12:51 Ýazgyt -3/ romanyñ dowamy | |
8.
Romanlar
“Derdim güýçli bolsa aglamaýynmy?” (“Şasenem-Garyp” dessanyndan). Müň dokuz ýüz kyrkynjy ýylyň alabaharydy. Bu ýere getirilen çagalaryň köpüsi ene-atasyzdy. Ýetimleriň her biri öz ejesini, kakasyny göz öňüne getirýärdi. Birentegi welin, özlerine gije-gündiz garaşyk edip ýören şu öýüň enekesinden özge haçanam bolsa bir mahallar özlerini dogran ene bolandyram öýdenokdy. Batyrjygyň bir diýen zadyna ser salyp görüň-ä.“Eje (ol muny enekä garap aýdypdy). Sen munça çagany nädip dogrup bildiň? Sen geroý ene diýilýänlerimi?”, “Pälwan aganyň bir özi nädip hemmämiziň kakamyz bolýar?” diýýä. Dogrusy, şo gezek Tuwak eje Batyrjygyň sowallaryna jogap bermäge derek ýylgyrypdy.Yylgyrsa-da ýylgyrypdy welin, şo dem gözlerine ýaş hem dolupdy. Özem ol gözýaşlar gyzgyndy, ýurekdendi. Eýsem ol ene mährinden ine-gana ganmadyk bu ýetim çaga boýnuny burup durşuna näme jogap bersin? Ol bar wagtyny şu göwnükem çägajyklaryň arasynda geçirýärdi. Olaryň her birini öz bagryndan öndüren çagasy deýin söýýärdi. Onsoň Batyrjyk ýaly çagalar bu ýerde gör näçe. Çagalar öýüniň direktory Pälwan aganyň ady onuň daş keşbine bilip dakylan ýalydy, ýogyndy, daýawdy, ýörände pil ýäly, satanlakdy. Çagalary söýşi welin çeniň-çakyň däldi. Asyl çagany söýmeseň. Bu ýerde körüňem ýokdy. Häzirem çagajyklar onuň töweregine üýşüp, “kaka-da kaka” bolşup, kökenekdi. Pälwan aga-da olara “balalarym” diýýärdi. Ýöne Gözeljik welin kes-kelläm bu adama kakam diýesi gelmändi. “Meniň öz kakam bar, ejemem” diýýärdi. Ony özi bilen oýnap ýören çagalara-da aydardy. Dogrusy, oňa muny öwreden dogany Daýhan bolupdy. Ýogsam “halk duşmany” diýlip basylan adamlaryň çägalaryna-da rehimdarlyk etmeli däl diýlip göni tabşyryklar berlipdi. Eýse, çagalarda näme günä bar? Gözeliň-ä gelen gününden eşiden sözi “Sen ejem, kakam bir diýme. Olar halk duşmany. Sen olary unut” ýaly sözlerdi. Gözeljik welin şol bir özüniňkini gaýtalaýardy. Haýsydyr bir çaga bilen sene-mene edende-de “eje, kaka” diýip gygyrardy. Bir günem Gözeljik Tuwak ejäniň derdini gozgapdy, asyl ýarasyna duz sepilen ýaly edäýdi. Gözel beýle bolaram öýtmändi. Ýöne näme, her kimde bir dert, bir alada, bir gam bardy, ony çagajyklar näbilsin. Şo mahal Tuwak eje Gözeli geýindirip durdy.Olar bu gün şäheriň haýwanat bagyna eltilýärdi. Şo pille-de Gözel enekäniň gözlerinden bir düwme ýaşyň togalanyp ýere düşenini gördi. Gören dessine-de: -- Tuwak eje, sen nämä aglaýaň? – diýdi. – Kim seni urdy? Maňa aýt, men doganym Daýhana aýdaýyn, ol seniň aryňy alyp berer. Tuwak eje bada-bat özüni ele aldy. Gözüniň ýaşyny sylyp oturyşyna: -- Jan balam, meni uran adam ýok. Ýöne her gezek seň zülpleriňi sypamda, öz balam Saýyp janym ýadyma düşýä – diýdi. -- Saýyp diýdiňizmi? Ol häzir nirede? Getiriň, olam biz bilen oýnasyn. Çynymy aýdýan, biz ony gowy göreris, göwnüne-de degmeris. Tuwak eje özüne erk edip bilmedi, çök düşdi-de horkuldaberdi. Soňam sen-men ýok, diň arkan gaýtdy-da, sesini-üýnüni çykarman ýatdy. – Pälwan daýy, Pälwan daýy, Tuwak ejemiz öldi – diýip, Gözel şo bir ylgap barşyna jedir-jedir etdi. -- O nähili öldi? Adam ölübermeli bormy? – Pälwan aga gyssandy, ýazyp oturan hatyna nokat goýman ýerinden turdy. Asyl oňa bu habara bulutsyz günde ýyldyrym çakan dek täsir etdi. Olar gelende-de enekeleri özüni bilmän ýatyrdy. Pälwan aga ýüzi ak tam bolup ýatan Tuwak ejäniň goşaryndan tutup, ýüreginiň urşuny barlady. Dessine-de ony göterip düşege geçirdi. Soňam bu ýere ylgaşlap gelen terbiýeçi gyza: -- Bar git, dogtor çagyr. Bahymrak bol, tijen – diýdi. Pälwan aganyň soňky sözleri hem çasly hem-de ünjüli çykdy… Tuwak eje üç günläp keselhanada özüni bilmän ýatdy. Şonça günläbem çagalar keselhananyň agzyndan aýrylmadylar. Olar birek-biregi itişdirip, öňe geçjek bolýardylar.Nobatçy doktor welin olary içerik goýbermeýärdi. Pälwan aga doktory bir çete çagyryp, onuň hal-ýagdaýyny soraşdyrdy. - Garry enemiziň bir diýen zady ýadymda galypdyr. – Doktor bir-ä Pälwan aganyň ýüzüne, birem ho-ol taýagatym ýerde hümer bolşup duran çägalara seredip gepledi. – Zulum bar ýerinde bela geler. Ölüm süňküňi hem agardýandyr diýerdi. Tuwak ejäniňem gören görgüsini item gorse gözi agarjakdy. Eý-ho, bir adamyň başyna-da şunça zulum düşjek ekeni-dä! Ilkä gaýadan uçan äriniň meýdini getirdiler. Ogluny sil suwy äkitdi. Bar mydary, göz guwanjy Saýyp atly gyzydy. Ojagazam gunçalygyna açylman, gyzamykdan gitdi. Ýeri şojagaz çaga bir galan bolsa bolmadymy? Wah, ony gorabam ýördi-le. Arman “Goralan göze çöp düşer” diýleni boldy-da, gyzamyk oňa ýowuz darady. Şeydibem giden şagalaňly howlyň içinde bir özi gugardy galyberdi. Ony zor görmeli, hälem şu çaka çenli ýaşap ýör. Indi çägalar öýi onuň hemişelik bolýan ýerine öwrüldi. Belki şu çagalardyr onuň ömrüni uzaldýanam. - “Aýry jana ölüm ýok” diýleni. Öleniň yzyndan ölüp bolýamy näme? Adam pahyr berlenini bir ýaşamaly ahyryn. 9. Çagalar öýi şäheriň günbatar çetinde çar baglyga bürenip oturan giň howluly, täzelikde salnan bir gatly jaýda ýerleşýärdi.Bu ýeriň jana ýaramly howasy bardy. Tomsuň tamdyrdan çykan howur ýaly ýandyryp barýan günlerinde şeýle salkyn, saýaly ýeri gözläp tapmagam mümkin däldi. Daýhana bu ýeriň özboluşly howasy, ir säherki salkynlygy dogduk obasy Könekesiriň tebigatyny ýatladypdy. Ol bu ýeri bilen basym öwrenişdi, şonda-da gatbar-gatbar gaýaly, buz ýalyjak çeşme suwly, telärlerdäki baldan datly gelin barmak üzümleri ýadyna düşende, öz obasy bilen hiç bir ýeri çalşyp biljek däldi. Wagtal-wagtal ejesiniň bişirýän mele-myssyk nanyny, geçi süýdüni, goňşularynyň betje horazydyr paý gulak eşeklerini ýatlap, esli wagtlap oýurganyp oturardy. Bir günem ol ejesi bilen goýun sagmaga gidipdi. Daýhan haýsy goýnuň nätüýsli guzusynyň barlygyny ýatdan bilýärdi. Hemmeler onuň ýatkeşligine haýran galýardylar. Onsoň sagyp bolduklaram şol ýeriň özünde köýneginiň ýeňini çyzmaga-da, ýümrugyny bedrä sokup, süýdüň köpüjegini ýalardy. Şol günem şeýle boldy. -- Eje, getir men göterişeýin – diýip, köpükden doýan Daýhan ejesiniň elindäki süýtli bedrä elini uzatdy. -- Oglum, agyr däl-le, özüm götärin. -- Göteräýin. Süýt bedräň kemerine ýetýärdi. Şu günki süýdi Maýsa ejelere eltip bermelidi. Ýene-de iki günden özleriniň süýt almak gezegi gelýärdi. Daýhan süýdi çaýkamajak bolup assa –assadan ýöräp gelýärdi. Heniz ýatakdan o diýen bir daşlaşmandylaram. Süriň ala köpegi duýdansyz ýerden öňünden çykaýdy. Daýhan büdräp ýykyldy, bedredäki süýt bolsa töwerege ýaýrap gitdi. Sadap eje ylgaşlap barşyna bedräni galdyrdam welin… giçdi. Daýhanyň ýüzi utançdan ýaňa lap-laplap ýandy, dökülen süýde seredip müzzeripjik durdy. -- Oglum, zyýany ýok, gynanma, agyrdyp-ynjan ýeriň bolmasa bolýa. -- A Maýsa ejä näme diýeris? – Daýhan zordan gürledi. -- Maýsamy? Aý, onuň bilen özüm gürleşerin. Bolmasa giçlik sygyr süýdünden beräýerin. Giçlik sygyr süýdi Daýhanyňam, Gözeljigiňem gowy görýänje gaýmagydy. Daýhanyň gaýmak bolmazlygyna-da ýüregi awady. Edil şular ýaly bir wakany öňem bir gezek başyndan geçiripdi. Şol gün edebiýat mugallymy garrylara kömek barada bir sagatlap okuwçylara sapak berdi. Aýry-aýry okuwçylary taryp etdi, beýlekileri hem bu asylly işe çagyrdy. Bu gürrüň her okuwça bir hili täsir etdi. Şol günden başlap Daýhanyň-a gözleri töwereginde boldy. Eli ýükli garryny, maşyn ýolundan geçip bilmän duran kör adamy, garaz kömege mätäç adamlary gözledi. Gözläp ýörseň näme, ilçilik-dä, her haýsy tapylýar. Ine, bir görse, dükandan matematika mugallymy Meret Amangeldi, üç litrlik çüýşäni dolduryp ýag göterip gelýär. Bir aýagy-ha maýyp, bir gözem şikesli. Týüs Daýhanyň gözleýän adamydy. Ol ylgap diýen ýaly mugallymyň öňünden çykdy. -- Ýoldaş mugallym, getiriň öýüňize çenli men göterişeýin. Mugallym muňa derrew göwünjeň boldy. -- Berekella, Daýhan. Me göterseň – diýip, ýagly cüýşäni onuň eline tutdurdy. – Seresap bol, üstüňe döküläýmesin. Daýhan çalt-çalt ýöräp eli hasaly mugallymy ho-ol yzda galdyrdy. Wah, oň öýüne sähel-mähel aralyk galypdy-da, arman ýumruk ýalyja daşa büdräp, diň arkan gaýtdy. Ol ýerinden turan dessine çüýşäni gözledi. Çüýşe küje, ýag küje. Mugallym bu ýere gelende, çüýşe jäjeklerem töwerekde pytrap ýatyrdy, üst-başam ýaga boýalypdy. -- Dökülen ýag, döwülen çüýşe bolsun köşek. – Mugallym birjik-de gaharlanmady, hemişeki parahatlygy bilen gepledi. -- Mugallym, bagyşla, men ony bilgeşlän etmedim, neme… -- Ol gözleriniň okarasyny ýaşdan dolduryp gepledi. -- Zyýany ýok diýdim-ä. Kim saňa bilgeşlän etdiň diýýä. Bar ötägit. Ýagy öýlän baryp alaýaryn. Haýp, seň üst-başyň zaýalandy. Ana, men şoňa gynanýan. Sen kömek etmekçi bolduň-a. -- Ol, hiç-le… Daýhan häzirem matematika mugallymynyň aýdanlary gulagyna gelen ýaly ýylgyrjaklady. Beýle waka bolar diýib-ä hiç kesiň kellesine-de gelmändi. Söhbediň ruçkasynyň ýitirim bolmagy klasyň ähli okuwçylaryny kyn ýagdaýa saldy. Şol güni-hä okuwçylaryň barynyň gürrüňi ogurlanan ruçka barada boldy. Söhbet ýüzüni galdyrman, keýpsiz otyrdy. Onuň düşen halyna öňi bilen partadaş gyzy Senemiň rehmi indi. -- Söhbet sen gam çekme, meň ruçkamda gezekleşip ýazybereris – diýip, onuň gulagyna pyşyrdady. Söhbet duýgudaşlyk bildiren klasdaşyna başyny ýaýkamak bilen oňdy. Mugallym ýagdaýy aňdy. Ol okuwçylara ýüzlendi-de: -- Çagalar, kimde-kim Söhbediň ruçkasyny alan bolsa, degişmek isläp alanam bolsa, gaýtaryp bersin. Bu gowy däl – diýdi. Soňam ol Söhbediň ýanyna golaý bardy. – Sen oňatja agtargyn. Belki bir ýerik goýansyň, öýde galdyran bolmagyňam ahmal-a. Ýoldaşlaryna müňkürlik etmek gowy-ha däldir. Okuwçylaryň Söhbediň mugallyma beren jogabyny bilesi geldi. Ýöne Söhbet ýagşydan-ýamandan dil ýarmady. Barybir arakesmä çykan okuwçylar baryny eşitdi. Daýhan bu ýere täzelikde gelipdi. Ol heniz klasdaş oglan-gyzlaryny oňly tananokdy. Ýitirilen ruçkanyň özünden görüljegini näbilsin. Muny eşidip hasam hapa boldy, kime arzyny aýtjagyny bilmän elewredi. Sapagyň ahyrlaryna çenli-de garaşyp durup bilmedi. Gazap bilen ýerinden turaga-da, hemmeler eşider ýaly edip gürledi: -- Söhbet, men seň ruçkany alamok, isleseň men sana özümkini bereýin. -- Ýok, mana seniň ruçkan geregime däl, asla hiç kimiň ruçkasyny almaryn. Mana diňe öz ruçkam gerek. -- Sen onsoň ýitiren ruçkaňy menden görýäňd-ä, şeýlemi? Söhbet dymdy. Daýhan ýene-de sowalyny gaýtalady. -- Dogryňdan geläý, maňa göwnüň gidýär gerek?! -- Özümiň-ä göwnüm gidenok, ýöne, ýaňy oglanlar şeý diýdilerde, onsoň menem… dogrusy, sen gelmänkäň bizde beýle ýagdaý bolmandy. -- Söhbet, sen maňa ogurlyk ýapyp, gaty ýalňyşýäň. Men kişiň zadyna mätäç däl. Asyl iliň zadyna el galdyran gezegim bolan däldir.Ony bize kakam pahyr öwrede-öwrede gelerdi. Men kakamyň wesýetini unutman. Goý, ony klasdaşlarymam eşitsinler… -- Ol özüne ýöňkelen günäni nädip subut etjegini bilmän kelle döwdi, onuň tärini gözledi. Ol töhmediň nämedigine,. kakasynyň düşen ýagdaýam töhmet zerarlydygyna gowy düşünýärdi. Ol uzakly günläp ogurlyk bilen bagly önde-soňda bolan wakalaryny ýadyna saldy. Bir üýtgeşik waka-ha bolupdy, ýöne Daýhanyň eden işi-hä ogurlyk däldi. Bilmezlikden bolupdy. Şo waka islese-islemese, göz öňünden geçip başlady… Daýhan otluk ýere gelende, töwerekde yns-jyns ýokdy. Ol ýaňy bir ot ormaga gyzyşanda, saralyşyp ýatan hyýarlaryň üstünden bardy. Dessine hyýarlaryň birini sapagyndan ýolup aldy-da, çalak-çulak süpýüişdirägede, güjürdedip iýmäge durdy. “Hiç neneň däl, iýse boljak. Gowusy şulardsan çöpleşdireýinle, jigim-ä begener-dä, aý, onsoňam iýsek iýeris, iýmedigimizem sygrymyz iýer. Şuň ýokumam otuňkyça bardyr” diýip içini gepletdi. Kolhozyň gök-bakja bürenip oturan meýdany uzaklara uzalyp gidýärdi. Daýhan töweregi pugta synlady. Sakçynyň öz-ä görnenokdy, allaowarrada görünýän çätmasam göçülen ýurduň ketegi ýaly boşdy, çatmanyň gamyşlary aram şemalyň ugruna adaja ygşyldaýardy. Oba tarapdan eşegiň aňňyrýan sesi eşidilýärdi. Daýhan özüniň nämüçindir wagt ýitirip, sömelip duranyna düşünmedi. Hyýarlardan çöplemäge durdy. Birneme derläp işledi, torbasyny welin hyýardan doldurdy. “Indi bes edäýin. Ýaltanman çöpläne henizem kän” diýip, torbasyny egnine atyp, ýegşerilip ugran Daýhan “ Hany, aýak çek!” diýen zorruk sese tas zähresi ýarylypdy. Ol torbasyny gütüledip ýerde goýdy-da: -- Gurban daýy, asyl bu sizmidiňiz, sa-sa-lamaleýkim – diýip zordan gürledi. -- Ýeri, näme işleýäň bu ýerde? Bakjaň goralýandygyny bileňokmydyň? Kim seni bu taýyk iberdi, basym bol, aýt? Brigadir gamçysyny elinde oýnadyp durşuna ony atyň üstünde oturandakysy ýaly, ädiginiň gonjuna şaplatdy, özi-de gara çynydy, gazaplydy. Daýhanyň birbada ýüzi burç ýaly gyzaran hem bolsa, ol basym özüni ele aldy. -- Gurban daýy, men bu ýerik özüm geldim, ot ormaga. Onsoň taşlanylyp gidilen sary hyýarlaryňyzy gördüm-de, şolardan çöpleşdiräýdim. -- Kömegiň akylly ogly barmykan diýýädim welin, sen-ä paň ekeniň-ow. Kim aýdýa hyýarlar taşlanylyp gidilipdir diýip. Biz ol hyýarlary tohumlyk üçin galdyrdyk, olar mazaly saralansoň ýygmakçy. Daýhan sary-sadylla bolup durşuna dilini dişledi, dessine ötünç sorady. -- Bagyşla, Gurban daýy, men bilmändirin. Ine, me, alyň, ýekejesini welin iýdim. -- Bolýa, bolýa, bir gezeklikçe günäňi geçýän. Ötägit. Ýygan hyýarlaryňam alyp git. Ýöne gaýdyp beýle işe baş goşaýsaň, eşitdim-eşitmedim diýme, şyhmütüriňi towlaryn. Brigadir uly-uly ädimläp, ho-ol taýagatym ýerde otlap ýören atynyň ýanyna ugranda, Daýhan sesini-üýnüni çykarman, torbasyny egnine atmak bilen boldy… Okuwdan soň Daýhan Söhbetiň ýanyna geldi. -- Söhbet, biz häzir ikimiz bir ýere gidip geleli. -- Bize bu ýerden hiç ýaňa çykmagyň gadagandygyny bileňokmy? -- Bilýän. Ýöne hiç kes bilmez, gaty uzagam däl. Sen meň yzyma düşdejik geliber. Olar hiç kesiň gözüne görünmän tirkeşip, çägalar öýünden çykdylar. Şol baryşlaryna-da sagat dükanyna girdiler. Daýhan hem gaharlydy hemem gazaplydy. “Geliber bakaly, men saňa özümiň näme ussatdygymy görkezeýin, gözüň bilen görseň, belki…” Sagat dükany darajyk jaýda ýerleşýärdi. Onuň içi dürli görnüşli, ululy-kiçili sagatlardan doludy. Ýokarda asylgy duranlary-ha jaňlydy, olardan mahal-mahal gygyryp, jaýyň içine ýaň berýäni-de bardy. Daýhan sagatlaryň birini alyp, birini goýýardy. Satyjy: -- Oglum, satyn almakçymy? Öz-ä gymmatdyr, puluň barmy? – diýdi. -- Hawa, daýy sagat almakçy, pulum bar, ýöne bulaň haýsysy gowuka? -- Ine, şu sagad-a tüýs çagalaň göterýäni, belki muny alarsyň. – Satyjy başga bir sagady getirip görkezdi. Daýhan sagady eline alyp Söhbede görkezdi. -- Nähili görýäň, saňa ýaraýamy? – diýdi. Söhbetden ses-seda çykmady. -- Aý, bolýa-da, biz ýene bir gezek geläýeris – diýdi-de, satyjy bilen sagbollaşyp çykyp gitdi. Söhbet şindem nämäniň-nämedigini aňanokdy. Daýhanda şonça puluň barlygyna-da haýran galýardy, ýöne dil ýarman gelýärdi. Bir görse Daýhanyň gujagynda uly bir garpyzam bardy. -- Bi garpyzyň näme? Ony nirä alyp barýaň? Sen munça puly nireden alýaň? -- Howlukma. Häzir men saňa barysyny gürrüň bereýin. Birini aldow ýoly bilen zadyny alyp, awundyryp goýmak, itiň aňsady. Ol meň çep elimden gelýär. Ýöne meniň oňa ynsabym çatanok. Ynha şunam – Ol jübüsinden çykaran sagadyny Söhbede görkezdi. – ýaňky dükandan çildim. Satyjysy-ha özüň görensiň, gümanam etmedi. Bu garpyzam ho-ol bazaryň ortasynda oturan aksakgally ýaşuludan ogurlap aldym. Ýöne men muny seniň maňa bolan garaýşyň üçin şeýtdim. Indi bolsa häzir seň bilen barypjyk bularyň ikisinem eýelerine gowşurarys. -- Nämüçin? Olar saňa ogry diýmezlermi? -- Goý diýsinler. Ýöne men ony oýun edip alandygymy olara aýdaryn. Muňa olar begenseler gerek. Daýhan aýdyşy ýalam etdi. Dükançam, garpyz satýan ýaşulam oňa müň kerem sagbolsun aýtdy. --A sen bolsan, sähelçe köpüge duryan ruçkaň ýiteninem menden görýäň. Klasdaşlarymyň öňünde utanjymdan ýaňa ýere girip bilmedim. Ol maňa ölümdenem agyr degdi, Söhbet. Söhbediň welin häzirem şol bir geplemän durşudy… Şol gün agşam terbiýeçi aýal oglanlaryň ýaşaýan otagyna boýnuny uzadyp gygyrdy: -- Çagalar, men düýn siziň biriňiziň-ä ruçkaňyzy alypdyryn, huşumda ýok, şuny eýesine gowşuraweriň – diýdi-de, ruçkany oglanlara uzatdy. -- Söhbediňkidir – diýip, oglanlaryň ikisiniň sesleri goşulyşyp gitdi. Daýhanyň ýüzi ýagtyldy. Ýüzi çapady ýaly gyzaran Söhbet welin Daýhana garap zordan gürledi. -- Daýhan, dostum, sen meni bagyşla! Daýhan: -- Sen menden bu gün däl, ertir klasdaşlarymyzyň ählisiniň öňünde ötünç sorarsyň. Ertesi Daýhanyň garaşyşy ýaly Söhbet hemmeleriň öňünde ötünç sorady. Özüniň çyn dostuna garalyk sürtmekçi bolup, kemakyllyk edenine ýürekden ökündi. Bir günem çägalary maşynlara mündürip “Ýalkym” kolhozyna alyp bardylar. Daýhanyň önüp-ösen obasy Könekesirem şu ýerden uzak däldi. Daýhan bu ýerlere beletdi. Ol bu barada öňi bilen Söhbede gürrüň berdi. Soňam: -- Söhbet, men obamyzy görüp gaýdaýsam bolmazmyka? – diýip, oňa sala saldy. -- Bolmaz. Öň bir gezek gaçyp nämä uçrapsyň. Özüň diýdiň-ä adaty çagalar öýüne gitmeli halyňa şu ýerik getirdiler diýip. Menden sorasaň-a gitme. -- Men gaçmakçy däl-ä. -- Özüň bil, men-ä git diýjek däl. Yeri gitdinem-dä, kimiň bar seň o ýerde? Daýhan böwrüni diňläp durdy-da, uludan dem aldy. -- Dogry aýdýaň Söhbet. Kimim bar o ýerde. Gaýta birsellem obanam unudaýyn, obaň adamlarynam. Ýöne men iru-giç dogduk obama dolanyp bararyn. Ata-enäň ojagyny saklamak perzendiň borjudyr diýerdi kakam. Söhbet özüni uly bir adam bilen gepleşip duran dek duýdy. -- O ýerde meniň ussahanam, senetlerim galdy. Men olar bilen iş gurallaryny ýasap biljek. -- Eger-de olar ýaly hünär eliňden gelýän bolsa, ussahana bu ýerde-de tapdyrar. -- Bolýa, Söhbet, biz o barada soň gürleşeris. – Daýhan dostuna söýünçli bakdy. Ýurtda urşuň başlanmagy bilen parahat oturan ilatda gahar-gazap döretdi. Ony turzan adamlara uly-kiçi nälet okady. Urşuň başlan güni meýletinler ilkinjileriň hatarynda gitdiler. Bu elhenç waka Gurtgeldini hem öz gününe goýmady. Ol hem meýletinleriň hataryna ýazyldy. Ugramagyna sähel wagt galanda, Daýhanyň ýanyna sowuldy. Daýhan Gurtgeldiniň meýletinlere goşulyp fronta gidýänine geňirgenmedi. Ol muňa adaty zat hökmünde garady. -- Agam jan, dogry edýäň, her edip, hesip edip ata Watany keseki ýurtlulylara bermeli däldiris – diýdi. – Eger saňa nepim deger diýsen, menem ýanyň bilen alyp git. -- Ýo-ok, inim, ol bolmaz. Sen heniz ýaş, birneme ulalmaly. Ýöne bu ganym başlanmagyna-ha başlandy welin, onuň entäk-entäkler gutarjagyny-gutarmajagyny bilýän ýok. Eger ol uzaga çekip gidip oturjak bolsa, howlukma, onda saňa-da nobat ýeter. Häzir welin seniň ýaşyňdaky oglanlara bu ýerde-de iş tapylar. Tyldakylara kömek etmeli borsuňyz. -- Tizräk dolanaweri agam jan, sensiz biziň hiç kimimiz ýokdur. -- Sen jigiňi ýat etme, wagtal-wagtal ondan habar alyp dur. Ýolbaşçyňa-da tabşyrandyryn, haçan gitmekçi bolsaň, öňinçä duýdur, goýberer. Belki hat alşarys. -- Sen bizden arkaýyn bolaý. Sag gidip, aman gel, hatyňy göni şu taýyk iberäý. -- Bar indi, menem gideýin. Aga-ini ýaňadan gadyrly sagbollaşdylar. Daýhan Gurtgeldini gussaly halda derwezäň agzyna deňiç ugratdy. Gurtgeldi ep-esli arany acansoň, yzyna garady. Önuň soňky sözleri hasam batly eşidildi: -- Maňa garaşgyn, inim! 10. Daýhan otliçnikdi, onuň tertibine-de, okaýşyna-da köpleriň gözi gidýärdi. Hatda olary çagalar öýüne ugratmaly diýip suduň hökümi çykarylanda-da, mugallymlar suduň ýanyna baryp, Daýhanyň tertip-düzgünli, zehinli okuwçydygyny, demir ussaçylygyndan başynyň çykýanlygyny aýdyp, ony obada alyp galmak barada haýyşam etdiler. Ýöne näme, olar ýaly haýyşlaryň kanagatlandyrylýan döwri boldumy. Ata-enäni halkyň duşmany saýyp, türmä basarlar-da, ondan bolan ogul-gyzyň ýüzüne kim gülüp bakar? Şeýdibem ykbal olara ýowuz darady. Ata-eneden, ilinden-ýurdundan jyda düşürdi. Gyz jigisindenem aýra saldy. Daýhan wagtal-wagtal oturyp, öz maşgalalarynyň başyna düşen wakalary serinde aýlap görýärdi. Kimdir birine ýüregindäkisini aýdasy gelýärdi. Ýöne ol bu ýerde içki syryny açjak adamy görmeýärdi. Çaga kändi, olar ýurduň dürli ýerlerinden gelen ýygyndydy. Her niçigem bolsa ol obasyny, obadaşlaryny ýadyndan çykarmaýardy. Hemişe olaryň arasynda ýaşap ýören ýalydy. Ol wagtal-wagtal çagalar öýüne baryp, gyz jigisiniň halyndan habar alyp gaýdardy. Howa giç öýlänler bulaşdy. Ýogsam asmandan nem damarly däldi. Göz açyp-ýumasy salymda, dünýä çal cäkmenine örtendi oturyberdi. Şo mahal Daýhan dagy sport meýdançasyndady. Ol şybyrdap başlan ýagyş damjalarynyň astynda ädimini barha çaltlandyrdy. Bu ýagyş oňa ýaşlyk ýyllary bolan bir wakany ýadyna düşürdi. Ol bu wakany Gurtgeldä-de hezil edip gürrüň edip beripdi.Şonda-da edil häzirki ýaly howa ýagyş ýagarly däldi. Daýhan dosty Aba bilen eşeklije oduna ugranda, gök asmanda ýyldyz bary ýylpyldaşýardy. Ýöne, näme odun ýerine baryp ýüki taýyn edýänçäler wagt geçdi, mawymtyl asman sähel salymda gamaşdy-da, tutdy ýagyşa. Odundan elli bizar bolan oglanlar eşekli-eşegine münüp, eňdiler oba. Olar süllümbaý bolup, obaň bir çetinden girdiler. Ine, şu ýerde-de “Ýer ala, ýurt ala” diýleni boldy, asyl bu ýerde ýagyş küje, zat küje, obaň içem gus-gurudy. Oglanlar birek-birege uýalyşyp seretdiler-de, ýüzlerini galdyrman öýli-öýüne gaýtdylar. Kömek oglunyň üst-başynyň palçygyny görüp genirgenjek ýalam etdi. -- Bu nä boluş, Daýhan, eýgilik-mow, hany odun? -- Neme, kaka, dagda ýagyş ýagýar, başyňy galdyr ýaly däl. Eşeklerem bir ädim ätmänkä, taýşyp durlar. Onsoň bizem birden sil geläýmesin diýdik-de, ýyganjalarmyzy hem alman gaýtdyk. Ýagyş kiparlasa, soň gelip äkideris diýdik. -- Şeý diý-ä. Özüňiz-ä indi kiçi-kirimem däl, on iki ýaşadyňyz. Boş gelmän, azajyk ýowşandyr jagrama getirende-de bordy. Ejeň tamdyr towusy gutarypdy. Sizi görenler näme diyendir? Bärig-ä birki sapar şypyr-şypyr etdi-de goýaýdy. Şeýle bolanda, könelerimiz dagda keýikler guzlaýandyr diýýädiler. Onýança Sadap ogluny gördi-de, onuň eşekden düşerine mähetdel, oňa bakan ylgady. -- Balam, sag-amanja geldiňmi, guzym? Wah, men diýdim-ä, oguljygym ezilendir diýip. Ony nähak iberdiň diýdim-ä. Gel hany, gel, men seň eşikleňňi çalşyraýyn. Bolmasa, ötle borsuň. Ýör öýe, bahym bol. Wah, eneň gurasyn balam. Şeýle boljagyny bilibem durdum-la. -- Goýsana sesiňi. Näme bolanmyş, gaýta ol hiç zatsyz boşja gelipdir-ä. -- Boş gelse gowy edipdir. Agylda öten ýyldan galan kerkawdyr arçalarymyzam bar entek. Şolaň özem birküç ýyla ýetjek. Ýumruk ýaly oglana haýpyň gelenokmy seň? Balajygym, muňa serediň-ä, bir gysym bolup galaýypdyr-a. Sadap Daýhany öýe alyp girende, Kömegiň soňky sözlerini eşitmedem. “Ýeri, ýagyş ýagdy bahanasy bilen odunsyz gaýdyp geläýmek bormy? Utananogam, ýigit çykypdyr”. Kakasynyň gyjytly sözlerine Daýhanyň damaryndaky gan gozgalaň bilen akdy… Daýhan öýe gelensoň eşigini çalşyryndy. Ýöne bu ýagşyň onuň ýadyna salan döwri her niçigem bolsa häzirkisinden gowudy. Ata-enäň ýanyňda mahaly aladaň ýokdy, käte iýip-içmäge-de ýaltalyk edilýärdi. “Oglum, gel naharyň taýyn, oglum gel garban”. Ine, Daýhanyň ejesinden bar eşidýäni. Kakasy-ha her näçe gaharlansa-da, onuň soňy ýokdy, birsalymdan ýene-de ylla zat bolmadyk ýaly, ala-ýazdy. Şol gezegem şeýle boldy, gaýdyp odun barada dil ýarmady. Uzakly gije ýagyş ýagdy, dereler dolup sil geldi. Ertesi ähli adamlar ýaly olaram jem bolup, siliň getiren jagramasyny çöplediler. x x x Şol günler Daýhanlarda-da, jigisiniň bolýan çagalar öýünde-de, asyl hiç ýerde-de mezillik ýokdy. Il-gün agyr gündedi. Ir ertirden tä iňrik garalýança kolhoz meýdanynda günlerini ötürýärdiler. Açlykdan ölýänler hem bardy. Keselçiligem üstesinedi. Şeýle hor-homsy ýaşalyp ýörlen günleriň birinde Daýhanyň mekdebine Gözel geldi. Ol Daýhana duşansoň uly ses edip aglady. Daýhan ony gujaklap oturyşyna sorady: -- Jigim, näm boldy saňa? Kim seň göwnüňe degdi? Gözeliň horkuldysy hasam güýjedi. -- Beýdip kösemesene Gözel. Hany aýt, näme boldy, bahym bol! Gözel demi-demine ýetmän horkuldap durşuna, horja ýüzüne düşen saçlaryna-da ünş bermän: -- Mugallymymyz, ähli okuwçylaryň öňünde “sen dönügiň gyzy ekeniň, dokumendiňde hut şeýle ýazylan” diýdi. Meni okuwçylaryň ýanynda kemsitdi. Indi meniň o ýerde okasym gelenok. – Gözeliň gözlerinden akan ýaş ýaňagyndan syrygyp, düwmelenip gaýtdy. Ol doganyna arzyny aýdansoňam, kemiş-kemiş aglady. -- Sen ony maňa görkezermiň? -- Kimi? -- Şol mugallymy. Ol häzir nirede? – Daýhan gazaplandy. -- Sapakda… x x x Daýhan Gurtgeldi bilen hat alşybam otyrdy. Soňky ýagdaý welin olaryň gatnaşygynyň arasyny çürt-kesik kesdi oturyberdi… Daýhany çägalar kolonnasyndan getirip uly ýaşlylaryň türmesine dykanlarynda, ony kamerada özi ýaly ýigitler garşylady. -- Salam oglanlar! – diýdi-de, Daýhan jaýa giren dessine içerde oturanlara taňry salamyny berdi. Soňam salamyny alarlaryna mähetdel, otagyň burçunda goýlan suwly bedreden bir kürüşgäni dolduryp başyna çekdi. Iki-ýeke salamyny alan boldy diýäýmeseň, adamlaň köpüsi agyzlaryna suw alan ýaly, täze geleniň öz öýüne gelen ýaly arkaýynlygyna haýran galyp, dymyşyp otyrdylar. Onuň ýanyna garaýagyz çepiksizje oglan gelip, onuň bilen iki elini uzadyp görüşdi. -- Aýup Hezret ogly. -- Daýhan bi ýigidiň elini mäkäm gysdy-da: -- Maňa Daýhan, Daýhan Kömekow diýýärler – diýdi. Birsellem hiç kesden ses-seda çykmady. -- Daýhan! – Törde oturan murtlak pyýada öz adyny tutanda, ol adam özüni tanaýandyr öýtdi. Ýöne ol nätanyşdy. – Gowy adyň-a bar ekeni halypa. Özüň nireden borsuň? -- Çagalar kolonnasyndan. -- Baý-bow, öňem türmäň adamy diýsene. Ýaşyň ýetendir-dä, bärik ýollapdyrlar. Ýöne men o hakda soramandym. Aslyň nireli diýdim. -- Aslymmy, aslym-a garrygalaly. -- Eý-ho, sen-ä oňaraýdyň muny. Men bilen zempoş ekeniň-dä! -- Şeýlemi? Sizem Garrygaladanmy? -- Hawa, Garrygaladan. Posýolok merkezinden, tirämizem gökleň, a sen? -- Ýokary Sumbardan. Könekesir obasyndan. -- Onda sen nohurly bolmaly. Ýeri onsoň, sen çagalar kolonnasyna nädip düşüp ýörsüň? Daýhanlara kömek berip, ýer agdaryp ýörseň bolmadymy? Muňa oturanlaryň arasynda hykyr-hykyr gülenlerem tapyldy. Daýhan welin ona şol bir parahatlygy bilen jogap berdi. -- Wah, daýhançylygymy edibem ýördüm-le welin, bir Ärmämmediň garnyndan gapy açmaly bolaýdy-da! Şondan soň hiç kes geplemedi. Daýhanyň bu ýere ne sebäpden düşenini hemmeler onuň öz agzyndan eşitdiler. Hemmeden ejiz, birki günlükde getirilen, gelen günündenem gözüniň ody alnan garaýagyz Aýup özune arka tapynan ýaly Daýhana buýsançly seretdi. Soňam ol öz dilinde gürledi. -- Ti padomny çamy. Daýhan onuň görkezen ýerine geçip oturdy. Onýança hälki kakabaş ýigit Aýubyň üstüne herreldi. -- Eý, sen, kirli buluç, men saňa aýtdym-a öz diliňde agzyňa gelenini samrama diýip. Gürleseň türkmençe gürle, bolmasa lal bolup otur. -- Sem bol, eý geroý, men saňa aýdýan. – Daýhan oňa bir alarylyp seretdi, buluç diline düşünmese-de, onuň sözlerinden geçip otur diýen manyny alypdy. Oturanlar bir-ä Daýhanyň ýüzüne seretdiler, birem Aýubyň. Daýhan ýüzünem galdyrmady, ýöne jaýlaşykly oturdy. Şol günüň ertesem ýakasy açyk, gözleriniň içi nar ýaly gyp-gyzyl, çalgyrt gepleýän, garaýagyzdan arryk bir adam onuň ýanyna geldi. Ol goltuk jübüsinden nas kädisini çykaryp, ony Daýhana güjeňleýän ýaly etdi. -- Nas atjakmy, şepe? Daýhan sähelçe dikelibräk oturyp gepledi. -- Ýok, gardaş, hödür-keremiňiz üçin sag boluň. Men nas atamok – diýdi. -- Atmanda näme, ýoldaş bolaýmalydyň-da, aý bolýa-da – diydi-de, kädisiniň dykysyny aýryp,dişlerine tyrkyldatdy.Soňam: -- Neme, bizin ile düşüpsiňizle. Ba-gyş-laweriň, a-agzym na-a-sly boo-lansoň…– diýip, wazzyk-wuzzuk edip gürledi. -- Onuň aýby yok. Ýöne bu uzak bir taryh. -- Uzagy gerek däl, bir sözde aýt-da gutar. -- Bir sözde aýtsam, öten ýyl bir näkesi pyçakladym. Ol gyz jigimiň göwnüne degipdir, oňa “sen dönügiň çagasy” diýipdir. -- Oňaraýypsyň, öldi dälmi? -- Öldi-le. -- Öldüren bolsan gowy edipsiň. Duşmanyňdan dynypjyk ymyklyja gelen bolsaň bolýar. – Ol beýlesine öwrüldi-de, jytyladyp tüýkürdi. – Olar ýaly nejise geregem şoldur-la. Menem bir kişini gümledimle. Şoň üçin jahyllyk döwrümi şu ýerde geçirmeli boldum. Men oňa birjigem ökünemok. Aslynda men namysjaň kişileri gowy görýän. Öýlendiňmi? -- Ýok. -- Onda sen bagtly adam ekenin. -- Men-ä olardan üçüsinem aldym. Sulhumyz alşany bolmady. Üçüsinem heniz çäga-çuga basmanka, atasy öýüne ugratdym. Ine, ýöne soňky gezek öýlenemde welin… Ýatlasam kükregim ot alyberýä. Men ony söýübem, telim wagtlap yzyna düşübem alypdym. Onda-da men ony içgin tanaman ekenim.Ahyram ony ikiliginiň üstünde tutdum. Şol ýeriň özünde, ýanynyň oýnaşy bilen bilelikde… bir-biriniň gözüniň alnynda ejir baryny görkezip, barybam milisiýa habar berdim. Ynan, öz aýagym bilen bardym. Göz öňüne getirip bir gör, elim pyçakly, üst-başym gara gan. “Men adam öldürdim, iki sany aşyk-magşugy bakyýa ugratdym. Meni tussag ediň, kerçim-kerçim ediň, nätseňiz şeýdiň, arymy aldym. “Arym köýenden imanym köýsün” etdim” diýdim. On bäş ýyl kesdiler. Men oňa gynanamok. Meň gynanýan zadym şol ganjyk… ölmän galypdyr diýýä. Daýhan bu ýagdaýy gürrüň bermegiň juda kyn düşýändigini aňýardy. Ýöne ol dem alman, asyl özüne dertdeş gözläp, suwsap giden daragt ýaly, içini dökmäge howlugýardy. Daýhan bu zatlaryň bir özüne nämüçin gürrüň berýändigine-de geňirgenip otyrdy. Ony garşydaşy ýüzünden okady. -- Sen diňle, inim. Men ony her kese aýdamok. Sen bir gowy süňňi halal oglan bolansoň, saňa syrymy açaýyn diýdim. Dogrusy ilki-ilkiler o näkesiň hossarlaryndan gelip, türmäň içinde-de maňa azar-ýamanyny bererdiler. Bir gezeg-ä hakyt öldürdim edip taşlabam gidipdirler. Soňky ýyllar welin gara berýän ýok. Ine, şeýle inim, şu ýerde gyşlaýanyma dokuzynjy ýylyň içi bolmaly. Daýhan nätanyş az-kem sözune dyngy berende, sowal bilen ýüzlendi. -- Meň adym Daýhan. Size kim diýýäler? -- Adym Aman, ýöne Aman gandar diýibem lakamym bar. Ol lakamy şuň içindäkiler dakypdyr. Sen heniz ýaş. Soňky döwrüň oglany. Öýlenmedik diýdiň. Öýlenmän dogry edipsiň, sallahlyk müň paý gowudyr. Magtymguly Pyragy diýmänmi: Ýigitlik bir gyzyl güldür, Solaýyn diýseň öýlengin. Ol pygamber ornunda oturan adam, bir zady bilmän aýtmaz. Öýlenmänem şu dünýäň lezzetinden gansa bor. Meniň-ä bi ýalançyda ýeke dikrarym – garryja kakam bar. Gojalan kakam. Ana, şol görgülini garradan men. Her gezekki duşuşyga gelende, ony görüp bir yaşym kemelýä. Ejem görgülem “Oguljygym ölemde tabydymyň bir ujundan göterse-de razy bolardym” diýip, gözi açyk gidipdir. Kakamyň arzuwam şol bir zat. “Çaý demlemek, nahar bişirmek, mallara ot ýygmak… barysyna ýetişmeli. Halys ýaramok. Tizräjik boşap gelsediň oglum, öýerip, gelniň hyzmatyna guwansamdym. Sag-aman boşap gelseň, iliňe-ýurduna, öýüňe-işigiňe eýe dursaň, ölsem armanym ýok” diýýä. Bedibagt horlanýandyr. Daglyk ýeriň gyşyna özüň beletsiň. Yakara odun ýokdur, jagramadyr çöpleme çöpläp gitmelisiň uzaklara. Soňam ony eşegiň bolsa-ha ne ýagşy, bolmasa galyň görgüli, ýüpe daňyp arkasyna alyp gelýändir. Şu gezek gelende maňa näme diýdi diýsene! -- Näme diýdi? Aman gandar gözlerini çälaja ýaşartdy. “Men-ä bir bişen gawun. Haçan sapagym ýolunsa, gidibermelidirin balam. Görjegimi gördüm. Sen ýaşamaly. Ýaşaýyş saňa gerek” diýdi. -- Dogry aýdypdyr kakaň. -- Kakamyň şol gürrüňi meni aýlandyryp goýberen ýaly etdi. Göwnüme ol indi bu ýere gelmejek ýaly bolup dur. Olar birsellem dymyşyp oturdylar. Bir haýukdan soň oňa Daýhan özi barada gürrüň berdi. 11. Heý-de ýurtda uruş gider-de, olam adamzada pida getirmezmi? Her oba iki-ýeke maýyp-müjrüp gelýänlerem bardy welin, el ýaly hat alyp, matam tutup duran maşgalalaryň sany has-da köpelipdi. Özüni türmäň duşuşyk jaýyna çagyranlarynda Daýhan yzyndan kimiň gelendiginem çaklamandy. Öňünde ýylgyryp duran oslanmadyk adamy görüp, begenjinden ýaňa aglapdy. - Agam jan!!! -- Inim!!! Olar gujaklaşyp esli oturdylar. Ilk-ä ikisem mertdi olaryň. Birdenem Daýhanyň gözleri Gurtgeldiniň ýeňsiz goluna düşdi. -- Agam jan – diyip, täzeden gujaklady. -- Mert bol, inim. Ýüzlerçe adamlaryň, gül ýüzli ýigitlerin ömri kül boldy. Hudaýa şükür, çöregimiň bitin ýeri bar ekeni. Gaýdyp geldim. Sen welin… Sen özüňden habar ber? Nädip türmä düşüp ýörsüň? Hawa, agam, meňkem şeýle boldy. Sen aýdanyňy etmelidim. Geçeni geçdi bilip, ýaşap ýören bolsam, belki türmä-de düşmezdim. Ýaşlyk edipdurin, soň eden işimiň telekdigine düşündimem-le. Giç boldy. Ýeri, ol gyzmalyk edende-de, sen sowukganlyrak bolaý-da! Gulagynyň düýbüne birkini sugşuryp goýberende-de bolup dur. Ýeri, pyçaklamak nämäňe gerek boldy?! Halys degnama degendir-dä! Jenaýat etmedik bolsadym menem urşa alardylar. -- Sen maňa dogryňy aýt, şo gezek näme boldy? Ony men biläýmeli. -- Aý, hemmesem Gözelden boldy-da. Nämemişin, oňa bir mugallym “Seň kakan halk duşmany, sen dönügin çagasy ekeniň” diýipdir. Ol dessine meň ýanyma aglap geldi. Menem men-dä, “Hany, görkez şol mugallymy” diýdim. Gaharym şuna ýetdi-dä! – Daýhan elini bokurdagyna ýetirdi. – Hiç kimden rugsadam almadym, elim hanjarly eňdim üstüne. Görsem, ol juda daýaw adam ekeni. Ýöne näme, men ony gürletmedimem, gymyldara-da maý bermedim. “Sen bize halk duşmanynyň çagasy diýip, öžüňi akja jüýje hasapladyňmy?” diýäge-de ak saplyny onyň çep böwründen sançdym. Pyçagyň giren ýerinden akan gan uly göwre şalkyldap ýykylansoňam diňmedi, akdy durdy. Özümem gaçmadym, asla ýerimdenem butnamadym. “Milisiýany çagyryň, men adam öldürdim” diýdim. Аna, оnsoň mеn sаňa-da hаt ýаzyp bilmеdim, nirdе söwеşýänligiňem unutdуm. Gözelеm ýаnyma goýbеrmediler. Uzаk saklаmanam sud еtdiler. “Оwalam hаlk dönüginiň оgly еkeniň” diýdilеr. Garaz, оn ýyl bеrdiler. Вir ýyldan gоwrak çagаlar kоlоnnasynda boldum. Оn sеkiz ýаşym dolаnsoňam , ötеn ýyl ululаň türmеsine – şu yеrik gеçirdiler. Gаlanynam уnha, görüр dursuň. -- Hawa, men seni idäp mekdebe-de bardym, prokuratura-da. Barysyny aýtdylar. Özüňdenem eşitdim. Ýöne sen şeýle iş edersiň öýdüp kelläme-de gelmändi. Gyzmalyk etmeli däl ekeniň. Her näme diýseler-de, siziň kakaňyz halk duşmany däldir. Siziň şuňa düşünmegiňiz gerek. Söweşde dostam gördüm, duşmanam. Bir saý-sebäp bilen kakaň sülçüsi Öwezmyradam gabat geldi, asyl ol meň komandirlik edýän rotama düşdi. O deýus frontdan galjak bolup baý pohuny iýipdir-ä. Onda-da kyrk dördünji ýylda urşa alnypdyr. Menem şonda Kömek aga nädogry sud edilenini ýüzüne basdym. Girere deşik tapmady. Ýigreneni men boldum. Ahyrsoňam “Dili dost – kalby haýyn” diýleni boldy. -- O ýene-de näme oýun çykardy? – Daýhan Gurtgeldiniň sözüni bölse-de, oňa agzyny aňkardyp otyrdy. -- Bir gün duşmanlaryň uly bolmadyk toparynyň üztüne çozmak barada harby buýruk aldyk. Ýerimden turaga-da “ura!” diýip, ýaňy bir ugranymam şoldy welin, ýeňsämden degen ok meni seňsere etdi, gözlerim garaňkyrap, bir gapdala agyp gitdim. Başga zady bilemok. Özüme gelip, gözümi açsam harby gospital. Näçe günläp ýatanym belli däl. Çep golum kesilip aýrylypdyr. -- Men şol ýerde tas ýarym ýyl töweregi ýatypdyryn. Bolan iş hakynda harby komissariata hat ýolladym. Meni atan şol nejisden başga hiç kim bolmaly däldi. Operasiýada tenimden alnan okam öz okumyz bolup çykdy. Onyň atanyna ýoldaşlarymam güwä geçipdir. Arman o nejisi şondan soň gördüm-bildim diýen bolmady. Hatyma-da “Dereksiz ýitipdir” diýip jogap berdiler. Häli öýüne bardym, şeýle hat olaň maşgalasyna-da gelen eken. – Gurtgeldi penjeginiň boş ýerini gysmyljyrap durşuna, uludan ah çekdi. -- Nejis! Haramzada! – Daýhan şundan artyk zat diýmedi, gazaplandy. x x x Gurtgeldi akyl taýdan zeper ýeten adamlaryň hassahanasyna Daýhanyň haýýşy bilen gelipdi. Ol bu ýere gelmeginiň düýp sebäbini aýdanda, baş lukman äýnegini eline aldy-da, gözlerini gyrp-gyrp etdi, soň ol ýene-de äýnegini dakyndy. -- Hawa, inim. Bizde şeýle näsag bar. Ol bize baryp otuz dokuzyň ahyrynda aýallaň türmesinden getirilipdi. Indem ýedinji ýylyň içidir şu ýerde. Şunça döwür geçse-de häli-häzire çenli onuň yzyndan gelen, ony idän adam bolmandy. Görgüli cagajyk ýaly bolup galypdyr. -- Doktor, men ony görüp bilerinmi? -- Sen ol aýaly nireden tanaýaň? Sülçi bolsaň oň nämüçin türmä düşenini sen bilmel-ä. -- Elbetde, bilýän. Bu uzak taryh. Mundan sekiz ýyl ozal şu maşgalany hemem onuň adamsyny kolhozyň malyny ogurlan, samanyny otlan diýip basdylar. Hakykatynda welin bularda jinnek ýalyjak günäň ýokdugyna men kepil geçip biljek. Men şol işi derňäbem ýördüm. Ýöne ferma müdiri bilen kolhoz başlygy ikisi dilleşegä-de, meni bu işden gyrahlatdylar duruberdiler. Men nägile bolup merkeze – baş prokuratura-da hat ýollapdym. Arman meniň hatym ýolda ýitirilipdir. Täze sülçi hakyna tutuldymy-nämemi, bar zat tersine çözüldi. Ana, şeýdibem bu är-heleý ikisine sud bolup, ikisem türmä dykyldy. Adamsy pahyr-a bir ýyldan soň… O bendä türmeden gaçdy diýdiler. Men oňa ynanamok. O pahyr gaçma nämişlesin. Garaz gaçypdyr diýdiler-de, myş-myş ýaýratdylar. Öý-işigini bir aý, ýarym aý çemesi garawullanam boldular. Soň ol bütinleý idelmedem. Ol hakykatçy adamdy. Ol öldürilmedik bolsa, ony basdyranlaň özleri ýygnalaýmalydy. Ine, bu maşgalaňam bir ýyldan soň zorluk-süteme döz gelmän akyly üýtgän. Yzynda çülpe ýaly iki sany çagajyklary galypdy. -- Hawa, hawa, şo döwür “bardy-geldi çagalaryndan geläýse, olary duşuşduraýmaň!” diýip bize berk tabşyrylygam berlipdi. Nämemişin, ol suduň karary bilen enelik hukugyndan mahrum edilenmişin. -- Hawa, haramzadalar etjeklerini etdiler. -- Ýetim çagajyklaň soňky ykbaly neneň bolduka? Heý olara eýe duran bolmadymy? -- Olar suduň karary bilen çagalar öýüne tabşyrylmaly edilipdir. Oglanjyk gaçyp, ata-enesini basdyran adamy öldürmäge synanyşypdyr. Şoň üçin ony juda berk düzgün-nyzamly saklanylýan ýere, ýoriteleşdirilen mekdebe geçiripdirler. Häzirki wagtda welin olam türmede. On alty ýaşlaryndaky gyzam çagalar öýünde. -- Ykbal, gör ol kimlere ýowuz daraýar? -- Men ony görüp bilerinmi, doktor? -- Görersiň, görmän näme. Ýöne, barybir, ol adam tanamaz. Onuň gözleriniň nuram öçeňkirläpdir. Kyrk ýaşyndaky aýal bolmaly welin, häli görseň segsene ser uran kempirdir öýdersiň. -- Meňňem ony görmänime sekiz ýyl dagy bolupdyr. Tanamazlygam ahmal. Olar tirkeşip hassahananyň içine girdiler. Telim otaglardan geçip, ahyry aýallaryn palatasynyň deňinde daýandylar. Içerde üç-dört aýal bardy. Olar birek-biregiň arkasyny gaşap, birgeňsi bolşup otyrdylar. -- Ana, şolaň biri siziň gözleýän aýalyňyz bolmaly – diýip, baş lukman Gurtgeldä çiňerildi. Gurtgeldi ol aýallaryň dördüsinem pugta synlady, ýöne olaryň hiç haýsysynam çak edip bilmedi. -- Aýtdym-a tanamarsyňyz diýip. Şo-ol aňyrsyna bakyp oturan seň ýitigiň Sadap bolmaly. Gurtgeldi doktoryň görkezen aýalyny synlap esli durdy. Eger-eger bir mahalky görmegeý, akmeňiz, husnyjemal Sadap gelin-hä däl, eýse oňa çalym edyän zadynam görmedi. Saçlary çuw akdy, ýüz-gözi-de ýygyrtdan dolupdy, bili bükülip, birhaýukdan yerinden turanam bolsa, zoraýakdan ýörjen-ýörjen edýärdi. Gurtgeldi ony görüp hapa boldy. Ol ýene bir gezek bigünä basylan maşgalany şu güne salan adamlara nälet okady. Gözleriniň owasyny ýaşdan püre-pürledi-de, yzyna dolandy. Näsaga niýetläp getiren iýmleriňem şu ýerde galdyryp, baş lukman bilen sagbollaşdy. Ol soň-soňlaram bu ýerde gözi bilen gören zatlary, Sadap ejäniň perişan haly göz öňünden gitmedi, zol-zol içini gepletdi ýördi. “Çagalarynyň düşen gününe dözen däldir. Diri aýralyk, töhmet belasy… Bu zatlar ene ýüregini paralandyr, akylyndan jyda düşürendir”. x x x Olar tussaglar bilen duşuşyk jaýynda sataşdylar. Saglyk-amanlyk soraşdylar, ondan-mundan gümür-ýamyr edişip, esli oturdylar. -- Şu taýda ýolötenli bir buluç ýigidi bar, asyl ol men kör gözlerimi acaýdy. Men köp zatlary bilmeýän ekenim. Ýas ýerinden gelen günüň saç syrylýan däl eken. Eliňi ýuwandan soň silkip guratmaly däldiginem şondan öwrendim, eger şeýtseň, rysgalyňam gidermişin diýýär. Günüň ýaşýan mahallaram ýataýmam bardy, ol diňe hassa adamlara bolýamyşyn. Onsoňam asmanda her adamyň öz ýyldyzy bolup, ol ýogalanda onuň bilen ýyldyzy-da süýnüp gidýämiş diýýä. Bu hakykatdanam şeýle eken. Arada şu ýerde bir ýoldaşymyz ýogaldy. Şol gün agşam onuň ýyldyzynyň süýnüp gidendidgini hakyt Aýup ikimiz gözümiz bilen gördük. Gurtgeldi Daýhanyň berýän gyzykly gürrüňlerini hezil edip diňläp otyrdy. Ol: -- Berekella Daýhan, yrym-ýom kändir. Olary bilmegiň gowy zat. Eger okaryn diýseň, mende orus dilinde yrym-ýomlar barada ýazylan kitaplar bar, getiräýerin. Köp okamak, köp zatlardan habarly bolmak, ol adama hiç mahalam artykmaçlyk etmez. – Gurtgeldi sumkasyndan getiren zatlaryny çykaryşdyryp goýdy. Iki tegelek tamdyr nanydyr gowurma, bir bitin kolbasa hozdur kişmiş, üzüm… -- Meniň kem zadym ýok. Özüňiz aýlanyp dursaňyz bolýar. -- Esasy zat şu ýerden sag-aman, sagdyn pikirli, etmişine ökünýän, geljegine umyt bilen garaýan adam bolup çykmagyňda. Olam seniň özüňe, mundan beýläk özüňi alyp barşyňa, dost-ýaryň bilen gatnaşygyňa bagly. Ýaramaz adamlar bilen ýoldaş bolmazlar, namarda syr bermezler. Türme diýilýän ýer jeza çekilýän, kada-kanunyň berk saklanylýan ýeridir welin, ýöne haýp, kileň sud bolanlar şol bir ýatyp çykanlar bolaýýar. Şoň üçribem aýtjak sözüňi çeýnäp, oýlanyp aýtmagy başarmaly. Oňarsaň il-günüňe ýagşylyk etmeli. Bijaý ýerlerde görünmeli däl. Halal ýaşajak bolmaly. Özüm-ä senden arkaýyn. Tüweleme, indi hemme zada öňküleňden parhly garaýaň. Dünýä garaýşyň, gözýetimiň giň, durmuşa düşünip, ýaşaýşa ymtylýanyňa men şat. Ýene-de bir zada begenýän. Daýhan Gurtgeldini geňläp durmady, sesinem çykarmady.”Nämä begenýäňem” diýmedi. Ýöne ol her gezek ýanyna gelende, uly bir sülçiniň türmäniň içinde jenaýatkär bilen bir otagda mesawy gürrüňler edip oturanyna akyl ýetirip bilmezdi. Şu gezegem ol şeýle pikiriň girdabyna çümüpdi. -- Sen meni diňleýäňmi? – diýip, Daýhany yralamagy ony ukudan oýaran ýaly etdi. -- Hawa, hawa, agam jan, iki gulagym sende. -- Diýseňem-ä bir zadyň gamyna batdyň-la. -- Ýok, ýok, ýöne sen meni dogan saýyp, türmäň içinde-de özüň bilen deň-duş adamlar kimin gürrüňleşip oturyşyňa meň akylym… -- Ine, meniň diýjek bolyänymam, begenýän zadymam şo-da. Men muňa birjigem ökünemok. O mahallar Kömek aganyň işini derňeýärdim men. Ol adam üýtgeşik, juda üýtgeşik adamdy, mähirlidi, sadady. Gürlände-de sypaýydy. “Çagajyklaňňa kömelek äkit, limon äkit” diýip özi tussaglykda oturanam bolsa, pahyr hödür-kerem ederdi. Özem birentekler ýaly dil ujundan aýdanokdy, onuň gara çynydy, Göwni açykdy, gepiniň iki çykjak gümany ýokdy. “Para-peşgeş diýip düşünme, inim, goý meni bassynlar, bigünä basylmaýan barmy, ýazgytdan çykyp bolmaz, ol adamyň maňlaýyna ýazylgydyr, sen ýöne, çekinme-de, bar ýyg, äkit. Barsaň, çagalaň özlerem ýygyp berer. Kömelek iýen etsiremez, şumat onuň ýygnalaýmaly wagtam bolandyr” diýipdi. Dogrusy men Kömek aganyn ýüreginden syzdyryp aydýanyna ynansam-da, gep-gürrüňlerden çekinip o zatlardan almaga elim baranokdy, ýogsam o zatlar şäher ýerinde puluň öýüdi. Wah, o bendäň günäsi ýokdy, kagyz ýaly ap-ak ýüregi bardy oň. O deýus, soňky gelen sülçi, bigünä ejeňe, kakaňa bir-ä iş kesen, beterem, obadan gaýtmanka kömelekdir limonlaryň soňuna sogan ekipdir. Ol eder, ol şeýle zalym adamdy. Ýöne näme, döwür şeýle adamlary göterýän döwürdi. Olar hemme zatda öňdedi, diýeni diýen, aýdany aýdan yerde, siýdigi degirmen aýlaýar diýilýänlerdendi. -- Sen maňa şol adam barada ozal aýdan bolsadyň… -- Hawa, näderdiň? -- Ýeriň teyinde bolsa-da tapardym. -- Baý-ow, ýigid-ä gürled-ow.Ana, seň ýetmez ýeriň, ana, seň adam gepine gulak asmazlygyň, kakabaşlygyň. Aýdyp otyryn-a uruşda dereksiz ýitdi diýip. Ol iru-giç pälinden tapmalydy. Allatagala hemmesini görüp durandyr. Daýhan, bilip goý, sen erkek kişisiň. Söz berdiňmi, sözüňde-de tapylmalysyň. Şol haramzada duşaýanda-da oňa el götermeli dälsiň. Kakana menzemeli, sowukganlyrak bolmaly, geçeni geçdi bilmeli. Haýp, ony diňe sen däl, käte-käteler ony meň özümem başaramok. Dogry, şeýle sütem-zorlugy başyna salan, aşyňa awy gatan adamy unutmak bolmaz, ony unudan adamdan ho-ol çölde öz peýwagtyna otlap ýören malam belki parhlyrakdyr. Şol näkesi näler ýatlamaýyn diýsemem hiýç bolanok, ol diňe bir siziň däl, siziň ýaly onlarça maşgalany dagatdy, ony bigünä dökülen gözýaşlar tutaýmalydy. Kakaňam kysmatyndan görsün. “Är ýeňilse gola düşer, guş ýeňilse tora” diýilmänmi. Indi nätseňem o günleri gaýtaryp getirmersiň. Gury jenaýat edeniň galar. Yeke tabak boljak bolmazlar, inim. Daýhany sowuk der basdy. O gün dälmidi, gaýdyp jenaýata baş urmajagy hakda Gurtgeldini ynandyryp oturany. O gün dälmidi, özüniň ar almakçy bolýandygyny aydanynda, “Gurtgeldiden dagy-duwara seni idemerin, şu päliňden gaýtmasaň, saňa menden dogan bolan ýok” diýen jogaby eşideni. -- Onsoňam indi sen gamlanmaly dälsiň – diýip, Gurtgeldi Daýhanyň ýüzüne nazaryny dikdi. – Ensalla, ähli zat gowulyk bolar, saglyk bolsa beglik bor. Garrylarymyz ýöne ýerden aýdanaoklar-a bir gepi. “Demri nem çüýreder, ynsany gam”. Dert ýuregiňi tike-tike edýär, ony biz göre-göre gelýäris. Meniň senden ýaşymam uly, tejribämem köp. Şonuň üçin, mümkin boldugyça şadyýanrak boljak bolmaly, aç gezseňem dok görünjek bolmaly. Ine, bu zulumdan üstün çykmagyň ýeke-täk adalatly, dogry çykalgasy. Diňe şony başaran günüň sen ýaşaýşa ukyply ynsan. Diňe şondan soň sen maşgala barada, öý-işik barada, çaga-çuga barada oýlanyp bilersiň. Gaýga batyp bitirjek işiň bolmaz inim. Sen heniz ýaş, görjegiň öňüňde. “Bir günki gamyň oýan ýerini ýüz günki şatlyk doldurmaz” diýleni hakdyr bilseň. Daýhan Gurtgeldi bilen gürleşip durka-da, onuň ýanynda gaýdyp ar almak sözüni agzyna almazlyk barada ant içende-de, onuň bilen gujaklaşyp, sagbollaşyp aýrylyşanda-da, Gurtgeldiniň “Bir günki gamyň oýan ýerini ýüz günki şatlyk doldurmaz” diýen sözlerini ýatlady durdy. Ol soň-soňlaram bu hakynda kän oýlanyp gezdi. Oýlandygyça-da ony gaýgy-gam basýan ýaly, Gurtgeldä beren sözune biwepalyk etjek ýaly boldy durdy. Ýüzüni görenden halyny sorabermelidi. Oňa nämedir bir zadyň bolandygyny ilki bolup ýakyn dosty Aýup aňdy. Elbetde, nobatdaky duşuşykda ýene-de kimdir bir hossarynyň ýogalandygyny oňa aýdandyrlar. O gezegem şeýle boldy ahyryn. Döwlet Gurbanmyrat ogly diýilýän obadaşynyň ýogalandygyny eşidip, uzak gijeläp gözlerine uky gelmändi. Irkilen çagynda-da Döwlet mugallym göz öňüme gelýär diýdi durdy. Zähmet sapagyndan ders berýän bu mugallym Daýhanyň iki ýyllap klas ýolbaşçysy bolupdy. Özem hakyt elinden dür dökülýän adam diýilýänlerdendi. Onuň kakasam iliň-günüň alkyşyny alýan, degirmeniň kilwanymyşyn. Döwlet mugallymyň il arasynda-da abraýynyň uludygyny Daýhan-a otursa-tursa ýatlap ýör. Hasam ol merhumlaň baş agajyny ýasamakda, sünnäläp, oňa birenaýy bezeg salmakda ussat adamdy. Hawa-da atam pahyryň “Dünýe bäş günlükdir oglum, onuň ýaz gününiň kölegesiçe-de eglenerligi ýokdur” diýen sözleri şu günki ýaly ýadymda. Oňa menem, Daýhanam, her kesçe düşünýäsem welin… Aýup hernäçe oýlansa-da dostuna näme bolanyny bilip bilmedi. Bolsa-da parhanküşlüge saldy: -- Ýer-ow, dostjan, häli ir bilenem keýplijediň, saňa ne döw çaldy? Ýeri, sendäki apa-sapalyk nirä sumat boldy, eýgilikmi? – diýip, onuň egnine kakdy. Soňam yzyny üzmän kyhha-kyhha üsgürindi. Daýhanyň gahar duýgusy bireýýämler sabapdy. Aslynda ol nämä gaharlansyn, bu günem ol hemişeki bolşudy. Ol: -- Näme bolsun, gardaş. Gurtgeldi geldi, sülçimiz. Oduk-budugam getiripdir. -- Saglyk diýýä dälmi, aňry – diýip, gözlerini ybyl-ybyl etdi. -- Saglyk diýýä, ýör indi senem gultunyp oturma-da, o zatlardan nesip etdiginden bileje iýeli. Onsuzam hor düşüpsiň sen, saňa-da gyşdan çykma gereg-ä. -- Şon-a bildiň-aý. – Aýup lakyr-lakyr güldi. -- Düýn seňňem-ä keýpiň meňki bolsun diýer ýaly däldi. Ýa-da yzyňdan ujy ýyrtyk hat geldimi, ýa bolmasa düýşüňde dişiň gaçdymy, bilmedim. -- Abara bjao bdaý. Dur şamni saro-jana. Beý diýme gardaş, o zatlardan daş edewersin. -- Sen gowusy şony düşündirsene, hatyň eýesinden ujy ýyrtyk hat gelse-hä düşnükli, ol adamyň bir bela-betere ýoluganynyň alamaty diýipdiň. Ýöne ynha, düýşüňde dişiň gaçsa näme bolýanyny aýtmadyň. Onsoňam gözüň üstünde çöpjagaz goýmaň näme? Sende-de oýun-a kän. -- Düýşüňde dişiň gaçmagam, saçyň syrylmagam gowy görlenok. Düýşüňe ýüp girse, saňa uzak ýol garaşýär. Ýylan çaksa, it ýarsa, olaram gowy däl diýýäler. Çep gözüň çekse ýagşylyga, sag gözüň çekse ýamanlyga ýorulýany sizde-de bar, bizde-de. Häzir meň sag gözüm çekýär, şoň üçribem ýamanlyk bir bolmabilseýdir diýdim-de, gözümiň üstünde çöpjagaz goýdum. Belko ol çekmesini goýar. Indi düşnükli boldumy? -- Eýse, sen bu zatlara ynanýaňmy? – diýdi-de, Daýhan düşnükli diýmäge mähetdel sorady. -- Ynanmanam duramok. Men şu ýerik düşmänkäm düýş gördüm. Şonda öýümizdäki ýanyp duran çyramyz sönäýipdi-dä. Bä, bu öýüň garaňkydygyny diýibem, hezil edip gülüşýämişim-dä! Onsoň men bu düýşümi ile-güne habar etjek bolup ýyndam ata münýämişim-de, çalýamyşym gamçyny. Şol barmaşa-da atdan tüwdürilip gidýämişim. Ýykylan ýerimem gaty daş eken. Gören düýşümi turan dessime atama aýtdym. Ol düýşi gowy görmedi. “Oglum, seň başyňda bir bela bar, saňa bir näkesden zeper ýetýär, hatyrjem bol!” diýdi. Ana, onsoň görlen düýşe ynanmanam bir gör. Şol wakadan geçse ýedi-sekiz gün geçendir-dä, gelipjik ýygnadylar. -- Aý, ýo-ga? -- Haýran galaýmaly. Asyl öljegini bilýän adam bar-ow, şü ýalançyda. Ynanmarsyň, biziň obada bir hassa kişi ölmezinden owal gonamçylyga baryp, özi üçin iş edinip gabyr gazyp, birkemsiz taýynlap goýupdyr. Üç gündenem amanadyny tabşyrypdyr. -- Bäý-bä. Olar ýolboýy gürrüňe gyzyşyp, nädip ýatakhanalaryna ýetenlerinem duýmadylar. x x x Şol gün tussaglara günortanlyk naharyndan soň az wagtlygam bolsa ýazylganlyk berildi. Edil şo mahalam: -- Aýup, sen maňa öz däbiňiz, dessuryňyz barada gürrüň bersene? – diyip, Daýhan Aýubyň ýanyna geldi. – Bir döwletde ýaşap, birek-biregiň däbini bilmesek gelşiksiz-ä. -- Dogry aýdýaň, Daýhan. – Aýup birmeýdan oýurganyp oturdy. -- Ynha, meselem, sen türkmençäni gowy bilýäň, a men welin seniň diliňden gömük. -- Onuň birgiden sebäbi bar dostum. Men türkmen mekdebini gutardym. Goňşulammyzam kileň türkmendi, çagalykdan bile ösüp-ulaldyk. Onsoň dil öwrenmek bize kyn düşmedi. Sen orus dilinde arassa gepläp dursuň-a. Bulam şolar ýaly bir zat-da. -- Orus dilin-ä mejbur edip diýen ýäly öwretdiler. Siziň däp-dessurlaryňyzam türkmenleriňki ýaly bir zatdyr-da. -- Dogrusyny aýtsam, men-ä şolaryň aýry yeri bardyram öýdemok. Gonamçylykda boldum, ölini jaýlamaga gatnaşdym. Şonda biziňkilerde bir tapawut bar eken. Meselem, biziň buluçlarymyz her iki, üç aýdan merhumyň mazarynyn başyna barýarlar, oňa ayat-töwir okap, mazaryň üstünde bir bölek daş goýup gaýdýarlar. Munuň sebabini atamdan soramda, daşyň goýulmagy şol mazaryň bütinleý ýitip gitmezligi üçin şeýdilýär diýdi. -- Bä, täsin ýeri bar-ow. – Daýhan onun agzyna aňkaryp oturyşyna gepledi. – A meň eşidişim düýbünden tersine, biziň obaly Möwsüm molla “mazar näçe çalt ýitip gitse, şonça-da onuň sogaby uludyr” diýerdi. Şoň üçin ol mazaryň daş-toweregine germew geçirilmegine-de garşydy. -- Onçasyny-ha bilmedim welin, göwnüme bolmasa, ony her molla özüçe düşündiräýýän ýäly. -- Hawa, onsoň biziň hälki gürrüňimiziň dowamy. Bizde aýallar gonamçylyga baranlarynda, ýanlary bilen her hili ir-iýmiş, çörek, gyzzyrma, pişme, bugdaý ýaly zatlary-da äkidýärler. Olary şol ýerde gonamçylyga gelen beýleki adamlar bilen oturyp üýşüp iýýärler. Iýilmän galanlaryny, meselem, bugdaýdyr tüwini mazaryň ýänynda guş-gumrularyň paýy diyip goýup gaýdýarlar. Siziňkilerde welin beýle däp ýok. -- Aýup, sen örän köp zat bilýäň. A men bolsam öz däbimizem bilemok. Seniň ýatkeşligiňe-de telpek goýaýmaly. -- Nesip bolsa, bu ýerden çyksak, uly söze toba, men seni öz dogduk obamyza äkiderin. Sen şonda köp zady öz gözüň bilen görersiň. Iň bärkijesi biziňkileriň yzynda ýaş çagasy galan aýal maşgalanyň nähili yagdaýda jaýlaýanyny bilýäňmi? -- Ýok, wah, men nireden bileýin. -- Ol şeýle. Birki garyş uzynlykdaky agaja mata orap, ony gurjaga meňzedýärler-de, onam şol aýal bilen bile jaýlaýarlar. -- Nämüçin? -- Atam aýdýar, ölem biynjalyk bolman rahat ýatmalydyr, ýogsam ol aýal yzynda galan çagajygyny küýsäp ynjalyksyzlanarmyş diýerdi. -- Bäý-bä, şol-a dogrudanam bolaýjak zat, dogrusy men-ä eşidemokdym. -- Sebäbi beýle zat siziňkilerde ýok. -- Ýigitler, hany, besdir dynç alybildiňiz, işlemeli. Boluň, boluň bahymrak. – Goly gyzyl mata daňylgy adam aňyrdan gelip-gelmänkä gygyrdy. Daýhan bilen Aýup ilki bolup turdular. Daýhan Aýuba ýakyn durup, onuň gulagyna: “Bi gürrüňimize soň ýene-de gaýdyp geleris. Özüňem meň ýanymdan aýrylma. Üruşmagyň tärini kolonnada mazaly öwretdiler. Ýekeje adam saňa barmagyny batyrsa, oň adyna Ärmämmet dakaryn” diýip, pyşyrdady. -- Sag bol, Daýhan! | |
|
√ Ak guwlary atmaň -2: romanyň dowamy - 28.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -19: romanyñ dowamy - 01.11.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap: roman - 24.05.2024 |
√ Dirilik suwy -20: romanyň dowamy - 20.05.2024 |
√ Duman daganda: Baýguşyň rysgy agzyna gelermiş - 10.06.2024 |
√ Duman daganda: Wulkan oýanýar: Kim öler, kim galar?! - 16.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -15: romanyň dowamy - 19.10.2024 |
√ Duman daganda: Nur gözellikde, gözellik köňülde - 14.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -5: romanyň dowamy - 11.07.2024 |
√ Bäşgyzyl -21: romanyň dowamy - 05.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |