13:57 Weteran kyssasy-mertlik mekdebi | |
WETERAN KYSSASY-MERTLIK MEKDEBI
Ýatlamalar
Beýik Watançylyk urşunyň weteranynyň her bir gürrüňi ýaşlar üçin mertligiň, ugurtapyjylygyň, ynsaplylygyň, çydamlylygyň mekdebidir. Bu hakykata uruş weteranlarymyzyň öz perzentlerine gürrüň beren wakalaryny diňlän her bir ynsan göz ýetirse gerek. Uruş weterany Öwek aga 1913-nji ýylda Gyzylarbat etrabynyň Jejirs obasynda eneden bolýar. 9 ýaşyna ýetende kakasy aradan çykyp, ýetim galýar. Oba mekdebinde okap bilim alýar. 1940-njy ýylda Sowet Goşunyna gulluga çagyrylýar. Belarussiýanyň Kirowograd şäherinde gulluk edýär. Witebsk kanalynyň gurluşygyna gatnaşýar. 1941-nji ýylyň 21-nji iýunynda faşistik Germaniýanyň ähtiýalanlyk bilen şol wagtky SSSR döwletine çozup girmegi bilen Beýik Watançylyk urşy başlanýar. Öwek aganyň bölümine söweş tälimleri öwredilýär. Ol Moskwada 1941-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Beýik Oktýabr Rewolýusiýasynyň 24 ýyllygyna bagyşlap geçirilen taryhy parada gatnaşýar. Ine ady agzalýan uruş weteranynyň terjimehaly şeýleräk başlaýar... Öwek aganyň terjimehalyna degişli käbir maglumatlary onuň körpe ogly Mädeamanyň öýünde mukaddes zat hökmünde aýap saklanýan harby biletdir, alan orden-medallarynyň şahadatnamasyndan bilmek bolýar. Hususan-da Öwek aga degişli HT №2941628 belgili harby biletde hakyky harby gullugy geçişi barada şeýle maglumatlar berilýär: “Ol 1940-njy ýylyň sentýabryndan 1942-nji ýylyň mart aýyna çenli 157-nji kowaller (atly) polkunda, kowalernoý wezipesinde gulluk edýär. 1942-nji ýylyň 17-nji martynda ýaralananlygy sebäpli boşadylýar. 1944-nji ýylyň aprel aýyndan 1945-nji ýylyň mart aýyna çenli 9-njy Nowgorodskiniň sapýer brigadasynyň bölüm serkerdesi bolýar. 1945-nji ýylyň martyndan 1945-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli 392-nji dwiziýanyň zenit polkunda telefonist, seržant bolup gulluk edýär. Şeýle hem, bu harby biletde Öwek aganyň 1944-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda çep injiginden ýeňil ýaralanandygy we 1945-nji ýylyň 21-nji martynda çep kebzesinden agyr ýaralanandygy barada aýdylýar. ,,Edermenligi üçin” diýen medal bilen hem 1944-nji ýylyň sentýabrynda sylaglanýar. Beýik Watançylyk urşunyň ilkinji günlerinde Sowet Goşuny duşmana başarnygyna görä zyýan ýetirmek bilen yza çekilýärdi. Bir gezek Öwek aga söweşden soň, aýagyndan ýaralanyp, gan köp gidensoň ysgyndan gaçyp, baga söýenip duran sowet ofiseriniň üstünden barýar. Öwek aga ofiseri arkasyna alyp 5-6 km uzaklykdaky, ýola tarap ugraýar. Ýolda ofiser onuň familiýasyny, adyny haýsy bölümde söweşýändigini soraýar. Öwek aganyň eden bu ýagşylygyny unutmajagyny aýdýar. Ýadap biraz dynç alandan soň, goýup gitmegi maslahat berýär. Öwek aga şonda-da ofiseri taşlaman ahyry uly ýola ýetýär. Ýaraly ofiseri gospitala ugratmak üçin geçip barýan maşynlara