08:52 Ünji | |
ÜNJI
Goşgular
Atam Hudaýberdi Abasy ogluna bagyşlaýaryn. Seniň boýuň çynar deýin belentdi, Polat kimin merdemsidi gollaryň. Uly iliň geregine ýarardyň, Geçipdiň durmuşyň agyr ýollaryn. Geçen urşuň ajysyna döz gelip, Çekipdiň sen onuň agyr derdini. Bir öýden üç bolup ugrasaňyzam, Ýeke geldiň, hany, olar geldimi ?! Ýeke geldiň, Ýok, ýeke-de däldiň sen, Iliň- günüň daýanç boldy goldady. Ekin ekdiň, Kökenekdiň il üçin, Seniň pikiriň, küýüň diňe şondady. Gündizler ylgardyň guşap biliňi, Ylgadyň sen gijelerem ýadaman. Uruş hesretini ýeňmeklik üçin, Şeýle gaýrat gerek eken adama. Wagt tapsaň “tyrk-tyrk” taplardyň piliň, Özgeleriň pillerinem taplardyň. Käte ahmyr bilen hyrçyňy dişläp, Jeňde galan doganlarňy ýatlardyň ! Sargardyň: —Mydama halk bilen bolgun, Tyrkyldysy ýatmasyn şu çekijiň. Bu gün ogluň çekiç urup bilenok, Kim günäkär ? Kim bu derdi çekişsin ?! Piliňi-de alyp işlämok golda, Ýöne pendiň ýüregime ornady. Ilime bagyşlap goşgy ýazýan men, Ogluň seniň şeýle oýun oýnady. Galamym meňzeşdir seniň piliňe, Ýüregim urup dur çekijiň ýaly. Men seniň pendiňi ödäp bildimmi ?! Şu pikir ynjalyk berenok häli. Sapargeldi HUDAÝBERDIÝEW. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |