ÝABANY ADAMYÑ GÖZLEGINDE
Biz Köýtene şol gezek üç bolup, ýabany adamyň gözlegine gidipdik.
«Aý, nätdi-äý! Žurnalistler dogruçyl adamlar bolýarmyka diýýärdik welin, buýa halys oňaraýdy. Ýabany adamyň bolmaýandygyny häzir kiçijik çagalar-da bilýär» diýýänsiňiz.
Dogry aýdýaňyz, ýabany adamyň bolmaýandygyny biz hem bilýärdik. Ýöne öz aramyzda degşip: «Köýtendagyň adam aýagy sekmedik ýerlerine baryp bilsek, ýabany adama-da duşsak gerek» diýişýärdik.
Baş maksadymyz bolsa geň-täsin dag tebigatyny synlap dynç almak, onsoň hem, başa barsa, şol döwürde «Turan gaplaňy diýilýän gaplaň Türkmenistanda ýok. Doly gyrlyp gutarypdyr. Onuň iň soňkusy hem Ikinji jahan urşunyň yzýanlary Sumbar derýasynyň boýunda atylyp öldürilipdir» diýlen gürrüňleri ýalana çykarmakdy. «Käte bir gabat gelýär» gürrüňi bar goňur aýa hem duşup bilsek, surata düşürmekdi. Ýerasty gowaga girip görmekçidik.
Sebäbi biziň Köýtene gitmegimiziň öňýany men şol etrapda gazetiň tabşyrygy bilen birnäçe gezek iş saparynda bolupdym.
Ine şonda, ýerli adamlar bilen duşuşanymda, bir oturyşlykda gepden-gep çykyp, turan gaplaňy barada-da gürrüň açylypdy. Ol gaplaňyň dagyň adam barmasy kyn ýerlerinde, awçylara seýrek hem bolsa gabat gelýändigini, goňur aýynyň-a bardygynyň anykdygyny aýdypdylar.
Ýabany adamly gürrüň hem ýöne ýerden döremändi. Ýörite ylmy ekspedisiýa guralyp, Köýtendagdaky ýerasty gowaklara girilip görlende, olaryň birisinden kakap, muma öwrülip galan äpet tüýlek adamyň jesediniň tapylandygyny gürrüň beripdiler.
Ikinji jahan urşy gidýärkä, onuň yz ýanyndaky ýyllar bolsa adampisint tüýlek närsäniň, daşda bişip duran ýa-da gije öýe salmak ýatdan çykarylan naharly gazanlary ogurlan halatlarynyň bolandygy, soňra ol gazanlaryň dag içinden tapylandygy baradaky «myş» häsiýetli gürrüňleri hem eşidipdim.
Bu geň täzelikleri Aşgabada gelen dessime dostlaryma, tebigatyň ölemen aşyklaryna—Nyýazmyrat agadyr Rüsdeme ýetiripdim.
Nyýazmyrat aga Halk hojalygy institutynda ykdysadyýeti öwreniş ugrundan sapak berýän mugallymdy. Ýanyndan tebigatda bolup geçýän geň hadysalar, haýwanat dünýäsi hakda telegepleşikleri-de taýynlamasy bardy.
Rüsdem bolsa kaskadýordy. Ençeme kinolar surata düşürilende töwekgelçilikli hereketleri ýerine ýetiripdi.
Muny eşiden dostlarym, şol tomus zähmet rugsadyna bir wagtda çykyp, üç bolup, ýabany adamyň, goňur aýydyr turan gaplaňynyň gözlegine gitmegi, dynç alşymyzy tebigaty öwreniş bilen utgaşdyrmagy teklip etdiler.
Bu sapara batyrgaý şaýlanmagymyzyň ikinji sebäbi, Nyýazmyrat aganyň uly ogly Muhammetdurdy şol etrapdaky serhet bölümleriniň birinde baş serkerdi. Ol bizi ulag, azyk hem beýleki gerek-ýarak zatlarymyz bilen üpjün etjekdi. Dagyň adam seýrek barýan, serhetýaka ýerlerine gidip görmäge mümkinçiligimiz boljakdy.
Çak edişimiz ýaly, Muhammetdurdy bizi oňat garşylap, ilki bilen «Alynyň aty Düldüliň yzlaryny» görkezdi. Ol yzlara «Iskenderiň söweşjeň pilleriniň yzy» hem diýilýär ekeni. Hakykatyn-da welin olar dinozawlaryň yzlary. Soňra bizi gitmekçi bolýan ýerimize ýollady.
Ýanymyza bolsa ýolbelet edip, Rahym atly Köýteniň «Syýahat» klubunyň işgärini goşdy. Ol bu etraba gezelenje gelen jahankeşdeleri dagyň gözel ýerlerine ençeme gezek aýlapdyr.
Biz ulagly baryp boljak ýere çenli maşynda gitdik. Ondan aňryk bolsa goşhaltalarymyzy arkamyza alyp, pyýadalap ýöredik.
Dag içine çuň aralaşdygymyzça, ençeme ýyllaryň dowamynda ýagyşdyr—garyň, hyzlama ýelleriň täsiri netijesinde geň bir keşbe giren gaýalar haýran galdyrýardy.
—Bular «Golliwudyň» ýa-da beýleki daşary ýyrtly kinoçylaryň düşüren kinolaryndaky akylyňy haýran edýän dag kanýonlaryndan kem däl. Wakasy dag bilen bagly kinolary juda bezeýär. «Gadymy daglaryň rowaýaty», «Köýten nalasy» ýaly türkmen kartinalary şu ýerlerde surata düşürilipdi –diýip, Rüsdem ýatlady.
—Hyýalbent suratkeşleriň çekýän «Aý üstüniň peýzažy» baradaky işlerine-de meňzemän duranok –diýip, Nyýazmyrat aga, wagtal-wagtal säginip, göwnüne ýaran dag görnüşlerini surata düşürýärdi.
Salkyn howaly, esasan, arçadyr kerkawly çuň jülgelerdir zawlar, düňderilişip ýatan pil ýaly, düýe ýaly äpet daşlaryň arasyndan öwrüm edip gidýän inçejik dag ýodajyklary, uçutdan uçuda böküp geçmeli ýerler juda täsindi.
Kert gaýalaryň diwaryna ýapyşyp, Hudaýy çagyryp ýöremeli uçutlar hem bardy. Şolar ýaly ýerden geçenimizde, Rahym Nyýazmyrat aga ikimiziň bilimize ýörite kemer dakýardy. Ol kemere berkidilen ýüpüň bir ujuny bolsa özüne daňýardy:
—Belentlikden gorkýan bolsaňyz, aşak seretmäň! –diýip tabşyrýardy.
Çöregini töwekgelçilikden gazanýan Rüsdem üçin welin dag uçutlary gorkuly däldi.
■ GIJEKI DÜŞLEG
Şeýdip gidip barşymyza, wagtal-wagtal öňümizden çykýan kiçeňräjik dag gowaklaryna, köwlere girip synlaýardyk, surata düşürýärdik.
Olaryň içinde dürli jandarlaryň ownukly-irili süňkleri, deri bölekleri, haçandyr birwagtlar ýakylan otdan galan kesewiler, kagyz bölejikleri duşýardy. Dagda bolan adamlaryň ýa-da awlan awyny getirip iýen haýwanlaryň şol ýerleri wagtlaýyn düşleg edinendikleri duýulýardy.
Gaýalaryň inçejik erňeklerinde biri-biriniň yzyndan eýläk-beýläk jukurdaşyp ylgaşýan dag käkiliklerine, kiçeňräk süri bolşup otlap ýören aýraklara, daşdan daşa towsup, tirkeşip barýan umgalara duşýardyk.
Ýokarymyzda bolsa has belentde gaýmalap ýören iki sany bürgüt, haýsydyr bir ýogalan jandaryň maslygyny tapmazmykak diýşip döwre gurap aýlanýan çaýkelleriň sürüsi bardy.
Käte-käte dag hindi towugynyň jokurdysy, ownuk guşlaryň jürküldisi eşidilýärdi.
Şol ýöreýşimize dagyň jümmüşine mazaly aralaşyp, dilkaw bolup duran kiçeňräjik zawyň içinde, ullakan hoz agajynyň aşagynda düşledik.
Onuň entek bişmändigi göm-göklüginden görnüp durdy.
Nyýazmyrat aga hozuň el ýeter ýaly şahalarynda sallanyşyp duran miwelerden ýoluşdyrdy-da, Rahymyň:
—Eliňi garaldar –diýenine seretmezden, gabygyny aýryp, çakyp, dadyp görüp:
—Entek ajy ekeni –diýip tüýkürindi.
Barmaklarynyň garalyp durandygyny görüp, başyny ýaýkady:
—Dogrudanam, elimi boýady. Bu aýryljaga-da meňzänok.
Ýabany hozuň gapdaljygyndan çaklaňja çeşme syzyp çykýardy. Onuň ujypsyzja suwuny jemläp alyp bolar ýaly, kimdir biri çagylly ýeri biraz gazyp, howuzjyk ýasap, töweregine-de daş üýşürip erňek edipdir.
Bedre çümer ýaly çuňlukdaky ol howuzjygy dolduran çeşme, daşlaryň arasyndan syzylyp geçip, aňyrlygyna hem on–on bäş ädim akansoň, gaýanyň düýbüne siňip, ýitip gidýärdi. Onuň suwy buz ýalydy, dişiňi doňduryp barýardy. Içseň içesiňi getirýän süýjüdi.
Bu ýerde bizden ozal hem düşländiklerini, üç sany ullakan daş ýanaşyk goýlup oňarylan ojakdan, töwerekde ýatan boş konserwa gutularyndan, ýumurtga gabyklaryndan, hoz agajynyň şaha aýyrýan ýerine gysdyrylyp gidilen biraz duzdur çaý hem-de otluçöp salyngy sellofan haltajyklardan aňmak bolýardy.
—Bärde bizden öň hem bolupdyrlar –diýip, Nyýazmyrat aga dillendi.
—Elbetde, bürgüt çagasyny almak üçin höwürtgesini gözleýän guşçular ýa-da dermanlyk otlarydyr dag mumuny agtaryp çykan adamlar bolandyrlar –diýip, Rahym düşündirdi.
—Belki-de, awçy düşländir –diýip, Rüsdem çak etdi.
—Bäride—goraghananyň çäklerinde aw etmek bolmaýar. Ýöne brakonýerler ýok däl! –diýip, Rahym ylalaşdy.
Biz çaý-çörek edinip, biraz dynç alamyzsoň, «Ýöräliň!» diýşip, ýola düşdük. Hemmämiziň islegimiz dagyň adam seýrek barýan ýerlerine basymrajyk aşmakdy. Üzlem-saplam ýodajyklar bilen belende galdygymyzça, howa salkynsyraýardy.
Gün ýaşaňkyrlaberende:
—Indi ýük ýazdyralyň –diýip, Nyýazmyrat aga teklip etdi. —Men-ä dogrymy diýsem, mazaly ýadadym. Onsoňam, amatlyja düşleg ýerini garaňky gatlyşansoň tapmak kyn bolar. Şonuň üçinem häzirden gözläliň.
Biz onuň bilen ylalaşdyk. Biraz ýöränimizsoň, gaýanyň bilindäki ýaýbaň aýmançany görüp:
—Gijäni geçirmek üçin amatly ýer ekeni –diýşip, goşhaltalarymyzy egnimizden düşürdik.
Töwerekdäki agaçlaryň arasyna aýlanyp, olaryň guran şahalaryny döwüşdirip alyp, aşagynda ýatanlary çöpleşdirip, bir-iki gujak odun ýygdyk.
Aýmançanyň gyralarynda ýanaşyp ýatan ullakan daşlar ony ýeliň badyndan hem goraýardy. Ot ýakyp, nahar taýynlamak üçin amatlydy.
Agşamlyk edinip, yz ýanyndan hem biraz mesawy gürrüň bilen dilimiziň hözirini görenimizsoň, ýatmak bilen bolduk. Uzynly gün ýöränimiziň ýadawlygy duýulýardy.
Goşhaltamyzy ýassyk edinip, Nyýazmyrat aga bolsa:
—Ätiýaçdan tüpeňiňi elýeteriňde häzirläp goýaweri –diýşip, ukynyň ygtyýaryna berildik.
Gijäniň üçden ikisi geçen bolsa gerek. Ukymy gowy alandygymdanmy–nämemi, oýanypdyryn.
Men ýatmakçy bolanymyzda üns bermändigime, asmanda ýekeje ýyldyzyň-da ýokdugyna, özem gijäniň şeýle garaňkydygyna haýran galdym.
Serediberseň kem-kemden gözüň kesip, töwerekdäki daşlaryňdyr agaçlaryň çalaja görünýän sudurlary gaplaňamy, aýamy, möjegemi, garaz, haýsydyr bir janly-jandarlara meňzeýärdi.
Olaryň daşymyza egelenişip, bizi ünsli synlap duran tüýlek ýabany adamlara çalymdaşlary-da bardy. Hamana diýersiň, olar çalaja gobsunyşyp, öz aralarynda biz barada nämedir bir zatlar diýişýän ýalydylar.
Häli-şindi dünýäniň kä ol–kä bu künjeginde ýabany adama duşulandygy baradaky habarlar ýaýraýar. Hatda olary görenleriň doly atlarydyr ýaşaýan ýerleriniň salgysy hem getirilýär. Beýdilmegi şaýatlaryň gürrüňini hakykatmyka diýdirse-de, heniz ýekeje gezegem ýabany adamyň anyk keşbini surata düşürmek hiç kime başartmandyr.
«Ýeri, ýabany adam tapylypdyram diýeli. Ýöne biz onuň bilen janyna howp salman, ynjytman hoşniýetli ýaşaşmaga taýynmy beri?
Eýsem-de bolsa, janly-jandarlaryň ählisi, şol sanda biziň özümiz hem ägirt tebigatyň bir bölejigi, bir ülşi ahyryn. Onuň turan gaplaňy, buhara suguny, goňur aýy ýaly özümize mälim görnüşlerini-hä gyryp, ýitip ýok bolup gitmek derejesine ýetirýäs. Entek näbelli ýabany adamy bolsa hars urup gözleýäris.
Haýsydyr bir uzakdan düşürilen suratlardaky gaçyp barýan düşnükiz sudury «Ynha, ýabany adam» diýip görkezýäris. Belki-de, ol bizden ýörite gizlenýändir? Belki, onda bize mahsus bolmadyk ýa-da soňundan özümiziň ýitiren, isleseň göze görünmeýän bolmak ukyby bardyr».
Men şeýle pikirlere gümra bolup, daňa deňiç uklamadym.
Günüň ilkinji şöhleleri dagyň gaýalaryna düşüp ugranda bolsa turup, ot ýakyp, çaý oturtdym.
■ GEŇ YZ
Çaý başynda Nyýazmyrat aga:
—Haýsyňyzyň düýşüňize ýabany adam girdi? –diýip, degişdi. —Düýşümizde göräýmesek, huşumyzda-ha ony görmejegimiz hak.
—Eger göräýseň nädersiň, Nyýazmyrat aga? –diýip, Rüsdem ýylgyrdy.
—Aý, ýok-laý, bolmajak zat.
—Iň bärkisi aýak yzyny tapsaň, begenermiň?
—Elbetde –diýip, Nyýazmyrat aga çaýly käsesini ýerde goýdy. —Şeý diýmek bilen sen meniň kelläme bir pikir getirdiň. Ynha, Köýtenden dinozawryň, Köpetdagdyr Balkandan düýäniň, beýleki jandarlaryň yzlaryny tapýarlar. Belki, gözlense, ýabany adamyň hem gatap, daşa öwrülip galan yzlary tapylar.
—Dinozawrlaryň ýaşan döwründe adamlaryň bolmandygyny unutdyňyz öýdýän –diýip, men oňa ýatlatdym.
—Wiý, huşum gursun, ýogsa-da şeýledir-aý! –diýip, Nyýazmyrat aga bu goýberen säwligi üçin utandy. —Diýmek, ýabany adamyň özüni-hä däl, yzyny tapmak umydymyz hem başa barjak däl! –diýip, hezil edinip güldi. —Ep-esli ýaşasam-da, käbir bolmajak zatlara ynanyşym çaganyňky ýaly.
Biz ertirlik çaýymyzy arkaýyn içip ýola düşdük.
Geň-täsin dag tebigatyny synlap, has owadan ýerleri surata düşürip, gidip barşymyza giňişlik jülgä ýetdik.
Jülgäniň ortasynda kiçeňräjik köl bardy. Töwerek-daşy ýabany hoz, injir agaçlary bilen gurşalgydy. Düzüm-düzüm itburunlar, tutluşyp giden böwürslenler ol ýeri ertekilerde duşýan jülgä meňzedýärdi.
—Ine, biziň dynç almaly ýerimiz –diýip, Nyýazmyrat aga begençli dillendi. —Esasy düşlegimizi şu ýerde edinip, turan gaplaňydyr goňur aýyny gözlesek-de, ýabany adamy gözlesek-de, gidip gözläp, giçlik şu ýere gelip bolubereliň. Her dürli miwelerem köp. Kölde suwa düşünibem bileris.
Kölüň taýak ýetimligindäki ullakan agajyň aşagynda düşledik.
—Bu unabi agajy –diýip, Rahym ýere gaçan igdä meňzeş miweleri görkezdi.
Biz Nyýazmyrat aganyň diýşi ýaly edip, esasy goşlarymyzy düşlegimizde goýup, daş-töweregimize aýlanyp, dag tebigaty bilen tanyşýardyk.
Ýöne, turan gaplaňynyň-da, goňur aýynyň-da bardygyna güwä geçýän alamatlara gabat gelemzokdyk. Aýraklardyr umgalara, tikenlerini şagyrdadyp ýüwrüp barýan oklukirpilere, daşa çykyp güneşläp ýatan ýylanlara, dürli guşlara häli-şindi duşýardyk.
Her günümiz heniz görmedik bilmedik täsinliklerimiz, täze açyşlarymyz bilen geçýärdi.
Ine, bir gün bolan wakany welin gürrüň bersem, gyzykly görseňiz gerek.
Günortan naharyna oturmazymyzyň öňüsyrasy, kölüň boýunda böwürslen ýygyp, hezil edinip ýören Nyýazmyrat aga birdenem aňyrdan howlukmaç ylgap geldi-de, fotoapparatyny alyp, bize hem:
—Kölüň ýakasynda bir geň yz bar. Adamyň yzy. Juda ullakan. Suwuň tolkuny bozmanka, surata düşürip ýetişeýin. Ýörüň, görseňiz –diýip ylgap gitdi. Biz hem onuň yzyna düşdük.
Palçykly ýerde mesaňa bildirip duran ýalaňaç aýagyň yzy, adaty adam aýagynyňkydan has uludy. Deňeşdirmek aňsat bolar ýaly, Nyýazmyrat aga onuň gapdalyna basyp, öz yzyny hem galdyrdy-da, ikisini bilelikde surata düşürdi.
—Belki, töwerekde ýene-de şeýle yzlar bardyr –diýip, kölüň boýuna aýlanmaga ugrady. Biz hem ýaňky yzy geň görüp, onuň ýany bilen ýöräbermekçi bolsak, Rüsdem syrly ýylgyryp, «Gitmäň» diýip yşarat etdi.
Yzymyza dolanyp, nahar edinmäge oturdyk. Rüsdem bize ol yzy ilki aýagyny basyp, soňra ökje tarapyny giňeldip, özüniň ýasandygyny aýtdy.
Birazdan soň:
—Başga yz tapmadym –diýip, Nyýazmyrat aga hem gaýdyp geldi. —Naharlanyp bolup, ýene-de gözlemäge gitjek. Belki, kölüň aňrybaşlarynda bardyr.
Ony öte heläk etmezlik üçin men:
—Nyýazmyrat aga, azara galmaň, ol yz degişmek üçin Rüsdemiň ýasan yzy –diýdim.
—Häý, zaluwat diýsänim! Meni it oýnan ýaly oýnapsyň-ow –diýip, Nyýazmyrat aga Rüsdeme käýinip, özüniň aldananyna hezil edip güldi. —Siziň hyşy-wuşy edişip, yza dolanmagyňyzy geňem gördüm-le.
Başga bir gün bolsa daga aýlanmaga çykanymyzda, naşyja owlaklary ýeňilaýaklyk bilen diriň-diriň bökjekleşýän umga sürüsiniň biraz yzragyndan barýan ullakan dag tekesine gözüm düşdi.
Onuň garamtyl-ak sakgaly, ýere ýeteňkirläp duran çöpürleri, depesinde dik ösen burum-burum şahlary bardy. Kuwwatly boýnunda bolsa haýsydyr bir zat Günüň şöhlesine öwüşgin atan ýaly boldy.
Hawa, bu şoldy. Üç ýyl mundan ozal gazetiň ýumşy bilen Gowurdagyň magdan känine sapara gelenimde, ol ýerde ýaşaýan hudožnik dostum bilen daga ýörite gidip gören burma şahly dag tekämizdi. Onuň boýnundaky ýyldyraýan zat bolsa, dostumyň dakan kemeriniň tokasydy:
—Bu hut şol! –diýip, men begençli seslendim. —Ol diri!
Mümkin boldugyça, golaýyna baryp, ony surata düşürdik.
Ýoldaşlaryma bu burma şahly dag tekesi bilen bagly bolup geçen wakany gürrüň berdim.
Olar meniň hudožnik dostumyň şindiki durmuşy bilen gyzyklandylar.
Bu wagt onuň Germaniýa göçüp gidendigini, şol ýerde ýaşaýandygyny aýtdym.
■ GAÝANYŇ ÜSTÜNDÄKI ADAMLAR
Kölüň ýakasy tüýs biziň islän ýerimiz bolup çykdy.
Rüsdemdir Rahym daň bilen turup, bedeni berkidýän her dürli maşklar bilen meşgullanýardylar.
Biz hem olardan kem galamzokdyk. «Ertiriň ukusy süýji bolguç» diýip, biraz giç turýandygymyza bakmazdan, hat-petek işinde işleýän şäherlilere mahsus bolan ýeňiljek maşklary ýerine ýetirýärdik. Yzyndan bolsa kölüň jana ýakymly suwuna düşünýärdik. Soňundanam biraz injirdir böwürslen ýygyp, ertirlik edinmäge oturýardyk.
Onsoň, Gün öýleden agýança, töwerege sapara gidip, aýagymyzyň ýeli ýatyşýança gezip, görüp, göwün solpusyndan çykyp, düşlegimize dolanýardyk. Çaý-çöregiň yzyndan bolsa mesawy gürrüňçilige berlip dynç alýardyk.
Şeýle günleriň birinde, günortan çaglary, uzaklardan eşidilýän düňküldi ünsümizi çekdi. Üzlem-saplam gaýtalanýan ol sesi eşidip:
—Ine, ýabany adam-a daşdan ýonup ýarag ýasanyp ugrady –diýip, Rüsdem güldi.
Dagyň jümmüşinde, özümizden özge kişä entek duşmadyk ýerimizde bu ses biziň bilesigelijiligimizi tijedi. «Gidip göreliň» diýşip, derrew ýola düşdük. Bir sagat çemesi ýöränimizden soň, juda belent bolmadyk, emma kert gaýanyň ýanyna ýetdik. Düňküldi şonuň üstünden eşidilýärdi.
Gaýanyň düýbüne baryp, sesimiziň ýetdiginden gygyryp başladyk:
—E-he-he-heý!
Şol bada düňküldi kesilip, ümsümlik aralaşdy.
Biraz garaşyp, ýene-de gygyrdyk:
—A-how!
—Kim bar ol ýerde?!
Biziň sesimiz zawlara düşüp, dumly-duşda gaýtalanyp, kem-kemden ýitip gidýärdi. Ýene-de hiç hili jogap bolmady.
Biz bu ahwalata geň galyşyp, biri-birimiziň ýüzümize seredişdik.
—Gaýanyň üstünde ol näme işleýärkän-aý? –diýip, Nyýazmyrat aga Rahyma ýüzlendi.
—Mumyýa çapyp alýan bolaýmasa...
—Hä, dogry aýtdyň. Şeýledir –diýip, Nyýazmyrat aga ylalaşdy.
Rüsdem gaýa dyrmaşmaga höwesek boldy:
—Çykyp göreliňmi?
—Bu kert gaýa çykmak maňa-ha aňsat düşmese gerek –diýip, Nyýazmyrat aga böwrüni diňledi. —Ýöne mumyýa çapylyp alnyşyny surata düşürip bolsa, gowy-ha bolardy. Ýoldaş žurnalist, nädeli, çykalymy?! Ikimize kyn düşäýmese, Rüsdemdir Rahym üçin-ä muňa dyrmaşmak hiç zat –diýip, maňa sala saldy.
—Çykalyň.
—Siz gorkmaň, men ätiýaçlyk üçin biliňize ýüp dakaryn –diýip, Rahym hemaýat etjekdigini aýtdy.
Onýança-da, ýokardan ýaşy altmyşdan agan uzyn boýly ýaşuludyr, ýüz-keşbi şoňa çalymdaş, otuz ýaşlaryndaky ýaş ýigit göründi.
—Salawmaleýkim! –diýip, aşakdan oňa salam berdik.
—Waleýkim essalam –diýip, ol bizi görenden bärili adamlar däldigimize göz ýetirdi. —Gygyrýan sizmi? Azaşyp – zat etdiňizmi?
—Ýok-la, azaşamzok –diýip, Rahym jogap berdi.
—Onda näme üçin gygyrýaňyz? Näme diýjekdiňiz?
—Aý, ýöne, gyzyklanyp gygyraýdyk, bagyşlaweriň. Bu dagyň içinde, adam seýrek duşýan ýerlerde düňküldi sesi eşidilip duransoň, bilesiň gelýär-dä –diýip, Rüsdem bimaza edenimiz üçin ötünç sorap, mylaýymlyk bilen düşündirdi.
—Siz özüňiz kim borsuňyz? Ilki şony aýdyň? –diýip, ýaşuly sorady.
Rahym biziň kimlerdigimizi, dagyň içinde dynç alýandygymyzy aýdansoň, ol «loh-loh» güldi:
—Hä, şeýlemi, düşnükli. Näme işleýänimizi bilesiňiz gelip, içiňizi it ýyrtyp barýan bolsa, bärik münäýiň. Bu ýerden dyrmaşmak kyn bolar. Gaýanyň etegi bilen arkasyna aýlansaňyz, biziň eşegimiz daňylgy durandyr. Ine, şonuň ýanyndan münmek aňsat düşer.
Biz ýaşulynyň diýşi ýaly edip üsti ýaýbaň gaýa mündük.
Görsek, olaryň ýanynda «Ýamaha» ýazgyly kiçijik elektrodwižok, daş kesýän «Bolgarka» çarhy, üç-dört sany isgenedir çekiçler, ýangyçly gap bardy.
—Tanyş bolalyň, maňa-ha Oral Temirow diýýärler. Pensiýa çykýançam mekdepde ussaçylygy okatdym. Gözüm kütelişýänçä awçylygam etdim. Bu-da—oglum Abdyreşit, biologiýa mugallymy. Iki bolup, ynha, şu dinozawryň aýak yzyny kesip almakçy bolup, günortandan bäri garabaşymyza gaýdyrys. –diýip, ol ullakan yzy görkezdi.
Köýtene gelen günümiz synlan yzlarymyz bilen deňeşdirende, ol yz biraz mesaňa hem çuňrajyk düşendi. Gyralary abatjady.
—Muny kesseňiz, size käýemezlermi? –diýip, Nyýazmyrat aga sorady.
—Oglum Abdyreşit: «Kaka, mekdepde Köýten tebigaty barada muzeý açaly» diýdi. Bu niýet meniňem ýüregimde öňden bardy.
Käbir tebigata jogapkär kişilere sala salsak, biri «Kesip alaýyň» diýýär, beýlekisi «Bolmaz!» diýýär.
Ahyrsoňy janym ýandy. «Köýtendäki bu yzlaryň köpüsini tapyp, «Pylan ýerde bar» diýip, salgysyny beren ýa-da eltip görkezen özüm ahyryn. Gel-gel, indi şolaryň ýekejesini kesip almaga ygtyýarym ýetmezmi?» diýip, goşumyzy tükelläp gelip, işe girişip oturyşymyz. Ynha, munuň üçin pul ýygnap, soňudan hojalykda geregi çykar diýip, tok berýän dwižokdyr çarh hem satyn alyndyk. Siz gygyrsaňyz, «Bolmaz!» diýýänler gelendir öýdüp, birbada ses bermeýşimiz şonuň üçin.
Gaýanyň ýüzünde ýene-de iki sany tutuş, bir sany hem ýartyrajyk, öçügsi yz bardy. Oral mergendir ogly yzyň töweregini inedördülligine goşa dilkaw edip kesip, soňra şol dilkawyň içiniň daşyny isgene bilen çapyp aýyrýardylar.
—Muny dikligine kesmek amatly. Ýöne keseligine çapyp aljak bolsak welin işi bar. Özem, döwmän, abatja almagymyz gerek! –diýip, Abdyreşit isgenesini gyýalaç tutup, çekiç bilen usully urup işe girişdi.
Oral mergenden goňur aýydyr turan gaplaňy barada soranymyzda, ol:
—Aýyny-ha bäş-alty ýyllykda hol jülgedäki kölüň ýakasynda miwe iýip ýörkä, özümem gördüm. Ýöne turan gaplaňyna hiç haçan gabat gelemok –diýdi.
Biz olara işleriniň oňuna bolmagyny arzuw edip, düşlegimize dolandyk.
■ HAZYNALY GOWAK
Biz her gün dagyň bir künjegine—ozal baryp görmedik ýerlerimize syýahata gidýärdik. Her gezegem heniz gabat gelmedik täsinliklerimize sataşýardyk. Düşlegimize dolanyp, gören-eşiden zatlarymyzy şüweleňli ýatlaýardyk.
Bir gün agşamlyk çaý başynda otyrkak, Rüsdem:
—Geliň, erte gowaga girip göreliň! –diýip teklip etdi.
Biz Köýtene gelelimiz bäri ownukly-irili köwlere, kiçeňräjik gowaklara häli-şindi duşýardyk. Ählisine bolmasa-da, aglabasyna diýen ýaly giribem görýärdik. Ýöne olar ýöntemje gowaklardy.
Rüsdemiň «Girip göreliň» diýip hakyky ýerasty gowagy göz öňünde tutýandygyna düşünýärdik. Şeýle gowakda bolmak biziň hemmämiziňem arzuwymyzdy.
Rüsdemiň teklibini Rahym alyp göterdi:
—Men siziň bilen gaýdanymda ýerasty gowaga girip görjegimize has begendim. Tebigatyň döreden bu täsin hadysalary meni juda özüne çekýär. Entek ýaş başymdan «Syýahatçylar» klubuna agza bolup, speleologlyk bilen gyzyklanyp başlamagym hem şonuň üçin. Käbir ýönekeýräjiklerine girip gördüm. Ýöne arzuwym ozal barlyp görülmedik gowakda bolmak.
—Bu töwerekde şeýle gowak barmy? –diýip, Nyýazmyrat aga ondan sorady.
—Awçylaryň salgy beren bir gowagy bar. Olar oňa «Ýylanly gowak» diýýärler.
—Ol ýerde ýylan barmyka?
—Hawa, şeýle gürrüň bar.
—Dag gowaklarynyň ýylansyzy az bolsa gerek –diýip, Nyýazmyrat aga Rahymyň delilini tassyklady.
—Ýöne, aýtmaklaryna görä, ol ýerde has uly ýylan barmyşyn. Kerwen bilen söwda gidilýän ir döwürlerde, täjirleri talap baýan bir garakçybaşy şol gowakda hazyna bukup, äpet ýylany hem sakçy goýanmyşyn. Döwür-döwran üýtgäp, duşmany köpelip, janyna howp abanan baý başga ýurda gaçyp gidenmişin. Ýylan bolsa gowakda galanmyşyn.
—Ol hazynasyny hem äkidipdirmi? –diýip, Rüsdem gyzyklandy.
—Ony bir Alla bilýär. Onsoňam, bu il arasyndaky «myş» gürrüň. Aňyrsy çynmy-ýalan belli däl. Ýöne welin, ýylanly «myş» zerarly eýmenip, hiç kimiň ol gowaga girip görmändigini aýdýarlar.
—Men bu töweregiň taryhy bilen içgin gyzyklandym –diýip, Nyýazmyrat aga söz aldy. —Gadym döwürde Buharadan Hyrada barýan kerwen ýoly şu töwerekden geçipdir. Köýteniň etegindäki Bazardepe diýilýän ýerde uly bazar hem bolupdyr. Oňa dünýäniň çar künjünden söwda etmäge gelipdirler.
Şeýdip, müňlerçe ýyl mundan ozal bu ýerlerde ýaşaýyş joş urupdyr. Okgunly akýan dag derýalary mes toprakly ýerleri bol suwaryp, ekerançylyk ýaýbaňlanypdyr. Dagetegi ýaýlalarda mallar sürülenişip gezipdir. Senetçilik ösüpdir.
Birdenem ýer gatlagynda bolup geçen tebigy hadysalar zerarly derýalaryň suwy çekilip, dagyň aşagyna gidipdir. Ýiti gün ýakyp-ýandyryp, bag-bossanlar gurap galypdyr. Ýaýlalaryň oty köýüp, dag gerişleri ýalaňaçlanypdyr.
Ýeriň astyna giden suwlar bolsa, ýumşak jynsly gatlaklary gazyp, onlarça gowaklary döredipdir.
—Şu töwerekden uly kerwen ýolunyň geçendigi barada men hem okadym. Buhara emiriniň gymmatbaha harytlardan ýüklengi kerweni hem hut guýa gaçan ýaly bolup, şu töwereklerde ýitenmişin diýýärler –diýip, Rahym dillendi.
—Belki, hazyna-da taparys –diýip, Rüsdem höwesli ýylgyrdy.
—Adamyň gurluşy geň –diýip, Nyýazmyrat aga başyny gynançly ýaýkady. —Niçikmi baýlyk, genji-hazyna hakda gürrüň gozgalsa, nebsi otugyp, gözi ýanyberýär. Öňünden aýdaýyn: eger ýerasty gowaga girmekçi bolsak, niýetimiz hazyna gözlemek bolmaly däldir. Tebigatyň döreden täsinliklerini synlamak, ine, baş maksadymyz şu bolmalydyr.
Biz onuň bilen ylalaşyp baş atdyk.
—Ähli goşlarymyzy hem ýanymyza alyp gideliň. Sebäbi gowakda näçe eglenmeli boljagymyz belli däl –diýip, Rahym duýdurdy. —Onsoňam, mazaly ýadap çykyp, düşlegimize gaýtmak kyn düşer.
Biz ertir has ir turup, dessine ýola düşmeli, çaý-çöregimizi hem Rahymyň diýýän gowagynyň ýanyna baryp edinmeli diýen karara geldik.
■ GOWAGYŇ GIRELGESI
Ertesi niýet edinişimiz ýaly, daň agaryp ugrandan turup, agşamdan häzirläp goýan goşlarymyzy alyp ýola düşdük.
Rahymyň diýýän gowagy biziň düşleg edinen ýerimiziň günbatarynda, giňiş jülgäniň soňlanyp, dagyň çöl bilen araçäkleşýän ýerindäki gaýanyň düýbünde ekeni. Oňa gün guşluk boluberende aşdyk.
Bizi ilki bilen geň galdyran zat gowagyň agzynda akjaryp ýatan birtopar süňkler boldy.
—Bu ýerde gaplaň ýaşapdyr öýdýän –diýip, Nyýazmyrat aga çak etdi.
—Bular düýe süňküne meňzeýär –diýip, Rahym süýnmek kelleçanagy görkezdi. —Bu gaplaňyň işi-hä däldir. Düýe ýaly agyr jandaryň läşini gowagyň agzyna süýräp getirmek oňa eýgertmese gerek. Bu keselläp ýa-da ýylan çakyp ölen düýäniň süňkleri bolaýmasa…
Biz gowagyň golaýyndaky ullakan arçanyň düýbünde ýük ýazdyrdyk.
Guran ot-çöpleri, ownukly-irili daşlary bir çete aýryp, düşleg ýerimizi tämizledik. Wagt ýitirmezlik üçin, ojak ýasanyp, dessine ot ýakdyk-da, çaý gaýnadynýan çäýnegimizi onuň üstüne oturtdyk.
Çaý gaýnaýança, gowaga girende geýmekçi bolýan eşiklerimizi taýynladyk. Olar bitewi tikilen aşagy ädikli, ýokarsy başlykly köýnek-balakdy. Kellämize bolsa howa tämizleýji – protiwogaz, onuň üstündenem birden depämize daş gaçsa ýa-da urgy bolsa, aman saklar ýaly ýörite kaska geýmekçidik.
Beýle eşikler ýadro hüjüminden goranyş üçin niýetlenendi. Ýeriň aşagynda gabat geljek howply ýagdaýlardan hem gorap biljekdi.
Üç sany güýçli ýagtyldýan elçyradan başga-da, herimiz ýanymyza bäş-on sany şemdir otluçöp almakçydyk.
Aşak düşmek üçin iki sany ýüp merduwanymyz bardy. Balyk tory örülýän pugta hem ýeňiljek ýüpden edilen ol merduwanlaryň hersiniň uzynlygy ýüz metr töweregidi. Gapdalyna geçilen aralygy görkezýän kiçijik çaýyş oltaňlar dakylgydy.
Surata düşürmek üçin bolsa, Rüsdem wideokamerasyny, Nyýazmyrat aga bolsa hiç haçan ýanyndan goýmaýan söýgüli fotoapparatyny alýardy.
Bulardan başga-da, suwsanymyzda içmäge herimiz öz ýanymyza kofe ýa-da çaý salnan gapjagaz almakçydyk.
Gowakdan hiç bir zady ýokaryk alyp çykmaly däldik. Tebigy muzeý öz döreýşi ýaly durmaly diýen karara gelipdik.
Rahymdan özgämiz ozal ýerasty gowaga girip görmändigimiz üçin, ol bize kiçijik düşündiriş geçdi:
—Aşak düşýärkäňiz hem-de ýokaryk çykýarkaňyz ätiýaçly boluň. Siziň usulsyzlygyňyz zerarly ýerinden gopan kiçijik daşyň hem beýleki daşlara urlup, janyňyz üçin howply ägirt gopgun döretmegi mümkin. Onsoň hem, menden birugsat hiç kim hiç tarapa ýekeje ädim-de sowulmaly däldir. Aşakda bize nähili ýagdaýyň garaşýandygy entek näbelli. Şonuň üçinem gowaga girenimizde protiwogazly girmeli. Eger aşagyň howasy tämiz bolsa, onsoň ony çykarsak-da bolar.
Biz naharlanyp bolup, «Ýer astyna etjek saparymyz şowly bolsun-da hernä» diýşip geýnip ugradyk.
Birdenem, Nyýazmyrat aga ýaýdançly dillendi:
—Oglanlar, men-ä dogrymy diýsem, şu gowaga girmäge gorkýan …
—O näme üçin, Nyýazmyrat aga? Ýerasty gowaga girip görmek siziň owaldan arzuwyňyzdy ahyryn –diýip, men geňirgendim.
—Ol şeýledi welin, arman, ýaşym geçişipdir. Aşakda gan basyşym üýtgäp ýa-da ýüregagyrym gozgap, size azap bolaryn öýdüp gorkýaryn.
—Bolýar, beýle bolsa, siz galaýyň –diýip, Rahym ylalaşdy. —Ätiýaçdan ýokarda bir adam bolsa, kemem däl.
—Hawa, men gowusy şeýdeýin. Bärde size nahar-çaý taýynlap, garaşyp oturaýyn. Gören täsinlikleriňizi gelip, birin-birin gürrüň berersiňiz-dä. Onsoňam, düşüren suratlaryňyzy synlaryn. Baryň, saparyňyz şowuna bolsun!
Rahymyň yglan eden kadasyna görä, onuň özi öňden, Rüsdem yzdan, men bolsa ikisiniň ortasynda ýöremelidim.
■ GÜRPBASDY
Biz çaşyp ýatan düýe süňkleriniň arasyndan ätläp geçip, gowaga girdik. Ýüzümize birhili sowuk dem urdy.
—Ussully ýöräň! –diýip, öňümizden barýan Rahym duýdurdy.
Gowagyň içinde-de ownukly-irili süňklerdir deri bölejikleri bardy. Aýagyň ujuna galyp uzatsaň, ýokarsyna eliň hem ýetjekdi, gowak pessejikdi.
Ýöne beýtmek howpludy. Onuň depesinde başaşak sallanyşyp duran ýarganatlar san-sajaksyzdy. Olar çyranyň yşygyna hem-de biziň sesimize biynjalyk bolşup, mygyrdaşyp gozganyşyp başlapdylar. Ätiýaçsyzlyk edip örüzäýsek, olardan ýaňa bu daryşganlyk gowagyň içinde uzak wagtlap göz açyp boljak däldi.
—Juda kiçijik gowak ekeni –diýip, Rüsdem göwnügeçijilik bilen dillendi.
—Entek howlukma! –diýip, Rahym öňümize çyra tutdy. —Awçylaryň aýtmagyna görä, gowak aňryk dowam edýän bolmaly.
Çyranyň ýiti ýagtysyna birahat bolup, daşlaryň arasynda ýatan haýsydyr bir ýylmanak zat gymyldady.
—Ýylan bar! –diýip, Rüsdem gygyrdy. —Häzir boluň!
Onýança-da, ýaňky ýylan haýal-ýagallyk bilen süýnüp, gowagyň jaýrygyna girip sumat boldy.
—Uly däl! –diýip, Rahym ýöräp ugrady. —Gorkmaň, ol gitdi.
—Çakmazmy? –diýip, Rüsdem töweregine ätiýaçly bakjaklady.
—Biziň bu ýarym rezin çeýe eşigimizden onuň dişleri geçip bilmez.
—Ýüzümiz açyk ahyryn! Ýylanlaryň käbir görnüşleri üstüňe bökübem çakýarmyşyn. Olaryň zäherini uzak aralykdan göni gözüňe pürkýänleri-de barmyşyn.
—Aý, ýok-la, beýle däldir-le –diýip, Rahym bizi köşeşdirdi.
Ýene-de biraz ýöredik welin, gowagyň bir böwrüniň barha daralyp, aňyrlygyna uzap gidýändigine gözümiz düşdi.
Oňa emedekläp zordan girip boljakdy.
Içine çyra tutup, howpsuzdygyna göz ýetirenimizsoň, ol daryşgan gowak bilen bükdekläp ýöräp ugradyk.
Kä egnimiz, käte-de dyzymyz diwarlara degip, tozan bary turup başlady. Özem müňlerçe ýyllaryň dowamynda ýygnanan owunjak tozan bolansoň, şeýlebir tozaýardy welin, dessine protiwogazlarymyzy geýdik.
Biraz ýörämizsoň, gowak birdenem giňedi. Ör turup arkaýyn ýöremäge mümkinçilik tapdyk. Ýöne barybir tozan turmasy dowam edýärdi. Sebäbi aýagymyzy basýan ýerimiz hem ýukajyk gum gatlagy bilen örtülgidi. Häli-şindi protiwogazymyzyň äýnegini süpürmeli bolýardyk.
Şol barmana-da, bäş-alty ädimlik öňümizde ullakan bir guýynyň agzy garalyp göründi. Edil onuň ýokarsynda gowagyň depesiniň deşikdigine, gaýanyň üstüne çykýan çykalganyň hem bardygyna gözümiz düşdi. Belki, gowagyň içindäki tot-tozan hem hut şol ýerden onuň ikinji agzyndan syrap girendir.
Guýynyň erňeginiň ep-esli aralygy laý bilen suwalan ýaly tep-tekizdi.
—Duruň. Ýeriňizden butnamaň! –diýip, Rahym gygyrdy. Protiwogazly bolanymyz üçin biri-birimizi zordan eşidýärdik. — Bir ädimem ädäýmäň! –Biz sägindik. —Bu ýokary hilli semende meňzeş ownuk çaň. Daşyndan göräýmäge gaty ýalydyr. Hakykatynda welin, gürpbasdynyň barypýatany. Ynha, serediň! –diýip, kiçeňräjik bir daşy aldy-da, erňegiň ýylmanyp duran ýerine oklady. Daş guýynyň gyrasyna düşüp, bomba ýarylan ýaly, küpürsäp duran tozan turuzdy. Hiç bir ýeri saýgarar ýaly bolmady. Hatda çyranyň yşygy hem öçügsileşip, ýitip gitdi.
Tozan mazaly ýatyşýança duran-duran ýerimizden butnaman garaşdyk. Çaň-tozan kiparlansoň, äňetsek, erňegiň ep-esli ýeri içine hopan guýynyň agzy öňküsinden iki metr ýalyrak giňäpdir.
Ine, ýörite taýýarlygyň, tejribäniň haýrynyň degýän ýeri. Eger-de Rahym ýanymyzda bolmadyk bolsa, ýaňky gürpbasda basyp, aşaklygyna garşy güwläp gidibermelidik.
Biz tozanly «bombanyň» partlamasy zerarly halys çaň basan çyramyzy, protiwogazymyzyň äýnegini tämizledik. Gozgansak, ýene-de tozap duran üst–başymyzyň çaňyny kakyşdyryp, özümize biraz serenjam berdik.
—Eger-de şu eşiklerimiz bolmadyk bolsa, biz eýýäm çaň-tozanyň derdinden demigip, heläk bolardyk –diýip, men ýerasty sapara taýynlygymyzyň hiç neneň däldigine begendim.
—Näsini aýdýarsyň –diýip, Rüsdem ylalaşyp baş atdy.
■ SAKYRTGALARYŇ HÜJÜMI
Rahym çukuryň erňegine ýörite myhlary kakyşdyryp, olara merduwany berkitdi.
Soňra bir kiçeňräjik tegegi jübüsinden çykaryp, onuň inçejik ýüpüni hem myha daňdy–da, çöşlener ýaly edip, guşagyna dakdy.
—Munuň nämä geregi bar? –diýip, Rüsdem gyzyklandy.
—Bu Ariadnanyň ýumagy –diýip, Rahym düşündirdi. —Belki, geregi-de çykmaz. Belki-de, kim bilýär, pelek işi, çyrasyz galyp kösensek, yzymyza şu ýüpi yzarlap çykarys.
Ol soňra:
—Aşak düşüp başlalyň! –diýdi-de, merduwanyň düýrlemini usully çöşläp, guýa sallady.
—Men düşelgäni gözden geçirip, aşak ýetenimsoň, eger merduwanyň ujundaky şu ýaşyl çyrajyk ýansa, onda «Düşüberiň!» diýdigim. Eger gyzyl ýansa, «Düşmek howply, saklanyň!» diýdigim –diýip, merduwanyň ujundaky kindiwanja çyrajyklary görkezdi. —Bu ýörite merduwan. Ýüpüň içinde tok geçirýän sim hem bar. Elçyranyň kömegi bilen işleýär –diýip, düşündirdi. —Bärde meniň habaryma garaşýarkaňyz, batareýasynyň kuwwatyny aýamak üçin elçyrany öçüriň-de, şem ýakyň! –diýip görkezme berdi.
Ýüp basgançaklara seresaply basyp, aşak düşüp ugrady.
Rüsdem wideokamerada, men bolsa Nyýazmyrat aganyň fotoapparatynda bu tolgundyryjy pursaty surada düşürdik.
Biraz wagtdan Rahym gözden ýitdi. Guýynyň agzyndan görünýän ýagtynyň kem-kemden öçügsileşýänliginden onuň barha aşak düşýändigi duýulýardy. Bir oturan ýerimizde gozganman oturandygymyz üçin çaň-tozan ýatyşypdy. Şonuň üçin bolsa gerek, Rüsdem protiwogazyny çykardy. Elçyrany öçürip, iki sany şem ýakdyk:
—Senem protiwogazyňy çykar-da, arkaýyn otursana. Howa gowy!
—Ýok, çykarjak däl. Men öň harby işde işlän adam. Serkerimiz Rahymyň tabşyrygyny bozup bilmen –diýip, men oňa degişme bilen jogap berdim.
—Ýeri bolýa-da, halanyňy et …
—Gyzykly gerek? –diýip, özümize näbelli bir dünýä aralaşýandygymyzy ýaňzytdym.
—Juda gyzykly. Biz hut nätanyş planeta düşýän astronawtlar ýaly –diýip, ol baş atdy.
Özümize nähili täsinlikleriň garaşýandygy barada gürrüň edip oturyşymyza, merduwanyň ujundaky çyrajyklaryň «Haýsy birisi ýanarka?» diýip, seredişýärdik.
Birdenkä şemlerimize bir döw-ä çaldy. Hut patyrdap ses edip, atylyşyp ugradylar. Olaryň ýagtysy hem üzlem-saplam bölünip, oýnaklap başlady.
«Bu näme boldugyka?» diýşip, şemleri ünsli synlanymyzda, olaryň üstüne tolkun-tolkun bolup inýän maýdajyk möjejiklere gözümiz düşdi. Oda degip, ýarylyp, patyrdy turuzýan hem şolar ekeni. Özlerem barha köpelýärdiler.
Men Rüsteme:
—Protiwogazyňy geý! –diýip gygyrdym.
—Näme üçin? –diýip, ol äm-säm boldy.
—Gowak sakyrtgasy bar! Göreňokmy?!
Ol tizden-tiz protiwogazyny geýdi.
Onýança-da, owunjak möjejikler protiwogazymyzyň äýneklerine ýapyşyp, görmämizi kynlaşdyryp ugradylar. Şemler bolsa olaryň üznüksiz hüjümine döz getirmän, gezekli-gezegine söndi. Bialaç elçyra ýakdyk.
Guýynyň agzyndan görünýän ýagty indi çalaja saýgardýardy.
—Rahym has aşak düşen bolsa gerek! –diýip, men guýa garşy baş atdym. —Yşyk zordan saýgardýar.
—Belki, guýy dik aşaklygyna gitmän, egri-bugrudyr –diýip, Rüsdem muny özüçe düşündirdi.
Ol birdenem biynjalyk bolup gobsundy:
—Bir zatlar-a bijaý çakýar –diýip, protiwogazyny çykarmakçy boldy.
—Şu sakyrtgalar çakýandyr. Protiwogazyňy çykarma. Çykarsaň, içiňe has-da köp girer.
Onýança-da, merduwanyň ujundaky kindiwanja ýaşylja çyra iki-üç gezek ýylpyldady.
—Sen ilki düşäý! –diýip, men birahat oturan Rüsdeme teklip etdim.
—Näme üçin? Tertibe görä, seniň gezegiň ahyryn.
—Rahymyň ýanyna basymrajyk aşsaň, belki, ol seni sakyrtga çakmakdan dyndarar.
Ol merduwana çalasynlyk bilen basyp, aşak düşüp ugrady.
—Howlukman, usully düşsene! –diýip, men onuň yzyndan gygyrdym.
■ ÝERIŇ GÖBEGINE TARAP
Rüstem gidensoň, bikär oturmazlyk üçin elçyranyň yşygyny tutup, gowagyň beýleki ýerlerini synlap başladym.
Edil girelgäniň ýanynda ýene-de bir guýynyň bardygy görünýärdi. Ondan aňyrda hem kiçeňräjik iki sany deşik hoňkaryp durdy. Olaryň üstünde gurap giden agaç şahalarydyr ot-çöpler ýatyrdy.
«Tebigat bu täsin gowaklary millionlarça ýyllaryň dowamynda döredipdir. Olar ýeriň aşagyna näçeräjik çuňluga çenli uzalyp gidýärkäler? Eger bulara serenjam berip, tämizläp, syýahaty ýola goýup bolsa, ençeme adamlar tomaşa etmäge gelerdiler».
Men şu pikirlere gümra bolup oturyşyma, göwnüme bolmasa, ummasyz köp wagt geçene meňzeýärdi. Basymrajyk aşak düşüp, ol ýerdäki täsinlikleri synlamak höwesi içimi byjyklaýardy.
Merduwanyň ujundaky arzyly çyrajyk ahyrsoňy ýandy.
Men Rahymyň maslahat berşi ýaly, usullylyk bilen aşak düşüp ugradym.
Guýy täze ýyl ýolkasyna dakylýan çüýşe oýnawaç ýaly bogdak-bogdakdy. Kä giňelip, käte-de daralýardy. Diwary ululy-kiçili jaýryklardan doludy. Käbir ýerinde kiçeňräjik erňek bolup, olaryň üstünde oklukirpi tikenleridir, guran agaç şahalary pytraşyp ýatyrdy.
Jaýryklaryň içi hem ýokarda şemlerimize hüjüm eden maýdajyk sakyrtgalardan, zybyrdaşyp ýören suwulganlardan doludy.
Aýagymy merduwanyň basgançaklaryna howlukman basyp, guýynyň gopmagy mümkin daşly diwaryna degmezlige, tozan turuzmazlyga çalşyp, haýaljykdan aşak düşüp barýardym.
Ilkinji on metr töweregi aralygy şowly geçdim. Ýene-de on metr. Ine, birdenem elçyranyň goşaryma ildirilgi bagy sypyp, ol aşaklygyna garşy gaýtdy.
Bu säwlige juda gynandym. Sebäbi elçyra bize tüm garaňky ýerasty gowakda ähli zatdan zerurdy. Munuň üçin ýoldaşlarymyň igenjekdiklerini bilýärdim.
Daryşganlyk guýynyň içinde, gözedürtme garaňkylykda aşak nähili düşjegimi bilmän ýaýdandym. Ýeke-täk çykalgam şem ýakmakdy. Jübimdäki şemleri barlaşdyryp sanadym. Bary-ýogy üç sany. Diýmek, ýaňy ýokarda hem meniň şemlerimi ulanypdyrys. Sakyrtgalar öçürensoň bolsa, olary almagy-da undupdyryn.
Ýykylmazlyk üçin golumy merduwanyň ýüpünden çilşirip geçirip, kynlyk bilen şemi ýakdym. Indi mümkingadar ätiýaçly hem çalt düşmegim gerekdi.
Sebäbi şemiň ysyna sakyrtga üýşüp, ony öçürmekleri mümkindi. Guýynyň jaýryklaryna ýygnanan gury çöp-çalamlara ot düşmek howpy-da döräpdi. Çak edişim ýaly, ýedi-sekiz metr düşüp-düşmänkäm, şemiň ysyna ymsynan sakyrtgalar üýşüp, pat-pat edip, ot syçradyp, ýanyp ugradylar. Protiwogazyň äýnegini hem tutuşlygyna diýen ýaly örtdüler.
Soňabaka sakyrtgalaryň sany şeýle bir köpeldi welin, olara ot düşüp, lowlap ýangyn döredip başladylar. Şemi öçürmesem bolmajakdygyna göz ýetirdim.
Aljyramakdan ýaňa der basyp, gözüme girip, awuşadyp başlady. «Ine, saňa hezillik!» diýip, ruhdan düşmezlige çalşyp, özüm-özüme basalyk berýärdim.
Şemi öçürip, mundan beýläk tä ýoldaşlarymyň ýanyna ýetýänçäm sermenip gidip oturmagy ýüregime düwdüm.
Garaňky bolansoň, usully hereket etmek kyndy. Ýeke-täk aladam, aýagymy merduwanyň basgançaklaryna dogry basmakdy.
Oňaýsyz hereketim zerarly diwardan gopýan daşlar aşaklygyna garşy uly zenzele turzup gaçýardylar. Şol barmana merduwan bijaý yrandymy-nämemi, ýokardan bir daş gopup gaçyp, kaskama patlap degdi. Urgudan ýaňa kelläm sarsyp, gözüm garaňkyrap gitdi. Tasdanam merduwandan ýykylypdym.
Biraz demimi dürsäp, özümi ele alamsoň, aşak düşmegimi dowam etdirdim.
Merduwanyň basgançaklaryna sanap basyp barşyma näçeräk aralyk geçendigimi kesgitleýärdim. Kyrk metr. Elli … «Eý, Hudaý, bu aşak düşüp gidip oturmagymyň haçan soňy gelerkä? Beýle-de bir çuň gowak bolar eken-ow. Ýeriň göbegine çenli ýetýär öýdýän?».
Altmyş metr çemesi geçenimde, aşakdan çalaja yşyk göründi.
Soňra guýy birden giňäp merduwanyň howada sallanyp duran bölegi bilen düşmeli boldum. Meniň aşak ýetenimi görüp:
— Çyrasyz düşmek kyn bolandyr –diýşip, Rahymdyr Rüsdem ylgaşyp gelip gujakladylar.
■ GOWAGYŇ PIRI
—Hany, biraz dynjyňy al –diýip, Rahym üst-başymyň çaňyny kakyşdyrdy. —Protiwogazyňy bärde çykarsaň-da bolar.
—Özüňden ozal elçyraň geldi. Ynha, oňa hiç zat bolmandyr –diýip, Rüsdem eýlesi-beýlesi biraz ýemşirilipdir diýmeseň, gurat işläp duran fonarymy berdi. —Bu ýer edil ertekiler dünýäsi ýaly.
—Sakyrtga çakmasyndan dyndyňmy?
—Hawa, Rahym ýüzümi çaý bilen ýuwduransoň, gijisi ýatyşdy.
—Bu ýerde sakyrtga ýokmy?
—Enteg-ä ýok. Şem ýaksak, kim bilýär, tapylmaklary-da mümkin.
Meni ilki bilen haýran galdyran zat–gowagyň ägirt gümmezi boldy. Onuň belentligi ýigrimi metr töweregi bardy. Tutuşlygyna diýen ýaly goýry mämişi reňkdedi. Çyranyň yşygyna ýalpyldap täsin öwüşgin atýardy. Mämişi reňkiň ýüzüne bolsa her dürli suratlar, biri-birine çyrmaşyp uzap gidýän nepis nagyşlar çekilgidi.
Gümmeziň ortasyndaky surat özüniň mesaňalygy hem ululygy bilen beýlekilerden görnetin saýlanýardy.
Ol haşamly bezegler bilen bezelen açyk kitabyň öňünde çöküne düşüp, gollaryny göterip doga okap oturan çuw ak sakgally, başy selleli, egni donly gojanyň suratydy. Ýüz keşbi keramatly hem syrly görünýärdi. Suratyň aşagynda bolsa arap hatyna meňzeş birnäçe hatar ýazgy bardy.
Eger çyranyň yşygyny üýtgetseň ýa-da kelläňi öwrüp seretseň, garrynyň keşbi hereketlenip, dogasyny soňlap, gollaryny ýüzüne sylýan ýaly bolýardy.
«Yslam dini Allanyň ýaradan janly-jandarlarydyr adamyň suratyny çekmegi gadagan edýär. Beýle bolsa, gowagyň gümmezindäki bu surata nähili düşünmeli? Ýa-da bolmasa, Isgenderiň şahynyň bardygyny gören bir adamyň bu syry il içinde aýtsa-ha başynyň alnaryndan howatyrlanyp, aýtmasa-da halys içi byjyklap duransoň, bir adamsyz ýerdäki gurruk guýynyň içine: «Isgenderiň şahy bar!» diýip, gygyryp-gygyryp, özüne basalyk berşi, onsoň ol guýuda gögeren gamyşdan bir çopan tüýdük ýasanyp çalanda, tüýdügiň hem «Isgenderiň şahy bar!» diýip ýaňlanyp, bu gizlin syryň ile äşgär bolşy zeýilli bir zatmyka? Bir musulman suratkeşiniň adamyň suratyny äşgär çekmek gadagan bolansoň, gowaga girip, gizlin ýerde çeken keşbimikä?».
Men kelläme gelen şeýle pikirlere berlip, geň suraty bir salym synlanymsoň:
—Gojany görýäňizmi? –diýip, ýoldaşlarymdan soradym.
—Hawa, gowagyň piriniň suraty –diýip, Rüsdem wideokamerasyny häzirledi:
—Ähli çyralary şoňa tutuň, surata düşüreliň.
Çyralaryň üçüsiniň hem ýagtysyny gojanyň keşbine gönükdirdik welin ol has aýdyň göründi. Eý, taňrym, muňa bir seretsene! Men indi öz gözlerime ynanmajak bolýardym. Gojanyň keşbi asla elde çekilen surat däl-de, dagdan syzyp çykýan suwlaryň müňlerçe ýyllaryň dowamynda döreden keşbi bolsa nätjek! Asmandaky bulutlaryň hyýalyňa gelmejek şekilleri döredişi ýaly, ägirt basyşyň astynda dagyň galyň gatlaklaryndan gysylyp çykan düzümi ençe dag jisimleriniň ergini garylan suwlar «gowagyň pirinden» başga-da onlarça tebigy suratlary döredipdir. Olar peýwagtyna gezişip ýören her dürli janly-jandarlara, ertekilerdäki ýaly geň, owadan guşlara, hatda mäh-net kelleli tüýlek ýabany adamlara hem çalym edýärdiler. Eger meňzedeýin diýip birazajyk hyýalbentlik bilen seretseň, başga planetalylar diýilýän gyýa gözli, ýasy kelleli kümüşsow reňkli gumanoidleri, olaryň uçýan tabaklaryny, biziň durmuşymyza barha çuň ornaşýan kompýuterleri, asmana başyny direýän ençeme gat jaýly häzirkizaman şäherlerini-de görmek bolýardy.
Aperin, seniň talantyňa, gudraty güýçli tebigat!
Bu gojany diňe bir gowagyň däl-de, ähli tebigatyň hem piri diýmek boljakdy. Ol ägirt keramatly kitapdan tebigatdaky özara sazlaşygyň bozulmazlygy baradaky haýsydyr bir güýçli dogany okap, gol göterip oturana meňzeýärdi.
Biz şalaryň köşgüniňkini gaýra dur diýdirýän owadan gümmezi surata düşürip bolup, gowagyň beýleki ýerlerini aýlanmaga girişdik.
■ GOWAGYŇ SYRLARY
Gowaga düşen guýymyzyň we beýleki guýynyň aşagynda beýikligi on metr töweregi gum depesi bardy. Ýoňsuz wagtyň dowamynda ýokardan gaçan zatlar: agaçlaryň guran şahalary, adamlaryň hem-de janly-jandarlaryň skletleridir kakap galan mumyýalary üýşmek döredip, asyrlar boýy üstüne ýagyp duran guma garyşyp, depe emele gelipdir.
Biz daşyndan haýalja aýlanyp, depäni içgin synlaýarys. Bu ýerde millionlarça ýyllaryň «taryhy» ýatyrdy. Ynha, dag goçlarynyňdyr umgalaryň bir topary. Olaryň sany otuza golaý bar. Görsene muny, depäniň bir ýerinden bolsa atyň kakap mumyýa öwrülip giden kellesi çykyp dur! Onuň iri-iri dişleri aňňalyp, gorkunç görünýär. Aýraklaryňdyr umgalaryň kimdir biri-birine ýörite ilişdiren ýaly çolaşyp ýatan şahalary-da köpdi.
—Bu ýere at nädip düşüp ýörkä? –diýip, men Rahyma ýüzlendim. —Ýokardan gaçandyr diýseň, guýynyň dar agzyndan-a ol sygmaly däl!
—Aklym haýran bolup, menem şonuň pikirini edip durun. –diýip, Rahym jogap berdi. —Bu ýerde diňe bir at däl, başga-da iri haýwanlaryň mumyýalarydyr skletleri köp.
— Siz muňa bir seretseňizläň! –diýip, Rüsdem depäniň gapdalyndaky ýapaşak ýere goluny salgady.
Görsek, ullakan bir ýylan ýokardan damýan damjalaryň emele getiren stalaktit daşynyň içinde okuw görkezme esbaby ýaly bolup gatap galypdyr.
Ol ýerde adamlaryň mumyýalary-da köp ekeni. Ýöne olaryň aglabasynyň eginleriniň ýalaňaçlygy geň galdyrýardy.
—Bilmezlikde ýykylyp heläk bolan bolsalar, onda bular eşikli bolaýjak ýaly. Ýa-da has irki döwrüň adamlarynyň galyndylarymyka? Ýa bolmasa, bu gowak diniň haýsydyr bir näbelli şahasyna uýýan adamlaryň ýogalanlaryny oklaýan guburhanasymyka? Ýa-da gowakda hazyna gizlän garakçy baradaky rowaýatyň jany barmyka? Onuň, egniniň eşiklerine çenli talap oklan adamlarynyň jesetlerimikä? –diýip, men geň galdym.
—Bu zatlar—degişli ugruň alymlary içgin öwrenip, kesgitli bir pikir aýdaýmasalar, biziň aklymyz çatardan çylşyrymly –diýip, Rahym garaşylmadyk tapyndylar hakda näme diýjegini bilmän eginlerini ýygyrdy. —Gowusy, ýörüň, gowagyň beýleki ýerlerine aýlanalyň.
—Ýokardan üznüksiz damýan damjalaryň döreden stalaktit tokaýlygy şeýle täsindi. Olar haýsydyr bir fantastiki dünýäde biten agaçlar ýalydylar. Käbirisi has uzyn hem ýogyndy. Käsi bolsa, ýaňy boý alyp barýan ýaş agaja çalym edýärdi. Her agajyň depesinde onuň ekiztaýysy ýaly bolup, aşaka meňzäp, gowagyň gümmezinden başaşak sallanyp duran ikinji bölegi bardy. Bu geň «daş tokaýlygynyň» içindäki käbir stallaktit akyndylaryň döreden şekilleri adama, janly-jandarlara hem meňzeýärdi. Olaryň gapdallara bölünişip duran inçejik çykyndylaryna çybyk bilen çalaja ursaň, ýa-da pitikleseň, heniz näbelli saz guralynyňka çalymdaş birhili sandyrawuk täsin owaz edýärdiler.
Gowagyň içinde ujuna ýagly letde dolanyp ýakylan kesewileriň galyndylaryda duşýardy.
—Bu ýerde bizden ozal hem bolupdyrlar –diýip, men olary Rahyma görkezdim.
—Hawa –diýip, Rahym baş atdy.
Haýwanlaryňdyr adamlaryň skletleri gowaga girilýän guýulardan uzaklarda-da çaşyp ýatyrdy. Has geň ýeri-de olaryň käbirisi-hä çakyr süňk bolup, sklete öwrülipdir. Beýlekileri-de mumyýa görnüşde saklanypdyr.
Şeýdip aýlanyp ýörşümize ýokardan gopan ullakan daşyň gapdalynda ýatan has iri ýyrtyjynyň süňklerine-de duşduk. Onuň kuwwatly äňlerinden somalyşyp çykyp duran ýiti dişleriniň uzynlygy süýem barmakça bardy.
—Turan gaplaňynyň galyndysy bolsa gerek! –diýip, Rüsdem ony surata düşürmäge häzirlendi.
—Aý, ýok, irki döwürlerde ýaşan gylyç dişli gaplaňyňka meňzeýär. Alyn dişleriniň uzyndygyna bir seret! –diýip, Rahym heniz abat saklanan egrileç gyýaklary görkezdi.
—Belki-de, dinozawrlaryň tironazawr diýilýän ýyrtyjy görnüşiniňkidir? – diýip, Rüsdem dillendi.
—Aý, ýok, ol döwürlerden galan süňkler bu wagta çenli çüýräp giderdi. –diýip, men bu pikiri ret etdim.
Üstüni çaň basyp giden toýundan ýasalan gap-gaçlara-da gabat gelýärdik. Olaryň köpüsi abatdy.
Bu gowak ozal giň hem amatly girelgeli ýer bolup, onda adam ýaşana-da meňzeýärdi. Soňundan ýerasty sarsgynlar, tektoniki üýtgemeler zerarly şol esasy girelge gömlüp, diňe ýokardan düşüp bolýan howply guýular galan bolsa gerek.
Gowakda ýene-de ençeme täsin zatlary görüp, Çün öýleden agyberende sag-salamat ýokaryk çykdyk.
■ PILGUŞUŇ ÝELEGI
Şol gezekki saparymyzda bolan ýene-de bir gyzykly wakany aýdyp bereýin.
Bir gije ot ýakyp, mesawy gürrüň edişip, çaý içip otyrkak, depämizde nämedir bir zatlar uçýandygy duýlup, şuwwuldy eşidilip ugrady.
—Ýarganatlar bolaýmasyn?! Bärde—dag gowaklarynda ýarganat köp. Olar gijesine sürülenişip, awa çykýarlar –diýip, Rahym tüm garaňky göge äňetdi. —Hiç zat görnenok.
—Aý, ýok, ýarganatlar-a däl. Ýarganat sessiz uçýar. Guşlar bolaýmasa. Onda-da, juda uly guşlar. Ganatlarynyň şuwuldysyny eşidýärmiň? Has giň gerimli ganatyň sesi –diýip, Nyýazmyrat aga biraz wagt ünsli diňşirgenip oturansoň, dillendi.
— Beh, häzir gökde nähili guşlar bolup bilsin? Olar ýazyň başynda gelip, güýzde hem göçýärler. Bu wagt bolsa—tomsuň ortasy –diýip, Rüsdem geňirgendi.
Biz ýene-de mesawy gürrüňçilige berildik.
Ýöne, barybir, gökden eşidilýän şuwwuldyny ýadymyzdan çykaramzokdyk. Wagtal-wagtal edil buýruk berlen ýaly, söhbedimiziň arasyny kesip, lal-jim bolup diňşirgenýärdik.
Şuwwuldy käte çalaja eşidilse, käte-de has güýjäp, edil häzir üstümizden ägirt bir guşlar inip gelýäne, olaryň ganatlarynyň ujy ýüzümize, ynha-ynha, şarpyldap degjege meňzeýärdi.
Geň ýeri-de, «göçegçi guşlardyr» diýsek, bu göçüşligiň yzy kesi-liberenokdy. Indi iki sagat gowrak wagt bäri dowam edýärdi. Beýle uly guş sürüsiniň bolup biljegine ynanmak kyndy.
Biz ahyrsoňy «Şol bir guşlar depämizde öwrüm edip aýlanyp duran bolsa gerek. Perwananyň yşyga gelşi ýaly, guşlary hem bu garaňky gijede ýakan odumyzyň ýalkymy özüne çekendir» diýen pikirde saklandyk.
Olaryň nähili guşlardygyny bilmek höwesi biziň içimizi byjyklaýardy. Gündiz dag içinde bürgüt, dazzarkeldir üç-dört sany käkilik gören bolaýmasak, uly guşlaryň sürüsine gabat gelmändik.
«Göge garap tüýkürme—ýüzüňe düşer» diýlişi ýaly, göge garadyp tüpeň atmak hem asyllylyk däl bolsa-da, bilesigelijilik halys aňymyzy aldymy-nämemi:
—Geliň, atyp göreliň, kim bilýär, belki, deger –diýşip, tüm garaňky asmana garadyp, ýekeje gezek atdyk.
Durşumyza gulaga öwrülip, diňşirgendik, emma golaý-goltumymyza patlap gaçan guşuň sesini eşitmedik.
Ertesi Rüsdemiň sesine oýandyk. Rahym ikisi adat edinişleri ýaly, ir turupdyrlar:
—Heý, oýansaňyzlaň! Muňa bir seretseňizläň!
Haýsydyr bir juda geň ýagdaý bolmasa, olaryň bizi beýle ir oýar-majakdyklaryna gözümiz ýetikdi. Biz derrew ýatyş haltalarymyzdan çykdyk.
Jahan ýagtylyp, ýaňy Gün dogup gelýärdi. Howanyň çigregi egniňi ýygyrdýardy. Düşleg edinen ýerimiziň bäş-alty ädimliginde Rahym bilen bir zady ünsli synlap duran Rüsdem:
—Bärik geliň! –diýip çagyrdy.
Ylgaşyp barsak, ullakan bir ýelek ýere sünjülgi dur.
—Özüňiz sünçdüňizmi? –diýip, Nyýazmyrat aga sorady.
—Ýok-la, özi şeýle duran ekeni –diýip, Rahym jogap berdi.
Bu ýelegiň geçen gije atan okumyzyň «miwesidigine» dessine düşündik. Nyýazmyrat aga onuň dürli tarapyndan suratyny aldy.
Ýelegiň durşy: «Näme üçin arşa—gudraty güýçli Perwerdigäriň, perişdeleriň oturýan ýerine tarap tüpeň atdyňyz?! Onda-da gijelikde, nämäni atýanyňyzy görmän-bilmän. Hiý, şeýtmegem bolarmy?!» diýip, bize ýüzlenilýän ullakan ýüzlenme belgisine meňzeýärdi.
—Beh, beýle-de bir uly ýelek bolar eken-ow. Haýsy guşuňky-ka? –diýip, Nyýazmyrat aga goýy goňrumtyl reňkli ýelegi ýerden sogrup aldy-da, eýlesine-beýlesine öwrüp, ünsli synlady. —Munuň ujy dagysy hut ruçkanyň ýogynlygyça bar.
Ol goluny uzynlygyna ýazyp,ýelegi deňeşdirip gördi:
—Çignimden tä elimiň ujuna çenli ýetýär. Dogrudanam, uly guşuň ýelegi ekeni.
—Iri guşlary ýatlalyň hany. Bizde toklutaý, leglek, durna, dazzarkel... bar –diýip, Rüsdem sanaşdyrdy.
— Aý, ýok-la, bu ýelek olaryň hiç biriniňkem däldir! Görýäň-ä, juda iri – diýip, Nyýazmyrat aga onuň bilen ylalaşmady.
—Dag bürgüdiniňki bolaýmasyn?
—Dag bürgüdi ýaňky agzan dazzarkeliňden iri bolanog-a.
—Onda haýsy guşuňky-ka?.. –diýip, men hem pikire batdym.
—Gadymyýetde pilguş diýen bir guş bolupdyr. Hut öküz ýaly ululykda. Şonuňky bolaýmasyn diýesim gelip dur.
—Goýsaňyzlaň, Nyýazmyrat aga, dagyň başyna çykyp, başga döwre — pilguşuň ýaşan döwrüne düşäýendiris öýdýärsiňizmi?! –diýip, Rüstem güldi.
—Muny äkidip, biolog tanyşlaryma görkezeýin. Şolar biler haýsy guşuňkydygyny –diýip, Nyýazmyrat aga ýelegi goşhaltasynyň daşky jübüsine dikligine gysdyrdy.
Ýolboýy döwmejek bolup, ol oňa juda ätiýaçly çemeleşýärdi.
Ine, biziň şol gezekki saparymyz şeýleräk tamamlandy. Men muny näme üçin ýatladymkam? Köýtendagda dinozawrlaryň yzlaryndan, başga-da geň-täsin zatlaryň kändigini aýtmak üçin bolsa gerek! Hawa, hut şeýle!
Hemra ŞIROW.
Hekaýalar