08:39 Ýazmajak bolup ýazylan goşgy | |
ÝAZMAJAK BOLUP ÝAZYLAN GOŞGY
Goşgular
![]() “Il möňňürip, ýüzün tutup aglaýar, Ýesir boşamazmy, giden gelmezmi?!” Şähri-Bossan Köp gülen bir aglar bolsa, Köp aglan bir gülmezmi?! Magtymguly aýtmyşlaýyn: “Ajap eýýam gelmezmi?!” Hydyry hyrs çykan millet, Gözün gara çokan millet, Kül üstüne çöken millet Bir silkinip galmazmy?! Çörek gözläp çapalanan, Ýüzüne gum sepelenen, Ar-namysy depelenen Azgyndan ar almazmy?! Türkmen ady dakylanyň, Tumşugyna kakylanyň, Çynar deýin ýykylanyň Dikeljegi bolmazmy?! El tersine oklanan halk, Batrak kimin saklanan halk, Agzy-burny beklenen halk Süllermezmi, solmazmy?! Hakykatdan zormuş ýalan, Köpelýärmiş baýrak alan, Bu gün başy sypalanan Ertir saçyn ýolmazmy?! Bir bedewdim, gopdy ýalym, Süňk gapdy ýazyjy-alym. Adamdan mal ýasan zalym Ýüzüne gara çalmazmy?! Iru-giç syrylar perde, Nyrh bolmaz egilen serde, “Namart” diýp ýüzlenseň merde, Öldürmezmi, ölmezmi?! Şiraly NURMYRADOW | |
|
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |