12:42 Watan hakda aýdymym | |
WATAN HAKDA AÝDYMYM
Goşgular
Men Watan hakynda aýdym aýtdym, Taryp edip daglaryny, düzüni. Her dem görsem gamgyn göwnüm açyldy, Mähriban, merdana ogul-gyzyny. Keýpim gaçdy betpygyla sataşyp, Alajyň ýok, ýüregimden gynandym. Diýdim: “Bäş barmagyň deň däl ahyry!” Synadym, syladym, synladym, syndym. Uly gürläp, iş düşende başyna, Gaçmadym men ojagymy äpberip. “Haramylyk haryň işi” diýdim men, Iş görmedim ol birine gep berip. Çalyşmadym çeşme-çaýyn diýaryň, Özge ýurduň tereň çeşmelerine. Paýladym ýüregmiň mähir yssysyn, Öz ilimiň şygyr teşnelerine. Elbetde, dokuzy düzüw däl dünýäň, Gürrüň etseň, gürrüňlerem ýok däldir. Öz öýüne dil ýetiren namartlar, Bardyr, ýöne weli diýmerin “Kändir”. Mahal-mahal köz basylan ýaraňa, Melhem eken öwsen mymyk şemaly. Sen niçik mukaddes, niçik keramat, Watan kelamy! Allaýar ÇÜRIÝEW. | |
|
√ Ballaryň islär / Goşgular - 22.08.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Söý meni / Goşgular - 01.08.2024 |
√ Küýze döwükleri / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Nikolaý Rubsowdan goşgular / Goşgular - 09.10.2024 |
√ Türkmen rysgy köp bolsun / Goşgular - 11.06.2024 |
√ "Watan howasyndan doýmadym hergiz..." / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Gaýnene / Goşgular - 17.10.2024 |
√ Ýaşlyk döwrüň ýatlamasy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Garajaoglanyň şygyrlarynyň täsirinden dörän şygyrlar toplumy / Goşgular - 15.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |