ÝALŇYŞLYK
Öýüň içi diýseň salkyndy we asudady. Gylyç ýatan ýerinden ýaltalyk bilen turdy. Öýde adam garasynyň ýokdugyny aňdy, olaryň nirä gidendikleri barada pikir edip barşyna:
—Ýogsa-da, olar Aýsonalara giden bolaýmasyn—diýip, özbaşyna samrady. Agşam öýe işi çykyp, gijiräk gelendigi ýadyna düşdi. Onda-da öz ýanyndan näme üçin aýtman gitdilerkä diýip oýlady.
Aýsonany Gylyç arada obalaryndaky toýda görüpdi, şol gezek hem onuň Aýdan zyýada näzik keşbini sulhy alyp söýüpdi. Toýdan öň bu gyzy hiç görmändi, çünki toýa Aýsona, gyz tarapyndan daşgynyrak obadan gelipdi. Şol gijäniň ertesi bolsa Gylyç, ejesi Enedür daýza gyz barada duýdurypdy. Ýeke perzendini öýermegiň arzuwynda gezip ýören ene onuň duýdurmasyna öz ýanyndan diýseň begendi aýagy hiç ýer tutmady, guş bolup uçdy.
Ilkinji gudaçylyk işi kän bir islenşi ýaly şowly bolmandy. Onda-da bagtyndan el üzesi gelmeýän Gylyç, gaýta synanyşyp görmegi ejesinden haýş etdi:”belki gyz razylygyny berer” diýip oýlady. Çünki türkmençilikde bir bada gelen sawça hoş söz bermeklik, uly ýalňyş däp hasaplanýardy. Köneler aýtmyşlaýyn "Adam soraşa-soraşa..." tanaýar birek-biregi; ondada ýat ýerden gelen sawça gyzy tanamazdan beräýmek her bir maşgalanyň asla başarmajak zadydyr. Gyz tarap - gelen sawçyny ýeke söz bilen gaýtardy: "Entek gyzymyz ýaş, ony durmuşa çykarmak niýetimiz ýok..." diydiler. Ýöne sawçylar ýene geljeklerini aýdyp gidipdiler...
Gylyç bir zatlar iýmek niýeti bilen aşhana ýöneldi, nesibesinden saçak ýazylgy duran eken. Işdämenlik bilen naharyny edindi, soňra işlerine gümra boldy. Gün süýr depä galar wagt geçenden soňra, derwezäniň açylan gapysynyň sesi eşdildi, öýe giren adamyň ejesidigini dessine aňdy:
—Oglum, Gylyçjan, Gylyç nirede sen — diýip, ogluna hoş habarly gelendigini sesi bilen buşlady. Ady tutulan Gylyç “how” berip, ejesine tarap ýöneldi. Daşky jaýda ejesine gözi düşdi:
—Eje, nirä gitdiňiz? Men sizi ertirden bäri görmedimle? — diýip, ejesine salamdan soňra soragly nazaryny aýlady. Enedür daýza myssyk ýylgyrdy. Soňra enelik häsiýeti bilen:
—Oglum, men-ä ýene şol awumyzy almak niýeti bilen gelnejeňem alyp, Aýsona gyzymyzyň öýüne gidendiris. “Duýduraýyn” diýip, barsam süýji ukuda ýatan ekeniň, oýarmaga dözmedim — gelemde aýdaryn — diýip, oglunyň indiki soragyna garaşdy. Enedür daýzaň pikir edişi ýaly hem garaşan soragyny aldy:
—Onsaň eje… neme, gurtmy… ýa şol öňküler ýaly tilkimi?—diýip, gyzaran ýüzi bilen öý goşlaryny öň görmedik terzde birlaý gözden geçirdi. Enedür daýzaň bu gezekgi jogaby nagt boldy:
- Gurtdyr oglum, gurtdyr, Aýsona gyzymyz razylygyny berendir. Gylyç jogapdan soňra hiç hili sorag bilen ejesine ýüzlenmedi, çünki sorag bermek indi zeruram däldi. Begenjine käbesini bagryna basasy, gujaklasy geldi, diýseň şatdy, püre-pürdi. Bu wakadan soň, tutuş iki gün geçipdi. Şol geçen iki gün “söýýän” üçin agyr geçipdi. Diýseň onuň gözleri Aýsonany çuňňur göresi gelýärdi. “Nätmeli” diýen soraga ejesiniň "suratynam soramadyk ýene iküç günden görme-görşe çagyrarys diýendirin " diýen sözi teselli berýärdi. Şol agyrlygyny sekuntlara beren wagt - halys bolan Gylyja hem ahyry duşuşyk güne ýetmek nesip etdi. Goşa juwanlary duşuşdyrmak meselesi öňünden ulular tarapyndan çözülip goýlupdy...
Aýsona ir säherden öňki endigine eýerip, ýerinden turup, ähli işlerini ýerine ýetirdi, ertirlik taýýarlady. Oňa çenli öýdäki adamlaryň ählisi hem ördi. Ertirlik nahary işdämenlik bilen iýildi. Soňra, her kim öz işi bilen bolyberdi. Ertirlik naharyny ýygnap duran ýerinden Kümüş gelneje baldyzyna:
—Aýsona gyz, bol onda senem taýýarlan bizem körekeni synlamak üçin ýola düşeli.
—Wi, gelneje nirä?—diýip, gyzlyk häsiýetine ýaraşjak şekilde ýaňaklaryny gyzardyp, hamala "köreken" sözüni eşitmedik terzde ýylgyrdy. Göýä beren soragyndan uýalýan ýaly içgin ýere seretdi.
— Waý-eý baldyzjan, senem bar-a, entegem çagasyrap ýörsüňdä. Bol, bu gün Gylyç bilen duşuşmaly günüň ahyryn. Ýa eýýäm unudaýdyňmy— diýip, gelnejesi Aýsona degişme äheňde ýatlatdy. Gyz utanjyndan aljyran ýaly etdi, emma özüni derrew ele aldy. Şondan soň taýýarlyk görüp, bellenilen ýere tarap ýola düşdüler.
Gylyç hem eýýäm, dosty bilen bellenilen ýerde bar pikirini bir ýere jemläp bilmän garaşyp durdy. Dosty bolsa, Gylyja, bir ýerleri salgy berýän dek barmagyny çommaldyp:
- Hanha dost, saňa bagtyň gujak açjak ýeri, menem ho-ol bagyň aňyrsyndaky oturgyçda saňa garaşmakçy, bar onda birden söýgüli ýaryň garaşýan bolaýmasyn. Ol seniň arzuwyň ahyry—diýdi. Gylyç bolsa, jogaba derek diňe baş atdy, ugruny şol tarapa gönükdirdi.
… Ýöne Gylyç on minut çemesi wagtdan garabaşagaý, aljyraňly halda ejesine telefon etdi.
—Alo! Eje… eje—Gylyjyň demi – demine ýetenokdy—Eje!
—Gylyç oglum bu senmi, hä Aýdyber oglum... bardyňmy, gördüňmi, nähili gyz, ýaradymy, “Aý” ýaly gyzdyr, tüweleme, saýlap bilipsiň—ejesi oglunyň halyndan bihabardy. Oňa gezek bermän sorag ýagdyrýardy. Ahyry Gylyç özüni dürsedi-de:
—Eje siz kimlere, haýsy gyza sawçy gitdiňiz? Aýsonalaramy ýa-da başga bir gyza?
— Howwa oglum, şol Aýsona diýen gyza sawçy gitdik, Amansoltan gelnejeleň salgy beren öýüne bardyk-da... näme boldy?—diýdi. Enedür daýzaň ene ýüregi bolmasyz bir işiň bardygyny duýup başlady. Ene öz elleriniň sandyraýandygyna üns bermedi, çünki, ýeke perzendini şu güne çenli ähli zatdan gorap gelipdi. A bu gün näme etdi??? Bu ýagdaý Enedür daýzany halys hopukdyryp barýardy :
- Eje sen ýalňyşan bolaýma, ol meniň diýýän gyzym däl ahyry, ol düýbünden başga gyz, başga Aýsona ol... — diýdi. Enedür daýza oglunyň sözüni ahyryna çenli diňlemäge takat edip bilmedi. Ýürek agyzdan çykara döndi, näme etjegini asla oýlanman;
— Allajanlarym, o nähili beýle bolýar?—diýip, özi öz başyna gaý bolup ugrady. Howsalyly sesi bilen—Bardyňmy gyzyň ýanyna?
— Ýok bärden gördüm. Başga gyzdygyny bilip saňa tel kakdym—diýip, Gylyç ýagdaýyny janygyp ejesine düşündirdi. Ene hem özüni ele aldy-da:
— Bar onda oglum olary saklama, özüň hem ýekeje sekundam saklanma, başdan boljak işe indi çäre ýok, bar ýanyna goý, biabraýlyk bolmasyn—diýip, ogluny Aýsonaň ýanyna barmagymy aýtdy. Ogly ejesiniň sözünden çykyp bilmedi... Telefony öçürip diýilişi ýaly etdi...
Şu ýerde teli öçüren Enedür daýza hem özüniň goýberen ýalňyşyna düşünip başlady. Diňe şu wagt, nire bolsun ýa-da haýsy oba bolsun tapawudy ýok, şol ýeriň gör, näçe “Aý” ýaly Aýsonasynyň bardygy onuň aklyna geldi, öz ýalňyşyny başyny tutup oýa batdy...
Ahally
Hekaýalar