02:26 Ýamandan boýuñy satyn al / satiriki hekaýa | |
ÝAMANDAN BOÝUÑY SATYN AL
Satiriki hekaýalar
Söwdanyñ, şeýle hem alyjylar jemgyýetiniñ hyzmatyndan peýdalanmakda her kim her dürlüçe hereket edýär. Goñşym ýörite gapan edindi. Syçan gapany, tilkidir şagal tutmak üçin ulanylýan gapan däl. Ol başga gemrijini awlamak üçin gapan terezisini edindi. Öýünde gurdy goýaýdy. Kartoşka ýaly zatlary larýokdan alyp öýüne getirip çekip görýär. Bäş kilo kem çyksa bir tabletka derman atýar. On kilo aldansa iki tabletka, wessalam. Onuñ öýünde goşa okaraly terezi hem bar. Az-owlak zatlary şonda çekip görýär. Goñşym walidol, wolokardin ýaly ýürek agyrynyñ dermanlaryny içmäge, garaz, sebäp tapýar-da. Mata-marlyk ölçemäge metri-de bar. On kilograma çenli çekip bilýän ýaýly, pružinli el terezisem bar. On-a dükana söwda etmäge gidende ýany bilen alyp gidýär. Bir gezek hut dükanyñ adresine "Tiz kömek" çagyrmaly boldy. Satyjy üçin däl, goñşym üçin. Ol dermanlaryny ýatdan çykaryp giden bolsa nätjek. Indi-hä gaty mukyt bolupdyr. Dermansyz öýden çykanok. Men onuñ ýaly gödek oýunlary edemok. Agzym bişdi. "Süýtde agzy bişen, suwy üfläp içer" diýen dana söze men gaty wepaly. Bir gezek öýüme milisioner geldi. "Sen, graždanin häzir düş öñe. Satyjynyñ kellesine urup señseledipsiñ. Ol häzir keselhanada, renimasiýada özüni bilmän ýatyr" diýdi. Ýüregim ýaryldy. Milisioneriñ gelmeziniñ öñ ýanynda dükana baryp oduk-buduk alyp gaýdypdym. Togsan köpük gaýtargymy satyjy bermändi. Berer öýdüp kän garaşdym. Ol prilawkanyñ ýeñsesine egildi. Şaýlyk gözleýändir öýdüp menem duruberdim. Şol egleninde kellesine gan eñen ekeni. Meniñ ondan habarym ýok. "Alladan tap" diýip gaýdyberdim. Arada reýde meñzeş bir barlag geçirdik. Oña sosiologik barlag diýilýär. Dükanyñ işiginde mikrofonly durduk-da söwda edip çykan alyjylardan habar aldyk. Netije şeýleräk boldy: Gaýtargydan namutlar we az-owlak gaýtargy alanlar, oh-oh-oh-o, 66,1 prosent! - Gaýtargyñy hemişe talap edýäñmi? Bu sowala 15,1 prosent alyjy "hawa" diýip jogap berdi. Alyjynyñ 74 prosenti "gaýtargymy käte talap edýän, käte talap edemok" diýdi. 12,5 prosenti "gaýtargy soramok" diýip jogap berdi. - Näme üçin gaýtargyñy talap edeñok? - Kiçilik islämok - 11,6 prosent. - Özüme ownukçyl diýdirmejek bolýan - 8,7 prosent. - Utanjañlyk, ýüzleklik gursun - 24,1 prosent. - Gödek jogap eşitmekden gorkýanlar - 3,8 prosent. - Ýamandan boýuñy satyn al - 32,1 prosent. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |