20:45 Watan dönügine | |
WATAN DÖNÜGINE
Goşgular
Ojagyňy taşlap, öýüňi taşlap, Ýazyňy, ýasyňy, toýuňy taşlap, Gylyçdyr naýzaňy, ýaýyňy taşlap, Guwandygyň günde Aýyňy taşlap, Yzyňa garaman neçün gaçýarsyň, Kowçum-kowçum bulut deýin göçýärsiň. Gaty uzakdadyr balaň balasy, Kime ýeter eýsem ýürek nalasy? Parhy ýok, kim, bolduň iliň alasy, Ýok arkaňda atalaryň galasy. Yzyňa garaman neçün gaçýarsyň, Bulut bolup ondan-oňa göçýärsiň. Gülseň, ýüregiňden çykmasa gülki, Betbagt adam sen dünýäde, belki, Jana-jan diýardan üzülip örküň, Bolsaň bolupsyň-da, eýsem-de gör, kim?! Güne edip ýat illere gaçýarsyň, Bulut bolup ondan-oňa göçýärsiň. Bir gysym gumuna togap kyldygym, Watanym bar, sadagasy boldugym. Türkmendigim gözlerimde belligim, Watan hyzmatkäri – beýik gullugym. Urup, sögüp, horlasa-da il ýagşy, Minnetli nan iýeniňden pil ýagşy. Beg bolaňdan, öz iliňde gul ýagşy. Ne ýagşy aýazy, jybarly ýagşy. Şonda-da sen ýat illere gaçýarsyň, Bulut bolup ondan-oňa göçýärsiň. 8.10.1999. ▶ BINAMYS Hemişe bolup durmaz üstüňde ataň, Hemişelik däldir mähriban eneň. Sen niçik doguldyň nähili beýle, Gadyryn bil olaň il ýaly senem. Giç gelýäň, ir gidýäň öýden hemişe, Mähriban öýüň-le seniň gaçgynyň. Näme iş düşüpdir başyňa seniň, Erkek bolsaň, gel, ýüregiň açgynyň. Näme bolup biler ataňdan eziz, Eneň owal-ahyr bilseň dünýäňdir. Sen olary terk etmäge taýyn-la, Ynsan ýeke gezek dünýä inýändir. Iňňe sapaýmaly, ýüzüň garaört, Togsan ýaşly goja ýaly iňleýäň. Sözüňde derek ýok, işiňden bizar, Ataňy däl, bir süpügi diňleýäň. Ataň diýýär saňa: «Binamys çykdy», Eneň gamgyn, diýýär: «Öýüm ýykyldy». Beýle-de zabunlyk bolar oguşýan, Şahyr, janyň ýakjak bolsaň, ýak indi. ▶ MUSALLAT Bir tanşym bar, gaty täsin, Üç gün güýmär berseň: «häsin». Çyny bilen gülýänini, Bilip bilmen aglaýamy? Aglaýarmy – diýmek, gülýär, Gülen çagyň bagryň dilýär. Asly käri alyp-satar, Öýde jäjek hatar-hatar. Göze ilmez ýeke kitap, Halaýany etli gutap. Elliden soň joşup yşgy, Ýazýarmyşyn kyssa, goşgy. Kagyzdan üýşürip harman, Ýazýarmyşyn indi «roman». Bäsdeş däl-de, basdaşdyr ol, Akyl-huşuňy çaşyr ol. Duş etmesin beýle kişä, Musallatdyr walla, başa. Gowy zady sesi zorruk, Galamynyň bady porruk. 19.04.2000. ▶ DEGMEDIGE DEGDI OL Ilki oýnap gezdi ol, Soňra ýaýnap gezdi ol. Soňuny saýman birjik, Baý, baý, aýnap gezdi ol. Aýnasaň aýna – diýdiler, Ahmal soň taýma – diýdiler. Uly ilde özüňi Ýeke-täk saýma – diýdiler. Elbetde, oýnap bolar, Elbetde, ýaýnap bolar. Muňa durmuş diýerler, Käteler aýnap bolar. Şepelerne ýegdi ol, Degmedige degdi ol. Halallary äsgermän, Azana baş egdi ol. Muňa durmuş dilerler, Ajy-süýji iýerler. Alyň ala meýdany, Görkez güýjüň – diýerler. Terezisi durmuşyň Adalatly bormuşyn. Polatdanmy, kagyzdan, Ölçemäge zormuşyn. Bir gün öwüsdi tupan, Ýykyldy bagty ýatan. ... Iliň kesgitlär indi Goýberen her bir hataň. 29.03.2000. ▶ «MAŇA TÖHMET ATAN ADAM...» Diýmejegim diýdirensiň, Söýmejegim söýdürensiň. Uýmajagma uýduransyň, Maňa töhmet atan adam, Dostum diýip satan adam. Garryja ene-ataňy, Öýüňde kesel ýatany. Eziz zat – eziz Watany, Bir demiňde satan adam, Günäsi döw, hataň, adam. Ýigitler bar nebir, nebir, Çekdi senden agyr jebir. Töhmet atsaň erär demir, Senden bizar ataň, adam, Diýýär her kim: «Nadan adam». Gurçuk misli köküm iýýäň, Il ogrusy – hakym iýýäň. Diýýäň ýene – Haka uýýan, Haky paňa satan adam, Ýeňseden ok atan adam. Il içinde belli adyň, Bizar boldy ýakyn-ýadyň. Ýazyp goýup giden hatyň – Aýalyňam satan adam, Tabyt içre ýatan adam. ▶ «SUWA GIRIP, GURY ÇYKAN KIŞILER..» Güneşli gün gara bulut üýşüren, Gara dagy öz ýerinden süýşüren Şalar, begler ýanyňyzda nämejik, Suwa girip, gury çykan kişiler. Aždarhalar ýoluňyzdan sowular, Tilkilere buýrulyp, şir kowular. Ezýet çekdi sizden niçe gowular, Niçeleri oda ýakan kişiler. Aglasaňyz agyňyzda ýalan bar, Güleňizde gülkiňizde talaň bar. Aýak asta horluk içre galan bar, Öýleri däl, ýurdy ýykan kişiler. Ýok etmegiň hiç kim tapmaz alajyn, Ähli ýerde alamaty ajalyň. Soňy gelmez mahlugy siz haçanyň? Suwa girip, gury çykan kişiler. 11.10.1995. ▶ BIMESSEP «Ýüzüň salyk, näme üçin güleňok?» Diýýäň, a men bolsa gülüp bilemok. Men ýandym, ýanmadyň neçün oduma? Aýt, gülki düşýärmi seň ýadyňa? Derdi kän öýünde goňşy-golamyň, Niçe ýyldyr ýitdi taňry salamyň. Gözüňe görnenok özüňden başga, Kikirdäp seredýäň şahyra, bagşa. Men seni ýazgaryp oturmaýyn dost, Sen hakda aýdanyn aýtsam bor rast. Ataň diýdi: «Gaýtmaz ol garadan», Sen dälmi enäni ömür naladan. Iý, keýpiňi köle berlen ýalandan, Men öýke edemok seniň ýalakdan. 29.08.1995. | |
|
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Mekanyna gideli / Goşgular - 05.06.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Telegraf / Goşgular - 05.08.2024 |
√ Päliýamanlar / Goşgular - 20.05.2024 |
√ Wepasy hakda / Goşgular - 27.07.2024 |
√ Nämeligim soran, eşit hekaýat... / Goşgular - 18.10.2024 |
√ Şygyr ýazylmaýar, dogrulýar ahyr / Goşgular - 16.09.2024 |
√ Patyşahym, sen geçirgil gerçe guldandyr hata / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Pyglym harapdyr / Goşgular - 29.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||