01:15 Wesýet | |
WESÝET*
Goşgular
Ýoldaşlar, ýurdumyñ azatlygyny men görüp bilmesem, onda meýdimi äkidiñ Türkiýä, jaýlañ şol ýerde - öz belet obamda jaýlañ siz meni. Arasynda Osman bilen Äşäniñ ýataýyn men ebedilik-hemişe. Osmany öldürtdi zalym Hasan beg, çaganyñ üstünden gidipdi Äşe. Çowdarynyñ arasynda - meýdanda çagalap, dünýäden ötdi görgüli... Gowy bor deñinden traktor ötse, geljek döwrüñ günleriniñ bir güni. Säher benzininiñ hem täze adamyñ ysy ýaýrar biziñ mazatystana. Žandarmdan gorkman ýaşar zähmetkeş, kollektiw eýe bor bagy-bossana. Gurakçylyk bolmaz. Her maşgalada günde öýüñ içi bolar ala-ýaz. Zähmet hakda aýdym aýdar adamlar, bize welin gelip ýetmez ol owaz. Ölen adam kördir, laldyr, sokurdyr, Ölen adam çüýrär ýatar toprakda. guran bir çybygyñ çüýreýşi ýaly, Diñläñ, meniñ sözüm başga zat hakda: Meniñ birçak aýdan aýdymlarymdyr zähmet hakda aýdyljak şol aýdymlar, zähmet hakyndaky ol aýdymlary giç aýdarlar ol ýerdäki adamlar. Iñ ilkinji traktoryñ çyzgysy çyzylmanka, gördüm ýanýan benzini. Meniñ burnum onuñ ysyny datdy, Indi diñläñ gürrüñimiñ yzyny. Goñşy gabyrdaky Osman hem Äşe, azatlygyñ gelip ýetjegni añman, bagtly durmuşy arzuw edendir, Özüm-ä şeýle diýp edýärin güman. Ýoldaşlar, ýurdumyñ azatlygyny - şanly güni görüp bilmesem gerek. Meni jaýlañ Türkiýede. Gabrymyñ üstünde bitse bes birje ak derek. 1953. Nazym HIKMET. _____________________________ * Şahyr bu goşgyny agyr kesellände (1952-nji ýylyñ güýzünden 1953-nji ýylyñ ýazyna çenli) ýazypdyr. Terjime eden: Allaberdi HAÝYDOW. | |
|
√ Türkmen sährasynyň nowbahar gyzy / Goşgular - 18.08.2024 |
√ Diňleseň... / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Yşkdan dawa kylan kişi... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Oglan wagtymyz... / Goşgular - 17.10.2024 |
√ Ýediñde ýazylan goşgy / Goşgular - 26.06.2024 |
√ Özümiñki däl eken / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Aýandyr bary / Goşgular - 17.05.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ Zyňlan bäbek / Goşgular - 05.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |