00:02 Ulugyz / powest | |
ULUGYZ
Powestler
— Eje... Düşelgä ýetip gelýän gyz sakga aýak çekdi. Onuň utanjyndan gulaklaryna çenli gyzardy. Gaýmaklap duran ýuwkajyk dodaklary tirpildedi. Gyzyň ýagdaýyndan bihabar çaga ylgawyny ýazdyrman, ony mäkäm gujaklady. Aýallaryň biri kömege ýetişdi. — Diliňe döneýin, eziz bala! Dürje eje-dä, şo! Dürjemal çagajygy gujagyna aldy. Sessiz-üýnsüz bagryna basdy. Ýüzüni çaganyň döşjagazynda gizledi. Şeýdip ulugyz eje boldy. Dürjemal jorasynyň agysyny aglasa-da, ölümine ynanmady uzak wagtlap göwnüne Nurnabat gyzjagazyny göterip, döleleriniň aňrysyndan ýyljyraklap görünäýjek ýaly bolup duýuldy. Nurnabadyň şol bir gatnaýan ýodajygyna seretdi ýördi. Jorasyndan oňa ýatlamalar bilen diňe janlyja ýadygärlik galdy. Bir gün giçlik Dürjemal işden gelşine, Nurnabadyň gapysyny ýapdy-da, öýlerine sowuldy. Nurnabadyň tamdyrynda çörek bişirip duran aýal bedresindäki suwy gahar bilen köçä serpip goýberdi-de, hüňür-hüňür etdi. Dürjemal kilwanyň aýalynyň özüne bir zat kakdyrýandygyny aňdy-da, ökje ogurlady. — Doýa garny doýmadygam, irbärisiräp çaga eklejek. Iräýipdiris halys. Ine-gana çörek bişirjek gümanyň ýok. Gedaý ýaly ellerini serşip ömür gapdalyňda. Eýgereňokmy, elt-de ber-dä, şähere! Kilwanyň aýaly öňem bir gezek awusyny pürkensoň, içi kitüwli gyz gahary geldi-de, bu gezek geçirimlilik edip bilmedi yzyna öwrüldi: — Diliňi ýyg! Gedaýam, ogram sizden öňe geçýän däldir. Gedaý diläp alýandyr, bermeseň, gider. Siziň nädip alýanyňyzy bilmän durandyr öýtmegin! Bolduň meň başyma zatly heleý. Ilden bir utan! Ogurlap almak, iliň daban azabyny iýmek, iň erbedi şoldur! — Nirede meni ogurlykda tutduň, haýasyz! Gyz halyna heleý çykan salaty. Duruber bakaly, ojagaz diliňi damagyňa gidermesem, kimiň ogry, kimiň dogrudygyny aýtdyrmasam meňem adam bolmadygym. Kemally bolsaň, är alardy. Beýdip çem gelen ýetimi boýnuňdan asyp entäp ýörmezdiň. Hol, ilerki köçede-de barmyş bir ýetim. Ýygna şonam! Çöregini ýanbaşyna alyp siltenjiräp ugran aýalyň tä öýlerine barýança sesi galmady. — Diliň gursun, ýalan sözlände agzam gyşaranok munuň – diýip, Dürjemal ýüregi dolup özbaşyna gürledi. Agtygynyň ýüzüni ak tam edip gelişini geňirgän garry atasy tirsegine daýandy-da Dürjemala çiňerildi. — Eýgilikmidir, guzym?! Garrynyň başujunda oýnap oturan gyzjagaz düwdenekläp, onuň aňyrsynda bukuldy. Gorkusyna eljagazlaryny ýüzüne tutup, barmaklarynyň arasyndan jyklady. Gahary gelip duran gyzy bu ýagdaý gowşatdy. Onda-da Mährini ýanyna çagyrdy. — Hany, gel ýanyma! — Urýaň-a! — Urmaýyn. Gyzjagaz gorkujygyna ýaýdanjyrap Dürjemalyň gapdalyna gelip durdy. Gyz onuň gulagyndan ýuwaşja çekdi. — Ol gün men saňa näme diýdim. Çykdymy eýýäm ýadyňdan. Tamdyryň başyna barma diýmedimmi? — Meni Hesel äkit-dä! — Allatma! Gyzjagaz özüne ynam edilmedigine namys etdimi, onuň dodajyklary müňküldedi. Gözüniň owasy ýaşdan doldy. Durjemalyň atasy başyny ýassykdan galdyryp, agtygyna gamly hem aladaly seretdi. Ol indi bir ýyl bäri düşege baglanypdy. — Çaga azar berme, oglum! Şu gün şonda günä ýok. — Ol şeýle diýdi-de, sermenekläp ýassygynyň aşagyndan bir barmak çörek tapyp, ony Dürjemala uzatdy. Gyz Mähriniň gulagyny goýberip, çöregi onuň eline tutdurdy. — Şuny kimden alan bolsaň, derrew eltip gel! Gyzjagaz içi-içine sygman sojap durşuna bir nana, bir-de Dürjemala seretdi. Gultundy. Onsoň aglamjyrap gapa ýöneldi. Şundan soň, Dürjemal goş haltasyny ýerde goýup, ýygyp gelen ajybalgazyny düýbemäge oturdy. Mähri yzy bilen öwrülip geldi. Onuň elinde çörek ýokdy. Aradan üç gün geçensoň bu hakda gürrüň berdi. Ol çöregi hiç kimiň eline bermän, pejiň üstünde goýupdyr-da, sesini çykarman yzyna dolanypdyr. Kilwanyň gyzy çöregi göterip Mähriniň yzyndan ylgapdyr. — Gelme! – diýip, Mähri aýak çekipdir-de, gygyrypdyr. — Alaý-da – diýip, gyz çöregi uzadyp, özelenip ýalbarypdyr. Muňa Mähriniň hasam gahary gelipdir-de onyň döşünden itip goýberipdir. — Sen gowy däl, gowy däl. Öň-ä beren bolýaň, yzyndanam Dürje ejeme aýdan bolup. Bar git, git öýüňize! — Men-ä Dürje ejeňi göremogam – diýip gyzjagaz müýnürgäpdir. Gyz yzyna dolanýança, Mähri duran ýerinden bytnamandyr. Mähri gelşine Dürjemalyň ýüzüne bakman, atasynyň aňyrsyna geçip, torsarylyp oturdy. — Gel ýanyma – diýip, Dürjemal başyny galdyrman ýuwaşja aýtdy. — Juk, sen maňa käýýediň. — Sen käýidýäň-dä meni, Mähri jan! — Dilemedim diýdim-ä. Ynanaňok-da sen. — Indi almagyn, Mähri jan. Gel, men seni ogşaýyn! Mähri bytnamadam. Öňem bir gezek Mähri tamdyryň başyna barypdy. Şol gezek hut emenip barypdy. Şonda Dürjemal ony silterläpdi. Yzyndanam gyzjagaza ýüregi awap aglapdy. Şondan soň, Mähri tamdyryň başynda görünmändi. Dürjemaldan çekindimi nämemi, kilwanyň aýaly öwrülip Nurnabadyň tamdyrynda çörek bişirmedi. Bir gün Dürjemaly başlyk çagyrdy. Gyz howsala düşdi. „Mähri üçin çagyrýandyrlar. Ony menden aljakdyrlar”. Hossarsyzlaryň çagalar öýüne alnyp gidilýändiginden gyzyň habary bardy. Çaky dogry çykdy. Başlygyň jaýynda del adamlaram bardy. Ol özüne berlen soraglaryň hemmesine şol bir jogaby berdi. Çytylyp hem gyzaryp, aşaky dodagyny dişläp, oturşyna „Mährin-ä bermerin” diýdi oturdy. Oturanlaryň Dürjemaldan beletdikleri üçin onuň jogaby myhmandan özgesini geňirgendirmedi. Etrapdan gelen wekil başyny galdyryp, on sekiz ýaşasa-da gyzyň entek çagalyk alamatlaryndan şeýle bir saplanmadyk erjel hem sadalaç ýüzüne içgin seretdi. Soň bir ýakymly ýylgyrdy. Yzyndanam: „Sen-ä gönümel ekeniň, jigim” diýdi. Başlygam, beýlekilerem närazy bolansoň, wekil ýerinden galdy-da, Dürjemalyň ýanyna geldi. Oňa hoşamaýlyk bilen şeýle diýdi: — Jigim, sen gaýdyber. Biz habar tutup durarys. Dürjemal ýerinden gozganmady-da, gözüni tegeläp nätanyşa seretdi. Wekil gyzyň howsalasyny şol bada aňdy-da, nagt jogap berdi: — Jigim, arkaýyn bolaý! Göwnemeseň aljak bolup durmarys. Kömegem bereris. Dürjemal ýöräp däl-de, uçup gaýtdy. Gyzyň Mährini „alyp giderler” diýen bükküldisi aýryldy. Hossarlar-a daşgynrakdygyndanmy, gyz ulalýança gara bermediler. Ertesi Dürjemal işden gelende, jorasy Heseliň ejesi käýinip öýe girdi. Ol bir käse bulamak getiripdir. — Üç bolup ýalbaryp iýdirip bilmedik, dikdüşdi munyň, Dürjemal! Iýesiniň gelýäninem bilip duryn. Mähri utanyp ýere bakdy, Heseliň ejesi çykyp gidýänçä, käsä elini uzatmady. Agyr iş, ýeter-ýetmez gün, ysmaz keseline ýolugan garry atasy bilen tutaklaşyp, Dürjemal agyr ýyllary, galyberse-de, gül ömrüniň ajaýyp pursatlaryny arka atdy. Dürjemalyň kakasyndanam habar-hatyr bolmady. Urşa gidişi-gidişi boldy. Ejesinden bolsa gyz ir galypdy. Dürjemala öýlenjek bolup azar berenem, gyzy tüýs ýürekden söýüp, agyr ýyllarda oňa duýgudaşlyk edenlerem boldy. Gyz bir adama baş galdyrmady. Şol agyr ýyllarda Dürjemal-a Mährä, gyzjagazam oňa ysnyşdy. Mähri gyzyň garry atasyna-da güýmenje boldy. Gyzjagazyň semene bukuşyny welin, Dürjemal soň-soňlaram ýatlady ýördi. Bir gezek Mährä goňşularynyň biri bir käsejik semene beripdir. Gyz ony göterip garry atasyna tarap ýönelipdirem. Birdenem kürtdürip durupdyr. Yzyna seredipdir. Garry gyzyň bolşuny geňirgäp „Mähri jan, otur, otur-da iýäý özüň” diýipdir. — Ata, seň iýesiň gelenok hä! – diýip, gyz birhili naýynjar sorapdyr. — Ýok, ýok iýäý-gyzym – diýip, garry ýene ýalbarypdyr. Mähri käsäni gap böwürde goýupdyr. Üstüne-de köneje ýaglygyny ýapypdyr. Onsoň uludan bir demini alyp, çykyp gidipdir. Soňam telim gezek käsäni barlapdyr. Ýa şol semenäni gorap şeýdipdi, ýa-da iýesi gelipdir. Hemişe Dürjemal işden gelende onuň garasyny gördügi öňünden ylgaýan çaga bu gezek öýe eňipdi. Semeneli käsäni ýaglygy bilen goltugyna gysypdy. Gapydan howlukmaç çykjak bolup, sekä büdräp ýykylypdy. Käse iki bölünip, semenesi guma garylan çaga gynanjyndan şol gije zat iýmändi. Hernäçe özelense-de, Dürjemal ony köşeşdirip bilmändi... ...Urşam gutardy. Ýeňiş habary Dürjemallaryňam obasyna – Tejen derýasynyň demirgazygynda gumy etekläp oturan „Bereket” obasyna-da baryp ýetdi. Ol çöken göwünleri galkyndyrdy. Obadan urşa giden ýigitleriň ýek-ýarymy gelşip başlady. Her kim tapanjasyndan gazanyň gulagyny gyzdyrdy. Dürjemal bir gün işden geldi-de, ilki Mährileriň gapysyny, soňam öz gapylaryny syryp süpürdi. Daşarda gazan atardy-da, edil toýa taýýarlyk görýän ýaly, düýnkije soýduran çebişiniň gylla ýaryny gazana atdy. Şu gytçylykda näme üçin şeýdendigine gyzyň özem düşünmedi. Mähri öz gapylaryndady. Gyzjagaz gurjak oýnap „gelin edinjek” bolup başagaýdy. Onuň atbaşçylary ugruksa-da, gelnalyjysy ýola düşüberenokdy. Bary-ýogy dört „aýaldan” ybarat gelnalyjylaryň birine bürenjek ýetenokdy. — Mähri jan! – ýuwaşja aýdylan mylaýym hem nätanyş sese gyz başyny galdyrdy. Üstüne abanyp duran nätanyş esgere gözjagazlaryny gyrpman seretdi. — Meni tanamadyňmy? Kakaň-da, men Mähri jan! Ýigit çommaldy-da gujagyny gerdi. Ýerinden galan Mähri ýadyrgap götinjekledi. Ýöne gidibermedi-de, ýigidi tanajak bolýan ýaly, gözüni aýyrman oňa seretdi. Birdenem ökjäni göterdi. — Dürje eje, Dürje eje, kakam gelipdir! Odun döwüp duran Dürjemal tisginip gitdi. Mährijik onuň gujagyna doldy. Dürjemal dikeldi. Gapylaryna ýetip gelýän ýigide gözi düşende, süňňüni saklap bilmedi. — Gurgunmyň, Dürjemal! Sag-aman işleşip ýörsüňizmi? Obalaram saglykmy? – diýip, ýigit gyzjagazyny gujagyna gysyp, boz-ýaz bolup saňňyllap duran gyzdan soraşdyrdy. Onsoň jogaba-da garaşman, „Biziňkiler görnenok-la? Işden gelişmedilermikä?” diýdi. Gyzyň ýüzünden bir zat aňjak bolýan ýaly, oňa galagoply seretdi. „Biziňkileriň” kimdigine düşünen Dürjemal ýuwdundy-da, gürrüňi başga tarapa sowmak bilen boldy. — Bar-da kakaň gujagyna, Mähri jan, salamlaş-da! Gyz Mähriniň kellejigini sypap ony ýuwaşja itdi. Çaga kakasyna seredip goýberdi-de, ýene gyza gysyldy. — Ilki sen bar-da, Dürje eje! Dürjemal gulaklaryna çenli gyzardy. Ýigit hiç zada düşünmedi. Hamana diýersiň iki göwrä daňlan ýaly, öýe gidibermegem, iň bärkisi Dürjemalyň özi ýatladýança, onuň atasy bilen görüşmegem unudyp, gelen ýerinde doňdy durdy. Dürjemalyň boýurganyp durşundan, gyzjagazynyň oňa gysylyşyndan bir zat syzan Arslanyň haňlap ýatan jaýlaryna aýagy ädilmejek boldy. Ol mähriban obalaryna aýak basanda, öňi bilen özüni ýyljyraklap Nurnabat garşylar öýdüpdi. Onuň göwnüne Nurnabat henizem özüni fronta ugradan ýerinde, edil gapylarynyň agzynda agras hem şeýle mähir bilen gözlerini balkydadyp seredip duran ýaly bolup duýuldy. Söwer ýaryny arzuwlap, şu pursatlara ýeten ýigit gapylarynda, bolmanda Nurnabadyň aýak yzlaryny görmekçi bolýan ýaly, onuň duran ýerine öwran-öwran seretdi. Her halda mert ýigit ajy hasratyny daşyna tegelenen obadaşlaryna duýdurmazlyga çalyşdy. Obadaşlarynyň baryny, ýoguny, dost-ýarlaryny ýekän-ýekän soraşdyryp çykdy. Mähri bilen öwrenişmek welin Arslana ýeňil düşmedi. Arslan fronta gidende Mähri has kiçijikdi, tokarjady. Ol az-kem ösüpdir hem inçelipdir. Ol indi ejesine has çalym edýärdi. Mähriniň ýaý ýaly gaşlary, gyýlyp duran garamyk ýaly gözleri Nurnabadyň gyzydygyny aýdyp durdy. Ýöne onuň akja ýüzüne görk berýän ýaňajygyndaky garaja haly Nurnabatda ýokdy. Mähri ilki-ilkiler Dürjemalsyz öýlerine-de gelmedi. Häli-şindi baryp durmaga bolsa gyz çekindi. — Bolubersin, azara galma. Halan ýerinde ýatsyn! – diýip, Mährini öýlerine öwrenişdirjek bolup, dert-azara galýan Dürjemala her gün aýtsa-da, gyzy gitse, Arslan öýlerine sygmady. Ýekesiredi, muny welin Dürjemala duýdurmaýandyryn öýtdi. Emma gyzyň synçy gözleri ýigidiň kalbyndaky hasraty okap ýördi. Hatda Arslanyň gyzjagazyny özüne öwrenişdirjek bolup, kä halatlarda onuň özi bilen desdeňje gurjak oýnaýanlygyna çenli beletdi. „Ulugyza” pürenjek atany üçin Mähriniň kakasyndan öýkelänligindenem habarlydy. „Oglanly öýde ogurlyk ýatarmy?” Şol gün Mähri gurjaklarynyň ähli goşlaryny goltujagyna gysyp, onuň öz aýdyşy ýaly „Arslanlardan” göçmegi ýüregine-de düwdi. Ýigit gyzjagazy saklady-da: „Mähri jan, dur entek, gurjaklaryňy goý, gel, ikimiz ýaraşaly” diýip, ýalbardy. — Juk, - diýip, gyz ýüzjagazyny kese sowup, başyny ýaýkap gidibermek isledi. Arslan gyzynyň öňüne geçip, ýene ýalbardy. Islese bileje gurjak oýnajakdygyny aýtdy. — Şumatmy? – diýip, Mähri çiňerildi. Kakasy başyny atdy. Gyz welin jykyr-jykyr güldi. Şol wagtam bir okara unaş göterip, Dürjemal gapydan girdi. Geçisi ýaýran Mähri hemmesini oňa gürrüň bermäge howlukdy. — Dürje eje, — Dürjemalyň gelse-de, oturmaýandygyna belet gyzjagaz, onuň gidibermeginden ätiýaç edip öňüne geçdi – Dürje eje, dur entek, kakam bar-a hakyt şumat gurjak oýnaly diýýä-dä! Samsyjak-da hä, Dürje eje! Gije näme gurjak oýnalýamy diýsene!? — Gyzym, sen-ä kakaňy masgara etjek – diýip, syrlary paş bolan Arslan elini süpürip durşuna müýnürgedi. Ýigide ýüregi awasa-da, gyzyň näme üçindir oňa degesi geldi. Ol Mähriniň elini ýuwup, naharyň başynda oturtdy-da, şeýle diýdi: — Aşyňy iýip bol-da, baraý, Mähri jan! Kakaňam oýun oýnasy gelse, gülki bolup ýörmez ýaly, aşyk torbamyzy öňüne dökäýeris. Ýagdaýlar entek öwerlik bolmasa-da, gijesini gündiz edip işlän aýal-gyzlaryň, uruş gutarandan soň birneme arkalaryna ýel çalyp ugrady. Erkek adamlaryň käbiri ýene öňki işlerine gaýdyp geldi. Agyr işler ençeme ýerde gelin-gyzlaryň ellerinden alyndy. Obada işçi güýjüniň ýetmezçilik edýändigi entegem duýulýardy. Dürjemalyň meýdan işine gara daňdandan gidip ýassynlar dolanyp gelýän wagtlary az bolanokdy. Arslanam öýe gyzdan öň köwlenenokdy. Ol traktor sürýärdi. Ýigide geläýen uçurragynda öňki buhgalterlik işini berjek bolupdyrlar. Ol özüne başga işiň berilmegini sorapdy. — Aýallar işleýän bolsalar, işläbersinler. Traktorçy ýetenok. Bolmanda, oglanlar okaşyp gelýänçäler, maňa şony beräýsinler. Ony öňem sürüp görüpdim – diýipdi. — Şol ýatyşyna Dürjemalyň atasy ýazyň başynda ýurduny täzeledi. Bu kümeçilige göçülmeziniň öň ýanyndady. Şonuň üçin hem Dürjemal Mähri bilen bugdaý oragyna beýlekilerden giç gidipdi. Kümeçilikde Dürjemal Mähri bilen, Arslanyňam ýeke özi ýaşaýardy. Mähriniň kakasyna özlerinden has kyn düşýändigini Dürjemal syzýardy. Şonda-da Mährini eltip gaýdaýmasa, ýa onuň özi kakasyny küýsäp baraýmasa, ýigidiň özi gyzyny idäp gelenokdy. Ýigidiň bu bolşuna Dürjemal öz ýanyndan öýkeleýärdi, kä wagt bolsa özüne hormat goýlup şeýdilýändigine düşünýärdi. Düşündigiçe-de, Arslany sylaýardy. Bir gezek Arslan işden gelip ýaňy öňüne çaý alanda, oba ýaşulularynyň birki sanysy gapydan girdi. Ýigit bu ýaşulylar bilen hut öz deň-duş ýigitleri ýaly öwrenişip gidipdi, ysnyşypdy. Onsoň onuň dünýäsi giňedi. Belki, bu günem olar ýigidiň göwnüni açmaga gelendirler. Gören eşidenlerini gürrüň bererler. Biri geçmişe gider, biri geljekden söz açar. Süýjüdip gürrüň bermäge-de baý ökdedirler-ä! Wagtal-wagtal bolsa Arslan bilen obadaşlaryna dahylly gürrüňleriň ençemesini ederler, maslahatlaşarlar. Ýöne şu gün ýaşulularyň oturyşlaryndanam, gep uruşlaryndanam, olaryň möhüm bir iş bilen gelendiklerini Arslan aňdy. — Makul bilseň, ogul, biz-ä goňşyňyza gudaçylyga baraýsak diýýäris – diýip, olaryň biri ýigidiň garaşmaýan soragyny orta atdy oturyberdi. Beýle mesele bilen özüne ýüz tutulaýar öýtmedik ýigit laňňa galdy. Tirseginiň aşagyndaky ýassygy beýläk oklap goýberdi soň dymyp esli oturdy. — Sylanyňyz üçin sag boluň, ýöne... ýigit ýene sägindi – beýtmek, ýagşylyga ýamanlyk bolar?! — Seň näme diýjek bolýanyň-a bizem düşünýäris ogul. Ölçerip-dökülip onsoň maslahat salynýandyr bu zatlar. Özümiz-ä şony ýamanlykdyr öýdüp düşünjek däl-dä! Onsoňam şol maşgalaň senden aýry göwni bardyr öýdemizok. — Diýseňizem, gaty gelşiksiz – diýip, Arslan özüne uslyp bilmese-de, ýaşulynyň sözüni böldi. Ýene nämelerdir diýmek isledi. Emma onuň sözüni agzyndan aldylar. — Sen razymy ýok, şony aýt, oglum. Maşgalany razy etmek biz bilen. Biz senden şony soraýas. Arslan sesini çykarmady. Gijäniň bir wagtyna çenli otursalaram ýaşulular ýigitden şol bir ýaýdanmaç jogaby alyp dagadylar. — Päheý-de welin, sendenem köp bilýändir bular. Özümize şoň ýaly maşgala üçirip ýüz tutsalar, arkan gaýyşyp oturjak däl-dä! Düşünse, ol maşgala çem gelene dözer ýaly maşgalamy bir. Şuňa bir zat bolarmyka? – diýip şol daşyny gallaşyp ýörüs. Aslynda ol maşgalanyň şunda göwni bolmasa, şeýder perzendini bagryna basar ýörermi? Düşünäýmel-ä bu zatlara bir. Onsoňam „Il oňlasa, atyňy soý” diýipdirler. Biri-birine mynasyp bolmasa, bizem ýalbarjak durjakmy? Bir kemi baý ýigit däl – diýip, ýaşululardan gatyrgananlaram tapyldy. Arslanam şol gije ýatmady. Onuň göwnüne bu habar Dürjemalyň gulagyna ýetirilene döndi. „Sen bir çaga Dürjemal. Meň ýanymda sadaja çaga. Ýigrimi bäşe ýetemok, emma ýüz ýaşan adamdyryn men. Üç-dört ýylyň içinde görmedik elhençliklerim, geçmedik ýolum, basmadyk ýerim galan däldir. Her ädimim kalbyma ençeme ýyllaryň möhürini basandyr. Ýüregem galan däldir mende. Ýöne ol elhençlikleri ynsan görmesin! Her kim öz iline-gününe guwansyn! Onsoňam iki adamdyryn men, Dürjemal. Ikidirin. Nurnabat jahanda ýogam bolsa, ol meň üçin diridir. Durmuşdyr. Soňky gün Arslan ýürek ýylysy bilen çoýup bilmese, gam çekersiň”. Arslan daňa golaý uka gitdi. Ýigit bilen ýaşulularyň arasynda bolan gürrüň bolşy ýaly, günübirin Dürjemalyň gulagyna ýetdi. Arslan onuň öňünde bir gez beýgeldi duruberdi. „Sylanyň üçin sag bol, Arslan! Menem sylaýan-da. Ýaşululary öýkeletmegin! Düşünseň, olaram çem gelene maslahat salybam, aladasyny edibem duran däldirler. Sylansoň sylaýandyrlar” diýip, gyz öz-özüne gürrüň berdi. Bir gün Dürjemal hemişekilerinden ir oýandy. Ol çaý oturdyp ot ýakdy-da, odun almak üçin on ädim beýle ýanyndaky salmajyga tarap ýöneldi. Ýetmänem aýak çekdi. Dürjemalyň şundan iki ýyl öň oturdan bägülleriniň birinde edil penje ýaly bir gyrmyzy gül ertiriň salkynjak şemaljygyna başjagazyny yrap, özüni gijeňläp otyrdy. Gyz güle hyrydar seredip durdy. Onsoň baldagyna elini ýetirdi. Ony ynjytman ýoldy-da, döşüne gysdy. Ysgady. Şol wagtam içerden gözlerini açalak-ýumalak edip, Mähri çykdy. Ol Dürjemaly gözlän bolmaga çemeli, ýüzüne düşüp duran galpagyny erjellik bilen bir gapdala serpdi. Şonda-da onuň ukudan açylmadyk gözleri zat saýgarmady. Ol maňlaýynda duran Dürjemaly görmän „Dürje eje!..” diýip gygyrdy. Gyzjagaz şeýle bir gülkünçdi, hem eýjejikdi. Onuň gysgajyk gyrmyzy köýnegi–Dürjemal ony öz köne köýneginden gurnaşdyryp tikipdi – dyzyna zordan ýetýärdi. Döşjagazlaram, aýajyklaram açykdy. Saçjagazlary bulaşykdy. Dürjemal ony gujagyna gysdy-da, iki ýaňagyndanam ogşady. Onsoň saçjagazlaryna timar berip, häki güli eline tutdurdy. — Gulak as, Mähri jan, eglenme-de, şu güli kakaňa eltip ber. Düşündiň gerek! Başga hiç kime beräýmegin. — Ol maňa käýýärä? – diýip, gyzjagaz gözjagazlaryny bir enaýyja süzdi. — Dürje ejem iberdi diýseň, käýýemez. Ir bilen şu gülüň kakasyna nämä gerek bolandygyna düşünmedik gyz eginjigini ýygyrdy. Dek düýn iki sany güli ýolany üçin kakasy oňa käýýäpdi. Elbetde, Mähriň edişi ýaly, olary gunçasy beýlekisi bilen ýoluşdyrmaly däldir-dä, iň owadanyny ýolmalydyr-da! Heniz ýorgandanam çykmadyk ýigit geňirgendi. Mähri kakasynyň başujunda bir geňsi bolup ýylgyryp durşuna güli oňa uzatdy. Gyz şu wagt şeýle bir ejesine meňzeşdi welin, Arslanyň ýüregi jigläp gitdi. Nurnabat ýylgyranda onuň ýukajyk dodaklary ýaňyja çyzylan gunça çalym edýärdi. Arslan gyzyny gujagyna gysyp, onsoň güli ysgap gördi: — Mähri jan, gülüň üçin sag bol! Ýöne sen näme üçin beýle ir turupsyň-la! — Sen ýatag-a, kaka. Biz häli turduk. Dürje ejem-ä çaýam gaýnatdy eýýäm – diýip, gyzjagaz gapa baryp, köwşüni geýip başlady. — Öýkelejek. Gezmäge gelip, kakaň bilen çaý içmän gitjekmi – diýip, Arslan güli çüýşejige suw guýup içinde oturtdy-da, çyra goýulýan tagtajygyň üstünde goýdy. — Kakamam gelsek, öýkelän bolýar. Işe gijä galýas-a biz?! Gyzynyň gürrüňine Arslanyň gülküsi tutdy-da, ýene oňa degdi. Bu gezek gyz jogap bermedi-de gözüni gyrpman güle seretdi. Onsoň şeýle diýdi: — Kaka, öýkeleme, bolýamy? Men agşam gelerin-ä. — Ol köwüşjigini süýräp çykyp gitdi. Şol agşam Dürjemal suwly bedrä ýapylan gapagyň üstünde Mähriden iberen gülüni görüp haýran galdy. Gül çüýşejigiň içinde edil öňküsi ýaly, açylyp bir penje bolup oturdy. Işden geleli bäri bir ýerde karary ýetmän, ýüregi bükgüldäp duran gyzy birden gam basdy. Dürjemal howpurgap gapdalynda ýaňyja uka giden Mährini dözmese-de yralap oýardy. Gyssady, ýalbardy. Güli kakasy iberipmi ýa özi getiripmi öwran-öwran sorady. Mähri bir bada hiç zada düşünmedi. Soň bolsa gyz näme diýse başyny atdy oturdy. — Kakaň iberdimi, almadymy „Dürje ejeňe ber” diýdimi? Mähri başyny atdy-da, kellejigini ýassyga goýdy. Bu ýagdaý Dürjemaly ynjatdy. Gyz Mähriniň saçjagazlaryny sypady-da, başyny ýassyga goýup, namys edip aglady. Gül iberip ullakan bir telek iş edendirin öýütdi. Her gün del zat taýynlanda nahary öňüne almanka Arslana iberýän Dürjemal bu gezek alňasamady. Bu ýagdaý gyzjagazyňam göwnüne degdi. Onuň eli çanaga uzabermedi. — Mähri! — Hym. — Näme iýeňok? Gyzjagaz göwünli-göwünsiz tabaga elini uzatdy. Bokurdagyndan zat geçmedik Dürjemal ýerinden galdy. Başga tabaga nahar guýdy. Gyzjagazyň ýüzi açyldy. Böküp ýerinden galdy. Ejesiniňem hyýallanýandygyny duýup, hasam begendi. Emma ol çabydyny ýüküň üstüne zyňansoň, ýüzjagazyny sallady-da özi gitdi. Mähri kakasyna nahar getirse-de, yzyna gaýtmaga howlukmady. — Degme, kaka, iýibersin ýekeje özi. Öňä gitjek diýýä. Soňam gaýytmadyk bolýa. Çanagy saçagyň bir gapdalynda goýup, Arslan gyzyna çiňerildi. — Dürje ejem öýkelek bolupdyr – diýip, Mähri dik duran ýerinden kakasyna içini dökdi. — Menem öýkelejek näme! Güljagazy zyňanjasam bardyr. Gül gowuja-da, kaka. Öň-ä ýolan bolýa, soňam zyňyp goýberýä! Gyzynyň gürrüňlerine geň galan Arslan, ony eginjiginden basyp aşak oturtmakçy boldy. — Juk – diýip, Mähri başyny ýaýkady. — Mendenem öýkelediňmi? — Juk. Arslan gyzynyň garşysynda çök düşüp oturdy-da, onuň başyny sypap, hoş sözler bilen köşeşdirmek isledi. Dürje ejeden öýkeläp bolmaýandygyny, gülüň bolsa guransoň zyňylýandygyny düşündirdi. — Gurama-da ol, gowuja-da – diýip, Mähri ýeň bermedi. Dodajygyny kemşerdip, aglarly göründi. Gyzyny ýalbaryp köşeşdirip bilmejegini duýan, hemem „eneli gyzy” ýaraşdyrmagy göwnüne düwen ýigit geýnip durşuna Mähriniň öz üstünden düşdi. — Sizden menem öýkelejek. Güli öň-ä beren bolýarlar, soňam ogurlap alyp gidýärler. Çüýşejigimem çilipsiňiz. Gyzjagaz müýnüni bildi-de dodagyny müňküldedip, ýarym ýylgyryp kakasyna äňetdi. Dogrudanam, şeýle owadanja güliň Arslanlarda durmagyny gysganyp Mähri agşamara, kakasy heniz işden gelmänkä alyp gidipdi. Ýigit Mähriniň elinden tutup ýola düşdi. — Sen menden öýkeläňok gerek, kaka?! – diýip, gyzjagaz gapylaryna ýetip barýarka, aladaly sorady. — Men-ä senden öýkelämogam. — Ýaňy onda diýdiň-ä! — Wiý ýogsa-da! Ýigit güldi. Ol eýýäm unudypdy. „Gül ogrusy” bolsa kakasy henizem öýkelidir öýdüp, uly alada galan eken. — Gül ýolmagyn, Mähri jan! Şonda kakaňam, Dürje ejeňem öýkelemez. Gyz aýak çekdi-de, kakasyna çiňerildi: — Kakamy? Şony näme men ýoldum–maý! Dürje ejem ýol-da! Onsoň kakaňa eltip ber – diýdi-dä! Arslan üçin ýyldyrym çakyp, bütin dünýä ýagtylyp gidene döndi... „Ajap bägül, artykmaç sen, Dürjemal” diýip ol ýuwaşja pyşyrdady. Dürjemal bolsa häzir iki sany wepaly ýüregiň gapylaryny alyp duranlygyndan-da bihabar tukat otyrdy. Arslan tarpa-taýyn aradan çykdy. Lukmanlar onuň ölümine bedeninde galan ok sebäp bolupdyr diýdiler. Ajy hakykat akyljygy ýetip başlan Mährini bir entetdi. Kakasynyň jesedi içerden çykarylanda, gyz elde-aýakda saklatmady, okdurylyp gelip kakasynyň üstüne özüni zyňdy. Töwerekde duran ýaşuly, ýaş kiçi ýürejigi ýanyp duran gyzyň elenişine seredip bilmän ýüzlerini öwürdiler. Gyzy zordan diýen ýaly tutaklap içerik saldylar. Mähri her näçe özelense-de, onuň kakasyny göterip iň soňky ýoluna alyp gitdiler. Şeýdip iki sany ynsanyň arasynda şeýle eý görülýän Mähri ata mährinden jyda düşdi. Dürjemala Arslan bilen bir maşgala bolup ýaşamak miýesser etmedi. Emma gyz ýigit bilen ysnyşan eken. Şeýle ýumşak, mähriban adamdan jyda düşen Dürjemal dünýä sygmady. Ýigidiň gezen meýdanlary-da, girip çykan, ýaşan öýi-de, gyza häli-şindi onuň didaryny ýatlatdy durdy. Ýigidiň keşbi gyzyň gözüniň öňünden hiç gitmedi. Arslan barka ol hossarly ýaly eken. Belki-de ol, gyzyň daşyny gallap gezendir. Hemişe öýde tapdyrmaýan Mähriniňem oýun bilen kän seri bolmady. Dürjemalyň gapdalynda ýüzjagazyny sallap, boýunjygyny burdy oturdy. Bir gün bolsa ol çaý içip, uludan-uludan dem alyp oturan gyza sorag berdi: — Dürje eje, kakamy indi ýekeje gezegem görüp bolmazmy? Indi olam atam ýaly gelmezmi? Dürjemalyň bokurdagy doldy. Ol Mährä näme jogap berjegini bilmedi. „Geler” diýip, aýtsynmy, ýa „gelmez” diýip, Mährijigiň umydyna palta ursunmy? Ol gyzyň gulpajyklaryny sypady-da: — Mähri jan, eşideňokmy näme! Halha Hesel dagy seni çagyrýar, bar, bir salym oýnap gel – diýdi. Gyz göwünsiz ýerinden galdy. Aý, gün geçip durdy. Aýralyk diýmeseň, Dürjemaldyr Mähriniň özboluşly asuda durmuşlary bardy. Näletli urşa ençeme gurban beren iki ýetim, biri-birine söýget bolupdy. Mähriniň kakasynyň dolanyp gelmejegi hakdy. Ýöne Dürjemal öz kakasyndan umyt edýärdi. Ony düýşünde görýärdi. Görüşýärdi. Görüşmegem oňuna ýorup, kakasyna garaşýardy. Uruş gutaryp esli ýyl geçenem bolsa durmuş haýallyk bilen gowulanýardy. Dürjemaldyr Mähri ýag iýip, ýüpek geýmeseler-de, soňabaka hor-homsam bolmandylar. Dürjemal otursa oturyp, tursa turýan Mähri okuwdan soň, meýdan işine gidip, ejesine kömekleşýärdi. Dürjemal obalaryndan bir ýigide durmuşa çykdy. Ýöne nätanyş adamy Mähri göwünjeň kabul etmedi. Ýagdy uly tutum etmese-de, dost-ýarlaryny, deň-duşlaryny çagyryp, kiçeňräk toý tutdy. Toý sowulýança, Dürjemalda sabyr takat galmady. Uzynly gün özüni edil iňňäň üstünde oturan ýaly duýdy. Gyzjagazlaryň telimisini Mähriniň yzyndan iberdi. Emma Mähri olaryň biri bilenem gelmedi. Dürjemal gyzyň bolşuny akylyna sygdyryp bilmän kösendi. Sebäbi ol toý güni ir bilen Dürjemalyň ýatsa-tursa oýuna gelmedik zadyny etdi. Dürjemalyň gös-göni ýüzüne bakyp onuň yzyna düşüp gitmejekdigini aýtdy. Yzyndanam siltenjiräp çykyp gitdi. Duýdansyz ugra ýüregi jigläp giden gyz Mährä ýeke agyzam söz aýtmady. Töwereginde adam bolandan soň ony gaýtarjagam bolmady. Ýöne gyzyň damagy dolup, gözýaşy saklatmady. Märeke daganyna mähetdel, Dürjemal Ýagdynam alyp, Mähriniň yzyndan gaýtdy. Ýagdyny daşarda goýdy-da, özi gapydan içerik boýnuny uzatdy. Gap böwürde eplenipjik ýatan Mährä gözi düşüp, ýüregi jigledi. Mähri düşeginem ýazmandyr, ýassygynam almandyr. Ejesiniň köne donuny ýassanypdyr-da, kakasynyň köne şinelini ýapynyp uka gidipdir. Dürjemal gyzyň başujynda oturdy. Onuň saňňyldaýan eli emaý bilen Mähriniň başyny sypady, yzyndanam şineli gysymlady. — Meni bagyşlaweri, Arslan! Ol gözýaşa boguldy-da, esli salym gymyldaman oturdy. Gapyda Ýagdy göründi. Dürjemal oňa üm bilen „git” diýen yşaraty etdi. Dürjemalyň oturşyna, Ýagdy dözmese-de, häzir ol boýun egmelidigine düşündi. Mähri basyrganyp, gözüni açman, kimdir birini gözledi. Eli Dürjemalyň goşaryna ýetenden soň, oňa gysmyljyrady. Sojap bütin göwresi bilen dem aldy-da, soň ynjaldy. Dürjemal emaý bilen gyzyň başyny galdyrdy. — Mähri, Mähri jan, tur köşek, gideli! Dürjemalyň sesine Mähri ýalpa gözüni açdy. Ol bir bada hiç zada düşünmän, gözlerini tegeläp, bir Dürjemala bir-de daş-töweregine seretdi. Soň dikelip oturdy. Ýene bir gezek gyza göz aýlady-da, soň başyny ýerden galdyrmady. — Mähri jan! Gyz Dürjemaly gepletmedi: — Ýalbarma, maňa, gitjek däl diýdim-ä! Boz-ýaz bolan Dürjemal: — O näme üçin gitjek däl. Ol näme diýdigiň Mähri? – diýip, gyzy gyssady. Mähri jogap bermedi. Dürjemal onuň bilen edil uly adam ýaly gepleşdi. — Bu seniň diýjek sözleriň däl. Beýdip, Dürje ejeň göwnüne degmegin! Aýyp bolar. Seni ýalňyz goýup, men ol taýda ýaşap bilmen-ä. Seniň göwnüň synan ýerde, Dürje ejeň orun almaz. Mähri ýerinden galdy-da, sessiz-üýnsüz gapa ýöneldi. Göwni galan Dürjemal gyzynyň yzyndan çykdy. Mähri kilwanlara tarap tutdyryp barýardy. Dürjemal onuň yzyndan seredip durşuna pyşyrdady: — Mährim, saňa ne döw çaldy? Sen menden aýrylyp nirä gitjek... Dürjemal Mährisiz yzyna dolanmaga namys etdi. Şol gije Dürjemalyň ukusy tutmady. Oňa başga bir pikir-de ynjalyk bermedi. Ol şundan birki gün öň Mährini gözläp kilwanlara baranda, olarda Arslanyň daşgynrak garyndaşlarynyň birini görüpdi. Syr bildirmese-de, Dürjemal onuň şolarda oturanyny halamandy. Onsoň goňşularyndan çaltyrak çykmak bilen bolupdy. Oýlanyp otursa, şol günler Mähri okuwdan çykyp öýlerine wagty bilen köwlenmändi. Dürjemalyň buýran ýumuşlaryna-da göwünjeň ýapyşmandy. Şonda ol Mährä käýýäpdem: — Öňem aýtdym, ýene aýdýaryn, ertirem kilwanlara sowlaýsaň, men saňa gaty käýýärin, Mähri. Her zadyň çaky ýagşy. Men-ä işime ýetişip bilemok. Senem seňkildäp oýnajak ýörjekmi? Dürjemal oýlandygyça gyzy goňşularyndan gabandy. — Ol çagany nädip yryp borka! – diýip, Dürjemal uzynly günläp içini gepledip oturan soň, agşamlyk adamsyna ýüzlendi. Dürjemalyň gyzyl çog bolup içerini bezäp oturanyna begenip iki bolup bilmän ýören Ýagdynyňam gelni özi bilen bolmansoň, ynjalygy gaçypdy. — Näme maslahat bereýin. „Gurt çagasyndan ekdi bolmaz” diýip, bize görä has parasatly adamlar aýdypdyrlar. — Mähri meň üçin gurt çagasy däldir. Akylly-başly maslahat berersiň öýütdim. Ýagdaý şu boljak bolsa, heran-haçan duzlamaga wagt tapardyň. Şol çaga şu içerden girip çykmasa, Dürjemalyň uzak takatynyň ýetmejekdigini aýdaýyn. Elbetde, Ýagdy bu sözi geliniň göwnüne degmek üçin aýtmandy. Ol Dürjemalyň ýokuş görendigini duýup gynandy. — Her gün arzuwlap şu güne kynlyk bilen ýetdim. Indem „Ýer gaty bolsa, öküz öküzden görer” etmäli. Gideli, ýalbaraly diýseň, men bar. Göwnemese, urup-sögüp alyp gaýdyb-a bolmaz. Ýogsa-da, sabyr et, birki gün. Şol çagaň göwni sende bolsa, gitjek ýeri bolmaz. Seň şu kökenek bolşuň bilen ol çaga ýüzüňe gelmeli däl welin, ilçilik-dä, her hilisi bar, seredip otursaň, kimdir biri onuň başyny aýlandyr. Ir bilen kilwanyň gyzy Dürjemaly çagyryp alyp gitdi. Dürjemal ýoldanam gitmän, obanyň içi bilen çarkandakdan, çukurdan gönüleşdirip haýdap gitdi. Ol kilwanlaryň gapysyndan howlukmaç ätledi. Emma törde oturan adamlara gözi düşüp, depe saçy üýşdi. Salamy beýlekinem unutdy. Birhili bedeninde ýakymsyz galpyldy duýdy. Kilwanyň aýalynyň janyganyna seretmän, giren ýerinde gap böwürde çommalyp, özüni edil tikeniň üstünde oturan ýaly duýdy. Myhmanlar owarram-la! Dürjemalyň olara berjek jogaby nagt-la! Ýöne onuň göz guwanjy myhmanlar bilen äbede-jüýje bolup bir çanakdan nahar iýip otyrdy. Ol Dürjemalyň ýüzüne-de seretmedi. Dürjemaly galpylda salanam şudy. Içerde bir bada hiç kimden ses çykmady. — Mähri janyň-a, hossarlary geläýipdir, Dürje! – diýip, kilwanyň aýaly bir haýukdan soň, söz açdy. — O niräň hossarymyş? Şu wagta çenli biz-ä Arslanda garyndaş bardyr öýütmändik – diýip, Dürjemal ýüz görmän göwnündäkini aýtdy. – Senem ony bilmän duraňok. Şu günki gün arabozarlyk edip ýürek bulamaň näme? — Waý-eý, özüňiz gürleşiň, özüňiz oňşuň, işim bolmaz – diýip, kilwanyň aýaly ýüzüni turşartdy. Bu söz myhmanlaryň-da çetine degdi. Törde oturan garaýagyzdan deşli, murtlak ýigit gaşlaryny çytdy. Ýüzüni myrtar egşitdi. Çemçesini süýtli okara söýedi-de, süpürinjiräp birki gezek ardyndy. Onsoň batly-batly gepläp, soňundan aýtjagyny öňünden aýtdy: — Gelin, bu taýa garyndaş dawasyny açmaga gelmedik. Biz ýöne häki geňeş diýlensoň, adamçylyk edip sala salaýdyk. Ýanyňda ýat bar. Indi biz bu çagany hossarsyz ýaly edip, yzyňa düşürip goýberip bilmeris. Beýtsek, il-günem unamaz. — Garyndaş diýilýänem şuň ýaly ýerde gerekdir-dä, keýgim – diýip, murt bilen gelen ýaşuly sypaýçylyk etdi. — Dogrudyr. Ýöne şu garyndaşlar Nurnabat ýogalanda-da bardy. Haýsysy gapysyndan garapdyr. Ýa ýekeje sapar şu çaganyň halyny sorapdyrlar. Ýaşuly gaýdyp geplemedi. — Sen bize akyl satma, gelin – diýip, Dürjemaldan bir müçe kiçidigine garamazdan, murt, „gelin” sözüne bat berip gürledi. — O zaman her kimiň öz çagasyna bir eli ýetdimi? — Eliň ýetmän na urşa gidip gan dökdüňmi? — Gan dökülmese-de, der dökülendir. — Dogrudyr. Der dökensiň – diýip, Dürjemal ýüzüni keseräk tutup, ýaňsyly gürledi. Murt ardynjyrady. — Heleý bilen iş salyşsaň, çekeleşer oturarsyň. — Sen tetelli bilen çekeleşen çekeleşsin! – diýip, Dürjemal Murtuň sözüni agzyndan aldy. – Men bizar, ýöne Mährimde adamyň dahyly bolmaz. Mährim ýady-ýakyny saýgararça bolandyr. Çem geleniň yzyna düşüp gitjek kemakyl çaga däldir. Sözüni soňlap Dürjemal gyzyň göwnündäkini ýüzünden okajak bolup, oňa siňňin-siňňin seretdi. Mähri ýüzjagazyny kese öwürdi oturyberdi. Süňňi gowşap, der basan Dürjemal özüne bu ýerden diňe çykyp gitmegiň galandygyna düşünip, ýerinden galdy. — Öňem-ä näbelet däldim welin, bolsa-da nämedigiňizi tanatdyňyz. Aýlasaňyz aýlaberiň çaganyň başyny. Ýöne bilip goýuň, Mähriň Dürjemaldan aýrylyp gitjek ýeri ýokdur. Menem akmak däl, kemala getirip aňsatlyk bilen eliňize berip goýbermen. Dürjemaldan ýokarda kanunam bardyr! — Kanun çagany diňleýändir – diýip, murt Dürjemalyň yzyndan gygyrdy. Öýlerinde Dürjemal özüne orun tapmady. Gözüne bütin dünýä dar göründi. Murtuň sözi ýadyndan çykdy. Mähriniň keşbi welin ýadyndan çykmady. Dürjemal ondan erbet ynjady. Uly adamdan öýkelän ýaly öýkeledi. „Seni şeýle eý görsemem, enelik mähri bilen çoýup bilmändirin-dä. Men saňa ene süýdüni bermesemem, el süýdüni bermänmidim, Mähri jan! Dürjemalyň eli işe barmady. Täze içerisem gözüne görünmedi. Ýagdy bilenem hoşy bolmady. Şol günleriň dowamynda gyzjagaz onuň hyýalyndanam gitmedi, ýanyndanam aýrylmady. „Arma, Dürje eje!” diýip gapdalyndan çykaýjak ýaly boldy durdy. Çaý gaýnatsa, çäýnekleri getirip içerden çykyp gelýär. Sygyr sagsa, süýt bişirip otyr. Ine-de, ol hemişekileri ýaly çaga gürrüňlerini tapyp çaý başynda Dürjemaly güldürip oturandyr. Gije Arslan düýşüne girdi. Ol hemişekileri ýaly bir Mährä, bir Dürjemala degip, içerini ala-ýaz edip oturanok. — Saňa näme bolýar, Arslan! – diýip Dürjemal ondan adatdakysy ýaly ýuwaşja sorady. „Mährim, hany ol görnenokla?!” „Alyp gitdiler diýýärmiň?” men ony diňe saňa ynanypdym-da”. Dürjemal hopugyp oýanyp, başyny ýassykdan galdyrdy. Göýä ol heniz hem Arslan başujynda oturan ýaly, daş-töweregini garanjaklady. „Toba, toba” diýip ýakasyna tüýkürdi. Ýene başyny ýassyga goýdy. — Maňa bir zat diýdiňmi? — Ýok-la! Dürjemal Ýagdynyň goşaryny zyňyp goýberdi-de, beýlesine agdaryldy. Dürjemal şol gün ir bilen oýandy-da, adamsyna şeýle diýdi: — Men öňi bilen-ä başlygy görjek. Näme maslahat berýärler. Kömek bermeselerem gidiberjek etraba. Şol çagada adamyň dahyly bolmaz. Agşam işden geleýin. Bile öteýderis. — Ýüregim gysýar, dogrusy, meň-ä agşama-da takadym ýetenok. Ýagdy sesini çykarmady. Ýagdy işe gitdi. Dürjemal şaýyny tutdy. Emma ir bilen gapyda uly gopgun turdy. Aç göle boşap güjükleriniň gaharyny getiripdir. Garagol göle öýe girmäge hyýal eden bolmaga çemeli. Dürjemal göläni daňyp öýe girdi. Ol iç işikde kölege görüp gapa seretdi. Diňşirgendi. Gapyda kimdir biriniň durandygyny duýdy. Ýüregi gopdy. Syçyrap ýerinden turdy. Gapyda Mähri ýere bakypjyk müýnürgäp durdy. — Bala, eziz bala! Dürjemal hamsygyp Mährini bagryna basdy. Ýüz-gözünden, başyndan yzyny üzmän ogşady. Soň gözýaşlaryny gyňajynyň çowy bilen süpürdi-de, ýene bir gezek Mährini gujagyna gysdy. Başyny sypap hyýalynda bolandan soň, Arslan özlerine seredip begenip duran ýaly: „Buşluk, Mährim geldi, eşidýäňmi buşluk!?” diýip pyşyrdady. — Mährem kimdir birini görjek bolup töweregine garady. Muny duýup Dürjemal: — Kakaňa, kakaňa, buşlaýan Mährim, kakaňa. Ikimiziň bolan ýerimizde Arslanam bardyr, balam! – diýip, dillendi. Süňňi ýeňlän Dürjemal gyzjagazyň gelenini buşlap, bütin oba aýlanyp çykmaga-da taýýardy. Dürjemal barmaly ýerine baryp, bir ýerde gapy bolsa kakyp, Mähridenem razylygyny alyp, soň adam azar bermez ýaly gyzy öz adyna geçirdi. Gyzlyga aldy. Şondan soň Mährä-de „eje” diýdirdi. Mähri kakalygyndanam uzak ýadyrgamady. Ejesi oňa iki sany ogul jigi sowgat berdi. Jigileriniň adyny-da Mähriniň özi dakdy. Ejesine meňzäpjik duran görmegeýje ak bäbege Akmyrat, kiçisine Nurmyrat dakdy. Nurmyrat garaýagyzjady. Ýöne ol ýuwaşja hem tokarjady. Jigileri Mährä güýmenje bolýardy. Dürjemal bolsa hojalyk işleri bilen gümrady. Ol gyzynam deň-duşlaryndan kem geýdirmejek bolup dert-azara galýardy. Mähri ikirjiňlenende ylalaşmadyk wagtynda ol „Mähri jan, gyzym, seni il görýär, onsoňam geýjek, gezjek wagtyň maňa seniň könäňem bes” diýip ony gepletmezdem. Mährini deň-duşlarynyň giden ýerinden hem alyp galmady. Giden ýerinden „Ir geldiň, giç geldiňem diýmezdi. Oňa asyl iňirdemek geregem däldi. Ol bir onda-munda, bolgusyz ýerde görnüp ýören maşgala däldi. Toý-tomgy bolaýmasa, gyzlaryň biri çykaýmasa, ýa-da kä ýarym täze gelniň ýanyna işini alyp oturmaga gidäýmese, öýlerinden çykmasy bolmazdy. Bir gezek Hesel Mährilere el işini alyp oturmaga geldi. Obalarynda toý bardy. Hesel toýa ýetişdirmek üçin fabrik ketenisiniň oklaryny ýörmeýärdi. Ketenini kakasynyň magazinden alandygyny almadyk bolanlygynda ýene atlaz köýnegini geýip gitmeli boljak ekenligini Hesel begenip gürrüň berdi. Mähri jorasynyň öwnüp oturşyny geňräk gördümi, dulda ik egrip oturan ejesiniň ýüzüne seredip-seredip goýdy. Şol wagtam gyzyň kakalygy işden geldi. Bu günler gazy gazmaga gidensoň, onuň argynlygy ýüzünden bildirip durdy. Dürjemal adamsynyň öňüne çaý goýdy-da: — Dükan açyk bolsa, gidip gelsene, nahary soň iýäýeris-dä – diýdi. — Näme gelipdir? — Mährä bir köýneklijek keteni getir. — Pul bamy oňa? Dürjemal sesini çykarmady. Dogrusyny aýtsa, bir zat alynmaly bolsa Ýagdynyň eşigini täzelemelidi. Märekä çykmaga eşigi ýokdy. Ýagdy çaýyny içdi-de, getirmese aýalynyň goýmajagyny bilip ýerinden galdy. „Pul al” diýip ýüzüni asyp durşuna gapyda dillendi. Birdenem onuň Dürjemala awusyny pürkesi geldi. „Görmeýämiň, otlasaň tütejek däl. Şu eşik bilen men ile çykar ýalymy? Gyzyň bolsa fabrik keteni geýjekmiş”. Emma ol aýalynyň hiç wagt eşik diýip azar bermändigini, özüniň getirip beren ýeke-täk öýmesinem Mährä daňandygyny ýatlap sesini çykarman çykyp gitdi. Ýöne Ýagdy häzirem, öňem aýalynyň şol kesir gyzy näme üçin şeýle eý görýändigine düşünip bilmedi. Ony özünden ileri tutýandyr öýdüp oýlananda bolsa ahmyr etdi. — Eje, näme beýtdiň. Görýäň-ä onuň penjegi egninden gaçypdyr. Men näme saňa keteni diýip azar berdimmi? – diýip, Mähri ýüzüni sallady. — Mähri jan, olam penjeksiz galmaz. Nesip eden güni alar geýer. Sen onuň aladasyny etme. Işjanly Ýagdy agyr işlerde-de işleýärdi. Ir gidip, giç agşam gelýärdi. Gyrkym ýa bede diýip uzak ýatymlyga gidýän wagtlaram bolýardy. Onuň gözüni açyp göreni gara zähmetdi. Näme buýrulsa ýüregi bilen topulýardy. Özünem şoňa görä obada-da hormatam bardy. Eline bir köpük düşse-de öýe getirip, bu meselede Dürjemalyň elinem idemezdi. Ýöne Dürjemal iş agzasa Ýagda ýakmaýardy. Ýogsam onuň bir özüniň gazanjy bilen hojalygy aýlamak kynrak bolýardy. Bir ýyl-a Dürjemalyň nähoşlap işe ýarawlygynyň ugry bolmady, soňam arasy ýygyja iki çaga ony eýikdirmedi. Birneme daýanan soň Dürjemal ekip-dikip, der döken meýdanlary küýsedi. Şu günem Dürjemala açyk dillenmäge bahana boldy. Aýalyndan göwni galan Ýagdy dükandan gelşine nahar iýmän, töre geçip düşeksiz zatsyz gyşardy. Eneli-gyz biri-biriniň ýüzlerine seredişseler-de, içerde geplän bolmady. Çagalaryny ýatyryp, adamsyny oýaran Dürjemal düşek salyp durşuna dillendi: — Sen maňa nähak gaharlanýaň, Ýagdy. Menem gidip-gelip dursam, häki bir gapdalyňdan goltgy boljak. Çagalaryňam tüýs iýjek-geýjek mahaly. Görýäň-ä uly-kiçi işleşip ýör. Ýagdy sesini çykarmady. Muny razylygyň alamaty diýip düşünen Dürjemal bir hepdeden meýdan işine gitdi. — Bu öýde her kim bir kelle – diýip agşamlyk işden gelen Ýagdy hüňürdedi. — Bolýar-da eliňizden gelenini aýamaň, menem bir gün haklaşaryn. Dürjemal adamsynyň soňky sözüne ýylgyrdy. „Biz bilen nähili haklaşjak-ka!” Görsene „siz” diýşini. Maňa gaharlansa-da, Mährini gapdalyndan goýanok. Gyzynyň okuwa yhlas edişini görende Dürjemal onuň irde-giçde dillenjegini bilýärdi. Ýöne adamsynyň muňa nähili garajagy belli däldi. Kä mahal göräýmäge giň, paýhasly Ýagdyny sähelçe zadam darykdyryberýärdi. Şonuň üçin hem wagty gelýänçä bu hakda adamsynyň ýanynda dil ýarmazlygy göwnüne düwdi. Bir gezek Arslan gyzjagazy bilen dostlarynyň biriniň öýlerine gezelenje çykmagy ýüregine düwüpdir-de, Dürjemallara geldi. Şonda Dürjemal ýigidi ugruna goýman düşege geçirdi. Unaş bişiripdi, Arslanyň bolsa öler jany gurt owlup gatyklanan noýbaly unaşdy. Üstesine Mährem „işlidi”. Ol hatda kakasynyň gelenine-de üns bermän, pişijegi bilen başagaýdy. Gapynyň arasynda galyp pişigiň aýagy agyrypdyr. Mähri bolsa matajyk bilen pişigiň aýagyny şeýle bir yhlasly özi-de usullyja saraýardy welin, Arslan oňa tä sarap bolýança höwes edip seretdi. — Dürjemal, lukmany daşdan gözläp ýörmän, bir ýeriň agyrsa size geläýmeli eken – diýip, Arslan şonda hoştap ýylgyrdy. Onsoň gyzyna ýüzlendi: — Mähri jan, ullakan gyz bolaýsaň Dürje ejeňe ýalbargyn, ol seni okadyp, lukman gyz edip ýetişdirsin! „Wah, özi asyl biz bilen hoşlaşyp ýören ekeni-dä! Bu günleri görjek däl ekeni-dä!” diýip, Dürjemal şu wakany ýatlanda gamlandy. Adamsynyň gyzyny göwünjeň ýola salmajagyny Dürjemal duýýardy. Onda-da ol Mähriniň göwnüni ýykandan, Ýagdydan gep çekip gezenini müň paý gowy görjekdi. Dürjemalyň bir häsiýeti bardy. Ol möhüm bir zat bolaýmasa, ownuk-uşak hojalyk işleri üçin adamsyna sala salyp, ýa geňeşip durmazdy. Ýöne göwnüne makul gören işini, adamsy ylalaşsyn-ylalaşmasyn gaýra goýmazdy. Gygyryşmaýardam, çekeleşmeýärdem, sessiz-üýnsiz ediberýärdi. Mährinem ol şeýdip ýola saldy. — Hol ilerki Annak goturyň gyzy okuwa gidýärmiş. Kakasy däl, ejesem diş-dyrnak garşy. Zalym, bela ýaly atsaňyzam gitjek diýýärmiş. Okuwa-da ökde diýýärler özüne. Senem şondan galma, gyzym. Öýdäki bilen özüm oňuşaryn. — Men Annak goturyň gyzy däl-dä, eje! Okajak dälem diýemok. Onsoňam seň ýüregiň etden-de, başganyňky demirdenmi? Seni bu ýerde gep ýassygy edip, men o taýda arkaýyn okap bilmen. — Onyňdan bahana bolmaz. Mährim — diýip, Dürjemal gyzynyň gürrüňine garşy çykdy. Beýdip özüňi horlap ýörme-de, git-de dyn! Gyz geplemedi. Näme-de bolsa ol adamsyna sala salyp görmegi ýüregine düwdi. Dogry-da, töwalla alýan bolsa, Ýagda Dürjemaldan ýakyn adam ýok. Sylag hormatam iki taraplaýyn bolýandyr-da. Ar-namys diýlen zat bolsa Dürjemala-da, Mährä-de, belki Ýagdydanam has beterräk gerekdir. Ýöne Dürjemal adamsyndan şol bir jogaby eşitdi. — Şu okuwly gürrüňiňi goý, bir zat diýlende düşünerler. Näme etjek ýüz gezek gaýtaladyp?!. Aýdyp bilmän telim günläp ýaýdanyp gezenine jany ýandymy ýa adamsy öz eňegini tutup degnasyna degdimi—ir bilen Dürjemal içini boşatdy: — Meni daňyp atdy-la, bu daňyp atmyş, şu adamlary elsiz-aýaksyz, dilsiz-agyzsyz mahluk hasap edýärmikä? – diýip, daň atýança kirpikli gözüni çalyşman, ölçerip-döküp çykan Dürjemal yzly–yzyna suňşurdy. — Bolsa boluplar geçsin adamym. Entek ygtyýarymy elimden aldyran ýerim ýokdur. Ol-a dogr-u, nädogry edenini edip ýörmeli, bizem kaýyl bolup gezibermeli-dä! Dürjemal dymyp ýörse-de, hemmesine düşünýändir, ýöne geçirimlilik edýändir. Erkek hökmünde, şu maşgalaň başy hökmünde sarpasyny sakladym, sala saldym. Bilmedi. Indem, ynha Dürjemaly diriligine ýuwdaýsyn. Oňa gerek abraý bize-de gerek. Iberjek men şony okuwa Dürjemal geýindi-de, alňasak çykyp gitdi. Diňe Ýagdy däl Mährem ejesiniň bolşuna geňirgendi. Aýalynyň bir hyýala münenini bilip ynjalygy gaçan Ýagdy işine jür bolansoň, ol gelýänçä garaşyp bilmedi. Dürjemal öwrülip geldi-de, Mährini gyssap başlady. — Bol, gyzym, taýýarlan! Häzir daýyň maşyny geljek. Etraba äkider, otla-da mündürer. Bolmanda-da, şu dikdüşdi bilen bir işiň başyny tutjak gümanyň ýok. Menem elinden gelse, tünekden çykarjak däldi-dä. Dürjemal hem gepleýärdi hemem gyzyna gerekmejek goşlaram howlukmaç orta zyňýardy. Mähri bolsa ortarada dikilgazyk bolup durdy. Dürjemal ony görýärdi. Ýöne gyzy kesirligine tutar öýdýärdi. Oňa „akylly bolgun, gowuja okagyn” diýip tabşyrýardy. Özem bu nesihaty Mährä bermegiň artykmaçdygyna düşünip şeýdýärdi. Näme-de bolsa, bir zatlar aýtmak, gyzyny bir agyzam gepletmezlik üçin şeýdýärdi. Ejesiniň bolşuna Mähriň hem-ä gülküsi tutdy, hemem nebsi agyrdy. Ýöne onuň aýgytly netijä gelendigine, häzir raýyny ýykaýsa, ynjajakdygyna düşündi-de, ejesine boýun boldy. Mähri gitse-de, gitdi welin, şäherde ýüregi gysdy. Aşgabadyň gözel görkem, şowhunam Mährini imrindirip bilmedi. Entek şäher görmedik oba gyzyny biri-biriniň üstüne abanyşyp duran gat-gat jaýlar, şäheriň gohy-galmagaly darykdyrdy. Ol alaň-açyk meýdanlary, ejesini, deň-duşlaryny küýsedi. Ulaga münende ejesiniň gapylarynda durup, uzak wagtlap gözüni aýyrman seredişi, iň soňky aýdan sözi ýadyna düşdi. „Mährim, eziz bala, yzyňy alada etmegin, okagyn! Gerek zadyňy ýazaýgyn”. Şonda Mähri aglady. Ejesi welin gözüne ýaşam aýlamady. Mertliginden şeýtdimikä? Ýa Mährini gynandyrmajak boldymyka? Mähri bilen bir jaýda ýaşaýan gyzlar kitaplaryny göterişip bagyň kölegesine çykyşyp gitdiler. Ol krowadyndan galmady. Gijara howpurgap lukmançylyk institutynyň howlusyndan çykdy-da, ýüzüni günorta tutup, dik baýyra çykýan köçäni alyp, tä Aşgabady etekläp oturan baýyrlara çenli gitdi. Ol gatlyşyp barýan garaňkynam, sap-sary bolup ýatan belentli-pesli depelerde adam garasynyň ýokdugynam, gorky-ürkinem bilmän, iň belent baýyra çykdy. Aşgabat tamdyr ýaly gyzyp ýatanam bolsa, baýyrlaryň arasynda gizlenen aramja şemal gyzyň ýüzüne çaldy. Belki şemaljyk Köpetdagdan gelendir-de, ýörite Mähriniň göwnüni açmak üçin öwsendir. Beýikli-pesli depeler, uzaklara hol Köpetdagyň düýbüne çenli ýazylyp ýatan giňişlik, görkana şäher gyzyň göwnüni birneme galkyndyrdy. Ol bir beýigiň çür depesine çykdy-da çommalyp oturdy. Gapdalynda şygyrdy peýda bolmadyk bolsa, onuň bu ýerde näçe oturjagy belli däldi. Gaýdanda welin, Mähri iki-üç günde okamadyk temalaryna daň atýança göz gezdirmegi ýüregine düwdi. Jaýa girenden Mähriniň öňki hyjuwyndan zat galmady. Ýene şol bir pikirler gyza ynjalyk bermän başlady. Kakalygy ejesiniň başynda nähili gopgun turuzdyka? Ejesi nätdikä? Näder? Hemişekileri ýaly iňirdisinem, gykylygynam, aşak bakar, sessiz-üýnsiz diňlär oturar. Çykyp giderem welin, uludan bir demini alar. Adama içini dökmez, zeýrenmez „Iliň kellesini agyrdyp nädeýin” diýer. Mähriniň ejesi kakalygyndan irde-giçde bir iňirdi eşitse., diňe Mähri sebäpli eşidýär. Ejesi Mähriniň ýatsa düýşüne girdi, otursa-da hyýalynda boldy. Aşgabada gelip on güne golaý wagt geçenden soň düýşünde ejesini gamgyn halda gördi. Mähriniň ejesi hemişeki oturýan ýerinde başyny aşak salyp ik egirip otyr. Birden kakasy gapydan girýär-de oňa topulýar... Mähri howpurgap oýandy. Ýagdy şol gün hakykatdanam Dürjemalyň göwnüne erbet degdi. Ol işden gelende aýalynyň aýagy bişen towuk ýaly bir ýerde durman, girip-çykyp zowzuldap ýörşünden içerde bir üýtgeşikligiň bolandygyny aňdy. — Hany, Mähri?! – diýip, ol oturyp-oturman sorady. Uzynly gün alada edip ýeňse damary taýaga dönen Dürjemal birden ýaryldy. — Şol-a Aşgabada okuwa gitdi. Özünem elim bilenjik elinje ugratdym – diýdi. — Hymm, özüm iberdim diýsene. Sen-ä iş bitiripsiň, heleý han! Agyryňa çydasaň müň ýaşa! Şu öýde haçana çenli seň diýeniň gögererkä? Seň üçin meni asýan bolsalar, ertire goýmasynlar. Seň ýaly heleýli bolanyňdan, heleýsiz öteniň ýüz paý gowydyr. Ýagdy aýalyna iňirdäp täsir etmerin öýütdimi ýa-da özüni sylanmaýan adam hasap etdimi, kim bilýär?! Ol giren ýerinde asylgy duran ýüpi aldy-da gap böwürde hamyr etjek bolup ber-başagaý bolup oturan aýalyny eli ýadaýança saýgylady. Eli, boşansoň, hemişekileri ýaly, ýene öýden çykyp gitdi. Uly gaýda deňizde galyp, nähilidir bir gudrat bilen kenara düşen adam kimin Dürjemal ýeňil dem aldy. Ol ullakan bir günä edip minut saýyn höküme garaşýan günäkär ýaly, şu günini zordan arka atypdy. Dürjemalyň teni awasa-da, içki harasady şol wagt gowşady. Ertesi welin onuň ten awusy ýadyna düşmedi. Nämedir bir zat egninden basdy. Oýlandygyça özüniň erbet kemsidilendigini duýdy. Adamsyndan ynjady, onuň ýüzüne seretmäge namys etdi. Çagalaryndan utandy. Bu welin ýekeje käse çaýy aýalyndan aýry içmegi iňňän kyn görýän Ýagda diýseň ýokuş degdi. Şol güniň ertesi ol Dürjemal özüne çaýam bermez öýdüpdi. Emma Dürjemal aralarynda hiç zat bolmadyk ýaly, otur-tur bilen girip-çykyp ýördi. Ýagdynyň yzy süre ol-da işe gidýärdi Dürjemal işden adamsyndan ýarym sagat öň geldi. Şol arada nahar atarybam, mallara seredibem ýetişdi. Agşamlyk Ýagdy bir käse çaý içip, Dürjemalyň uzadan naharyny öňüne çekdi. Içiňi ýakaýyn diýen ýaly Dürjemal şol bada çykyp gitdi. Ol gapdalynda oturan bolsa, Ýagdy onuň ýüzüni asyp oturmasy bilenem oňuşjakdy. Ol iki çemçe owurtlasa-da soňkulary onuň bokurdagyndan geçmedi. Çagalaryny çagyrdy. Olaryň ikisem naharlydyklaryny aýdyp, bir-ä çykyp gitdi, birem keçäniň üstinde ýüzün düşüp surat çekip başlady. Näler diýesi gelse-de, kiçisine „ejeňi çagyr” diýmäge Ýagdynyň dili aýlanmady. Alyp ýatan işem ýokdur welin, şol sermener ýörer. Bir agyz garbansa şu adamlar öýi alyp oturjak däl, gitjek. Goňşularyň çakylygyna-da sowulmadym. Şuň göwni diýip, şeýtdim. Muň welin geldiň, gitdiň azaryna-da däl. Öýke-kinäňem bir soňy bolar-a”. Çanagy beýläk aýryp Ýagdy sortduryp oturdy: „Iýdirmejek bolsaň bişirip nätjek” diýip, ol ýene aýalyna içinden igendi. „Bilgeşlin edýä! Naýynsap, içerik girende-de „Nädýäkä şu” diýip, gözünem bir aýlanok. Şu adamlaryňam ýamanlygy ýog-a. Her kim öňünden gaçýa! Gepe galmajak bolýar. Gyz maşgala bir gara ýakyn-a. Soňky gün diliňi gysga etse, bir çeti baryp ýene özüne degjek. Düşünýän zadyna dikdüşdilik etse, janyň ýanýar. Ýogsam şuňa, heý, meniň elim galjakmy!” Ýagdy aýalyndan öýkeläp birki gün nahar iýmezligi göwnüne düwdi. Suwjyk degişmäni-de, ol başarmady. Onsoňam Dürjemala degip bir gör-dä! Häzir-ä ol öýkeli, başga wagtam ýüzüňi sypanok. Öňräk Ýagdy çagalarynyň barlygyny unudyp, onuň goşaryndan tutanda Dürjemal tas ýarylypdy. Özem utanan Ýagdy, üstesine aýalynyň iki oýnam şerebelije sözünem eşidipdi. Ýagdy içinden müň mertebe ötünç sorasa-da, daşyna çykarman diňe wagtal-wagtal gabagyny galdyryp aýalyna seredip goýberdi. Dürjemal welin başynam galdyrmady, adamsyna barmysyňam diýmedi. Dürjemalyň yhlasy ýele sowruldy. Bir gün agşam işden gelende alnynda gyzyny görüp allaniçigsi boldy. Dürjemal ýeke agyzam geplemedi. Getiren otuny mallaryň öňüne dökdi. Sygyr sagyp geldi, gaýnatma atardy. Ejesiniň dymyp ýörmegi Mährini darykdyrdy. Şu bolup ýörüşinden onuň özi üçin-de, ejesi üçin-de, näme diýjek bolsa, diýip dynany gowydy. Hem-ä Mähriniň bükgüldisi aýryljak. Howsalasy kemeljek, hemem ejesi içini boşatjak. Kakalygam diňe gabagynyň aşagy bilen bir gezek nazaryny aýlap goýberdi-de olam sesini çykarmady. Mähri daşarda gazanyň aşagyna ot salyp oturşyna, girip-çykyp ýören ejesine sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Ikiçäk galdylar. Ejesiniň keşbi Mährini düýrükdirdi. — Ekzameniň haçan? — Ýene iki günden. — Taýýarlandyňmy? Gyz sesini çykarmady. — Meni käýitmejek bolsaň, agşamky otly bilen gelen yzyňy ýel çalmanka ugra! Gelmäni bildiň, gitmänem oňararsyň! — Eje! — Hytdy-pytdyňy bes et! — Dürjemal turup gitdi-de, eşegini gaňňalady. Gyzyny eşege mündürip, çemodanyny öňüne berdi. — Gidiber, häzir yzyňdan özümem ýetýän. Dürjemal guşagyny guşanyp çykdy-da, pyýada ýol bilen gönüläp gyzynyň yzyndan ugrady. — Seňňem bir janyňa haýpyň gelsin, öljekmi bir ýerde ýykylyp, bolman-da ulag bir gözle – diýip, adamsy gapydan oňa gygyrdy. Aýaly aýak çekmän soň, Ýagdy zordan onuň yzyndan ýetdi. — Okuwyňyzam gursyn, gyzyňam. Saňa çäre boljak däl. Kemally aýal boýy ýeten gyzyny ýary gije otla mündürip tüneginde ýaýnap oturarmy? — Meň-ä şonsuzam aladam ýetik. Seňki artykmaç, peýdaňam gerek däl, zyýanyňam – diýip, Dürjemal ýangynly gürledi. Ýagdy kontura tarap sowuldy-da: — Içerki ýola çyk, ulag ibererin – diýip, ýene aýalynyň yzyndan gygyrdy. Mähri okuwa girip bilmän geldi. Jany ýanan Dürjemal muny diňe gyzyndan gördi. Günortan arakesmede meýdan düşelgesinde oglanlar çaý-nahardan kökläp, keçäniň üstüne süýndüler. Kimisi gazete ýapyşdy. Kimisi žurnallara, iki sany ýetginjek küşte gyzdy. Töwereginiň janköýerleri bilen. Gyzlaryňam Heselden özgesi tikine güýmendi. Teletin ýuwsesini barmagyna ötürip Mähri, Hesele ýaplandy. Jorasynyň myssa ýylgyranyny görüp has-da ornaşdy. Hesel kitap okamasyny goýdy-da, öwrülip Mähriniň gulagyna çawuş çakdy: — Ýigitleriň birine ýaplanaýsaňyz nädýär, akyllym! — Çagyr ýaplanaýyn. Keseki däl, öz obamyzyň ýigitleri. Jorasynyň kakdyrmasyna düşündi-de, Hesel Mähriniň böwrüne hütüledip goýberdi. Yzyndanam „Göroglyny” ýapdy-da pyşyrdady: — Mähri jan, ýigidi alar-da, obamyza göçer geläýerin. Aýallaryň biri Heseli gyssap jibrindi: — Okasana keýgim, agzyňa bakdyraýdyň-la... „Gurt agzasaň, gurt geler” diýen ýaly, şol gün agşam işden çykyp barýarkalar gyzlaryň garşysyndan iki sany ýigit çykdy. Olaryň biri bugdaý reňk, ýüzi-gözi gülüp duran daýanykly ýigit. Ol maňlaýyndaky ujypsyzja saçyny arkanlygyna darap, akgaýma tahýa geýipdir. Beýlekisi başaçyk. Onuň arkan daralan goňrasrak tämiz saçy ýüpek ýaly lowurdap dur. Ýigidiň güne ýanmadyk ak ýüzi-de, geýnişi-de şäherden gelendigini aýdyp dur. Egninde ap-ak köýnegi, diýseň arassa, gowy ütüklenen goňras jalbary bardy. Özi-de uzyndan diýseň suratlydy, agrasdygy-da duýulýardy. Ýigitleriň ikisem salam berdiler-de, aýak çekdiler. Jorasynyň aljyrap özüni ýitirendigini gören Mähri olaryň biriniň Heseliň halaýan ýigididigini güman etdi. — Armaň-da — diýip, bugdaý reňk ýigit Heseliň geçip gidibermeginden ätiýaç edýän ýaly ýyljyraklap onuň öňüni gabalady. Hesel aýak çeken soň, Mähri ony goýup gidibermegiň ugruny tapman, ýoldan çekildi-de saklandy. — Akmyrat, dost, seňňem gökdäki dilegiň ýerde gowşaýanam bolsa ähtimal ugruny tapmasaň, özüňden gör! Häzir menden-ä kömek ýok — diýip, hälki ýigit edil Mähriniň garşysynda çekinjiräp duran ýoldaşyna degdi-de, soňam Hesele ýüzlendi. — Hesel, ýüzüňi asmasana! Aýtmasaňam düşünýän, ýedi ýoluň üstünde gyz bilen ýigidiň gepleşip durmagy gelşiksiz, baryp ýatan bidüzgünlik. Ol Akmyrada garap, gözüni ümläp goýberdi-de adamlaram geçişip gidibermeli welin... işleri tükenen ýaly, şol seredişip durlar — diýdi. Hesel ýigidiň ýalan sözleýänini bilse-de, çekinjiräp töweregine garady. — Utanma, Hesel! Biz häzir iki däl-de dört. Şonuň üçin hem Allatagalanyň özi-de geň-taň görmek hukugyndan mahrum. Ýigit şundan soň dostunyň özüni mejbur edip alyp gaýdandygyny, toýlarynda bolup bilmejekdigini Hesele gürrüň berip durka-da, töweregindäkileri öz ugruna goýmady. Akmyradyň üstünden düşdi. — Oňa sered-ä, her kim öz bähbitjigini bilýär. Synlamaly gyzyň ol däl-how, bärde! Mähri gyzardy. Akmyrat bolsa hezil edip güldi. — Gideli-le, how, ýogsam senden gowsy çykjak däl — diýip, Akmyrat dogrudan hem haýsy tarapa seretjegini bilmän durşuna ýoldaşyny gyssady. — Goýberseler gidersiň-dä. Ýoluň üstünde saklap durmaga utanaňokmy, hakyllym, biri göräýse nätjek?! Bu gezek gyzlaryň ikisem ýylgyrdy. Mundan artyk saklaýsa, Heselden igenç eşitjegini bilip, ýigit ýoldaşyna tarap ýöneldi. — Ikimizdenem oňňullyk çykjak däl, gideli! (dowamy bar).. | |
|
√ Palindromaniýa: Ýalñyz zenanyñ heseri - 03.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Aşgabat - 06.03.2024 |
√ Taraşa / powest - 01.02.2024 |
√ Baga bagşy -3: Iliň gapysynda - 07.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan goşundaky ot başyndaky geňräk myhman - 03.07.2024 |
√ Baga bagşy -12: «Bizden döwran geçdi diýiň daglara-a!» - 08.03.2024 |
√ Ene / powestiñ soñy - 15.01.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -3: powestiň dowamy - 04.08.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -7: powestiň dowamy - 10.09.2024 |
√ Sary bagşy / powest - 03.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |