22:28 Ussat Aýnynyñ eý gören kitaby | |
4. Ussat Aýnynyň eý gören kitaby
Edebi makalalar
Täjik sowet edebiýatynyň klassygy Sadretdin Aýnynyň türkmen durmuşy, türkmen edebiýaty bilen köptaraply ilteşikleriniň bardygyndan, elbetde, okyjylar habarlydyr. Ýazyjy baryp-ha ýetginjek wagtlary Çärjewe gelip Lebap boýlarynda ýaşaýan türkmenleriň durmuşy bilen ýakyndan tanyş bolýar. Soň zehinli ýazyjy Osman Ödäýew Aýnynyň bu syýahatyny beýan edýän özboluşly powest ýazdy. Sadretdin Aýny özüniň meşhur «Gullar» romanynda XIX asyrdaky türkmen durmuşyna-da ýygy-ýygydan ýüzlenipdi. Romany okap, biz ençeme türkmen adamlary bil ýüzbe-ýüz bolýarys. 1940-njy ýylda Keminäniň aradan çykan gününiň 100 ýyllygy dabara bilen bellenilip geçildi. Ýubileýi geçirmek baradaky bütinsoýuz komissiýanyň arasynda Aýny-da bardy. Ýubileý günleri ol Aşgabada geldi. Şol günler ol respublikan gazetlerde çykyş edip türkmen hem täjik edebiýatyny özara baglanyşyklary hakynda, doganlyk edebiýatlary ösdürmegiň dürli meseleleri barada köp sanly peýdaly pikirleri orta atypdy. Dogrusyny aýtsak XVII asyrda ýaşap, ýazan eserleri öz zamandaşlary tarapyndan «şirin hekaýatlar» atlandyrylan türkmen ýazyjysy Berhurdar Türkmen baradaky deslapky maglumaty hem edebiýatçylarymyz Aýnydan eşidipdiler. Ýöne biz bu ýerde ýazyjynyň döredijiliginiň türkmen edebiýaty bilen baglanyşygyny seljermegi göz öňüne tutamyzok. Biziň galama ýapyşmagymyza-daýazyjynyň ýatlama häsiýetli «Buhara» eserini täzeden okamagymyz sebäp boldy. Aýny eserde özüniň Buhara medresesinde okap ýören çaglary barada gürrüň edip, öz eline ilkinji ýola kitap düşüşini ýatlaýar. Şol wagt geljekki ýazyjynyň bir aýlap gara gününi dolamak üçin bary-ýogy üç teňňe puly bar eken. Bir gün kitap söwdasyny edýän mollalaryň biri Sadretdine birnäçe kitap görkezýär. Öňden bäri şygyrly kitabyň küýseginde ýören Aýny şol kitaplaryňarasyndan bir şygyrly kitaby ýaňky üç teňňesiniň birini berip satyn alýar. Kitabyň ady «Mahmyt we Aýaz» atlandyrylypdyr. Ýazyjy bu ahwalaty şeýle beýan edýär: «Kitap meniň elime düşdi. Mir Arapda bolan ähli günlerimiň içinde men ilkinji gezek baýramçylygy başdan geçirdim. Şol gün maňa diňe bir bagtly bolmaklyga umyt getirmän – bagtyň özüni-de getirdi... Şu kitap meniň üçin gymmatlydy we şuňa ýerleşdirilen gazallaryň hemmesini ýat tutmak bilen, men goşgy aýdyşmak oýnunda ýeňilmez bolýardym». Ine, ulyýazyjynyň ilkinji okan kitaby şu kitap bolupdyr. Araplarda «Ýaşlykda alnan bilim edil daşa ýazylan ýaly bolýar» diýen pähim bar. Edil şonuň ýaly-da adamyň ilkinji okan eseri onuň hemişelik ýadynda galýar, onuň hemişelik höwürdeşine öwrülýär. Eýsem Sadretdin Aýnynyň hem ilkinji ýola eý görüp okan, oňa «bagt getiren» kitaby nähili kitapka? Onuň awtory kimkä? «Mahmyt we Aýazyň» awtoryna Ýolgul Enisi diýilýär. Ol XVI asyrda ýaşan türkmen şahyry.Bu şahyr barada 1965-nji ýylda ilkinji gezek moskwaly edebiýatçy, filologiýa ylymlarynyň doktory Gazanfar Alyýew deslapky maglumatlary okyjylara ýetiripdi. Şondan soň onuň ömür hem döredijilik ýoly barada ençeme makala ýazyldy. Ol «Türkmen edebiýatynyň taryhyna» girizildi. Görşümiz ýaly, Sadretdin Aýny kimin uly ussadyň döredijilik işine gönükmeginde, çeper söze jadylanmagynda türkmen şahyrynyň eseri deslapky çelgi bolupdyr. Belli bolşy ýaly, Aýnynyň döredijiliginiň başky döwürleri şygyr senedi bilen bagly. Belki, siňňin öwrenilse, Enisiniň eseri bilen Aýnynyň eserleriniň arasyndan ençeme çeperçilik ilteşiklerini tapsa bolar! Elbetde, bu geljegiň işi. Ýöne, täsin ýeri, Täjigistanyň Ylymlar akademiýasynyň Gündogary öwreniş sektorynyň golýazmalar fondunda Enisiniň eserleriniň golýazmasy saklanýar. Golýazmada şahyryň «Mahmyt we Aýaz» poemasy-da bar. Bu golýazmanyň Sadretdin Aýnynyň baryp ýaşlyk döwründe ezizläp okan, soň-soňlar hem dilinden düşürmedik kitaby bolmagy-da ähtimal. 1982 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |