UZAK ÝAŞYÑ SYRY
Onuň ýaşy birçene baran adamdygyny, mümkin bolsa, möhümini ur–tut bitirip bermegimi haýyş edipdiler. Hoşamat garşylap, ýüz tutan işini bökdençsiz berjaý edenime ol minnetdar boldy.
Köpgatly jaýyň bäşinji gatynda ýerleşýän telekeçilik şereketimize diňe basgançakdan münülip-düşülýärdi. Lift ýokdy. Sebäbi ol jaý ir döwürlerde gurlandy. Hoşgylawlyk edip, basgançakdan düşmäge ýardam bermekçi bolýanymy görüp, ol ör-gökden geldi:
—Azara galmaň, meniň özüm düşerin.
—Basgançak juda dik hem typançak. Size kyn bolaýmasyn?
—Men entek özüni oňarýan adam.
—Ýogsa-da siz näçe ýaşadyňyz? –diýip, men gyzyklandym.
—Näçedir öýdýäňiz? –diýip, ol ýylgyrdy.
—Segsene ýetip barýansyňyz...
—Togsan üç ýaşymda –diýip, ol meniň özüni ýaş görenime monça boldy.
—Tüweleme, ynanar ýaly däl –diýip, men geň galanymy gizlejek hem bolup durman, dogrudanam, onuň özüni ýaşyna görä ezber tutýandygyny ýaňzytdym.
Biz soň hem birnäçe gezek onuň işi babatda gabatlaşdyk. Haýyşy kompýuter tilsimaty bilen baglydy. Şonuň üçin men onuň öýüne baryp, kompýuterine ser salyp hem berdim. Şonda ol maňa çaý mürähet etdi. Özem seýrek duşýan sary çaý. Hakyky hytaý sary çaýyny.
Beýi mürepbesi bilen hoşboý ysly sary çaý içip, mesawy gürrüňçilige berlip oturyşymyza, men ondan:
—Uzak ýaşamak üçin näme etmeli? –diýip soradym.
—Onuň anyk salgysy ýok –diýip, ol eginlerini ýygyrdy.
—Eger-de siz öz durmuşyňyzyň mysalynda aýtsaňyz... –diýip, men bilesigelijilik bilen ony tijedim.
—Ilki bilen sagdyn binýat gerek. Ata-baba aňryň uzak ýaşan adamlar bolmaly.
—Onsoň?
—Onsoň, galamasy özüňe bagly...
Bu jogabynyň meni kanagatlandyrmandygyny aňyp, ol goňşy otagyna gitdi–de, esger suwgabyny alyp geldi. Onuň içindäki suwy jama guýup durşuna silkeledi. Şonda bölejik-bölejik gyrkyndylar jamyň içine düşdi.
—Bilýäňizmi, şular näme?
—Haýsydyr bir galaýy gyrkyndylary bolaýmasa... –diýdim.
—Ýok, galaýy däl, kümüş gyrkyndylary. «Kümüşli suw» diýip eşidipmidiňiz?
—Hawa.
—Ine, men bütin ömrüme diýen ýaly, kümüşli suw içdim. Maňa muny uruşda bolanymda, komandirimiz öwretdi. Ol meýletinçidi. Ýaşy ýetmişden geçendigine seretmezden, diýseň süňňusagat, pähimli kişidi. Häzir beýle suwy ýörite ýasabam satýalar. Men bolsa ony özüm ýasap içýän. Bu kyn däl. Suwgabyň içine kümüş atyp, biraz saklasaň ýeterlik. Kümüşden bejerilen şaý–sep, köne kümüş apbasy bolsa-da bolýar.
—Diýmek, uzak ýaşyň syry şunda ekeni-dä?
—Başga-da onuň köp syrlary bar.
—Mysal üçin?
—Durmuşa pähimli çemeleşmeli. Herki ýagdaýda özüňi üşükli tutmaly. Hoş ýaraýan zatlary iýip-içip, gözüňi begendirýän gözellikleri synlap, gulagyňa ýakymly sazlary diňläp, sulhuň alyşýan adamlar bilen didarlaşyp, halaýan, başarjak işiňde işläp, göwnüňiň göwnüni tapyp ýaşamaly. Aý, garaz, ýene-de köp-köp zatlar zerur.
—Beýle bolsa, uzak ýaşlylyk özboluşly bir sungat-da?
—Hawa, hysyrdyly sungat. Emma uzak ýaşamagyň bir bähbitsizje tarapy hem bar –diýip, ol gussaly keşbe girdi. —Köp ýaşasaň durmuşda bolup geçýän köp zatlaryň şaýady bolýarsyň. Olaryň ählisi gowy zatlar hem däl. Gynançlylary-da ýetik.
—Ýöne, başaryp bolsa, uzak ýaşajak bolmaly.
—Elbetde –diýip, ol baş atdy. —Ýöne manyly, özüň üçin hem, özgeler üçin hem bähbitli ýaşajak bolmaly. Esasan, nurana, gyzykly, düşekde bulaşyp ýatman, aýak üstünde, sagdyn ýaşajak bolmaly. Ýogsam uzak ýaşamagyň haýry näme?
—Dogry aýdýaňyz... –diýip, men ylalaşdym.
Ol biraz oýlanyp oturansoň, hakyt şeýle diýdi:
—Sanalgyň dolup, gitmeli pursat gelende bolsa, iň gowusy, azapsyz tarpa-taýyn gitmek.
Hemra ŞIROW.
Hekaýalar