20:54 Ýazgyt -5/ romanyñ soñy | |
16.
Romanlar
Bir gün Daýhanyň kakasy bilen bolan waka ýadyna düşdi. O mahal yaňy alty-yedi ýaş töweregindäki oglanjykdy. Kakasy bilen eşeklije daga oduna gidipdiler. Odun taýynlanyp, eşege ýüklenýänçä Daýhan böwürslenlikden çykmady, ilkä telpek-telpek bolup duran böwürslenlikden çöpledi, garny doýýänça iýdi. Soňam kebelek kowalap bar zady unutdy. Bir görse, kakasy eýýäm ugrajak-ugrajak bolup duran eken. Ine, şo mahalam niredendir bir ýerlerden al-asmanda ganatlaryny giňden gerip humaý guşy peýda boldy. Ol beýleki guşlar ýaly öwrüm edibem, pel-pelläbem durmady. Göni gelşi ýalam geçip gitdi. Daýhan ýörediksaýy guşuň kölgesi hem onuň ustünden aýrylmady. Kömek aga şu wakany gözleri bilen görmedik bolsady, belki bu gürrüňe ynanmasa-da ynanmazdy. Birsellem bu owadan guşuň uçuşyny synlap durdy. Guş gidensoň Daýhany ýanyna çagyrdy. -- Oglum. – Ol Daýhanyň ýüzünden adaja ogşady. – Oglum, ýaňky göreniň humaý guşy diýilýäni bolmaly. Ol gudratly guşdur. Bu guşuň kölgesi kimiň üstüne düşse, şol kişem bagtly, döwletli, rysgally, adam bolarmyşyn. Ynha, men ony öz gözlerim bilen gördüm. Onuň kölgesi seň üstüňe düşdi… Daýhan kakasynyň şol gürrüňini hem-de gökde uçup barýan humaý guşuny göz öňüne getirensoňam ep-esli oturdy. Ol bu wakany Gurtgeldä-de gürrüň berdi. -- Häzire çenli-hä horlukdan başga görýän zadym yok. -- Darykmazlar, janyň sag, şähdiň açyk, biler bolsaň, şulaň özem döwletlilikdir. Enşalla, azatlyga çyksaň, döwletem taparsyň, rysgalam. Onsoňam “Bir ýazykdan är ölmez”. Adam Atanyň günä eýläp dünýäge zyňlyşy, suwa, ýere hökmi ýeten Süleýman pygamberiň ýüzügini ýitirip çeken jebir-jepasy, legendar Göroglynyň men-menlik edip gören görgüleri, Hezreti Isanyň, hezreti Musanyň bir ýalňyşlyk edendigi üçin agyr sütemlere sezewar bolşy barada-da rowaýatlar kän. Ana, şolaryňam günäleri geçilipdir-ä. Senem tagapyl et, mert bol. Humaý guşuň eçiljek bagtam daşda däldir. Daýhan Gurtgeldiniň gürrüňine ýylgyrdy. Gurtgeldi bolsa nämedir bir zat ýadyna düşen ýaly kellesini tutdy. – Huş bolaýşyny. Görýäň-ä meň ýatkeşligimem ýabygorlydygyny. Men saňa Gözelden hat getiripdim… -- Hat, hany ol? – Daýhan Gurtgeldiniň jübüsinden çykararyna mähetdel – neneň olar, janlary sagmy? – diýdi. -- Okap gor, bu seniň garaşmadyk zadyň bolsa gerek. Daýhan haty açyp, ony sessiz okady. Okadygyça-da gözleri gülüp, ýüzi yagtyldy. Soňam: -- Ogul, oguljygy bolupdyr-a oň – diýip, Gurtgeldiň ýüzüne buýsançly seretdi. – Adyna-da Zaman dakdyk diýýä. Men indi o bäbejige näme diýmeli, Gurtgeldi aga? -- Zamanjygamy? Ýegen diýmeli, senem oňa daýy bolýaň. -- Daýy boldummy, menem indi daýymy? Olar garsa gujaklaşdylar. -- Eger-de men daýy bolýan bolsam, ol oglanjyk saňa-da daýy diýmeli bor-a. Biz ikimiz dogan ahyryn. --Hawa, Daýhan. Zamanjyk ikimiziňem ýegenimiz. Ýaşy uzak bolsun. Tüweleme, Gözelem düşen ýerinden nägile däl, gaýyn tarapam gowy ýeriň adamlary. – Gurtgeldi gapa bakan ýörejek boldy. Daýhan ony saklady. -- Menem oňa jogap hatyny ýazaýyn ahyryn. -- Men howlugýan Daýhan. Barybir, men olara baryp bilmen. Hatyňy ýazyp goý, indiki gelemde äkidäýerin. -- Be, bul-a gelşiksiz boldy. Hany bir minut aýak çekiň. Buşlugyňy alyp gid-ä. Ol tumboçkaň çekerinden birenaýyja, jübüňde göteräymeli edip ýasalan demir sandyjak alyp geldi. – Me, şuny al, öňňe zadymam ýok. -- Muny kim bejerdi? Daýhan ýylgyrdy. -- Özüm. Gurtgeldi demir sandyjagy siňňin synlap, ony bir eýläk, bir beýläk öwürip gördi, içindäki kiçijik açary bilenem gulpjagazyny açyp ýapdy. -- Täsin zat. Bu ýeri-hä şeýle sungaty döredip bilýän adamlaň mekany däldir. Beýle käriň bolsa, hiç haçanam hor bolmarsyň, Daýhan! Daýhanyň şol bir ýylgyryp durşudy. Gurtgeldi bolsa henizem sandyjagy synlap oturyşyna: -- Tüýs ýüzük, gulak halkajyk, monjuk, aňry-bäri salynmaga ýarajak zat ekeni – diýdi. -- Haladyňyzmy? -- Sen muny nirede ýasadyň, näçe wagt gerek boldy? -- Içinde ussahanajygymyz bar. Boş mahallarymyz güýmenýäs. Ýaş mahallam kakamyň ýanynda ussaçylygam ederdim diýip gürrüň beripdim-ä. Oglanlardanam bu işe iki-ýeke höwesegi bar. Munda gopuzdyr pyçak, dutar ýasaýanlaram, seýfleriň döwük gulplaryny açmagyň tärlerini bilýänlerem bar. -- Özleri welin jenaýatkär! -- Hawa, Gurtgeldi aga, olaryň hersi bir etmişli. Ýöne bigünä oturanlaram bar. -- Men oňa ynanýan. Eýsem kakaň pahyrda näme günä bardy? Öz jenaýatlarynyň üstüni ýapmak üçin gurnalan oýun ol. Ana, Kömek aga-da, Sadap eje-de şol oýnuň pidasy boldy. x x x Olar Gurtgeldinin getiren zatlaryndan bile oturyp garbandylar. Iýip-içip bolansoň Aýup töwir galdyrdy-da: -- Hoda barkat bdant ar karton – diýdi. -- Aýup, dost jan, sen nämeler diýişdirdiň, alkyş aýtdyňmy, sögdüňmi, düşünmedim. -- Bereket bersin, doýdum diýdim. Bizde bir nakyl bar, Daýhan, “Pesani paçen mardamoý oşken nan, şabad peşaniýenaý gwaragaý goştan göterint” diýýä. -- Be, öz-ä ep-esli bar eken. Oň manysy näme? -- “Myhmana açyk ýüz bilen gury çörek turşy ýüz bilen goýlan tokly etinden datlydyr” diýdigi. -- Sen ony maňa aýdýaňmy? -- Ýokla, senem, her bir gepi kesä çekjek bolup dursuň. Atam pahyryň şol bir gaýtalap ýören nakyly bolansoň ýadyma düşäýdi. -- Ataň gürrüňçil adam bolan bolmaly. -- Ol gepiň öýüdi. Pahyr birki ýyllykda togsan üç ýäşynda ýogaldy. Daýhan nämedir bir zat ýadyna düşen ýaly oýurganyp oturdy-da, birhaýukdan soň gepledi. -- Aýup, biziň Baýramalyda oturýan daşkynrak garyndaşlammyz bardy. Ana, şolar obamyza gelende, buluçlar birek-birek bilen bir günde näçe görüşseler-de, näçe gezek duşuşsalar-da, şonça gezegem salamlaşýarlar diýýärdi. Şol dogrumy? -- Dostum, sen onuň nämesini geň görýäň? Salam hudaýdan dilenen dileg bormuşyn. Men-ä ony birek-birege goýülýan hormat diýip düşünýän. -- Onyň-a dogru-la. -- Bir otagda gürleşip oturan adamlaryň biri daş çykyp, ikilenç şol otaga girende-de salam berýä… x x x Hammama adamlar birlaý girip çykdylar. Aýup Daýhanyň yzyndan aýrylmady. Daýhan welin ony aňanokdy, aňsa-da aňmazlyga salýardy. Ine, şol ýerde-de eşiklerini çykaryp duşuň aşagyna girdi. Her kime bir duş ýetýärdem welin onda-da Aýup Daýhanyň ýanyna sümülip bardy. -- Saňa näme gerek, beýlede duş kän-ä. Aýup ýylgyrjaklady-da: -- Dost jan, meniň topugymy bersene?! – diýdi. Daýhan birjigem aljyramady. Türsüsiniň jübüsinden topugy çykardy. -- Bäý-bä, bi türkmeni. – Aýup aňkaryp durşuna gepledi. – Öýüne çagyrmany kyn görüp, muňa sered-ä. Asyl ýatanda oýuňa gelmejek zat. Oýunçy oýunda utulanyny bilse ýagşy. Sen utduň, dost! x x x Soňky döwür Gurtgeldiniň bir aýagy Daýhanyň ýanynda boldy. Ol bu ýere ýörite iş bilenem gelerdi, Daýhany görmäge-de. Başga bir iş bilen gelende-de Daýhan bilen gümür-ýamyr etmän, ony görmän gaýtmazdy. -- Gurtgeldi aga, men size köpden bäri bir zat aýtjak bolup ýördüm. Şu gün şony aýdaýyn.Ölçerdim-dökdüm, ahyram aýtmaly diyen karara geldim. Sizden özge meniň hiç bir ýakynym ýok. -- Bolýa, hany ýüregiňi dök bakaly. Galan zatlar barada soň akyllaşybereris. Eger sen gaçmadyk bolsadyň, şu gün-erte çykarardylaram welin.. -- Men ony gaçmak üçin etmedim-ä. -- Bilýan. Onda-da şoň üçin üç ýyl mündürdiler dälmi? Aý, zyýany ýok. O günem geler. -- Şu ýerden sag-salamat çykamsoň, menem öýlenäýsem diýýän. -- Öýlenäýsem. Täzelig-ä sende bar ekeni. -- Siz nä ony geň gördüňizmi? -- Geň-ä göremok. Murty taban ýigit bolup ýetişdiň. Ýöne sen kime öýlenjek? Gelinlik tapmaly. Eger-de sende şeýle gyz bar bolsa, kim ol? Söýüşdik diýib-ä bilmersiň. Sen türmede ahyryn. Daýhany sowuk der basdy. Ol gyz hakynda, onuň işleýan ýerini, adyny aýtmakdan saklandy. -- Men öň bir geleňde meni gowy geýindirip, şäheriň zawod-fabriklerine aýladylar diýip aýdypdym. Seýflen döwlen gulplaryny bejerip berdim. Soňam birki gaýta äkitdiler. Şolaryň birinde bir gyz bilen tötänden tanyşdym. Öňki gezek çalak-çulak gepleşenem bolsam, soňky gezek onuň bilen esli oturyp gürleşdik. Köp zadyň başyny agyrtdyk, arzuwlar etdik. Garaz düşünişdik, soz edişdik. Şu ýerden çykan günüm, ynan, men seni onuň bilen tanyş ederin. Ýöne… onuň bilen aramyzda bir düşünişmezlik bar. Eger-de ol şol ýagdaýa dogry düşünse, onda men onuň üçin janymy bermäge-de taýyn. Biz bagtly ýaşarys. Bütin ömrümi şoňa bagyş ederin. -- Berekella, senden tama-da şeýledir inim. Sen ýigit çykdyň, saňa-da öýli-işikli bolmaga çen boldy. Eger-de ilkinjiňiz ogul bolsa hökman Kömek aganyn adyny dakarsyň, gyzyň bolsa Sadap ejäniň ady. Ýöne… ol gyz bilen düşünişmedik zadyňyz näme? Galyň beýleki soraýamy? Gizlin bolmasa, aýt, bizem eşideli. -- Galyň-a soranok. Olaň maşgalasy köne pikirli adamlar däl ýaly. – Daýhan dymdy, dymsa-da dymdy welin Gurtgeldiň sowalyny jogapsyz goýmady. – Menin diýýän gyzym…-- Daýhan Gurtgeldinin göni gözlerine garap gepledi. – Ol meniň tussaglykda ýatanymdan bihabar. Ol meni erkinlikde, azatlykda görüpdi. Aslynda men ýalan sözlemegi halamok. Ol-a soramady, menem aýtmadym. Indem ol meniň ýatyp çykanymy bilse, ol maňa durmuşa çykmakdan boýun towlarmykan diýýän. -- Ýok, Daýhan, sen gam çekme. Ýürekde söýgi ody lowlap dursa, ol muny bagyşlar . Seň ýagdaýyňa menden belet adam ýok, belki men oňa düşündirjek bolaryn. Sen ýaly syratly, görmegeý oglana duşan gözel durmuşa çykyp öýkünmez. -- Sag boluň, Gurtgeldi agam. -- Janyň sag bolsun inim, seni özüm öýärinem, özümem toý ederin. Onuň gürrüňi bolmaz. Men diýdim-ä, humaý guşuň eçiljek bagty daş bolmaly däl diýip. Olar gürrüňe gyzyşyp gidişlerine işikden giren garawulam unutdylar… Daýhan ýatmak üçin ýaňy bir düşege geçipdi. Onuň ýüregine başga bir zat edil peýkam bolup germeldi. “Ýene üç ýyllap ýatmaly”. Ol kän zady aňynda ölçerip dökdi. Jahan barada-da göwün ýüwürtdi. Ahyry-da oňa hat ýazmagy ýüregine düwdi. Eline kagyz-galam alyp, esli pikirlenip oturdy-da, şu sözleri kagyza geçirdi. “Salam Jahan! Men saňa bu haty örän uzakdan iberýän. Sen meni bagyşla, bärik gaýtjak mahalym seň bilen hoşlaşmaga-da wagt bolmady. Sen menden gaty görme. Biziňki bir hökümet işi, nirä iberseler, şol ýerigem baraýmaly. Özüň gördüň-ä, meň işimi, ýanymam hemişe adamly. Sen maňa garaş, nirde bolsamam ýüregim seň ýänyňdadyr ezizim. Sensiz maňa bu durmuş gerekmez.Men sen diýip ýaşaýan. Bu gezekki komandirowkamyzyň möhleti juda uzak ýaly, üç ýyla çekäýmeseler diýdiler. Üç ýýlam näme garaşan adam üçin geçer. Hamala gulluga gidenmişim-dä. Nirde bolsam-da, men saňa hat ýazaryn. Men diňe sen bilen bagtly bolaryn läläm. Sen maňa garaşarsyň diyip tama edýärin. Daýhan”. Ol mundan soňam telim göçürip ýazdy, ählisinem ýyrtyp taşlady. Ahyry bir haty kimdir biriniň üsti bilen gyzyň işleýän ýerine ibermegiň alajyny tapdy. 17. Elli dördünji ýylyň tomsudy. Hökümet bendilikde ýatan tussaglaryň köp sanlysyny zyndanlardan boşatmak barada karar çykardy. Şol gün Daýhanlaryň saklanylýan türmesinde-de şatlyk-şagalaň boldy. Adamlar birek-biregi gutlap, begençlerinden ýaňa aglaşýardylar. Daýhan bilen Aýup birek-birege ylla ýelmeşen ýalydy. Esli wagtlap aýrylyşmadylar. Şu ýerde olara sülçi Gurtgeldi-de gabat geldi. Aga-ini gadyrly görüşdi. -- Gözüň aýdyň, inim. Bu amnisiýa saňa-da degişli. -- Sag bol, agam jan. – Ol Gurtgeldini dosty bilen tanyşdyrdy. – Ynha, saňa gürrüňini beren dostum – diýip, Aýuby görkezdi. – Bu meniň buluç dostum. Men mundan juda kän zady öwrendim. Topuk oýnuny öwredenem şu maňa. Muňa Aýup Hezret ogly diýýäler. Olar mähirli salamlaşdylar. -- Ýadymda barkan muny menden al – diýdi-de, Daýhan jübüsinden çykaran topugyny Aýuba uzatdy. Aýup äm-säm boldy. -- Indi nämäň topugy? O gezek sen utduň-a, şoň bilenem bu oýun gutardy. -- Men ony bilemok, ýene bir gün sorarsyň öýdüp, ýanymdan aýyramok. -- Bolýa, bolýa, men seni toýuma çagyryn, şonda topugyň haky bilenem hasaplaşaryn, bolmaýamy? – diýdi-de, topugy bir gapdala zyňyp goýberdi. -- Utulanyňy boýun alan ýagşy. Ýolöteniňe welin çagyrsaň, çagyrmasaň barjakdyryn. -- Ti padomny çamy. Olar şu ýerde ýaňadan gujaklaşdylar. Ikisem birden “Hoda ti ambra bit” diýşip birek-birege arzuw etdiler. Daýhan Gurtgeldi bilen ikelläp görüşdi. Heniz hiç bir zat hakynda gürrüň gozganmanka: -- Ýaňky ýigdiň soňky sözlerine düşündiňmi? Soňam bir zatlar-a diýişdiňiz Ýa-da senem meň ýaly başyňy atyp oňaýaňmy?. -- Ýok, beýle däl. Aýup öz dilini azda-kände maňa-da öwretdi. Gezmäge gitjek diýemde “Gözümiň üstünde ornuň bar” diýip jogap berdi. Soňam biz birek-birek bilen “Alla ýaryň bolsun!” diýşip sagbollaşdyk. Gyzyl ýaly oglan. x x x Türmäň jaýynyň agzynda olara Gurtgeldi, gujagy bäbekli jigisi Gözel dagylar garaşyp duran eken. Olar bilen Daýhan gujaklaşyp salamlaşdy. Gözel bozuldy. -- Aglama uýam, ynha men seň ýanyňda durun, janym sag, gaýdyp bidüzgünçilik etmejekdigime-de Gurtgeldi agamyň öňünde ant içdim. Aýup ugransoň Gurtgeldi Daýhanyň ýanyna geldi-de: -- Bize maşyn garaşyp dur. Mün gideli – diýdi. -- Gurtgeldi aga, özüň bilýäň-ä, meň bir işjagazym bar, şu ýerden daş däl, kän eglenmän bararyn. -- Ýok, häzir däl. -- Ýok diýmäň, Gurtgeldi aga. Sen Gözelleri öýe alyp gidiber. Menem sähel salymdan bararyn. -- Aldaňokmy? -- Uýam, maňa ynanaý. Heý-de, Gurtgeldi agamam aldap bormy? – Ol Gozele gülüp bakdy. -- Bolýa-da, ýör Gözel, gelnejeň dagy ýolumyza garap durandyr. Daýhanam barar, bir möhüm işi bar ýaly. Olaryň münen maşyny şäheriň demirgazygyna bakan ugrady. x x x Daýhan aýdyşy ýaly eglenmedi. -- Gurtgeldi agaň öýümi? – diýip, daş işikde gapyny açan aýaldan sorady. -- Hawa, hawa, Gurtgeldiň özem öýde. – Ol aýal yzyna öwrüldi. –Kakasy sizi soraýarlar. Gurtgeldi anyrdan gele-gelmäşe gygyrdy. -- Giriň, giriň. – Ol aýalyna bakan garap gepledi. – Tanamadyňmy? Çakam etmediňmi? Bul-a meň inim. Gözeliň dogany. -- Wiý, şeýlemi?! Gözüň aýdyň, kakasy. Asyl biz muň gelerine garaşyp otyrys-a. – Ol Daýhana bakdy. – Tüweleme, sen-ä uly ýigit bolupsyň. Gurtgeldi sen hakynda juda köp zady gürrüň bererdi. Asyl seni ýyllarboýy alada ederdi. Bir gezek, ol frontdaka, men onuň haýyşy bilen seň okan mekdebiňe-de baryp gaýdypdym. Ýöne seni o ýerden tapmandym. -- Hyzmatyňyz alladan gaýtsyn.Gurtgeldi agam bolmadyk bolsady. – Daýhanyň damagy dolup gitdi. -- Bular ýaly ýagdaýda kyýamat azabyndan bolsun diýerler keýwany. Indi olam biziň ýaly erkin adam. Işiň agzynda durma, hany gir, töre geç. Içerde Gözel dagylaram bardyr. Olar ilk-ä ýuwundylar, soňam geçip jaýlaşykly oturdylar. Gurtgeldi içki öýe bakan gygyrdy: -- Oglum, hany orta birki sany ýassyk okla. Gyzym senem caý getir. Keýwany, biş-düşüňe başlaweri. Jüýjelije palaw etgin. Toklynam ertir ir bilen soýdyrys. – Ol oturan ýerinde dikelibräk diwara söýendi. – Dogruda walla, bu günki dabarany uludan bellemesek bolmaz-a. Olar Daýhan bilen özara gürleşip oturdylar. Şol pursat ýassyk getiren oglan Daýhan bilen ikelläp görüşdi. Gurtgeldi: -- “Ýumşa giden oglanyň eglenenini dile” diýilýändir welin, sen-ä derrew geläýdiň. Gurtmyň, tilkimiň, aýdyp otur. -- Iş wagtynyň dolaryna irikge bolup oturypdyryn. O welin öýländen soň işine köwlenmedik bolsa näme. -- Ýarym güne ýaryş-a ýokdur, inim. Ertir habar tutaýarsyň. Orta saçak ýazyldy. Gyzy iki çäýnek çaý demläp getirdi. Olar gürrüňe gyzyşypdylar. Gyzy käsedir şeker-köke getirende, ony görüp Daýhanyň ýüzi çapady ýaly gyzardy. -- Sen bu ýerde nämişleýäň? Salam! – diýip, zordan gürledi. Gyzdan ses-seda çykmady, zudalla içki otaga girip gitdi. -- Gurtgeldi bu ýagdaýa äm-säm bolup galdy. -- Siz näme, tanyşmy? – diýdi. Daýhan ne “hawa” diýdi, ne “ýok” diýdi. Ylla süňk ýuwdan yaly, söm-söýek boldy duruberdi. Ara düşen böwşeňligi aýaly bozdy: -- Kakasy, sen muňa zyndandan çykan diýdiň. Gyzymyz welin öz göwün bereniniň türmedeliginem bilenok. Biý-ä birhili boldy. Gurtgeldem beýle bolar öýtmändi, asyl bu ýagdaýa hiç kimem garaşmandy. Ol içki pikirini daşyna çykaryp, adaja gepledi: -- Heleý, men-ä bilmedim. Meger, dünýede ýazgyt diýilýän zat bar bolsa, şu bolaýmasa. Atam pahyr ýazgytdan gaçyp gutulan adam ýok diýerdi. Daýhan sen-men ýok daşaryk ýumlukdy. Gurtgeldi onuň yzyndan kowjagynam bilmedi, içerde horkuldap oturan gyzynyň ýanyna barjagynam. Iki arada elewredi. Onda-da ol basym erkini ele aldy. -- Hany Daýhan, durla, bir minut aýak çek. Sen maňa şu ýerde garaş. Gitme, gyzym bilen gürleşip bir göreýin. Her niçigem bolsa, sen jenaýatkär däl ahyryn, aňryň arassa, halalhon adamlar. Seň ýaly akylly, syratly ýigit tapsaň ökünmeseň bor. – Gurtgeldi gyzynyň ýanyna bakan ýöneldi. Ol icerde esli wagtlap eglenenem bolsa, ahyrynda onuň ýylgyrjaklap çykmagy diňe bir Daýhany däl, Gözelem şatlandyrdy. -- Bu gün Kömek aganyňam, Sadap ejäniňem ruhy ynjalsa gerek. -- Sen näme barada, kakasy? – Aýaly adamsynyň aljyraňňy, ýöne şatlykdan doly ýüzüne aňkaryldy. -- Gyzyň razy. -- Razy. Onýança içerden Jahanyň özem çykdy. Gözleriniň ýaşy ýüzüniň ähli ýerine bulaşan Jahan özüni Daýhanyň giňden gerlen gollarynyň arasyna oklarly göründi. Zordan saklandy, ata-enesinden ejap etdi. Olaryň ikisiniňem ýüregi atygsap urdy. Bu boluş, bu tolgunma, bu buýsanç ata-enä-de geçdi. 18. 1995-nji ýylyň güýzüdi. Saralan ýapraklar altyn güýzüň täsin bir sazyna aýak goşýan ýaly al asmanda gaýmalap-gaýmalap, ahyry bagryny ýere berýärdi. Olary synlap dursaň, her ýapragyň özüniň ýan berşi, ýere gonuşy bardy. Olar ýöne bir patylap düşäýenokdy, käbiri ýeri belentlikden soňky gezek synlaýanyna ahmyr edýän ýaly, iki-baka çaýkanyp, elewräp gaýdýardy. Daýhan aga adam ömrünem ýapragyň ömrüne meňzedýärdi. Olaryň hersi ayýry-aýry zadam bolsa, garaz, şol bir solan ýaprak bilen adam ömründe bir meňzeşlik duýýardy. Onuň özem indi ýetmişini tegeläp ýördi. Onuň gol doly maşgalasy bardy. Jahan eje bilen bir maşgalanyň keşigini çekip ýörenine kyrk ýyl töweregi boluberipdi. Kakasynyň ady dakylan Kömegiň, onuň ussaçylyk kärini ýöredip, atasynyň dogduk obasynda ýaşap ýorenine-de esli ýyl geçipdi. Onuň agtyjagy Sadap hem eýýäm ýörjen-ýörjen bolupdy. Golaýda ol oglundan täsin mazmunly bir hatam alypdy. Daýhan aga şol haty bir däl, birnäçe gezek okap çykypdy. Ol indi şol haty eline aldygy, ony äýneksizem ýatdan okap bilýärdi. “Mellegimizi ýazky ekine taýynlap, agdaryp ýörkäk, bir hum küýze doly gyzyl-kümüş tapdyk. Onam durşy bilen döwlete tabşyrdyk. Döwletem bu gymmatly tapyndymyz üçin bizi gözden salmady. Tapylan hazynaň dörtden bir böleginiň puluny bize gaýtaryp berdi.Ol ummasyz kän pul. Ol pul bize täze jay salynmaga-da, öý-goş edinmäge-de, ulag almaga-da, siziň ýetmiş ýaşyňyzyň toýuny toýlamaga-da ýetjek”. Bu habar Daýhan agany birneme oýlandyrmanam durmady. Kakasam mellegini ýylda iki gezek agdarardy, ekin ekerdi. Onda bu hazyna çykmandyr-da, gel-gel indi ýüze çykaýmalymy. Ýok, bu mellek näçe ýyllap Atalygyň eline geçipdi. Belki bu Atalygyň işi, belki-de serhetden aşanlaň işidir. Daýhan aganyň ýetmiş ýaşyny toýlajak güni barha golaýlaýardy. Eýýämden olara çar ýandan myhmanlar gelip ugrady. Eýranly garyndaşlaryndan hem bir är-aýal indi üç gün bäri olaryňkyda myhmançylykdady. Ilkinji gezek öz garyndaşlarynyňka görme-görşe gelen bu adamlar şol ýowuz ýyllarda araçäkde wepat bolan Abdylla neressäň kowumlaryndandy. Myhmanlar Abdyllanyň mazaryna baryp, doga okap, töwir galdyryp gaýtdylar. Abdyllanyň maşgalasy aňryk sag-aman aşsalar-da, olar güzap baryny görüpdiler. Eýýämden saçyna ak girip ugran Mürzeli ejesi barada beren gürrüňiniň arasynda telim-telim, kemiş-kemiş aglady, onuň beren gürrüňleriniň wakasy soň-soňlaram ony diňläp oturanlaryň göz atuwyndan aýrylmandy… Nurbibi dokuz ýaşly gyzjagazy bilen gijäň tümlügini böwsüp gözlerinde oky ýok ýaly okdurylyp gidip otyrdy. Ýöne nirä barýanyny welin onuň özem bilenokdy. Oňa bir zat aýandy. Abdylla serhetçileriň tüpeňiniň nyşanasyna gabat gelipdi. Ol muny tüpeň atylansoň Abdyllanyň “Gaçyň, gaçyň mähribanlarym, başyňyzy gutaryň! Gaýdyp bi ýurda, dolanyp gelmäň!” diýip, bogazyna zor salyp gygyran sesinden çak edipdi. Soňunyň welin näme bilen gutaranyny bilenokdy. Şol barmaşa olaryň öňünden çyrasy öçügsizje ýanýan pessejik kepbeler çykdy. Olar hatar-hatardy, ýanaşykdy. Mahlasy, bu ýer kiçijik oba bolarlydy. Belki Abdyllanyn salgysyny alan obasy şudur diýip Nurbibem göwün ýüwürtdi. Daň atardan heniz irräkdi. Göwherjik welin sowukdan ýaňa gagşap otyrdy. Nurbibi özüne galsa-ha garaşsa-da garaşardy welin, gyzyna ýüregi awady. Haçanda iň çetki kepbä golaýlaşanlarynda bir köpek it üýrüp, olaryň gulaklaryny gapylara getirdi. Nurbibi yzly-yzyna üsgürindi-de, kepbäň gapysyny adaja tyrkyldatdy. -- Kimsiň? – diýip, birsalymdan soň içerden zorruk erkek sesi eşidildi. Nurbibi ýaýdandy, onda-da ýuwaşja dillendi. -- Taňry myhmany borus. Gapy açylanda, olaryň ýüzüne içeriň ýylyja, beýhuş ediji howasy urdy. -- Bu nä ahwalat, gijäň ýary… Aýal maşgala… eýgilikmikä özi? Nirden gelip, nirä barýarsyňyz? – Bu gezek öý bikesi dillendi. Nurbibi aýal adama duşansoň, öýüň erkegi bilen gürleşjegem bolmady. -- Biz neme… dogan, ertire çenli myhman… Gyzjagazym… sowuk… -- Nurbibiniň sowukdan ýaňa dili aýlanmady. -- Giriň, giriň, sen heleý näme olary işigiň agzynda saklap otyrsyň. Göreňokmy, olar sowukdan ýaňa titreşip, aýaklarynyň üstünde zordan durlar. Içerik sal! Olar içerik girdiler. Öý eýesi çyranyň peltesini ýokaryk galdyrdy. Indi içeri-de, adamlaryň ýüz-gözleri-de ap-aýdyň görünýärdi. Ortada iki adamlyk düşek ýazylgydy. Çaga-çuga görünmeýärdi. -- Hany heleý, beýdip sömelip oturma-da, düşekleňňi ýygna. Myhmanlaňňa bir käse çaý ber, gyzynsynlar. Ýogsam bi sowuk olary heläk eder. – Ol şeýle diýdi-de, Nurbibä hemem onuň gyzjagazyna hyrydarlyk bilen seretdi.-- Hany ikiňizem oda bakan süýşüň! -- Taňry ýalkasyn. – Eneli-gyz oda ýakyn süýşseler-de, töwerege gorkuly seredişip otyrdylar. – Biz daň atdygy gideris. Şu ýurtda biziň garyndaşlarymyzdanam bolmaly. Biz şolary… -- Aýry ýurtly diýseňizläň! Gaty gowy! – Öý eýesi ýene-de başky zorruk sesi bilen gepledi. – Hawa, hawa. Siziňkilerem bardyr, asyl siz tarapdan gelýänleň yzy üzülenok. Ýurduňyzda tutha-tutluk gidýämişin diýip bizem eşitdik. Siz hiç zatdan çekinmäň. Maňa Akbar, Akbar eke diýýärler. Gorkut atamyz aýdypdyr-a “Myhman gelmedik gara öý ýumrulsa ýagşy” diýip. Bizde “Öý eýesi – myhmanyň eşegi” diýenem bir gep bar. Taňry myhmany borsuňyz, gözümiziň üstünde ornuňyz bar. Adam-adama şunuň ýaly başa iş düşende gerekdir. Ölmän ertire çyksak, siziň gözleýän adamlaryňyzy taparynam, enşalla, men sisi olara elinje gowşurarynam. -- Gaýrat ediň Akbar dogan, yzymyza dolanmaly bolmasak bolýar. Eger-de dolanyp baraýsak, bizem sylap goýmazlar. Adamymam serhetden aňyrda galdy. – Nurbibi bu sözleri ýaşmak astyndan pyşyrdap diýen ýaly aýtdy. Soňam kellesini dyzynda goýup, dessine uka giden gyzjagazynyň başyny sypady. Akbaryň aýaly myhmanyň ýanynda diliniň süýjänligine geň galyp otyrdy. “Bäý, muň myhmanparaz bolaýşyny?! Asyl ol myhman küýsäp giden ogşyýa”. Ol şeýle oýlar bilen bir-ä ärinin ýüzüne seretdi, birem myhmanlarynyň. Ýöne o garaýşy ne äri duýdy, ne-de mynmanlary. Şol günüň ertesi Nurbibi dagy ir oýandy. Ol indi adamsyndan ymykly el üsüpdi. Oňa wepat boldy diýmäge bogny ysmasa-da, bu ýagdaýy Abdyllanyň daňdana çenli gara bermänindenem çen tutdy. Gyzy Göwherem säher bilen daş-töwerege aýlanyp geldi, joralarynyň, tanyş-bilişleriniň ýoklugy onuň ýüregini gysdyrdy. Akbar eke welin häzirem agşamky gürrüňini gaýtalady. -- Siz arkaýyn boluň, Nurbibi! Meň myhmanlaryma azar berjek bolmaz. Häziriň özünde gaýradan gelýänlere, aşaky obalylara habar ýollaryn. Size hossar çykan tapylar. Hiýç darykmaň. Bizinkide ýaşaberiň, asyl biz-ä myhmanlaň üç günden soň habaryny alýandyrys. Nurbibi oňa minnetdarlyk bilen baş atdy. -- Obamyzyň gündogar çetinde uly bir çeşme bardyr. Biziňkiler agyz suwuny şol ýerden daşaýarlar. Baryň biziň heleý bilen. Heriňiz bir bedre suw getirin, mallaram suwsuzdyr. Nurbibi dessine eline bedre alyp, öý bikesi bilen ýola düşdi. “Heý-de, ýolda-yzda tanyş-bilşe sataşmanmykam?” diýibem içinden pikir etdi. -- Eje, menem seniň bilen gitjek .—Göwherjigiň jogabyny Akbar eke berdi. -- Ýok, keýijek, sen galaý, o ýeri örän uzakdyr, sen ýadarsyň. Bar sen içerik gir, gyşyň güni üşärsiň. Göwher sesini-üýnüni çykarman içerik girdi… Nurbibi suw getirende, birbada nämäniň-nämedigini aňşyrmady. Ony diňe içerik girendensoň bilip galdy. -- Eje, eje jan!!! -- Balajygym, saňa näme boldy? Göwheriň aglamakdan ýaňa gözleriniň gabaklary ýumruk ýaly çişipdi. Ol düşekde ýatan ýerinden gozganyp bilmän durşuna: -- Eje, eje… meni şu adam… meni… şu adam, el-aýagymy daňdy… -- diýip, zordan gürledi. Şondan başga zat aýdyp bilmedi. Nurbibi tarsa ýerinden galdy-da, sen-men ýok, saçagyň üstündäki jöwher pyçaga topuldy. -- Sen haramzada… Akbar eke Nurbibinin ýokaryk galdyran elini al-asmanda tutdy-da, ony ýeňsesine gaňyrdy. Pyçak ýere gaçdy.Ol munuň bilenem oňmady. Diwardaky gamçyny alyp, ony tä özünden gidýänçä ýençdi. Her gezek gamçy degende, Nurbibä derek gyzjagazy ses etdi. Akbar eke keýpden çykýança urdy, ýüz diýmän, göz diýman, gamçyny çem gelen ýerine çaldy. Göwheri köşeşdiren Akbar ekäniň aýaly boldy. Üçünji gün diýlende, Nurbibi başyny ýerinden galdyrdy, turup oturdy. – Eje jan, saňa näme boldy? Sen ölermikäň öýdüp men gorkdum, turaweri ejem jan. Eneli-gyz gujaklaşyp, ikisem deň aglady. Içerik Akbar eke girenden olaryň ikisiniň-de sesi tapba kesildi. Göwher ejesine gysmyljyrady. Nurbibi welin bu zalym adamyň ýüzüne-de garap bilmedi. -- Neme, gelin, boljak işe çäre ýok. Men muny sütem üçinem etmedim. Men seniň gyzyňy özüme aýal edip almagy ýüregime düwdüm. Barybir bu heleýden maňa çaga önenok. -- Çagajyga neneň nebsiň agyrmady? O diýeniň-ä bolmaz! -- Şo diýenim-ä gatam bolar. Bolman näme, men onuň bilen eýýäm är-heleý işini etdim. -- Messepsiz, nejis, men seni itden beter ýigrenýän. -- Ol öz işiň. Men bir nikama salaýyn. Onsoňam bir zady bilip goý, seň gyzyň çaga däl, ýetişen maşgala. Men ony telpegim bilen urup gördüm, ýykylmady. – Ol zorruk sesi bilen kikir-kikir edip güldi. -- Bela etmedi. Şu wakadan soň aradan ýarym aý çemesi wagt geçipdi. Akbar eke ejesiniň gykylyk- gopgunyna garamazdan, gyzyny onuň elinden çekeläp alagada, ony zor bilen düşegine geçirýärdi. Bir tünegiň içinde bolýan bu ýagdaýa Nurbibi eje bir ölüp bilenokdy. Şeýle gijeler zol gaýtalandy durdy. Nurbibiniň kellesinde set-müň pikir pelesaň urýardy. «Gaçmaly!» diýibem her gezek belli bir karara gelip bilmän, ýanyp-bişýärdi. «Haýsy tarapa gaçjak? Kimiň ýanyna?». Ine, şular ýaly alasarmyk pikirleriň girdabyndaka Akbar eke Nurbibini goňşy obaly bir baý kişä ikinji aýaly edip satdy oturyberdi. Şeýdibem, eneli-gyz keseki ýurtda-da diri aýralyga duçar boldy… Nurbibi hamylady, ol soňky üç aýdyr gyzynam görüp bilmändi. Göwheriň «Ejemi görjek, ejemi çagyryň!» diýen sargydy yzly-yzyna gelensoň, ahyry adamsyndan gyzynyňka görme-görşe gitmäge zoraýakdan ygtyýar aldy. Hemişekileri ýaly gyzy keýejekläp ylgap öňünden çykar öýden Nurbibi, bu gezek onuň düşekdeligine gözi düşende, «hiýh» diýip içini çekdi, ýuregi agzyndan çykara geldi. -- Wiý, gyzym, saňa nä döw çaldy? -- Ejem jan, käbäm. Biz nirä geldik? Haýsy dowzaha düşdük? Nurbibi ýüz-gözüni ýara baglan bu gyza özüniň Göwheridirem öýtmändi.Ýöne ol sesinden welin tanapdy. -- Balam, saňa näme boldy? Ýaraňokmy? Olar ýaňadan gujaklaşdylar. -- Eje janym, mähribanym, men ölýän. Ölmänkäm seni bir görsem diýdim. Näçe gündür gözlerim ýoluňda galdy, sen bolsaň hijem gelmediň. -- Ölýän bir diýme, balam. Ynha, gutularsyň. Ýüz-gözünden ýara çykmadyk adam barmy? – Haçanda Nurbibi gyzynyň üstünden köne kirli ýorgany bir gapdala syranda, ol gyzynyň gara keçä dolangy ýatandygyny görüp galdy. -- Eje jan, elleme, agyrýa, çydamok. Men indi seni gördüm. Indi seni hiç ýana goýbermen. Sen gitme, men birmeýdan sen gujagyňda ýataýyn. Nurbibi näme bolsa şol bolsun diýäge-de, gyzynyň çirkin sesine, ahy-wahyna garaman, dolangy keçäniň gatyny açmaga durdy. Keçe açylanda… Nurbibiniň gözlerinden ot çykdy. Ol gözleriniň görýän zadyna özem ynanmady. Gyzyň ýalaňaç endamynda oýtum-oýtum bolan ownukly-irili ýaralaryň sany-sajagy ýokdy, özlerem keçäň gyllaryna ýapyşyp, hemmejesem soýlupdy, olardan gara gan akýardy. Göwher bolsa özünden gidip sus ýatsa-da, ýuwaşja iňleýärdi. Nurbibi: -- Balam! – diýdi-de, çirkin ses etdi. Soňam honuň ýaly ýerde sömelişip duran Akbar ekä, onuň başdaş aýalynyň üstüne çöwjedi. Siz muny nädäýipsiňiz? Ony tebibe-de görkezmänsiňiz, lukmana-da. Balajygymyň endamyny tutuş ýara gaplapdyr-a. -- Näme diýsene, gelin, bi kesel gyzyňyzda owaldan, o ýurtdan gelen bolmaly. Biziň ilde iýiji keseliň emi ýok, özem bu kesel özgelere ýokuşýän kesel. Şoň üçin biz ony keçä doladyk. -- Naýynsaplar, size taňry göz görkezer. -- Eje jan… Nurbibi gyzynyň endamynyň ot ýaly lowlap durandygyny syzdy. -- Göwher jan, gyzym, ynha, men seň ýanyňda balam?! -- Eje jan, hoş käbäm. Menden razy bol, men indi ölýän. -- Ölmersiň gyzym, sen gutularsyň. O tarapda şir dek arlap duran bäş sany daýyň bardyr. Men olara derman diýip sargaryn, dermanam getirerler, lukmanam. Wah, ählijesem seň kakaňdan boldy. Öz-ä bir okda öldi gitdi, bizem diri oda ýakdy. Ýeri, öz ýurduň ýalam bir eşretli ýer bolarmy, eý, taňrym, taňrym?! -- Eje? -- Jan gyzym. -- Maňa bir suw ber. -- Suw, häzir. -- Eje, men ölsem aglarmyň? Aglama bolýamy? -- Ölmersiň guzym, beýdip ýüregimi ezmesene, ynha, suw, al iç! Nurbibi gyzynyň agzyna suw tutdy, bir owurt içdem welin gyzyň elleri şalkyldap, gözleri dik asmana galdy. Endamy ylla buz gysymlan ýaly boldy. Ol henizem hiç zat aňşyrmandy, gaýtam ýene-de gyzyna suw içirjek bolup, elewredi. Ýöne gök-dalak bolan gyzy gören Akbar ekäniň “Ol-a aňsatja jan beräýdi!” diýen zorruk sesi Nurbibiniň ýuregine köz basdy. Endamy üstüne gaýnag suw dökülen dek lowlap ýandy. -- Bagtygara ba-lam!!! – Ol gyzyny bagryna basyp aglady, ýüregi dilim-dilindi… Murzeli şu ýerde uludan dem aldy. Içerde oturanlardan geplän bolmady. Dymyşlygy Daýhan aganyň özi bozdy. -- Görgüliň öz yagdaýy neneň boldy? -- Özümi? – Mürzeli gelnine garap gepledi. – Şo mahallar-a ol maňa göwreli ekeni. Menden soň ýene iki jigim bolupdyr, ikisem gyzamykdan ýogalan. Ejem pahyryn özi tä ölýänçä “O ýurtda bäş sany daýyň bardyr, olary Göwher jana-da, maňa-da görmek nesip etmedi. Bardy-geldi birçaklar ýol açylyp, barma-gelşe ygtyýar edilse, baryp daýylaryňy tapgyn, olara başymdan geçen külpetlerimi birin-birin gürrüň beriň diýip sargardy. Özem altmyş ýaşlar töwereginde aradan çykdy. -- Be, görýäňmi, adamlaň ykbalyna sered-ä. Ýazgytdan çykyp bolmaýar. – Daýhan uludan agras dem aldy. – Seniň daýylan, hudaýa şükür, bäşisem aýatda diridir. Bäşisem Gitler bilen bolan söweşlere gatnaşyp, bäşisem aman-sag yzyna dolanyp gelen adamlar. Men seni olaryňka aýlaryn. Wah, eşiden bolsalar-ha olaryň özlerem gelerdiler welin… aý, zyýany ýok, gartaşan adamlary azara goýman, özümizjik baraýalyň. Sen bu gürrüňleri olara-da aýdyp ber. Goý, olaram ýitig naçarlarynyň başyndan geçiren günlerinden habarly bolsunlar. -- Biz siziň durmuşyňyzdan, ýaşaýşyňyzdan azda-kände habar alardyk. – Mürzeli Daýhan aga ýüzlenip aýtdy. –Siziň ýurduňyzda uruş gidýärkä, Öwezmyrat atly bir kişi biziň ýürda gaçyp bardy. Ol hem şu ýerli bolmaly. Sizem gowy tanaýar eken, bize köp zatlary şol adam gürrüň bererdi. -- Öwezmyrat! Uruşdan gaçyp gidipmi?—Daýhan aga Mürzelin sözüni böldi. – Ol neneň adam, sypaty netüýsli? Häzirem barmy ol? -- O mahallar-a dogrusy men çaga ekenim. Ýadymda ýok. Ýöne ol Asgabadyňyzda ýer titrände, tutuş maşgalasynyň wepat bolandygyny eşidipdir diýýä. Soň ol biziň ýurtda-da öýlendi, öýli-işikli boldy. Ýogalanda oňa ýetmişinde diýdiler. Şo pahyram “Watanymdan daş düşdüm, gidere ýüzüm ýok” diýip, gözleri açyk gitdi. Daýhan aga aýalynyň ýüzüne garady. Jahan eje welin hiç zat aňşyrmady. -- Daýhan aga, sizem ony tanamaly?! – Mürzeliň sowaly Daýhan agany özüne gelen ýaly etdi. -- Wah, bizem Öwezmyrat atly bir näkesiň pidasy bolduk. Ata-enämi nähak türmä dykanam, olary zyndanda çüýredenem şol adam. Sülçiň zalymydy. Gaýyn atam pahyry uruşda ýeňsesinden tüpeňläp, nirädir bir ýerlerik gürüm-jürüm bolanam meň diýýän Öwezmyradym bolmaly. Onuňam gol doly maşgalasy ýer titrände kesegiň astynda galypdyr. Biz oňa dereksiz ýitendir öýdüp ýördük welin… -- Belki ol başga Öwezmyratdyr. – Bu gezek Jahan eje gürrüňe goşuldy. – Bir zady bilmän, aýdyp goýberäýýäň senem. Öwezmyrat atly gaçgak gytmy? -- Nurbibi ejemiň ykbaly-ha şeýle boldy. – Mürzeli maňlaýynyň derini syldy-da, gürrüňini gutardym etdi. -- “Ýat ýurtda şa bolandan, öz ýurduňda geda bol” diýleni şudur. Aslynda ýurduny taşlap, Abdylla agam ýalňyşdy. Heý-de öz ýurduňa taý geljegem bir ýer bormy? Şükür, özbaşdak, Garaşsyz ýurt bolalymyz bäri halkymyz ýaýnap gezýär, bol-elinlikde ýaşaýar. Siziň ýurda-da ýol açyldy. Dogrusy, şeýle döwür geler diýib-ä düýşümize-de girmezdi. Alnymyzdan ak gün dogdy. Türkmenden bir är, Serdar döredi. Ol bize şamçyrag bolup, şöhlesin saçdy. Şo mahalam daşardan agtyjagy ylgap geldi. -- Ata, ýaşigimizde bir hat bar eken. -- Kimden gelipdir, oglum? -- Ýolötenden, Hezretow diýýä. -- Hany maňa ber, ýaşulyň özi gelmekçi dälmikän? – Daýhan aga agtygynyň eline tutduran bukjasyny açansoňam gözlerine äýnegini dakynýança esli eglendi. Ol okap başlanda, oturanlaryň ählisiniň nazary oňa gönükdi. “Hormatly dostum, Daýhan! Çäkylygyňyzy aldyk. Kempir ikimiz ýola düşdügem welin… öýkelemäweri. Ýöne hökman bararys. Şu gün biziň öýmüzde-de toý. Prezidentimiziň Permany bilen agtyjagym türmeden boşap geldi. Bu indi oňa akylly-başly oýlanmaga, halal ýaşamaga puryja bolar. Dostum, geliň Saparmyrat Türkmenbaşa sygynalyň! Ol türkmeniň maňlaýyna Allanyň nazar salyp ýaradan adamydyr. Enşalla türkmen halky onuň baştutanlygynda köp-köp sepgitlere, belentliklere ýeter. Bolelinlikde, bagtyýarlykda ýaşar. Sebäbi bu adamda üýtgeşik bir parasatlylyk, mähirlilik, gaýratlylyk, sahawatlylyk bar. Şeýle ynsanyň göwni bolsa mydama bahar bägüli ýaly tämiz hem näzik bolýandyr. Biziň ony goramagymyz, gadryny bilmegimiz gerek. Serkerdäni hemişe janyndan eý görüp goramak türkmene ata-baba mahsus häsiýetdir. Bizem Prezidentimiziň saglygyny diläp öküzçe soýjak, sadaka berjek bolýarys. Serdarymyzyň jany sag, başy dik bolsun. Ondan ähli bela-beterler sowa geçsin hudaýym. Iki dünýäsi abat bolsun. Görüşýänçäk hoş. Aýup”. Daýhan aga dosty ýanynda oturan ýaly: -- Dogry edýäň gardaş, sadakaň kabul bolsun! – diýdi. Soňra ol öýdäkilere garap aýtdy.-- Prezidentimiziň ýuregi aşa ýuka-how, ol azatlykdan mahrum edilen müňlerçe adamyň günäsini geçip, azatlyga goýberdi. Aýubyň agtygam on bäs ýyl basylypdy, ýekeje ýyl ýatmanka-da, boşap gelipdir. Indi bendilikden boşanlar ikilenç jenaýat etmezler, sebäbi olar eden işlerine toba edip, duz bilen gurhandan ant içdiler. Olar öz ömrüni gaýtaryp beren Prezidentiň gadryny bilmeli, pygamber ornynda oturan Serdary başlaryna täç etmeli. Daýhanyň sesi gyryk çykdy. Ol şu ýerde bozuldy. -- Dostuň-a begenip hat ýollapdyr. A sen bolsaň… ýa toýuňa gelmänine göwün edýäňmi? -- Ýokla, senem bir zady aýdyp goýberäýýäň, Jahan. – Daýhan aga derrew özüni ele aldy. – Toýa garrama ýok. Onsoňam, görýäň-ä, iki toý gabat gelipdir. Ýöne bigünä basylan ata-enem, obadaşlarym ýadyma düsdi-de… Şol adamlaryň hem şu zamanda, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy zamanasynda ýaşamandyklaryna gynanýan. -- Özüňem-ä jahyl döwrüňi şol ýerde ötürdiň. -- Meňki düýbünden başga, men etmişim üçin oturdym. Ýöne ata-enemiň näme etmişi bardy? Jahan eje gaýdyp geplemedi, oňa derek Daýhan aganyň özi jogap berdi. -- Olarda günä ýokdy. Olaryň ählisi-de töhmet belasynyň pidasy bolupdylar. -- Günäsi geçilen, zyndanlardan boşadylan adamlaryň arasynda bizin eýranlylar hem bar eken – diýip, Mürzeli gürrüňe goşuldy. – Patyşalarda kyrk kişiň akyly bolarmyşyn diýýärler welin, siziň patyşaňyzda-ha müň kişiňem akyly barmykan diýýärin. Biz şunuň ýaly sahawatly patyşanyň bolandygyny öňde-soňda eşitmändik. Indi-hä siziň ýurduňyzda türme-de boljak dälmişin diýýärler. -- Aslynda türkmen türmesiz bolan-a. Wagt geler, Türkmenistan ýene-de türmesiz ýurda, jennete öwrüler. Gelipsiňiz, şäherimize aýlanyň. Biri-birinden owadan köşkleri, binalary görüň. Ýagşyny görmek jennetdir… Içerde oturanlar Daýhan aganyň gürrüňini per berip diňleýärdiler. Onuň gürrüňini dinledigiňçe, bu ajaýyp ýurda, onuň merhemetli Prezidentine, bagtyýar iline bolan buýsanç duýgusy şonça-da artýardy. Soñy. 1995-1998 ý. Roman “Garagum“ žurnalynyň 2001-nji ýylyň 3, 4, 6-njy sanlarynda çap edildi. • Roman hakda ýazyjy-şahyrlaryň aýdanlaryndan: Atamyrat Atabaýew, Türkmenistanyň halk ýazyjysy: — Men birmahallar Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginde işleýärkäm roman žanry boýunça ýazyjylaryň arasynda bäsleşik yglan edildi. Şonda men bäsleşige gelen jemi 12 romanyň ählisini okap çykmaly boldum. 12 romanyň içinde ala-böle saýlanyp duran Goçy Annasähedowyň “Ýazgyt” romany eken. Men şonda ony birinji orna mynasyp görüp, iň ýokary baýraga ýazyp beripdim. Mahlasy “Ýazgyt” romanyny okap, “Bu roman, megerem, ýazyjy Goçy Annasähedowyň döredijiligini bütin äleme ýaýsa gerek. Şeýle eseri ýazyp bilýän adam edebiýat äleminde döşüni gaýşardyp gezmäge haklydyr” diýen netijä geldim. • Anna Paýtyk, halypa ýazyjy: — Ýazyjy Goçy Annasähedowyň “Dertli baş” romany “Garagum” žurnalynyň 1994-nji ýylyň soňky sanlarynda çap edildi. Ozal şu žurnalda onuň hekaýalary bilen “Oba daňy” atly çaklaňrajyk powestiniň çap edilendigini agzamasaň, bu onuň ilkinji uly göwrümli eseridi. Dogrusy, žurnalyň kyssa bölüminiň müdiri hem-de halypa hökmünde onuň bu romanynyň golýazmasyny okap, käbir bellikler hem edipdim, maslahatlar hem beripdim. Goçynyň ikinji, uly göwrümli eseri bolan “Ýazgyt” romanynyň golýazmasyny onuň haýyşy bilen 1998-nji ýylda, “Türkmenistan” gazetinde işleýärkäm okap berdim. Şonda men bu eserden juda täsirlenemsoň: “Goçy, hakykatdanam bu eseri seniň özüň ýazdyň-maý?” diýip soranymy duýman galypdyryn. Goçy Annasähedow “Ýazgyt” romanyny ýazmak bilen özüniň zehinli ýazyjylaryň hataryna, şägirtlikden ozduryp, halypalyga ýetendigini iş ýüzünde doly subut etdi. 1998-nji ýyl. | |
|
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -16: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
√ Köne mülk -10: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
√ Duman daganda: Galp gazanar, galtaman gönener - 12.06.2024 |
√ Köne mülk -3: romanyň dowamy - 10.06.2024 |
√ Hakyň didary -4/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Dirilik suwy -12: romanyň dowamy - 12.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -9: romanyň dowamy - 16.07.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -12: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Köne mülk -8: romanyň dowamy - 16.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -7: romanyň dowamy - 02.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |