12:16 Ýalynly ýyllaryñ ýatlamasy | |
ÝALYNLY ÝYLLARYŇ ÝATLAMASY
Ýatlamalar
... 1941-nji ýyl. Mähriban Watanymyzyň üstüne agyr howp abanypdy. Sowet halky bir dogana öwrülip, duşmana uly gaýratlylyk bilen gaýtawul berýärdi. Duşmana ýüregi gahar-gazapdan doly Ahmedem urşuň ilkinji günlerinde harby komissariata baryp, meýletinlik bilen fronta gitjekdigini aýdypdy. Harby komissar gözleri uçganaklap duran ýaş ýigidiň ýüzüne taýly gezek seredipdi-de: – Gerek bolsa özümiz çagyrarys. Tyla-da adam gerek – diýipdi. Bu jogap Ahmedi kanagatlandyrmandy. Ýatsa-tursa hyýaly frontdady. Işläbem karary ýetenokdy. Haçanda doganlary Halyldyr Zinet, Mämmet frontda söweşip ýörkä, özüniň tylda bolmalydygyna hiç akyl ýetirip bilenokdy. Bir günem partiýanyň Aşgabat obkomyna çagyryp, ony komsomol işine alýandyklaryny aýdypdylar. Ahmet bu ýerde-de özüni fronta ibermeklerini haýyş edipdi. Özüniň harby ugurdan tejribesiniň bardygyny, Halhin-Gol söweşlerine gatnaşandygyny hem aýdypdy. Onuň özelenip-özelenip ýalbarmasy-da başa barmansoň, ylalaşaýmak galypdy. Indi Ahmet Ahundow komsomolyň Aşgabat obkomynyň sekretarydy. Ol oblastyň komsomol-ýaşlarynyň öňünde çykyş edip, ýeňşiň biziň tarapymyzdadygyny, betpäl duşmanyň niýetiniň başa barmajakdygyny, uly hyjuw bilen aýdýardy. Ine, şeýle mitinglerden soň, harby komissariata gelip, meýletinlik bilen fronta gitmek üçin arza berýän ýaş ýigitlerdir gyzlaryň sany artýardy. Frontdan bolsa ajy habarlar gowuşýardy. Emma ruhdan düşülmeýärdi. Kyrk birinji ýylyň noýabry hem ýetip gelipdi. Aşgabadyň eteginde 87-nji türkmen atyjylyk brigadasy düzülýärdi. Brigadanyň ştabynyň naçalnigi podpolkownik Bagşy Annahalowiç Ataýewdi. Ahmediň hem indi arzuwy ýerine düşdi. Ol brigadanyň syýasy bölüminiň naçalniginiň komsomol işleri boýunça orunbasarydy. Bu şöhratly brigadanyň söweş ýoly Staraýa Russadan başlanypdy. Ahmet dagynyň hem aladasy özüne ýetikdi. Duşman Moskwanyň alkymyna gelip dykylypdy. Bu ýerde aldym-berdimli söweşler gidýärdi. Komissar Ahundowy söweşiň agyr uçastoklarynda görmek bolýardy. Çünki ol diňe şol ýerde özüniň has zerurdygyna oňat düşünýärdi. Esgerleri söweşe ruhlandyrýardy. Brigadanyň esgerleri oňa tüýs ýürekden ynanýardylar. Çünki ol söweşijileriň gynanan ýerinde gynanyp, şatlyklaryny deň paýlaşýardy. Ruhubelentlik, şatlyk bu söweşde esgerlere örän zerurdy. Watanyň her daban ýerini duşmandan azat etmek esgerler üçin, gör, nähili uly şatlykdy. Söweşde nämeler bolmaýar?! Bir gezek agyr söweşden soň, bir ýaş ýigidiň aljyraňňy ýagdaýy hakda oňa aýdypdylar. Düşnükli zatdy. Heniz obasyndan çykyp görmedik oba oglanynyň ot-ýalynyň içinde özüne erk edip bilmezliginiň öňüni bada-bat almalydy. Onuň ynandyryjy sözi bu ýerde-de rüstem gelipdi. Gitlerçi leşgerler her hili pirimlere ýüz urýardylar. Listowkalar ýaýradýardylar. Radio arkaly sowet esgerlerine ýüzlenip, öz taraplaryna geçmeklerini aýdýardylar. Emma olaryň bu pyrryldaklary berk gaýtawula sezewar bolýardy. Hawa, türkmen atyjylyk brigadasy uly söweş ýoluny geçipdi. Onuň hatarlarynda türkmeniň merdana ogullary edermenligiň ajaýyp nusgasyny görkezdiler. Sowet Soýuzynyň Gahrymany Aýdogdy Tahyrow ýesirlikde-de duşmana ýan bermän, gahrymanlarça wepat boldy. Gitlerçiler ony her hili agyr gynamalara sezewar etdiler. ... Ahmet Mämmedowiç agyr oýa batypdy. Belki-de ol bu mahal Ýelnýa söweşlerini ýatlaýandyr. Ol ýuwaşlyk bilen başyny galdyrdy-da, geçen günleri ýatlamaga durdy. – Ýelnaýada türkmen esgerleri uly gahrymançylyk görkezdiler. Şonuň üçinem öňki 87-nji atyjylyk brigadasy indi 76-njy Ýelnýa türkmen atyjylyk diwiziýasyna öwrülipdi – diýip, Ahmet Mämmedowiç aýdýar. Ýelnýalylaryň 1941-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabat oblastynyň zähmetkeşlerine ýazan hatlarynda şeýe setirler bardy: «Gadyrly dostlar! Ýelnýa şäheriniň hem-de raýonynyň zähmetkeşleri bolup, size joşgunly bolşewistik salam iberýäris. Ýelnýa raýonynyň zähmetkeşleri şu uruşda faşistik zulmuň aýylganç günlerini başyndan geçirmeli boldy. At-ha atlykdyr dar agaçlary, gamçydyr taýaklar biziň depämizden düşmedi. Faşistler biziň öýlerimizi ýakdylar, bar zadymyzy taladylar, medediýetimizi basgyladylar. Eýsem-de bolsa, bir ýyl mundan ozal şöhratly Gyzyl Goşun nälet siňen faşistleri biziň Ýelnýamyzdan kowup çykardy. Azat edijileriň hatarlarynda 76-njy türkmen diwiziýasy-da bardy... Gadyrdan gardaşlar, siziň kömegiňiz çagalar baglaryny gurmaga, mekdepleri hem-de beýleki sosial-medeni edaralary dikeltmäge mümkinçilik berdi. Doganlyk kömegi üçin hem bize delegasiýa iberendigiňiz üçin Aşgabat oblastynyň zähmetkeşlerine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýäris...». Ýelnýa söweşlerinde Ahmet Ahundowyň syýasy işgärlik talanty özboluşly bir öwüşgin alypdy. Ol esgerleri her hili agyr ýagdaýlarda-da öz yzyna düşürmegi başarýardy. Şonuň üçin hem ony 119-njy atyjylyk diwiziýasynyň 365-nji polkuna komissar edip bellediler. Oba yzyna oba, şäher yzyna şäher azat edilýärdi. Belorus topragy, Witebsk... yzda galypdy. Indi ugur Şaulýaý şäherine tarapdy. Dwina derýasyndan geçilipdi. Ine, şol gazaply söweşleriň birinde polk komissary agyr ýaralanypdy. Bu 1944-nji ýylyň 17-nji iýul güni bolupdy. Aýagyndan ýaralanan komissaryň hereket etmäge mejaly ýokdy. Haýdan-haý ony gospitala getiripdiler. Gan köp gidendigi üçin ol häli-şindi özünden gidýärdi. Aýagy operasiýa etmelidi. Şonuň üçinem ony kesmeli boljakdy. Muňa Ahmet kes-kelläm garşy çykypdy. Ol şeýdibem iki ýyldan gowrak gospitalda ýatmaly boldy. Wraçlar bolsa ýaş komissary aýaga galdyrjak bolup ellerinden gelen kömegi edýärdiler. Onuň sagaljakdygyny, sag-aman Aşgabada dolanyp barjakdygyny aýdýardylar. Ahmet Ahundow ýaralanmazyndan birnäçe gün öň inisi Mämmetden hat alypdy. Ol hatynda özüniň öň hatarda söweşýändigini agasyna habar berýärdi. Asyl ol kän bir uzakda-da söweşmeýän ekeni. Ahmet hem inisine hat ýazyp, bahym duşuşjakdyklaryny aýdypdy. Indem ol Mämmediň hatyna garaşýardy. Garaşylan hat gospitala gelipdi. Haty alandan Ahmediň ýüregi jigläp gidipdi. Ýüregi bir agyr habary syzýan ýalydy. Ol leýtenant Mämmet Ahundowyň mertlerçe gurban boldy habarydy. Ýeňiş günleri barha ýakynlaşýardy. Gospitalda ýatan Ahmet frontdan gowuşýan hoş habarlaryň birini hem sypdyrmaýardy. Özüniň mejalsyz ýatanyna bolsa gahary gelýärdi. Ol Aşgabatdan fronta ugranda, öz mähriban ejesine beren sözüni ýatlaýardy: «Duşmany öz sürenine dykyp, sag-aman gaýdyp gelerin!». Oňa derek uýasy Zinet bu wagt Wengriýada söweşip ýördi. Frontda wepat bolan doganlary Halyldyr Mämmet üçin, ýaraly Ahmet üçin duşmandan ar alýandygyny ýazýardy. «Ýeňiş!» habaryny maýor Ahmet Ahundow gospitalda garşylady. «Ura!» sesleri gospitaly göçüräýjek bolýardy. Çerbowsili dosty Şumakow bolsa Ahmedi usullyk bilen pugta gujaklapdy. Onuň ýaňagyndan şatlyk gözýaşlary syrygýardy. Bu pursaty Ahmet Mämmedowiç häli-şindi ýatlaýar. Ol Ýeňişden soňam bir ýyllap gospitalda bolmaly boldy. Sag-aman aýaga galansoň bolsa, ony Aşgabada ugratdylar. Ine-de mähriban Aşgabat. Çagalyk, ýetginjeklik ýyllary geçen gözel Aşgabat bu gün eli hasaly perzendini garşylady. Iki oguldan jyda düşen mähriban ene bolsa agsaklap gelen ogluny gujaklap, hamsygýardy. – Hawa, agyr günler yzda galdy. Ýatlasaň ýatlap oturmaly. Kynçylygam görlendir, horlugam. Indi bir biziň perzentlerimiz bu zatlary görmesinler! – diýip, Ahmet Mämmedowiç aýdýar. Göreşmegiň, ýeňmegiň, gaýduwsyzlygyň ajaýyp nusgasyny görkezen Ahmet Mämmedowiç Ahundow bu gün bagtly durmuşyň eýesi. Ol bu bagta özüniň irginsiz zähmeti, ak ýürekliligi bilen eýe boldy. Kynçylykdan gorkmady. Partiýanyň her bir çagyryşyna ilkinjileriň biri bolup seslendi. Ahmet Mämmedowiç biregne ýigtimi ýyla golaý wagt bäri Türkmenistan politehniki institutyna ýolbaşçylyk edip gelýär. Ol 1953-nji ýylda fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesini aldy. Ýokary mekdebiň at gazanan işgäri, dosent Ahundow hakyndaky gürrüňi näçe etseň edip oturmaly. – Biziň rektorymyz iş meselesine gezek gelende örän talapkär adam. Institutda düzgün-tertibiň oňat ýola goýulmagy, studentleriň düýpli bilim alyp, halk hojalygymyz üçin peýdaly spesialistler bolup ýetişmekleri üçin edilýän aladalar Ahmet Mämmedowiçe uly at-abraý getirdi. Instituta göreldeli ýolbaşçylyk edeni üçin berlen iň ýokary sylag – Lenin ordeni onuň söweş ordenleriniň iň ýokarsynda lowurdap dur. Ol indi telim ýyldan bäri partiýanyň Aşgabat şäherkomynyň çleni. Şäher Sowetiniň deputaty hökmünde-de uly jemgyýetçilik işlerini alyp barýar. Ol ýetişikli adam. Meniň özüm-ä onuň dilinden «ýadadym» diýen sözi bir gezegem eşitmedim. Ýöne onuň degşip: «Frontçulardan hiç haçan ýadadym» diýen sözi eşitmersiň» diýeni ýadymda – diýip, onuň kärdeşi, dosent Akmämmet Annaýew gürrüňdeş bolanymyzda aýtdy. Her ýyl Ýeňiş güni, ir bilen eli hasaly bir nurana ýüzli ýaşuly paýtagtymyzdaky türkmenistanly esgerleriň hatyrasyna bina edilen ýadygärligiň ýanyna gelýär. Ony bu ýerde bir wagtky söweşjeň dostlary gurşap alýarlar. Olar ýadygärlige ter gül desselerini goýýarlar. Söweşde wepat bolan dostlarynyň hatyrasyna baky oda tagzym edýärler. Ýatlamasy agyram bolsa geçeni ýatlaýarlar. Şol gün Ahmet Mämmedowiç penjegine söweşjeň ordendir medallaryny dakynýar. Şonda agtygy Denisjik atasyna yzly-yzyna sowal baryny ýagdyrýar: «Ata, bu ordeni haçan aldyň? Bu medaly näme üçin berdiler?». Ahmet Mämmedowiç bolsa agtygynyň başyny sypalap, çuňňur pikire batýar. ... Geçen ýylyň tomsunda Ahmet Mämmedowiç Ahundowa Gomelden bukja gowuşdy. Bu hatda leýtenant Mämmet Ahundowyň Kallikowsk raýonynyň Holodniki obasynda ýerleşýän doganlyk mazarynda jaýlanandygy habar berilýärdi. Holodniki obasynyň adamlary Ahmet Mämmedowiçi güler ýüz bilen garşyladylar. Ony doganlyk mazaryna eltdiler. Özlerini faşist jellatlaryndan halas edenleriň biri bolan Mämmediň mermer guburyny görkezdiler. Kyrk ýyla golaý wagtdan soňky iki doganyň duşuşygyny tolgunman synlamak mümkin däldi. Komissar Ahmet Ahundow doganynyň guburynyň başujunda uzak wagtlap durdy. Ol öz doganyna: «Indi urşa ýol bermeris! Asuda ýat, doganym!» diýýän ýalydy. Owaz çykýar zeminden: «Urşa ýol bermäň! Zemin gülüstan bolsun, Goluňyz çermäň!» On dokuz ýaşly esger Goýnumda ýatyr. Gülleler döşünde, Bezän dek petir. Aýdylmadyk aýdym, Oň gursagynda. Galjak bolýar käte, Güýç ýok tirseginde. Million-million ömür, Ýatyr goýnumda. Harasat tupan, Gopýar beýnimde. Olaň her biri, Çapylan çynar. Suwy çekilip, Guran bir kenar. Zemine birsalym, Gulagyňyz goýuň! Bu ýagty jahany, Mähire çoýuň!». Allaýar ÇÜRIÝEW, «Mugallymlar gazeti», 16.X.1981. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |