19:23 Ýatlamalar garramaýar | |
ÝATLAMALAR GARRAMAÝAR
Ýatlamalar
Halk ýazyjysy Çary Aşyrowyň ömri we döredijiligi barasynda pikir aýlanyňda beýik Magtymgulynyň iki setiri ýadyňa düşýär: "Hataryň görküdir iner maýalar Ilimiň diregi merdana ärler." Çary Aşyr biziň halkymyzyň merdana ärleriniň biridi. Biziň halkymyza direg bolup duran gerçekleriň, merdanlaryň biridi. Çary Aşyryň durmuşyny häsiýetlendirjek bolsaň, merdanalyk sözi diliňe gelip dur. Onuň bütin ömri hut şol söze laýyk. Türkmen halkynyň ýürekden syzdyrýan merdanalyk sözi onuň durmuşynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Ynha halkynyň başyna agyr iş düşende, uruş başlananda Çary Aşyram beýleki gerçekler bilen birlikde meýletinlik bilen şol halk söweşine gitdi. Beýik Watançylyk urşunda ol uly gahrymançylyklar görkezdi. Ol şol söweşiň içinde, oduň-ýalnyň içinde ölmejek eserler döretdi. Şu internasionalizm hakynda, halklaryň mertligi hakynda şol döwürde parahatçylyk hakynda garymyň içinde uly-uly pikirleri aýlap eserler döretdi. Ç. Aşyryň deň-duşlaryny, ýoldaşlaryny okop ýazyjylary diýip atlandyrýardylar. Ç. Aşyryň döredijiliginiň ýene-de bir tarapyny nygtasymyz gelýär, o-da bolsa halallyk. Şu halallyk sözi Ç. Aşyryň ömrüniň döredijiliginiň içinden uly bir akaba ýaly bolup geçýär. Ç. Aşyryň durmuşyny, döredijiliginiň halallygy hem ikilik etmeýänliginden, üýtgeşik bir şöhrat gazanjak bolmaýanlygyndan gelip çykýar. Ol halkynyň başyna uruş belasy düşende göni urşa gitdi. Döredijilik iki hili bolýar. Biri durmuşy kesesinden öwrenip ýazýar. Ikinjisi öz tejribesiniň üsti bilen döredijilige gelýär. Çary Aşyr öz durmuş tejribesi bilen edebiýata gelipdi. Çary aga uly bir baýlyk, genji-hazyna, uly hadysa. Düýpsüz umman. Ol roman yzyndan roman ýazýardy. Romanyň wakalaryny özünden toslap ýazanokdy-da, durmuşyň içinden özüne siňen faktlary, yzalary, begençleri, guwançlary ýugrup ýazýardy. Onuň döredijiliginde halkyň hakydasy bardy. Ol halkyň hakydasy bilen ýaşaýardy. Çary Aşyryň edebiýata ýene bir uly goşandy onuň klassykdan eden terjimeleridi. Uçursyz ýiti zehini bilen edebiýatymyzyň taryhyna ymykly giren Çary Aşyrow hemişe ýatlanmaly ussat ýazyjy. Onuň belent adamkärçiligi hakynda ony ýakyndan tanaýan adamlar aýratyn bir mähir bilen gürrüň berýärler. Bu babatda ol ýaşlaryň hakyky halypasydy. Çärýek asyra golaý mundan öň, has takygy, 1989-njy ýylda Çary aga öz durmuş ýoly hakynda ine, şeýle gürrüň beripdi. (Muny biz onuň öz gürrüň berişi ýaly okyjylaryň dykgatyna hödürlemegi makul bildik): – Men Oktýabr rewolýusiýasyndan has öňräk dünýä inen ekenim. Ilkibatlarda köne mekdepde okadym. O ýerde men Rownagy, Sopy Allaýary Bidil Hojany, Hapyz we ýene köp kitaplary okap çykdym. Obada öz agalaryma kileň kyssalary okap berýärdim. Soňam obada täze mekdep açyldy, şol wagt Şaly agam meni internata tabşyrdy. Internatdan soň tehnikumy gutardym, soň instituty, ondan soň Moskwa, aspirantura okuwa gitdim. Aspirantura girmek aňsat däldi. Aşgabatda instituty gutaryp, Moskwada şo ýyllarda aspirantura okuwa girmek aňsat däldi. Ýöne o ýerde «Şu wagt ekzamen berseň, häzir ekzamen aljak» diýdiler. Menem «bolýa» diýdim. Professorlary çagyrdy. Ondan soň taryhdan, pedagogikadan bir adam sorap başlady. Menem soraga Bitinsikiniň ýazan taryh kitabyndan jogap berýän, meniň jogabyma alym-sekretar ýyrşarýardy. Nämä ýyrşarýandygyny bilemok. Ondan soň pedagogikanyň teoriýasyndan bir adam ekzamen alyp başlady. Men pedagogikadan professor Şemsarýowyň kitabyndan jogap berýän. Sekretar bolsa has beter ýyrşarýardy, soň olar maňa oňat baha goýdular-da gitdiler. Soň sekretar maňa «Sen gaty mekir adam» diýdi. „Olaň berýän sowallaryna öz kitaplaryndan jogap berýäň” diýdi. Men Şemsarýowam, Bitinskinem tanamok. Birinji gelşim Moskwa» diýdim. Ine, şeýlelik bilen aspiranturanam okap gutardym. Ýöne gutaramda, dissertasiýa ýazmaly wagty meni Gaýgysyz Atabaýew Aşgabada işe çagyrdy. Men Aşgabada gelemde bolsa Atabaýew, Aýtakow dagy tutulan eken. Bolsa-da işe durdum. Şo wagtam meni «halk duşmany» diýip ýanap başladylar. Üç adam aýagymdan arza beren eken. Ol arzalara komsomol komitetinde seretdiler, nähili hem bolsa meni basmadylar. Şol döwürde-de men «Aýralyk» diýen poýema ýazdym, özümem neşirýatda işe başladym... Çary aga neşirýatda ýigrimi ýyldan hem gowrak işledi, 100 müňden hem gowrak setir terjime etdi. Puşkinden, Lermontowdan, Nekrasowdan, Şewçenkodan, Çehowdan, Gogoldan, Tolstoýdan ... eden terjimeleri ýazyja uly abraý getirdi. – Adamyň durmuşy geçip barýar. Ol hemişe öz durmuşyna – yzyna seretmeli. Men köplenç wagt durup-durup pikir edýän. «Men halkyma nämä kömek etdim, öz watanym üçin nämeler bitirdim?» diýip, köp pikirlenmeli bolýar. Seredip otursaň meniň ýazan romanlarymyň sany 10-a bardy. Şu wagtlar 11-njini ýazyp otyryn. Ýöne her hili kyn ýagdaýda-da ýazmak bilen bolýan. Ylaýta-da uruş başlanynda, uruş ýyllarynda men örän köp eser ýazdym, örän köp goşgy ýazdym. Onuň hemmesinde adamlaryň mertligini, batyrlygyny suratlandyrdym. Soňky wagtlarda ýazýan eserlerimde adamlaryň arassa pikirli bolmagyny, biri-birine gowy aragatnaşykda bolmagyny, mert bolmagyny köp pikirler edip, köp zatlar ýazdym. Meniň başymdan örän köp kynçylyklar geçdi. Dogrusyny aýtsam, çaga wagtym garyp, ýetim bolup, çagalar öýlerine düşdüm. Soňky wagtlarda-da köp horluklary çekdim. Meniň durmuşymda horluklar kän boldy. Kolhoz gurluşygy döwründe-de biz köp kynçylygy gördük. Soňam uruş başlandy. Uruş döwründe-de köp kynçylygy gördük. Iň gowy görýän adamlaryň ölýär. Agam Şaly Kekil wepat boldy. Ýer ýykylanda aýalym, oglum öldi. Şeýle-de bolsa şol zatlar meniň işlemekden elimi sowatmady. Men gaýtam ruhdan düşmän işledim. Dogrusyny aýdaýyn şu wagta çenli az iş etmändirin. Her bir adamyň işlemegi gerek. Biziň şu wagtky ýaşlarymyzyň hekaýalaryny, goşgularyny, romanlaryny okaýan. Bularyň içinde gaty gowulary, gowşaklary hem bar. Ine, şol ýigitlerem, şol ýazyjylar hem öz ýazan zatlaryna gaty üns berip, mydama galamyny goýman işlemeli, kynçylykdan gorkmaly däl. Emma ýazanyny bozmaly wagty hem bolýar, oňa-da gynanmaly däl. Her bir romanyňy gowulandyrmak üçin köp zähmet çekmeli bolýar. Häzir men Gökdepe urşy hakdaky täze romanymy tamamladym. Gökdepede meniň kakamyň dogany öldi, Gökdepe söweşine meniň ejem gatnaşypdy. Ýaşkam Gökdepe urşuna gatnaşan adamlaryň gürrüňlerini köp eşitdim. Hanlaryň geňeşinde oturanlardan hem köp gürrüň eşitdim. Ors ýazyjylarynyň ýazan zatlaryny köp okadym. Indi şol taýda bolan zatlary bolşy ýaly ýazmak taryhçylaryň işi. A edebiýatçylar ony güýçlendirip, göze görner ýaly edip, şüwlümlendirip ýazmaly bolýar. Otuzynjy ýylda Çary Aşyrowy Garrygala (häzirki Magtymguly etraby) iberipdirler. Mugallymlary okadypdyr. Raýon magaryf bölüminiň müdiri hem Çary Aşyryň dosty sumbarly Mämmet awanyň inisi eken.Şol ýerde Çary Aşyr milisioner Begmyrat Pirguly bilen tanyşýar. Bir gün Begmyrat ony öýüne çagyrýar. Şonda ol Çary aga ýüzlenip, «Meň bir jigim bar. Şony Aşgabatda internada ýerleşdirseň» diýip haýyş edýär. Öwez aga diýen nohurly ýaşulam «meňem gyzymy ýerleşdir» diýýär. Öwez aga gaty mergen eken. Ol tüpeňi bilen birtopar towugyň içinden horazy atyp alşyna Çary aga gaty haýran galypdyr. «Özem seçme bilen» diýip, Çary aga ýatlaýardy. Çary aga ýaşuludan nädip ony şeýle edip bilendigini soranda «Men awçy» diýip, Öwez aga jogap beripdir. Çary aga Begmyradyň jigisi Annajemaly we Öwez aganyň gyzyny hem alyp Aşgabada gaýdýar (Annajemalyň ata-enesi ýogalan, beýleki gyzyňam ejesi ýogalypdyr) Getirip gyzlary Ene Kulyýewa adyndaky mekdep-internata ýerleşdiripdir. Çary Aşyr soň medtehnikumyň okuw müdiri bolup işleýär. Tehnikumyň akuşerçilik bölümine türkmen gyzlaryny okuwa çekmek kyn ekeni. Şonda ol direktora iki sany gyzyň bardygyny aýdýar. Şeýdibem bu gyzlar akuşerçilik bölüminde okap başlaýarlar. Çary agaň özi bolsa Moskwa aspirantura okuwa gidýär. Ol gyzlara Moskwadan hat ýazyp durupdyr. 1932-nji ýylda Aşgabatda azyk gytçylygy başlanýar. Şonda Öwez aga gelip, gyzyny okuwdan çykaryp äkidipdir we Eýrandaky garyndaşlarynyň birine durmuşa çykarypdyr. Muny oňa Annajemala ýazan hatynda habar berýär. Çary Aşyr Annajemala hat ýazyp, onuň rabfakda okamagyny maslahat berýär. Çünki rabfagy tamamlasaň, dessine medinstituta okuwa girip bolýan eken. Annajemal hem Çary Aşyryň maslahatyna eýeripdir. 1935-nji ýylda Moskwada Gaýgysyz Atabaýewe Lenin ordeni gowşurylýar. Muny eşiden Çary Aşyr ýoldaşlarynyň biri bilen «Metropol» myhmanhanasyna barýar. Şo ýerde ol G. Atabaýew, ýer işleri halk komissary Gurban Sähedow bilen söhbetdeş bolýar. «Gurban Sähedow gaty sowatly adamdy. Şonda ol Leniniň kadrlar hakdaky bir sözüni ýatdan gaýtalap, onuň haýsy sahypadygyna çenli aýtdy. Atabaýew bolsa degşip: «Çary şony kitap bilen barla. Ol bizem aldap ýören bolaýmasyn» diýdi. Men öýde kitaby barlasam, gabat gelip dur. Atabaýew maňa «Sen hemişelik wekilhana Butiniň ýanyna bar. Salam berseň bor. Galanynyn özi düzeder» diýdi. Men onuň aýdyşy ýaly wekilhana bardym. «Salam» diýenimden ol maňa: «Saňa bir laý egin-eşik alyp bermeli» diýdi. Uniwermaga bardyk. Geýdirip, özi hem töledi. Maňa Atabaýew «Sen Aşgabada gelmeli. Sowadyňy çykypsyň. Bize sowatly adam gerek. Meň özüm seň ylmy ýolbaşçyňy Aşgabada çagyrdaryn» diýdi. O wagtlar men aspiranturanyň teoretiki bölümini tamamlap, Halk Komissarlar Sowetinde terjimeçi bolup işleýärdim. SSSR HKS-niň iş dolandyryjysy Miroşnikowyň ýanyna baramda, ol meniň elime hat tutduryp, naprawleniýe berdi. Daşkende gelemde, Ahunbabaýewiň dagy «halk duşmany» hökmünde tutulandygyny eşitdim. Otly Çärjewe gelende bolsa Atabaýew bilen Aýtakowyňam basylandygyny eşitdim. Şoň üçinem özüme berlen naprawleniýäni bada-bat ýyrtdym» diýip, Çary aga ýatlapdy. – Aşgabada gelip, «Türkmenkultda» işläp başladym. Annajemal bilenem durmuş gurduk. Kireýine bir jaýda ýaşaýas. Bir gün institutyň partorgy ýanyma gelip, «Seň üstüňden üç sany arza bar» diýdi. Üstüňden arza ýazsalar, o wagtlar halk duşmany edýärdiler. Men Annajemal bilen nikamyzyň bozulandygy hakda kagyz aldym. O wagtlar üç manat berseň, «Nikadan aýrylyşdy» diýip, hat berýärdiler. Annajemalam: «Sen ýene Moskwa gitjeksiň. Başga birine öýlenjeksiň» diýip aglaýar. Men oňa «Şu haty komsomol biletiň içinde sakla» diýip tabşyrdym. Annajemaly halk duşmanynyň aýaly hökmünde komsomol hataryndan we okuwdan çykarmaly edýärler. Haçanda ol ýygnakda komsomol biletini uzadanda içinden ýaňky hat çykýar. Şeýdibem ol okuwda, komsomolda galýar. Meniň üstümden ýazanlar «Lingwistik gurultaýyň dil reformasyna Çary Aşyr garşy» diýipdirler. Meni gorkom komsomolyň býurosyna çgyrdylar. Indi meni şo ýerden ýygnajaklar. Býuroda men: «Dogrudanam dil reformasyna garşy. Sebäbi ony geçirmäge gatnaşanlaryň ählisi diýen ýaly – Poseluýewskem, Bogdanowa-da halk duşmany diýip tutulanlar» diýdim. Ýogsam men olaryň duşman däldiklerini bilip durun. Nätjek-dä, çykalga tapmalydy. Şeýdibem men türmeden halas boldum. Şo döwürde Hally Şahberdä hem günä ýöňkeldi. Bir gün ol meniň öňümden çykdy. Sowuldym-da: «Sen halk duşmany» diýdim. Agşam weli öýüne bardym, oturdyk. Haçanda maňa günä ýöňkelende ol bir gün meniň öňümden çykdy-da: «Sen halk duşmany» diýip, sowlup geçdi. Agşam weli öýe geldi. Meni ýamanlanlaryň biri, neşirýatdakam, meniň işgärim boldy. Şonda-da «Sen meni ýamanladyň» diýip, ýekeje gezegem azar bermedim. Bir gün ol meniň ýanyma gelip, «Çary, şu gün men ýazamok. Bilim açylypdyr» diýdi. «Bilimi gypjadypdyryn» diýmeli-dä welin. Soň muňa köp gülüşdik. Meni ýamanlanlaryň üçüsini hem bildim, ýöne üçüsine-de syr bildirtmedim. Annajemalyň agasy Begmyrat Pirguly ogly mähriban adamdy. Ol otuz ýedinji ýylda Sumbarda ýüpekçilik ugrundan işleýän eken. Tutulmazymyň öňüsyralary Aşgabada geldi. Annajemalyň, meniň halymdan habar aldy. Men ony ugratmaga çykdym. Hoşlaşjak bolanymyzda uludan demini aldy-da: – Çary jan, bi biziň soňky görşüşimiz bolaýmasa. Nä döwür, nä zamana boldy – diýdi. Dogrudanam, biziň onuň bilen görşüşimiz iň soňky gezek eken. Garrygala baransoň ony «halk duşmany» diýip basypdyrlar. Soň ondan gördüm-bildim bolmady. Annajemal pahyram soňky demine çenli agasyny ýatlap, «ah» çekip gezdi. 1990-njy ýylyň başlarynda Çary Aşyrow ýanýoldaşy Ogulnabat gelnejemiz bilen frontda özüni halas eden ermeni gyzy Ninanyň 92 ýaşly ejesi Zinaida Prokofýewna hem-de Ninanyň uýasy Margarita Artýomowna bilen görüşmek üçin Moskwa şäherine barypdylar. Aşgabatdan baranlar olaryň gadyrly myhmanlary boldy. Bu iki maşgalanyň duşuşygyny tolgunman synlamak mümkin däldi. Şonda Margarita Sagumýan öz dogany hakynda Çary aga şu zatlary aýdypdy maňa olaryň bu duşuşygyny synlamak bagty miýesser edipdi: – Nina 42-nji ýylda öz jorasy bilen meýletin fronta gitdi. Siz haçanda Ýerewana, ýazyjylaryň gurultaýyna geleňizde biziň bir ýakyn garyndaşymyz Türkmenistandan gelen bir ýazyjynyň Ninany gözleýändigini habar berdi. Nina şonda front wakasyny bada-bat ýadyna saldy. Soň ony siziň ýanyňyza alyp bardylar. Nina gaty mähriban adamdy. Onuň kärem ynsanperwer kärdi. Ol wraç bolansoň, ondan kömek sorap, ýüz tutup gelýänler gaty kändi. Ol hiç haçan özüne ýüz tutan adamlaryň ýumşuny bitirmän goýbermezdi. Onuň joralary şu mahala çenli meniň bilen ýakyn aragatnaşyk saklap gelýärler. Olar her gezek Ninanyň ömür tanapynyň juda ir ýolnandygyny ahmyr bilen ýatlaýarlar. Ol bary-ýogy 39 ýaşlarynda aradan çykdy. Altmyş birinji ýylda agyr söweş ýollaryny geçen meniň doganym ýaňy iýjek, geýjek, durmuşyň hözirini görjek çagy ömrüzaýa ýyldyzy ýaly gözümizden ýitip gitdi. Şo wagt80 ýaşy arka atan Çary aganyň gözüne ýaş aýlanypdy. Muňa oturanlaram bozulypdy. Çary aga şonda özüniň ýaraly ahwalyny gürrüň beripdi: – Nina o wagtlar ýaşajyk gyzdy. Ýaraly ýatyryn. Habar edilensoň, ol derrew gelip, maňa em edipdir. Özüme geldim, şonda onuň “Adym Nina, özümem ermeni” diýen sözleri gulagymda galypdyr. Men şo wagtlar rota komandiridim. Uruşdan ýaraly geldim. Meni halas eden lukman gyzy gözläp “Ermeni gyzy” diýen goşgymy ýazdym. Bu goşgy ilki türkmen dilinde, soň rus dilinde çap edildi. Ony gowy terjimeçi, şahyr Sidorenko rus diline geçirdi. Şahyryň “Ermeni gyzy” goşgusy ilkinji gezek 1946-njy ýylyň 8-nji martynda “Sowet Türkmenistany” gazetinde çap edilipdi. Heniz söweş ýarasyndan aýňalman, düşekde ýatan Çary Aşyrowyň front bloknotyna ýazan bu goşgusyny Aman Kekilow gazete hödürläpdir. Şondan soň bu goşgy dilden-dile geçdi. Ony öz wagtynda ýatdan bilmedik türkmen ýok bolsa gerek diýsem, hakykatdan daş düşdügimiz bolmaz. Çary Aşyrowyň “Ganly saka” poemasynyň birinji kitabyny Moskwaly terjimeçi Bugaýewskiý rus diline geçirdi. Ikinjisini Adaliýew, üçünjisini bolsa Solowew terjime edipdi. Üçüsem güçli terjimeçilerdi. Aslynda ýazyjynyň köp kitaplaryny rus diline terjime eden Solowewdi. Moskwada onuň bäş kitaby çykypdy. - Şu ýylam (Çary aganyň şu ýyl diýýäni segsen dokuzynjy ýyldy – A.Ç) üç kitabyny çykarmak niýetleri bar. Ikisiniň terjimesi göwnümden turdy, üçünjisini entek okap göremek. Eger şol kitaplar rusça neşir ediläýse, onda ýazýan adam üçin şondan beýik zat ýok. Göwnüň açylýar, ýazmaga höwesiň köpelýär, adamyny birneme ganatlandyrýar. Ýazan zatlaryma “gowy” diýip okyjylardan hat gelýär. Bulam adamynyň göwnüni galkyndyrýar. Dogrudanam men okyjylardan köp hat alýan. Käbirleri ýerlikli bellikler hem edýär. Olam dogry. Dogry bellik bolanda ony düzetmäge adam höwes edýär. Munuň ýaly bolanda okyjy ýazyjynyň uly maslahatçysy diýip düşünýän – diýip, Çary aga aýdypdy. Ýaş wagty harby eşikde Lermontowa meňzärdi. Saryýagyz bolansoň, munuň haýsy milletdigini hem bilibilmezdiler. Dosty kändi, hemmelere gatyşar-garyşar ötäýderdi. Uruşdan gaýdyp gelenimizden soň, ol Lermontowyň eserlerini, Nekrasowyň eserlerini gaty ussatlyk bilen terjime edipdir. Okyjylar Çary Aşyrowyň Lermontowdan, Nekrasowdan eden terjimelerini ýat tutup, ýatdan ýazdylar. Onuň-da bir sebäbi bardy. Garaja Burunowyň Şekspirden eden terjimeleri bolaýmasa, beýleki terjimeleri okajak bolsaň, görgi baryny çekmeli bolýardy. Olar akgynly däldi, düşünmesi kyndy, çünki bir topar aňlatmalar rusçadan sözme-söz terjime edilýärdi. Çynmy – ýalanmy, ýöne bir ýaňsylama ýörgünlidi: sowatlyrak ýaşulylaryň biri Puşkiniň terjimesini okapdyr-da, “Be, Puşkin diýip ýörler welin, Puşkin diýilýän-ä biziň Pommamyzça-da ýazyp bilmeýän eken” diýipdir. Poeziýanyň terjimesini şeýle krizisden hut Çary Aşyrow çykardy diýsek ýalňyşmarys. Çary Aşyrow ýoldaşynyň, kärdeşiniň üstünligine begenip bilýän adamdy. Onda-da ýöne – möne-de begenenokdy, edil çaga ýaly begenýär. Ol türkmen edebiýatynda bir eser ýazylsa okaýardy. Birentek ýazyjylarymyz özüniňkiden başga zat okanok. Onsoňam onuň bilen gürrüň edeniňde bir taraply köçeden ýörän ýaly bolýar, diňe onuň eseri hakynda gürrüň etmeli. Çary Aşyr beýle däldi, bütin edebi prosesden habarlydy. Çary Aşyr bile tutuş ýurdumyza diýen ýaly aýlanyp çykdy. Daşary ýurtlarda boldy: Müsürde, Liwanda, Yrakda syýahatda boldy. Bir gezek biz Çary Aşyr, Aman Kekil, Seýitnyýaz Ataýew – üçüsi Beýrutda bolupdyrlar. O ýerde ermeni klubynda çykyş etmeli bolanda ol «Ermeni gyzy» goşgusyny okap beripdir. Şo ýerde oturan arap, ermeni, kürt ... adamlary biziň dilimize düşünip, Ç. Aşyryň o goşgusyny joşgunly garşyladylar. Her hili ýagdaýlara-da düşülip görülüpdi. Şonda-da biriniň duran ýerinde durup bilýän adam. Özüne zyýan ýetjegini bilip dursa-da, lebzinden, sözünden dänýän adam däl. Ýa-da buýtar-suýtary ýokdy. Geçen asyryň ellinji we altmyşynjy ýyllarynda edebiýatymyzda terjimäniň şow alan döwri bolupdy. Şol döwürlerde Çary Aşyrow döwlet neşirýatynda baş redaktor bolup işleýärdi. Terjime işini guramakda-da onuň hyzmatynyň belli bahasy ýokdy. Hakykatdanam Çary Aşyrow türkmen edebiýatynyň terjimeçilik sungatyna ummasyz uly goşant goşdy. Oňa terjimeçileriň halypasy diýip doly aýtmak bolar. Rus ýazyjy-şahyrlary L.Tolstoýyň, A.Çehowyň, N.Gogolyň, I.Turgenewiň, A.S.Puşkiniň, Ýu.Lermontowyň, N.Nekrasowyň poeziýasyny hem beýleki sowet döwründäki ýazyjydyr şahyrlaryny kän terjime etdi. Şol hem Çary Aşyry terjimeçi hökmünde orta çykardy. Onuň öz döredijiliginde-de şol şahyrlardan täsir alandygyny görmek bolýar. Çary Aşyr ýaňky adyny tutan şahyrlarymyzyň köplenç poemalaryny terjime edipdir. Aýdaly Nekrasow rus poeziýasynyň uly şahyry. Çary Aşyr şonuň derejesinde-de onuň poeziýasyny terjime edipdir. “Russiýada kim şat ýaşaýar” poemasy dünýä belli poema. Çary Aşyr şony türkmen poeziýasy ýaly edip terjime edipdir. Onuň “Gyzyl burun aýazjyk”, Şewçenkonyň köp sanly goşgusy, “Gark bolan gyz”, “Gana” poemalary, aýratyn hem “Ýadygärlik” atly belli goşgusy bar. Aradan çykanda Dnepriň kenarynda jaýlamagy wesýet eden goşgusy, ady “Wesýet”, bütin dünýäde belli goşgy. Şony Ç.Aşyrow türkmen dilinde okanda ukrainler oňa sözme-söz düşünýän ýaly el çarpýardylar. Çary aga şonuň öz häsiýeti, öz mukamy, öz şirin dili hökmünde türkmençä geçirip, türkmen okyjysyny rus hem beýleki halklaryň poeziýasyna has ýakynlaşdyrdy. Şeýdip Çary Aşyr terjimeçilik sungatynyň uly wekili boldy. Onuň özüni hem uly epik şahyr hökmünde orta çykardy. Çary Aşyr rus klassykasyny iň köp terjime eden şahyr. Özem terjime eden goşgularynyň köpüsini ýatdan bilýärdi. Poemalaryny türkmençe okanlaryny bilýäris. Ç.Aşyr türkmen edebiýatyny rus epiki poeziýasy bilen baýlaşdyrdy. Edebiýatlaryň birek-birek bilen ýakynlaşmagyna Ç.Aşyryň uly hyzmatynyň bardygyny aýratyn bellemeli... Ç.Aşyr edebiýatyň beýleki žanrlarynda işleýşi ýaly, terjimeçilik sungatynyň belli wekili hökmünde edebiýatymyzyň taryhynda ummasyz uly ýer eýeledi. Allaýar ÇÜRIÝEW, TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri. "Garagum“ žurnaly, 7/2017 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |