16:21 Ýedi aşygyñ biri | |
ÝEDI AŞYGYÑ BIRI
Edebiýaty öwreniş
1999-njy ýylda eýranly ildeşimiz, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyñ eýesi Myratdurdy Kazy Aşyr Molla ogly bizde myhmançylykda boldy. Myratdurdy aga Eýranda türkmen şahyrlarynyñ eserlerini, türkmen dessanlaryny neşir edip, ile ýaýratmakda uly işler bitirýän meşhur neşirýatçydyr. Aşgabada gelende, eli sowgatly gelýän Myratdurdy aga şol gezek gadymy türkmen dessany bolan "Arzy-Ganbaryñ" arap hatynda neşir edilen täze kitabyny alyp geldi. Bu dessany filologiýa ylymlarynyñ kandidaty, tejribeli folklorşynas Amangül Durdyýewa çapa taýýarlapdyr. Kitabyñ başynda A.Durdyýewanyñ ýazan uly bolmadyk "Sözbaşysy" hem ýerlekdirilipdir. Köne türkmen sýužeti esasynda dörän "Arzy-Ganbar" dessany, esasan, türkmen, türk, azerbaýjan, gagauz halklarynyñ arasynda bellidir. Ýöne bu dessan ol halklaryñ hiç birinde-de "Zöhre-Tahyr", "Şasenem-Garyp" we beýleki meşhur dessanlar ýaly rowaç tapmandyr. Magtymgulynyñ, Şabendäniñ, Keminäniñ, Döwletmämmet Balgyzylyñ we beýleki türkmen şahyrlarynyñ goşgularynda ady ýedi aşyk-magşugyñ biri hökmünde hormat bilen ýatlanylýan "Arzy-Ganbar" dessanynyñ beýle bir ýörgünli bolmanlygynyñ bir sebäbi hökmünde dessanyñ kemele geliş döwrüniñ has irki döwürlerden gözbaş alyp gaýdýandygyny, galyberse-de, onuñ möçber taýyndan hem çaklañja, gysga bolanlygyny görkezmek bolar. Ýeri gelende aýtsak, "Zöhre-Tahyryñ" we beýleki käbir dessanlaryñ hem irki döwürlerde belli bolan nusgalary il içinde seýrek duşýar. "Zöhre-Tahyryñ", "Saýatly-Hemranyñ", "Şasenem-Garybyñ" bize belli bolan häzirki nusgalary bolsa, XVII-XVIII asyrlarda has kämilleşen nusgasydyr. "Arzy-Ganbar" dessany hatd ýitip giden eser hasaplapdyrlar. Filologiýa ylymlarynyñ kandidatlary A.Meredowyñ we S.Ahallynyñ "Türkmen klassyky edebiýatynyñ sözlügi" atly kitabynda "Arzy-Ganbar" rowaýatlar esasynda Orta asyrlarda dörän bir dessan. Ol giñ ýaýraman, soñabala ýitip gidipdir" diýlip aýdylýar. Elbetde, dessanyñ beýleki türki halklardaky ykbaly hem takmynan, şuña ýakyndyr. Meselem, azerbaýjan alymy Gazanfer Paşaýew "Arzy-Ganbaryñ" azerbaýjanlaryñ arasynda-da unudylmaga ýakynlanlygyny, onuñ il içinden ýazylyp alynmandygyny belleýär. "Arzy-Ganbar" dessany soñky döwürlere çenli türkmen folklorşynaslyk ylmynda öwrenilmedi. Öñ, umuman, "Arzy-Ganbaryñ" sýužeti bilen, esasanam, dessanyñ türk we kerkuk nusgalary bilen gyzyklanan türk alymlaty Aly Berat Alptekiniñ, Ata Terzibaşyñ we ýokarda-da agzap geçen azerbaýjan alymymyz Gazanfer Paşaýewiñ atlary ylmy jemgyýetçilige belli bolsa, indi bu sanawa türkmen alymy Amangül Durdyýewanyñ hem adyny goşmak bolar. A.Durdyýewa bu dessanyñ Türkmenbaşy adyndaky Türkmenistan Milli golýazmalar institutynyñ hazymasyndaky, folklor bölümindäki 235, 258, 514 (bu bukjada dessanyñ iki nusgasy bar), 624, edebiýat bölümindäki 1090, 1852-nji bukjalarda saklanýan jemi 7 nusgasyny tapypdyr. Dessanyñ nusgalary, esasan, Bäherden, Änew, Manyş, Kaka, Tejen sebitlerinde 20-nji, 30-njy ýyllarda ýazylyp alnypdyr. Dessanyñ ýene bir nusgasyny A.Durdyýewanyñ özi gyzylarbatly aýdyjy, 79 ýaşly Abadan Durdyýewanyñ dilinden ýazyp alypdyr. Şeýlelikde, türkmen folklorşynaslyk ylmynda "Arzy-Ganbaryñ" 8 nusgasy bellidir. Elbetde, il içindr dessanyñ has doly nusgasynyñ hem bolmagy mümkin. "Edebiýat we sungat" gazetiniñ 1991-nji ýylyñ 17-nji maýynda çykan sanynda "Arzy-Ganbaryñ" doly nusgasynyñ Kürüždeýli mugallym Süleýman Öwez oglunda (şahyr Süleýman Öwezow) barlygy habar berilýär. Şeýle nusgalaryñ ýurdumyzyñ beýleki künjeklerinde-de bolmagy ahmal. A.Durdyýewa "Arzy-Ganbar" dessanyny öwrenmekde täze pikirleri hem öñe sürüpdir. Hususan-da, alym bu dessanyñ sýužetiniñ asyl nusgasynyñ ilki türkmenleriñ arasynda döräp, soñra onuñ Horasandan Anadoly ülkelerine, Yraga göçüşlik döwürlerinde öz örülerini giñeldendigini çaklaýar. Bu sýužetiñ ýaýrawyna türki dilli halklaryñ medeniýetiniñ aýrylmaz baglydygy hem oñyn täsir edipdir. Ýöne her halk oña belli derejede öz milli reñkini, ruhy estetiki aýratynlyklaryny siñdiripdir. Herhal ir döwürdäki türkmen nusgasy dessanyñ diñe bir kyssa böleginde däl, eýsem, goşgularynda-da ilki başdaky görnüşini, esasan, ýitirmän saklapdyr. Meselem, muny Arzynyñ öz söýgüsine garşy duzak gurýan ata-enesiniñ Ganbaryñ aşyna awy gatan pursatynda aýdýan goşgusyndan bir bendi türkmen, türk we Kerkuk nusgalary esasynda deñeşdirilende görmek bolýar. Bu bent türkmen nusgasynda şeýle: Iýme, Ganbarym, iýme, Enemiñ akly keme. Bişmiş guzy göştüne, Balam garsalar iýme. Türk nusgasyna bu bendi şeýle: Dema Kambarım, deme, Sırrını yellere deme. Karşındakı yemekler, Şeker ise'de yeme. Indi bolsa Kerkuk nusgasyna ser salyñ: Emä Gambärim, emä, Nänämingin ägli keme. Öwkuuda gudu bir ýan, Agu gatypdy iýmä. Diýmek bu meñzeşlikler dessanyñ dürli halklardaky, nusgalarynda dil aýratynlyklarynyñ, milli reñkleriñ bardygyna seretmezden, bu nusgalaryñ çeşmesiniñ birdigini añladýar. Galyberse-de, dessanyñ türk nusgasynda baş gahrymanyñ atasynyñ adynyñ Türkmen begi atlandyrylmagyny hem sýužetiñ asyl köküniñ türkmen topragyndan gidendigini görkezýän bir fakt hökmünde düşündirmek bolar. "Arzy-Ganbar" dessany Türkiýede, Bolgariýa, Azerbaýjanda neşir edildi. Türk alymlary bu dessanyñ A.Durdyýewa tarapyndan çapa taýýarlanan türkmen nusgasyny-da Türkiýede neşir etmegi göz öñünde tutýarlar. Araznepes MÄMMETJUMAÝEW, filologiýa ylymlarynyñ kandidaty. #edebiyatwesungat_99 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |