WELMYRAT AGANYÑ KÜLBESI
Bu wakanyň ýalana ýakyn ýeri bar bolsa, ol muny maňa aýdyp beren Welmyrat aganyň günäsi. Men welin, ir döwürlerde Sumbarýaka obalaryň birinde bolup geçen bu wakany size gürrüň berenimde oňa çigit ýaly-da ýalan goşmajakdygyma öňünden ant içip bilerin.
Bu wakany maňa aýdyp beren Welmyrat aga häzir ýetmişiň onuny uşadyp ugran adam. Ine, şol ýaňy on-on iki ýaşlaryndaky oglanka, olaryň Sumbar derýasyny ýakalap oturan obalarynyň töwereginde bir aýagyny awçynyň okunamy ýa-da gapana zaýaladan gaplaň peýda bolupdyr.
Ol käte arkanlanylgy duran, käte-de sürüde otlap ýören sygyrdyr göleleri gapyp ugrapdyr. Onuň beýtmesi düşnükli. Eger dokuzy düzüw bolsa, ol yrsgalyny adam-gara seýrek barýan ýerlerden tapyp, keýikdir gulan awlap, obanyň golaýyna-da barmazdy. Üç aýakly bolansoň, awyny kowalap almaga ýagdaýy ýok. Şonuň üçinem uzak gaçyp bilmejek ýa-da daňylgy duran oba mallaryna darap başlan bolmaly.
Gaplaňyň oba alkymyny özüniň aw meýdany edinmegi adamlaryň ýüregine dowul salypdyr. Gorkmazça-da däl, odundyr ot ýygmak ýa-da gaýry bir alada bilen obadan ýeke çykana, aç gaplaňyň topulmagy ahmal. Aslyýetinde, olar adama degmeýär. Ýöne bu gaplaňyň düşen ýagdaýynda kim bilýär? Onsoňam, aýy, ýolbars, gaplaň ýaly wagşy ýyrtyjylar ýaralanyp, adamdan ejir görseler, içi kitüwli, öçli bolýarlar. Olaryň şonda aw bilen ar alşy utgaşdyrýan halatlary az bolanok. Şolar ýaly ýagdaýda olary ýörite yzarlap tapyp öldürmeseň, hezil bermeýär.
Ine, şonuň üçinem diňe mal-garalaryna däl, öz başlaryna hem howp salýan üç aýakly gaplaňdan dynmagyň kül-külüne düşüpdirler. Onuň geläýjek ugurlaryna gapan gurupdyrlar, gürp gazyp, üstüni basyryp, ýanyna mal-gara daňyp goýupdyrlar. Mergençilikden habary barlary bolsa, atyp almak üçin ýörite gözlegine çykypdyrlar. Emma adamyň piriminden bir gezek awunan gaplaň ne-hä gapana düşüpdir, ne gürpe, ne-de atymyna gelipdir. Hiç göze görünmän awyny alyp gidipdir. Soňabaka: «Ol gaplaň däl-de, gaplaňyň keşbine giren arwahdyr» diýen gürrüň ýaýrapdyr. Ol barada gürrüň edenlerinde-de adyny «Üç aýakly arwah» diýip, tutup ugrapdyrlar.
Ýaňky Welmyrat agalaryň obadan ep-esli daşlykda mülk ýerleri bar ekeni. Ol ýer giden bagy-bossanlyk bolup, onda bir wagt ata-babalarynyň ekip ýetişdiren garry hoz agaçlary, injirdir hurmalary bişip, dökülişip ýatýan ekeni.
Güýzüň başlaryna, ol wagt ýaňy bäşinji synpda okaýan Welmyrat, üçünjide okaýan jigisi Goçmyrat bilen çal eşeklerine artlaşyp münüp, Garagöz atly itlerini hem ýanlaryna alyp, şenbe güni okuwdan soň mülk ýerlerine gidipdirler. Niýetleri bir gije şol ýerde ýatyp, ertesi —dynç güni bolsa hoz, injirdir hurma ýygyp, öýleden soň öýlerine gaýtmakmyşyn.
Olaryň ol ýerde diwarlary örme gamyş daňlyp, daşyndan suwalan kiçijik külbeleri bolup, ýatymlaýyn baranlarynda, gijesini şol ýerde geçirýärmişler. Ertekilerdäki ýaly ol geň külbede bolmagy Welmyradam, jigisem juda halaýar eken.
Olar mülk ýerlerine garaňky gatlyşyberende aşyp, eşeklerini gazyga baglap, jaýrylyp giden gadymyja ojaklarynda çaý gaýnadynypdyrlar. Köze ýumurtga gömüp «pakladyp», agşamlyk edinipdirler. Eşeklerine ot, itlerine ýal beripdirler. Soňra külbä girip, gapysyny içinden kiltläp, ýerýag bilen ýanýan panus çyralaryny ýakypdyrlar. Hersi öz kitabyny çykaryp, sapaklaryny okap başlapdyrlar. Ondan ýadansoňlar, üstüne goýun derisi atylgy sekilerde ýatyp, erteki, matal aýdyşypdyrlar. Şeýdibem, gije bir çene ýetipdir. Onsoň panus çyralarynyň yşygyny peseldip, uklap galypdyrlar.
Wagt daňa golaýlaberende, olary Garagözüň jabjynyp üýrýän sesi hem-de güňlenç arryldy oýarypdyr. Bagyň aýagujundan eşidilýän it sesi külbä barha golaýlap ugrapdyr. Ýüreklerine gorky düşen çagalar külbäniň çaklaňja äpişgesinden daşaryk äňedipdirler.
Aý aýdyňlyk bolansoň, agaçlaryň düýpleri, olaryň süýde çümdürilen ýaly görünýän syrly kölegeleri, ýüpüni üzäýjek bolup dyzaýan eşek janawar mesaňa görnüpdir. Onýança-da, baglaryň arasy bilen agsaklap, Garagöze saklatman gelýän alabeder elhenç jandar peýda bolupdyr.
Garagöz ony yzyna düşürip başga tarapa alyp gitmek üçin bolmajysyny bolup, jabjynyp üýrýärmişin. Gorkman, käte–käte çemine salyp, dişläbem gaçýarmyşyn. Aýyň şöhlesine kölegesi özünden eýmenç görünýän ol jandar bolsa ite kän bir ähmiýet bermän, göni eşegiň üstüne barýarmyşyn.
«Bu üç aýakly arwah...» diýşip, Welmyrat bilen jigisi juda gorkupdyrlar. Eşegi iýip bolup, gelägede, gamyş diwary deşip, özlerine hüjüm etse, goranmak üçin tagta sekiniň aşagynda duran çarşagydyr paltany häzirläpdirler.
Jigisi juda gorkar öýdüp, Welmyrat oňa äpişgeden seretmegi gadagan edipdir. Görse, «Üç aýakly arwah» eşege has golaýlap gelenmişin. Garagöz indi gaplaňyň gapdalynda üýrmän, garpyşjak ýaly, edil öňünde durup, onuň gaharly galgadýan penjesinden sapalak atyp sypyp, käte yzyna geçip, guýrugyndan dişläp, gaýduwsyz söweşýärmişin. Eşegiň bolsa entegem ýüpüni üzüp bilmän, şol dyzap durşumyşyn.
Onýança, gaplaň çemine salyp, bir penjelände Garagözi hol beýläk pyzyp goýberipdir. Bili oňrulan Garagöz görgüli naýynjar waňkyryp, jan beripdir.
Bu ahwalata has-da elheder alan eşek dälirän ýaly çyrpynyp başlapdyr. Gaplaň bilen arasynda on-on bäş ädim galanda, oňa teýahyr ýüpi üzmek başardypdyr. Ol ümdüzine tutduryp, bagyň çykalgasyna tarap ýönelipdir. Gaplaň biraz loňkuldap onuň yzyndan kowalansoň, ýetip bilmejegine göz ýetirip, yzyna dolanypdyr. Külbäniň ýanyna gelipdir. Ony ysgap, adam ysyny alansoň, töwereginden aýlanyp, güňlenç arlapdyr. Abat penjesi bilen gapyny, diwary penjeläpdir. Emma oňa gapyny döwmegem, diwary deşmegem başartmandyr. Welmyrat bolsa çarşagy häzirläp, gaplaň içeri girdigi böwründen sokmaga taýyn bolup durupdyr.
Gaplaň külbä girip bilmejegine düşünensoň, gaharly arlap, Garagözüň maslygynyň ýatan ýerine ýönelipdir. Ýere ýapyrylagada ony iýip bolansoň, ýene-de külbäniň ýanyna gelipdir. Töwereginden aýlanyp, diwaryň ol ýer-bu ýerini batly penjeläp, dyrnaçaklap görüpdir. Soňra ýanaşyk basylan oduna münüp, külbäniň üstüne böküpdir. Onuň agramyna tap getirmän pürslük agaçlar bil berip, döwläýjek-döwläýjek bolupdyr. Külbä ýokarsyndanam girip bilmejegine göz ýetiren gaplaň daň atyp, Gün dogup ugran çaklary bagdan çykyp gidiripdir.
Welmyrat bilen jigisi Gün dogup, jahan ýagtylansoňam daş çykmandyrlar. «Üç aýakly arwah» agaçlaryň arasynda gizlenip, özlerini peýläp ýatandyr öýdüp gorkupdyrlar. Gün guşluk boluberende, ejesi bilen goňşulary Halmyrat aga yzlaryndan gelipdir. Uruşda ýogalandygy üçin olaryň kakasy ýok ekeni.
Ejesi olara eşegiň ýüpüni süýräp, tasap barandygyny, özem bärik münüp gaýtmakçy bolsalar, hiç gaýtmandygyny, süňňüni saklap bilmän saňňyldap durandygyny gürüň beripdir.
Gije bolan wakany eşidip, olaryň depe saçlary üýşüpdir. Ejesi Welmyratdyr jigisiniň başynyň aman galanyna begenip, bir maly Hudaý ýoluna aýdypdyr.
Garagöz görgüliniň galan-gaçan jesedini gömüp, gyssagly yzlaryna gaýdypdyrlar. Bolan wakany obadaşlaryna gürrüň beripdirler.
«Üç aýakly arwahyň» adam ysyny alyp, çagalaryň oturan külbesine girmekçi bolşuny eşidip, onuň adamdan öçlüdigine, çemine salyp bilse, gypynç etmän parçalajakdygyna mazaly göz ýetiripdirler. Nädibem bolsa, tizden-tiz onuň ýoguna ýanmagyň maslahatyny edipdirler. Ahyrsoňy daşkyrak obalaryň birinde Togtamyş pälwan atly bir töwra diwanalaç adamyň bardygyny, onuň gaplaň awlaýandygyny eşidip, «Gelsin» diýip, şonuň üstüne adam ýollapdyrlar.
Gijeki bolan wakadan gorkan Welmyradyň agzy uçuklapdyr. Jigisi Goçmyrat bolsa gyzdyryp, samrap ýorgan-düşekli ýatypdyr. Olara gorkulanda edilýän emleri edipdirler. Myltyk därisini ezip içiripdirler. Gorky damaryny tutdurypdyrlar. Barybir haýry degmändir. Welmyradam, jigisem gije uklanlarynda ynjalyksyz uklapdyrlar. Der basyp, gygyryp turupdyrlar.
Yzyndan adam ýollanan Togtamyş pälwan dessine gelipdir.
Pälwan diýseler-de, onuň göwresi-gabarasy adaty adamlaryňkydan kän bir parhly dälmişin. Ol oba adamlarynyň üç aýakly gaplaň zerarly başagaý bolandyklaryny eşidip:
—Haý, sizem-äý, şol alaja güjükdenem beýle gorkar ýörerlermi? –diýip, ýaňsyly gülüpdir.
Görseler, onuň ýanynda tüpeňi-de ýokmuşyn. Muny geňirgän adamlar:
—Hany, pälwan, ýaragyň? –diýseler,
—Ynha! –diýip, bilindäki aksaplysyny görkezýärmişin.
—Degişýän-ä dälsiň-dä, pälwan, ol «üç aýakly arwahy» pyçakly-ha däl, suw ýaly tüpeňli awlamagam aňsat düşmese gerek! –diýip, adamlar oňa iş salyşmaly jandarynyň juda wagşy hem mekirdigini duýdurypdyrlar.
Ol bolsa:
—Tüpeň bilen gaplaň awlamagy kim başarmaýar? Ökde bolsaň, pyçakly awlamaly! –diýip, ýene-de ýaňsyly gülüpdir. —Ynha, meniň pyçak bilen awlan gaplaňlarymyň aşyklary! –diýip, bilinden asylgy içi zatly haltajygy görkezipdir.
Oba adamlary Togtamyşa çaý-çörek berip, özleri beýleki otaga geçipdirler-de:
—Munuň aw edişi-de, gep urşy-da geň ekeni. Aksaply bilen gaplaň öldürerin diýýär. Sözünde derek barmyka? –diýşip, maslahatlaşyp başlapdyrlar.
Bir köpi gören ýaşuly:
—Adaty adamlardan parhly bolmasa, gaplaň bilen garpyşyp biljekmi ol –diýip, adamlary köşeşdiripdir.
Togtamyş gaplaňyň soňky gelen ýerini görkezmeklerini haýyş edipdir. Ony Welmyratlaryň mülk ýerine alyp barypdyrlar.
Ol:
—Indi siz gaýdyberiň! –diýip, ýeke özi galypdyr.
Gijesine şol kiçijik külbede ýatyp, gündizine bolsa, derýaýaka tokaýlyklary, dag eteklerini aýlanyp, gaplaňyň edim-gylymyny öwrenipdir, ony gözläpdir.
Ýöne hernäçe agtarsa-da «üç aýakly arwahyň» özüni-de, gowagyny-da tapyp bilmändir.
Ol gaplaňlaryň öz aw mülküniň çäklerini wagtal-wagtal aýlanyp, beýleki ýyrtyjylar girmäge milt edip bilmez ýaly, peşewi bilen bellikleýändiklerini bilýär ekeni. Oňa hatda «üç aýakly arwahyň» şeýle belliklän ýerlerini-de tapmak başardypdyr. Ýöne onuň özi welin, ýer ýykyp gözlese-de, hiç gabat gelmändir.
Jany ýanan Togtamyş:
—Häý, alaja güjük, sen mekir welin, men sendenem mekir! Seniň garşyňa indi bir pirimjik ulanmasam boljak däl –diýip, dördülenji gün diýlende oba gaýdyp barypdyr.
Togtamyşyň «üç aýakly arwahy» awlap bilmän yzyna dolanmagyna adamlar lapykeç bolupdyrlar.
—Mundan-a derek çykjak däl. Gaplaň awlaýandyryn diýip, döşüne kakyp ýören däli-diwananyň biri ekeni! –diýşip, göwnüçökgünlige düşüpdirler.
Togtamyş bolsa olara:
—Şol alaja güjügi men size awlap bereýin-how! Ýöne siz maňa heniz sürä goşulmadyk sagmal sygyr bilen, bir ýüreklije adam beriň? –diýipdir.
—Sygyr-a düşnükli, gaplaňy aldap üstüňe getirmekçisiň. Ýöne adamy näme etjek? –diýip sorapdyrlar.
—Men gaplaň bilen garpyşanymda, yzyndan gelip, onuň aşyklysyny ýazdyrmak üçin gerek! –diýip, Togtamyş düşündiripdir.
Adamlar awçynyň sözüni geňräk görseler-de, gaplaňy awlamaga gaýry döwtalabyň ýokdugy üçin, oňa ýene-de «Bolýar» diýip, bir sagmal sygyr berip, ýanyna özüne göwni ýetip ýören bir kişini goşupdyrlar.
Ol adam tüpeňli gaýtmakçy bolsa, Togtamyş oňa:
—Tüpeň alma, beýtseň karam bolýar. Meniňki ýaly kütüje güpbi, ýitije pyçak, gaplaňyň läşini seremizsoň, çaý içmäge tüňçe alaý! –diýipdir.
Ine, şeýdibem, ol sygyrdyr ýanyna goşulan adamy alyp, tokaýlygyň içine, gaplaňyň aw örüsiniň başlanýan ýerine barypdyr.
Sygry gysgajyk daňyp, ýanynda alyp baran adamy bilen arkasyny-arkasyna diräp, hersi bir tarapa gözegçilik edip biler ýaly oturyp, garaşyp başlapdyr. Gün ýaşyp, garaňky düşüpdir. Wagt ýarygijeden geçipdir. Emma gaplaňdan derek ýokmuşyn. Sygyr bolsa gölesini küýsäp, şol «molap» duranmyşyn.
Togtamyş yzynda oturanyň uky bürüp irkilýändigini aňypdyr. Arka tarapynyň gözegçisiz galmagynyň mümkindigini duýup, oňa:
—Eliňi bärik uzat! –diýipdir.
Ol elini uzadypdyram welin, goşaryndan pugta tutup, başam barmagyny biraz kesägede, jübüsinden duz çykaryp sepipdir. Öz barmagyny hem şeýdipdir. Daň ýaňy agaryp başlan wagtlary, gargygamyşlar «şagyrdap» ugrapdyr. Aýyň ýagtysyna gaplaňyň alabeder sudury görnüpdir. Ol gamyşlykdan çykypdyr-da, gorkusyna süňňüni saklap bilmän, ýüpden boşamakçy bolup urunýan sygra tarap ýönelipdir.
Togtamyş pälwan sol eline güpbi dolap, sag eline bolsa aksaplysyny alyp, gaplaňyň öňünden çykypdyr. Garaşmadyk ýerinde adama gabat gelen gaplaň «Ýolumdan aýryl!» diýýän terzde gaharly arlapdyr. Ondan gorkup, Togtamyşyň ýanyna goşulan adam derrew gapdalyndaky belent toraňňa münüpdir.
Togtamyş welin:
—Gaýratyň bolsa geliber, alaja güjük, garpyşaly! –diýip, häzir bolup duranmyşyn.
Beýle garadangaýtmazlykdan howy basylan gaplaň yzyna öwrülip, gidibermekçi bolupdyr.
—Häý, bigaýrat alaja güjük diýsänim! Näme, gorkduňmy? –diýip, Togtamyş onuň yzyndan gygyryp, loh-loh gülüpdir. Gaplaň Togtamyşyň sesini özüne edilen hüjüm diýip düşünip, yzyna öwrülägede, onuň üstüne böküpdir.
Endigine werziş awçy güpbä dolangy sol goluny gaplaňyň agzyna berip, aksaplysyny «Ýüregidir-dä hernä!» diýip, ýyrtyjynyň böwründen urupdyr. Gaplaň kuwwatly jandar. Bir gezek pyçaklany bilen tapdan düşmän, hüjümini dowam etdiripdir. Ikinji gezek pyçaklaýyn diýse, gaplaňyň jonnuk aýagy onuň sag goluny pugta gysyp, maý berenokmyşyn.
Togtamyş agaçda oturana:
—Gel, aşyklysyny ýazdyr! –diýip gygyrypdyr.
Ol welin, gorkusyna agaçdan düşmäge-de milt etmändir. Togtamyş teýahyry mümkinçilik tapyp, ýene-de bir-iki gezek jaýdar pyçaklansoň, gaplaň tapdan düşüp ýykylypdyr.
—Aşykly ýazdyryşyňy-ha gördük. Indi agaçdan düş-de, men gaplaňyň hamyny sypyrýançam çaý bir gaýnat! –diýip, Togtamyş ýoldaşyna buýrupdyr.
Ol gaplaňyň hamyny howlukman sypyrypdyr. Aýaklarynyň aşyklaryny kesip alyp, ýanyndaky adama güjeňläpdir:
—Eger ýaňy gelip, munuň aşyklysyny ýazdyran bolsaň, şu aşyklaryň birini saňa bererdim –diýip, haltasyna salypdyr.
Çaý içip nepesini durlansoň, oba gaýdypdyrlar.
Olar obanyň çetinden girenden, adamlar Togtamyşyň egnindäki gaplaň derisini görüp, ylgap öňünden çykyp, begençli gujaklapdyrlar.
Togtamyş pälwan töweregine üýşen mähellä:
—Ynha, sygryňyz, ynha-da, ýanyma goşan adamyňyz, ynha-da, alaja güjügiň derisi! Sygryňyz-a ynamy doly ödedi welin, bu adamyň gaplaň awyna alyp giderligi ýok ekeni –diýipdir.
—Sag bol pälwan, başymyzy bu elhenç beladan gutaranyň üçin sen şu göleli sygry alyp ötägit –diýipdirler.
Togtamyş pälwan:
—Ýok, maňa sygryňyz derkar däl! Men özüme gerek zady eýýäm aldym. Ol, ynha, şu haltajygyň içinde! –diýip, bilinden asylgy haltasyny görkezipdir.
—Munyň-a bir hili bolýar, pälwan. Biz seni gury goýberip bilmeris! –diýşip, oba adamlary onuň näme-de bolsa bir zat almagyny haýyş edipdirler.
—Beýle bolsa, siz maňa şol başda gören mülk ýerimdäki hozdan bir halta beräýiň? Bärden baranymda, öňümden ylgaşyp çyksalar, obamyzyň çagalaryna paýlarym ýaly –diýip, Togtamyş pälwan göwün islegini aýdypdyr.
—Ony, ynha, derrewjik kakyp, çöpläp geleris –diýşip, ýerli-ýerden Togtamyşyň haýyşyny bitirmäge ugramakçy bolupdyrlar.
Onda Togtamyş olara:
—Azara galmaň. Meniň özüm kakyp alaryn. Ýöne siz maňa hoz çöpleşmäge bir-iki sany oglanjyk beräýiň. Şol gije külbede gaplaňyň gorkuzan çagalary gitse-hä has gowy! –diýipdir.
Welmyrat jigisi bilen gidip, Togtamyş pälwanyň garry hoz agajyna münüp, hezil edip kakan hozlaryny çöpleşipdirler. Gijesini çatmada geçiripdirler.
Hoşlaşmaly pursat gelende, Togtamyş pälwan bilindäki haltajygyny çözüp, ondan iki sany goçak aşyk çykarypdyr-da, Welmyrat bilen jigisiniň hersine birini beripdir:
—Hiç haçan siz ol alaja güjükden gorkup ýörmäň! Adam ähli zatdan rüstemdir –diýipdir.
Şondan soň olar gijesine gorkup turmasyny goýupdyrlar.
Ony bütin oba bolup ugradypdyrlar.
Togtamyş tä garrap tapdan düşýänçä, aksaplysy bilen adamlara, olaryň mal-mülküne howp salan gaplaňlary awlap gezipdir.
Ýaşy bir çene baransoň bolsa, ol: «Men iň soňky gezek awa gitmekçi» diýip hoşlaşyp, öýünden çykyp gaýdyp, yzyna dolanmandyr.
Derýaýaka tokaýlyklary, dag eteklerini hernäçe gözleseler-de, ondan hiç bir nam-nyşan tapyp bilmändirler.
«Dünýäden ötendiginiň haýsydyr bir subudyny görýänçäk, patasyny almarys» diýşip, çagalary oňa umytly garaşypdyrlar.
Aradan birnäçe ýyl geçensoň, dagyň jümmüşinden magdan gözläp ýören geologlar, barmasy kyn gaplaň-barsly jülgeleriň birinden bir owadan aksaply pyçak tapypdyrlar. Pyçagyň ýanynda bolsa adam süňkleridir bir topar aşyk pytraşyp ýatyrmyşyn...
...Meniň üç aýakly gaplaň baradaky bu hekaýatymy diňläp:
« Muňa asla ynanar ýaly däl. Aksaply bilen gaplaň awlan beýle adam barada biz-ä entek eşitmändik» diýýänsiňiz.
Welmyrat agalarda otyrkak, ol maňa bu wakany aýdyp berende, men hem oňa hut siziň diýeniňizi diýdim. Ýöne şonda Welmyrat aga ýylgyrdy-da, ýerinden turup, hat stolunyň tahylyndan ullakan bir aşygy çykaryp görkezdi:
—Ynha, şol aşyk! Togtamyş pälwanyň maňa sowgat beren aşygy. Men muny şunça ýyllap ýitirmän sakladym –diýdi.
Bir tomus bolsa meniň maşynymda Welmyrat aga bilen onuň önüp-ösen obasyna gitdik. Sumbar boýlaryna, dag eteklerine, Welmyrat aganyň çagalygynyň geçen ýerlerine aýlandyk. Olaryň ata-baba mülk ýerinde bolduk.
Örän belent hem ýaýbaň hoz agaçlaryny görüp, men haýran galdym. Beýle gojaman hozlary ilkinji görşümdi.
—Agaçlaryň ýady bar bolsa, bular meni tanandyrlar. Men şo-ol size münüp oturmagy gowy görýän kiçijik oglanjyk Welmyrat-da! –diýip,ol garry hozlaryňdyr badamlaryň ýygyrt-ýygyrt gabykly ýogyn düýplerini aýratyn bir mähir bilen sypady. —Geçen ýyl bulardan habar tutubam bilmedim. «Äkidäýiň» diýsem, dört oglumyň dördüsem: «Elimiz degenok» diýşip, işli bolup çykdylar.Ine, garrasaň boljagyň… –diýip, ol zeýrendi.
—Tomusky dynç alyş döwri uluja agtyklaryňyzy goýberäýseňiz bolanokmy? Bu täsin tebigatly ýerleri görüp, hezil edinerdiler –diýdim.
—Wah, näsini aýdýarsyň, inim. Şäher çagalarynyň şäherden çykaslary gelenok-da. Tebigaty olar telewizorda görüp ulalýarlar –diýdi.
Men onuň bu jogabynyň aňyrsynda, ömri paýawlap barýan adamyň öz neberelerine ata-baba kökleri ýitirýändikleri üçin dörän kinäniň ýatandygyny duýdum. Bu şeýle bolanda, köpler döwri günäkärleýär. Onuň welin özüni günükärleýändigi, şäher durmuşyna ymtylyp, pursady sypdyrandygyna ahmyr edýändigi duýulýardy.
—Togtamyş pälwan ynha, şu hoza çykyp, hoz kakypdy, jigim ikimiz bolsa çöpleşipdik –diýip, Welmyrat aga maňa ençeme ýaşly hoz agajyny görkezdi. —Bu ýerde itimiz Garagözi jaýlapdyk. Bu bolsa biziň köneje külbämiz –diýip, ol gadyrdan dostuna duşan ýaly, egnini ýygryp oturan horaşaja külbäni mähirli synlady. —Ynha, bu yzlar şol üç aýakly gaplaňyň penjesiniň yzlary –diýip, diwaryň ýüzünde galan dyrnak yzlaryny görkezdi.
Mülk ýere garaşyk edilmändigi duýlup durdy. Miweleri aşagyna dökülişip, ýapraga garylyp, çüýräp ýatyrdy. Agaçlaryň ol ýer-bu ýerinde kesilip aýrylmaly guran şahalary bardy.
Bagy öz akymyna suwarýan çaklaňja dag çeşmejigi bolsa näme üçindir gurapdyr. Welmyrat aga ikimiz onuň köremeginiň sebäbini biljek bolup köp çak urduk. Läheň dag gaýasyny göterip görüp bolýarmy näme? «Belki, sarsgyn sebäpli çeşmäniň gözbaşy gysylyp gömlendir. Daglyk ýerde owunjak ýerasty sarsgynlar häli-şindi bolup durýar ahyryn» diýen pikire geldik.
«Çeşmejigiň gözbaşynyň uzagyndan ýene-de açylmagy-da mümkin» diýen umyt bilen, onuň baga barýan hanasyny hapa-hupa ot-çöpden arassaladyk.Ýykylyp ugran gadymyja ojakda ot ýakyp, çaý gaýnadynyp içdik. Köneje külbede bir gije bolup, ertesi yzymyza —Aşgabada gaýtdyk.
Şol gezekki saparymyzdan soň men-ä Welmyrat agadan eşiden bu hekaýatyma ynandym. Sizem özüňiz biliň.
Hemra ŞIROW.
Hekaýalar