elini galdyrýar. Köp maşyn durman geçýär. Ahyry bir ýük maşyny durýar. Ol maşynyň nomerine üns bermän, maşyndan düşen esgerlere ofiseri gospitala äkitmegi haýyş edip, maşyna ýükläp ugradýar. Köpüň içinde iň bolmanda bir bilimli adam bolsa, onuň köpçülige uly peýdasy bolýar. Munuň hakykatdygyna Öwek aga uruş döwründe göz ýetirýär. Bu barada Öwek aga perzentlerine şeýle gürrüň beripdir: - Bir gezek biziň goşun bölümimizi nemesleriň goşuny gabawa saldylar. Muny daş töwrege assyrynlyk bilen gözegçilik edenimizde aňdyk. Üç tarapymyz - haýsy tarapa ugrasak nemeslere duşýardyk. Dördünji tarapymyz bolsa, baryp batgalyga direýärdi. Gün ýaşdy. Garaňky düşdi. Daň atansoň, ýaraglaryňy taşlap ýesir düşmekden başga alaç ýokdy. Rota komandirimiz ugurtapyjy, bilimli ýaş ofiserdi. Elinde karta bardy. Ol plaşyň içinde otluçöp ýakdyryp batgalygyň içinde gury ýere çykylýan ýodanyň bardygyny anyklady. Ýöne gijäniň içinde ugur tapmak, haýsy tarapyň gündogardygyny, günbatardygyny, demirgazykdygyny, günortadygyny anyklamak kyndy. Gije sagat 3-lerde Aý dogup, biraz ýer ýagtyldy. Şol wagt rota komandirimiz ýyldyza seredip ugur kesgitledi hem gury ýere çykýan ýoluň başlangyjyny tapdy. Biz ýola düşdük. Gije alabulutdy. Aý bir buluda girip garalsa, bir bulutdan çykyp biraz ýoly ýagtyldýardy. Ses eşidilse faşistler aňjakdy. Şonuň üçin biraz saklanmaly bolsa, iň öňde barýan rota komandirimiz eli bilen yşarat edýärdi. Şonda biraz oturyp dynç alýardyk. Komandirimiz plaşyň içinde esgerleriň birine otluçöp çakdyryp, karta seredip, soň ýyldyza, Aýa seredip ugruň dogrulygyny kesgitleýärdi. Şeýdip gijäniň içi daňdana çenli ýöräp, 20-25 km-e golaý ýol geçdik. Şeýdip tutuş bir rota bir başarjaň, ugurtapyjylygy ofiseriň kömegi bilen gabawdan aman sypdy. 1944-nji ýylyň sentýabr aýy. Güýzüň güni bolsa-da, howa sowuk. Ýylanmak hem az-owlak baryndan iýip-içmek üçin odun gerekdi. Goşun bölüminiň komandiri bir adamy öz islegi bilen odun getirmek üçin ibermekçi bolýar. Öwek aga odun getirmäge göwünjeň bolýar. Faşistlere duşulaýanda-da zerur bolmasa ot açmaga rugsat berilmeýärdi. Sebäbi ot açylsa faşistler goşun bölüminiň nirede ýerleşýänini bilip kähalatda goşun bölümini ýok etmäge doly güýji ýetýärdi. Ýagdaý şeýle bolansoň, Öwek aganyň ýaraglaryny alyp galýarlar. Öwek aga odun çapmak üçin palta we ýalan granat bilen odun getirmäge gidýär. Ol ep-esli ýol geçip, tokaýlyga barýar. Tokaýlykda 100 m çemesi uzaklykdan hiç zatdan ätiýaç etmän, arkaýyn özara gürleşip gelýän iki sany aragatnaşykçy nemes esgerini görýär. Öwek aga ýuwaşlyk bilen agaja dyrmaşyp çykyp oturýar. Nemes esgerleri deňinden biraz geçensoň eline ýalan granaty alyp bagdan bökýär-de ..Hand hoh!” (Eliňi galdyr!) diýip gygyrýar. Duýdansyz sese, granatly sowet esgerine duşan nemes esgerleri aljyrap ellerini galdyrýarlar. Öwek aga pursatdan peýdalanyp olaryň ýaraglaryny alyp, öňüne salyp goşun bölümine getirýär. Onuň üçin ol 1944-nji ýylyň sentýabrynda ,,Edermenligi üçin” diýen medal bilen sylaglanýar. Öwek aga 1944-nji ýylda söweşleriň birinde agyr ýaralanýar. Faşist oky ýüregiň golaýyndan geçip kebzäni alyp gidýär. Ol 6 aýa golaý gospitalda ýatyp ýarasyny bejerdýär. 1945-nji ýylda Mongoliýa ugrundaky söweşlere gatnaşýar. Söweşleriň birinden soň, mandatka (tükelleýiş) geçilýär. Mandatkada her esgeriň ady tutulyp bir ýerden başga ýere toplaýarlar. Şol mandatkada iň soňunda ýeke galandan soň, ony ştaba çagyrýarlar. Öwek aga gorkýar. Özüniň näme ýalňyşlyk goýberenligi barada oýlanýar. Goýberen ýalňyşlygy ýadyna düşenok. Dogrusy şonuň ýaly ştaba çagyrylan esgerleriň atsyz-sorsuz ýitýän wagtlary, hatda atuw jezasyna höküm edilýän wagtlary hem bolaýýardy. Öwek aga ýanyndaky bar bolan zatlaryny söweşdeş ýoldaşlaryna paýlaýar. Ýoldaşlaryna adresini ýatladyp öýlerine dereksiz ýitenligi barada hat ýollamaklaryny haýyş edýär. Öwek aga ştaba baryp düzgün boýunça çest berýär. Ştabda birnäçe general bolup, ondan gezekli-gezegine sorag edip başlaýarlarlar: - Siz söweşde aýagyndan ýaralanan bir ofiseri söweşden soň göterip uly ýola tarap alyp gaýtdyňyzmy? - Hawa. - Ýanyňyzda başga adam barmydy? - Ýok. - Şol ofiseri siz näme etdiňiz? - Bir maşyna ýükläp gospitala ugratdym. - Şol ofiseri iberen maşynyňyzyň nomerini bilýärsiňizmi? - Ýok. - Şol maşyn nemes razwedkasynyň maşyny eken. Size ýowuz jeza garaşýar. Bu sözi eşiden Öwek aganyň üstünden gaýnag suw guýlana dönýär. Generallaryň biri ýylgyrýar. Öwek aga zordan: - Beýle däldir-le- diýýär. Şonda generallaryň biri Öwek agadan: - Seniň şol maşyna ýükläp ugradan ofiseriň belki şu adamlaryň arasynda bardyr. Synla! Tanap biljekmi? –diýip soraýar. Öwek aga her generalyň ýanyna baryp synlaýar. Öňki ýylgyrýan general indi oňa gahar gazap bilen seredýär. Öwek aga synlap bolansoň: "Ýok. Bularyň içinde ol diýýän ofiserim ýok” diýýär. Onda generallaryň biri: "Siz şol ofiseri nemeslere satypsyňyz?” diýýär. Öwek aga ýuwdunýar, ýüzüni aşak salýar. Hawa-da, subut edip bilmeseň, ýowuz jeza garaşybermeli. Ine, şonda generallaryň biri "Besdir, mundan artyk kösemäň!” diýip, ýerinden turýar. Agsaklap gelip, Öwek agany garsa gujaklaýar. Bu general Öwek aganyň tokaýdan göterip gaýdan şol offiseri ekeni. Dört ýylyň içinde semräpdir. Orden medallary alypdyr. Genaral çinini alypdyr. Şu wakadan 3-4 aý geçensoň, uruş doly tamamlanyp Öwek aga demobilizleýär. Öz obasyna ugradylýar. Obasyna onuň dereksiz ýitenligi barada hat gelipdi. Öwek aga öz ýylyny edip durkalar üstünden gelýär. Öwek aga obasyna gelip ömri ötýänçä kolhoz çopany bolup işledi. Ol 1979-njy ýylyň 7-nji noýabrynda 66 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Jaýyň jennet bolsun, mertligiň, gaýduwsyzlygyň, adamkärçiligiň mekdebi bolan Öwek aga! | |
|