ugrundan haýaljak ädimläp günbatara tarap ýöräp barýardy. Olar kinoteatrdan agşamky seansa petek almakçydylar. Jorasy-da, gelşikli hem tämiz geýnen Mähri-de durky bilen gül açyp, daş-töweregine edil gözellik paýlap barýan ýalydy. Iň bärkisi Mähriniň syrdam bedenine, parahat ýüzüne, balkyldap duran rehimli gözlerine syn eden her bir adam, bu ajaýyp maşgalada gaýgy-alada bardyr öýdüp kellesine-de getirjek däldi. Töwerek däl, gyzyň edil häzir içki dünýäsi-de gözeldi. Ýönekeýje zadyň-da iň gözel tarapyny saýgarmagy başarýan inçe duýguly Mähriniň gözüne şaýolunyň gyrasyndaky setran baglar kenary gür baglyga bürenen gözel derýa bolup göründi. Ol duşundan geçýän adamlary, ikibir-ikibir ýigitlerdir gyzlary, şadyýan çagalary höwes bilen synlady. Göwni barha göterildi.
Ýöne Mähridäki bu dabara uzaga çekmedi. Gyz derýa ýaly akyp duran adam mähellesiniň içinde, jorasynyňam ýanynda özüni birden ýalňyz duýdy. Onuň göwün ýüwürdip başlamagy bilen kalbynyň çuň ýerinde gizlenip ýatan gussa kem-kemden ýüze çykdy-da, ýap-ýaňam höküm süren dabaraly şatlygy gysyp çykarmaga başlady. „Namys astynda goýduň, Akmyrat! Bilýärin, öz-özünden aldanyp, size azaşyp düşen nätanyş gyzy sen bir wagt unudansyň! Emma ol Akmyrady kalbyndan çykaryp zyňyp bilenok. Binamys ol Akmyrat” Mähri kalbynda beslän adamy gapdalyndan çykaýjak ýaly garanjaklady. Bu gezek hyýaly ony aldamady. Gyzlaryň edil garşysynda Akmyrat peýda boldy. Ol özi ýaly tämiz geýnen gara saçly, garagözelek bir ýigit bilen eginleşip gelýärdi. Olar özara ýuwaşja gepleşýärdi. Ýigitler golaýlady. Mähriniň ýüregi gürsüldäp agzyndan çykaýjak boldy. Badyny gataldyp, aňk-taňk bolan boýdaşyndan ara açdy. Ýa Mähriniň galagoplugyna geňirgendi, Belki-de tanap, Akmyrat gaňyrlyp bir yzyna seretdi. Mähri tisgindi-de, gaty-gaty ýöräp gitdi.
–– Bir jyn urdy sen-ä! Bolşuň nähili, adam baryny aňk edip? Ýaňky ýigitler näme pikir edendir.
–– Mytdyldaşyp gelşimize petek ýetjekmi? Öňem şeýdip görüp bilmän galdyk – diýip, Mähri, içki harasadyny duýdurmazlyga çalşyp, zordan gepledi, ýigitleriň pikiri bilen işimiz ýok – petek alanyňy bil.
Mähriniň gürrüňine jorasy ynandymy, ynanmadymy, çekeleşip durmaga wagtam bolmady. Kinoteatra ýetdiler. Petek alyp yzlaryna dolandylar.
Şu duşuşykdan soň, Mähriniň ýarasy ýene täzelendi. Akmyradyň keşbi onuň gözüniň öňünden hiç gitmedi. Haýsy tarapa ugrasa ýigit garşysyndan çykaýjak ýaly boldy durdy. Akmyradyň şol gün Sankt-Peterburga uçandygyndan ol habarsyzdy. Ýigit bäş-on gün Aşgabada dostunyň ýanyna gezelenje gelipdi. Mähri tomus kanikulyna gelende ýigidiň obadadygyny eşitdi. Ýene ejirli gussa onuň näzik ýüregini tüýt-müýt edip başlady. Gyzy öz ugruna goýmady. Mähri öz etini özi iýip, öz-özüni näletledi. Emma şol bir pikirler, ondan el çekmedi.
Gyzlyk buýsanjyny depeläp giden adam ýekeje sekundam onuň hyýalyndan gitmedi.
Akmyrat sähelçe aralyk golaýjakda ýaşap ýör. Emma Mährä dahylsyz. Ýigit Mähriniň oturyp gaýdan jaýyna näçe gezek girip çykdyka? Hiý bolmanda özüni ýekeje gezek ýatladymyka? Näme üçin ýatlasyn. Nädeýin, men, Akmyrat, didaryňy ýekeje gezek görmek üçin buýsançly başymy aşak salyp obaňa tarap ýola düşeýinmi? Beýtsem, ilden öň özüň ýazgarmazmyň? Kellesinde ar-namysdan düşnügi bolan kowlan gapysyndan yzyna garamaz. Muňa akylym ýetýär-le. Görmän, obaňa tarap garamanam oňaryn, Akmyrat! Hesellerden aýagymy kesdim. Emma ýatlamazlyga, seni küýsemezlige mende güýç ýok. Ýalňyşdym. Oňa derek jezamy çekdim. Töre geçdim, bosagaňdan kowduň. Naçara şundan agyr jeza gerekmi? Iliň içinde egnim gysyk. Seni däl, il meni ýazgardy. Düşünýäne şundan uly masgaraçylyk barmy? Bu diňe Mährä däl, meň ýaly ýek-tik azaşjaklara sapak bolar, Akmyrat! Ýöne şol jeza, şol masgaraçylyk, maňa gudratly söýgiden ýeten paýmy. Her gezek lak atanlarynda, sorap gapydan gelenlerinde ýanyp-bişýän. Ýüregimiň diňe seni küýseýänligi üçin men ýazyklymy? „Derdi bolan, derman arar” Näme üçin saňa içimi dökmedim. Agzym-dilim baglandymy? Hawa-da, „Gahar öňünden geler, – akyl soňundan”. Seň bosagaňdan ätlemäge batyrlyk edip bilen adam, gürleşibem bilerdi. Ýygralygyňam, çekinjeňligiňem öz çägi bolmaly dälmi? Deň-duşlarymyň hemmesi menden akylly çykdy. Ýigit bilen görşüp-duşyşyp ýörmekligi aýyp bildim. „Sorap oturmaň-da özüňiz habaryny alyberiň, size ýaran maňa-da ýarar”. Şu sözlerem men aýtdym. Ýöne haýsy akylym bilen aýtdymkam. Munuň akmaklykdygyna Akmyrat sizden kowlup däl, hut seni söýüp göz ýetirdim. Şundan soň seni nädip ýazgaraýyn. Mende bar ýürek sende ýokmy? Onsoňam ene-atasyna gyz gözledip, öýlenýän, hemme zat çözlüp gelin getirilenden soň, sulhy almadyk maşgalasynyň namysyny depeläp, taşlap gidýän erkeklerem ýok däl-ä. Şol erkekler erkekmidir.
Men ýüregimi merde berdim. Şol mert maňa düşünmezmi, Akmyrat!
Mähri kanikula gelende olaryň öýlerindäki durmuş öňki ýaly, asuda dowam etmedi. Gyzyny özüne sala salman okuwa iberini üçin, Durjemala azar ýamanyny beren Ýagdy, gyzynyň ýüzüne gelip zat diýmese-de, diýmedi. Ýöne bolgusyz zatlar üçin yrsarap, Durjemaly horlady.
Mähri ejesiniň ýagdaýyna düşünip, onuň garşylygyna garaman, ýarym aýa golaý öýlerinde gezeninden soň, Aşgabada gaýtdy. Şol ýerde şäher hassahanalarynyň birinde işe ýerleşdi. Hem-ä Mähriniň eli giňedi, hem-de az-kem terjibe toplady.
Soňky gezek obalaryna gezmäge gelende Mährini ejesi täze obalaryna aýlady. Üç ýylyň dowamynda obalarynda bolan özgerişler gyzy haýran galdyrdy.
–– Gideliň bäri köp zat üýtgändir, Mähri jan! – diýip, Durjemal edil çaga ýaly ýyljyraklap gyzynyň öňüne düşüp barşyna gürrüň berdi. Obamyza-da agronom ýigit başlyklyk edýär.
Mährileriň kiçijik obasy başly-barat ýerleşip, onuň içinden uzynlygyna üç sany köçe geçýärdi. Köçeler dar hem gumlydy. Ýazyna tozandan, gyşyna palçykdan ýörär ýaly däldi. Oba beýikli-pesli ýerleşenden soň, şeýle uly bolmadyk obanyň aňyrsyny-bärisini islän tarapyňdan görüp durmalydy. Ýa suwuň ýetmezçiligi, ýa-da oba adamlarynyň geleňsizligi sebäpli obanyň ilerisinden geçýän köne ýabyň boýundaky iki sany ullakan toraňňyny hasaba almasaň obada göz eglener ýaly bag ýokdy. Diňe Mährileriň gapysynda ullakan tut agajy tegelenip otyrdy.
Mähri dagy obanyň aýagyna çenli gitdiler-de, ýaba ýetmän uly köçe bilen saga sowuldylar. Mähriniň okuwa giden ýyly obalaryndan esli aradaşlykda, täze hassahananyň ýerini taýýarlapdylar. Şol ýerden gündogara dört sany uly köçe, günorta tarapa-da alty köçe uzalyp gidýärdi. Köçeler eýýäm asfaltlanypdyr.
Durjemal daş-töwereginden gözüni aýyrman, seredip barşyna obanyň täze klubunyň, mekdebiň jaýyny-da täze seýilgähi-de görkezdi. „Obamyz şäherden pes boljak däl. Baglaram ýetişäýse-hä, hasam owadan boljak” diýip, höwes eden Mähri şu işlerde öz goşandynyň ýukdugyna kemsindi.
Obanyň ýerleşýän ýeri eliň aýasy ýaly tekizdi. Bir wagt ot-çöp basyp ýatan beýikli-pesli giň meýdanyň şeýle derejä ýetirilmegine ynanasy gelmedi.
Mährileriň jaýlary obanyň orta gürpünde eken. Onuň ýerleşýän ýeri gyzyň göwnünden turdy.
Akmyratlaryň jaýlary nirede ýerleşýärkä! Olaryň obasam Mährileriň obasy bilen birleşipdi. Mähri muny bilýärdi. Akmyrat daşda bolmaz. Hökmän bir gapydan girip çykmaňda-da, Akmyrada uzakdan guwanyp hem ýaşap bolar. Muny welin Mährä, hatda ýigidiň özem gadagan edip bilmez.
Okuw bir gowy zat, şähere gitse, Mähriniň ýüki ýeňleýärdi. Sapaklaryna ýetişjek bolup başagaýdy. Boş wagtlarynyňam köpüsi hassahanalarda geçýärdi. Dynç alyş günleri joralary bilen gezelenje gidýärdi. Ýöne käýarym deň-duşlary ikibir-ikibir tirkeşip gidenlerinde kemsinýärdi. Yzlaryndan uzak wagtlap seredip durýardy.
***
Mähriler bilen hassahananyň arasy daş däldi. Okuwyny tamamlap obasyna dolanan Mährä iş bir bada ýeňil düşmedi. Indi gapdalyňy alyp öwredip duran mugallymlaryň ýokdy. Özbaşdak işlemelidi, öwrenmelidi. Ol maşgala lukmanydy–terapewitdi. Muňa garamazdan, her kim bir ýetmezi bilen ýüz tutýardy. Gyz işläp başlanda yhlas edip okan-da bolsa, entek köp zatlary öwrenmeli boljakdygyna göz ýetirdi. Ýogsam ol hassahanalarda nobatçylyk edip, özbaşdak işlemekligi-de öwrenipdi. Hassahana beýle uly däldi. Mähri kärdeşleri bilen-de ysnyşdy. Ol gijelerine lukmançylyga degişli kitaplary irginsiz okaýardy.
Mähri käýarym aý aýdyň gijeler gapylaryndaky agaç sekiniň üstünde uzak wagtlap göwün ýüwürdip oturýardy. Süýji hyýallara gark bolýardy. Şonda onuň ýanynyň ýeke-täk hemrasy Akmyratdy. Ýigidiň akylly hem agras goýun gözleri Mähriniň ýüzüne sereder durardy. Ol başyny bir gapdala atyp saldamly ýöräp gelýärdi-de, gül ýüzüne nur çaýýan hoşamaý ýylgyryşyny edip Mähriniň egnine elini goýýardy. Şol ýatlamalar Mährä hem lezzet hem-de ejir berýärdi. Ol özüniň süýji hyýallara batyp, salgyma kowalaşyp aldanyp ýörendigini duýýardy-da, ezýet çekmäge başlaýardy. Akmyradyň heniz öýlenmändigini bilse-de, onuň özünden başga öýlenmeginiň mümkindigi ýadyna düşüp ýüregi gyýym-gyýym dilinýärdi. Akmyrada umyt baglap ýörmekliginiň sonunyň puçdygyna düşinse-de, hyýalynda şondan başga adam onuň bagtyna şärik bolup bilenokdy. Ol Akmyrady tanaýan ýigitleriniň hemmesinden belentde goýýardy.
Bir gün Mähri ýazuw-pozuw işlerini gutardy-da hassahananyň gapysyndaky meýdança çykdy. Onuň nazary bagyň gutaran ýerinde başyny aşak salyp oturan ýigitde eglendi.
Gelin bolsun, gyz bolsun, erkekmi-aýalmy tapawudy ýok, gülüp-degip töweregini ala-ýaz edýän, hatda, käýarym garagollygy üçin palatadan çykarylyp „jerime-de” çekýän göwnaçyk ýigidiň ýalňyz oturmagyny Mähri geň gördi.
–– Ýeke çykypsyň-la-diýip, Mähri özüni uzakdan görüp garaşyp oturan ýigidiň garşysynda daýandy:
–– Halyň ýaman teň görünýär, näme ýüregiň dagy agyrýarmy? – diýip, gyz ýarym oýunlyga salyp bälçiredi.
Onuň ýaňsylamasyna ýigit düşünip ýylgyrdy-da, gapdalyndan orun görkezdi. Mähri her haçan ýigitden saglygyny soranda „Mende başga kesel näme işlesin, diňe ýüregim agyrýar” diýip jogap berýärdi. Muny gyza kakdyryp diýýärdi. Mähri bolsa ýigidiň ol degişmesine düşünse-de düşünmedik bolýardy.
Bir gezek Mähri gijara ileri ýanlaryndaky ýaba bardy. Onuň ýapdan suw alyp yzyna dolananam şoldy welin, gapdaljygynda ulag saklandy. Kabinadan çykan ýigit ýaýdanybrak gyza salam berdi.
Mähri ýigidiň salamyny aldy.
–– Suw içip bolmazmyka? – diýip, ol Mährä bakyp durşuna sadaja ýylgyrdy. Gyzam oňa özüniňki ýaly ýylgyrma bilen jogap berdi-de, ýaby görkezdi.
–– Bedreden içesim gelýär.
Mähri bedrelerini ýerde goýdy:
–– Al, içseň!
Ýigit bedräni başyna göterdi. Aljyrap suwyň ýaryny ýakasyndan goýberdi. Soň bedräni täzeden dolduryp gyza uzatdy. Onsoň maşyna tarap ýöneljek ýaly etdi-de, birdenem yzyna öwrüldi:
–– Mähri, siz gaty owadan!
Ýigit diýen sözüne özi utanyp, gaty-gaty ýöräp gitdi. Mähri birhili boldy.
Gyz ýigidi şondan bäri tanaýar.
–– Biri göwnüňe degen-ä däldir-dä? – diýip, Mähri ýigidiň gapdalynda ornaşandan soň, çynlakaý sorady.
–– Ýok-la, Mähri. Kim göwnüme degsin?! Şu kesel meni alada goýýar. Iň ýamany lukmanlaram dogrusyny aýdanok.
Gyz düýn agşamlyk ýigidiň ýanynda oturan şepagat uýasyndan oňa bir zat ýetendigini aňdy.
–– Bejertmez ýaly keseliň ýok. Ýöne gaty görme, bäş gün hassahanada ýatyp, keselden saplanmak kyn. Öň hem aýtdym. Sanitoriýa gitmeli bolarsyň. Öýken oýunjak zat däl. Ony entek yzygiderli bejermeli.
Bularyň ýanyna ýene bir ýaşulam goşuldy.
–– Öten agşam gyzym aýdyşyň ýalyjak edendirin. Lýuba gyza näçe garçişnigiň bolsa, ýagyrnyma ýelme diýdim. Otuzyny dagy goýdumyka diýýän, zalym!
Ýaşulynyň gürrüňine Mähri ýylgyrdy-da, çynlakaý gürledi: – Öňräk şeýtmelidiňiz.
–– Wah, näbileýin men, üsgülewigim kiparlady duruberdi, asyl. Ýogsam demimi berenok-da. Gijäň bir wagty oýanypdyryn. Eňdim Lýuba gyzyň ýanyna. Ýene näçe garçişnigiň bolsa ýelme diýdim. Indi „хватит” diýýär, zalym.
–– Şu günem şol emleri gaýtalasaňyz, üsgürmersiňizem – diýip, Mähri jogap berdi.
–– Öz obamyzdan dugtar ýetişenine az begenemizok. Ind-ä näme, iki sapar bassyr üsgürsegem, geleris durarys.
Bir zat ýadyna düşdi-de, ýaşuly ýene Mährä ýüzlendi:
–– Gyzym, meň kempirimem bejeräýseňiz-ä... şol peläketiň asyl kelle agyrysy aýrylanok. Dugtara git diýseňem, teý edenok. Özüň ýaly bir dile düşýäne görün diýsem ederem welin...
–– Gelsin, göreris. Belki ganynyň aýlanyşynda, basyşynda kemi bardyr.
–– Şony şeýitsene gyzym. Ynhalyk-ga yzymdan geler welin, ýanyňyzajyk alar baraýaryn.
Ýaşuly hoşal bolup gitdi.
Daşaryk bir çyksaň, içerik giresiň gelenok. Bu ýyl ýaz hemişekilerindenem ir gelipdi. Agaçlar eýýäm gök salyp otyrdy. Eriklerdir almalar ak patrakdy.
„Tiz lukmançylyk kömegi” derwezeden girdi-de, keselhananyň gapysynda saklandy. Içinden bir nahoşy nosilka bilen düşürdiler. Keselli agyr bolmaga çemeli. Näsaglaryň muny görüp keýpi gaçdy. Mähri turup ugrady. Onýança-da gapydan keselhananyň baş lukmany Dmitriý Wasilýewiç göründi. Ol Mährä gygyrdy.
Näsag aşa düşüpdir! „Wagtynda ýüz tutman, öz-özlerini heläk edýärler-dä” diýip, düýbünden mejaly gaçan näsagyň keselini anyklandan soň Mähri käýindi.
–– Bu adamlarmy, sen bulary goýaý! Janlaryny edil ýerden tapan ýaly. Ýoňlamany dagy-ha keseldirem öýdenoklar. „Aý dümewdir-da dogtor, näme aladalanýarsyň, geçer gider” diýer, kellelerini sypar oturarlar – diýip, el ýuwguçda elini ýuwup durşuna Dmitriý Wasilýewiç Mährä gürrüň berip jibrindi. – Geçen ýyl dizenteriýadan ejir çekdik. Bir ýigidi hassahana getirmek üçin, ýolbaşçylara ýüz tutmaly boldy. Ol „bolgusyz içagyry üçin işden galyp, keselhanada ýatyp bilmän” diýip, nadaralyk edýär. Şol „bolgusyz” içagyryny onuň töweregine ýokuşdyrýandygyny-da zordan ynandyrdyk.
–– Hem işlemeli, hem düşündiriş geçirmeli-dä – diýip, Mähri Dmitriý Wasilýewiçiň gürrüňlerini diňläp dillendi.
–– Ýogsam näme? – diýip, Dmitriý Wasilýewiç elini süpürip stola geçdi.
Nähoş birneme özüne gelýänça, gyz hassahanada eglendi.
Agşam Hesel geldi. Joralar gujaklaşyp diýen ýaly görüşdiler.
Hesel şu oba toýa gelendigini, jorasyny-da küýsändigini, görüp gitmese ynjalmajakdygyny gürrüň berdi.
–– Az begenemok, Mähri jan, gowy dogtor, ökde diýşip seni dillerinden düşürenoklar.
–– Il agzy keramat, Hesel jan! Işläbersek, elbetde, ökdeläris-dä – diýip, Mähri jorasynyň sözüni agzyndan aldy.
Çaý başynda joralar gürrüňe gyzdylar:
Hesel gürrüniň ahyrynda Akmyradyň üstünden düşdi. Ýigidiň heniz öýlenmändigini gürrüň berdi. Şähere gatnap işleýändigini-de aýtdy. „Ejesem bärik gaýtsam seni soraýar, pahyr. Öňki gelende ejeň „ýüz bermändir”, ýokuş görüpdir pahyr. „Şol maşgala gözümiziň alnynda gezip ýörkä, başga biriniň gapysyny açmarys” diýýär.
Hesel Mähriniň derdini gozgap gidenini duýmady.
Gyz oturgyja özüni goýberdi-de, elini maňlaýyna diräp uzak oturdy. Hyýalynda Akmyrada içini dökdi. „Näme üçin ýalňyz ýaşap ýörsüň, Akmyrat! Meni örtemek üçinmi? Ýa Mähriniň oýlanman äden ädimi seň bagtyňa-da badak atdymy? Gel, maňa dostuň hökmünde ýekeje gezek içiňi dök! Gyz bilen ýigidem dostlaşyp bilýändir. Bolmanda öz ýüreginde saňa orun berip bilen adama ýekeje gezek ýüregiň gapysyndan garamaga rugsat et! Geňleseňem, oňlasaňam men saňa hat ýazjak, Akmyrat. Soraman bosagaňdan ätledim, bu gün sorap ätlejek”.
Mähri stoluň üstünde ýatan depderden akja kagyzy goparyp aldy. Eli barmanmy, ýa-ha pikirlenipmi, belki-de, uslyp bilmän ýene esli oturdy. Ahyr şeýle setirler kagyzyň ýüzünde peýda boldy:
–– „Özüňizi bir gözel gyza aşyk bolup, ol gyzam sizi söýmedik ýagdaýynda göz öňüne getiriň! Ol söýýärmi, ýok, siz ony görmeseňiz ynjalyp bilmersiňiz. Ýüregiňiz ony küýsär durar. Görmek üçin her gün bahana agtararsyňyz. Sizde mümkinçilik köp. Emma şol ýigidiň ornunda gyzy goýup görüň. Ýigidem ony söýenok diýeliň. Gyz diňe mümkinçilik tapsa, ýigide duýdurman, ony ogryn-dogryn synlap biler, daşyndan guwanar. Ýüregini welin, örän seýrek gyz açar. Men şol seýrek gyzlaryň hilinden hasap ediňde uzak oýlanmalardan soň, özüme zor salyp kynlyk bilen ýazylan şu hatymyň manysyna dogry düşüniň. Bilýärin, meň ýalňyşlygym size-de zyýan edendir. Ýöne, Akmyrat pikir edip otursam, men ýalňyşlygym diňe ýaşlyk, kem akyllyk edip goýberilen ýalňyşlyk hem däl eken. Meni siziň gapyňyzdan çagalagymyň çeşmäň suwy ýaly dury söýgüsi eltipdir. Şol söýginiň hatyrasyna geňlemäň-de maňa sähelçe wagtyňyzy sarp ediň! Dostuň-dosta ýürek syrlaryny açyşy ýaly, gursagymda göteren syrlarymy açaýyn. Ýöne maňa dogry düşüniň. Diňe ýürekden gepleşesim gelýär. Şondan soň men ynjaljak. Maňa şol bes, başga bähbidim ýok”.
Haty bukja salyp salgysynam ýazdy. Ýöne ony poçta eltip oklamaga ýüregi etmedi. Haty ýygnady-da daşaryk çykdy. Ýene maksatsyz öýe girdi.
Gyzyň barha dünýäsi daraldy. Öňem ýaraly ýürek gyz gursagyny dar görüp çyrpyndy. Gursagynda ýiti agyry duýan Mähri çep döşüne elini ýetirdi. „Wah, öz ugruňa gezip ýörmäge-de goýanoklar”.
Hassahanada bagyň saýasynda kellesi gepe gyzan iki aýal Mähriniň ýeňselerinde durandygyny görmändiler.
–– Sulhy almaz ýaly, heý, şu lukmanyň aklynda-huşunda, edep ekramynda ýa başarnygynda kemi barmy? Boý-syratam-a ýüz gyza degýär. Özünem lukman hekimiň bar-da. Eline düşen aýňalýar gidiberýär.
–– Başarnygyna sözüm ýok. Özüm ynhalykga üç günde bäri bakdym. Ýöne ilem akmakdyr öýtmegin, sen. Kemi bardyr, taşlaýandyrlar. Sulhy almazlyk hälki bir, soň tapylýan gürrüňdir. Sulhy alyşman öň näme işläpdirler. Sada bolmagyn! Bu zamanda aňyrsyna-bärsine göz ýetirilmän gelin edinilýärmi ýa gyz çykarylýarmy?
–– Depesinden dabanyna çenli jümşüldäp giden gyzyň gözüne şol wagt iki aýal gyrgy bolup göründi.
Olara tarap ýöneldem. Saklandy, emma ne saklanmak, özi hakynda adamlaryň hemmesi şol pikirdemikä?
„Her ýetene gep ýassygy bolup ýörme-de, durmuşa çykda dyn. Razylyk berseň günibiriň öýlenjekler. Boý ýigidiň boýnundan iljekmi? Adamlar seni gelin hökmünde ykrar etdiler. Telpegi agana özüňi rowa görjekmi? Hawa, şeýdip özüňe jeza berip bilersiň. Şu wagta çenli çeken ruhy azaplaryň azlyk edýändir. Wah, wah ol azaplar, iň bärkisi şol gije, ilkinji gije çeken horluklarymam bütin bir ömre etjek. Aldanyp äden ädimim geljekki durmuşyma basylan aýrylmaz tagma bolaýmalymy. Şol tagmany diňe sen aýryp biljek, Akmyrat! Diňe seň bilen birleşip, öz goýberen hatamy ýuwup biljek. Göwnüň bölek-dä. Ine, meni şu örteýär. Ýöne bir zada akylym etýär. Kesekini bagtly edip bilmerin men, Akmyrat!
Maşgala diňe iki tarapyň söýgüsi bilen gurlanda mukaddes diýipdiň. Halaşyp tanyşybam-a oňuşman ýörenler bar. Biri-birini içgin tanaman, birleşip, soňundanam gül ýaly ýaşaşyp ýörenlerem bar. Agaňa gelnejeňi gumdan bir ýerden getirip beripdirler. Olar biri-birini çala tanaýan ekenler. Bilýäň-ä olaryň sene-mene edenlerini gören adam ýok. „Durmuşlaryna gözüň gidýär. Iliň ýagşysyna-ýamanyna-da bileje ýetýärler” diýýärler. Eýsem olaryň guran maşgalasy mukaddes dälmi?
Men bir zada ynanýaryn, Akmyrat, arman, sen ynanaňok-da? Ikimiziň guran maşgalamyz çagşamaz. Günüň çogy tebigata jan berenokmy? Çogly söýgem mukaddes-dä! Şoňa ynanýarmyň? Meni saňa baglaýanam şol ynam-da!”
Mähri ýene pikirlerini bir ýere çugdamlap bilmän kösendi. Şu gün welin, ol bu meseläni haýsam bolsa bir tarapa çözmese, özüne asuda durmuşyň bolmajagyna akyl ýetirdi. Emma nädip çözjek?! Bu ýalňyz çözülýän mesele däl-ä! Onda-da...
Mähri uludan dem aldy-da, daşaryk seretdi. Gün gijigipdi. Onuň gyzgylt şöhlesi ullakan tut agajynyň doluşmadyk ýapraklaryndan jyklap aýnadan içerik düşýärdi. Baga gonan guşjagazlar gyza: „Sen näme oýlanyp otyrsyň, daşaryk çyk, biziň ýanymyza gel, gussaňy paýlaşaly” diýýän ýaly üznüksiz jürküldeýärdiler. Soň gyzyň gulagynda guşlaryň sesi kesildi-de, onuň ornuny başga ses eýeledi.
„Tanaman durmuş gurmak, razylyk bermek akylly adamyň etjek iş-ä däl. Adam heý, öz ykbaly bilenem şeýle oýun edermi?” „Oýun etdim, utuldym, Akmyrat! Şol örtenip ýörşüm! Zenanlyk mertebämi depeläp saňa hat ýazdym. Seň bilen ýene bir gezek ýüzbe-ýüz bolman adama baş galdyryp biljek däl. Oňa-da wagt ýetdi. Haçana çenli men öz-özümi aldap salgyma kowalaşyp ýörmeli. Besdir-dä, indi. Mende bir töwekgellik bolmazmy?”
Mähri namys etse-de, haty Akmyrada ýollamagy göwnüne düwdi.
Ol stoluň başyndan galanda obadaşlarynyň biri hasanaklap gapydan girdi. Onuň ýüzi ak tamdy. Aýak üstünde zordan durdy. Ol gepini-de zordan düşündirdi. Mähri onuň üzlem-saplam gürrüňlerinden, Eseniň bir ýaşlyja oglunyň göm-gök bolup titräp ýatandygyny aňdy. Esen gyzyň soragyna-da gümürtik jogap berdi.
— Irden işe gidemde hem sagja ýalydy. Gelsem ejesi aglap otyr. Keýgim, kyn görmäweriň, gijem bolsa. Ýadawsyňyz özüňiz-ä, gaýrat edersiňiz-dä!
Ol bir diýenini özem bilmän, iki-üç gezek gaýtalady. Mähri eglenmän, ýola düşdi. Ol Esenleriň gapysyny açandan dymyljyk howa Mähriniň ýüzüne urdy. Tamda ýer-jaý ýokdy. Hossarlar, dost-ýarlar, goňşy-golama çenli ýygnanypdy.
–– Aýnany bir açyň ahyryň, bu içerde sagam bolsaň, ýykyljak. Oturanlar gozganýança gyz töre geçdi-de, aýnanyň bir tarapyny daşaryk itdi. Arassa howa kürsäp içerik girdi.
–– Jaýdakylar süýşüşip, çaga seretmäge Mährä maý berdiler. Diňe Eseniň aýaly oguljygynyň üstüne gerlip eňräp başlady:
–– Wah, wah, Mähri jan, balajygym?! Göz boldumy, dil boldumy bilmedim, bir zat tapyndy oturyberdi.
Demsiz ýatan çaga gözi düşüp Mähri birhili boldy. Derrew çaganyň dem alşyny, ýüreginiň urşuny barlady. Çaga eljagazlaryny, aýajyklaryny ýygyryp-ýazyp titräp başlady. Eseniň aýalynyň zähresi ýaryldy. Çaga topuldy. Mähri ony saklady. Haýal etmän iňňesini taýynlady. Sanjylandan soň, çagajygyň titremesi galdy. Gyz oglanjygy emaý bilen gujagyna alyp ýerinden galdy.
Eseniň aýaly onuň bilen boýdaş boldy.
–– Waý, ony nirä alyp gitjek, Mähri jan!
–– Goý, how, sesiňi! Sen-ä masgara etdiň – diýip gapyda duran Esen gatyrgandy.
–– Gorkmasan-a daýza, daş ýerik däl, hassahana alyp gitjek, sowukladypsyňyz – diýdi.
Ol çaganyň ejesini köşeşdirdi-de ulaga mündürip, oguljygyny eline berdi.
Esen aýalynyň gapdalynda ornaşdy. Ýola çykanlaryndan soň, ol birneme özüni dürsäp, oguljyklaryna näme bolandygyny lukmandan sorady.
Çaganyň öýkenine iki taraplaýyn sowuk degen eken. Özüni hernäçe merdemsi tutjak bolsa-da, iki eginjiginden dem alyp, ölüm bilen başa-baş söweşip ýatan çagany halas edip bilmerin gorkusy Mährä ynjalyk bermedi. Ol nobatçy bilen zerur kömegiň hemmesini etdi.
Çagajygyň titremesi galsa-da, ertire çenli gyzgyny peselmedi. Daň atýança aýak üstünde zowzuldap geçiren Mähri, ir bilen lukmanlar gelenden soň, az-kem göwrümi giňäp, baş lukmana habar berdi.
Çagajygyň aýgytly pursaty başyndan geçirendigini duýan baş lukman Mähriniň gidip dynç almagyny talap etdi. Öýlerine gaýtsa-da, gyzyň ýatyp ukusy tutmady, oturybam karary ýetmedi. Çagajygyň gözgyny keşbi onuň gözüniň öňünden hiç gitmedi. Diňe hassahana gelip çaganyň ýagdaýyny ýene bir gezek barlandan soň, ol ynjaldy.
Çaga üç günden soň, az-kem özüne gelip, dem almasy birneme kadalaşdy.
Dynç güni ir bilen işe gelýärkä, Mähri Eseniň aýalynyň sözlerini ýatlady.
Dogram-da seň zähmetiňden biri haýyr tapsa, seň üçin uly abraý. Başaryp bilseň, adamlary begendirmekden lezzetlem bir zat bolarmy? Hawa-da, bagtyň manysy giň.
Ir bilen howanyň çigrejigi bardy. Muňa garamazdan, açyk aýnanyň öňünde buz ýaly tagtanyň üstünde ýalaňaç çagany ýatyryp, şepagat uýasy onuň içini ýuwýardy. Mährä gözi düşüp ol aljyrady. Aýnany ýapjagynam, çaganyň aşagyna arlyk ýazjagynam bilmän sermendi. Hiçisine-de ýetişmedi. Lukmanyň ýüzi üýtgedi: „Gör-ä bularyň edýänlerini. Çaga haýpy gelmezem adam bolarmy?”.
Mähri diňe içini gepletdi, eneleriň ýanynda oňa zat diýmedi. Ýanyna çagyrdy.
–– Gözel, özünde ynsap bolmasa, saňa näme diýeýin. Il bende muňa sagalmak üçin gelýär. Näsag çagany ynanyp, eliňe berýär. Sen bir oýlanyp gör ahyryn!
Gözel giren ýerinde sesini çykarman, aşak bakyp durdy.
–– Bar, işiň bilen bol. Ýöne şu gün şol çaganyň gyzgyny göterilse, sylaman Gözel!
Mähri işläp başlaly bäri dynç almaga ikinji hyýal edişidi. Onuň goňşulary mugallymady. Iki gyz dilleşip dynç güni okuwçylaram alyp, derýanyň aňyrsyna gezelenje gitmekligi ýüreklerine düwdüler.
Irden okuwçylar mekdebiň gapysyna ýygnandylar. Iki gyz şaýlaryny tutup mekdebe gelenlerinde, hat gatnadýan olary saklady.
Goňşusyna hat gowşurdy. Gyz günortan ejesini garşylamaly boldy.
–– Ikimiziňki boljak däl. Sensiz näme gyzygy bar?! – diýip Mähri nägilelik bildirdi.
–– Çagalaryň boküşäýişlerine sered-ä. Mähri-jan! Neneň dözjek?! Ozalam howlugyşyp şu güne zordan ýetdiler.
Goňşusy gijräk barmaga söz berdi.
Mähri ýaýdandy. Çagalar az däldi. Jogapkärçiliginden gorkdy. Ýöne olary yzyna gaýtarmaga-da dözmedi. Onýança-da bulardan ep-esli ara açyp hat gatnadýan ýene yzyna dolanyp, Mährinem saklady-da: „Wah, huşum gursun” diýip, özüne käýinip, onuň eline-de bir haty tutdyrdy.
Gozgalaňa düşen gyz hatyň salgysyna seretmän, derrew açdy. Bir barmak akja kagyza diňe ikije setir ýazylypdyr:
„Size geçelgede garaşýaryn. Şol ýerden amatly ýeri tapmadym”.
Powestler