19:52 Uly sorag | |
ULY SORAG
Goşgular
Şyrrygyn çykaryp gözel ömrüňi Oturyp diýmelsi - "käşgemi", näme?!" Wah, sada bol weli... Ýöne göwnüňi Oýnadyp ýörmäge - "şaşkamy", näme?! Bizi oýnaýan: adam ýa sözlermi? Ýa göwnümiz barypýatan çagajyk Ynam diýýäniň şol şeýtan gözlermi? Çig süýt emen, oýanaý-a azajyk! Beýni bilen söhbet etmän hemaýyn Elipden şermendä aldyryp ýörme! Pyşyrdasa gulagyňda şelaýyn Pagta bilen damak çaldyryp ýörme! Kä sözler gylçyk deý galýar damakda, Kä sözler düýbünden degýär mädäňe. Şeýdip göwni geçirberseň ýamakdan, Ýamak göwün öwrüläýýär kadaňa. Barha-barha azalyp dur "saglaram" Öz ugruna iterip ýör "çep bela". Neçüýn meni süýreýär bu gamlaram Neçüýn beýle bolup ýörün mübtela. Horazsyzam atyp durka daňlaram, Çuňňur oýa çümdirýärem öňkiler. Serde doly germesatan taňlaram, Ýa-da şeýle ejiz gelýä meňkiler. Ylham GURBANALYÝEW. | |
|
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |