10:57 Unutma meni / hekaýa | |
UNUTMA MENI
Hekaýalar
Tolkun atyp duran dört örüm saçlaryň, mähir-muhabbete püre-pürlenen şirin-şerbet sözleriň, jan alyjy jellat gara gözleriň, on sekiz ýaş, galam gaş, hünji diş, alma ýaňak, tämiz dodak... Ine,sen hakynda hakydamda galan zatlaryň bary şular. Men şahyr däl, ýöne iň bir ezber şahyr hem meniň günüme düşmese, gözlerimiň görenini görüp, kalbymyň duýanyny duýmasa, seniň husnyjemalyňy mençe taryplap biler öýdemok. Ýaşlyk göwrä, döwre, jana myhman ekeni. Muňa düşünmek üçin maňlaýy gasynly, ýüzüniň mürewweti gaçyp, bili bükülip ugran ata-babalarymyzdyr ene-mamalarymyzyň hereketini synlamagam ýeterlik, olary göreniňde, juwan ýaşlygyň wagtyň geçmegi bilen ynsan kalbyna, keşbine hem durkuna myhmandygyna göz ýetirýärsiň. Nädeýin, täleýim ters geldi. Ömürboýy seni gözläp tapmagyma, saňa ýaňadan duşmagyma hiç kesden kömek, ýardam bolmady. Ýigrimi bäş, juwan ýaşly mahallaryň hem bir özüň ot bolaňda-da, aljak galaň ýok ekeni. Sebäp, şol ýaşda-da maňa «Seniň Tyllam diýip arzylap ýöräniň bireýýämler kimdir bir bagtly ynsanyň törüni bezäp oturandyr. Ony idemegem, il-günden soramagam aýyp bor. Seniň bu hereketiň nädogry, sen ondan el çek!» diýenlerem tapyldy. Hawa, adamlardan ilki-ilkiler, meniň gullukdan gelip, seniň gözlegiňe çykan ýigrimi bäş ýaşlaryndaky ýigdekçekäm eşiden gürrüňlerimiň iň bärkisi şu we şulara meňzeş boldy. Olary diňlemegem ýakymly däldi, eşitmegem. «Gowusy, sen öz ýitigiňi, öz taýyňy indi başga ýerden gözle. Tyllany unut!» diýdiler. Ony ýüzüme durup aýdanlar hem boldy. Bu meniň başarjak işimmidi?! Elbetde, ýok. Bilýän, meniň sallahlygym hiç kese-de ýarap duranokdy. Şonuň üçinem meniň ykbalymy günde-günaşa orta goýup, erkin durmuşymy duzaga çalyşjak bolýanlar hem bardy. Olar meniň ezizlerimdi, mähribanlarymdy. O mahallar atam, enem aýatda diridi, golaý-goltumda ýakyn garyndaşlar, dost-ýarlar bardy, häzirki ýaly bir özüm, töweregim çolaryp galmandy. Meniň öýlenmek, kimdir biri bilen durmuş gurmak baradaky düşünjäm mydama olaryňka ters gelýärdi. «Eje, kaka, arrygyňyzy gynap hem oturmaň, körpe ogullaryňyzy öýeriberiň. Menden rugsat. Barybir, men öýlenmen diýdimmi, öýlenmen, müjerret öterin, ýöne Tylladan özge gyza göwün bermen! Ýüregim diňe Tylla diýip urýar, men diňe Tyllaň aşygy!» diýip, bir gezek olaryň üstüne çöwjäp gygyrypdyrynam. Haýp, adam ogly bi dünýä myhman ekeni. Ata-enem hemişe meniň dulumy alyp oturar öýdüp ýalňyşypdyryn. Soň-soňlar hem garyndaşlarym üýşüşip öýermekçi bolup, bir däl, birnäçe gezek daşyma geçdiler, ýetişen, asylly gyzlaryň telimsini salgy berdiler. Meniň bolsa şol bir jogabymdy: «Men Tylladan başga gyza öýlenmen!» Bu hakykatdan hem şeýledi. Başga gyzlar gözüme-de ilmeýärdi, başga biri bilen goş birikdirip, ýekeje günem bile ýaşap bolar öýdüp göz öňüme-de getirip biljek däldim. Aradan on–on bäş ýyl geçenden soň il-günden eşiden sözüm «Saňa-da indi bir çen boldy, kyrk ýaşadyň. Geçenden geç. Ondan saňa ýar bolmaz. Ol kimdir biriniň hyzmatynda, belki haýsydyr bir gerçegiň çagalaryna enelik edip ýörendir» diýen sözler boldy. Men per bermedim, takdyra kaýyl boldum. Öýlenmedim. Gije-gündiz akyl-huşum, işi pişäm, gözlegim, idegim Tylla boldy. Tylla diýseň tyllady. Hakyt adynay hem bilip dakylan ýaly. Ýöne näme Tylla atlynyň hyrydary artdy duruberdi. Oturyp-turup, onuň adyna ýönekeý demir, kömür dakylan bolsa bolmadymy diýip oýlanýan. Demrem, kömrem bolsa, barybir ol meniň üçin Aýyň bir parçasydy, Günüň şuglasydy, gülüň gunçasydy, göwün berip söýenim, alny bagtym, şamçyragymdy. Naçaryň alnyp gidilen ýerinde oňa menden başga-da hökman kimdir biri aşyk bolan bolmaly. Şol hem onuň kalbyňy eýeläp, ony menden aýra salan bolmaly, özi-de ony il-günden gabanyp, bukup saklap ýören bolmaly. Hawa, diňe şeýle bolan bolmaly. Ýogsam, ol özüniň önüp-ösen ýerine aýlanyp, obadaşlaryndan, joralaryndan wagtal-wagtal habar alyp durmazmydy?! Onuň baran ýeri, ýaşap ýören obasy maňa aýan bolmasa-da, il-güne belli bolardy ahyryn. Gitdigi gitdigi bolaýmalymy? Ýo-ok... Tyllanyň menden başga kimdir birine göwün bermäge, ony ýürekden söýmäge haky ýok. Maňa beren wadasy ýüreginiň töründe ornandyr ahyryn. Her kesden gorap, öz-özümden gabanyp, şunça arzylap ýören halyma...men kimdir biriniň onuň kalbyny eýeläp biljegine ynanamok, ynanmarynam. Tyllamyň nirädir birýana sumat bolmagynyň bir sebäbi bolaýmaly, bu diri aýralyk ýüregime hanjar bolup sünjüldi. Tyllam, sen iňňe däl-ä ýitere, birentekleriň gözüne iňňe bolup görünmegiňem ahmal, ýöne, ezizim, sen meniň üçin biriniň göze görnen, ulugyzydyň ahbetin. Sen diňe meňki bolmalydyň, sen meniň üçin doglupdyň, men diňe seniň bilen bagtly bolup bilerdim. Gullukdakam hem giden bir uly obaň ýigitleriniň içinden ala-böle diňe meni saýlap tapyşyňa aşyk bolup ýörerdim. Onsoň esgerlere-de, serkerdelerimize-de yzymda şeýle gyzyň garaşýanlygyny gürrüň bererdim. «Meniň halaşýan gyzym diýseň gözel, özi-de bir maşgalanyň ýalňyz perzendi» diýerdim. «Biz onuň bilen bagtly bolarys» diýerdim. Hemmeler meni gutlardylar, gullukdan soň özleriniň menden toý çakylygyna garaşjakdyklaryny aýdardylar. Ýadyňdamy, harby gulluga ugradylamda uzakdan seredip, gol bulap galanyň—diýip, bu gezek Bally aga, hemmeleriň atlandyryşy ýaly goja aşyk ylla Tylla bilen ikiçäk oturyp, şu zatlary onuň bir özüne gürrüň berýän ýalydy:--«Tylla gowşuryň!» diýen hatlarymyň hiç birine-de jogap almadym. Soň bary aýan boldy, siziňkileriň ulagly gelýärkäler ýol hadysasyna duçar bolup, diňe seniň diri galanlygyňy, şonda ata-eneňiziňiň wepat bolanyny, uzakda ýaşaýan daýy tarapyňyzdan biriniň gelip seni hem öz ýany bilen alyp gidenligini täzelikde esgerlige gelen obadaşymyz Döwletden eşitdim. Bar bolany. Başga zatdan habarym ýok. Şondan soňky geçen günlerim aýa döndi. Gullukdan gelibem, dogrusy, ähli welaýaty paý-pyýadalap diýen ýaly söküp çykdym. Seni gözledim. Halys kelebiň ujuny ýitirdim. Ýeke tut, gaýraky igdelik biziň esasy barýan ýerimizdi. Soňky duşuşugymyza üç gün galanda, elhenç bir düýş görüpdim. Dogrusy, men ol düýş barada seniň ýanyňda kelam-agyz söz açmandym. Düýş aýralykdan habar berýärdi. Sen menden aýrylyp örän uzaklara, alyslara gidýämişiň. Men bolsam yzyňda sergezdan bolup galýamyşym. Seni gözläp ýurt yzyna ýurt söküp bozlaýamyşym. Kimden sorasam ýaňy şu ýerden geçip gitdi diýýämişinler. Şo barşyma uly tokaýlygyň üstünden barýamyşym, gaplaň-şirlere gabat gelýämişim. Olar meniň yzymdan kowalap, tutdum-tutdum diýenlerinde, men guş bolup asmana galyp, uzak ýoly ýakyn edip uçýamyşym. Ýöne saňa welin gaýdyp duşamokmyşym. Görýäňmi, elhenç düýşleriňem arasynda durmuşda bolýan wakalara gabat gelýäniniň barlygyny. Bi düýşüm soňky duşuşygymyzda aňryýany bilen tassyk boldy ouryberdi. Sen şol duşuşykda öz tiken tahýam diýip maňa bir owadan tahýany sowgadam beripdiň. Geýiber, bukjamda ýene biri bar diýipdiň. Asyl ony öz elleriň bilen geýdirip, uzakdan synlabam durupdyň. Sen şonda geljekki jydalygy öňünden aňan ekeniň, sebäbi gullukdan ozalky duşuşygymyzda iki sözüň biri «Unutma meni» boldy, özi-de nämüçindir bu jümläni kän gaýtaladyň. Menem ol söze uly bir üns beribem durman, onuň «ahyrky» hoşlaşyk pursatydygymyza akyl ýetirmändirin. Elleriňden tutamda-da, al ýaňagyňdan adaja ogşamda-da seniň ozalkylaryň ýaly Ah, men pekge, bu pynhanlygyň sebäbini şo pille biljek bolubam durmandyryn. Gaýta ony gowulyga ýorupdyryn, muňa biziň durmuş toýumyzyň barha golaýlanlygynyň alamaty diýip düşünipdirin. Haýp, men ýalňyşan ekenim. Meniň «bagtym» meniň bilen hoşlaşmaga, aramyzda dagdyr derýadan böwet tutunmaga, birek-birekden ömürlik jyda düşürmäge gelen ekeni. Ony seniň gyz ýüregiň duýan bolmaly ýa-da bu syry menden pynhan saklan bolmaly. Ine, häzirki güne çenli men bu sowalyň jogabyny tapman gelýärin. Onuň haýsysynyň dogrulygyna, haýsysynyň nädogrulygyna aklym çatanok. Hany mende aşyklykdan başga durmuşyň aýlawly, kötel ýollaryndan baş çykarmaga taýyn, onuň şatylaryna döz gelmäge ukyply duýgur, dözümsiz ýürek, kuwwat barmy?! Hawa, men seniň beren şol tahýany gullukdan soň geýerin diýip aýap goýdum. Biziň pynhan gatnaşyklarymyzy, seniň maňa beren tahýaňy ejem aňan eken. Ol bir gün menden bu hakda soradam. Şonda men näme diýjegimi bilmän sakawlapdyryn. --Tylla akylly gyz! -- diýipdirin. Ejem bolsa: --Tyllanyň akylly gyzlygyna sözüm ýok, kakaň aýdýar, biriniň göz dikip duran ýalňyz perzendidir, sawçylyga barsak ony bize rowa görerlermikä diýýär, öz-ä Tyllanyň kakasy meniň Beýik Watançylyk urşuna bile gatnaşan söweşdeş dostumdyr diýýär-- diýdi. Men şonda sen hakynda, tutuş maşgalaňyz hakynda ata-enemiň hem gowy pikirdedigine begendim. Bu hakda içerimizde soň-soňlaram söz açylaryna garaşdym. Başga bir günem aýdyşym ýaly boldy. Size goňşy bolup oturýan Döwletsähet sakçy köçede kakama duşupdyr-da: «Handurdy, sen ogluňa haý-küş etmeseň-ä... Ol günbatandan soň Ýeke tuduň töwereginde kän görünýär. Ýanynda-da Berdigylyjyň dogmasy. Bolmasyz bir iş bolmanka, başlaryny bogup goýbereniň ýagşy» diýip hemleli gürläpdir. Kakam, oňa özüň belet, obanyň adamlarynyň köpüsine sowat öwreden kişidi, bizem okatdy ahyryn. Ol bu zatlara her kesçe düşünýän adamdy. Şol gezegem özüniň paýhaslylygyny elden bermändir. «Döwletsähet, duýduranyň kem bolmady, meniň zatdan habarym ýok, sagja bol. Şu günüň özünde oglum bilen egri oturyp, dogry gürleşerin!» diýipdir. Kakam şeýle-de etdi, şol gürrüňi eşiden agşamy biziň aramyzda mesaýy gürrüň boldy. - Bally, oglum, saňa Ýeke tuduň ýanyna kän barýamyşyň diýdiler welin, bu maňa ýakmady. Sen heniz ýaş, mekdebi-de tamamlaňok, ýokary okuwa-da girmeli, aralygynda gulluga-da alarlar. Herki zadyň öz wagty bardyr. Beýdip ile gürrüň bolup ýörseň-ä, gowy däl. Biziňem ejeň ikimiz piliň gulagynda uklan bolup ýörşümizi diýsene?! -- Ol şeýle diýdi-de, kem-kemden hüjüme geçdi.--Näme hakda gürrüň gidýänini özüň gowy bilýänsiň. Şumatdan iliň diline düşüp ýörseň, bilip goý, seniň bu hereketiň diňe saňa däl, gyzyň ata-enesine-de abraý getirmez! Men şonda kakama näme jogap berjegimi bilmedim. Ýüzümi aşak salyp, geplemän oturdym. Eýsem, men näme diýmeli? «Biz halaşýas» diýip kakamyň ýüzüne aýtmalymy?! Ýok, indi gaýdyp Ýeke tuduň ýanyna barmarys, Döwletsähet sakçynyň gözüne-de görünmeris diýmelimi?! Bilmedim. Aslynda ähli zatdan habarly ejemem dymyp durdy, menem dymýardym. Birdenem kakam gazaplandy, bütinleý başga keşbe girdi. Onuň: - Näme sesiňi çykarman otyrsyň, men saňa diýýän ahyryn?!-- diýip, çasly ses bilen gygyryp geplemegi meni ukudan oýandyran ýaly etdi, tisginip gidipdirin. Onýança ejem kömege ýetişdi: - Kakasy, oguljygymyň üstüne çöwjäbermesene. Indi bu ýagdaý gaýtalanmaz, ol çaga däl, ähli zada düşündi. Men Meretgül eje bilen häli-şindi görşüp durun. Olar diýseň artykmaç adamlar. Olaryň hem ýaşlaryň halaşýanlygyndan habarlary bar. - Bar bolsa bardyr, halaşýan bolsalar halaşýandyrlar, ýöne herki zadyň öz wagty bar diýdim-ä. Şumat seniň boý ýeten gyzyň kimdir biriniň ogly bilen çem gelen ýerde duşuşyp, oýnaşyp ýörse sen halarmyň? Halamarsyň. «Ody özüňe bas, ötmese kesekä» diýlendir. Olara-da ýokuş degýändir. Sen şony pikir etdiňmi? Olar hem çig süýt emen adam çagasy ahyryn. Olara-da at-abraý gerekdir ahyryn. Gaýdyp-duwara duşuşyk-puşuşyk görmäýinem, eşitmäýinem! Senem oglan, okuwyň bilen bol! --Kakamyň saly birneme gowşady. Onuň soňky sözleri hamyrdan gyl sogran ýaly kesgitli, dürs çykdy.--Oglum Bally, sen meniň kakamyň ady dakylansyň, ezizlänimsiň, nowbaharymsyň. Etjek işiňi öňünden pikir et, ätjek ädimiňi bilip ätle.Bizem seni öz söýeniň bilen gözli-başly etmegiň tarapynda. Ýöne hemme zady gullukdan soň-a goýmaly bor. Nesip bolsa, gullukdan geldigiň, toýuňyzy uludan tutarys. Muňa men söz berýän. Şodur-da-şodur biz Tylla ikimiz Ýeke tuduň ýanyna barmazlygy wadalaşdyk. Mekdepde görşenimiz bilen oňňut etdik. Onsoň biz hakda Döwletsähet sakçyň gürrüňem bolmady, başganyň diline-de düşmedik. Gurbow atly başga bir synpdaşymyz welin okuwdan öňem, soňam Tyllalaryň öýleriniň töwereginde köw-söw edip, oňa lak atan bolup ýörermişin. Bir günem synpdaş oglan-gyzlarymyz onuň bu bolşuny ýazgaryp, üstüne şir bolup topulypdyrlar. «Akylsyz it gatlaklydan tamakin bormuşyn». Garaçomak bolmazlar, senem öz deňiňi gözlärler!» diýipdirler. Ol bolsa: «Barybir, Tyllany özüm alaryn, göwnemese alyp gaçaryn, ony hiç kese bermerin!» diýip güpüleýämişin.Muňa Tyllanyň hem gahary gelýärdi, ýöne oňa henize çenli hiç bir jogap bermän ýördi.»Gaty göze-başa düşüberse, ata-enemi habarly ederin!» diýýärdi. Gurbowyň welin şo mahallaram okuw bilen ugry ýokdy. Mekdepden soňam şondan başgamyz okadyk, ýokary bilim aldyk. Herimiz bir käriň eýesi bolduk. Onuň welin soňky ykbalam meňki bolsun diýer ýaly bolmady, basym ýoluny urdurdy. Seni gözlän mahalym o tetelliň birmahalky «Göwnemese alyp gaçaryn!» diýen sözlerem kellämden çykmady. Dogrusy, Gurbow ep-esli ýyllap obada görünmänsoň, ol seni uzak bir ýerlere alyp gaçan bolaýmasyn diýibem oýlandym. Basym onuňam sebäbini öwrendim. Görüp otursak, Gurbow pahyryň seni alyp gaçmaga eli degmändir, döwletiň emlägini ogurlamakda aýyplanylyp, telim ýyllap demir gözenegiň aňyrsyndan bakyp gaýtmaly bolupdyr... Aşyk goja köne sandygyny süýräp diýen ýaly orta getirdi. Soňam ondan saralyp giden, özleriniň bir mahalky mekdebi tamamlanlaryndaky köpçülik bolup düşen suraty çykaryp, kirpikleri selçeňlän gözleriniň ýanyna getirip synlady. Indi onuň gözleri ol suratlardaky kimiň-kimligini aňşyrmasa-da, haýsysynyň Tylladygyny gözüni ýumubam tapyp biljekdi. Munuňam öz sebäbi bardy. Suratyň düşürilenine üstünden elli ýyla barabar wagt geçipdi, ol bu suraty şonça ýyllabam elinden düşürmän gelýärdi. Dogrusy, suratdaky adamlar ýyl geçdigiçe üýtgäpdi, garraşypdy, olardan iki-ýeke ýurduny täzelänleri hem bardy.Ýeke adam welin şol birmahallarky ýaşlygyna galypdy. Ol hem Tyllady. Hakykatdanam şeýledi, Tyllany şol ýaşlygyndan soň gören-bilen bolmady. Ol hemmeleriň göz öňünde birmahalky dört örüm saçlylygy, owadanlygy, gözel keşbi bilen müdimilik galypdy. Aşyk goja hemişekileri ýaly häzirem surata seredip gürrüň berýärdi. «Şu surata düşen günümiz Ogulgerek ejeler toý edýärdi. Ol toýa ikimizem barypdyk. Toý hezil boldy. Allowyň (goňşymyz Allaberdi, biz oňa öňem, häzirem Allow diýýäris). Alan gelnini palasa mündürip getirdiler. Bolmasa, şol döwrem maşynly hojalyklar bardy, şonda-da golaý ýerden alynýan gelinler palasly, uzak ýerlerden gelnalyjylar galapyn atly, düýeli getirilerdi. Şonda biz mekdebiň ahyrky ýylynda okaýardyk. Ýadyňa düşýärmi, men şonda saňa «Düýeden gorkýaňmy?» diýip soramda, «Öler ýaly gorkýan!» diýip jogap bereniň. Men ony nämüçin soradym?! Aňşyrmadyňmy, aňşyrmadyň gerek? Ol meniň «Senem gelnalyjy edip düýeli getirsek bolmazmy?» diýdigimdi. Bäş-on ýyllykda öwlüýäň müjewüri Rejep gyşyk orta ýaşlaryndaky bir maşgalanyň goşa mazaryň başynda aglap-eňräp, gül desselerini goýup, haýsydyr bir üýtgeşik maşyna münüp gidenligini aýtdy. Men ondan bu habary dogrusy şol wakadan üç gün geçensoň eşitdim. Öwlüýä uçup diýen ýaly barypdyryn. Güller hakykatdanam seniň ata-enäň goşa mazarynyň üstünde çogdamlanyp goýlupdyr. Olar heniz solubam ýetişmän eken. Men şonda bu gelen aýal maşgala hökman sen bolmaly diýdim. Seniň dünýede barlygyňa, aýatda diriligiňe, zeminiň üstünde ýaşap ýörenligiňe şükür etdim. Şo pille mazaryň daş-töwereginde galdyran köwüş yzlaryňam, gülleri göteren elleriň ysynam duýdum. Şol ýerde-de çök düşüp galypdyryn. Meni müjewür gelip oýarmdyk bolsady, belki meniň ol ýerde ýerde bihuşlygymdan aýňalyp bilmän, aýazly howada doňup galmagym hem ahmal eken. Käte-käteler maňa näbelet adamlar toýda-tomaşada; «Sakaldaş, näçe çagaň bar, agtyklaň sany näçä ýetdi?» diýibem soraýarlar. Dogrusy, köplenç halda kersirän bolup, olaryň bu sowalyny gulagymyň duşundan geçirip goýberýärin, käbirlerine bolsa «Mende çaga ýok, olaryň baryny Tylla özi bilen äkitdi» diýip nagt jogap berýän. Ýaş össürimler-ä «Aýaly bilen aýrylyşypdyr-ow» diýip düşünse, birentegi oňa gaty bir üns beribem duranoklar.Ýöne obaň ýaşuly nesli, deň-duşlarym meni gowy tanaýarlar. Olary aldamak mümkin däl. Olar men elli-altmyş ýaşamda-da, ýetmişi tegelämde-de «Bir ýar üçin ömrüni sallah ötüren aşyk goja diýerler muňa!» diýip gürrüňimi ederdiler. Birniçeleri-hä ony meniň ýüzüme durubam aýdýardylar. Kyrk ýyl töweregi mugallymçylyk etdim. Obadaşlaryň çagalaryna sapak berdim. Şonda-da nirä seretsem, kime seretsem, onuň ýüzünde seniň keşbiňi görerdüm, seniň sesiňi duýardym... Halk arasynda «Aý – arslan, Gün – göwher, bular biri-biriniň yzyndan ýetip bilmän ýören aşyk-magşuk, gyz bilen ýigitmişin» diýen ynanç bar. Bize-de duşuşmak ýok öýdýän. Aslynda bu meniň maňlaýyma ýazylany bolmaly. Nädeýin, täleýe garşy gidip biljek däldim, oňa men birjigem ökünemok. Işlemän, dynç alyşda gezip ýörenime-de on ýyldan gowrak wagt geçdi. Şonda-da seni unudyp, öýde gol gowşuryp oturandyr öýtme Tyllam. «Adam şatlansa-da hiňlener, gamlansa-da».Gam laýyna batsamam köplenç wagtlar aýdyma hiňlenýän. Aşyklaň aýdymy, aýralyk, aýryldym ... mukamlary serime gelýär. Pederlerimiz «Ynsan soraşa-soraşa, haýwan ysgaşa-ysgaşa» diýmänmi. Ady Tylla dakylan gelin-gyzlary, asyl uzak obalarda bolsa-da birin-birin aýlanyp, görüp, sorap-idäp çykdym. Olar onlarça, ýüzlerçe-de bar eken. Ýöne men öz Tyllama hiç bir ýerde duşmadym. Tylla atly öňde-soňda ýogalan gelin-gyzlar barada hem içgin gyzyklandym. Derek bolmady. Sergezdançylygym netije bermedi. Söýgülim, seni näçe söýsem-de döwran bize dönmedi. Belki meniň Tyllama baran ýerinde başga at bilen ýüzlenilýändir diýýän, belki-de meniň henize çenli baryp görmedik ýerlerimde, gum içinde, çöl-beýewanlarda çarwaçylyk durmuşynda ýaşap ýörendir....Barybir, men sen hakynda ýaramaz pikirde däl. Sen nirede bolsaňam meniň üçin hakyky tylladyr merjenden, gyzyldyr kümüşden, altyndyr göwher daşlaryndan müň paý enaýysyň, bahasyz gymmatlyksyň. Saňa gürrüň bersem, arada dümewläp, birnäçe günläp etrap keselhanasynda ýatmaly boldum. Ana, şol ýerde-de bir şepagat uýasy ir bilen ýanyma gelip: «Ýaşuly halyňa uzak gijäni «Tyllam!», «Tylla jan, sen nirede? Seslensene? Meni taşlap nirä gitdiň? Toý ederis diýipdiň. Hany beren sözüň, hany wadada wepaň? Gözlerim ýoluňda...» diýip samrap çykdyňyz» diýdi. Başga bir nobatçy aýal welin ýakasyny tutup durşuna: «Toba, toba diý, heý-de buýaşdan soňam kimdir biriniň gyzynyň adyny tutup, «Tylla“, «Seni söýýän!», «Söýgülim», «Unutman seni!» diýip, zowladyp durmak bolarmy? Aýyp bor ahyryn, ýaş-ýeleňler eşitseler näme diýer. «Bi ýaşuly däliräpdir, akylyndan azaşypdyr» diýer. Artist-beýleki bolsaň, başga gep. Artistlige-de gurp gerek, syrat-gelşik gerek, sypatam galmandyr-a sende. Köpüň gidip azyň galypdyr. Adam pahyr gezip ýörse herki zada duşjak eken-ow! Degjegm däl welin, hakyt samrap-samrap gijeki ukymy puja çykardy-la!» diýip, üstüme-de çöwjedi. Maňa seredýän lukman gelniň welin dözümsiz, ýüregi ýuka eken, onuň gürrüňlerini daşgulakdan eşitdim: «A gyz, şunça günläp kesel ýatsa-da, halyny sorap ozalky okuwçylaryndan iki-ýeke diýäýmeseň, biz-ä şu bendäň yzyndan Tylla atly maşgalanyň gelenini-hä görmedik. Görgül-ä aşyk goja ady ýönelige dakylan däl bolmaly!» diýdi. Soňam «Wah-wah-eý, gününe ýanaýyn, aşyklyk nämişlesin bi garry töňňe-de!» diýip, hälki nobatçy aýalyň zorruk sesi mesaňa-mälim bolup eşidildi. Wagt bir duran ýerinde durmaýar, durmuş öz peýwagtyna geçip dur. Biziň birek-birege soňky gezek gözümiziň düşeninden bäri-de är ömri geçip gidipdir. A meniň bolsa şol sallahlygym, ýalňyzlygym, şol seniň geljek ýoluňa göz dikip oturanlygymdyr. «Itiňem ýeke bolmasyn» diýleni. Men itiň durmuşyna-da öwrenişipdirin. Şükür, hiç zatdan kemim ýok. Ýeke galan garrylar döwlet tarapyndan hem goldanylyp dur. Bir kem zadym sen. Seň üçin bu dünýä gelipdirin, seni diýibem bu dünýäden öterin, Tyllam! Özümiň gartaşyp ugranymam, ýaşlygyň dolanyp gelmejeginem, uly ýaşly ynsanlara ölmezden öň gojalyk synagynyň, ýowuz günleriň garaşýanlygynam, deň-duşlarymyň bireýýäm «ata», «baba» bolanlygynam bilýän. Şonda-da maňa garaşyk edýän sen. Wagtyndan öň bilim büküldi, elime hasa aldym. Goý, bükülse bükülsin bilim, görmese görmesin gözlerim, saçlarym agarsyn, sakalym çalarsyn. Sözümden dänmen. Seni düýşümde görenim bilen oňubererin,düýnem düýşüme giripsiň ezizizm, garramansyň, şo-ol bir mahalky owadanlygyňa, görmegeýligiňe gözüm gidýär. Ýaşan ömrümde başga-da bir zada ymykly göz ýetirdim. Adam garrasa-da göwün garramaz ekeni. «Guly hyýaly öldürer» diýen sözlüdir türkmen. Seni gören gözlerim bilen dünýä seredýän, älemi sen bilen bile synlaýan. Mahal-mahal yza ser salýan. Her gezegem göwnüme bolmasa: «Men seniň ömürboýy garaşdyran Tyllaňdyryn!» diýäge-de gapymy kakaýjak-kakaýjak ýaly bolup dursuň. Şonuň üçinem men hemişe öýden o diýen bir uzaklara gidemok. «Tyllamy kän garaşdyrmaýyn» diýýän. Ýogsam birmahalky Ýeke tudumyzam ýekesiräp durandyr. O ýere-de köpräk barmaga çekinýän. Ýadyňdamy, kakam pahyra-da, gaýdyp Döwletsähet sakçyň gözüne görünmejekligimize-de söz beripdik. Sözümizde-de durupdyk. Häzirem bir özüm biziň üçin mukaddeslige öwrülen o ýerlere seýregrägem bolsa çekine-çekine barýan. Barsam-da barýan, il-güne gep bolmasyn, Tyllamyň at-abraýyna zeper ýetmesin diýip, gorka-gorka barýan. Dogrusy, ol ýerde bolanymda, seniň birmahallarky jak-jaklap gülen gülküleriň jahana ýaň beren sesi meniň dertli ýüregime teselli berýär. Ezizim, Tyllam, men seni unudandyr öýdüb-ä çigit ýalyjagam göwnüňe zat getirmegin, asyl-asyl oýuňa-da getirmegin! Heý-de senem bir unudyp bormy? Çyn aşygyň magşugynyň yşky dünýäsine ulaşan her bir ynsanyň maksadyndan yza tesmäge, hatda bu meselede ikirjiňlenmäge–de haky ýokdur. Belki, häzirki güne çenli ýalançyda uzak ýaşap, garrap ölmek bagtyna miýesser eden zat hem saňa beren sözümde tapylyp, seni çyn ýürekden söýýänligim sebäpdir. Bu hökman şeýledir!—Ol suraty ýerinde goýdy-da, sandygy başky alan ýerine süýşürdi. Arada mekdebiň taryh mugallymy ýanyma geldi. Ol muzeý üçin eksponat ýygnap ýören eken. Howluda ulanylman ýatan köne suw küýzeleri, misden ýasalan gadymy kündük bardy, olary berişdirip goýberdim. Ýöne ol bular bilen oňmady, menden başga bir zady almak isledi. Nämedir öýdýärsiň? Dogrusy, gaharym gelip, bokurdagym dykyn aldy, gepläp bilmedim. Ýokuş görenime düşünendir-dä hernä, gaýdyp köwlenmedi. Heý-de men oňa öýdäki elli ýyl bäri gözümiň göreji deý saklap ýören tahýamy bererinmi diýsene. Oňa sen zehiniňi siňdirdiň ahyryn. Onda henizem seniň elleriň yzyny görýän. Könelende näme, ol meniň üçin täzelerinden enaýy. Ýokary bilimli, ullakan adam bolup hem şoňa düşünmeýärmikä?! Düýn müjewür Rejep gyşyga sataşdym. Dynç gününde öwlüýäniň daş-töwereginde tämizlemek işlerini alyp barmak üçin köpçülikleýin ýowar geçirilýärmişin, muňa uzakdan-ýakyndan kän adam çagyrylyp, uly mähelläniň gelerine garaşylýarmyşyn. Şeýle günlerde adatça, her kes öz merhumynyň mazaryna gül desselerini goýýardy, bar bolan arça nahallaryny suwaryp, tämizleýiş işlerini geçirerdi. Belki senem bu ýere ezizleriňi idäp gelersiň... Wagt birçene barypdy. Ertir dynç günüdi. Bu güne hemmeden beter aşyk goja sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. «Hiçden giç ýagşy». Belki meniňem ýitigim tapylaýady-da!» diýip, öz-özüni köşeşdirdi, gijäň birmahalyna çenli doga-dilegler etdi. Mähriban okyjylam, «Umytly guş käbä ýetermişin» diýipdirler. Belki Bally aganyň hem bütin ömri köňlünde göterip ýören arzuwy hasyl bolup, ýüregi teselli tapaýady-da hern-ä! Omyn! Şondan soň-a aşyk goja ýatmak üçin uzak wagt gerek bolmady, kem-kemden ony uky basmarlady. Düşegine geçip, başyny ýassykda goýan dessine uka gitdi. Goçy ANNASÄHEDOW. | |
|
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
√ Ketenini ysgamadyk armanlar... / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |