ÝAFES, ÝAGMYR DOGASY WE ONUÑ NESILLERI HAKYNDAKY GARAÝYŞLAR
Biz bu makalada Ýafes hakynda birnäçe çeşmelerden toplanan maglumatlary we garaýyşlary bölekläp, siziñ dykgatyñyza ýetirmekçi. Şeýle-de, hezreti Ýafes hakynda we onuñ zürýatlarynyñ atlary hakynda käbir deñeşdirmeleri we olar hakynda maglumat bermekçi bolýarys.
Ýafes Nuh pygamberiñ körpe ogly bolup ol b.e.öñki 2470-nji ýylda dünýä inipdir.
Ýafes käbir Ýewraziýaly halklaryñ şol bir sanda biz türkmenleriñ hem nesilbaşysy bolupdyr. Ýagny, Nuh pygamberiñ apy-tupanynda ýok bolan dünýä halklaryndan soñ milletler Nuh pygamberiñ üç (Ham, Sam, Ýafes) zürýatlaryndan soñ dünýä ýaýarapdylar. Şolaryñ biri hem Ýafesiñ nesilleridir.
Indi bolsa geliñ Ýafes hakdaky söhbetimizi dowam etdireliñ!
Ýafes apy-tupan sowulandan soñ Adotanelek atly gyza öýlenipdir.
Abylgazy Bahadyr Ýafesiñ apy-tupandan soñky ykbaly hakynda şulary gürrüñ berýär: ''Ýafes Nuh pygamberiñ ündewi bilen Judy dagyndan arany açyp, Itil hem Ýaýyk derýasynyñ kenaryna bardy. Iki ýüz ýyllap Ýafes şol ýerde ýaşap dünýeden ötdi. Sekiz ogly bardy. Çagalary hem gaty köpdi. Perzentleriniñ atlary şulardyr: ''Türk, Hazar, Saklap, Orus, Ming, Çin, Kemary (Taryh?).
Ýafes dünýeden ötmänkä, uly ogly Türki tagtynda oturdyp, beýleki ogullaryna: ''Türki siz özüñize hökümdar belläp, onuñ sözünden çykmañ - diýdi...''
Musa pygambere inderilen kitap bolan Töwratda bolsa Ýafesiñ ýedi sany ogluny bolandygyny aýdýar: Gomer, Mejuj, Madaý, Ýawan, Tubal, Meşek, Tiras.
Şu ýerde atlaryñ aýdylyşynyñ üýtgeşikdigini görse bolýar.
Töwrat bilen Şejerede ýazylan Ýafesiñ ogullarynyñ atlarynyñ aýdylyş formasynda iki sanysy gabat gelýär.
Abylgazy Bahadyryñ Şejeresindäki ''Kemary'' ㅡ Töwratdaky ''Gomer'', Şejeredäki ''Türki'' ㅡ Töwratdaky ''Tiras'' bilen gabatlaşdyrsak laýyk gelibem dur.
Şejeredäki doganlaryñ ýerleşýän ornundan ''Taryhy'' aýyrsak, Töwrat bilen Şejeredäki atlaryñ görkezilşi şejerede: ''Türk'' birinji orunda ''Kemary'' soñky orunda durýar. Töwratda bolsa bular tersine Kemary adyna meñzedilen ''Gomer'' başda agzalýar. Tirasa gabat getirlen Türk ady bolsa soñunda agzalypdyr.
Şu çaklamam dogry bolsa men Abylgazynyñ Şejeresindäki ady agzalýan Ýafesiñ ogullarynyñ arasyndan ''Taryhy'' aýyrmaly bolýaryn.
Belki Ýafesiñ ogullary olardanam kän bolandyr. Muny bir Alla bilýär. Ýöne,şu ýerde ýaşularyñ aýdyp beren bir rowaýaty ýadyma düşýär.
Şol rowaýatyñ özeninde Ýafesiñ 7 sany ogly bolupdyr: ''Çyn, Türk, Hazar, Saklap, Rus, Mise, Kemary. Men bu atlary eşidişime görä yzly-yzyna goýuşduryp ýazyp aldym-da A. Bahadyryñ Şejeresi bilen deñeşdirip gördüm. Şejerede Türk, Hazar, Saklap, Orus, Ming, Çin, Kemary, Taryh.
Şu rowaýatda hem ''Taryh'' ýok eken. Emma Ming bilen Mise atlarynda meñzeşlikleri görüp bolýar.
Ýañky rowaýatda bu doganlar ulalyp ýetişip ýigit çykyp çagalykdan saýlanyşlary hakda ýaşulylar şeýle gürrüñi aýdyp berdiler.
ㅡ Çyn örän akylly we edeplidi.
Türk hem Çyn ýaly akylly we dogry sözlüdi.
Hazaryñ häsiýeti ýumşak bolup, özem az gürleýän eken.
Rus hilegär, özem gaty haýasyz bolup ýetişdi.
Saklap bolsa ýuka ýürek sadady.
Mise dünýäniñ hezilini görüp bilmän ýaş üstünde aradan çykypdyr. Köp ýaşamandyr...
Onuñ ogluna Gara diýipdirler. Gara ulalyp taýpadaşlarynyñ arasynda hanlyga saýlanypdyr. Gara hanyñ Aýja atly aýaly bolupdyr. Bir gün ol ogul dogrupdyr... Adyna Oguz dakypdyrlar. Oguz ulalyp ýigit çykypdyr. Oguz mekir we duýgur tebigatlydy. Garry atasy Ýafes ony ogullaryndanam eý görerdi.
Misäniñ jigsi Kemary bolsa aw-awlamagy gowy görerdi. Ol ussat mergen bolupdyr.
Günlerde bir gün Ýafes özüne görkezilen ugurlara tarap gitmänkä kakasy Nuhuñ ýanyna baryp oña: ''Eý Allanyñ pygamberi, maña beren ýurduñ suwy az, köp zähmet talap edýän bereketli topragy bolsun. Maña bir doga etmäni öwret, ýagyş ýagmadyklary wagtlary men şol dogany gaýtalap Allaha ýalbaraýyn. Şol dogany okamda Alla bizi näumyt etmesin'' diýdi. Nuh pygamber oña şol dogany etmäni öwretdi.
Ýafes şondan soñ ýola düşüp özüne berilen topraklarda ekin-ekip, dikin-dikip, gün-güzeranyny rahatlykda geçiripdir... ㅡ Rowaýatyñ yzyny näçe dowam etdirseñ edip oturmaly. Göze ilen zat Nuh pygamberiñ öz ogluna ýagyş dogasyny etmegi öwredendigi üns bererliklidir.
ㅡ Ýafes beýleki Ýafetik halklaryñ ata-babasy bolmak bilen birlikde,türkmenleriñ hem atasy bolandygyny ýokarda aýdyp geçipdik. Rowaýatlaryñ hakykatlar bilen badaşýan ýerleriniñ bardygyny köpler bilýändirler.
ㅡ Ýafesiñ, ýagyş ýagdyrýan dogasyny geçmiş taryhymyzda türkmenleriñ ata-babalary unutman nesilden-nesile geçirip uzak ýaşadypdyrlar.
Emma käbir taryhçylaryñ bellemeklerine görä toslanyp tapylan we daşlaryñ ýagyş ýagdyryp biljekdigine ynanylan biderek ynançlar halk arasynda integem möwrütini ýitirmändir. Bu hem ''Ýada'', ''Ýagdy'' ''Ýat'' atly gudratlydygyna ynanylan ýagyş ýagdyrýan daşdyr.
Doga edip ýagyş ýagdyrmak bir aýry, ýada daşynyñ ýagyş ýagdyryp biljekdigi hakyndaky ynançlar bir aýry bolup, ýada daşynyñ ýagyş ýagdyrýandygynyñ tarapyny tutýanlar ''Ýada'' daşyny ökdelik bilen ulanylmasa ýagyş ýagdyrylmaýandygyny aýdýandyrlar. Edil şonuñ şeýle bolşy ýaly ýagyş dogasyny hem hemmeler okap ýagdyryp bilmezler.
Ýagyş ýagdyrylyş adaty türkmenleriñ arasynda Yslam dininiñ gelmegi bilen ýitip gidipdirmi? Muny bilemok welin, ýöne Magtymguly Pyragy:
''Kadyr Alla dökgün nusrat barany,
Ekiniñ hemdemi ýeriñ ýarany,
Ýeriñ, Gögüñ, Arşyñ-Kürsüñ subhany,
Rehm eýleýip ýagmyr ýagdyr Soltanym.
ㅡ diýip doga edendigi mälim.
Ýagşyzadalaryñ Bahary atly kitabyñ awtory Mahmyt Zamahşary şeýle ýazypdyr: ''Ibn Abbas Muhammet aleýhissalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: ''Ýagyş Jennetdendir. Eger gar köp bolup, ýagyş az bolsa, bereket artar, eger gar az bolup ýagyş kän bolsa bereket artmaz'' diýýär. Şu rowaýaty getirip häzirki döwrümize görkezip görsek hakyky gabat gelmeler görünibem dur belki.
Köne türkmenlerimiz ýagyş ýagmyry, bereketiñ nyşany diýip düşünipdirler. Ýagyşyñ suwy rehmetdir. Allanyñ ýalkawydyr. Ýagyş hakynda ata-babalarymyzyñ aýtmadyk zady ýok bolsa gerek.
ㅡ Abulfazl Allami Ýafesiñ nesilleri hakda şeýle diýipdir: Hezreti Ýafes, Nuhuñ iñ soñky ogludy. Şalaryñ şasy onuñ neberesinden kemala gelip, hanlar şolardan döredi. Gündogar Türkistanyñ nebereleri şondan gelip çykdylar.
Ýafesiñ ogullary hakyndaky ýüzleý hem sada seljermämizi ýatdan çykarmakak, dowam etdiräýsek gowy bolardy.
Ýazyjy Hondimiri Ýafesiñ dokuz oglunyñ bolandygyny we olaryñ atlaryny şu görnüşde sanaýar: ㅡ Türk, Hazar, Saklap, Rus, Mensek, Çin, Gomari, Keýmal, Terej.
Ýakut al Hamawy bolsa Ýafesiñ ogullarynyñ atlaryny şeýle sanaýar: Ýunan, Saklap, Abdar, Burjan, Burdas, Fars we Rum bilen Kaşluhima.
Bu alymlar birtopar Ýafesiñ ogullarynyñ atlaryny agzaýar. Munuñ özi bolsa bu makalamyzda soñuna ýetip bolmajak bulaşyklygy döredýär.
Köp alymlaryñ ylmy işlerinde Ýafesiñ Gomer ㅡ atly oglundan Kimmeriler, hindiýewropa halkary döräpdir diýen garaýyşlary görse bolýar.
Askenazdan ㅡ bolsa Regiler, Germanlar döräpdir.
Rifatdan ㅡ Paflagonlar, Keltler,Italikler emele gelipdir.
Togarmadan ㅡToharlar, Frigiler, Ermeniler, Gruzinler we Dagystanyñ halkary emele gelipdir.
Magogdan ㅡ Skifler döräpdir. Madaýdan ㅡ bolsa Eýranlylar we Midiýalylar ýaýrapdyr.
Ýawandan ㅡ Elisa (grek),
Tarşişden ㅡ Tirsenler (grek halky), Kittimden ㅡ Grekleriñ Kiprde ýerleşen taýpalary döräpdir.
Dodanimden ㅡ grekleriñ Troad halky gelip çykypdyr.
Tubaldan ㅡ Rimliler, Ispanlar we Iberler, Baskylar döräpdir.
Meşehden ㅡ Kappadokiýalylar döräpdir.
Tirasdan ㅡ Frakiýalylar, Makedonlar we Epiralylar hem-de Albanlar döräpdir.
Şu ýokardaky maglumatlar ''Hoş habar'' ensiklopediýa kitaplarynda getirilýär. Ýöne Türkmenleriñ atasy Türk han hakynda asla maglumat berilmeýär. Muña derek Yslamyñ taryhy çeşmeleriniñ hemmesi diýen ýaly Türki we türkmenleri bir agyzdan Ýafesiñ zürýatlary diýip belleýär.
Makalamyzyñ soñunda biz türkmenler hem beýleki Ýafetik halklar ýaly Ýafesiñ zürýatlary bolandygymyza buýsanmaga haklydyrys.
Halk döredijiligi we rowaýatlar