22:41 Ýarajak bol! | |
ÝARAJAK BOL!
Goşgular
Bu gün çykdym dag gerşine, Ornaşdym çeşme başyna. Ylham, gel, goşul joşuma, Bir goşgy-şygar ýazjak bol! Ondan-mundan, danalardan, Gulagmyzda galanlardan, Biz dek ýazjak bolýanlardan, Belki ýardam, ser saljak bol! Kelpeň ýazsa, ýazmasa-da, Şahyr çykmaz, ýatmasa-da. Bolaýmak başartmasa-da, Ýaz, Berdinazar boljak bol! Dag howasy göwnüň açar, Yşkyň joşar, kelle göçer. Dag adamy saýlap- seçer, Asgyn bolma, zor boljak bol! Ýel güýji goparyşynda, Sil güýji opuryşynda. Adam işe garaýşynda, Işle, gara der boljak bol! Alamatdyr danalykdan, Gaçma edep - haýalykdan. Diýlen: Kyrk ýyl maýalykdan, Bir ýyl bolsun, ner boljak bol! Deňsiz bilen bolmagyn deň, Çaknyşsaňda bermegin ýeň. Gözleýäne dawadyr, jeň, Gyzman, sowuk gar boljak bol! Bilip goý, dälsiň perişde, Ýedi ölçäp soň kes işde. Yhlasyň bolsa behişte, Haktagala ýar boljak bol! Geldimyrat böwrüň diňle, Kän gürleme, pikriň jemle. Garaz, şeýle, soňky jümle – Sölpi bolma, är boljak bol! Il derdine ýarajak bol! 2022 ý. | |
|
√ Dünýa hakda / Goşgular - 29.06.2024 |
√ Nädip gozgadyň / Goşgular - 09.12.2024 |
√ Gutarylmadyk goşgy / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Gitseň / Goşgular - 25.06.2024 |
√ Bir gün ýüzüň gören kişi... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Nebsin neýleýen / Goşgular - 08.06.2024 |
√ Şepelere häsiýetnama / Goşgular - 13.07.2024 |
√ Yşk heseri / Goşgular - 21.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |