11:02 Ýazsañ.. | |
Ýazsaň, gijäň keýpi zereň goýnunda,
Goşgular
Aý asmanda ýüzün sallap otyrka. Ýazsaň dünýäň ähli derdi boýnunda, Asyl-asyl bolup, aslyşyp durka. Ýazsaň, ýyldyzlary tesbi deý sanap, Bar mydaryň gaçyp, aýylsa essiň. Ýazsaň, ýürekdäki ýaralaň ganap, Gijeligi ukusyndan oýatsyn. Ýazsaň, ýanyp setirleriň derdinden, Ýassyk edip duýgularyň dessesin. Ömrüň ýaryn owarrama berdim men, Köňle goýup rakyplaryň kyssasyn. Ýazsan, tagty arzuw edip özüňe, Diläp şygryň bilen baky galaryň. Men şeýle bir tagt salaryn özüme, Şonda maňa gözi gider şalaryň. Şähribossan GELDIMÄMMEDOWA. | |
|
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |