20:00 Ýakymsyz sesli azançy hakynda hekaýat | |
Ýakymsyz sesli Azançy hakynda hekaýat
Goşgular
Azan aýtmaga ol höweslidi, Ýöne ýakymsyz hem zorruk seslidi. Sesi hoş ýakýandyr öýdüp hamana, Agşam, ertir gygyrardy azana. Il bizar bolandyr öýtmän sähel, Adamlary örüzerdi bimahal. Günleriñ birinde şäheriñ halky, Sabyr käseleri dolandyr, belki. Diýip - mundan beýläk bermerin azar - Ondan dynmaklygy etdiler karar. Ilden-günden ýygnap ep-esli puly, Azançyñ gaşynda gowşuryp goly, Diýdiler: "Eý, Allañ söýen bendesi, Señki dek ýakymly, mylaýym sesi Bilýäris biz eşdeniñ ýokdugny, Bilýäris biz seniñ ýeke-täkdigñi. Sen şu puly al-da, basym ýola düş, Özge illeriñem dadyna ýetiş. Goý, olaram diñläp seniñ azanyñ, Säher turup okasynlar namazyn!" Azançy ol puly jübsüne salyp, Käbä barýan bir kerwene dakylyp, Barýan wagty ine, günleñ bir gün, Olaryñ ýol söküp barýan kerweni Duş geleni üçin barýan ýolunda, Ýük ýazdyrýar kapyrlaryñ ilinde. Azançy gaýtalap öñki endigin, Tanatmakçy bolýar ile kimdigin. Bat berip ýakymsyz, zorruk sesine Dañ bilen azana gygyrýar ýene. Ýoldaşlary oña diýýärler şeýle: "Gadyrdan, rehim et, gygyrma beýle. Kapyry özüñe duşman saýmaly, Bulardan her zada garaşaýmaly. Señ sesiñ gaharny getirer bulañ, Gaçalyñ bu ýerden ýuwaşlyk bilen". Şol wagt bir adam peýda bolupdyr, Özem azançyny gözläp gelipdir. "Hany, nirede ol azançy adam? Gutardy ol meni agyr beladan". "Seniñ bu sözlerñe ynanaýmak kyn, Munda başga syryñ bolmagy mümkin". Diýip, geñ galanda kerwendäkiler, Ol aýdypdyr: "Çynym sözlesem eger, Meniñ bir gyzym bar, biler bolsañyz, Ýagdaýymdan habar alar bolsañyz, Ana, şol perzendim - jigerim bendi Köpden bäri geñ bir hyýala mündi. Piçjiñ atyp biziñ öz dinimize, Öwürdi ýüzüni yslama-size. Özelenip kän ýalbardym, etmedi, Beren öwüt-pentlerimi tutmady. Hasrathemram boldy, reñkim saraldy, Gysyldym, gowruldym, dünýäm daraldy. Bir günem bar zada gaçyp höwesim Otyrkam, eşitdim azançyñ sesin. Gyzym meñ ýanyma geldi-de şo hal, Sorady: "Bu niçik ýigrenji owaz?" "Her gün säher örüp şeýle azana, Musulmanlar durýar-diýdim-namaza". Ol diýdi: "Azançyñ ýakymsyz sesin, Eşdip, ol dine gaçdy höwesim". Şeýdibem, öz asyl dinin saklady, Muny görüp, göwnüm ganat bekledi. Rahatlyk tapdy gussaly kalbym, Şoñ üçin begenip, şu ýere geldim. Eý, ýakymsyz sesli eziz gardaşym, Señ ýoluñda gurban bolsun bu başym! Gutaranyñ üçin gussadan-gamdan, Ölünçäm minnetdar bolaryn senden. Soltan bolan bolsam, halasgärim dek, Agzyñy tylladan doldurjagym hak". | |
|
√ Pilmahmydyň ölümi / Goşgular - 30.05.2024 |
√ Nädip gozgadyň / Goşgular - 09.12.2024 |
√ «Depämizden syrygyp dur gar suwy...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Eý bolup magraç burhany-uluwwy-şan saňa! / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Ýigrimi ýyldan soñ / Goşgular - 12.07.2024 |
√ Týug / Goşgular - 16.07.2024 |
√ Päliýamanlar / Goşgular - 20.05.2024 |
√ Yşk heseri / Goşgular - 21.06.2024 |
√ Gutarylmadyk goşgy / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Boş bolgaý / Goşgular - 28.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |