22:31 Uzaga çekmedik dostluk / häzirki zaman ertekisi | |
UZAGA ÇEKMEDIK DOSTLUK
Satiriki hekaýalar
Gadym eýýämde däl-de, häzirki zamanda obaly adam bilen bir şäherli adam dost bolupdyr. "Ara daş bolsa-da, ýürek ýakyn" diýenleri. Şäher bilen obanyñ arasy müñlerçe kilometr bolsa-da, olar biri-biriniñ toýuna-ýasyna dogan ýaly bolup gatnaşypdyrlar. Ýyllar geçipdir. Soñabaka bularyñ dostlugy sowaşyp ugrapdyr. Onuñ sebäbi bolsa şeýlemiş. Şäherli dosty öýüne gelende obaly dosyu onuñ üçin mal soýup, her dürli nahar bişirip, hyzmat edipdir. Dost-ýarlaryny, bagşy-sazandalary getirip, dostunuñ göwnüni hoşlapdyr. Ýaýlalara, çöl-beýewana awa äkidip, şähdini açypdyr. Tutan awlaryny açyk meýdanda şara-kebap edip iýip, şady-horram bolupdyrlar. Kanala suwa düşüp, tor gurup, çeññek atyp balyk tutupdyrlar. Obanyñ bol ir-iýmişleri, toý-şagalañlary şäherli adamda göýä jennetde ýaşap ýören ýaly duýgy oýarypdyr. Ol her gezek öýüne - şähere gaýtjak mahaly obaly dosty ir-iýmişlerden, täze soýlan malyñ etinden ýüküni ýetirip goýbär eken. Öz gezeginde obaly dosty şähere baranda şäherli dosty oña on alty gat jaýyñ on dördünji gatyndaky jaýynyñ bir otagyny beripdir. Şol jaýyñ lifti hem bir gün işlese, hepdeläp işlemez eken. Hawa, dostunuñ öñüne şäheriñ hlorly suwundan çaý demläp goýupdyr. Tok urdurylyp öldürilen, üstünden ençeme wagt geçenden soñ kakap ugran ördekden palaw edip beripdir. Gaýnadylan kolbasadan mürähet edipdir. Skladlarda bäş-alty ýyllap doñup ýatan sygyr etinden çekdirme bişiripdir. Maşynda getirilip satylýan, janynyñ çykanyna iki-üç gün geçen "janly" balyklardan satyn alyp, gowrup beripdir. Ýagy etinden köp bolan, et kombinatynda nädip öldürilendigi belli bolmadyk doñuz etinden çişlik edip, hezzet-hormat edipdir. Dostumyñ keýli kök bolsun diýip, dostlarynyñ birisiniñ wideomagnitofonyny getirip, ýarym-ýalañaç, wejera aýallar, adam iýijilet baradaky elhenç filmleri tomaşa etdiripdir. Howasyny täzeläýin diýip, günüñ dowamynda bir gezek şäheriñ maşynyñ tüssesinden ýaña dem alar ýaly bolmadyk köçelerine gezelenje alyp çykypdyr. Içinde çilimiñ tüssesinden ýaña oturyp bolmajak kondisionersiz, dymyk kinoteatrlara kino tomaşa etmäge alyp gidipdir. Emma soñ-soñlar obaly dosty her gezek şähere, dostunyñka gezmäge gelende bir dert tapynyp başlapdyr. Bir gezek agyr kellagyry degse, beýleki gezek içagyry degipdir. Başga bir gezek bolsa, zäherlenmä sezewar bolupdyr. Ahyry obaly şäherlä şeýle diýipdir: - Dost jan, meni bagyşla welin, meniñ entek-entekler ýaşasym gelýär. Men heniz keselläp görmändim. Emma şähere gatnadygymça köp dert tapynyp başladym. Indi gelmäni goýaýmasam boljak däl. Sizin zäherli suwuñyza, iýmitleriñize, howañyza hiç öwrenişip bilmedim. Gaty görme, dost jan. Seniñ üçin mydama gapym açyk. Baryp dur. Men welin, indi gelibilmen. Birazajyk ýaşasym gelýär. Şeýlelikde obaly dosty şäherli dostunyñka gaýdyp dolanmandyr. Şäherli dosty oba birki gezek baryp gaýdypdyr. Emma dosty şähere gelmänsoñ, ol hem oba gitmesini kesipdir. Şeýdip, olaryñ dostlugy kem-kemden ýitip gidipdir. Jorageldi SAPARGELDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |