Aşakda-da düýnki günüň senesi goýlupdyr.
Süňňi gowşap, çym-gyzyl bolan gyz, haty torbasyna salanda, eliniň sandyraýandygyny duýdy: Hatymy alypsyň, ony ne ýaňzydypsyň, ne-de hatyň bir ýerinde adymy ýazypsyň. „Sylapsyň-da, Akmyrat!” Ýöne duşuşmaga geçelgeden başga ýer tapmadyňmy? Zyýany ýök bähbit boldy. Çagalaram bahana.
Geçelge iki obanyň aralygyndady.
Bir gyzjagaz Mähriden näme üçin geçen gezek özleri bilen gezelenje gitmändigini sorady: Soň:
–– Şu gün ýadamasaňyz geljekki dynç alyş günem gezmäge gidermisiňiz? – diýip dillendi.
Gyz jogap berip ýetişmänkä, beýlekisi ondan suwda ýüzüp bilýändigini, bilmeýändigini sorady.
Mähri çagalary toplap, derýanyň kenaryna tarap ugranda, gün ep-esli ýokaryk galypdy. Asmanyň ýüzi alabulut bolup bir gizlenip, bir ýalpyldap çykýan gün howanyň hemişekilerinden salkyn boljakdygyny duýdurdy.
Mähriniň töweregini ala goh edip barýan çagalar bökjekleşýärdiler. Begençlerine biri-birini kowalap, gülüp-oýnap daş-töweregi ala-ýaz edip barýardylar. Okuwçylar Mähri bilen öňem bir gezek gezelenje çykypdylar. Ony mugallymlaryndan kem görenokdylar. Häzirem olaryň birki sanysy geçen gezekki gezelençleri hakynda Mährä biri-birinden öň gürrüň bermeklige howlugýardy. Bu günem şol taýa gidilse kem bolmajakdygyny, gülälegiň, çigildemiň, köpdügini, ýuwa, ýelmik näçe isleseň çöplemek boljakdygyny düşündirýärdi. Gyzyň pikiriniň düýbünden başga ýerdediginden olaryň habary ýokdy. Mähri çagalar bilen ümmüldeşip, derýanyň geçelgesine nädip baranlaryny duýmady.
Mähri okuwçylary hatara duruzdy. Ekabyrraklaryny yzda goýdy. Şol wagtam raýyşdan düşüp gelýän ýigide gözi düşüp boz-ýaz boldy. Ýakyna gelen ýigidiň salamynam alman töweregindäki çagalary gyssady. Iki kenara sim bilen berkidilen derýanyň o başyndaky tagta sala olaryň münmegini talap etdi. Akmyradam birhili boldy-da, galagopluraga-da gyza seretdi. Soň ol kenara golaýlaşyp gelýän sala tarap ýöneldi. Okuwçylaryň öňki hataryny mündürip, özem oňa böküp mündi-de saly sürüp gitdi. Ýigit bir öwrüm edip dolanyp gelende, Mähri henizem şol bir duran ýerinde köwşüniň burny bilen ýer dyrmap durdy. Akmyrat okuwçylaryň galanlaryny mündürip, gyza garaşdy:
–– Siz gitmejekmi?
Mähri başynam galdyrmady, ýigidiň ýüzüne-de seretmedi. Baryp sala mündi. Ýigit edil onuň gapdaljygynda durup simi çekip ugrardy. „Ýyllar geçdi. Seniň henizem şol çekinjeligiň, mahmalyň ýok, ýogsam ýüzüňi örtmäge-de ýaltanjak däl sen”.
Içini gepleden ýigit kenara çykandan soň, gyza başga zat diýdi:
–– Toparyňyzyň bir agzasynyň artmagyna garşy bolup durmarsyňyz-la?! Çagalaram Mähriniň ýüzüne ýylgyryşyp seretdiler. Onsoň onuň bir zat diýerine-de garaşman, Mähri bilen Akmyrady töwerekläp aldylar-da aňňat-aňňat gum depelerine, ýap-ýaşyl bolup ýazylyp ýatan meýdana tarap ugradylar.
Meýdanyň gözel görki gyzyň şol bada göwnüni açdy. Kalbynyň çuň ýerinde gizlenip ýatan nähilidir bir ýakymly duýgy oýandy-da, oňa garaşylmaýan, söz bilenem düşündirip bilmejek şatlygyny berdi. Öýke-de, Akmyrat bilen bagly bolan wakalaram şu wagt onuň şol şatlygynyň üstüni örterden ejiz geldi. Ol yzdan ýöräp barşyna ýigide gözüni aýyrman seredýärdi. Häzir öz pikirleri bilen gümra bolup okuwçylary-da unudypdy. Çagalaryň sesleri, gülküleri sähra guşlarynyň sesleri bilen garyşyp, eýýäm uzaklardan eşidilýärdi. Olar depeden depä geçip, hol, uzaklarda görünýärdi. Okuwçylaryň arasynda ýigidiň ýakymly gülküsem Mähriniň gulagyna degdi. Ol ädimini ýygjamlatdy. „Üýtgemänsiň sen, Akmyrat! Syratyňam, keşbiňem gözleriňem şol bir bolşy. Diňe azajyk ösüpsiň, daýawlanypsyň. Meni örtemek üçin ýüregimi paralamak, teýeneli sözleriňi aýtmak ýa diňlemek üçin, geldiňmi? Belki-de, iň soňky gezek hoşlaşmak üçin gelensiň”
–– Akmyrat saklandy. Ýigide golaýlaşdygyça, Mähriniň bedeninde ýeňiljek galpyldy peýda boldy.
–– Siz gysylaýdyňyz öýdýärin?! Beýtseňiz-ä ýagşy ýagdyrarsyňyz. Şol süýşüp gelýän gara bulutlary halamok.
Mähri jogap bermän ýylgyraýdy. Şonda onuň mähirli ýüzi hasam ýagtyldy.
Ýigit gyz bilen eginleşip ýöräp başlady. Başyny galdyrmasa-da, Mähri ýigidiň her bir hereketini synlaýardy. Ýigidiň didaryny küýsän gözler oňa ogryn-ogryn garaýardy. Muny Akmyrada duýdurmaýandyryn öýdýärdi. Emma nähili gürrüň açjagyny bilmän ýaýdanyp gelýän ýigit hem, gyzyň iň kiçijik hereketlerine çenli sypdyranokdy.
Dogrudan hem, ýigit Mähriniň öňki gören Akmyradyndan az-kem üýtgäpdi. At ýüzi tegelenipdi. Ýöne öňküsi ýaly parahatdy. Bir wagtlar maňlaýyndaky burum-burum saçlaryň tämiz tarlary gün şöhlesine lowurdaýardy. Olar ýigidiň bütin kellesini ýapyp durdy. Asman reňkli gögümtil köýneginiň üstünden ýasgynjak alnan çal penjegi ýigidi has syratly görkezýärdi. Mähriniň söýen gözleri golaýjakdan özüne seredýärdi. Gyz ol gözlerde bu gün gussa derek mähir duýdy.
Başga tarapa barýandyklaryny duýup, Akmyrat aýak çekdi. Ol elini gündogara uzadyp ýap-ýaşyl, dagyň bölegi ýaly ýazylyp ýatan beýik depäni görkezdi. Onuň aňyrsyndan diýseň owadan gülälekli meýdanyň başlanýandygyny özüniň geçen hepdede şol ýerde gezip, keýpden çykandygyny aýtdy.
Mähri:
–– Bu gün ýene şoňa gitmek siziň üçin gyzyksyz bolar-da! – diýdi.
–– Ýok-la, häzir bir baryp görüň, ertirem şoňa gelesiňiz geler durar.
Akmyradyň töwerindäki çagalar Mähriniň jogap bererine-de garaşman, öňdäkileriň yzlaryndan ylgaşyp gitdiler.
Dogrudan hem, Akmyradyň görkezen depesine çykyp, gündogara seretseň, depäniň, aşagyndaky meýdan edil ertekilerde suratlandyrylýan çemenzarlyklar ýaly al-elwan öwsüp ýaýlyp ýatyrdy. Gülleriň içinde göze ilýän elwan gülälekler bir geňsi lowurdap, gyzyl kürteli täze gelni ýadyňa salýardy. Ylla diýersiň giň meýdana, tämiz topraga haly düşelen ýalydy. Gülälekli meýdanlarda iki ýana bökmekleşýän oglan-gyzlaryň özleri-de dürli reňkli güllere meňzeýärdi, mymyjak şemal gyzyň alyn saçlaryny oýnady. Bu görnüş, şadyýan çagalar, gapdalynda-da Akmyradyň gezip ýörmegi, gyzyň kireňsiz kalbynda, ýigide ençe ýyllap orun beren tämiz ýüreginde suratyny çekip bolmajak süýji duýgulary döretdi. Daşky dünýäniň ajaýyplygy gyzyň içki dünýäsi bilen utgaşyp gitdi. Ol bu lälezarlygy synlap ep-esli durdy. Ol gujagyna sygsa bu lälezarly, hoşboý ysly bu meýdanlary gujagyna gysaýasy geldi. Okuwçylar Mähriniň gujagyny al-elwan güllerden doldurdy. Tokmak ýaly saçlaryna çenli gül gysdyryşdyryp çykdylar. Gyza tarap ýönelen Akmyrat edil onuň garşysanda durdy-da, ýygan gülleriniň içinden aýratyn bir owadan güli saýlap aldy. Mährä nazaryny dikip bir geňsi ýylgyrdy:
–– Meniň güllerime ýerem galmandyr?!
Ýigit güllerine ýer tapyp gyzyň saçyna gysdyrdy. Onsoň gapdalyndaky beýige çykyp, çommalyp oturdy-da ony synlamaga başlady. Mähri gül ýolmak üçin eglen bolmaga çemeli, gujagyndaky gülleriň hemmesi ýere dökülipdir. Ol güllerini tertibe saljak bolup, ber-başagaýdy. Gyzyň tanap ýaly saçlaram häzir oňa boýun egenok. Egilse arkasyndan öňune düşýär-de, güllerine çolaşýar. Gyz saçyny bir zyňdy, iki zyňdy, ahyr bolmady, erjel saçy „gazap” bilen boýnuna orady. Bu görnüşi synlamak Akmyrada barha hoş ýakdy.
Mähri ýigidiň synlaýandygyny duýup has hem aljyrady. Güllerini ýarpy-ýalta ýygnap, daş-töweregine garanjaklady. Goşlar Akmyradyň oturan ýerinde bolandan soň, güllerini goýmak üçin ýigide tarap ýöneldi.
Synlamanam gör-dä! Hakykatdan hem gülleriň arasyndan täsin bir gudrat ýigide baka ýetip gelýär. Gyz şeýle gözel hem aljyraňňy. Şemalam onuň garşysyndan. Ýüprek köýnek diýenini etmän, näzik bedenine syrlaşýar. Ýeňiljek çabydy arkasynda galgap, onuň ýumry döşlerini ýapmakdan boýun towlaýar. Mähri bolsa döşüni gizlemek üçin çemeneni şeýle gülkünç ýagdaýda öňüne tutýar. Maňlaýyndaky gyryk saçlaram şemala ykjap, ýüzüne dökülip, ol hem gyzyň garşysyna elinden gelenini edýär. Mähri ýigidiň gözüni aýyrman seredip oturşyny görüp has-da aljyrady. Keseräk ýöremäge çalyşdy.
„Göz dikip oturmak aýy-ba”. Ahyr ol depä çykdy. Akmyrat gyzyň utanmakdan hem-de kejikmekden çym gyzyl bolan ýüzüne seretdi. Özüni has-da oňaýsyz duýan Mähri goltugyndaky güllerini nirede goýjagyny bilmän kösendi. Büdräp bir taňka suwam agdardy. Akmyrat hezil edip güldi-de ýerinden galdy. Gowusy şol çemeni maňa beräýiň. Özüm bir alajyny edeýin. Ýogsam gymmat düşjek. Derýa barmy, bäri-bärde?..
–– Dökülen suw bolsun, ýykylan taňka. Gül tapsak, harlamarys. Ol-a derýa, gerek bolsa deňizdenem suw daşarys. Ýaltanmarys. Gyzyň kakdyrmasana düşünen ýigit bu gezek Mähri bilen ýürekden degşesi geldi.
–– Bagty getiren gül. Deňiz nirräkdekä?! Ugradym.
Mähri gülmän durup bilmedi. Ýöne gülleri banka salyp oturşyna nagt jogap berdi.
–– Deňizmi? Derýany uzak görýän aýak deňize ýetermikä?
–– Bileje gitsek ýeter.
–– Näbileýin. Dört diwara gabap, terk edip giden adamyň uzak ýola ýoldaş bolmaga gaýraty çatarmyka?
–– Çatar, ýoldaş ýolda tanalýandyr.
–– Suw içmäge gelen gyzjagazlar Akmyratdyr Mähriniň gürrüňleriniň arasyny kesdi.
Çagalary ugradyp, Mähri goşlary günden kölegä süýşürişdirip ýören ýigide ýüzlendi:
–– Ajyksaňyz garbanmaga zat bardyr.
–– Myhmana tagam hödür edilende gaş çytylýan däldir.
–– Ol myhmana bagly. Uzak garaşdyryp, bimahal peýda bolan myhman hemişe gujak açyp garşylanaryn öýtse ýalňyşýandyr.
–– Kimmişin ol, peýdasyny-zyýanyny bilmeýän kem rygsal myhman. Bileje käýýäli-le şoňa. Ýigit yzyndanam başga zat diýdi.
–– Ýörüň, garşy bolmasaňyz bir sellem gezelenç edeliň.
Güllere goşlardan kölege ýasap, gün düşmez ýaly ýerleşdirenden soň, gyz ýigidiň gapdaljygyndan haýaljak ädimläp başlady. Ýigidiň dymyp barmagy indi ony darykdyrdy. Ynsan ömründe kyn pursatlar az bolýarmy? Şu wagt Akmyrat özüne tarap öwrüläge-de: „Hatyňy aldym, men seni diňlemäge taýyn” diýäýse, Mähri oňa jogap taparmyka?! Ol Akmyrady duşuşyga çagyrdy ahyryn. Ýüregini ilkinji bolubam açmaly bolar-da. Ol şu pursata sabyrsyz garaşmadymy näme? Belki, Akmyrat Mähriniň dillenerine garaşýandyr. Gürrüň etjek, içiňi dökjek bolsaň, şundan amatly pursat barmy näme? Şonuň üçinem ol „gezim edeli” diýendir. Ýöne Mähri Akmyrada dil bilen aýtmaga zat goýdumyka? Ol düşünmez ýaly tünt däl-ä! Ýaňky gürrüňlerdenem many alandyr.
Mähriniň içinde harasat gopýandygyndan bihabar Akmyradam häzir öz pikiri bilen başagaýdy. Gyz ýigidiň ýüküniň ýetikdigini duýanokdy.
Toýdan soň, Akmyrat uzak wagtlap düňle ýaly bolup gezdi. Eden işiniň çig ýerini gözläp kösendi. „Näme üçin öň sala salnanda çöp döwen ýaly etmediň? Näme üçin, gowşaklyk etdiň? Sen entek ykballaryny ene-atasyna ynanýan maşgalalaryň, şeýle ýörelgä eýerýän hossarlaryň bardygyny unutdyň. Unutsaň, saňa ýatlatdylar. Ýatlatsalar, menem olara öz hukugymy goramaga hakymyň bardygyny ýatlatdym.
Keseki tarapyndan gurlan maşgalany ykrar etmedim. Ony menden başga her bir akylly-başly adamam şeýderdi. Şol maşgala öýlenibem bilerin, öýlenmänem, munuň üçin hiç kim meni ýazgaryp bilmez. Onsoňam göwün bermedik, sulhuň almadyk maşgalaň bilen zoraýakdan ýaşaşjak bolmak, öz goýberen hataňy, ýa-da kimdir biri tarapyndan goýberilen ýalňyşyňy düzetjegiň ýa ýuwdugyň bolýarmy? Beýle ýagdaý iki tarap üçinem ýeňil bolmaz ahyryn...”
Akmyrat özüni bir garalady, bir aklady, emma beýnisine agram salýan, şol bir pikirlerden gaçyp gutulmagyň ýoluny tapmady. Onuň obalaryna-da aýagy çekmedi. Ol garrylardan, garrylaram ondan öýkeledi. Şäherde-de häli-şindi onuň keýpini bozdular. Ýoldaşlarynyň köpüsi diýen ýaly ony gutlady. Toýa çagyrmanlygy üçin öýkelänem tapyldy. Şeýdip, ýigit maşgalaly adam hökmünde ykrar edildi. Şundan soň Akmyrat ýa göwün diýen maşgalasyna gabat gelmedi. Ýa-da oňa birbada ynsaby ýol bermedi. Ol bir zenana-da baş galdyrmady, göwni-de bölünmedi. Ýöne ol Mährä telim gezek hat ýazmaklyga synandy. Her gezek gyzyň oda düşen kebelek ýaly örtenişi gözüniň öňüne gelende, özüne jaý tapmady. Şonda ol näme üçindir özüni aklap bilmedi. Gyz bilen aralarynda dostluk haty gatnap dursa-da, ol ynjaljakdy. Muňa-da onuň bogny ysmady. Mähriniň has ynjamagyndan gorkdy. Akmyrada düşünmezligi mümkindi. Düşünmese bagyşlamaz. Ýüzbe-ýüz bolubam onuň agzyndan bir agyz söz alyp bilmedi ahyryn. Mähriniň soňky ykbaly bilen ol diňe Hojamyradyň hatlary arkaly tanyşýardy.
Akmyrat Mähriniň okuwa gidenini eşidip uçursyz begendi. Emma telim ýyllap gyzyň durmuşa çykman gezip ýörmegi, ony hem gynandyrdy, hem oýlandyrdy. Ýöne onuň sebäbini Akmyradyň dostlarynyň, hatda gyzyň iň ýakyň jorasy Heseliň-de düşündirip bilmeýşi ýaly, ýigidiň özi üçin-de düşnüksizligine galdy. „Ýa gyz taýyny tapanokmyka? Kim bilýär, belki, birine garaşýandyr. Ýeriň-gögüň diregi Akmyrat däl ahyryn”. Ýigit onda göwnüniň ýokdugyny hut gyzyň özüne, onda-da çürt-kesik aýtdy. Onsoň Akmyat öňki pikirinden dänäýende-de, Mährini şeýdip syňsyradyp goýberenden soň, üstesine-de göwni bölek bir adam bilen ýaşamaklyga razylyk bermez. Ýöne Akmyradyň hossarlaram ýigit gaty görsün, ýumşak görsün, Mähriden el çekmediler. Şol ýapyşdylar ýatdylar. Ejes-ä ýüz berilmese-de gudalaryndan aýagyny çekmedi. Ýigidiň kakasy bolsa, oglundan ymykly göwni galansoň, Akmyrat okuwyny gutarýança bu mesele bilen bagly gürrüň gozgamady. Şäherde işe başlap arasynda ilkinji gezek öýlerine dynç almaga gelende welin ýanyna çagyryp, diňe ikije agyz söz aýtdy. „Akylyňa aýlan-da, maşgalaňy ýygna, çen boldy!”.
Bu gezegem Akmyrat sesini çykarman kakasynyň ýanyndan turup gitdi...
Mähriniň ykbaly her näçe oýlandyrsa-da, uzak ýyllaryň dowamynda Akmyradyň bir zada gözi ýetdi. Ýigit gyzyň Mährine suwsap, hyýalynda ýekeje gezegem ony gujagyna gysmady. Mähri bilen gülüp-oýnap oturmak meýli-de Akmyratda döremedi. Şonuň üçin hem ol Mähriniň hatyny alyp begendi. Bu gezek boýnuna atylan „syrtmagy” sypyrmaklyga mümkinçilik taparyn öýtdi. Ýöne şol mümkinçiligem Akmyrady ýene oýlandyrdy. Ol-da gyzyň özüni söýmegidi. Şol söýgini gyz kynlyk bilen bolsa-da boýnuna alypdy. Indi şol hakykata gözi ýetip durka-da, Akmyrat şu wagta çenli Mährä diňe gussa ýuwutdyran söýgini gyz ýüreginde hemişelik jaýlamak üçin, duşuşyga barmalydy. Mähriniň iň soňkuja umydyndan-da el üzdürmelidi.
Iki daşyň arasynda galan ýigit gyzyň hatyna jogap ýazyp bilmän, ýaýdanyp gezdi. Bu-da adamçylyk däldi. Gyz jogaba garaşýardy. Şonuň üçin hem Akmyrat kynam bolsa Mähri bilen düşünişmegi ýüregine düwdi.
Juwanlar öz pikirleri bilen gümra bolup şol dymyşyp gidip barýardylar. Kä ýerde bolsa, öňlerinden çykan gülleriň göwünlerine ýaranlaryny eglip alýardylar.
Şu gidişlerine sözleşmän diýen ýaly çagalaryň arasyna bardylar.
Akmyradyň ýüzi şol bada açyldy. Ol Mährini ýalňyz galdyrdy-da, okuwçylaryň baryny bir ýerik toplady. Soň gyza ýüzlendi:
–– Geliň, bir salym çagalygy ýatlalyň!
Ýigit çagalaryň biri-biriniň elinden tutduryp, tegelek halka gurdurdy. Mährem iki çaganyň arasyndan girdi. Akmyrat çagalara oýny nähili oýnamalydygyny düşündirip durşuna gözleri ýanyp duran dogumlyja oglany orta çykardy, adyny sorady.
— Sapby bolsaň gaty gowu-da – diýip, Gülälek atly gyzjagazy-da çagyrdy.
Özem çagalaryň arasyna girdi. Gyzjagaz gulpagyny tasadyp gaçyp başlady. Oglan kowdy. Çagalar „ýet-de, gaç”, bolşup uly goh turuzdylar. Akmyrat hem uly gykylyk edip gyzjagazy gyssaýardy. Oglana degýärdi.
Gyzjagaz ýadap Akmyradyň ýeňsesinde gelip durdy. Gowur, gykylyk asmana göterildi. Ýigit gaçyp barşyna penjegini çykaryp, otuň üstüne zyňyp goýberdi. Akmyrat galstugyny galgadyp, edil çaga ýaly tegelek halka girip çykýardy. Ahyram ol sap atyp barşyna oglanjygyň alnyndan çykyp tutuldy. Indi oglanjyk gaçyp başlady. Epeý piýada ýetip gelýärdi. Ol tutuljagyny bildi-de Mähriniň arkasynda gelip durdy. Gyz gaçjagyny, durjagyny bilmän ýaýdandy. Akmyrat hem ony kowman, „nädýärkä” diýen manyda oňa seretdi durdy.
Mähri ýylgyrdy-da aýlawyň içine girdi. Ýigit aýlawyň içine girenden ol daşyna çykdy. Mähriniň tokmak ýaly saçlary, ol gaçanda bir öňüne bir yzyna düşdi. Akmyrat ol saçlara elini ýetirmäge ejap etdi. Gyzy tutmaga az galanda ol saklandy. Mähri gezegini başga birine berdi. Şeýdip, Akmyrady oňat ýadatdylar.
Mähri çagalardan aýrylyp gyra çykyp oturdy-da, olary synlap başlady. Çagalar ýadamany, ýaltanmany bilýärmi näme? Akmyradam olardan kem oturanok. Sapby bilen gidişýär. Biri yzynda, biri öňünde çagalaryň daşyndan telim öwrüm etdiler.
Mähri goňşy gyzy diňe gapdalyna gelende görüp galdy.
–– Halys lütüm çykdy, zordan tapaýdym–diýip, ol Mährä ýüzlendi: – Çagalar aljyratmadylar dälmi, Mähri jan!
–– Ýok-la, heziller edindiler.
Çagalaryň arasyndaky del ýigide gyzyň şol bada gözi düşdi.
–– Kim ol, Mähri!
–– Akmyrat!
–– Hä!..
Goňşusy gözlerini tegeläp, Mähriniň ýüzüne seretdi.
Gyz gyzaryp ondan ýüzüni öwürdi. Mähriniň özi içgin gürrüň bermese-de, Akmyradyň kimdigi goňşusyna mälimdi. Şonuň üçinem ol begenip, hem geň galyp ýene Mährä syrly garady. Mähri ýanlaryna gelen ýigidi goňşysy bilen tanyşdyrdy.
Çagalary naharlanlaryndan soň, üçüsem çaýdan kökläp, tä gün gijigýänçä bileje gezdiler. Kömelek gözlediler.
Akmyrat gyzlara çagalary derýadan geçirişdi-de, tä olar gözden ýitýänçä yzlaryndan seredip durdy.
Ýigide ýap-ýaňam şeýle lezzet beren, göwnüni göteren gülälekli meýdan birden boşap galana döndi, tukat göründi.
Mährini sagaldyş öýüne baş lukman edip bellediler. Gyz işe baranda ony gapyda Dmitriý Wasilýewiç şeýle keýpihon garşylady. „Diýenimi gögerdýändirin” diýen many-da gözlerini ýeserlik bilen güldürip, Mähriniň ellerini mäkäm gysdy-da, onuň öňüne düşüp uly goh edip jaýa girdi. Mährini ýerli-ýerden gutlan lukmanlar, gyzyň bagtly bolmagyny arzuw etmegide unutmadylar.
Mähri giçden soň, sagaldyş öýüniň ulagy bilen öýlerine gaýtdy. Hassahana geçen hepde täze jaýyna göçüp gelen hem bolsa, Mähri dagy entek ýerlerinden gozganmandy.
Hassahananyň jaýlary giň hem ýagtydy. Onuň tutýan meýdany-da öňkä görä dört esse dagy bardy. Jaýlaryň gapysyna oturdylan nahallaram eýýäm başlaryny belent tutuşyp gök salyp otyrdy.
Ynsana ynam bildirilse, hormat goýulsa, ol nähili hoşbagt bolýar. Gyz çaý goýup ýeňiljek agşamlyk taýynlady, emma gazany täzeden atarmaly boldy. Gyzyň dost-ýarlary, işdeş ýoldaşlary oslagsyz gapydan girdiler. Bu ýagdaý Mährini çaksyz begendirdi. Gijäniň bir wagtyna çenli aýdym-saz edip oturdylar.
Şol gün agşam Mähriniň uzak wagtlap ukusy tutmady. Ol daşarda tagta sekiniň üstinde ýatan ýerinden gök asmana, örän uzakdan görünýän hünji ýaly ýyldyzlara seretdi ýatdy.
Gije şeýle ajaýypdy. Howa iňňän tämizdi, jana ýakymlydy. Asuda howada daş-töwerekdäki ekinlerden, ot-çöplerden mör- möjekleriň sazlaşykly jürrüldisi eşidilýärdi. Niredendir bir ýerde traktor üznüksiz tarlaýardy. Mähri kä bu seslere diň salýardy, käte oýlanýardy. Öýdäkiler bir wagt süýji uka gidipdi. Mähri welin bagtly gününde oýlanyp ýatyr. Ýene sanlyja günlerden obadaşlary täze oba göçmelidi. Akmyratlaryň obasam şu oba bilen birleşipdi.
Mähriniň ýigit kä ýarym oba gelende oňa duşmagy mümkindi. Ýöne Akmyradyňam şol gezelençlerinden soň, gülälekli meýdanlara soňam telim gezek aýlanýanyndan Mähriniň habary ýokdy. Aşgabada gitjek gününiň öň ýanyndaky günem aýlanypdy.
Dogrusyny aýtsa, ýigidiň ilkinji gezek obalaryndan şähere aýagy çekmedi. Mährä baglanan ýüp indi ony her ýerdenem dartyp başlady. Uçaryň bortunda otyrka-da ümbilmez asman giňişliginden Mähri şol utanjaň ýylgyryşyny edip gözlerini balkyldadyp seretdi durdy.
Şundan esli wagt geçenden soň Akmyrat obadaşlaryndan hat aldy. Dostlaryndan gelen hatda, aýratynam ýaşlar guramasyndan gelen gök bukjada Akmyrat uly toýa çagyrylýardy. Oba adamlary täze ýurda göçýärdi. Bu yigide bahana bolup, rugsat alyp, oba gaýtdy.
Akmyrat entek oýanmanka, ýaşlar guramasynyň başlygy ir bilen olaryň gapysyny kakdy. Sürüjileriň biri näsaglapdy.
–– Sen meni toýa çagyrdyňmy, ýa işe – diýip, ýigit ýyljyraklap başujunda duran ýigide ýüzlendi.
Akmyrat çaýynam gyssanmaç içdi-de ýigit bilen çykyp ugrady.
–– Oglum! Özümiz haçan göçeris? – diýip, Nurjemal daýza içersiniň goşlaryny ýygnaşdyryp ýörşüne bularyň yzyndan gygyrdy:
–– Howlukma, eje, ynha gelerin.
Oglunyň bir gitse, agşamdan bäri köwlenmejegini Nurjemal daýza bilýärdi.
Ýigitler uly ýoluň gyrasynda köne ulagy otlap bilmän duran başlygyň ýanynda aýak çekip, oňa degdiler:
–– Saňa-ha täzeje ulag ýeten eken-ow.
–– Sylap berenleri-dä şu! – diýip, başlygam güldi.
Başlyk Akmyradyň Aşgabat ýaly ýerden sylap toýa gelenine minnetdarlyk bildirdi-de, agşam olara salamlaşmaga baryp bilmänligi üçin ötünç sorady.
–– Toýda oturşarys – diýip, başlyk eýýäm kabina giren ýigide ýüzlendi.
Ulag otlananyndan, soň Akmyrat ondan böküp düşdi-de, ýoldaşy bilen öz ulagyna tarap ugrady.
Ir bilen goş ýüklenen ulaglar obany uly zenzele edip ýola düşdi. Goňşy obalardanam kömege gelen ulaglar bardy. Oba adamlarynyň keýpleri diýseň kökdi. Degişýärdiler, gülüşýärdiler. Biri-birine kömekleşýärdiler. Egsigräk giden ulaglar beýleki bir öýüňem goşundan atyp, öý eýeleri biri-birine ýomak atýardy: „Towuga ýükläýmeli goşuňa ulag nämäňe gerek. Daň-da arkaňa”. „Näteňet aýt, bu zatlaň, Karunyň maly ýaly dünýä syganok. Obaň dört tigirlisiniň baryny özüň eýelediň how! „Sen nämä gepleýäň. Özüňden habar ber. Seň asyl keýwanyňam bir ulaga ýük-ä” „Hudaýaty ýaly edip, şol aýalyňam kabina salýaň tigire ýapyşyp gidende bolmaýamy” diýşip aýal erkek biri-birinden kem oturanokdy.
Akmyrat obadaşlarynyň gürrüňlerine gülüp heziller edinýärdi. Ýigidiň özünem aýap goýanokdylar. „Heriňiz bir gapyda gezişip ýörmäň-de, birleşiň sizem” diýýärdiler. Şol aladalar hem ýürekdeş gürrüňler indi Akmyradyň gulagyna hoş ýakýardy.
Günortanlar tama arkasyny berip gunduz ýaly sakgalyny owaçlap oturan ýaşuly öýleriniň goşuny ulaga ýükleşip duran ýigidi uzak wagtlap göz eleginden geçirdi-de, birdenem ony ýanyna çagyrdy.
— Bärik gel-le, ogul! Bir zat sorajak welin, aýyplaşma, şu lukman gyz seň gelniňmidir?
Gojanyň garşysynda duran ýigit gyzardy-da näme diýjegini bilmän, aşak bakdy. Köpi gören duýgur garry, ýene oňa ýüzlendi: — Hany ýüzüme gönüläp seret, oglum! Şonuň ýaly, edenli ýary bolan akylly ýigit, ýeke gezer ýörermi? Maşgalaňy ýygnasaň bolmaýarmy. Tutuş obaň sylan maşgalasy, gel-gel, indi saňa ýaranokmy?
Ýaşuly ýene degerli sözleriň birki sanysyny suňşurdy. Onsoň ulaga münmek üçin synyny silkip ýerinden galdy. Akmyrat başyny götermän ulaga girdi, ulagy otlady.
Täze oba giň hem gözeldi. Güýz oturdylan agaçlar hatara salnan jaýlaryň öňüni hem yzyny tutup, hellewleşip otyrdylar. Derýa ýaly giň köçeleriň iki gapdalyndan düzülip gidýän baglaryň öňüni al-ýaşyl güller tutup töwerege atyr ysyny saçýardy. „Ýurduň garşy alsyn”, „Toýly, gelinli jaý bolsun” bu sözler uzynly gün täze obanyň ähli ýerinde gaýtalandy durdy.
Akmyrat Mährä gabat gelerin umydy bilen uzyn gün ony gözledi, emma sataşmady. Ertesi hassahana barmaklygy ýüregine düwüp, giçlik öýlerine gaýtdy. Gelse, bir ýigitdir iki gyzy ejesiniň ýanyna kömekçi iberipdirler. Goşlar taýýarlanyp ulaga ýükläbermeli edilipdir. Akmyrat öz öýleriniň goşlaryny-da ulaga ýükledi.
Nurjemal daýza dört otagly giň hem ýagty jaýlarynyň birinde özi ýerleşdi. Beýlekilerini ogluna goýdy. Sebäbi uly oglunyň özbaşdak jaýy bardy.
Öňem telim gezek görendigine garamazdan, Akmyrat jaýlaryň içine ýene bir laý aýlanyp çykdy. Giň hem ýagty otagyň edil gapysynda aýak çekdi. Hyýalynda Mähri törde gyýarak bakyp oturypdyr-da, garamyk ýaly gözlerini gyrpman, adaja ýylgyryp Akmyrada seredýär. Ine-de, ol dulda asylgy aýnaň garşysynda uzyn saçlaryny daraýar. Akmyrat ýuwaşlyk bilen barýar-da ony gujaklaýar.
— Akmyrat!
Ejesiniň sesine ýigit ukudan açylan ýaly tisgindi-de, yzyna öwrüldi. Ýadaw garry ogluna Nirde nämäni goýmalydygyny sala salyp durşuna yrsarady. Bu gezek ejesiniň igençleri ýigidiň göwnüni göterdi:
— Ne gözel maşgalany biaryz edip, idemän ýörmäge sen utanmasaňam biz utanýas. Halanyňy edäý, gitjek-de dilejek. „Gelnimi beriň!” diýjek. — Wah, indi oň ýaly maşgala biziň gapymyzdan garamaz-la! Men bir häki göwnümi aldap ýörendirin-le!
Hemişe gulagyny gazap ýörensoň, Nurjemal daýza bu gezek hem ogly özüni diňlemeýändir öýtdi. Emma Akmyrat ejesiniň gürrüňlerine ýylgyrdy-da, bälçiredi:
— Eje, maňa tapawudy ýok, isleseň gitde häzir getiräý! Gaýnym haçan gelerkä diýip garaşybam oturandyr şol.
Nurjemal daýza ýazjak bolup duran halyçasyny düýbe oklap goýberdi-de, dikelip ogluna çiňerildi:
— Oýun etmegin, ejeň çynydyr. Edil giderdejik getiräýerin.
— Getiräý diýdim-ä.
Nurjemal daýza oglunyň oýnuna, çynyna düşünmän, onuň ýüzünden many aljak bolýan ýaly hasam içgin seretdi:
— Çynyňmy, oglum?
Akmyrat magnitofony dörjeläp oturyşyna başyny galdyrman seslendi:
— Eje, birinjiden-ä ol seniň gelniň däl, ikinjidenem „haçan eýelik edäýerlerkä?” diýip olar saňa garaşyp oturandyrlar öýtme.
— Garaşýandyr-da, oturandyr. Şolara at tezegini guratman gatnaýanlaryň ençemesini özümem bilýän. Şol adamlar bizden ileri bolmasalar, pes adamlar däl. jan oglum! Eneňe-ataňa „hä” diýäý, şol maşgalany harlasak, döwlet tapmarys.
Hemişe gelni hakynda gürrüň gozgalanda ýüzi çytylýan oglunyň bu günki bolşuny Nurjemal daýza geňräk gördi. Oglunyň alkymyna dykylyp bardy.
— Jan oglum, eneňe-ataňa „hä” diýäý. Şol maşgalany harlasak döwlet tapmarys.
Ýigit başyny galdyrdy:
— Eje sen indi ogluňa däl-de, gelniňe ýalbarmaly bolaýmasaň?!
— Nurjemal daýza henizem gulagynyň eşidýän zatlaryna ynanman, oglunyň ýüzüne seredýärdi. Emma Akmyrat oýun edýäne-de, garşylyk görkezýäne-de meňzänokdy. Şol gün Nurjemal daýza gelnini duluna geçirene döndi. Ökjesi ýeňledi. Ol hut şol günüň ertesi gelniniň yzyndan gitmegi göwnüne düwdi.
Ejesi bilen aralarynda bolan gürrüňden soň, Akmyradyň has-da ynjalygy gaçdy. Ejesiniň gitjegi-de, dilejegi-de hakykatdy. Ol Mähriniň göwnüni bilenok, özüne garaýşyny anyklanok. Idejek bolsaň öň näme işlediň diýmezmi? Muňa ýigidiň ynsaby çatarmyka? Emma başga bir zat Akmyrady oýlandyrdy. Gülälekli meýdanda ýigide hyrydar garan jadyly gözler uzak ýyllar didaryna zar bolup, iň soňunda-da ezizine gowşan bagtly adamyň şatlygyndan habar bermedimi? Elbetde, ol gözler syrlydy hem galagopdy. Emma ol gözler söýgüden, mähirden püre-pürdi. Her bir paýhasly adam ony saýgarjakdy. Mundan ençeme ýyl öň gymyldaman, sarsman oturan şol ajaýyp göwräni-de, belki şol duýgy doňdurandyr, heýjana salandyr.
Şundan soň gyz, ýigde ýedi ýyllap garaşmandygyny özüne ynandyryp bilmeýşi ýaly, hiç kime, şol sanda Akmyrada-da ynandyryp biljek däldi.
Akmyrat ölçerip-döküp, Mähri bilen ýene bir gezek duşuşmaly diýen pikire geldi. Onuň bilen ymykly gürleşmegi ýüregine düwdi.
Bir gün Mähri işden gelende ejesi ony alňasak hem galagoply garşylady.
— Garaşdyrdyň-la gyzym – diýip, ol Mähri içerik girmänkä öňünden çykyp aýtdy.
— Saglykmy eje! – diýip Mähri geňirgendi. Hem ejesiniň ýüzüne aladaly seretdi.
— Saglyk-la.
Gyz ejesi galagoplansa-da, ýüzünden onuň özüne bir şatlykly habar aýtjak bolýandygyny duýdy. Ýöne onuň nähili habardygyny aňşyrmady.
Mähri düşege geçip oturansoň, Dürjemal demlän çäýnegini gyzyna uzadyp, özem gapdaljygynda oturdy-da:
— Gyzym, olar-a geldiler – diýdi.
Mähriniň ýüzündäki bilesigelijilik şol bada ýitirim boldy. Göwnüne bu söz ejesi tarapyndan ähmiýet berilmän aýdylyp goýberilen ýaly bolup duýuldy-da şeýle bir ýokuş degdi, ýüzi üýtgedi gitdi.
Gyzynyň göwnündäkini ýüzünden okap bilýän Dürjemal geň galmakdan ýaňa Mährä aňalyp galdy. Eýsem gyz telim ýyllap Akmyrada däl-de, kime garaşypdyr. „Garaşmadym” diýip, ol Dürjemaly ynandyryp biljekmi? Muňa gaty oňat düşünýän Mähri ep-esli salym başyny aşak salyp oturdy-da:
— Eje, sen olara näme diýdiň – diýdi.
— Senden bimaslahat men olara näme diýjekdim.
— Oňarypsyň eje! Indi geläýseler...
— Hawa näme diýeýin?
Dürjemal gyzynyň jogabyna alňasady.
Göz açyp-ýumar salymyň içinde Mähriniň aňynda onuň bütin geljekki ykbalyny çözýän göreş gitdi. Akyl bilen duýgynyň çaknyşygy gyzy bir elendirdi. Gyzynyň howsalaly hem gamgyn ýüzüne aladaly sereden Dürjemalyň ýüregi gyýyldy.
— Olara aýdaý, eje, hawa aýdaý, men olara razy däl, razy däl!
— Saňa näme bolýa, Mährim!
— Eje menden häzir hiç zat sorama, haýyş edýän! Diňe şony diý!
Dürjemal dogrudan hem boz-ýaz bolup oturan gyzyna näme diýjegini bilmedi.
Mähri süňňüni saklap bilmedi-de, içki jaýa girdi. Oturdy-da elini maňlaýyna ýetirdi. „Özüň gapysyndan ätlemäge namys edipsiň-dä! Bir wagt sulhuň almadyk maşgalaňy terk edip gideniňde, dogry edipdiň. Şonda seni ýazgarmandym. Häzir welin ýazgarjak. Dogry, Mähri harlandam, horlandam, ýöne şu güne welin garaşypdy. Akmyrat öýlenýänçä, ol henizem garaşar. Ýöne „Kör hasasyny bir aldyr, iki aldyrmaz”. Mähri Akmyrady henizem sylaýandyr. Onuň üçin Akmyradyň ornuny tutup biljek adam başga ýokduram. Şonda-da, Mähri öz sarpasyny saklaýandyr. Indi onuň başga adamyň sözi bilen seň gapyňdan ätlemejegi çynydyr. Senem muňa düşünmän duran dälsiň. Belki, Mährini ýene bir gezek synamakçy bolansyň. Oňarypsyň synasaň, jogabyň nagtdyr!”
Daşky işik açyldy. Ejesiniň aýak sesini eşidip Mähri özüni oňaýsyz duýdy. „Ejem jan, ýene örtenýäň-dä! Adam etdiň, emma sen meniň azarymdan henizem dynaňok...”
Dürjemal gapydan boýnuny uzatdy.
— Mährim, naharyňam sowady, gel, gyzym, bir çaý içeli!
Gyz ejesiniň aýak sesine diň salyp, az salymdan ýerinden galdy. Çaý başynda Dürjemal gyzyna göwnündäkini aýtdy.
— Mährim, öň ejeň saňa akylam beripdi, käýýäpdem. Indi saňa akyl bermäge çakym ýok, gyzym, sen oňa mätäç däl. Ýöne ýanýan ýerim, ejeň bilen derdiňi paýlaşaňok, balam. Paýlaşaýyn diýsem syr saklaýaň. Keseki däl ahyryn, men! Aýt maňa, araňyzda näme boldy? Sebäpsiz, ol adam ibermez. Geleniňem indi ondan bidin gapydan ätlemejegine ejeň akyly ýetýär. Horlandyňam, harlandyňam, balam, ýöne muň üçin ony ýazgarasym gelenok. Bir adamda göwnüň bolmasa, özüňem, onam horlap ýaşamakdan ýaşaýyş bolmaz. Wah, bu zatlary men saňa öwretmeli däl-le! Ýöne janym durman, aýdyp otyryn. Bilýän, gyzym, namys edýänsiň. Ýöne namys etseňem, sen şu günki güne garaşdyň ahyryn! Gör-dä, ogullarynyň göwni bölek bolmasa, şu gezek nesihatymy alsaň, oňat görýän.
— Eje, sen menden nägile bolma! Gizläp-gizlemez ýaly mende üýtgeşik syr ýok. Ylalaşyp adam iberendir öýtseň, ýalňyşýaň. Onsoň nähili düşünseň düşüniber.
Geňirgenip gyzyň ýüzüne sereden Dürjemal näme diýjegini bilmedi. Gyzyna syr bildirmese-de erbet gynandy.
Eneli gyz Nurjemal daýzanyň ogluna, adamsyna duýdurman begenjinden alňasap gaýdandygyny nireden bilsinler. Ýöne bu gezek ýigidiň ejesi oglunyň arkan gaýtmajagyna göz ýetirip begenip-begenip gaýdypdy. Habary alynmazam öýtmändi.
Ertesi irden işe baranda Mährä düýn Akmyradyň iki gezek özüni gözläp gelendigini aýtdylar. Mähri iş bilen şähere gidipdi. Gyzyň ýüki birneme ýeňledi.
Dmitriý Wasilýewiç işdeş ýoldaşlaryny günibirin tam toýuna çagyrdy. Garrynyň iki otaglyja jaýynyň ikisinde-de stolda uzynlygyna saçak ýazylyp myhmanlar onuň iki gapdalyna ýerleşipdir.
Lukman ýigitleriň biri ýerinden galyp, Mährä bada orun görkezdi. Emma Dmitriý Wasilýewiç Mähriniň egninden tutup, öz ýerinde oturtdy. Gyz gözlerine ynanmady. Gapdalyndaky oturgyçda Akmyrat bilen bir nätanyş ýigit otyrdy.
Öý eýesi mugallyma gyzy stoluň beýleki tarapyna alyp gitdi. „Gyzym, sen bujagaz ýerde otur” diýip, ony öýlenmedik bir lukman ýigidiň gapdalynda oturtdy-da özem güldi. Oturanlaram gülüşdiler
— Toý bahanasy bilen etjegiňizi edip ýörsüňiz-le Dmitriý Wasilýewiç – diýip, myhmanlaryň biri oňa degdi.
— Ýogsam näme. Juwanlar toýda tanyşsa, oňa ýetesi näme bar?
— Mähri, gyzym. – Dmitriý Wasilýewiç bir zatlar diýmek isledi-de, ýadyna düşmedimi nämemi saklandy. Onsaň: „hawa, sizem tanyşyberiň” diýdi.
Oturanlar gyzyl-gyran gülüşdiler. Mähri birneme gyzardy. Akmyrat bilen nätanyş ýigit bolsa, hezil edip güldüler.
— Gapdalyňdaky, gaty eýjejik-le. Ýa eýelimi? – diýip, Akmyradyň gapdalyndaky ýigit onuň gulagyna ýuwaşja pyşyrdady. Akmyrat ol sözleri Mähri eşidendir öýdüp, birbada dymyp oturdy-da, çepine öwrüldi:
— Häzir däl. soň aýdaryn.
— Şuny sypdyraýsaň, eşitmedim diýme, Aşgabada barmarsyň.
Akmyrat ýylgyrdy. Ýöne Akmyradyň gürleşinden onuň jyda galagopdygyny ýigit duýdy.
Dmitriý Wasilýewiç myhmanlary ýerleşdirenden soň, özem bir oturgyç getirip, Mähriniň gapdalyndan ýer alyp oturdy. Onuň bilen myhmanlaryny tanyşdyrdy. Akmyradyň çep gapdalyndaky saryýagyz ýigit öý eýesiniň uly ogly eken. Ol Akmyrat bilen bile okapdyr. Häzirem uçarman bolup, onuň bilen işleýän eken.
Öý eýesi naharyň goýluşyny haýal gördümi ýa ynjalmadymy, ýene turup gitdi.
Mähri durşy bilen mähre ugrulan mähek ýalyjak bu garryda birhili özüne ýakynlyk, ýürekdeşlik duýýardy. Garrynyň şujagaz kiçijik göwresine şeýle hoşamaýlygy tebigatyň beýle bol-elinlik bilen eçilişine geň galýardy. Muny bir adamda jemlemän, ýaramaz adamlaryň ençemesine azajykdan paýlanyňda-da, olar ortaça adamlar boljakdy. Onuň elinden ýüzlerçe adamlar dünýä täzeden gaýdyp gelmedimi? Ähli adam onuň ogly ýa gyzy. Jaýy dolduryp oturan myhmanlaryň hemmesi diňe bir onuň işdeş ýoldaşlaram däl ahyryn. Emma olar goja bir-birinden ýakyn. Iki-baka ylgaşlap ýören garra, hersi bir zat diýip degýär. Onuň jogaby bolsa nagtdy.
Ýigitler ony oturdyp özleri hyzmat etjek. Emma öý eýesi hyzmat etmegi keýwanysyna-da ynanman, özi ylgap ýör. Bahana-da tapýar.
— Keýwanyny ýerinden gozgamak kyn. Dogrusy onuň oturanyny kem göremok. Aşhanamyz darrak. Ol girse ikinji adama ýer ýok – diýip inedördül aýalynyň ekinine-de daş oklaýar.
Nahardan soň, stollar bir gapdala süýşürilip ýörite boş ýer goýuldy.
Akmyradyň goňşusy ýerinden galdy. Ol stoluň üstündäki akkardiony aldy-da ýene öňki ýerine dolanyp geldi. Akmyrady goýman orta çykardy-da içerini ýaňlandyryp çalyp başlady.
Akmyrat „Matroskany” şeýle bir ökdelik bilen ýerine ýetirdi weli, ony ikinji gezegem gaýtalatdylar.
Bu gezek Akmyrat mugallyma gyzy tansa çykardy. Gyzyň gamak ýaly göwresi ýigidiň daşynda edil guş ýaly pyrlandy. Mähri bilen Dmitriý Wasilýewiç tans edýärdi. Nobaty başga birine berip Akmyrat gyra çekildi. Uçarman ýigit oňa başyny atyp, ümläp bir zatlar diýdi. Akmyrat ýylgyrdy-da, jogap bermän başyny ýaýkady.
Tansçylar mazaly ýadanlaryndan soň, ýigit walslaryň birini çalyp başlady. Akmyrat Mähriniň garşysyna gelip durdy.
— Tans etmerismi, Mähriban!
Ençe ýylyň aýraçylygyndan soň, Akmyrat gyzyň adyny doly tutdy. Muny duýsa-da, Mähri syr bildirmedi. Ýöne onuň bedeninde ýeňiljek galpyldy peýda boldy. Utanjyndan gyzaryp örän agras ýerinden galdy.
Iki öwrüm edenlerinden soň, Akmyrat elini gyzyň bilinden aýyrdy-da, onuň arkasynda boýy bilen tas des-deň bolup duran ýogyn saçyna ýetirdi. Ony emaý bilen gyzyň öňünden goýberdi. Mähri geňirgenip ýigidiň ýüzüne seretdi.
Akmyrat ýylgyrdy-da, beýlekiler eşitmez ýaly, gyzyň gulagyna ýuwaşja pyşyrdady:
— Ol durmaly ýerini ýalňyşypdyr, Mähriban!
Ýigit mähir bilen gyzyň gözlerine seretdi, berdaşly gollarynyň içindäki näzijek eli ýuwaşja gysdy-da:
— Ejemi näme öýkeledip goýberipsiň, indi beýtseň, özüm bararyn – diýdi.
Mähri utanyp, ýüzüni ýigidiň döşünde gizledi.
Soñy.
Powestler