12:45 Ýaşlyk dramasy | |
Kerim GURBANNEPESOW
Goşgular
▶ ÝAŞLYK DRAMASY Gaňňalyň oýunda – Tejende galdy Meniň ýigit wagtym, seniň gyz wagtyň. Okgeçmez ýylgynlaň içinde galdy Meniň ýigit wagtym, seniň gyz wagtyň. Bir ýandan uruşdy, bir ýandan hasrat. Hasrat bolçulykdy, hezillik gahat. Şol ýowuz ýyllara gelipdi gabat Meniň ýigit wagtym, Seniň gyz wagtyň. Däriler ýanýardy, ys köpelýärdi, Gidýänler gelýänden has köpelýärdi, Toýlar azalýardy, ýas köpelýärdi Meniň ýigit wagtym, Seniň gyz wagtyň. Söýüşmek düşmejek ýalydy ýada. Emma Söýgi diýen jadyly zada Höküm etmez eken hiç hili kada, Heniz ýigit wagtyň, Heniz gyz wagtyň. Diýerdim: «Geregim, çen boldy, oýlan! Ähli boýdaşlaryň başlary boglan...» Sen diýerdiň: «Garrap barýarmyň, oglan? Äwmäň öz wagty bar, Sabryň öz wagty!» Boýnuňdan gelerdi jeňneliň, ysy, Goýnuňdan urardy tümmüliň ysy, Demiňden kükärdi müň gülüň ysy Meniň ýigit wagtym, Seniň gyz wagtyň. Kem-kemden golaýlap lebiňe lebim, Çabyrap başlanda demiňe demim, Näz bilen iterdiň: «Hany edebiň? Söýgi bulaşmazmy Edep az wagty?..» Oňuşmaly bordum saçlaryň ysgap, Leb gadagan wagty – olam bir hasap. Ýöne beýle hasap düşmezdi aňsat: Hasap ýitýän eken Dyzba-dyz wagtyň. Çykarmy ýadymdan şol täsin pursat? (Çykjak bolaýsa-da bermen rugsat!) Gursagmyň üstünde gürsülläp gursak, Keteniň içinde Gyzyl köz wagtyň. Sagatlar tiz geçdi, tiz geçdi şeýle. Ýaňja-da guşlukdy, bolupdyr öýle, Sen diýdiň: «Pylan jan, gaýdaly öýe, Ýigdiň öz wagty bar, Gyzyň öz wagty». Şo mahal ýokardan geldi bir owaz, Seretsem toraňňy urup dur perwaz «Aşyklar, ýene-de sabr ediň biraz, Görmändim saýamyň Beýle ýaz wagtyn!» Derýa hem seslendi: «Etmäň ätiýaç, Size kast etjege taparyn alaç. Siziň kimin birek-birege mätäç Görüpdim ne derýa, Ne tekiz wagtym». Asmanda pel-pelläp bir goja bürgüt, Gygyrdy: «Siz juda mynasyp jübüt. Ýöne weli gyşa galaýma, ýigit, Miwe ýetişdimi – Ýygna güýz wagty!» Tokaý bürgüdinden alyp ak pata, Gyşa galmazlyga edipdik wada. Ýa sen sada bolduň ýa-da men sada, Birden tupan gopdy Dünýäň ýaz wagty. Bilmedim, nämäniň hesibi boldy, Eneň bir sawçynyň ýesiri boldy. Şeýtdi-de özgäniň nesibi boldy Meniň ýigit wagtym, Seniň gyz wagtyň. Atdylar maşyna. Ses etdiň aglap. Topuldym. Çekdiler golumdan towlap. Bir menzile gitdim yzyňdan ylgap, Gök kürtelem bolsaň, Entek gyz wagtyň... Bir gujak alynsaç, bir gujak çokul, Üç gujak örümsaç, on gujak akyl – Şunça hazynany bir kürtä bukup, Ýitdiň gözlerimden Daňyň saz wagty. ...Dogry aý ýarymdan dolandyň sen soň. Öň meňkidiň weli, meňki däl onsoň... Şonda men diýipdim: «Sen bagtly bolsaň, Hem-ä meniň bagtym, Hemem öz bagtyň». Şo bada ýüzüňde göründi ünji. Gözleriňden gaçdy üç sany hünji, Soň gaçdy dördünji onsoň bäşinji... Şoldy iň mert wagtyň, Iň ejiz wagtyň... «Içerde otursam – ýüregim gysýar. Daşa çyksam – asman depämden basýar». Şu goşgyň, henizem bagrymy kesýär, Tas şahyr bolupdyň Çuwalgyz wagtyň. Tas şahyr, bolupdyň. Borduňam, belkem. Şahyrlyk ýangyndan başlanýan eken. Ýene gaýdyp gitdiň. Sowaşdym kem-kem, Şonda-da kuwwat sen Her ýalňyz wagtym... Kim bolsa-da saňa sataşan kişi, Çagalaň bagtyna sag bolsun başy. Ýöne seň başyňa salaýsa gyşy. Gijä öwrülmezmi Oň gündiz wagty? Çümdürse eliňe ýekeje tiken, Şol tiken müň bolup bagryma çöker. (Şygryma düşüner yşk ýükün çeken, Çekmedik ýitirer Öz eziz wagtyn). Ýene şuny bilsin ol bagtly oglan: Beýle gyz dogmandy, indi hem dogmaz. Dogsa-da ýüz ýyldan bir gezek doglar, Onda-da säheriň Iň tämiz wagty... ...Arada aýlandym Tejen ýerlerne, Ýaşlyk ýyllarmyzyň geçen ýerlerne, Seredip gözýaşyň seçen ýerlerňe, Geçirdim bir gije, Bir gündiz wagtym. Gaňňaly hem otyr öňki ýerinde, Toraňňy hem otyr öňki ýerinde, Şol derýa hem ýatyr öňki ýerinde. Bir tapmadyk zadym öňki ýerinden – Meniň ýigit wagtym, Seniň gyz wagtyň. | |
|
√ Yşk heseri / Goşgular - 21.06.2024 |
√ Özümiñki däl eken / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Merhum dostumyñ gelnine / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Päliýamanlar / Goşgular - 20.05.2024 |
√ Derdi-halym hezretiňde, Rebbena... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Bu mekana gelmişem / Goşgular - 02.08.2024 |
√ "Gowy men" diýer / Goşgular - 28.11.2024 |
√ Aýralygyň aýdymy / Goşgular - 10.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |