20:56 Umyt | |
UMYT
Goşgular
Günüñ dogýan çagynda hemralar gökde uçýar, işleýär reaktorlar, sinhrofazotronlar. Günüñ dogýan çagynda zibil çekýän maşynlar, aç ölen adamlaryñ läşlerini çekýärler. Äkidýärler olary zibil dökülýän ýere. Günüñ dogýan çagynda hemralar gökde uçýar, işleýär reaktorlar, sinhrofazotronlar. Günüñ dogýan çagynda daýhan çaga-çugasy, aýal, eşegi bilen ýer sürmäge başlaýar. Bir aýal hem bir eşek agyr azaly çekýär. Daýhanyñ sürýän ýeri eliñ aýasy ýaly. Günüñ dogýan çagynda hemralar gökde uçýar, işleýär reaktorlar, sinhrofazotronlar. Günüñ ýaşýan çagynda ölýär bir hassa çaga. Difteritden ýa inçekeselden ol ölenok, Müñ dokuz ýüz kyrk bäşde doglup Hirosimada, ölýär keselhanada, ýaşy bolsa on iki. Günüñ dogýan çagynda gökde hemralar uçýar, işleýär reaktorlar, sinhrofazotronlar. Günüñ dogýan çagynda bir garynlak gullukçy ukusyndan oýanýar, dañýar galstugyny hem oýlanýar, men kime her kimiñ aýagyndan gizlin bir hat ýazsamkam diýip hyýala çümýär. Naçalnigiñ göwnüni tapmak hakda oýlanýar. Günüñ dogýan çagynda gökde hemralar uçýar, işleýär reaktorlar, sinhrofazotronlar. Günüñ dogýan çagynda tutup gara şofýory, urýarlar ýol ugrunda. Benzin guýup üstünden, bir agaçdan asýarlar, soñra oda ýakýarlar. Dargaşýarlar. Bir adam kofe içmäge gidýär. Başga biri saçyny bejermek üçin gidýär. Başga biri dükany açmaga - söwda gidýär. Başga biri kiçijik gyzyñ ýanyna gidýär, çaganyñ mañlaýyndan ogşamak üçin gidýär. Günüñ dogýan çagynda gökde hemralar uçýar, işleýär reaktorlar, sinhrofazotronlar. Günüñ dogýan çagynda ýerzeminde aýaly stula mäkäm dañyp, soraga başlaýarlar. Onuñ gany syrygýar ýalañaç ak göwsünden, sorag edýär iki adam: biri altmyş ýaşynda, beýlekisi ýigrimi ýaşynda bolsun gerek. Oturýarlar parahat, çekýärler sigareti. Derläpdirler jellatlar. Çyzgalypdyr ýeñleri. Ellerinde görünýär çägeli haltajyklar, Ellerinde görünýär täze elektrodlar. Günüñ dogýan çagynda gökde hemralar uçýar, işleýär reaktorlar, sinhrofazotronlar. Günüñ dogýan çagynda gülleriñ arasynda wodorod bombasyny ýükleýär samolýota lala meñzeş pilotlar - ýüzi agyr pilotlar. Günüñ dogýan çagynda, günüñ dogýan çagynda pulomýot, awtomatlar tatyr-tatyr edýärler, studentler ýykylýar hem işçiler ýykylýar. Bulwarda akasiýa şowurdaýar biperwaý. Balkonda gülli küýze kükäp otyr biperwaý. Günüñ dogýan çagynda banketden öz öýüne ukuly gaýdyp gelýär döwletiñ bir işgäri. Günüñ dogýan çagynda guşlar gaty saýraýar, Günüñ dogýan çagynda, günüñ dogýan çagynda kiçijik bäbejigi naharlaýar enesi. Günüñ dogýan çagynda gökde hemralar uçýar, işleýär reaktorlar, sinhrofazotronlar. Günüñ dogýan çaglary. Bu pursat meniñ üçin ýene-de bir gijäni uklap bilmän ötürip, dert çekip, ölüm hakda, ajy aýralyk hakda oýlanýan pursatymdyr, azarly pursatymdyr. Pikir etdim sen hakda hem öz watanym hakda, sen hakda, watan hakda hem tutuş dünýä hakda. Günüñ dogýan çagynda gökde hemralar uçýar, işleýär reaktorlar, sinhrofazotronlar. Günüñ dogýan çagynda hiý bir umyy bolmazmy?! Adama bir adam hiý bil baglap bolmazmy?! 1958. Nazym HIKMET. Terjime eden: Allaberdi HAÝYDOW. | |
|
√ Öwrülip gül başyna bilbil wysal olgaý oňa / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Magtymguly / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Pursatlar / Goşgular - 13.10.2024 |
√ Mähremlikden nyşan sen... / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Ol ki maňa ýary dilnowaz, göründi... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Gam goşulan goşgy / Goşgular - 01.06.2024 |
√ Gadym ata ertekisi / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Ogluma pent / Goşgular - 13.09.2024 |
√ Telegraf / Goşgular - 05.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |