16:34 "Watan dönükliginiñ" kriteriýasy näme: Ýaranjañlykmy ýa-da galamyñ mertebesine ygrarlylyk? | |
"WATAN DÖNÜKLIGINIÑ" KRITERIÝASY NÄME: ÝARANJAÑLYKMY ÝA-DA GALAMYÑ MERTEBESINE YGRARLYLYK?
Edebi makalalar
Nazym Hikmet Ran Buharest radiosyndan eden 1961-nji ýylyñ 30-njy awgustyndaky çykyşynda şeýle diýipdi: "30-njy awgust güni biz türkleriñ iñ uly baýramçylygy. Men pikir edýärin, bu diñe biziñem däl, tutuş adamzadyñ baýram edip bellemäge mynasyp güni. Çünki 30-njy awgustda ilkinji gezek biz türkler keseýerli basybalyjylara, kolonialistlere, imperializme garşy ýeñiş gazanmagyñ ýollaryndan birini görkezdik. Bulam kolonializme garşy eli ýaragly garpyşmagyñ ýoly. Kolonializmiñ hemme zada garamazdan hökman ýykylmaga degişlidigini görkezýän halklaryñ birem meniñ milletimdir. Şol sebäpden hakykatdan hem bu baýram uly baýramdyr we ýene bir gezek tekrarlap aýdýaryn, diñe türk milletiniñ baýramy däl, adamzadyñam baýramlarynyñ biridir. Eger rugsat berseñiz, şu baýram gününde "Milli Azat-edijilik dessany" atly poemamdan bir bölek okamak isleýärin". Türkiýeli kommunistleriñ köpüsi şahyry tanamazdan, hiç zat bilmezden Nazym şahyra aşyk bolşy ýaly, "nasionalizm" ideýasy bilen öñe çykanlaram ýakyndan-daşdan tanaman şahyry ýigrenýär. Ýogsam bolmasa, şol "tanamaýan" gatlagyñ Nazym Hikmeti tanamak üçin iñ gowy mysallardan biri Buharestden türk dilinde ýaýlyma goýberilýän "Bizim Radyo" kanalyna 1961-nji ýylyñ 30-njy awgustynda beren we birnäçe gezek "biz türkler" diýýän şu reportažy hem-de yzyndan okan şygyrydyr. Türkiýeden çykyp gaýdyp, Moskwa barmagynyñ ikinji gününde Sowet Soýuzynyñ Radio-telewideniýe boýunça döwlet ministrinden radionyñ türk dilinde ýaýlyma goýberilýän bölüminde hepdelik "Nazym Hikmet programmasyny" alup barmagyna rugsat berilmegini haýyş edipdir. Emma onuñ haýyşy kanagatlandyrylmansoñ, türk dilinde berilýän gepleşiklere meýletin editorlyk edipdir. Rugsat berilmezliginiñ esasy sebäbi sosializmiñ merkezi saýylýan ýurduñ Nazym şahyrdan çekinmegidi. Hawa, onuñ taýýarlajak gepleşikleriniñ Anadolyda döretjek täsirinden ürküpdiler. Otuz ýyl mundan öñ iñlis imperializmini ýeñen anadolylylara "rus sosializmini" kabul etdirmegiñ mümkin däldigini bilýändikleri üçin öz gepleşiklerine "millet", "türklük" ýaly düşünjeleri öñe çykarjagyndan gaýgylanyp, Nazym şahyryñ bu ýerleriñ adamlaryna güýçli täsirini ýetirip bilme endişesi Moskwany aşa seresaply çemeleşmäge iterýärdi. Muny örän gowy bilýän ABŞ bolsa Nazym Hikmete garşy "watan dönügi kommunist" propogandasyny egsik etmedi. Hawa, SSSR-iñ içinde ýaşan ýyllary doly KGB-niñ gözegçiligi astynda gezen Nazym şahyr daşary ýurda çykanda F.Adylow atly çekist polkownigi kölegesi ýaly onuñ yzyndan galanokdy. Aýratynam Ýewropada türk ýaşlary bilen başy birikende eden çykyşlarynyñ "milli mazmunyny" degişli ýerine şugullaýardy. Hatda bir gezek ol Bolgariýanyñ hökümetine "Siz kommunist däl, siz hakyky faşist. Türkleriñ hak-hukuklaryny bereñzok" diýendigi sebäpli diñe Sofiýa bilen däl, Moskwa bilenem garşyma-garşy gelipdi. Öz ogly ýaly gowy gören we Nazym Hikmet barada dünýä derejesinde iñ gowy kitaby ýazan Ekper Babaýeeiñ ýekeje gezegem bolsa Türkiýä gelmegine rugsat berilmezliginiñ esasy sebäbi Nazym şahyr bilen Babaýewiñ arasyndaky uçursyz güýçli "türklük" baglanyşygynyñ bolmagydy. Türkiýäniñ ýetişdiren ajaýyp karýeralu diplomatlaryndan, Türkiýäniñ Moskwadaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi bolup işlän Halil Akynjy entek ýetmişinji ýyllaryñ ortasynda ýakyndan gatnaşan adamy Ekper Babaýewi premýer-ministr Bülent Ejewitiñ ýany bilen prezident Fahri Korutürkiñem ýörite çakylyk ugradandygyna garamazdan Babaýewiñ gaýybanasyndan ýatdan bilýän Stambul şäherine gelip görmegine rugsat edilmändir. Halil aganyñ eçilip, makala ýazmagym üçin maña beren hatlarynyñ birinde Babaýew suwara türkçesi bilen şol wagtlar Ankarada işleýän Akynja "Primakowa (Rus gizlin döwletiniñ esasy adamlaryndan bolan bu şahs 1991-1999-njy ýyllarda Russiýanyñ Howpsuzlyk gullugunyñ, Daşarky howpsuzlyk gullugynyñ başlygy bolup işländejnsoñ Daşary işler ministri, premýer-ministr ýaly wezipelerde hem işledi) çakylyk ugratsañyz, belkäm meniñem gelmegim añsatlaşar" diýip ýazypdyr. Hawa, bütin bu synanyşyklara garamazdan, Ekper Babaýew Türkiýäni görüp bilmän, 1979-njy ýylda aradan çykypdyr. Hawa, watan hasratyny gidermek üçin Nazym şahyryñam ýüz tutan ýerleriniñ başynda Baku bardy. Onuñ "Güneşi içenleriñ aýdymy" atly ilkinji kitaby 1928-nji ýylda Bakuda çap edilipdir. Bakudaky galamdaşlary Nazym Hikmeti hiç mahalam "proletar şahyry" hökmünde garşylap bagyrlaryna basjak bolmandyr, Nazym şahyr olar üçin "gardaş türk şahyrydy". Ine, şahyry "watan dönükliginde" aýyplap sögünýän "nasionalistler" ("milliýetçiler") 1958-nji ýylda Baku uniwersiteyinde Nazym şahyra bagyşlap geçirilen şygryýet agşamy barada ýazylanlary okasynlar: "Edebiýat fakultetiniñ dekany Nazyma "türk gardaşymyz" diýip ýüzlenen bolsa, Bolgariýadan gidip Bakuda okaýan talyplary gujaklap bagryna basan Nazyk gözýaşyny saklap bilmändi". Ondan öñ 1957-nji ýylda Daşkentde eden we köpugurly derejede işçileriñ hak-hukuklaryny öne sürýän çykyşyndan türkiýeli kommunistleriñ näçesi habarlyka? 1958-nji ýylda Bakuwdaka 25 ýaşly kompozitor Arif Melikow şahyryñ bolýan oteline baryp, "Siziñ "Bir söýginiñ kyssasy" ("Bir Aşk Masalı") pýesañyza balet ýazmak isleýärin" diýende, ýanyndakylara ýüzlenen Nazym şahyr "Bu entek ýaş, hökman ýazar" diýipdir we Melikowyñ dünýä möçberinde tanaljak kompozitor bolmagynyñ ýoluny açypdyr. Türkiýe bilen birlikde dünýäniñ 77 ýurdunyñ teatrlarynda sahnalaşdyrylan "Muhabbet legendasy" baletiniñ 1962-nji ýylda Leningradda geçirilen goýberilişine gatnaşan Nazym şahyryñ gözýaşa gark bolup: "Arof bu eser hökman Türkiýede hem sahnalaşdyrylar, ýöne maña muny görmek nesip etmez, sen görersiñ" diýmegi, onuñ "kommunistligini" alamatlandyrýarmy ýa-da nasionalistligini? Geçen 16-njy ýanwarda 95 ýaşyny doldurmagyna üç aý galanda aradan çykan häzirkizaman dünýä romanynyñ iñ uly ussatlaryndan biri Çingiz Hüseýinow ýatlamalarynda Nazym Hikmetiñ 1962-nji ýylda Bakuwa gidip, dünýä poeziyasynyñ seýrek zehinlerinden Mirza Ali Ekper Sabiriñ doglan gününiñ ýüzünji ýylyna gatnaşmagy barada aýdypdyr. Şol günlerde Bakuwda çap edilen ýazgysynda Nazym Hikmet Sabiriñ şahsynda edebiýat adamsynyñ milletiñ ykbalynda oýnamaly roluny şu sözler bilen beýan edipdi: "Sabir bize sapak almaly üç zady öwredip gitdi: erkekligi, gahrymanlygy, gorkmazaklygy. Halky yza tesdiren hereketlere garşy barlyşyksyz göreşmehi. Azerbaýjanlylaryñ Sabir ýaly şahyrynyñ bolmagy ýaly ajaýyp zat ýok..." Türkiýeli kommunistler we nasionalistler Miraz Ali Ekper Sabiri tanaýandyram öýdemok. Emma ýokarda goşadyrnaga alyp beren sözlerimiñ Nazym şahyryñ nasionalistligini we Sabiriñ kommunistligini, edil şolar yaly-da tersine, Sabiriñ nasionalistligini we Nazymyñ kommunistligini görmeleri nukdaýnazaryndan iñ sagdyn mysal bolandygyna ynanýaryn. Belkäm bu şahyrlary okandan soñ internasionalizmiñ nämedigini öwrenerler we Leniniñ, Troskiniñ, Staliniñ yzyndan gitmelerini taşlap, Nazym şahyryñ "Türkiýäniñ işçiler synpyna salam!" şygryna, Sabiriñ bolsa: "Kim ki, adamy söýse, Azatlygyñ aşygy şodur! Çünki azatlygyñ bar ýerinde Adamzat bardyr!" - setirlerine gujak gererler. Edil Nazym Hikmetiñ 1961-nji ýylyñ 30-njy awgustynda Buharest radiosynda eden çykyşy we okan şygyry ýaly. Ýene bir zadyñ üstünde aýratyn durup geçmesem, Nazym şahyryñ ruhuna hormatsyzlyk etdigim bolar. Işiñ iñ ironiki tarapy näme, bilýäñizmi? 1987-nji ýylda Kommunistik partiýanyñ bellän we biziñ günlerimizde-de döwletiñ maliýeleşdirýän Azerbaýjanyñ Ýazyjylar soýuzynyñ başlygynyñ kürsüsinde 37 ýyldan gowrak wagt bäri oturyp gelen şahsyñ Nazym Hikmetiñ "egilmezekligini" öwmegi boldy. "Aý, berekella!" diýeliñmi ýa? Seretseñizläñ, özi öten-geçen hökümetleriñ barsynyñ öñünde iki bükülip egilendigine buýsanýan we häzirem ady "Ýazyjylar soýuzy" bolan edaranyñ Medeniýet ministrliginiñ garamagynda döwlet gaznasyndan maliýeleşdirilýändigine çigit ýaly-da utanmaýan Anar Ryzaýewiñ ömri öz prinsipleri ugrunda göreşde geçen dünýä meşhur şahyryñ "egilmezekligini" mysal görkezmegine siziñ pikiriñizçe näme at bermeli? At berme zerurlygynyñ ýokdugyny Nazym şahyryñ köpmanyly şu setirleri tassyklamaýarmy näme? Päheý, namartaý, ýüzügara!.. Ruhuñy ýesir düşen ebeşi kimin çykarypsyñ bazara, Jelebiñ ýatýan otagy ýaly edipsiñ-ä kelläñi... Kurtka-penjekli ölüleriñ jübüsinden çilen puluny Satyn aldyñ özüñe Şweýsar daglarynyñ howasyny... Maýis ALIZADE. Ýekşenbe, 01.09.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||