13:23 Ýazyjynyñ syýasy we filosofiki lirikasy | |
ÝAZYJYNYÑ SYÝASY WE FILOSOFIKI LIRIKASY
Edebiýaty öwreniş
■ Hormatly okyjylar! Garaşsyzlyk we Bitaraplyk eýýamynda beýik Erkinligiñ waspçysy bolan Türkmenistanyñ halk ýazyjysy, Halkara Magtymguly baýragynyñ eýesi Berdinazar Hudaýnazarowyñ döredijiligi uly bir umman. Onuñ şahyrana eserleri hem şol ummanda boý bermeýän bir deñiz. Men bu uly şahyr hakynda giden bir makalalar toplumyny ýazdym. Şahyrymyzyñ goşgularynyñ syýasy we filosofiki äheñlerini açyp görkezmäge çalyşýan şu makalamy okyjylara hödürlemegi makul bildim. B.Hudaýnazarowyñ paýhasa ýugrulan filosofik goşgulary, şu günki Garaşsyzlyk we Bitaraplyk bilen baglanyşykly ajaýyp eserleri tarp ýerden döremedi. Şol dana goşgularyñ badalgasy hökmünde şahyryñ ömürboýy ýazan goşgudyr poemalary hakynda söhbet açmak şu günem zerur bolsa gerek. Awtor. ◇ ◇ ◇ Şahyr Berdinazar Hudaýnazarow 40-njy ýyllaryñ ahyrlarynda edebiýata geldi. Onuñ ilkinji ýazan goşgulary o diýen kämil bolmasa-da, duýgy ýetmezçilik edýän hem bolsa, pikir däl-de, ritoriki goşgular kän hem bolsa, garaz ýaş şahyryñ goşgulary öz ýazylan döwrüne seredip baha berseñ, onçakly erbedem däldi, ýöredilýän pikir sagdyndy. Eýsem-de bolsa, şol goşgular häzir kämil çykan şahyryñ şu günlerki gowy goşgularynyñ esasydy, gönezligidi. Şahyryñ şol ýyllarda döreden "Watan hakynda aýdym" (1947), "Ýeñiş gününiñ ýatlamasy" (1948), "Ene ogla garaşýar" (1947) ýaly goşgular şahyryñ kem-kemden öz poçerkini agtarýandygyna güwä geçýär. 60-njy ýyllaryñ başlaryndan şahyr syýasy, filosofiki goşgulary bilen okyjylar köpçüligine özüni aldyryp başlady. Şahyr Berdinazar Hudaýnazarow 1927-nji ýylyñ 15-nji aprelinde ozalky Aşgabat oblastynyñ Ýerbent raýonynyñ Gyzylsakal obasynda maldaryñ maşgalasynda eneden bolýar. Maşgalalary Çärjew oblastynyñ Gyzylaýak raýonyna göçüp barandan soñ (1941) ol "Gyzyl baýdak" kolhozynda tabelçi bolup işleýär we şol ýerde ýediýyllyk mekdebi tamamlaýar. Şahyr 1946-njy ýyldan başlap metbugat bilen aragatnaşyk açýar. Soñra bolsa, ol Kerkidäki "Täze ýol" oblast gazetine edebi işgär bolup işe ýerleşýär. Şahyr 1947-1949-njy ýyllarda Kerkidäki "Pagtaçynyñ sesi" raýon gazetiniñ soñky ýyllarda "Sowet Türkmenistany", Marydaky "Водстроевец" gazetleriniñ redaksiýalarynda işleýär. 1955-nji ýylda Kerkiniñ 4-nji mekdebini wagtyndan öñ tamamlap, B.Hudaýnazarow 1957-1959-njy ýyllarda Moskwa şäherinde SSSR Ýazyjylar Soýuzynyñ ýanyndaky ikiýyllyk edebiýat kursuny okap gutarýar. Soñra "Edebiýat we sungat" gazetiniñ hem "Sowet edebiýaty" žurnalynyñ redaksiýalarynda edebiýat bölümleriniñ işlerini ýöredýär. Ol "Türkmenfilm" kinostudiýasynyñ ýanyndaky kinosenaristleri taýýarlaýan kursy okap gutardy. Şahyr öz döwri, zamandaşlary, söýgi, durmuş hakdaky oýlanmalaryny okyja özüçe ýetirip bilmegi başarýar. Beýik rus ýazyjysy, Nobel baýragynyñ laureaty M.Şolohow aýtmyşlaýyn: "Şahyr ýüreginiñ görkezmesine görä ýazýar. Şahyryñ ýüregi bolsa halkyñ ýüreginden aýry däl". Muny Berdinazar şahyryñ döredijiliginde her bir ädimde duýmak bolýar. Poeziýa pelsepesiz oñmaýar, Men pelsepä baş urýaryn ýene-de. Mysal alnan ýokarly setirler şahyryñ öz setirleri. Aýdyşy ýaly hem B.Hudaýnazarowyñ döredijiliginde filosofik goşgular uly orun tutýar. Biziñ prozamyzda ~ türkmen poeziýasynda filosofiki lirikanyñ döremegi Berdinazar Hudaýnazarowyñ ady bilen baglanyşyklydyr. Çünki, şahyryñ irki döwürde ýazan şygyrlarynda hem filosofiki äheñ duýulýardy. Onuñ goşgulary adamkärçilik duýgusyna ýugrulandygy, döwrüñ möhüm meselelerine ses goşýandygy, öz belet temasydygyny, şol zatllardan hem öz filosofik jemlemesini çykaryp bilmek bilen tapawutlanýardy. Okyjysynyñ kalbyny lerzana getirýän, onda öz güýjüne ynam döredýän, ony beýik göreşlere galkyndyrýan tüýs durmuşy poeziýa B.Hudaýnazarowyñ poeziýasydyr. Onuñ "Keramat" diýen goşgusyny mysal alyp göreliñ. Goşguda ölüm ýassygynda ýatan enäniñ ýagdaýy bilen tanyş bolýarsyñ. Ene soñky deminde hem ruhdan düşmeýär. Gaýta göwünlik berýär. Ene hakda goşgy ýazan şahyr köpdür. Ýöne bu goşgy özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Ene ýaly mukaddes zatdan mahrum bolan ýetginjek derrew özüni arslan ýaly duýýar. Başa agyr gün düşende, adamyñ has hem merdana bolýandygyny enäniñ waspy edilýän şu goşgudaky ýetginjegiñ obrazynda görüp bilýäris. Göräýmäge sada ýaly bolup görünýän bu goşgynyñ filosofiýasy durşuna durmuş hakykatydyr. Bu goşgy Magtymgulynyñ: "Iş geldi, düşdi başa, merdana boldum imdi" diýen filosofiýasy bilen heñdeşdir. Şahyryñ has soñky ýyllarda döreden goşgularyny okan mahalyñda, olaryñ güýçli filosofik duýgulara ýugrulyp ýazylandygyna aýdyñ göz ýetirýärsiñ. Öñde belläp geçişimiz ýaly, filosofik lirika hem syýasy lirikadan üzñe däldir. Şonuñ üçin hem şahyryñ filosofiýasy onuñ uruş we parahatçylyk temasynda ýazan şygyrlarynda has aýdyñ duýulýar. "Kyrk üçünjiñ çöregi" diýen goşguda liriki gahryman uruş ýyllaryny ýatlaýar. Şol ýyllarda çöregiñ gadyrynyñ neneñ bolandygyny ýatladyp, şu bolçulygy göterinip bilmek baradaky pikirini okyjysy bilen deñ bölüşýär. Şeýlelikde, liriki gahryman göreşilip gazanylan şu bagtly durmuşy söýmek, göterinip bilmek ýaly asylly ideýany öñe sürýär. Şahyryñ "14 ýaşyñ ýazgylary" diýen goşgular siklinden "Taryh mugallymy" diýen goşgusy gowy filosofik goşgudyr. Şygyrfa uruş ýyllarynyñ taryh mugallymy barada gürrüñ gidýär. Mugallymy geçen asyrlardan, taryhyñ gatyndaky uruşlardan gürrüñ berýär. Şu ýerde şahyryñ-liriki gahrymanynyñ, mugallymyñ obrazynyñ filosofiýasy utgaşýar. Bu ýerde bolsa hakyky durmuş filosofiýasy ~ geçmişi bilmezden geljek hakda dogry kesgitleme çykaryp bolmajakdygy hakyndaky pikir orta atylýar. Ýeke bu goşguda hem däl, sikliñ beýleki goşgularynda hem "Gözel ejäñ salam hatlary", "Ylýas aganyñ maşgalasy", "Aýallar" ýaly goşgularda hem bir hat, ýeñşe bolan ynam duýulýar. Adamzadyñ başynda durjak zadyñ ýoklugy, hemme zadyñ wagtlaýynlygy, dünýäde hemme zadyñ özgerýändigi hakyndaky filosofiýa konkret obrazlaryñ, detallaryñ üsti bilen berilýär. Şahyryñ poeziýasy özüniñ graždanluk hyjuwy, jemgyýetçilik äheñi bilen tapawutlanýar. Şahyryñ söýgüsi tematikasy ~ ömür bilen ölüm, ynsan mertebesi bilen ar-namys, adamkärçilik ~ gumanizmdir. Awtor poeziýanyñ belebt wezipesini şeýle kesgitleýär: "Poeziýa güýmenje däl, ol diñe lezzetiñ çeşmesi hem däl, poeziýa göreşmelidir, adamlaryñ has adamkärçilikli bolmagy üçin göreşmelidir". Ine, şahyryñ şygary. Onuñ ömür we ölüm barada, durmuşda nähili ýaşamalydygy barada ýazan filosofik goşgusyny şu ýerde dolulygyna getirmegi makul bildik. Bu peşgeş berlen çäklije ömri Guwanyp geçiriñ, Söýüp geçiriñ. Kitüwden-kineden belentde boluñ, Paýhasa, pähime uýup geçiriñ! Özüñi tanamak bolsa näçe kyn, Il-gün tanar ~ oña ýakyn dur, ýakyn. Ýaşaman jahanda ogrygyn-bukyn, Dünýän gözelligini duýup geçiriñ! Säher yhlas bilen aglanda guşlar, Hiç kim diñlemese, aglaýarmyşlar... Undulmasyn dost-ýar, dogan-gardaşlar, Sarpa saklañ, hormat goýup geçiriñ! Ýagşy bar, ýaman bar ~ etmäli inkär, Bigünä geldiñmi ~ gitme günäkär. Ömrüm, tiz geçseñem geçmediñ bikär - Är kimin ýaşadym diýip geçiriñ! Şahyr Hudaýnazarowyñ döredijiliginde filosofik goşgular juda köp. Şeýle goşgularyñ hataryna "Esen gülek", "Guzy", "Uruşly kino", "Goşgynyñ goragynda", "Ýüregime", "Hüwdi bilen ant", "Düşündiriş" ýaly goşgularyñ onlarçasyny goşmak bolar. Biz öñde türkmen edebiýatynda filosofik lirikasynyñ döremegi B.Hudaýnazarowyñ ady bilen baglanyşykly diýipdik... Emma türkmen poeziýasynda filosofik lirikanyñ döremegini B.Hudaýnazarowyñ ady bilen baglanyşdyryp, ony birden ýüze çykan ýaly edip görkezsek, onda durşuna dünýewi pikirlerden doly, baý edebi mirasymyz bolan klassykamyza ~ Magtymgulynyñ, Keminäniñ, Mollanepesiñ, Seýdiniñ döredijiligine göz ýumdugymyz bolardy. Altmyşynjy ýyllaryñ poeziýasynda köpçülikleýin ýykgyn edilip ugran filosofiki goşgular klassyk şahyrlarynyzyñ dünýewi-filosofik şygyrlarynyñ täzeçe öwüşginidir. Klassyk şahyrlarymyzyñ filosofiki goşgularynda, esasan adam bilen adam arasyndaky gatnaşyklar, pany dünýäniñ jepaly taraplary barada söhbet açylyp, liriki gahrymanlar adalatsyzlykdan zeýrenip geçen hem bolsalar, biziñ döwrümiziñ şahyrlarynyñ goşgularynda doganlyk-dostluk, adamyñ şahsy azatlygy, ýer ýüzünde betbagtçylygy, urşy, deñsizligi ýok etmek äheñleri çuññur pikirler arkaly öñe sürülýär. Biziñ şahyrlarymyza diñe bir klassyklarymyzyñ däpleri däl-de, eýsem, Ýewropa edebiýatynyñ, esasan hem rus edebiýatynyñ görnükli wekilleri Puşkiniñ, Lermontowyñ, Gorkiniñ, Blogyñ, W.Maýakowskiniñ, S.Ýeseniniñ, A.Twardowskiniñ, N.Tihonowyñ eserleriniñ ösen doganlyk halklaryń edebiýatynyñ hem belli bir derejede öz täsirini ýetirendigini, täzeçe ýazmaga, täze formalar gözlemäge kömek berendigini inkär edip bolmasa gerek. Häzirki zaman şahyrlary dünýä edebiýatynyñ gowy nusgalaryny okap, özleşdiren şahyrlardyr. Şolaryñ arasynda Türkmenistanyñ halk ýazyjysy Berdinazar aga-da bar. Ýurdumyz Garaşsyz hem hemişelik bitarap Döwlet bolandan soñ, Berdinazar Hudaýnazarowyñ graždanlyk lirikasy has hem joşgunly ýañlanyp başlady. Ýazyjynyñ publisistik galamy has ýiti we tiz işläp başlady. Onuñ Garaşsyzlyk döwründe döreden goşgularynyñ özi tutuş bir kitap boldy. Garaşsyz azat zamana gojalyp başlan şahyry gaýtadan ýigdeltdi. Onuñ sazanda Akmyrat Çaryýew bilen ýazan "Serdar" diýen aýdymy dilleriñ senasyna öwrüldi. Indi: Ata-babalañ ýurdy, Gadym mekany, Serdar. Sag bol, Garaşsyz boldy, Boldy erkana, Serdar! diýen setirleri bilmeýän adam ýok bolsa gerek. Ýurduñ Serdaryna, onuñ beýik zamanasyna guwanç, buýsanç şahyryñ "Serdar halkym synlap dur", "Alla saña gaýrat bersin", "Türkmenistan hakda aýdym", "Duzuñ haky", "Gypjak obasy, 1940-njy ýyl, 19-njy fewral", "Garaşsyzlygyñ müñ güni" diýen goşgularynda, "Biziñ Prezidentimiz", "Prezident meniñ durmuşymda" ýaly publisistik makalalarynda bar. Ýazyjynyñ ýurt öñündäki, il-halk öñündäki beýik borjuny añry ýany bilen ödeýändigini añladýan bu eserler täze döwrüñ hakyky edebiýatydyr. "Dünýäniñ ähli jaýryklary meniñ ýüregimiñ üstünden geçýär" diýip, beýik nemes şahyry Genrih Geýne aýdan eken. Ýene bir beýik adamyñ biri: "Bähbit bar ýerinde messep ýokdur" diýipdir. Bu diýildigi öz bähbidine çapýan adam, ýurduñ, Watanyñ, il-halkyñ aladasyny edýän, öz ideýalarynyñ ugrunda janyny bermäge taýýar şahsyýet bolup bilmez diýildigi bolsa gerek. Öz bähbidinden il bähbidini ýokarda goýmagy ündemek ýaly watançylyk çagyryşlaryna, il-gün öñündäki borjuña düşünmek hem Berdinazar aganyñ hem döredijiliginiñ esasy özeni bolup durýar. Şahyryñ graždanlyk pozisiýasy mydama halkyñ tarapynda. Ýazyjy-şahyrlaryñ öz şahsy delosy üçin öz elleri bilen ýazan terjimehaly bolýar. Ol bary-ýogy birki sahypa sygýar. Ol eserler bolsa, 1-2 sahypa ýazylman, halkyñ hakydasyna ýazylýar. Halkyñ hakydasyna ýazylan zatlar bolsa şol halk ýitip ýok bolmasa, ýitip, ýok bolmaýar. Megerem, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyñ zehinli ogly, Türkmenistanyñ halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyñ eýesi Berdinazar Hudaýnazarowyñ eserlerine-de şu ykbal garaşýandyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |