12:14 Wsewolod Iwanow Türkmenistanda | |
WSEWOLOD IWANOW TÜRKMENISTANDA
Ýatlamalar
Sowet edebiýatlarynyň özara gatnaşygy, özara baýlaşmagy bireýýämden bäri mizemez kada öwrülip, her bir halkyň medeniýetiniň gülläp ösmegine getirdi. Sowet ýazyjylarynyň beýik Gorkiden başlanan hyzmatdaşlygy ösdi hem-de kämilleşdi. Ol hyzmatdaşlyk sowet ýazyjylarynyň doganlyk gostlugyna öwrüldi. Tutuş sowet edebiýatyny ösdürmek barada Sowet Soýuzynyň Kommunistik partiýasynyň atalyk aladasy bilen gurşalan biziň ýazyjylarymyz mähriban partiýamyzyň iň ýakyn kömekçileri bolmak wezipelerini iş ýüzünde berjaý edýärler, olar özleriniň iň oňat eserlerinde halkymyzyň mizemez dostlugyny, parahatçylygy, kommunizm ugrundaky tutanýerli göreşini çeper söz serişdeleri arkaly wasp edýärler. Türkmenistan hökümetiniň 1930-njy ýylda rus ýazyjylaryny respublikamyza çagyrmagy bilen, ýarym asyr mundan öň ymykly başlanan rus-türkmen edebi hyzmatdaşlygy türkmen sowet edebiýatynyň kämilleşmegine, gülläp ösmegine ýardam etdi, biziň ýazyjylarymyzyň doganlyk dostlugyny öňküden-de pugtalandyrdy. Özüne «galam tutmasyny, sözlem düzmesini, ädim ätmesini öwredeni rus ýazyjysy» hasaplan türkmen sowet edebiýatynyň klassygy, Sosialistik Zähmetiň Gahrymany Berdi Kerbabaýew rus ýazyjylarynyň şol ýatdan çykmajak sapary barada çärýek asyr mundan öň öz makalalarynyň birinde şeýle ýazypdy: «Men 1930-njy ýylda Türkmenistana gelen rus ýazyjylary bilen birnäçe wagt bile gezipdim (dogrusy, şol ýazyjylar bilen duşuşamyzda, heniz hem dostlarça gujaklaşýarys). Nikolaý Tihonowyň ýol bukjasyny kebzesine daňyp, syýahatçylarça hereket edeni, nätanyş durmuşa nebsewür höwes, hyrydar göz bilen garany heniz hem meniň gözümiň öňünden gidenok. Leonid Leonowyň: «Ýazyjy bolmak isleseň, her gün ýazmak gerek, goý, az bolsun – uz bolsun, emma her gün ýazmak gerek» diýeni meniň ýüregimde örän mäkäm ýerleşipdir». Çeper döredijilik işine ýaňy gadam uran Berdi Kerbabaýew, Garaja Burunow, Ata Gowşudow, Nurmyrat Saryhanow, Oraz Täçnazarow, Hojanepes Çaryýew, Agahan Durdyýew, Rehmet Seýidow we beýleki edebiýatçylarymyz-da rus ýazyjylaryndan görelde alyp, ajaýyp çeper eserler döretdiler, tutuş sowet edebiýatymyzyň genji-hazynasyna mynasyp edebi ýadygärlikler goşdular. Edebi döredijilik işinde rus-türkmen ýazyjylarynyň doganlyk hyzmatdaşlygy barha pugtalanyp, şu günler hem özüniň ajaýyp miwesini eçilýär. «Men bu adamlaryň durmuşyna başbitin ornaşmaga şeýle bir jan edýärdim welin, bir söý bilen özümem asyl türkmen ýalydym» diýip, türkmen edebiýatynyň uly dosty Nikolaý Semýonowiç Tihonow öz ýatlamalarynda ýürek joşguny bilen nygtap aýdýar. Gör, nähili mähir bilen aýdylan sözler. Şondan bäri ýarym asyr wagt geçdi. Şondan bäri ýazyjy-şahyrlarymyzyň täze nesli ösüp ýetişdi. Edebiýatçylarymyzyň ýaş nesli-de özlerinden öňki ussatlaryň asylly ýoluny dowam etdirmek bilen, halklarymyzyň doganlyk dostlugynyň, internasional dostlugyň baýdagyny has belende göterýärler. Bu gün türkmen ýazyjylarynyň naýbaşy eserleri diňe bir rus dilinde neşir edilmek bilen çäklenmän, eýsem beýik rus diliniň üsti bilen beýleki doganlyk halklarymyzyň ähli dillerinde, daşary ýurt dillerinde hem neşir edilip, millionlarça okyjylara ruhy taýdan lezzet berýär. Rus ýazyjylarynyň zarpçy brigadasynyň Türkmenistana gelmeginiň 50 ýyllygy mynasybetli, «Edebiýat we sungat» gazeti güneşli ülkämize gelen ýazyjylaryň şol mahalky ýatlamalary, hatlary, käbir eserleri bilen öz ýazyjylaryny tanyşdyrmagy maksat edinýär. Respublikamyzyň işeňňir ýazyjylary bilen birlikde redaksiýanyň işgärleriniň otuzynjy ýyllaryň şol ýodalaryna syýahaty guramak, şondan galan täsirleri çap etmek hem göz öňünde tutulýar. Belki, rus ýazyjylaryny duz-çörek bilen garşylap, olaryň syýahatlaryna hemradaş bolan adamlar bardyr. Şol adamlaryň ýatlamalaryny-da biz öz okyjylarymyza ýetirmegi maksat edinýäris. Eger rus ýazyjylaryna ýoldaş bolanlar, olar bilen duşuşanlar öz ýatlamalaryny redaksiýazyma iberseler, biz şol hatlary uly minnetdarlyk bilen çap ederis. Häzirlikçe bolsa biz Wsewolod Iwanowyň öz aýaly T.W.Iwanowa şol döwürde iberen hatlarynyň birnäçesini okyjylarymyza hödürleýäris. Wsewolod zähmete ukyplylygy bilen tapawutlanýardy. Ol arman-ýadaman işleýärdi. Elli ýyllyk ýazyjylyk işinde onuň eserleri ýüzlerçe gezek neşir edildi. Emma muňa garamazdan, ol ýogalandan soň öz yzynda ummasyz arhiw galdyrdy. Bu arhiwde onuň dirikä çap edilmedik eserleri hem bardy. Olaryň käbiri ol ýogalandan soň çap edildi. Eger-de Wsewolod bir işe başlap, olam ugrugybermese, haýdan-haý başga bir täze işe başlardy. Şeýle halatlarda ol: «Zeleli ýok, başga bir zat ýazaýarys. Güýjümiz-ä ýeterlik» diýýärdi. Kähalatlarda hem ol beýnä dynç bermek üçin, täze güýç ýygnamak üçin ýa-da öz aýdyşy ýaly, pikirlerini bir ýere «çugdamlamak» maksady bilen ýurdumyzyň haýsydyr bir ýerine ýol şaýyny tutardy. Otuzynjy ýylda hem ýazyjylaryň brigadasyna goşulyp, Tihonow, Leonow, Pawlenko, Lugowskiý, Sannikow dagy bilen Orta Aziýa gidende-de Wsewolod şeýle edipdi. Şu ýerde men şol syýahat döwründe onuň maňa ýazan hatlarynyň birnäçesini hödürleýärin. T. W. IWANOWA. 23.3.30 ý. Syzran. Eziz, Tamaram, gaty çalt gidýäs (ýazmagyň kyndygyny özüňem biläň-ä) hemem keýpihon. Meniň bar edýän işim okamak bilen iýmek. Leonow senden öz aýalyna jaň edip, hemme zadyň gülala-güllükdigini habar bermegiňi haýyş edýär we saňa salam aýdýar. Seni, Koma jany we beýlekileri öpýän. Döwlet neşirýatyny hem-de meň kitabymy ýatdan çykarma». 24.3.30. Orenburg. (...) Asuda hem arkaýyn barýas. Eýýäm meýdan gardan ýarpy-ýalta saplanyp ugrapdyr: asuda agyp-dönýän sürüler gabat gelýär, duşundan geçýän obalarymyzdaky metjitleriň barynyň depesi haçsyz. Sakgalyny syryp otyrka, Leonow gulagyny gara-gan etdi! Başga täzelik ýok! Baý, ýomak atyşýalar-a! Aýratynam Tihonow bilen Leonow ikisi bu meselede eýgerder ýaly däl». 26.3.30 ý. Daşkent. (...) Daşkent şäherine-de ýetdik. Bu ýerde hemme zat seň bilen bolanymyzdaky ýalym daş-töweregiň ýap-ýaşyl, tozan ýok. Gaty gowy gidýäs, restorany hem göçüripdirler. Seniň gorkup oturan zatlaryň hemmesi biderek – bu ýer arkaýynçylyk, ýene-de iki günden Aşgabatda bolarys, bu hakda saňa telegramma bererin hem-de hat ýazaryn. Stansiýadaky aýallar, näme üçindir, diňe çapady satýarlar. (...) 31.3.30 ý. Aşgabat. (...) Ine, dört günden soň men saňa hat ýazmaga wagt tapdym. Baý, bizi iki ýana entedip surnukdyrdylar-a, oň üstesine-de şäheriň jokrama yssysy. Sendenem telegramma garaşdym – telegramma üstüne telegramma, häzir bärde ekiş kampaniýasy barýan ekeni, aýdyşlaryna görä, şonuň üçin telegrammalar gaty haýal gidýän ekeni. Şu güne çenli men senden ýekeje-de hat-habar alamok... Moskwada aýdyşym ýaly, bärdäki «galagoply» durmuş hakyndaky gürrüňleriň hemmesi biderek, ozal bolanymyzdaky ýaly, bu ýeri gaty asuda hem rahat. (...). Türksibiň açylyşyna gatnaşmarys öýdýän. Moskwa, giç galsa 5-ne we 7-sine dolanarys. Sebäbi biçak yssy (häzir 40 gradus, işdäň hiç zat alanok, şonuň üçinem edil mahluk kimin surnugyp ýadaýas, bu boluşda Türksibe aýlanmaga gurbat çatar öýdemok. Şu gün saňa poçta üsti bilen dört sany zemzen derisi iberilendir, ol krokodiliň bir görnüşi – Garagumuň äpet jandary, özem Parižde olardan gapjyk hem-de köwüş tikýärler, olary özüň üçin ulanarsyň, ýöne munuň üçin sen Moskwada gowy ussa tap... Mişka üçin men ullakan türkmen telpegini satyn aldym. Tatýana bolsa diri pyşbagany elterin, belki-de tapsalar diri zemzen eltäýmegimem ähtimal, onsoň öýümizde öz krokodilimiz bolar! Men şol seniň bilen öňki düşlän myhmanhanamyzda, hatda şol öňki otagymyzda ýaşaýan! Çalt gowşar ýaly, men saňa gyssagly telegramma ibermeli borun. Aýdyşlaryna görä, biz bu ýerde gaty köp zat görmeli. Düýn, mysal üçin, maşynly pars serhedine bardyk. Men hatda parslaryň arasynda boldum diýsemem boljak – serhediň aňry tarapyna birnäçe ädim ätdim. Şu gün truppanyň artistleri bize «Bronepoýezdi» görkezjekler. Niçik görýäň?.. Bärde ýazyp bilerinmi-bilmerinmi, aýdyp biljek däl. Wagt ýok. Çekerde M. Görkä ýazan hatym bardyr, şony ibereweri. Yssyň derdinden ýaňa hatda garalypdyrynam. Elbetde, Moskwa hezil edip gaýtjak welin, ýöne borç hem höwes üstün çykaýa-da, şol sebäplem ýolumy dowam etdirýärin. Biynjalyk bolma, gaty haýyş edýän – bize biçak gowy seredýärler, ýerli gazetiň ikisiniň hem redaktorlary elmydama ýanymyzda. Daça gözläp tap-da, gowy dynjyňy al!». 3.4. 30 ý. Aşgabat. (...) işlerimiz gowy barýar, köp zatlary görýäs, ýöne dürli çykyşlardan ýaňa ýadaýas. Köp zat görýäs, ýöne olaryň hemmesini gysgajyk hatda beýan etmek mümkin däl, şonuň üçinem hemmesi kellämde başly-barat bolup dur. Bularyň hemmesini nähili saýlajagymy hakydama getirip bilemok. Hemme ýerde gowy garşylaýarlar, biziň syýahatymyzam ozal bir belli personažyň aýdyşy ýaly, «poçtmeýster» – sen gowy adam» diýşi ýaly barýar – düýn, mysal üçin, Gyzyl Goşun öýünde bizi «Internasional» bilen garşyladylar. Şonuň bilenem ugratdylar, şeýle bir öwgüli sözleri aýtdylar weli, nähili gürrüň berjegimi, nähili ýazjagymy bilemok. «Bronepoýezd» görkezilende, meni şeýle bir ellerinde ýokary göterdiler, heý goýaý, balagymam ýyrtylypdyr. Şonuň üçinem teatryň geýim-eşik jaýyna barmaly boldum, o ýerde-de geýim-eşige serenjam berýän aýal tolgunmakdan ýaňa arzyly «awtorynyň» balagyny tikip berdi. (...) 5.4. 30 ý. Aşgabat. (...) Şu gün meniň saňa iberen iň soňky telegrammama jogap aldym, sen onda her gün telegraf arkaly özüňi habardar edip durmagymy soraýarsyň. Bize ondan-oňa şeýle bir süýrenýärler weli, gije-gündiziň dowamynda bary-ýogy alty sagatdan köp uklamyzok, poçta-da hemişe barar ýaly däl. Başardygymdan habar berip duraryn. (...) Bu ülke baradaky düşünjämizi has giňeltdi. Biz bu ýeriň daýhanlaryny hem, Gyzyl Goşunyny hem, ýerli proletariatyny hem, başgalary-da gördük. Ýerli işgärleriň bize bolan garaýşy gaty gowy. Saňa zemzen derisiniň iberilmändigini dek düýnüň özi bildim. Birnäçe sebäplere görä, esasy sebäbi hem Döwlet söwdasynyň biagyrlygyndan. Gowsy, men olary özüm bilen elterin. Indi bolsa alan zatlarym hakda: çagalar üçin bir puta ýakyn kişmiş hem-de guradylan ir-iýmiş satyn aldym, indem onça zady ibermek mümkin däl diýip aýdýarlar. (...) Olary özüm bilen äkitmeli borun. Seni, Koma jany we başgalary pugta öpýän. Wsewolod». Allaýar ÇÜRIÝEW. «Edebiýat we sungat», 26.03.1980. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |