13:07 Ýatýarlar! Turýarlar! | |
ÝATÝARLAR! TURÝARLAR!
Publisistika
Deýl Karnegi "Dosty gazanmagyñ we adamlara täsir etmegiñ syrlary" kitabyny mundan segsen dört ýyl öñ ýazypdyr. Kitabyñ tiražy häzirki wagta çenli 36 milliona ýetdi. "Dost gazanyp bilersiñ. Adamlaram seni gowy görüp biler. Birinji kada: Öñüñden çykan kişiniñ ýüzüne garanyñda “men näme edemde şu adamy begendirip bilerkäm?" diýip oýlan. Ikinci kada: “Men” diýme. Mydama diñle. Üçünji kada: Gam çekeniñ gamyny duý, derdini paýlaş". Kadalar şular ýaly görnüşde, 4-nji, 5-nji, 6-njy... bolup uzap gidýär. Stambul, Ankara, Izmir, Eskişehir, Adana, Mersin, Antalýa, Mugla, Aýdyn, Tekirdag, Hataý we beýleki RHP-li (CHP) häkimler wezipelerine saýlanan ilkinji günlerinden bäri "Dost gazanma" kitabynyñ birinji kadasyna eýerýärler. Ýatýarlar. Biz bu häkimlik eden şäherimiziñ raýatlaryny "nädenimizde begendirip bileris" diýip oýanýarlar. Turýarlar. Bizi bu kürsä saýlan ildeşlerimiziñ alada-gaýgysynu nädenimizde paýlaşyp bileriskä diýip oýlanýarlar. Munuñ bir alajyny tapýarlaram. ★★★ Geçen agşam Prezident Erdogan "dellekhanalaryñ, gözellik salonlarynyñ 11-nji maýda açylyp biljegini" mälim etdi. Ertesi dañ bilen Ankaranyñ häkimi Mansur Ýawaş şeýle çykyş etdi: - 11-nji maý gününden başlap dellekhanalaryny açmaga taýýarlanýan sertaraşdyr dellek gardaşlarym! Kyn günleri başdan geçirdiñiz. Kim islese dellekhanalaryñyzy, dükanlaryñyzy dezinfeksiýa edip bereris. Nesip bolsa bu günleri agzibirlikde ýeñip geçeris”. Mansur Ýawaş üstün çykdy! Türkiýede togsan müñden gowrak sertaraş-delleklere dost goluny uzatdy. Prezident bolsa "adatylaşma buşlugyny berip durka" ýeñlişe uçrady. Çünki ol çykyşynyñ ikinji ýarymynda RHP-li häkimleriñem arasynda ýer alan oppozision partiýanyñ ýolbaşçylaryna erkin žurnalistlere zäherli sözlerini pürkdi. Kim ony tankyt etse - watan dönügi. Kim ony seljerse - gaýry milli. Oppozisiýa - şeýtan. Žurnalist - terrorçy. Kim ondan hasap sorasa - agdarylyşykçy. Bir tarapda ýurduñ Prezidentiniñ zäher pürkülip duran tikenekli sözleri, beýleki tarapda Ankara häkiminiñ "Hemmämiz birlikde ýeñeris!" diýip seslenen hoşgylaw dost dili. ★★★ Hem ýurduñ Prezidenti, hem AK partiýanyñ başlygy Taýýyp Erdogan awy-zähere ýugrulan dili bilen ýönekeý işçileri-de elden giderdi. Onuñ ýanynda sapançanyñ okundan doldurylan bankanyñ fotosuratyny ýaýradyp “öldürerin” diýip halaýyga haýbat atýanlar we "näalaç edeýin?!." diýip, il-güne ýalbaryp el seren naçar aýala "Owarra bol! Öl!" ("Geber!") diýip sosial medýadan awusyny pürkýänler galdy. Häkimiýetiñ adanlary gije-gündiz "Nädende uly şäherleriñ häkimlerini suwy akmaýan, metrolary işlemeýän, zir-zibilleri toplanmaýan ýagdaýa düşürip bolarka?" diýip pelesañ kakýarlar. Halk körmi näme? Halk hemme zady görüp dur. Häkimiýet iñ bärkisi maskalary gep-gürrüñsiz paýlap bilmedi. Ol ähli güýç-kuwwatyny oppozision partiýalardan saýlanan häkimleriñ ýoluna böwet bolmaga sarp etdi. Ine, iñ soñky anketa: RHP-li on bir häkim bir ýylyñ dowamynda we koronawirus epidemiýasy döwründe eden gowy işleri bilen saýlawçy tarapdarlaryny 3%-den 8%-e çenli artdyrdylar. Nejati DOGRU. 06.05.2020 ý, "Sözcü gazeti. • MASKASYZ HAKYKAT Epidemiýadan soñ, belki-de, iki ýyllap täze durmuşymyz dowam eder. Birgiden zat sanalýar, ölçerilýär, ýazylyp-pozulýar: Iki ýüzümiz boldy. Biri öz ýüzümiz. Ikinjisi - maskaly ýüzümiz. Dellekhana wagt belledersiñ. Maskañy dakyp gidersiñ. Söwda merkezine... Bazara... Dükana... Çaýhana... Edara-kärhanalara... Awtobusa... Samolýoda... Ekzamenlere... Öýüñe... Iş ýeriñe... Iki ýüzli girip, iki ýüzli çykmaly bolarsyñ. Biri öz ýüzüñ. Beýlekisi - maskaly ýüzüñ. Durmuş şeýtmäge mejbur etdi. Döz gelmeli bolarys. Bütin dünýä döz gelip dur. Täze forma: Ikiýüzli ýaşaýyş! Asyl döz gelip bolmajak başga-başga “maskasyz hakykatlar” bar. Seslenmeler çykyp başlady: Ildeşimiz Ýusuf Derin “Aýalym işsiz, gyzym işsiz, men işsiz galdym. "İşkur"-a iş gözlemäge gidenimde, gyzym: “Kaka, öýde çörek ýok…” diýdi.. Termosy dolduryp, çay demledim, "İşkur" binasynyñ öñüne gitdim, zordan üç bardak çaý satybildim...” diýýär. Ynha, ajy hakykat! Maskasyz ýalañaç hakykat!! ★★★ Yusuf Deriniñ özüniñ we onuñ öýe gazanç getirýän gyzydyr aýalynyñ birdenkä işsiz galmagy…. Bular ýaly million-million hojalyk bar Türkiýede. Tutuş maşgala işsiz. Koronawirus diýilýän apat gelmänkä-de ýagdaý şundan gowy däldi, koronawirus belasy sowlansoñam şundan gowy bolmaz. Eger häkimiýeti elde saklamaga dowam etjek bolsañyz, köşgi-eýwanlarda oturjak bolsañyz, işsizlige maska dakyp "täze forma bu" diýip diýip bilelikde ýaşamagymyz mümkin däl. Kän-kän kanuny üýtgeşmeler girizildi. Kän-kän sözler berildi. Umyt şarlary uçuryldy. Çok sözler verildi. Ýurduñ Prezidenti, Maliýe we gazna ministri, apparatyñ beýleki ministrleri, “maskasyz işsizligi…” haýsy ädimler bilen, nädip, haçana çenli ýeñip biljekdiklerini aýdyp bilenoklar. Kredit alyñ, bergä batyñ. Işsizligiñizi maskalañ. Salgytlaryñyzy soñ tölärsiñiz. Işsizligi maskalañ. Türk lirasy samana öwrülsin. Bir dollar 7 liradan ýokarda bolsun. Dollar galsa, bahalaram keýgiñ şahyna çyksyn. Siz ýene-de pully gapjygyñyzy köpürjiklediñ. Yzyndanam inflýasiýa. Siz oturyberiñ. Çarhlar yzyna aýlanyp geler diýip garaşyberiñ. Işsizligi maskalañ. Nirä çenli? Haçana çenli? Kowid-19 bütin dünýäde ykdysadyýeti sarsgyna saldy. Göz öñünde tutulan maksatlary we sepgitleri weýran edip taşlady. Muñ garamazdan häzir Italiýada, Ispaniýada, Portugaliýada, Gresiýada we Ýewropanyñ beýleki ýurtlarynda 100-den 1 ýa-da 2 nominal göterim bergi edýärler. Inflýasiýany göz öñünde tutsak, nulyñ astynda göterim bilen daşardan pul tapýarlar. Türkiýe bolsa 6-7% bergä batýar. Şonsuzam bergide, ýagny hasap boşlugyny (дефицит текущего счета) başdan geçirip bergini bergi bilen üzüp ýöredilen ykdysady model sebäpli işsizlik maskasyz ýalañaç hakykata öwrüldi. ★★★ Işsiz galan kakasyna “Öýde çörek ýok…” diýip seslenen işsiz gyzyñ we şolar ýaly millionlarça ojagyñ hal-ahwalyny haçana çenli görmezlige salyp gezerkäñiz? Häkimiýetiñ hassalygy: Hemme zady, hemme nogsanlygy maskalamak. Emma IŞSIZLIGIÑ üstüni nädip örterkäñiz! Maskasyz hakykat! Häkimiýet günüñ güni iñ kesgitli biçüwde ildeşlerimizi “Biz ve ollar” diýip, ikä bölmegiñ gaýgysynda we bu gaýgydan pagta ýasap, ýene-de öz gulagyna dykyp, “Kaka öýde çörek ýok!” diýenleriñ sesini eşdesiniñ gelmeýändigi garaçyny. Nejati DOGRU. 07.05.2020 ý, "Sözcü" gazeti. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |