16:16 Ýazgyt -4/ romanyñ dowamy | |
12.
Romanlar
Olaryň gürrüňi gijäniň birmahalyna çenli gutarmady. Aýubyň gelni Saperi şu gün üç günlük duşuşykdan soň öýüne gaýdypdy. - Ol bu gün oba ýetendir, ýany bilenem kakamyň ady dakylanjamyzy alyp gelipdir. Tüweleme, ol indi uly ýigit – mekdebe gatnaýar. – Aýup şähdaçykdy. Önuň dostuna gürrüň berere zady kändi. Obada-da bu mahallar jüýje sanalýan döwür diýleni bolmaly. Çagalar gowaça arasyndan çykanoklar diýýä. Hakyt şol ýerde ýatyp galýanam barmyşyn-da. - Beýdip işläp, görjekleri nämekä olaryň? - Häý, dostum, işlemejegem bolup bir gör. Siz tarapda gowaça ekilmänsoň bilýänem dälsiň. Nädersiň, ýygymdan ýekeje minut galdygyň bes, kolhoz başlygydyr oň ýal-ýagylary üstüňe topulyp, hakyt urjaklaram-how olar. Sen işe ýarajakmy, ýokmy? Parhy ýok. Her gün işe çykaýmalysyň. Mekdeplerde-hä üç-dört aýlap okuwam ýatyrylýar. Baryp dekabryň ahyryna çenli pagta meýdanyndan çykanoklar. Özem ir ertirden tä iňrik garalýança, muň otduham ýokdur, beýlekisem. Neresse çagajyklaryň aýaklary şordan ýaňa galoş ýaly gatap gidendir. Suw görmänlerine telim aý bolandyr. Nämemişin, kolhoz pagtasyny plandan artyk dolaýmalymyşyn. Şaperim aýdyp dur-a, elinde bärik gaýtmaga, duşuşyga ygtyýar haty barka-da, “bolmaz” diýip, aýak diräp durmuşyn-a. Demir ýola çenli-hä ulagam ýok diýýä, onda-da görgüli paý-pyýada ýola çykypdyr. --Ýygyma kolhoz başlyklarynyň öz çagalaram şo zeýilli gatnaşýandyr-a? -- Wah, onda bolmajakmy. Mekdepde okuw ýatdygy çagalaryny şähere ugradýarlar, şo taýda-da okadýarlar. Muny bilgeşlän edýärler. Aýallaryny bolsa öýdenem çykaranoklar. Ho-ol ýokardan gelýän barlagçylaryň biş-düşüne ýaraýmasa, munuň üçin aýlyk-günlügem ýazylýar eken olara. -- Horazlaň sesi hemme ýerde-de deň çykýar diýsene. Şolar ýaly haramzada, mugthor ýolbaşçylar bizde-de bardy. Özlerem olaryň hemmejesem kommunistler. Ähli zadam şolardan çykýar. Şol aralykda-da olaryň ýanyna Aman gandar geldi. -- Ýigitler, nämäň gürrüňi-how, kimiň gybaty? Hany ýataňzokmy? -- Biziň ukymyz tutanok. – Oňa ilki bolup Aýup jogap berdi. -- Daýhan, seňem ukyň gelenokmy? -- Aýubyň gürrüňini diňleseň, walla, ýap-ýaňyja kolhoz meýdanyndan gelen ýaly bolaýýaň. Aman gandar ýylgyrdy. -- Aýupdyr-da, buljuň gürrüňi gutarmaz. Aý, onsoňam bu mahal perizady bilen üç günläp döwran suren adamyň keýpi çagdyr – diýdi. – Ýogsa-da Aýup, senden bir zar soraýyn-la. -- Soraň, soraň. -- Ynha aýdaly, ertir seni boşatdylar-da. Onsoň gidişiň gidiş bolarmy ýa-da bizem idärmiň? -- Agzyňdan hudaý eşitsin.Tussaglyk meni halys etdi. Jahyllyk döwrüm şu ýerde ötdi. Şonda-da hudaýdan nägile däl. Kysmatymdan gorýän.Ýazgyda ynanýan. Çykdygym bes, gaýdyp bi ýerlere jenaýat edib-ä gelmerin. Size welin hökman hat ýazaryn, şähere ýolum düşse, belki görme-görşe-de gelerin. -- Ine, munyň bolýa gardaş. Biziň Daýhan ikimiziňem senden tamamyz şeýledir. Esasy zat dostlaňňy unutmasaň bor. – Aman gandar Aýubyň ýüzüne söýünçli seretdi. – Gözlerim süzülip barýar, aýakýoluna baryp gaýtdygym ýorgana sümüljek. Sizem halanyňyzy ediň. Aman gandar gidensoň Aýup gürrüňini ýene-de dowam etdirdi. -- Haýsy gürrüňde galypdyg-a. Hä, obaň ketdeleriniň gürrüňini edýärdik. Asyl bular men kommunist diýäge-de halky depeläp ýörler. Bir eşek ýüki odun getirdiň diýip, tokaý işgäri ummasyz jerime salyp gidýär. Ýöne ketdeler welin gyşlyk üçin oduny maşynlap getirseler-de göz ýumýarlar. Olar-a zat diýmekden-ä geçen, gaýta oduny özleri taýynlap gapysyna getirip, düşürip gidýärler. Olaryň towugyna tok diýýän ýok. Öz elleri, öz ýakalary. Özge adamlar olaryň gaýgysyna-da däl. -- Aýup. – Daýhan gürrüňi başga ýana sowdy. – Ýadyňa düşýämi, kyrk dördünji ýylda Zamir ady bilen belli jenaýatkäriň ýedinji kamerada ýatany. -- Zamir ganhormy? --Hawa, şol Zamir. Ony atuwa äkitmezlerinden sähelçe öň onuň bilen menem az-kem gürrüňdeş bolupdym. Onuň gürrüňini berýän zadyny diňleseň-ä depe saçyň hüžžerip gidýär. Men ony hiç kese aýtman kän wagtlap gezdim. Bir günem uruşdan gaýdyp gelen agam Gurtgeldä gürrüň berdim. Barybir, ol muňa ynanmady. Bolmajak zat diýdi. Ol seni aldandyr diýdi. -- Nämedi onuň gürrüň beren zady? -- Ol aýdypdy, meni ketdeler gijelerine gowy iýdirip-içirýärler, iki-üç sagat türmeden boşadyp, özleri üçin peýdalanýarlar diýdi. Ol şonda birentek adamlaryň atlaryny tutdy. “Bar pylanyny öldürip gaýt” diýýäler diýdi. -- Onsoň olam öldürýämişinmi? -- Gepem şonda-da.”Barybir, seňki atuw” diyýän bolmaklary mümkin, ýa bolmasa oňa “işiňi ýeňlederis, atuwdan alyp galarys” diýip söz berýandirler. Belki-de onuň yzynda galan maşgalasyna ummasyz bir zat söz berilýändir. Garaz, gözenekde ýatan döwrüm dört-bäş adamy pany dünýä ugratdym-a diýýädi. Meniň özüm-ä oňa ynandym. Ol eder, onuň ýanynda adam öldürmek itiň aňsady. Jenaýat işlerem näme, açylandyr am, ýapylandyram. Türmedäkiden bolsa eger-eger pikir etjek adam bolan däldir. “Meni atmazlar, türmeden gaçyrarlar” diýýädi. -- Dogrudanam sen ony kimden görjek? Hany şaýadyň? Tussagdaky adamdan şaýat bormy? Türmede beýle-beýle oýunlar edilýändir diýip, hiç kesiň kellesine-de gelen däldir. -- Ony türmäň ketdeleri edýär diýsene. Olardan her haýsysy çykar. -- Ýogsam näme. -- Aýup, şu gün Gurtgeldi agamdan hat aldym. -- Ol näme ýazýar? -- Sag-aman barypdyrlar, ähli maşgalasy bilen. Kawkaz howasy birneme sowugrak eken. Ýanymda dynç alýan başga-da turkmenler bar diyipdir. Gör-ä ol şol ýerde-de meni, jigimi sorapdyr. Gözeliň şäheriň daşyna durmuşa çykanyndan olam habarly, toýuna-da gatnaşdy. Tüweleme, häzir-ä düşen ýerinden nägile däl. Oňa menem hat ýazdym, janym sag, keýpim kök, bizi gaýgy etmäň, oňat dynç alyň diýdim. -- Seň şol agaň walla, gyzyl ýaly adam-how! Oňa her bir işde-de bil baglasa bolar. -- Ony bize hudaý jan peşgeş berdi. Atadan ýeke diýip ýördüm, indi men özümiň ýekeligimi duýamok. Şu ýerden çykansoňam maňa hossar boljak şol. Şo pille goňşy-golamlaň iti üýrdi, pişikler birgeňsi mawlady. Yzyndanam gara ýel turdy-da çyralar söndi, töweregi gözedürtme garaňkylyk gaplapy. Asyl bi zatlar göz açyp, ýumasy salymda bolup geçdi. Aýup Daýhanyň üstüne agyp gitdi. Daýhan ýerinden turjak boldy, şo demem ýer godukdy. Aýubyň zähresi ýarylan ýaly gygyrdy: “Eý, allam, özüň gowusyny edeweri! Özüň medet ber!”. Aýubyň soňky sözleri hiç kime, hatda ýanyndan turup giden Daýhana-da eşidilmedi. Gulaklary gapylyp, gözleri tozandan dolupdy. Apy-tupan, ene ýer elek ýaly elendi. Jaýlar duran-duran yerinde çökdi. Dumly-duşdan kerpiç barysy iýndi. -- Daýhan, gardaş, ýer yrandy. Bütin şäher ýumruldy. Ýoldaşlarymyza kömek edeliň. Haý diýmän Aýup bilen Daýhan işe girişdi. Sähel salymda ýoldaşlarynyň ençemesini kesegiň aşagyndan alyp çykdylar. Soňy bilen nireden adamyň iňňildisi, nireden hykgyldysy eşidilse, şol ýerini-de gazmaga durdular. Başga-da özleri bilen ýaralylylara kömekleşip ýören iki-ýeke ýoldaşlary bardy. Arman, Daýhanyň soňky süýräp çykaran adamlarynyň ikisinden-de ses-üýn ýokdy. Maýyp-müjrüp bolan kimdir biri boguk sesi bilen gygyrdy: “Oglanlar, näme boldy, uruş turdumy? Bomba ýaryldymy?” Oňa jogap beren bolmady. Onýança bu ýere postda duran esgerler hem ylgaşlap geldiler. Töwerek tüm garaňkydy. Howlyň içindäki ýykylyp-ýumrulan jaýlar durky bilen labyrdap ýanýardy. Tussaglaryň birenteg-ä şo pille bu ýerden baş göteripdi. Ýaraly, maýyp-müjrüp bolanlar bir ýerik üýşürilipdi. Ölen adamlaryň meýitleri başga ýerik goýuldy. Daýhan Aman gandary gözläbem tapmady. “Gaçmal-a däl ol. Şu gün –erte boşajak bolup ýörkäň, gaçmak namartlyk bolmazmy?” -- Aman gandary tapmadym welin, gaçyp dagy edäýdimikä? – diýip, ol içki pikirini Aýuba aýtdy. Aýup onuň ýagdaýyna düşündi, oňa göwünlik bermäge durdy. -- Dostum gamlanma. Gaçsa gaçanam ekeni, ölmese bor. Onsoňam gaçan ýeke ol däl ahyryn. Belki höküwmet olaryň günäsini geçer. -- Belki ol ölendir… -- Ýo-ok, senem-ä, hanha ölenler. Heniz hiç kim hiç ýana äkidilenogam. Iň soňky kesegem-ä galdyryp gördük. -- Aýup , men saňa bir zat diýsem edermiň? -- Elbetde, dost, onuň gürrüňi bolmaz. -- Dälihana baryp gaýdaly-la. O ýerde meň ejem… -- Ýör, ýone biz ýene-de şu ýerik gaýdyp geleris. -- Ýogsam näme, gitdik. Olar bary-ýogy on sekundyň içinde bolan ýer yranmasynyň tutuş Aşgabady ýer bilen ýegsan edendigini gözleri bilen gördüler. Daýhan dälihananyň ýykylyp ýumrulan wagtlaýyn salnan jaýlaryny görüp uludan ah çekdi. Ölen-ýitenler juda köpdi. Olaryň arasyndan Daýhan öz käbesini gözledi, ony tapmansoňam oturyp gözýaş etdi. Aýup: -- Daýhan, sen aglama. Seň ejeň diridir. Ynha görersiň. Olar başga ýerik ugradylandyr. -- Bilmedim-dä, sähelçe gijä galypdyrys. Eýýäm dirilerdenem, ölülerdenem alyp gidiprirler. Olar gamgyn halda türmäň ýerleşýän ýerine gaýdyp geldiler. Ine, şu ýerde-de bütin durky bilen güpürdäp gaýdan türmäň hajathanasyndan Aman gandaryň kellesi mynjyran göwresini çykaran ekenler. Daýhanyň ýarasyna köz basylan ýaly boldy. -- Dogan jan! Daýhanyň uly ses edip aglanyny görüp Aýubyň hem ýuregi ezildi, soňy bilen onuň agysyna olam goşuldy. -- Mert boluň, ýigitler! – diýip, kimdir biri olary köşeşdirmäge durdy. -- Ol maňa gelen günümden hossar çykypdy – diýip, Daýhan bu gürrüňleri Aýuba agy sesi gatyşykly gürrüň berýärdi. – Nädip men aglamaýyn? Onuň menden başga aglajagy ýok. Garry kakasam öten ýyl ölüpdi. Neresse tüýs ýerden ýeke çykan diýilýän oglanlardandy. -- Kysmatynda bardyr neressäň. Giç öýlänler her kim bir ýerik siňdi. Daýhan bilen Aýup nirä gitjegini bilmän delmuryp oturdy. Soňam şäher milisiýasyna gitmeli diýen karara geldiler… Şol aýylganç günüň ertesi Daýhany idäp jigisi Gözel geldi. Giç öýlänler Gurtgeldi bir ýerden çykdy. Olaryň aman galanyna begenip, Allaň edenine müňde bir şükür etdiler. Şol günden başlabam tussaglary şäher ilatyna kömege gelen başga ýurtly gurluşykçylar bilen gije-gündiz ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklarynda işletdiler. Şäheri dikeltmek işine girişdiler. Bir günem Gurtgeldi ýer yrananda Sadap ejäniň hem ýogalandygyny anyklady. Onuň hem Köşä golaý ýerde toparlaýyn mazarda jaýlanandygyny Daýhana habar berdi. Bu habar Daýhanyň ýüregine iňňe bolup sanjyldy… x x x Daýhan öz ýüregindäkisini diňe şäheriň daşyna çykarylandansoň Aýubyň gulagyna pyşyrdapjyk aýtdy. Aýubyň gözleri hanasyndan çykara geldi. Ol Daýhandan beýle zada garaşmandy. Süňk ýuwdan ýaly birbada oňa jogabam berip bilmedi. Ahyram: -- Beýtme dogan – diýdi. -- Men bary-ýogy iki sagat, şondan artyk eglenmen. Köşiň gonamçylygyna baryp, ejemiň gubruna aýlanyp gaýtjak. -- Sen ýene-de ýalňyşýaň. Nämüçin bu barada agaň Gurtgeldi bilen maslahat edeňok. Eger biläýseler… -- Eger biläýseler iş pyrryk. Ýöne men saňa ynanýan, bildirmejek borsuň. “Ol uzak giden däldir, häzir geler, ýaňyja-da bardy” diý-de dur. Men onýança gelerin. Özüň bilýäň-ä, sagat bäşden bäri-hä bizi tükellejek bolup duran adamam ýok. -- Häzir sagat näçe? -- Ýaňy soramda üçden işleýä diýdiler. -- Hm… -- Aýup soň geplemedi. -- Sen gaýrat et, men seň öňüňde söz berýän. Baryp ýetdigim, gaýtmak bilen borun. Gelmesem özüme nämäniň garaşýanynam bilýän. -- Üç ýyl. -- Belki aňmazlar. -- Bilmedim welin, men-ä saňa git diýjek däl. -- Gideýin. Bagtygara käbämiň özüni-hä dirikä görmedim, guburyny bir görüp gaýdaýyn. – Daýhanyň gözleri çyglanyp gitdi. Aýubam hapa boldy. -- Bar onda, ýöne ýetişjek bir bol… Aýup beýle bolaýar öýtmändi. Geçse ýarym sagat çemesi wagt geçendir-dä, kolonnaň naçalnigi geldi-de, tussaglary hatara goýdy. Spisok okady. Ine, şeýdibem Daýhanyň ýoklugy hemmä aýan boldy. “Daýhan tussaglykdan gaçypdyr” habary dessine şähere ýyldyrym çaltlygynda ýaýrady. Onuň dogduk obasyna-da habar ýollandy. Haýp, ony gördüm-bildim diýen bolmady. Aýubyň häzir geler, şindi gelerine-de gulak asylmady. Giçlik, sagat altylar töweregidi. Türmä Daýhanyň özi geldi. Bu ýerde duran garawul hamana gaçgagy bir ýerlerden özi tutup getiren ýaly ony telim gezek ýepbekledi, içine-içine depdi. “Ýene-de gaçarmyň?” diýäge-de, Daýhanyň çem gelen ýerine ýumruk saldy. Ony içerde-de urup keýpden çykdylar. Daýhnyň perişan halyny gören Aýup onuň ýanyna gelip oturdy. -- Zyýany ýok, ýumruk ýarasy biter, esasy zat ejem janyň guburyny görüp gaýtdym. Heniz gumam guramandyr käbämiň. -- Ýatan ýeri ýagty bolsun. Iman baýlygyny bersin, hudaýym. Daýhan gan gatyşykly jytyladyp tüýkürdi. x x x -- Kömekow Daýhan, duşuşyk jaýyna barmaly! Nobatçynyň gulagyňy deşip barýan sesini ilki bolup Aýup eşitdi. -- Daýhan, seň yzyňdan kimdir bir-ä gelipdir. -- Hawa Aýup, ol gelen Gurtgeldi agamdyr. – Daýhan gapa bakan ugrady. Olar tussaglaň duşuşyk jaýynda sowuk-sala salamlaşdylar. Ikisem birsellem geplemän oturdy. Daýhanyň ýüz-gözündäki tegmillerdir ýumruk yzlary mese-mälim bildirip durdy. Çekgeleri sypyrylypdy, ýüzi salykdy. -- Görýän welin, meniň saňa ýyllar boýy beren ündewim-pendim püçege çykdy oturyberdi. – Gurtgeldi pessaýlap, sowukganlylyk bilen gepledi. – Sen meniň ähli azabymy weýran etdiň. Men seniň hakyky erkek adam bolup, şu ýerden çaltrak çykmagyň üçin alada etdim. Şoň üçribem göz-gulak bolup, saňa dogan bolup ýörün. Sen bolsaň her gezek meň ýüzümi gara edýäň. Daýhan: -- Bagyşla, agam jan. Beýle bolaýaram öýtmedim. Bagtygara käbämiň mazaryny bir görüp gaýdaýyn diýdim, gördümem. Wah, barmasyna-ha bardymam welin, gaýdyşyn ulag bolmady, paý-pyýadalap gelýänçäm, eglenäýdim-dä! – diýip, zordan gürledi. Soňam çöküne düşüp aglamaga durdy. Gurtgeldi ony goltugyna girip, ýerinden turuzdy. -- Tur ýeriňden. “Soňky tüýkülik sakal ezmez”. Puşmandan peýda ýok. Olar şondan soňam birmeýdan dymyşyp oturdylar. Ara düşen böwşeňligi Gurtgeldi bozdy. -- Indi meni diňle. – Ol barmagyny büküp gürledi. – Birinjiden-ä türmeden gaçanyň üçin üç ýyl öňkiň üstüne münýär. Ikinjidenem… ikinjidenem, saňa ýüklenilýän başga-da bir günä bar. -- O nämäň günäsi agam? -- Häzir aýdaýyn. Bu maglumatlar prokuraturada bar. Seniň türmeden gaçan günüň obaňyzda Atalyk ýogalypdyr. Ol öz janyna kast eden bolmagam ahmal. Heniz-ä nämeden ölendigi anyklanylmandyr. Hamala sen Atalygy öldürmek üçin türmeden gaçanmyşyň. -- Men… -- Bilýän, bu işde seniň günäň ýok. Sen bary-ýogy üç sagat töweregi azatlykda bolupsyň. Atalygyň ýaşan obasy bolsa şu ýerden paýtun bilen gideňde, ýarym günlük ýol. -- Atlygyň öleni-hä gowy bolupdyr welin, arman ol meniň elimden ölmändir. -- Eýse, seň ýene-de adam öldürmek hyýalyň barmydy? -- Ýok-la, men beý diýjek bolamok, ýöne Atalygyň bize ýetiren zyýanyny sen bilýäň-ä. Men ony birmahal taňra tabşyrdym. Gaýdyp jenaýat etmejekdigime-de seň öňüňde söz berdim. -- Eýse, türmeden gaçmak jenaýat dälmi? Sen kime ýamanlyk etdiň? Ýa-da sen bütin ömrüňi şu ýerde geçirmekçi bolýaňmy? Bilseň saňa-da türmäň ýuwundysyndan irere çen boldy. -- Gaçmak küýümde-de ýokdy. Gaçmakçy bolsamdym, ýer titrände türmäň jaýlary ýykylyp ýumruldy. Ölen-ä öldi, diri galan tussaglaryňam köpüsi öýly-öýüne gaçyp gitdiler. Olar bize-de “gaçalyň” diýdiler. Biz welin, Aýup ikimiz hiç ýerigem butnamadyk. Gaçanlary-ha idänem bolmady. Eýsem gaçmaklyk namartlyk dälmi? Kesegiň astynda galanlary gazyp aldyk. Halas edenlerimiz köp boldy. Soňam göni milisiýa bardyk. “Biziň ýene-de bäş ýyl möhletimiz bar, biz indi näme etmeli?” diýip, baramyzsoň, bize eýe durdular. -- Bu zatlar barada maňa öňem gürrüň beripdiň. Me, şu torbany al, gelnejeň taýynlan zatlary. Ötägit. Görüşýänçäk sag bol. -- O gün Gözellerem gelip gitdi. -- Neneň olar, aman-esenmi? -- Şol aýylganç günde onuň adamsynyň bilinden pürs gaçypdyr eken, galyp bilenok diýýä. -- Bolmandyr, demine degmese bor. Bolýa, görüşýänçäk sag bol. -- Hoş agam! 13. Ferma müdiri Atalygyň tarpa-taýyn ýogalandygyny eşidende, Gadyr çopanyň aýalynyň ýüregi agzyndan çykara gelipdi.Ol köne bürenjegini başyna atdy-da ýas ýerine ýumlukdy. Özi ýaly bürenjekli aýallaryň kowçumyna goşulyp, ýüzüni aşak salyp oturyşyna, uly sesi bilen uwlady. Onuň sesine öýüň içini hyryn-dykyn dolduryp oturan aýallaram, goňşy jaýdaky erkeklerem äm-säm boldy. “Kimkänaýt bi gelen, merhumyň haýsy hossaryka?” diýşip hümürdediler, olaryň arasynda kimdir biri-hä muny hakyt hemmelere eşitdiribrägem sorady. Owalky aglaşyp oturanlaram dynçlyk yglan eden ýaly seslerini tapba kesdiler. Ahyrynda bu gözýaş dökýäniň Solmazdygyny aňansoňlar her kim bir ýan bakdy… Şol gün agşam Solmazyň adamsyna garaşyp gözlerine uky gelmedi.Edil bilgeşlän edilen ýaly şol gezek Gadyr çopan hem il ýatyp, it uklanda geldi. Aýalynyň özüne garaşyp ýatman durar öýdübä kellesine-de getirmändi. Gaýta ony oýarmazlykdan gowusy ýok diýip oýlanypdy. Görse aýaly ýatman oturan eken. -- Bu nämäň ahwalaty kempir? Ukyň tutanokmy? Solmaz welin başga hörpden tutdy. Ol adamsynyň üstüne çöwjäberdi: -- Näme kän garaşdyrýaň? Ir gelerin diýen bolup, ýarygije gelýäň. Utanaňokmy, ýalan sözlemäge. Utanjam bir gowy zat-la gyz. Beýle-de bir mal yzynda selpeme bormy? Seňňem öýüň, seňňem tünegiň bar ahyryn. Iliň ärleri-hä Gün batdygy aýallarynyň ýänyndan aýrylanok. Şü kolhozdan görjegiň näme? -- Be, be, saňa nä döw çalyp ýör? Sen nämüçin ýatmansyň? Ýeri men ir geldim, giç geldim saňa nä, mundan öň-ä parhyny bilmezdiň. -- Haçan gelseň şonda gelsene, seni görjek bolub-a ukudan galamok. Ömürboýy üst-başyňdan mal ysy kaňkap duran adamsyň-da. Ýöne möhüm bir iş çykansoň…garaşaýdym.–Ol gözlerini owkalaşdyryp durka gepledi. -- Durla, durla, o nämäň möhüm işi? -- Hany ilki bir çykaryn, hyrhalaryňy aýyr, ýok et jindäňi. Derwüşleň geýnişi ýaly geýinýäň. Gadyr çopan çykaryndy, çalak-çulak ýuwundy-da düşegine geçdi. -- Garbanjak dälmi? -- Ýok, hany aýt, nämäň işi? -- Atalyk ýogaldy. Ony-ha eşidensiň. -- Hawa, hawa, bendäň uzyn köýnekli görse jany ýokdy. Seň bilenem birmahallar hyşy-wyşysy bardy. Hawa, hawa, men ony aňýardym. -- Goýsana oglan, ýöne pahyr gowy adamdy. Saňa-da baş çopanlygy ynanan şo dalmidi näme. -- Şumydy aýtjak zadyň. Men-ä ýatjak, ukym gelýä. -- Sen maňa gulak as, men saňa baryny gürrüň bereýin, soňundan nähili hereket etmeli, ol seň öz işiň. Atalyk bir gürrüňinde soňky alan melleginde lagly-merjenden doly bir hum küýze gömülgi diýýärdi. -- Aý, ýo-ga? -- Walla, çynym, men muny hut öz agzyndan eşitdim. -- Ol nireden tapanmyşyn? -- Garyndaşlary serhetden aşanlarynda gömüp gidipdirler. Ýene-de dolanarys öýdüpdirler. Ondan bäri on ýyl töweregi wagt geçenem bolsa, gazyp almandyr. O hazyna pahyryň özüne-de nesip etmedi. -- Näme etsek diýýäň? -- Şol hazynaly humdan oň hossarlarynyň habary bolmaly däl. Aslynda onda oňly hossaram ýok. Ogul-gyzam ýog-a oň, men onuň barlygyna, gömülgi ýatanlygyna bek ynanýan. Bardy-geldi kimdir biriniň habary bolaýanda-da, häzir olar ýas bilen başagaý. -- Heleý, seň munuň “Geçä jan gaýgy, gassaba gan” diýlenine barýär. Bu gün ol ýerde ahy-pygan çekip otyrlar hossar barysy. A seň ýadyňa bolsa onuň baýlygy düşýä. “Asmanda hezillik bar diýseler, heleýler dessine merduwan gözlär” diýlen gep çyn bolup çykd-ow.Ýeri, melleginde gömülipdir eken diýeli bir küýze gyzyl. Oň melleginiň aňyrsy-bärisi barmy? Niresinde gömülipdir, näçe çuňlukda? Niräni dörjäp çykjak? Gündizem däl, gije. Oň ýarak iti bardyr, şolam seni ile masgara eder. -- Hawa. – Solmaz akylyna aýlanan ýaly gepledi. – Şoň ýarak item-ä bardyr. Eýse, nätmeli? Itiň bir alajy bardyr-a… Är-aýal birsellem kelle döwüp oturdylar. Ahyram elleine pildir kätmen alyp, gije ýarymdan mazaly agansoň ýola düşdüler. Töwerekde yns-jyns ýokdy. Gadyr çopan Solmazyň öňünden taýynlap goýan höregini alyp ite golaý bardy. It janawar garamçyny gören dessine üýrüp topuldy. Gadyr çopanyň zähresi ýarylan ýäly tas wägirip yzyna dolanypdy. Hernä it zynjyra daňylgydy. Ol elindäkisini itiň öňüne oklap ýetişdi. It ony lak-luk atdy. Gadyryň öz ýanyna öwrülip gelende, Solmaz itli meseläniň birýüzli bolandygyny aňdy. Indi olara päsgel berip biljek zat ýokdy. Olar tirkeşip mellegiň bir ujundan girdiler. Mellegiň niresi tümmegräk görünse, şol ýerini hem gazyp çykdylar. Haýp, gazan ýerlerinden daşdan başga zat çykmady. Är-aýaly sowuk der basdy, olar birek-birek bilen sessiz düşünişýärdiler. Ýöne Gadyryň aýalynyň gepine gidip, ýarygije çukur gazyp ýörenine gahary gelýärdi, soňy bilen aýalynyň niräni görkezse, aç möjegiň goýun sürüsine topulyşy ýaly, şol ýerik hem topulýardy. Soňky çukurda piliň ujuna ilişen demir olaryň ikisinem begendirdi. -- Diýdim-ä bardygyny. -- Dur heniz, howlukma. -- Uly küýzemikä, kiçi? -- Sen entek muň küýzedigini bir bilýäňmi? -- Bilýän, bilýän. Atalyk ýalan sözlemez. Gadyr gabat gelen demrin daş-töweregini gazyp, arassalaşdyryp ugrady. Solmazyň welin şol bir jidirdäp durşudy. -- Gadyr, biz onsoň bi küýzäni nädip äkideris? Iki-üç gatnamasaň-a bolmaz. Daň atybam barýar. Gadyr çopan ylla küýzä zeper ýetirmejek bolup, howlukman, alňasaman işleýärdi. -- Göwrüm-ä kiçi-kirim däl muň. -- Näme diýdiň? – Solmaz oňa golaý gelip garaňky çukura egilip seretdi. – Uly diýdiňmi? Uly bolsun, goý uly bolsun, uly küýze bolsa hakyt hudaýyň berdigi bor. Bir bölegin-ä ilde ýok jaý saldyrys. Saňa-da “Wolga” maşyn edineris. Özümi gyzyla gaplasamam ýeter bi. Gadyr çopanyň piliniň sesi töwerege ýaň berip gitdi. -- Be, Gadyr, sen o küýzäni döwüp dagy edäýýän-ä dälsiň-dä! Gaty üýtgeşik çykdy oň sesi. -- Küýze däl heleý, o ýöne bir köne azal bolsa näme?! -- Ýok, Gadyr, sen oňa mazaly seret, hökman küýzedir ol. Olar ýaly çuňlukda azal nämişlesin!? -- Ine, ynanmasaň göräý. – Gadyr çopan azaly çykaryp görkezdi. – Şundan başga zat ýok. Solmaz bir-ä azaly elleşdirip gördi, birem garalyp duran çukura seretdi. Özüniň ir begenenine gynandy. Olar ikisem oturdylar. -- Solmaz, biz indi gaýdaly, beýdip tapjak zadymyz bolmaz. Kimdir biri görse-de, ile masgara borus. Zeleliň ýarysyndan gaýtmak-da peýda. -- Men-ä şony tapman gitjek däl. -- Sen nä dälirediňmi? Ýarygijäň içinde, sen ýene-de niräni dörjek? -- Ýene bir ýer bar. Ol hökman şol ýerdedir. Adamlar samsyk däldir, gyzyl-kümüşi mellegiň aýagujynda gömere. -- Nirde bolup biler? -- Ol itiň daňylgy duran ýerinde, diňe şol ýerde bolup biler. -- Armanyň galmasyn heleý, ýör o ýerem gazyp göreli, eger-de ol ýerdenem zat çykmasa, onda men-ä göni gaýtjak. -- Bolýa, razy. -- Men häzir itiň maslygyny süýräp aýraýyn. – Gadyr çopan itiň guýrugyndan tutanda, it onuň budundan agyz saldy. – Waý, öldüm. Solmaz adamsyndan beter gorkdy.Ýöne özüni ýitirmedi, pilini ärini dişlän itiň kellesinden saldy, soň ýene, ýene… It janawar zynjyrdan boşap bilmän elewredi. Soňam çiňsäp-çiňsäp şol ýeriň özünde jan berdi. Solmaz ýaraly äriniň goltugyna girip, ony öýüne bakan alyp ugrady. Ýolboýy-da tebip mama nalyş okap gaýtdy. “Ýeri, seň taýynlan awy-zäheriň adama tär edenok diýýädim welin, onuň ite-de täsiri ýok eken-ä. Pormyň başyňy iýsin sen garry. Tas ärimiň ganyna galypdym…” 14. Mergen Kerimow golaýda kolhoz başlyklygyna bellenenem bolsa, onuň bu ugurdan ýeterlik tejribesi, başarnygy bardy. Ol mundan owal goňşy kolhozlaryň ikisine başlyklyk etdi, ol hojalyklaryň işini közsüz ýola goýdy. Hut şol sebäplem etrap ýolbaşçylary ony yza galan bu kolhoza haýyş edip geçiripdi. Kolhoz ekerançylygam, maldarçylygam iki aýagy bilen agsaýardy. Oba arasyndaky tertip-düzgünem ýabygorlydy. Ol zatlary düzeltmegiň ýollaryny agtardy. Ýaňy bir iki aýyň içinde telim ýyla barabar zatlary durmuşa geçiripdi. “Baş bolmasa, göwre läş” diýlenini hut halkyň gözüniň öňünde subut edipdi. Onuň hyzmatyndan oba adamlary hoşaldy. Şol gün kolhoz prawleniýesinde kolhozçylara mellek ýeri sorap ýüz tutan adamlaryň arzalaryna seretdiler. Arzalar esli bardy, kimsi öýli-işikli bolan ogluna özbaşdak mellek ýer berilmegini sorasa, kimsi özüne ata-baba ýerleriniň gaýtarylyp berilmegini soraýardy. Ýöne… ine, şol arzalarynyň biriniň welin näme maksat bilen ýazylanyna düşünmedi. Şoň üçribem başlyk bu arzany aýratyn bir papka saldy-da, ony ýazan adamyň özi bilen gürleşmeli diýen netijä geldi… Solmaz bezenip-beslenip içerik ätlände, uly stoluň başynda täze başlyk haýsydyr bir küti kitabyň sahypalaryny waraklap otyrdy. Onuň täze başlygyň huzuryna ilkinji gezek gelşidi. -- Salamälik, başlyk! Mergen Kerimow başyny galdyranda, Solmaz eýýäm oňä golaý gelipdi. Hemişeki dakynýanja gyzyl-kümüşlerini hem bu gün öýde galdyryp gaýdypdy. Bu-da onuň täze başlygyn gözüne çöp atyp, oňa pukarasyran bolup görünmegiň bir ýoludy. -- Geliň, geliň, çekinmäň. -- Çekinemok başlyk aga, bu ýeri meň öz öýüm ýaly bolup gidipdir. Men bu ýeriň bar zadyna beletdirin. -- Nädip, siz bu ýerde başlygyň sekretary bolup işlediňizmi? -- Ýok-la, başlyk, sekretarlyk nämişlesin, tam süpürijidim. Mätnyýaz başlyk meni dogany ýaly gowy görerdi. Pahyr, ýatan ýeri ýagty bolsun, men gelemde öňümde çaýjagaz goýardy, gapdalynyň nogul-nabady bilen. -- Şeý diý-ä. Öz-ä gadyrly görüşýän ekeniňiz. -- Ýogsa näme, onuň menden maslahat soran gezeklerem köp bolardy. -- Aý, ýo-ga? -- Hawa, hawa, ýöne o pahyr näme diýýärdi diýsene. -- Näme diýýärdi? -- “Men seniň diýýäniňi tersine edýän welin, bar zat düzelýä oturyberýä” diýerdi. “Aýalyň diýenini tersine et” diýen gürrüňem bar ahyryn diýerdi. Men size-de kömek ederin, göwnüňizi awlaryn. Ikimiz-ä deň-duşragam barmykan diýýän. Aý, onsoňam erkegiň göwnüni awlap bilmedikdenem bir aýal bolarmy? Aslynda men-ä başlyk adamlary gowy görýän. Olar oňat geýinýärler, gowy ýaşaýarlar, gepleri-sözlerem ap-aýrydyr, edil bar-a, adam gören ýalak bolaýýaň. Men olara sarpa goýamsoň, olaram meni ünsden düşürenoklar. -- Siz kim borsuňyz? Şü obalymy? -- Weý, başlyk jan. Sen heniz meni tanagoňammy? Maňa Solmaz, il arasynda Solmaz hanam diýýärler. Gadyr çopanyň aýaly. -- Gadyr çopanyň?! Hä, gara mallaň çopany. -- Baş çopany. -- Hawa, hawa, baş çopan. Öz-ä öwgüli çopan bolmaly. Ençeme ýyllap ady kolhozyň Hormat tagtasyndan düşmändir. Ýeri, onsoň arada ony möjek dişläpdir diýdiler welin, häzir onuň ýagdaýy niçik? -- Maýyp bolup galdy-la, görgüli. Birem dälmişin, bir topar möjek çozupdyr onuň üstüne. Ölümiň öýünde sypypdyr. Tüpeňem ýok ekeni elinde. Birentegin-ä pyçakladymam diýýä. Indem näme, pahyrjyk gözlerini ýaşa dolduryp öýi garawullap otyr. Işe ýarar öýdemok. Kolhoz tarapyndanam kömek etmeden-ä geçen, halyndan habar alýan ýok. -- Ol-a bolmandyr. Ýöne siz zady gaýgy etmäň. Bizde işleýän ýorite toparymyz bar, olar bar zady anyklarlar, kömegem ederler, pensiýa-da bellärler. -- Wah, wah-eý, pensiýa göz dikip oturyp bolasy ýok-la. Ara birmeýdan böwşeňlik düşdi. Mergen Kerimow gürrüňiniň hörpüni üýtgetdi. -- Aýdyp oturyň, näme iş bilen geldiňiz? -- Waý, başlyk jan, muny nädäýdiňiz. Gaýta men size näme hyzmat diýip geldim. Çagyran özüňiz, yzymdan ýasawulyňyz baryp gaýtdy. -- Şeýlemi? -- Men erkek kişilere beletdirin, gyzyl-çyzyla gözleri düşdügi bar zady unudýandyr. Mergen Kerimow Solmazyň bu gürrüňine hä bermedi. Ol papkadan çykaran arzasyny Solmaza uzatdy. -- Şu, siziň arzaňyzmy? Solmaz ony eline almazdan: -- Hawa, biziňki – diýip jogap berdi. -- Men muňa düşünmedim. Şoň üçribem seni çagyrdym. Biz ýersiz, melleksiz adamlara ýer paýlap berýäs. Özem ho-ol, heniz özleşdirilmedik, suw barmadyk takyr ýerlerden. Ýöne siz… -- Gaýrat ediň, biziň arzamyzy kanagatlandyrawerin, başlyk jan, oňuşarys. Maňa hä diýäý, senem gözden salman. -- Hany geliň düşünişeliň. Siziň öz mellegiňiz bar, şeýle gerek? -- Bar. -- Eşidişime görä, siziň çaga-çugaňyzam ýok. Dogrumy? -- Dogry. -- Dogry bolsa, sen nä ýene-de mellek sorap arza ýazýaň?! Sen öz mellegiňiziň nämesini halaňok? -- Kim aljak diýse, han-ha mellek, barsyn-da alaýsyn. Şon-a içiniň jaýy dagy bilenem berjek. Bize Atalygyň mellegini berseňiz, o pahyr gabrynda-da ynjalykly ýatar. -- Men-ä düşünýän däldirin. -- Başlyk jan, başyňa döneýin, bu ýerde düşünip-düşünmez ýaly näme bar? Atalyk maňa dogandan-da golaýdy. Özem “Eger-de men öläýsem, dogan jan, mellegimi saňa galdyryp giderin. Ol döwletli-rysgally ýerdir” diýýärdi. Barybir, men ol ýeri hiç kese bermen. Onuň menden ýakyn hossary ýokdur. -- Be, ol saňa muny haçan aýdyp yetişdi? -- Maňamy? – Solmazyň ýüzem üýtgemedi. – Ol… syrkawlap ýatanda, ölmezinden birki gün öňüräkdi, soramaga baramda aýdypdy. -- O pahyr-a hassa bolup ýatan adam däl, öýünde ölüp galypdyr diýdiler. Heniz daýaw, sag adamdy. -- Muňa serediň-ä, ajal gelende gapyňy kakman gelýändir. Ol haçan gelse geläýýä. Ynha, biziňem, siziňem haçan, nirede amanadymyzy tabşyrjagymyz belli däl. Adamyňkam uly bol, kiçi bol, bir nepesdir-dä! Togtadygy gidibermelisiň… -- Onyň-a dogry. Ýöne Atalygyň ölümem gümürtik. -- Adam öler-de, onuňam bir gümürtigi bolarmy? -- Hawa, bu gynansagam şeýle. Belki onuň ölümi hakynda senem eşidensiň. -- Hudaý saklasyn. Dogrusy, il arasynda her hili gürrüňlerem bar. -- Düýn hassahanada Atalygyň ölüminiň sebäbi anyklanyldy. Awy içipdir, awy. -- Awy? -- Hawa, hawa. Syçan gyran, suwuklyk zäherden. -- Nämüçin? -- Onçasyny bilýän ýok. Ýöne… ol wesýetini size galdyran bolsa… -- Daş edewersin. Men onuň awy içip öljegini näbileýin.Ýöne “bilip bolmaz, ölüp dagy edäýsem, mellegim seňki bor” diýip, sargany-ha hak. -- Barybir, ol ýer saňa berilmez. -- Atalygyň wesýeti näme? --“Öliň wesýeti özi bilen” diýilýändir. Atalygyň yzynda çägasam ýok, aýaly Semşat eje-de öten ýyl dünýäden gaýdypdyr. Aslynda siziň arza ýazyp soran mellegiňiz Atalygyňkam däl eken. Siziňem şondan habaryňyz bolaýmaly. Ol Kömek Gadamyň mellegi. Atalyk är-aýal türmä basylansoň ur-tut öz adyna geçiripdir. -- Habarym bar. Ýöne Kömek neresse-de, Sadap görgüli-de türmeden gaýdyp gelmediler ahyryn. Olaryň wepat boldy habarlary geldi. Şondan soň ol ýere kimdir biri eýe durmaly boldy. Atalykda günä ýokdur. Ol bu yeri Mätnyýaz başlygyň karary bilen alypdy. -- Sen onuň arkasyny çaljak bolup arrygyňy gynap oturma. Eger-de Mätnyýaz başlygyň özi aýatda diri bolan bolsady, onda onuň özündenem soraýmalyja, anyklaýmalyja zatlarymyz juda kän. Bikanun berlen ýerlerem, artdyrylyp ýazylan sanlaram, ýitirildi edilen mallaram… Hawa, hawa, ol bu mellegem bikanun beripdir. Ol şunda esasy zady, Kömek Gadamyň mirasdüşer ogly Daýhanyň barlygy hakynda oýlanmandyr. Mellek diňe ogluňky bolar. Ol ýakyn günlerde boşap gelmeli. Ol geldigi biz oňa melleginem, mülkünem gaýtaryp bermeli bolarys. -- Siz ýalňyşýaňyz. Olar diňe bir är-aýal däl, ogullaram jenaýatkär. Jenaýatkäre bolsa mellegem, mülkem bolmaz. Men ýokaryk arz ederin. Doganjygymyň sardygyny berjaý ederin. – Solmaz biraz kürtdürjek ýaly etdi-de, gözlerinden biygtyýar ýaş dökdi. Muňa Mergen Kerimow hem hapa boldy. “Bä ,Atalygyň süňk hossaryha şu ekeni. Gör muň ýäş dökäýşini” diýip içini gepletdi. -- Aý, hawa-da, halyňy soramaýana başyň agyranyny aýdyp näme? Men samsygam Kömek ediler öýdüp geldigim boldy. – Solmaz bu sozleri agy gatyşykly aýtdy. Soňam ol gözýaşyny gyňajynyň ujy bilen syldy-da, kabinetden çykyp gitdi. 15. Adam bary üýşüp, birek-biregi itişdirýärdi. Işçiler kassaň agzynda hümer alşyp durdy. Içerde kassir gyzdan başga-da üç adam bardy. Üçüsem birmeňzeş geýnüwli, boýunlary galstuklydy. Biri murtlakdan garaýagyzdy, ýene biri maňlaýy çapyljak atyňky ýaly ýylmanak, ýöreýşem bir tüýslüdi, üçünjisi welin owadan gözli, syratly, daýaw, eli diplomatlyja ýaş ýigitdi. Kassir gyzam şu ýigitden gözlerini aýyrmaýardy. Bu görmegeý ýigit Daýhandy. Daýhan haýsy tarapa gitse, o gyzyň gözlerem şo tarapa gidýärdi. Haýp, ol kassir gyzy görenokdy. Gyz welin ogrynlykda bu ýigidi synlap keýpden çykdy. Nämüçindir o ýigidiň ýüzünde ünji, gaýgy-gam görýärdi.Ýöne ilkinji gezek görýän adamyndan onuň sebäbini soramak gelşiksizdi. Daýhan diplomatyndan çykaran gurallary bilen işe girişdi. Onuň bir özi on-on bäş minut çemesi gara der bolup işledi. Ahyrynda-da seýfiň döwlen gulpy açyldy. Seýfiň açylanyna hemmeden beter kassir gyz begendi. Ol tas Daýhany gujaklapdy, zordan saklandy. -- Sen-ä biziň ussalarymyzdanam zor çykdyň. Daýhan gürlemedi. Kassir gyz oňa has golaý baryp: -- Nirde işleýäň? – diýdi. Daýhan bu gezegem gyzyň sowalyny jogapsyz goýdy. Ýanyndakylaň ýüzüne bakyp oňaýdy. Ösüne jogap bermänsoň bu görmegeý ýigidiň uly kemi lallygy eken diýip çaklady. Seýfiň açylanyny eşiden işçiler “ura-da”,“ura” bolşup gygyryşdylar. Hälki geýnüwli adamlaryň biri Daýhanyň ýanyna geldi-de “gitdik” diýdi. Daýhanam “bolýa” diýdi. Kassir gyz lalyň dil açanyna begendi, onuň bilen birsellem gürleşmegi ýüregine düwdi. Ýöne ol adamlar gelişleri ýalam eglenmän, çykyp gitdiler. Daýhanyň töweregine garanjaklap duranyny gördi, ýöne hemmeleriň şatlygyny görüp durka-da onuň gowni üçinem bir ýylgyrmady. “Belki kärine buýsanýandyr ýa-da ulumsymyka?”. Heý beýle-de ýekeje söz diýmänem gidibermek bormy?”. Kassir gyzyň kellesinde set-müň pikir pelesaň urdy. Oňa dagynyk pikirleri bir ýerik çugdamlamak başartmady. Ol daşaryk hem ylgap diýen ýaly çykdy. Daşarda zawodyň direktory bilen murtlak adam ikisi gürleşip durdy. Maňlayy ýylmanak adamam gelip maşyna mündi-de jaýlaşykly oturdy. Daýhan maşynyň sag ganatynda ornaşdy. Onuň şol bir bolşudy, birdenem onuň gözleri özüne garap oturan kassir gyzda eglendi. Gyz owadandy, şeýle bir owadandy, Daýhan oňa seretmäge ýanyndakylardan heder edýärdi.Edil şo mahalam zawodyň direktory Daýhandan başgasyny maşyndan düşürdi-de, olary taýagatym ýere äkidip, nämedir bir zatlary gürrüň bermäge durdy. Daýhan maşynyň aýnasyny açdy. Kassir gyz bu ýere usullyk bilen geldi-de: -- Aý, oglan, gizlin bolmasa, adyňyzy aýdaýyň? – diýdi. -- Adym Daýhan, seň adyň näme? -- Jahan. Men şu edaraň kassiri. – Ol ýylgyrdy, birneme ýüzem gyzardy. – Öýlenenmi? -- Ýok-la, sallah. -- Şeýle syratly, eli hünärli ýigidem öýlenmändir diýseň ynanjak däl. -- Çynym, duzjan kessin. -- Sen bize ýene-de gelermiň? -- Seýfiň döwlende geläýmesem. -- Diňe seýf döwlendemi? Başga hijem geljek dälmi? -- Elim degse, özüm seni taparyn. -- Garaşaryn. – Jahan özüne garaşyp hümer bolşup duran işçilere bakan ýöneldi. x x x Jahan düýnki bolan waka hakynda hiç kimiň ýanynda dil ýarmady. Ol şol günden başlabam özüni Daýhan üçin aýap saklaýan dek duýdy. Otursa-tursa ýadyndan çykarmady. “Be, bi nä gudrat? Nirä barsam oň keşbi gözümiň öňünde, maňa garap duran ýaly. Özi-de şol bir bolşy, ýüzi agras, ýylgyraýynam diýenok. Belki onuň agyrýan ýeri bardyr, näsag adamyň gülki ýadyna düsmez-ä. Ýogsa-da bir zatlary ýogalandyr. Wah, derdiňi paýlaşaýyn diýsem, men ony oňly tanamogam, iş ýerinem, ýaşaýan ýerinem soramandyryn. Onda-da… eý, hudaý jan, duýgym meni aldaýan-a däldir-dä!”. Jahan şular ýaly oýlardan, tükeniksiz içgepletmelerden şübela saplanjak bolup urunsa-da bolmady. Onsoň ol öýde-de, pikiri-hyýaly şol boldy. Işgärleriň ýanynda-da şol ýigidi öwdi, magtady. Hatda bir gün ejesiniň ýanynda-da o barada söz açdy. -- Ilçilikdir, olar ýaly adam kändir—diýip, ejesi gyzyna jogap berdi. – Seň şol seýfiňem adam ýasaýar. Şol seýfiň ýasalýan ýerindenem gelendir. -- Eje, olar ýaly seýf bizde ýasalanokmyşyn. -- Aý, gyzym, olar ýaly gulplary açmak üçin ullakan bir sowat gerek däl diýýäler. Ony açmagy ogry-jümrülerem başarýar. -- Ýok eje, ol ogra meňzänok. Ol pähim-paýhasly, syrdam boýly, oňat egin-eşikde, ýörände uly gyz ýaly asylly, özem eje, azajyk gussalyrak görünýär diýmeseň, onuň gözleri owadan, özi-hä terbiýe gören ýeriň adamyna çalym edýa. -- Şeý diý-ä. Aşyk bolan bolaýma, gyzym? -- Gürrüň onda däl. Ýöne uly iliň näçe günläp açyp bilmän oturan seýfini sähel salymda açansoň… -- Aý, diýseňem-ä, gyzym… -- Ejeme seretläň, beýle däl, men ony tanamok, bary-ýogy bir gezek gördüm, owal gören adamymam däl. -- Onda-ha asylam, men özümiň ýekeje gyzymy tanamadyk-bilmedik adamyma beräýmän. Gürrüňiň arasy şu ýerde kesildi, Jahany yzyndan gelip äkitdiler. Onuň ejesi gyzynyň yzyndan garap durşuna içini gepletdi: “Gyzly öýe kyrk atly baglanar” diýilýändir. Her zadyň öz nesibelisi bardyr. Alla janyň özi gowusyny etsin-dä hernä”. x x x O wakadan soň bir aý çemesi wagt geçipdi. Daýhany ýene-de şol zawoda, seýf açmaga alyp geldiler. Dogrusy bü ýere getirilenine begenjinden ýaňa iki bolup bilmeýärdi. Asyl şol günden bäri ol bu ýere ýene-de getirilmegini biribardan gije-gündiz dileg edipdi. Ol bu ýere gelen minudyndan töweregi synlady—Jahany gözledi. Ine-de Jahan. Ol seýfe golaý ýerde oturan ekeni. Ol hiç kesden heder etmän salam berdi. Daýhan zordan başyny atdy. Göreçler welin biri-birine çüýlendi. Bagtyna Daýhanlar bilen bu gezekki gelen adamlar öňküler däldi. Olar bulara ünsem bermediler. Daýhan özüni arkaýyn alyp bardy. -- Akja gyz, ýene-de seýfiň gulpy döwüläýdimi? Neneň saglyk-gurgunlykmy? Jahanyň dodaklary çälaja tibirdedi. -- Saglyk oglan, neme… sen ýöne güýmenen bolaý, seýfe bolan zat ýok, men seni görmek üçin… Direktora-da döwüldi diýip ýalan sözledim, başga bahana tapmadym. -- On-a oňarypsyň. Ýogsam menem sypyp bilmedim. Asyl hiç ýerik goýberenoklar. Bu kär şeýlemişin, ýanymdan aýrylanoklar, hemişe garawully. Olaň ýanynda keseki adam bilen gürleşmegem bolanok. Wagt gider, men bu işden bütinleý boşaryn. Näler göresim geldi, şol günden başlabam däli-diwana bolup ýörün. -- Çynyňmy? Menem şeýle. – Jahanyň ýüzi çapady ýaly gyzardy. -- Men-ä şo-şondan bäri… “Maňa-ha bir zat bolýar” diýip, ýoldaşlaryma-da aýtdym. Olaram “bi söýgüdir” diýdiler. -- Sen seýfi görüşdiren bolaweri. Syrymyz açylaýmasyn. “Açaryny ýitirdim” diýendirin. -- Aňmazlar, ondan ýaňa arkaýyn bol. -- Seň owaldanam söýýäniň bardyr-la. -- Meniň bu ýalançyda gyz jigimden başga söýýänim bolmaz. Diňe sen… diňe sen meň ýüregimde ýer etdiň. Birsellem olaryň özara gürrüňine päsgel beren bolmady. x x x Ol gün tussaglary şäheriň daşyna çykardylar. Olaryň getirilen ýerinde täze bir zawodyň gurluşygy gidýärdi. Bu ýerde işledilýän tussaglara ýörite gözegçilik edilýärdi. Onsuzam bi tussaglaryň arasynda gaçmaga meýil edýäni ýokdy. Her kim türmäň “kanuny” bilen öwrenişip, özüne berlen jezaň möhletiniň gutaranyna garaşyp ýördi. Günortan naharam şu ýere getirildi. Aýup nahar mahaly tabagyna düşen topugy Daýhana uzatdy-da: -- Dostum, şu etlije logmany hormat hökmünde saňa berýän – diýdi. Daýhan geňirgenip sorady. -- Sag bol, özüň gemriber. -- Ýak, senem-ä, hödür-kereme düşünenok. Al, al, men oň sebäbini soň düşündirerin. Bu diňe bir bizde däl, siziňem gadymdan gelýän milli oýnuňyz bolmaly. Daýhan topugy eline aldy. -- Men ol oýnuň nähili oýnalýanyny bilmesem näme. -- Ine, indi boldy. Bu oýnuň şerti şeýleräk. Eger-de sen topygy almadyk bolsadyň, onda biz bu oýny oýnap bilmezdik. Rast sen ony eliňe aldyňmy, indi sen bi oýnuň ähli şertini berjaý etmeli borsuň. -- O nähili şert? Men indi muny nätmeli? -- Topygyň etini iýýäň, onsoň süňküniň özüni tutuşlygyna ýuwdup bilseň-ä, onda bu oýnuň ýeňijisi sen bolýaň, men seni erkinlige çykamyzsoň ýörite öýe çagyryp lezzetläpin. Eger-de sen muny başarmasaň, onda ony hemişe ýanyňda götermeli borsuň. -- Eger-de ýuwdaýsam… -- Ýüwutmasyna-ha ýuwudarsyňam welin… ýöne… -- Ýönäň näme? -- Ýönämmi? Ýönäm, öňde biriniň gaýyn enesi ýaly bolaýma diýjek bolýan. -- Näm bolupdyr oňa, gürrüň bersene. -- Bir giýew naharlanyp otyrka öňünden çykan topugy gaýyn enesine beripdir. Gaýyn enesem näme, gytçylyk gursun, bergili bolandan algyly bolanym ýagşy diýendir-dä görgüli. Ur-tut topugy ýuwutmaga durupdyr. Arman, onuň ýuwdan topugy bokurdagyna tegek bolup, ne aňryk, ne-de bärik süýşüpdir. Pahyr nepesi gelmän, şo ýeriň özünde jan beripdir diýýä. Şoň üçribem bu oýna biziňkiler “gaýyn ene öldüren” oýun hem diýýärler. -- Be, walla, sen-ä… Eger-de ýuwutmasaň näme bolýar? -- Aýtdym-a ýaňy, sen ony mydama ýanyňda götermeli bolýaň. Haçan sorasam, gijemi-gündizmi, parhy ýok, soran mahalym çykaryp bilseň utdugyň. -- Gowusy ýanymda göterinäýin. -- Gözel göwnüň. Daýhan etini iýen topugyny bir bölejik kagyza dolady-da, jübüsine saldy. Aýubyň oglanlygy turuwbaşdan Daýhana ýarapdy. Ol pagtaçylykda brigadir eken. Bir günem barlag mahaly kolhoz başlygynyň eden-etdilikleriniň üsti açylýar. Artdyryp ýazanlar ýygnalýar. Günäňi seljerip duran barmy näme? On ýyl möhlet bilen türmä basylýar. Ol özüniň başdan geçiren külpetlerini, söýüşýän gyzy Şaperi, oňa öýlenişi barada-da köp zatlary gürrüň beripdi. Arada Aýuby wagtlaýynça başga ýerik ugratdylar. Şonda olar gaýdyp görüşmejek ýaly gujaklaşyp hoşlaşdylar. -- Hoda ti ambra bit.—Aýup bu sözlerini türkmençeläbem aytdy. – Alla ýaryň bolsun, gardaş. -- Hoş, sag-aman gaýdyp gelmek nesip etsin. Sag bol! -- Daýhan, biziň adamlarymyz adamyň yzyndan gygyrmaýarlar.Onuňam sebäbi adamyň sesi şumluga ýakyn bolup, olam ýolagçynyň baran ýerinde bela-betere duçar bolmagyna getirýämişin. -- Aýdanyň gowy bolaýdy. Ýogsam men tä gözden ýitýänçäň seň yzyňdan gygyryp galjakldym. Olaryň ikisem birden güldi. x x x -- Daýhan, sen maňa nämedir bir zat hakynda gürrüň bermekçi bolýaň welin, häk, walla, ugruny tapaňok öýdýän. Şeýle gerek? Daýhan başyny aşak egip oturyşyna Aýuba ýüzlendi. -- Sen ony nireden bilýäň? -- Ony seň gözleriň aýdyp dur.Daşyna gidip geldigiň. Şol gün seň öňküligiň ýok. Hany çekinme-de gürrüň ber, sen indi çaga däl ahyryn. -- Bir görende adamy söýseň bormy Aýup? -- Gör muň kädisine agram salýän zat näme eken. Bolman näme. – Aýup dostunyň ýüzüne söýünçli seretdi. – Birek-biregi sulhuň almak üçin bir görmegem ýeterlik. Ine, meniň özümem saňa janly şaýat. Gelnejene bir göremde aşyk boldum oturyberdim, elbetde, oňa-da men ýaran bolmaly. Ynan, iki gezekki duşuşykdan soň, goş birikdirdik. Hudaýa müňde bir şükür edýän, onuň bilen durmuş gurup ýalňyşmandyryn. Gelen gününden garylyp-gatylyp gitdi. Seni beýhuş edip ýören gyz kimkä? -- Men ony özümem oňly tanamok. -- Sen indi öz dostuňdan zat gizleýäňmi? -- Nätdiň-aý muny. Senden gizlin zadym bolmaz. Şäherli gyz. Nesip etse, ony öňy bilen saňa görkezerin. Ýöne… Ol meniň türmedeligimi bilenok. Biläýse, näme diýerin? Şoň üçin men onuň salgysyny Gurtgeldi agama-da berip biljek däl. Men ol gyzy ilkä düýşümde gördüm, ertesem ýadyňa düşýämi, geçen aýda meni geýindirip bir zawoda gulplanylan seýfi açdyrdylar maňa. Ana, o gyzy şolaryn birinde gördüm. -- Beýle owadanmy? -- Perizatmy diýsene. Kişmiş ýaly gözleri bilen kiçijik burny onuň aý dek ýüzüne şaplaşyp dur. Ol ýylgyranda tutuş ýüzi gülýär, birjik-de ýasamalygy ýok. Suw bilen ezip içäýmeli. -- Her kesiň saýlany özüne gözeldir, inim. Ýöne häsiýetiniň gowy bolmagy wajyp. Olam gyzyň nähili maşgalada, nähili enäniň terbiýesini alanyna bagly. Aýtjak bolýanym, owadanlyk ähli zady çözenok. “Gözel görkden kyrk günde doýular, gözel gylykdan kyrk ýylda-da doýulmaz” diýlendir. -- Meniň diýýän gyzym-a edep-terbiýe, görüm-görelde alan gyza meňzeýa. -- Belki şeýle bolsun-da. Goňşymyzyň gelni-hä bir ýyl ýaşap-ýaşamanka aýrylyşdy oturyberdi. Ýogsam şoň görk-görmegem hiç neneň däldi, ýöne… ol gelin gelen ýeri bilen bolman, gözi-göwni atasy öýünde boldy. Gelen gününden gaýynlaryndan, adamsyndan bidin atasy öýüne ogryn zat daşamaga başlady. Bu ýaramaz hereketem şol gelniň hiç mahal öz ojagyna rakyp bolmajagyny ile ýaýdy. Görseň aýalda-da oýun kändir. Men muny göre-gore gelýän. “Atyň iýermen bolsa oňduň, aýalyň iýeremen bolsa ýandyň” diýleni hakdyr. Aýal tygşytly bolmasa, pul sowmany gowy görse, ol maşgala hiç haçanam bekänok, gün-günden çagşamak bilen bolýar. Agzalalyk şeýdip döreýär. Aýalam seniň ýaly adam, onda-da göwün bar. Oňa-da düşünmegi başarmaly. Birek-birek bilen düşünişip ýaşamak, ana, durmuşda är-aýallygyň lezzetli ýeri nirede? Enem pahyr aýdardy: “Gyz göwni – gyl düwni” diyip. Onsoň gyzyň göwni galsa, ol düwni çöşlemek öňýetene başardanok. -- Be, Aýup diýýän-ä, sen dogrudanam köp zat bilýäň. Aýdan zatlaňňam edil kanundan parçalar okalyşy ýaly. -- Kanunam durmuşdan alynýar. Onam adamlar düzýär. Är-ayal bolmagyňam, perzent -- nesil öndürmegiňem, bagtly durmuşa ýetmegiňem öz kada-kanuny, ýörelgesi bar. | |
|
√ Duman daganda: Satylmaýan, satyn alynmaýan zat ýok - 28.05.2024 |
√ Duman daganda: Galp gazanar, galtaman gönener - 12.06.2024 |
√ Dirilik suwy -9: romanyň dowamy - 05.05.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Şam ilinde - 17.08.2024 |
√ Köne mülk -14: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
√ Köne mülk -3: romanyň dowamy - 10.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -10: romanyň dowamy - 16.07.2024 |
√ Bäşgyzyl -16: romanyň dowamy - 22.10.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -14: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
√ Gala -7: Oýlanma pursady - 16.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |