15:27 Ýazgyt -2/ romanyñ dowamy | |
5.
Romanlar
Gelnejesiniň şol günki beren habary Abdyllany kyn-gyssaga salypdy. Endamyna wagtal-wagtal der indi. Aýaklaryna dolagyny dolady-da, çäkmenini geýip, pugta çekip daňdy. Eşiklerini gat-gat geýdi. Sähel salymda gelninem, gyzynam ýola şaýlady, Soňam öýüň goş-golamlaryny bir halta saldy. Gelni Nurbibi birbada adamsynyň bu niýetine çürt-kesik garşy çykdy. -- Abdylla, sen bu etjek bolýan işiň hiç akyla sygjak zat däl. Heý-de ýurduňy, öýüňi-işigiňi, kowum-garyndaşyňy taşlabam gaýry bir ýurtda ýaşap bormy? -- Bolar, bolman näme? Hanha gaýraky Mämmetýarlar gitmedimi, olar eýýäm o ýurtda uly bir oba bolup otyrlarmyşyn. Öý-işigem edinipdirler, eklenere işem tapypdyrlar. Bi gara iş her ýerde-de tapylar, başymyz sag, gulagymyz dynç bolsa bolany. O ýeri rahatlyk, uruş-sögüş ýok diýýä, aý, onsoňam, bir döwür gelse, ýagdaý düzelişse, köwlenäýmeli bor-da. -- Edil häzir Kömek agaň basylan mahaly, meň ejemiňem deminiň sanap ýatan çagy, olary bi ýurtda taşlap gitmäge bognuň ysarmy? “Inisiniň öz agasyna borjy çagasynyň atasyna bolan borjy ýaly bolmalydyr” diýip, aýdanam ožüň dälmidiň? -- Muhammet pygamberiň sargydyny menem ret edemok. Men agamy janymdan eý görýänem, sylaýanam. Ýöne hany sen maňa aýt, men ony nädip boşadaýyn? Onsoňam “halk duşmany” diýlip ýygnaldymy, yzyndakylara-da gülüp bakmazlar. Agamam maňlaýyndakysyny görer. Ýazgytdan gaçyp gutulan ýokdur. Senem ejem-pejem diýjek bolsaň-a galyber. Barybir, men gidýän, gyzym bilen gidiberjek. -- Ýok, ýok, Abdylla, men beý diýjek bolamok, galsak bileje galarys, gitsegem bile. Ýöne bir iş etmänkäň, ölçerip-dökseň ýagşy. -- Sen maňa akyl öwretme, heleý. Sähel eglendigiň üstüňi gapyl basdyrdygyňdyr. Agasy ogurlykda aýyplanylan adamyň inisinem degmän goýmazlar. Hökman ýygnarlar. Onsoň men ýygnaldygym, size nämäniň garaşýandygyny bilýämiň? -- Eýse sen gaýry ýurtda bize näme garaşýanyny bilýämiň? -- Ony bir Alla bilýändir. Baryp özümiziňkilere bir gowuşsak, işalla hor bolmarys. Senem göwnüňi bölmedik bolsaň, ýarygijeler bu ýerden ökjäni göterýäs. – Ol aýakýoluna bakan ýöneldi. Soňam hyrra yzyna öwruldi-de: -- Bar, ejeň bilen hoşlaşyp gaýt, ýöne… gidýänligimiz hakda diliňi ýaraýma – diýdi. Nurbibi gözüniň okarasyny ýaşdan dolduryp, ýerinden turdy… Abdylla daş çykanda, ýarygijeler töweregi bolupdy. Asman ýyldyzlary patrak ýaly balkyldaşyp, häzir uly oba ukudady, hiç ýerden ses-üýn eşidilmeýärdi. Abdylla şondan soňam birmeýdan diňşirgenip durdy. Birhaýukdan soň uzak bir ýerde eşek aňňyrdy, soň şagallar yzly-yzyna uwlaşdy. Olara jogap edibem obaň itleri üýrdi. Ol yzyna dolandy-da, içerden ukuda ýatan gyzyny göterip çykdy. Pişik basyşyny edibem är-heleý serhede bakan ugradylar. Olar araçäkden aňsatlyk bilen geçibem biljekdiler welin, arman serhetçiler ölaryň öňlerinden çykaýdy. -- Kim siz, hany eliňizi galdyryň, bolmasa atarys! Abdylla “çältrak-çaltrak, kapyra gulak asyjy bolmaň!” diýdi-de, gelnini gyssady, çagajygyny göterip gaçmak bilen boldy. Gelni bilen gyzjagazyny sag-aman aňryk aşyran Abdylla ýorgan-düşek salnan bukjany almaga yzyna dolandy. Dolananam şoldy welin töweregi ýagtylandyryp, tümlügi böwsüp giden tüpeň sesi ýaňlandy. Abdyllaň kükregi gyzyp gitdi. Ol indi nämäň-nämedigine göz ýetiren bolarly, janhowluna gygyrdy: -- Gaçyň, gaçyň, mähribanlarym, başyňyzy gutaryň! Gaýdyp bi ýurda dolanyjy bolmaň! Nurbibi Abdyllanyň sesiniň boguk çykandygyny, o sesiňem barha ejizleýändigini duýanda, gyzyny gujagyna alyp yzyna dönjek boldy. Ýöne serhetçileriň wagyrdysynyň barha-barha ýakynlaşýandygyny eşidende, özüne gelen ýaly boldy. Ol adamsynyň soňky wesýetine eýermegi ýüregine düwdi, ädimini çaltlandyryp, ýat ýurda bakan tümlükde gözden ýitdi… Şol günüň ertesi adamlar Abdyllaň jesedini onuň öýüne alyp geldiler. Bu habary eşiden Kömek diňe bir däliremändi. Ol türmäň gapysyny dynman urdy, inisiniň ýüzüni soňky gezek görmäge ýalbaryplar çykdy, aglap, gygyryp çykdy. Barybir, ony daşyna çykarmadylar. Ondan üç günläp habar tutanam bolmady. Nämemişin, merkezden ýörite geljek sülçä garaşylýamyşyn. Şol gelmese soragam ýok, idegem. Ol şu geçen gije-gündizde ep-esli horlanypdy. “Öz tutulanymam jähennem” diýdi. Inisine haýpy geldi. “Ýeri, bu näme etdigiň boldy? Keseki ýurtda nä körüň bar?! Seni basjak bolup duran barmy? Ana, ahyrynda gül ömrüň kül boldy. Wah, inim, inim, ömrüň gysga ekeni nädeýin. Heý-de ýigrim bäş ýaşdaky çynar boýly goç ýigidi ýere dözer ýalymydy? Häý, dünýe, dünýe”. Kömek içini gepledip gününi ötürdi. Indi ony hiç bir zat gyzyklandyrmayardy. Ol göýäki özi üçin bi ýalançyda orun ýok ýalydy. Ýygnalanyna dördünji gün diýlende, onuň ýanyna özüniň köp garaşdyran myhmany – sülçi geldi. Uzyn boýly, ak ýüzli, ýüz-gözi mähir-muhabbetden doly ýigit jaýa giren dessine salam berdi. Kömek şunça günüň içinde özi bilen birinji gezek adam şekilli salamlaşan ýigide dusup, ýüregi aram tapdy. -- Gurgunjamyň köşek, içiň-daşyn, gelen ýerleriň sag-salamatmy? -- Hudaýa şükür, oňatlyk. Ynha, ýaşuly – Sülçi birmeýdan sözüne dyngy berip gepledi. – Men Gurtgeldi Sähedow, siziň işiňizi derňemäge ýörite çagyrylyp getirilen sülçi. --Gaty gowy inim. Gelen döwlet. Ýöne, näme, iş derňelip, derňelmez ýaly meň-ä eden işim ýok. Şu ýaşda adam ogluna ýüzüň üstünde burnuň bar diýen, jenaýatyň gyrasynda görnen adam däl. Bu maňa atam pahyryň pendi. Elim arassa, pälim düzüw. Her haçanam Gurhanyň üstünden ätläp biljek. Kesekiň, döwletiň zadyna kast etmäm bolmaz. -- Hany sizi döwlet emlägini ogurlan, mal ogrusy diýip ýygnapdyrlar-a. Eýse, ol jenaýat dälmi? Bi eli egriligi aňladanokmy? -- Men-ä inim, saňa näme diýsemkäm! Men günäsiz. -- Ýalan sözläňzokmy, ýaşuly? -- Ýalan sözlämok, ýalan sözlemek ogurlyk edenden enaýy däldir. Men ogram däl, ýalançam. Sen ynha şu ugurdan ýörite sowatly. Işi nämeden başlamalydygyny özüň gowy bilýäň. Ony men saňa öwretmeli däl. Onsoňam ile geňeşen ýalňyşmaz. Il arasyna çyk, olaň gürrüňlerini diňle. Il kimiň-kimdigini çöp döwlen ýaly aýyl-saýyl edip bilýän ýeke-täk adyl terezidir. Dogrusyny aýtsam, özümiň şu ýerde oturanyma kemsinmekden ýaňa bir ölüp bilemok. Men jenaýatkär däl, ýöne bir dildüwşügiň pidasy bolan adam. Esasy jenaýatkärler başga, o barada raýon wekiliniň ýanynda-da aýtdym, raýon gazetine-de jikme-jik ýazypdym. Arman meniň o hatym çapam edilmedi, yzyna-da gaýtarylmady. Daş gulakdan eşidişime görä, gazetden biri gelenmişin. Hatyň eýesi men, menem türmede. Onsoň ol bir gije kolhoz başlygynyňkyda myhman bolurdyr-da, ertesem lal-jim, gelen yzyna ötägidipdir. Men Hudaýdan müňde bir şükür edýän. Meniň ykbalymy saňa—bir musulman çagasyna ynanypdyrlar. Bu ýerde başga biriniň bähbidi ýatyr. Sen bu zatlardan baş çykararmykaň diýýän oglum. -- Düşünmedimle, başga biriniň bähbidi… ýaşuly… -- Kömek aga diýäý. -- Kömek aga, sen bäride “men bigünä, meni nähak basdylar” diyeniň bilen iş bitenok. Bize delil gerek, subutnama gerek. Howlukmaň, baryny derňäris, hemme zadyň anygyna ýeteris. Günäsiz bolsaňyz boşadarys. Darykmaň, “Sabyrly gul dura-bara şat bolar” dýlendir. -- Вerekella, inim. Gоý, sеň diýеniň bоlsun. Garаşmaly bоlsa gаraşaýaryn. Ýönе, nämе, “bеtbagtlyk gеlende çаr tarаpdan gеler” diýlеn bir söz bаr. Mеn-ä günäsiz zуndanda ýаtyryn, inimеm sеrhetde atуp öldüriрdirler. -- Оl gаçур gidýämişin-ä. --Gаçyp gidýä diýiр аtуbеrmеk bоrmу? Jаýlаşmаga-da gоýbеrmediler, nаýynsаplar. -- Inе, munу wеlin оňаrmаndуrlar. --Nädеýin, оturyp-оturyp öz-özümi öldürеsim gеlýär. Ýönе рygamberimizin bir аýdan sözi bаrdyr. Nämе diýýär-ä ol. “Gahаryna bäs geliр bilýän аdam güýçlüdir”. Şоl рähim, şоl wеsýet gаharym gеldigi ýаdyma düşäýýä. Sülçi ýigit ýetişibildiginden galamyny işledýärdi. Kagyz yzyna kagyz doldurýardy, nämedir bir zatlary çyrşaşdyrýardy. Wagtal-wagtal orta bir sowal oklaýardy-da, soň onuň jogabynam diňlemeýän ýäly, başyny aşak egip, ýazyp otyrdy, ýazyp otyrdy. Bu ýagdaý wagt birçene barýança dowam etdi. Ahyry başyny galdyrdy-da: -- Besdir, ýaşuly. Bu günlükçe ikimizem ýadaýdyk öýdýän. Ertir dowam etdiräýeris—diýdi. -- Bolýar oglum. Ýadap gelensiň, bar dem-dynjyňy al. Ýöne… -- Kömek aga, siz bir zat diýmekçi bolduňyz welin... –Sýlçi kagyz-galamyny ýygnaşdyryp durka sorady. - Ýöne sen kimkü myhmn barsaňda bor welin, bir-ä kolhoz başlygynyňka, birem permaňka barma. Senden uly haýyş. Olar seni ters ýola salarlar. Pukaranyňka barsaň ýeňersiň. -- Ondan ýaňa arkaýyn bolaýyň. Meň pikirimem şeýle. Men hiç kesiňkä-de myhman bolman. Etrap merkezinde myhmanhana bar. Bary-ýogy pyýada ýarym sagatlyk ýol. Köçä çyksamam ulag tapylar. -- Ine, munuň üçin taňryýalkasyn. Sülçi ýigit Kömek bilen sagbollaşyp çykyp gitdi. Ýolboýy kolhoz başlygy bilen bolan gürrüňleri birin-birin beýnisinden geçirdi. “Kömek günäni boýnuna almajak bolup elinden gelenini eder. Ýolbaşçylaň öz elleri egri diýer. Meni türmä dykanam şolar diýer, dildüwşüpdirler diýer. Dözmezçilik etmegin, gerek ýerinde urmalam bor, sögmelem. “Dälini taýak ýola getirer”. Esasy zat, “şonça maly ýok etdim, fermaň samanynam otladym” diýip boýun alýança yza tesme. Onsoňam bi işi bir ýüzli etmegi başarsaň, kolhoz prawleniýesem seň sylagyňy ýetirer. Bir haýyş, işi çaltlaşdyraweri, “iş gyssagda biter” gyssanaweri”. Sülçi başlygyň ýanynda sesini çykarman diňläp oturanam bolsa, häzir ol öz ýanyndan ony jogapsyz galdyrmaýardy: “Nämä gyssanyp? Ýok, başlyk aga, seň o diýeniň bolmaz. Bir bigünä adamyň ykbalyny oda taşlaýsaň näme? Bizi okadanlarynda beýle diýilmändi. Barybir, men diýenim bolar. Kimiň-kimligi anyklanylmaly bolar. Ýüz görüp, gapyrga syrmak bolmaz…” .. Ertesi sülçi ýanyna gelende, Kömek ony gadyrly garşylady. -- Geleweri inim. Neneň sag-aman ördüňmi? “Bir gören tanyş, iki gören garyndaş” diýip türkmen agan bir jaýdar aýdan sözi bar. -- Hawa, ýaşuly, o diýýäniň dogry. Biziň türkmenlerimiziň aňyrsy bir, hemmämiz garyndaş bolýas. Ýöne, näme, jenaýat etmek, ogurlyk etmek … öňden gelýän şol garyndaşlyk gatnaşygy bozýar. Sülçiň bu gürrüňi Kömege ýaramady. Onda-da “Sakawyň soňuna seret” diýen pähime eýerdi-de, sowukganlylyk bilen jogap gaýtardy. -- Dogry aýdýaň. Günäkär tapylyp, olam iliň gözüniň öňünde asylyp öldürilse, bu meniň bar arzuwym. Eger ogurlykda meň elim bolsa, ellerim çapylyp aýrylsa-da, “ah” diýsem namart boldugymdyr. Onsoňam ogurlyk etmegiň, jenaýata baş goýmagyň ol seniň owal ganyňda, zannyňda, alan terbiýäňde bolmaly. Şunça ýyllap kolhozda işläp, şunça ýyllap halallyk bilen eklenen adama näçe garalyk sürtseňem ýokmaz. Men seň gideliň bäri, tutuş gijeläp kän pikirlendim. Sen heniz ýaş, özüňem tejribesiz. Onsoň bir özüňe bu işden baş alyp çykmak kyn bolar. Munuň üçin uly gaýratlylyk gerek. Munuň üçin türmä gapjalan bigünä adamyň däl-de, erkinlikde, uly wezipelerde işläp ýören demir dişliň çekinmän-gypynman, göni garaklaryna seredegä-de: “Jenaýatkär sen!” diýip biljek batyrgaýlyk gerek. -- Bi meniň ilkinji işim däl. Öňem birentek işe seretdim. Bir ýyl bäri işläbem ýörün. Siziň o diýýän tejribäňiz-de dura-bara köpeler gider durar. Eger Alla ýol berse, bu jenaýatyňam üstüni açaryn. Kanyn hemmeler üçin deňdir. Wezipeli bol, garamayak bol, parhy ýok. Etmişiňe jogap bermeli borsuň. -- Berekella, inim. x x x Atalyk ýaş sülçiniň iş alyp barşyny bada-bat halamady. Ony özüne yrjak bolup gordi, başarmady. Hödür-keremine-de per bermedi. Bu barada kolhoz başlygyny habarly etdi. Mätnyýaz başlygam derrew welaýat prokuraturasyna arz edip, bu işiň has tejribeli sülçä tabşyrylmagyny sorady. Bu zatlardan ýaş sülçi Gurtgeldi bihabardy. Ýöne kolhoz başlygy bir gezek oňa “Bolmasa, oglum, ökderäk sülçi çagyraýarys, bu iş juda çylşyrymly” diýip, oň ýanynda agzyndan sypdyrypdy. Gurtgeldi oturyp-turup pikirlenýärdi. “Ýogsa-da Mätnyýaz başlyk şol gezek maňa nämüçin beý diýdikä? Bu ýerde oň özünin bir bähbidi bolaýmasyn? Ýeri, bu işi meniň özümem oňarjak ahyryn. Muňa birneme wagt gerek. Aý, çagyraýyn diýse çagyrar. Onuň bu welaýatda diýeni bolýar”. Ol öz pikiri barada Kömegiň ýanynda-da dil ýardy. -- Haramzada – diýip, Kömek gazaplandy, ýumrugyny düwdi. – Eden işiniň üstüniň açylaryndan gorkýandyr. Ol täze geljek sülçini öz peýdasyna yryp bilerin öýdýändir. -- Bilmedim. Oňa bu näme gerek bolduka? Meniň oňa nämäm ýaramadyka? -- Seň dogruçyllygyň ýaran däldir.-- Kömek sülçiň aladaly ýüzüne garap gepledi. -- Ähtimal. Indem şu gün-erte meni yzyma çagyraýmaklary mümkin. Eger Öwezmyrat diýilýäni geljek bolsa-ha, o deýusdan oňňulyga garaşmak bolmaz, bagtyňyzdan başga biri geläýedi-dä, tüýs başlygyňyzyň diýýän adamydyr. Men oňa belet. Aljagyny bilse, allasyny tanamaz diýilýänlerdendir ol. Kanyny öz haýryna işledip bilýän adam. -- Atalyk öz maksadyna ýetdi diýäý-dä! -- Ýok, men beý diýjek bolamok. Hiç mahal ruhdan düşmäň, ejizlemäň! Men jenaýatkäri agtaryp, şu güne çenli gelen netijäm barada geljek sülçä-de aýdaryn, welaýat prokuraturasyna-da. Men bu işi beýleligine goýman. Işiň gidişi bilen ahyryna çenli gyzyklanaryn. -- Taňryýalkasyn, köşek. Aramyzda seň ýaly adalatyň tarapyny çalýan adamyň barlygyna-da keremli Alladan müňde bir razydyryn. Ýöne… men senden bir zady haýyş etsem, saňa başga bir zatda bil baglasam bolarmyka inim? -- O nämäň haýyşy? Soraň, eger elimden gelse… -- Birinjiden-ä, sen meni häziriň özünde keýwanym bilen duşuşdyrmagyň alajyny et. Ol bedibagt türmäň agzynda hakgulla bolup oturandyr. -- Ol işiň bitdigi biläý, Kömek aga. – Gurtgeldi işigiň agzyna golaý bardy-da, garawula bir zatlar tabşyrdy, soňam oň eline bir bölejik kagyz tutdurdy. Ol ýene-de Kömegiň ýanyna gaýdyp geldi. -- Taňryýalkasyn inim, Alladan gaýtsyn, ýamanlyk ýüzüni görme.Kesbiňden kemal tap, çagajyklaňňa guwan. Gurtgeldi birsellem geplemän durdy. Kömegem şondan soň gürläýin diýmedi. Dymyşlygy ýene-de sülçiň özi bozmaly boldy. -- Hany, Kömek aga, ikinji hasýyşyňyz näme, aýdyň, gitmänkäm onam eşideýin?! -- Inim, Gurtgeldi jan, ynha meniň düşen halyma-ha sen belet, görüp dursuň. Sen gelmänkäň urma kemini goýmadylar. Nejisler ylla köneden ary köýen adamlar ýaly keýp edip urýarlar. Etmedik zadyňy etdirdim etjek bolýarlar. Onsoň, ynha sen gitseň… meni ýene horlarlar. Meniň gorkýanym bu zatlara ýüregim döz gelmezmikä diýýän. Belki, bu zatlar meň ýazgydymda bardyr, ýazgytdan çykyp gitjek ýeriň bolmaz. Onsoň herki zada garaşybermeli. Boşadylmajagyma-da gözüm ýetip dur. Belki, tussaglykdan gaýdyp gelmerin. -- Kömek aga, mert boluň. Şu güne deňiç mert durupsyňyz. Sizde günäň ýoklugyna men doly ynanýan. Bu ýerde dildüwşügiň barlygy-da köre-hasa. Baş prokurora arza gönderdim, respublikada iň ulusyna. Meni hiç bir sebäpsiz aýyrjak bolýarlar diýip. Belki maňa ýokarda düşünen tapylar. Alla bardyr, siz boşarsyňyz, özem ýakyn wagtlarda. -- Agzyňyzdan hudaý eşitsin. Maňa düşünenligiňe-de Alla jandan razydyryn. Wah, meň özüme haýpym gelenok. Kyrk ýaşadym. Kolhoz gurluşugyna gatnaşdym. Maşgala gurundym, jaý dikindim, çagalam bar, durmuşyň ajysyny-süýjüsini bir kesçe menem datdym. Ýöne, ynha, indi çagajyklammyň gününe it aglar. Olar heniz ýaş, ulujasy oglandyr, Daýhan jan ýaňy on iki ýaşynda. Kiçisi Gözeljigem sekizini dolduryp ýör. Ine, şolaň dat gününe. Ejelerem näbileýin-dä, bu zatlara uzak çydamaz. Eýýämden akyly çaşan adam ýaly. Allam kuwwat bersin-dä hernä. Onsoň bilip bolmaz pelek işini. Eger maňa ýyl kesilse, gaýdyp gelmegem nesip etmese, sen bir musulman çagasy ekeniň, meň başga hossarym ýok, sen meň çagalarymdan habar alyp, olara ruhy goldaw berip durjagyňa söz ber. Ýogsam o çagalaryň haýsy ýola düşjegi belli däl. -- Bolýa, bolýa Kömek aga. Ondan ýaňa arkaýyn bolaýyň. Ýöne, kime nämäniň garaşýany belli däl, belki tussaglykdan boşarsyňyz, basylayaňyzda-da gaýdyp gelersiňiz… Her hili halatda-da men siziň çagalaryňyza hossarlyk etjekdigime söz berýän… Sülçiniň Kömegiň bolşuna ýüregi awady, bogazy doldy. Kömegem hapa boldy, gözýaşa boglup, şol bir oturan ýerinden gozganmady. Sadap ýanyna gelende-de, ol hamsygyp otyrdy… Sadabyň türmäň içine girende, ýüregi howpurgaberdi. Demini kynlyk bilen aldy. Adamsynyň gözýaşa boglup oturanyny görende, bu-da onuň üstüne urna boldy. Ol adamsynyň cakgal-murt basan ýüzünden adaja ogşady. Soňam gapdalynda oturyp oňa göwünlik berdi. -- Kömek, ezizizm, sana näme boldy, sen ýaraňokmy? Seniň özüň aglasaň, onsoň bizden nämä garaşýaň? Daýhan janam, Gözel janam şu ýerde, işigiň aňyrsynda. Ýa sen henizem Abdyllaň… Kömek şo dem aňyna aýlanan ýaly, özüne erk etdi. Ýaňadan hyrydar görüşdi. -- Sadabym, mähribanym, bagyşla meni, men häzirki sülçiň gitjegini eşidip hapa bolupdyryn. -- Wah-eý, bujagaz oglan, edep-terbiýe görene meňzeýärdi. Birki gaýta öýe-de bardy, çagalar bilenem öňden tanyş ýaly salamlaşdy, hal-ahwal soraşdy. Gitjek diýende gynanaýdym. -- Wah, ol meň halyma düşünibem ugrapdy-la, basym boşarsyňam diýipdi. Arman… -- Armanyň näme kakasy? -- Atalyk bilen Mätnyýaz başlyk… Sadaby tok uran ýaly etdi. -- Ýene şol ýerçekenlermi? -- Olar ýokaryk arz edipdirler, sülçiň oňarýan zady ýok, başgasyny iberiň diýip. -- Meýdiňiz gurasyn diýsänim. Olardan çykayjagam şudur. Şolary meň elime berseler bogy-y-y-p bir heziller edinip öldürsemdim. -- Seni ýanyma goýberenem şol sülçi. Men oňa bilip bolmaz, bir bolmasyz iş bolsa, çagalamma göz-gulak bolgun diýip tabşyrdym. Ýog-a diýmedi. Tüýs garamaýagyň alnyndan çykaýan halalhon adam eken. -- Edýän gürrüňiň näme? Bigünä halyňa seni nä basjak bolup duran barmy? -- Eýse nä bu basylanlaryň günäsizi azmy? Indi meň ykbalym täze geljek sülçä bagly bolar. Senem aglap-eňräp ýörme, nesibämde bolmasa-da… başa gelenini görübermeli borsuň. -- Saňa iş kesildigi, meňňem öldügimdir. -- Beý diýme, mähribanym. Bu çykalga däl, gaýta näçe ýylam bolsa garaşaryn diý. Çagalara rehmiň insin, olara kim esewan bolar. Men myny ýetimligiň zaryny çekip, ulalamsoň aýdýan. Atasyz oňarlar, enesiz galmak ýesirlik bor. Meň yzymda sen bolansoň arkaýyn. Mert bol, ejizlik saňa yaraşmaz, gülüm. -- Kömek, daş-töwerekde nämeleriň bolup geçýänine heý-de bir akylyň ýetýämi? -- Ýok, düşünemok Sadabym. Ýöne ine şu ýerde bir howsala bar welin… -- Kömek elini ýüreginiň üstünde goýdy. – Hiýç zadyň çeni däl. Bize ertirki gün näme garaşýar? Kim bilsin?! -- Dogry aýdýaň Kömek. Häzirki bolup ýören zatlara düşünýän bardyram öýdemok. Bir görseň-ä oban içi parahadam ýaly. Bir görseňem ondan birini, beýleden birini alyp gidýäler. Yzyna gaýdyp gelýän-ä ýok. Kimiň üstünden düşüldigi işiniň gaýtdygy. Bilmedim-da, ýurtda bir başagaýlyg-a bar. Araňa şeýtan aralaşsa, bolaýjagy şudür. Öz öýüňden öreniňe-de hudaýa müňde bir şükür etmeli. Asyl gijelerine-de gapy-gapy kaňkap ýörler. Ellerem hatly-petekli, ýaragly. Kimiň aşyna awy gatjagy belli däl. Geň ýerem, elli ýyl bäri obadaş bolup oturan adamlarymyzam halk duşmany bolýamyşyn. Ýok, olar duşman däl, şolary ýygnamaly diýýän adamlaň özleri duşman. Ana, şolaryň özünden ägä bolmaly. -- Wah, Sadabym, kükregimi otlamasana, ýeri sen ony kime aytjak? Hany seniň arzyňy diňlejek barmy? -- Hawwa, hawwa, demiňi içiňde saklap, mydama balyk ýaly dymyp ýörmeli zamana bi. -- Dymmanam bir gör. Ýekeje söz diýdigin bes, maşgalaň bilen hoşlaşyber. Tüweleme, obamyzda-da ýal-ýagylar ýok däl ekeni. Asyl güman etmedik adamyňam saňa duşman bolup çykaýýar. -- Kömek! – Sadap möhüm bir habary aýtjak bolýan ýaly gapa bakan seretdi. Soňam adamsynyň gulagyna pyşyrdabrak diýen ýaly gepledi. – Men saňa bir zady gürrüň berjek bolýan, ýöne göwnüňe başga zat getirme. Bolýamy? Getirmersiň gerek? -- Näme ýazygyň bar, Sadap? Aýt, her niçigem bolsa bilip galsam ýagşy. -- Senden gizlin zadym ýokdy, ýöne şol gezek seniň gaharyňy getirmäýin diýdim. Saňa ikilik edenimden asylyp ölenim ybalydyr. -- Bu nähili gürrüň boldy? Saňa ikilik edipsiň diýýän barmy? -- Ony diýjek adam heniz enesinden dogan däldir. -- Onda nä örteniberdiň, gürrüň kim hakynda? -- Häzir men saňa hemmejesini bolşy-bolşy ýaly gürrüň bereýin. -- Basymrak bol, seni häzir çykararlar. -- Erik bişen günleridi, hemmeler oba gidipdi. Bi sil gelmezden owalky gürrüň-le. Senem Daýhan jan ikiňiz oba gidipdiňiz. Ýadyňdamy, menem Gözel bilen galypdym. Şonda bir ýerlerden Atalyk peýda boldy. Saglyk-amanlykdan soň gepiniň hörpüni üýtgetdi. Eý, diýdi, beý diýdi, gepiň keltesi, ikimiz gezeli diýdi. -- Görle muny. – Kömek gazaplanyp, ýumrugyny mäkäm gysdy. – Ýeri, sen onsoň jogapsyz goýduňmy? -- Jogabyny berdim-le ýer çekeniň, golaýyma geläýse kellesinde çäýnegi döwjekdigimi aýtdym. -- Nämüçin bu hakda wagtynda aýtmadyň? Men ony şol günüň özünde… -- Seniň ganygyzgynlyk etjekdigiňi bilýärdim. Onsoň bi gürrüň oba dolardy. Şoň üçin ahyry bir gün aýdaryn diýip ýördüm. Şoň üçin ine aýtdymam. Indem göwnüme bolmasa, ol seni basdyrmagyň ugruna ymykly çykan ýaly. -- Sen ondan birjigem gorkma, seniň her hile gurlanda-da namysyňy depeletdirmejegiňe men ynanýan. -- Bilýäňmi ol şonda maňa nämeleri söz berdi. Mende tylla, kümüş weşeň-weşeň diýdi, näçe diýseň bereýin diýdi. “Men seň gyzyl-kümüşiňe başyny aýlajak heleýleňden däldirin. Arabaňy aňyrda sür” diýdim. O ýerçeken diýjegini diýip, soňundan näme diýen bolýar diýsene. “Sen adamyňa wepaly ekeniň. Men seni synap görmekçi boldum. Göwnüňe zat getirme” diýen bolýar. Pormyň başyňy iýsin. Sаdap içini dökеnsoň, üstündеn аgyr ýük аýrylan ýаly uludаn dеm аldy. Еdil şоl рursatam Кömek gözüniň оkarasyny ýаşdan рüre-рürläp: -- Пbdylla-da nеresse bоldy оturyberdi – diýdi. – Nаýynsарlar mеni оň bilеn hоşlaşmaga-da gоýbermediler. -- Wаh. – Sadар hеm gözýаşa bоguldy. -- Nälеr jаn еtdimem, gulаk asаn bolmаdy. Obаň arçуnyna-da ýаlbardym, obаň milisgеsine-de. Вirem kömеk еtmedi. Nerеssäniň jaýlаnyşy-da gаryp bоldy. Bоlsa-da оny öz kоwumlarymyzyň ýаnynda ýerläрdirler. Аýaly bilеn gуzjagazy wеlin serhеtden аňyrda gаldy. Sрň оlary gördüm-bildim bоlmady. -- Ýеri, olаňky nämе? Gаýdyň-da yzyňyza. Еrkeksiz о ýеrde körüňiz ýоg-a. Sadаp adаmsynyň gujаgyna dоldy. Olаr аz salуm sеslerini çykаrman оturdylar. Ýenе-de оturjakdylar, bеlki gürlеşere, dеrdinişere zаdam tapуlardy. Аrman Sаdaby dаşary çуkardylar… Kömegiň suwda ýüzüp görmänligi bildirip durdy. Soňy bilen suwuň jümmüşine baranda, aljyrap özüni ýitirdi. Demigip başlady, töwerek-daşdan dalda gözläp çabalandy, sesiniň ýetdiginden gygyrdy: “Adamlar, kömek ediň! Ilim-günüm ýetişiň! Gark bolýan, meni halas ediň!” Töwerekde aýlanyşyp ýören adamlaryň piňine-de däldi. Olardan Kömege haraý ýokdy. Gaýta onuň suwda ýüzüp bilmeýşine tomaşa edýän ýalydylar. “Atalyk aga, eliňi uzat ahyryn. Çagajyklamma rehmiň insin!” Atalyk onuň sesini eşitmeýärdi. Gaýta adamlaryň arasyndan çykdy-da, yzyna-da garaman ötägitdi. “Mätnyýaz aga, siz bir gelseňizläň. Meniň bilen deň bolmaň ahyry-y-yn!” Kömek demir gapy şarkyldap açylanda, ýerinden wägirip turdy. Ol bu zatlaryň düýşdügini bilensoň, derini syldy. Garawul Kömegiň barlygyny, ýoklugyny barlaýan ýaly, ýene-de gapyny şarkyldadyp ýapyp gitdi. Ol ýerinden turup gerindi, yzly-yzyna pallady, barybam bir kürüşge suwy başyna çekdi. “Allajanlarym, bu nämäň alamatyka? Özüň gowusyny edeweri”. Wagt ýarygijeler bolupdy. Kömek ýaňadan ýatmaga hyýallandy. Gören düýşündenem gorkup, uzak wagtlap ukusy tutmady. x x x Olaryň sudy kolhoz klubynda geçirilmeli edildi. Bu ýere sähelçe adam ýygnanypdy. Suduň geçýän wagty hemmeleriň iş mahalyna gabat gelipdi. Ony Mätnyýaz başlyk bilgeşlän şeýdipdi. “Kimde-kim döwletiň emlägine el degirse boljagy şudur. Ol halkyň gözüniň öňünde wejera edilmelidir” diýýärdi. Beýle suduň köplere sapak boljagyny ündärdi. Iki milisioneriň öňünde ýüz-gözüni tüýe basdyryp oturan adam Kömekdi. Onuň ýygnananlygyna dört aý çemesi wagt geçipdi. Eýýäm eti-gany çekilip, gözleri ulalypdy, asyl owalky Kömege kän bir meňzäbem duranokdy. Ýogsam näme, o gezek Sadap bilen gürleşende, özüniň üç günläp aç-suwsuz saklanylýandygyny, soňam tä huşuňdan gidýänçä gamçy astyna alynýandygyny gürrüň beripdi. Soňky gelen sülçi rehimsizdi. Onuň ýüzünde rehim-şepagat ýokdy. Kömek öz diýenlidi, ak zada ak, gara-da gara diýmegi başarýardy. Birentekleri ýaly ilkinji çalnan gamçyň yzasyna döz gelmän, etmedik işinem etdim diýmäge bogny ysmaýardy. Jan süýjüdi, ýöne hemme kişä töhmet belasy o süýjüligi saklamaga maý bermeýärdi. Çary külä näme diýsene? Pahyr el-aýagynyň barmaklaryny sanap bilmedik halyna kolhozyň skladyndan ýüz halta bugdaýy sanapjyk araba ýukledim diýýämişin. Şeý diýibem gol çekdirilipdir. On ýyl bilenem başyny alyp gitdi. Sud gelip jaýlaşykly oturansoňam işe başlabermedi. Kömek zalyň ahyrky hatarynda oturan çagalaryndan gözüni aýyrman seredýärdi. Tüweleme, Daýhanyň düşbüjeligi, aşa namysjanlygy daşyndan bildirip durdy. Suduň hem-de milisioneriň ýüzüne ýigrenç bilen seredýärdi. “Goýberiň kakamy, onda günä ýok!” diýip ýerinden turagada gygyrjaga meňzeýärdi. Gözeljigiň welin bu zatlar piňine-de däldi. Yzly-yzyna pallap, uky basmarlan gözlerini owkalaýardy, onuň çaga kalby nämäň-nämedigini aňşyrmaýajn borly. Ejesi bilen haýsydyr bir oýna tomaşa etmäge gelen ýaly barha oňa gysmyljyraýardy. Ejesiniň welin haly perişandy, gözlerinde ýaş balkyldap-balkyldap gidýärdi. Onuňam iki gözi Kömekdedi. Kömek bolsa şol bir başky oturyşyny üýtgetmän, göni seredip otyrdy. Ine, birdenem är-aýalyň göreçleri bir nokatda sataşdy. Şol mahal olaryň ikisiniň hem ýüregi togtan ýaly, biri-birinden mähirlilik tapdy. Şo pillede Gözeljik “Eje, ýör öýe gaýdaly” diýip pyşyrdady. Sadaba welin gyzynyň bu pyşyrdysy eşidilmedem. Ýöne Gözel ony öz gününe goýmady. Ejesi oňa kakasyny görkezdi. Gözel ony tanamady. -- Eje, ol biziň kakamyz däl-ä. Kakamyň sakgalam ýokdy. Onsonam eger-de ol meň kakam bolsa ol ýerde oturmazdy. Birçak gelerdi-de meni gujagyna alardy. -- Ýuwaş boluň, gaýdyp gepleşseňiz zaldan çykmaly borsuňyz – diýip, sud azmly gepledi. Sadap gyzyna barmagyny agzyna ýetirip, “Çüş! Geplemän otur gyzym!” diýip yşarat etdi. Sadabyň çep tarapda oturan sülçä gözi düşende, ony bada-bat tanady. Ony itden beter ýigrendi. “Sen ýigrim dokuz öküzi nirä ýokladyň?” diýip gele-gelmäne ony depip keýpden çykýamyşyn. Ah, ýerçeken, düýnki Atalygyň eýwanynda şerap içip mes bolup oturan, gyzyl ýüzli adamam şol bolmaly. Şolduram öýtdümle. Gözleri oýnaklap dur nejisiň. Iýen haram lukmaň bokurdagyňda tegek bolaýady-da hudayým”. Sud işe başlady. Şaýatlardan kem-käsleýin sorag etdi. Ýaş sülçiniň Kömegiň bigünäligi hakynda galdyryp giden hatyna-da eseden bolmady. Suduň häzirki iş alyp barşyndan hiç kimiň gowni suw içmändi. Asyl sud diýilýäni olara ähli zady owal bişirip gelägede, ýöne bir il gözüne çöp atmak ýaly bir zat bolup göründi. Ahyrynda-da olaryň garaşyşy ýaly boldy. Ine-de jenaýatkär hasaplanylýan Kömege ahyrky sözüni berdiler. Kömek bir minut çemesi dymyp durdy, bokurdagyny arçady. Onuň ýerinden turmagy milisiýa işgärlerini ukudan oýaran ýaly etdi. Özi-de kynlyk bilen gürledi: -- Adamlar, eziz obadaşlar, bu bolan işde meniň çigdiň gabygy ýalyjagam günäm ýokdur. Barysy töhmet. Men Atalyk permäň, Mätnyýaz başlygyň garşysyna gidip, gol çek diýlen dokumentlerine gol çekmedim. Şoň üçribem ähli günäni meň üstüme atdylar. -- Günäkär Gadamow, gürrüňi başga ýana sowmaň-da, soňky sözüňizi aýdyň. Suddan nämäni haýyş etjek? Kömek suduň zarply çykan sesini eşitse-de, oňa bakan gaňrylyp seredeýinem diýmedi. -- Ýoldaş sud, men sizden nämäni haýyş edeýin?! Meni nähak gynaýarsyňyz. Türmä basylmaly men däl, başga adamlar. Men işi alyp baran sülçidenem nägile. Ol meň beren görkezmelerimiň birine-de gulak gabartmady. Owalky sülçiň göz ýetiren zatlaram subutnama derek ulanylmady… -- Günäkär Gadamow! Bu ýerde takal okap oturara wagt ýok, belki başga aýtjak zadyň ýokdur. -- Bar. Öldüräýseňizem beýle jenaýaty boýnuma alyp bilmen. Ýöne, näme, zarym bar, zorum ýok, halanyňyzy ediň! – Kömek başky oturgyjyna geçip oturdy. -- O nähili günäň ýokmuşyn? Şaýatlar ýüzüňe durup, etmişiňi boýnuňa goýup durkalar – diýip, zalda oturanlardan biri zoňtar sesi bilen gygyryp goýberdi. Ol ferma müdiri Atalykdy. – Mundan beter saňa näme gerek? -- Ýuwaş, ýuwaşrak boluň! Gaýdyp ýene biriňiz gürläýseňiz kowaryn. – Suduň çakyr sesinden soň zaldakylar lal-jim bolup oturdylar. Sud günäkär barada çykaran hökümini okady. “Döwlete ýetirilen zyýanyň bahasyny dolulygyna Kömek Gadamowa töletdirip, ony on ýyl azatlykdan mahrum etmeli”. Kömek: -- Munyňyz adalatly däl, munyňyz bilen ylalaşman. Men ýokaryk arz ederin! – diýdi-de, ýerinden syçrap turdy. Haýp, kim onuň gepine gulak asdy. Zalda-da basagaýlyk döredi. Sadap duran ýerinden diň arkanlygyna gaýtdy. Adamlar oňa kömege geldi. Ýüzüni ýelpäp, agzyna suw tutdular. Şo mahalam sud milisiýa işgärlerine bakyp: -- Äkidiň! – diýip, buýruk berdi. Kömegiň boýny buruldy. Iki milisioner onuň goltugyndan tutup, süsenekläp alyp ugradylar. -- Durun, äkitmän! Menem diňläň! – diýip, Sadabyň gyryk sesi hemmäni söm-söýek edip taşlady. Sadap sary-sadylla bolup oturyşyna äriniň halyna nebsi-jany agyransoň iki tarapyn deňän adama meňzeýärdi. – Ýoldaş sud, ýoldaş prokuror! Eger-de meň Kömegim jenaýatkär bolýan bolsa, onda ýene-de bir jenaýatkäri tutuň! Şo dem Mätnyýaz başlygyňam, Atalygyňam ýüzi zemzen ýaly çişdi. Olaryň ikisem Sadabyň agzyndan çykjak indiki söze garaşyp hopukdylar. Öz atlarynyň tutularyndan heder etdiler. Sadaby adamsynyň suduna gatnaşdyrmazlyga-da, olary ýüzbe-ýüz etmezlige-de güýçleri ýetjekdi. Ýöne, haýp, olar özleriniň şeýtmändiklerine ökünip, aňyrsyna çykyp bilenokdylar. -- Eger-de Kömek günäli bolýan bolsa, onda oň bilen menem türmä basyň. Men onuň aýaly. Ol-a öküzleri satyp ýoklapdyr, menem permäň samanyny otladym. -- Sadap, sen nä dälirediňmi? Öz akylyňdamy sen? Ýalan sozlemek nämäňe gerek?! Çagalaryňa haýpyň gelsin-ä! Sadap äriniň gepine-de gulak asmady, ýangynly gepledi. -- Ärimiň yzynda galyp, siz tetelli – Ol kolhoz başlygyna, ferma müdirine bakan elini uzatdy. – adamlar bilen bir ýerde, bir howada dem alyp ýaşamaly bolanymdan, turmede cüýränim ýüz esse gowudyr. Zaldakylar äm-säm bolup galdylar. Sud täzeden ýerine geçdi-de: -- Sud işini dowam edýär – diýdi… Sadap “eden etmişi” üçin alty ýyl azatlykdan mahrum edildi. Öýi, maly-garasy dowletiň haýryna geçirildi. Çagalar şäheriň ýetimler öýüne tabşyrylmaly edildi. Kömek bilen Sadabyň münen polutruk masynyny milisiýa işgärleri ugratdy. Olara öz çagalary bilen ine-gana hoşlaşmaga-da ygtyýar edilmedi. Ýöne olar ugradyljak-ugradyljak bolup duran çagynda sen-men ýok Daýhan bilen Gözeljik gelägede ejeleriniň gujagyna doldular. Saklawda duran milisioner olara bakan topuldy, prokuroryň yşaratayndan soň birsellem olara azar beren bolmady. Sadap gözýaşa boglup “Balalarymdan” başga zat diýip bilmedi. Çagalarynyň ýüz-gözlerinden taýly gezek ogşady-da önaýdy. Kömek olaryň ikisinem bileje gujaklap ogşady. -- Ezizlerim, bi zatlar ýazgytda bardyr. Ejeňiz welin oňarmady. Ol goýberen ýalňyşlygyna ömürbaky ökünse gerek. Indem näme, boljak iş boldy, nesibämiz çekse-hä gaýdyp geleris. Daýhan jan, oglum, sen näme-de bolsan erkek kişisiň, bir zady ýadyňda bek saklagyn. Seň kakaňam, ejeňem jenaýat etjek adamlardan däldir. Jigiňe esewanja bol. Sen indi oňa hem dogansyň, hemem ata deregine durmalysyň. Wah, ejeňki artykmaç boldy-da, etmedik işini etdim diýen boldy. Indi siziň günüňiz kyn bor. Çagalar öýüne barsaňyz, o ýeri herhal gowudyr. O ýerde size göz-gulak boljak adamlar bardyr. Şu namart, bigaýrat adamlardan näçe daş dursaňyz, şonça-da gowudyr balam. Men owalky sülçä – Gurtgeldä tabşyrypdym, ol maňa sözem beripdi, belki ol sizi gözläp tapar. Gaýdyp geldigimiz sizi ol ýerden ýygnarys. -- Kaka, kaka jan! – Daýhan uly ses edip aglady. – Kaka jan, eje jan, gitmeseňizläň, gitmäň. -- Eje – Gözeljik ýaňadan ejesiniň gujagyna gysmyljyrady. – Menem seň bilen gidäýin. Bu ýerde bize kim sereder, eje? -- Çagalary aýryň, ýola düşüň! -- Ýoldaş prokuror! – Kömegiň sesi hasam gyryk çykdy. – Ýoldaş prokuror, meniň birje haýyşym bar. -- O nämäň haýyşy? -- Maşyny göni mazarystanlyga bakan sürdüriň. Inim Abdyllaň mazaryny bir göreýin. Diňlemediler. Maşyn eglenmän ýola düşdi. Mätnyýaz başlyk Atalyga garady. Atalyk Sadaba seretdi. Sadabyň ýüzi garörtdi. Ýöne Atalygyň özüne hyrydar gözi bilen seredýänligini aňansoň başyny dik tutdy. O seredişde “Hä, niçik, meň bilen oýnuň deň gelmez diýmedimmi. Git bakaly, dik başyň ýegşeräýmezmi?!” diýen many bardy. Daýhan bilen Gözeljik aglap galdy. Sadabyň horkuldyly agysy oba adamlarynyň gulagyna uzak ýerdenem eşidilen ýaly boldy. 6. Paýtagtyň ýetimler öýüne iberilen Daýhan bilen Gözelden başga-da paýtunçy bilen bir milisiýa işgäri bardy. Araba tigirlenip ýola düşdi. Küren oba yzda galdy. Obadaşlaram, deň-duşlaram ondan barha arany açdy. Gözel ýolboýy sesini çykarman gelýärdi. Daýhanyň welin içini it ýyrtýardy. Ol ejesiniň, kakasynyň düşen halyna gyýlyp, gözýaşa boglup otyrdy. Sähel wagt mundan owal hut şu ýol bilen onuň ata-enesem alnyp gidilipdi. Olary türmä basdyranyň Atalykdygyny anyk bilýärdi. Onsoň Atalykdan ata-enesiniň aryny almalydy. Ol häzir ine, şu oý-pikir bilen barýardy. Araba birenaýy ses bilen jygyldap gidip otyrdy. Ine-de Daýhanyň odun ýygan kerkawly deresi, hol ýokarda suwuň şarlap akýan ýeri, aşakda eşegini baglan ýylgyn agajy. Araba şy ýerden geçende birneme pessaýlady, dag ýollary öwrüm-öwrümdi. Şo pursatam, Daýhan özüni arabadan oklady. Bagtyna iki aýagynyň üstüne düşdi, soňam bar güýji bilen gaçmak bilen boldy. Milisiýa aljyrady. Ol tüpeňini eline alyp, paýtunyň duraryna mähetdel böküp düşdi. -- Dur, gaçma, gaçsaň ataryn! – Ol birki gezek asmana okam atdy. Soňam onuň yzyndan kowdy. Onýança Gözelem arabadan böküp düşdi-de, olaryň yzyndan ylgamakçy boldy. Ýöne ol ýetişmedi, ony paýtunçy tutup, araba mündürdi. -- Daýy, goýber meni, goýber, men doganymyň ýanyna gitjek. -- Doganyň gitjek ýeri bolmaz. Biz ony häzir tutarys. Paýtunçyň “häzir tutarys” diýen sözi Gözeljigiň gulagyna ýaramanam durmady… Daýhan şol ylgap gelşine obaň bir çetinden girdi. Hiç kesiň gözüne ilmejek bolup çytalaşdy, aman-sag howla özüni atansoňam ussahana girip, içinden ildirip oturdy. Esli wagtlabam işigiň döwük ýerinden daşaryny synlady, hiç kese gözi düşmänsoňam töweregine diň saldy. Birmeýdan demini dürsänsoň ussahananyň töründe kakasyndan galan goşany alyp, iki gözüni-de okdan doldurdy, ýany bilen başga-da ok aldy. Eli ýaragly bolansoň-a hasam merdemsiredi. Atalygyň öýüne bakan ýelk ýasady. Geň ýeri, eli ýaragly oglanjygyň Atalyklara eňip baryanyny gözi bilen gören adamlaryňyam “Dur oglan, edýäniň näme?” diýmäge dili barmady. Gaýta kimdir biri “Ýigdiň namysjany ekeni, ata-enesiniň aryny aljakdyr” diýdi… Atalyk soňky alan atyny fermada münerdi, oba arasynda-da görnerdi. Ol öz atyny öwmekden lezzet alardy, işi-pişesi köpçülik ýerinde atyny taryplardy. Asyl ol öwünere, taryplara sözem tapardy. “Malyň iki bolsa, biri at bolsun!” diýlendir. Adamlar, sizem at ediniň!” diýerdi. -- Atalyk aga, sen atyna gamçy çalaňok diýýäler welin şol çynmy? Ýa sen o janawara dözeňokmy? – diýip, o günki üýşmeleňde kimdir biri oňa sowal berdi. Atalyk bolsa atynyň ýalyny sypady-da: -- Gep dözmekde ýa-da dözmezlikde däl, inim. “Ýorga ýaby özüni gamçyladýan däldir” – diýdi. Dogrudanam onuň ýabysy taryplarça bardy. Onda-da ol atyny ýaryşa goýberen adam däldi. Münmäge-de bermezdi. Daýhan heniz at münüp görmändi. Ýöne eşege welin kän gezekler münüpdi. “Atyň ýok ýerinde beglik eşege galar” diýleni. Ýogsam at diyeniň at bolyar. Ýöne, näme eşegin edýän işem az-küş däl. Daýhan Atalygyň atynyň ölemen aşygydy. Ony her gezek görende gözi giderdi, daşyndan synlardy, ýörite synamak ücin baryp gaýdan gezeklerem bolupdy. Ol tohum atdy, owadandy, başy dim-dik, endamy ýylpyldap durdy. ... Ol Atalygyň howlusyna kürsäp uranda, ýarak it hem oň üstüne topuldy. Daýhan aljyrady. Şol aljyraňňylygy bilenem tüpeňiň mäşesini gysdy. Goşaň iki gözem gümpüldäp, birden boşady. Yarak it aýylganç waňkyrdy-da, bir gapdala ýykylyp gitdi. Şo mahalam Atalyk atly howla gelip girdi. Ol saňgaty bolup galdy. Öňünde duran eli tüpeňli gögele oglanjyk gözüne ajal bolup göründi. Daýhany görüp tas zähresi ýarylypdy. Ýüzi ak tam bolup durşuna agzyny açyp bilmedi. Özem şol bir tarypyny edýäň atynyň üstündedi. Daýhany indi hiç bir güýç saklap biljek däldi. Ol iki tarapyny deňläpdi. Soňuny saýgaranokdy. Beýle ýanynda urnup ýatan it hälem zaryn-zaryn iňleýärdi. -- Eý, sen it ogly. – Daýhanyň Atalygy atjagy ikuçsyzdy. Ol goşanyň iki gözünem okdan doldurdy. -- Düş atdan! Men saňa aýdýan, düş atdan! Sen meň kakamy, ejemi türmä basdyryp, ýaýnap gezerin öýtdüňmi? Hossarsyzdyr öýdensiň. Itiň ýaly senem ölersiň. Düş atdan, bolmasa ine gitdiň. Atalyk doňňara daş bolup galypdy. Gözlerini elek-çelek edip durdy, gonjundan akan sary siýdigem atyň eýeriniň üstünden syrygyp gaýdyp, meýdanyň esli ýerini ölläpdi. Saçy dim-dik bolupdy. Haýp, Daýhanyň ýüregi ömürboýy arzuw edip ýören atyna ýarag çekmekden ejiz geldi. Ony atyň owadanlygy pagyş-para eretdi, gaharyny köşeşdiren ýäly etdi. Ol mäşäni gysmaga-da ýetişmedi. Niredendir bir ýerlerden peýda bolan milisioner ony güpbasdy etdi. Barybir tüpeň göçdi, ýöne ol Atalyga bakan däl-de, al-asmana atyldy. Milisioner Daýhanyň elini yzyna gaňyrdy-da, tüpeňini alyp, öz egnine atdy. Atalyk şondan soňam ýerinden gozganmady. Daýhan welin ýolboýy gygyryp gitdi: -- Haramzada, barybir men seni öldirin. At garrasa-da, ar garraýan däldir. Men gaýdyp gelerin… Atalyk şol günüň özünde Daýhany çägalar öýüne däl-de, olaryň berkiräk tutulýan ýerine, ýöriteleşdirilen mekdebe iberilmegini sorap ýokaryk arz etdi. Onuň bu teklibini kolhoz başlygam unady. Şeýdibem, çagalaryň hersi bir ýerik iberildi. 7. Açlyk-ýalaňaçlyga döz gelindi, ýöne göbek gany daman, gözüni açyp gören ýerinden jyda düşmek oňa bar zatdanam agyr degipdi. Gije düýşünde, gündiz huşunda özüni käbesiniň gujagynda görýärdi. Soň-soňlaram ene hüwdüsi gulagyna eşidilýän ýaly diňşirgendi ýördi. Gözlerini ajy ýaşa dolduryp, töwerek-daşyna-da höwesli bakmady. Onuň bar aladasy gyz jigisi Gözeldi. Ejesinden aýrylyp, goňşy öýlere-de gidip gören çaga däldi. Göýä onuň bilen ömürlik aýrylyşana döndi. Niçe gijäni ýatman oturyp diýen ýaly daňyny atyrdy. “Ýeri, Atalygy öldürib-ä bilmediň. Ahyrynda gaçyp kime zyýan etdiň? Elbetde, özüme. Belki indi Gözeli görübem bilmen, belki biz indi birek-birekden ömürlik aýra düşendiris. Wah, gaçmadyk bolsamdym, bir ýerde, bileje oýnardyk, bileje ulalyp, bileje ese-boýa galardyk. Çaga bolupdyryn. Yeri, gaçdyňmy, näme iş bitirdiň? Adamyň ýüzüne ýarag çenemek, şeýle aňsatdyr öýtdüňmi? Gaýta çagalar öýüne däl-de, ondan beterrägine düşdüň”. Ol içini gepledip kän oturdy, eden işine ýürekden ökündi. x x x Günler, aýlar öz peýwagtyna geçip durdy. Bir gün Daýhany idäp Gurtgeldi geldi. Olar sowuk-sala elleşip görüşdiler. -- Daýhan! Daýhan öz adynyň tutulanyna geňirgendi. -- Daýhan, men-ä şol sülçi Gurtgeldi Sähedow diýilýän adam. Ýadyňyza düşýämi, öýüňize-de barypdym. -- Ýadyma düşýär. Ejem aýdýady “şul adam kakany basym türmeden boşatjak bolýar” diýip. Ýöne, barybir, kakama-da, ejeme-de siziň haýryňyz degmedi. Olaryň ikisem türmede. -- Men saňa häzir baryny düşündireýin. – Gurtgeldi çaga bilen çaga bolup gürleşmäge synandy. – Men seniň kakaňyň günäsizdigini bilip, boşatmakçam bolup ýördüm. Meni Aşgabada yzyma çagyrdylar. Kakaňy basdyran başga bir sülçi boldy. -- Atalyk basdyrdy. -- Atalyk töhmet etdi. Ýöne seň kakaňy nähak sud etdiren menden soňky baran sülçi boldy. Üstesine ejeňem nähak basypdyrlar. Men bular barada ýokaryk arz etdim. Belki olaryň işine ýaňadan serederler. Ýöne, ine sen welin oňarmansyň. Çagalar öýünde bolan bolsaňyz sizden ata-eneňizem razy bolardy. Jigiň bilen bileje bolardyň. Oňarmadyň Daýhan, oňarmadyň. -- A men Atalygy öldürmek üçin gaçdym. Arman… -- Ýok, adam öldüribermeli diýlen zat ýok. Kakaň saňa näme sargyt etdi? “Akyllyja bol, jigiňe göz-gulak bol” diýendir, şeýle gerek? -- Hawa. -- Hawa bolsa, siziň ikiňize-de esewan bolmagy maňa tabşyrdy. Gözeliň bolýan ýeri şu ýerden o diýen daş däl. -- Meni o ýerik goýberenoklar. -- Goýbermezler. Bu ýeriň berk düzgüni bar. Ýöne men sizi wagtal-wagtal duşurmagyň, birek-birekden bütinleý ýitip gitmezligiňiziň alajyny ederin. -- Nädip? -- Seni goýbermeseler, onuň özüni getirip görkezäýerin, bolmaýamy? -- Wah, şeýtseňizläň… Şo wakadan soň aradan iki hepdä golaý wagt geçdi. Gurtgeldi Gözeljigi yzyna tirkäp alyp geldi. -- Jigim. – Daýhan Gözeli gujagyny gysyp, wagty bilen goýbermedi. -- Daýhan, doganjygym. Iki dogan aglaşdy. Iki çaganyň aglaşyp oturyşy haýsydyr bir geçip barýan adama o diýen bir täsir etmese-de, bu boluş Gurtgeldiň gözlerini çygjartdy. -- Agam jan, men… men seni ömürlik ýitirdimmikäm öýdüp ýördüm. Kakamam ýok, ejemem, senem bolmansoň… -- Gözel bu gezek horkuldap çynyny edip aglady. Muňa Daýhan ýaňadan bozuldy. -- Gözel, Daýhan, hany mert boluň. Aglaşmaň, hany gürleşip oturalyň. Bolmasa, gaýdyp men sizi duşuşdyrman. Gurtgeldiň soňky sözi göwnükem çagalaryň ýüregine ylla iňňe bolup sanjyldy. Olar seslerini tapba kesdiler. Gurtgeldi olary köşeşdirmek isledi. Şol sebäplem olara şeý diýmäge mejbur bolupdy. Ýöne Gurtgeldiň bu sözleri olaryň ikisiniňem gözlerini gapana dönderipdi. Gözel-ä şondan soň entirekläp, ýykyljak-ýykyljagam boldy. Daýhan ony mäkäm gujaklady. -- Doganjygym, menem seniň ýanyňda galaýyn. -- Ol bolmaz, jigim. Hany sen maňa aýt, o ýerde seň göwnüňe degýän barmy? -- Ýok, ýok, o ýerde maňa hiç kim azar berenok. Tuwak eje-de, Pälwan aga-da ýaman gowy adamlar. Olar bizi öz çagalary ýaly söýýärler. Azar berseler men saňa aýdardym-a. Ýöne içim gysýar. Ejemi, kakamy, göresim gelýär. Olar her gün meň düýşümde. Sen bilýäňmi, olar bizi almaga hijem gelmezlermi? Biz haçana deňiç bu ýerde ýaşamaly? Daýhan jigisiniň sowallaryna jogap bererden ejiz geldi. Ol kimdir birinden dalda gözleýän ýaly, jigisini gujagyna gysyp durşuna Gurtgeldä bakdy. Gurtgeldi gürrüňe goşuldy. -- Gözel jan, sen zady gaýgy etmeli dälsiň. Ejeň, kakaň bu zatlar kysmatynda bardyr. -- Kysmat diýeniň näme? Gurtgeldi gözlerini tegeläpjik, ýüzüne çiňerilip duran bu düşbüje gyzyň sowalyna çaga dilinde jogap bermäge synanyşdy. -- Kysmat diýýänim, ejeňem, kakaňam diýseň gowy adamlardy. Ýöne olary erbet adamlar türmä basdyrdylar. Töhmet etdiler. Indi ejeňem, kakaňam maňlaýlaryna ýazylanyny çekmeli bolarlar. Wagt geler, olar aklanar. Olarda günä ýok. Muňa Daýhan oňat düşünýär. Ynha, senem bir gün ulalarsyň, barysyna özüňem akyl ýetirersiň. -- Siziň ol kysmat diýýäniňiz kän zatmy, haçan gutarýar? Biz indi olary görmerismi? -- Ine, ony welin bir Alladan başga bilýän ýok. Soň çagalardan ses-seda çykmady. Olar birek-birege seredişip oturdylar. Gurtgeldi: -- Ine, indi men şeýdip bir-biriňizden habar alyp duraryn. Sizi ýat etmen. Ýöne siz welin ikiňizem akyllyja boluň. Terbiýeçileň, mugallymlaň bir diýenini iki gaýtalatdyrmaň. Sapaklaryňyza-da ýetişjek boluň! -- Biz akyllyja bolsak, ýene şu ýerik getirermiň daýy? – Gözel boýnuny burup ýalbardy. -- Elbetde. -- Seniňem çägaň barmy? -- Hawa, bar. Seň ýaşyňdakymyz oglan, ondan körpesi gyzjagaz. – Gurtgeldi Daýhana garap gepledi. – Daýhan, siz şu ýerde oturyp gürleşiberiň. Menem häzirjek gelýän. Gözeljigi özüm äkiderin. x x x Gurtgeldi şondan soňky wagtlar hem işden sypyndygy çagalardan habar tutup durýardy. Ol indi çagalaryň ikisi bilen hem öwrenişipdi. Şo gezek Daýhan ondan kakasy, ejesi hakynda sorady. Gurtgeldi bu ajy habary Daýhana damagy dolup-dolup gürrüň berdi. -- Kakaň, otuz sekiziň güýzünde, tutulandan känbir wagt hem geçmänkä, Bäherdeniň türmesinde pahyr bolupdyr. Ýöne onuň jaýlanylan ýeri belli däl. Daýhan gözlerini ýaşdan dolduryp, sessiz aglady. Gurtgeldi ony gujagyna gysyp, köşeşdirmäge durdy. -- Mert bol, sen erkek kişisiň. Daýhanyň kakasynyň “sen erkek kişisiň”diýen sözleri gulagyna gelen ýaly sesini goýup, Gurtgeldiň agzyna aňkarylyp oturdy. -- Ejeňiz welin diri, ýöne oňa-da öz cagalaryny görmek gadagan edilipdir. -- Nämüçin? -- Sud şeýdip karar çykarypdyr. Ol özüniň çagalaryny görmäge-de, öz çagasy hökmünde guwanmaga-da haky ýokmuşyn. Olam hiç welin o bedibagtyň akylam üýtgäpdir. Onsoň ol sizi tanajakmy-ýokmy? Daýhan bu gezek adaja, ýöne mertlerçe aglady. “Wah, ejem jan kakamyň derdine, bižiň düşen günümize çydan däldir. Sen bizi ýetim goýup nirä gitdiň? Sen biziň ýanymyzda bolsaň bolmaýadymy? Şonda biz Gözel ikimiz özümiziň ýetimligimizem duýmazdyk”. --Bilýän, ol bu derdi ýüregine salandyr – diýip, agy arasynda Gurtgeldä ýüzlenip aýtdy. – Kellesem, ýüregem muňa çydan däldir. Şeýdibem onuň akyly üýtgändir. -- Köşeş inim, köşeş. Aglamakdan peýda ýok. Ynha, bir gün seňňem şatlanjak wagtyň geler.Türkmende bir söz bardyr. “Uzak ýol aty synar, agyr gün äri”. Bu agyr günler seni synagdan geçirýär. Asyl-asyl per berme, mert bol. “Ýagşy at öňüni gözlär, ýagşy ýigit soňuny”. Sen heniz ýaş, görjegiň öňüňde. Häzir görüp dursuň-a, ýurtda eden-etdilik. Tutuş maşgalany oda berip, nesli bilen ýok eden ganhor adamlar-a keýp edip azatlykda ýaýnap-ýaşap ýör, kakaň ýaly bigünä adamlaram zyndanda ölýär. “Adam adamdan gutular, ýöne adam pälinden gutulmaz”. Sabyrly bol, ýaman adam iru-giç pälinden tapar. Senem indi adam ýaly ýaşamagyň aladasyny etmeli. Öňde biriniň aýdyşy ýaly, söýenere ataň ýok, guwanara eneň. -- Dogry aýdýaňyz, meniň indi kimim bar? Men indi kime gerek? Nämüçin ýaşamaly? Gurtgeldi Daýhanyň ýüzüne haýpygelijilik bilen garasa-da, syr bermedi. -- Aýdýan gürrüňiň, edýän pikiriň nätüýsli seň? Kim üçin ýaşalýar? Elbetde, özüň üçin. Sen meniň hiç kimim ýok diýip, ýüregiňe wehim salyp ýörme. Gyz jigiň näme? Oňa kim hossarlyk etmeli? Eýse senem bolmasaň, o naçaryň güni neneň bor? Onsoňam sen esasy zady unutma. Sende bi çagalaryň hiç haýsysynyňka meňzemedik, daşynda köwejekläp ýören arkaň barka, sen kim üçin ýaşamaly? -- Men düşünmedim. Kim ol adam? -- Ol adam men. Men-ä seň agaň, senem meň inim. -- Agam? O nädip beýle bolýar? Sen bize aga bolmaga gorkaňokmy? -- Nämeden gorkmalymyşym? Seniň hakyky durmuşa düşünip ýaşamagyň, arassa ýürekli adam bolup ýetişmegiň üçin ýeke-täk çykalga diýip, men şuny görýän. Men bu hakda kän oýlandym. Onsoňam… men Kömek aga-da siz hakda alada etjekdigime söz beripdim. Menem atadan ýeke ogul. Menem ýetimlikde, ýeter-ýetmezlikde ulalan adam. Hudaýa müňde bir şükür edýän. Bu gün meniň kärimem bar, maşgalamam. -- Onda men ýeke däl-dä. Sen kakama beren sözüňde duryaň-da. Men… men… -- Daýhanyň gözleri ýaşdan püre-pürlendi. Ol yene gürlejekdi, arman damagy dolup, gözlerinden ýaş çogdy. -- Hut şeýle. -- Ony eşitse Gözelem begener. Gurtgeldi ony gujagyna gysdy. Daýhany tä köşeşýänçä goýbermedi. | |
|
√ Ýedi müñ çakrym: Türkmen aty - 16.08.2024 |
√ Duman daganda: Baýguşyň rysgy agzyna gelermiş - 10.06.2024 |
√ Duman daganda: Gelen gideni küýsedýär - 22.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -10: romanyň dowamy - 16.07.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -12: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Köne mülk -10: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -11: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Bäşgyzyl -13: romanyň dowamy - 17.10.2024 |
√ Dirilik suwy -2: romanyň dowamy - 24.04.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -11: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |