01:26 Ýaraşyk | |
ÝARAŞYK
Goşgular
![]() Gursaklarda ýüreklermiz, Dowla düşüp köp urmasyn. Gülleýärkä söýgiñ güli, Öýke-kine kök urmasyn. Arzuwlarmyz gama baglap, Möwjäp ýagyp diñmeýäsmi? Tutuş dünýä saz çalýarka, Ümsümligi diñleýäsmi? Dogry, iýdik duza basyp, Köýüp kakan kebaby-da... Gezerismi ýatlar kimin, Unudyld-a sebäbi-de. Ýetim sözlem başyn egýär, Halamasañ dala, myja. Ýöne hayş, eremänkä, Salyp goýaý sowadyja. "Sen, men"diýip, mähribanym, Biz sözüni çalyşarsmy? Görer gözde bir-birege, Antisöýgi alyşarsmy? Ýok! Tut golumdan, ýüreklermiz, Dowla düşüp köp urmasyn. Gülleýärkä söýgiñ güli, Öýke-kine kök urmasyn. Ahmet ARAZOW | |
|
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |