ÝEKE TAL
Sygryň dili ýaly iki barmak haty getirip gideniň hemlesi Orazbibi ejäni düýrükdirdi. — Toba tagsyr, «Ýatanyň üstüne turan gelmesin» diýleni. Özi bir çymçyk ýaly oglan welin, gürlän bolşuna seret muň. «Aga Halyl döwletiň kanunyny bozanmyş. Şoň üçin milisgä barmalymyş. Eger barmasa...» diýen bolup, hemlesine sered-ä bisyratyň. Sen kanuny näbilýäň, beýlekini diýsene. Barmaýanda näderkäňiz? Aga Halyl siziň çeýnejek çöpüňiz-ä däldir, göresiňiz-dä. Degmedige-hä degmez, degäýse-de gaýdyp ikini islemez ýaly eder...
Orazbibi eje hernäçe giňlige salyp, arkaýynsyrasa-da kalbynyň bir ýerinde dörän howsala ony öz erkine goýanokdy. Mal-garanyň hysyrdysy, içeriniň «otur-tury» bilen hemişe wagtyň nähili geçenini bilmeýän aýalyň bu gün güni ötenokdy.
Ozal uşak işlerden basylyp, öz-özüne käýinip ýören Orazbibi ejäniň ýadawlyk ýele ýanyndanam gelenokdy. Ertirki ýakymsyz çakylyk kalbynda köwsarlap, oňa ynjalyk berenokdy. Şol «tumagyň» sözlerini birin-birin gaýtalap, özüçe nyrh kesýärdi:
— Aga Halyl döwletiň kanunyny bozanmyş — Gör-ä, ulalyp — oňalmadygyň tapan bolýan gepini. O kanun diýilýän zady her kim pozup-düzüp ýörmelimikä? «Şu gezek barmasa-da» diýen bolýa, gyz... Şu gezeg-ä däl, ýene on gezek çagyrsaňyzam Aga Halyl gapyňyzdan ätlär öýdemok...
Orazbibi ejäni uzakly gün küýi-köçesi şol çakylyk boldy. Sypyndygy adamsynyň ýoluna gözüni dikdi. Onuň yzyna dolanmaly wagtynyň bireýýäm bolandygy üçin, az-kem aladalanman hem duranokdy. Göwnüne ynjalyk bermeýän pikirleri unutmak üçin, gün-güzeranlary hakynda oýlananyny kem görenokdy.
— Daýhançylykdan başga näme aýby barka bu bendäň. Depesinden gum sowrup, ýagyrny işligini şorladyp ýöreni üçinmikä, çagyrylýany? Men-ä o dünýe-bu dünýe «Aga Halyl bolmasy iş edipdir» diýseler, ynanan tapylar öýdemok. Toba etdik, ýamanyň päli özüne bolsun!
Gün eňegini ýere beriberende, Aga Halyl ak öýüň işigine gelip, atynyň jylawyny çekdi. Daş-töwerege gözüniň gyýtagyny aýlady. Soňam üzeňňä agram berip, atdan düşdi. Töwerekde «Me, bu janawary gazygyna ilte» diýäýmäge gabyl adam görmänsoň, atyny idip, ýataga tarap ýöneldi. Atyny gazyga iltärine mähetdel, Orazbibi eje ony şum habar bilen garşylady. Özem bir aýtdy goýmady. Şeýtse hamana özüniň derdi ýeňläýjek ýaly duýdy. Ýadawlykdanmy ýa-da doga gaharjaňlykdanmy, gözi-ýüzi egşäp duran Aga Halyl:
— Hümm... — etdi-de, atynyň julyny aýyrmaga synandy. Birdenem uzak ýoldan geleni, atyň endamynyň derjigip durany ýadyna düşüp, bu işi az salym soňa goýmagy müwessa bildi. Orazbibi eje-de gyňajynyň çowuny dişläp, onuň yzyndan galmady. Muňa Aga Halylyň gahary geldi. Hyrra yzyna öwrülende, tasdan onuň bilen çakyşypdy. Goja sakga durdy. Aýalynyň goşa tirkelen ýaly bolup ýörşüne gyýgyny pürkesi geldi. Ýöne Orazbibi ejäniň rejäniň geň däldigini aňyp, öýe tarap ýumlukmagy ony gazapdan halas etdi.
Aga Halyl atynyň ýanyna geldi. Çekisini ýazdyryp, haşamly eýeri keçesi bilen alyp, gyzgan ahylyň peseňräk ýerinde goýdy. Gazyga ildirilgi duran içi arpaly torbany atynyň kellesine geýdirip, janawaryň ýalyny, sagrysyny sypalaşdyrdy. Göýä eýesine hoşallyk bildirýän ýaly at janawar hem iki-üç gezek başyny atdy. Bu herekete attorbadaky arpa «şagyr-şagyr» ses etdi.
Aga Halyl öwrülip gapa gelende, işikde sazanaklap duran Orazbibi eje hasam aljyrady. Ol öýe girjeginem, girmejeginem bilmän elewredi. Aga Halyl oňa barmysyňam diýmän, ýaňja doldurylyp goýlan ak kündige tarap ýöneldi. Orazbibi eje suwly kündüge adamsyndan öň ýetdi. Bir eli bilen kündügiň boýnundan, beýleki eli bilen bolsa jürnüginden tutup suw akytmaga häzirlendi. Goja onuň elindäki kündügi siltäbräk aldy-da, işikdäki äpet talyň düýbüne baryp çommaldy. Arkaýyn oturyp ilki ýüz-gözüni, boýunlaryny ykjam ýuwdy. Telpegini çykaryp, ony goýmaga oňaýly ýer agtaryp gowsundy. Gojanyň ähli hereketini synlap duran Orazbibi eje çaltlyk bilen telpege elini uzatdy. Goja gabaklaryny çala galdyryp, aýalynyň ýüzüne garady. Soňam onuň raýyny ýykman çalaja gülümsirän ýaly edip, ýuwunmagyny dowam etdi.
Orazbibi eje Aga Halylyň bu gezekki yşramasyny gowluga ýorjak bolup synandy. Emma ertirki çakylyk ýene-de ýadyna düşüp, ynjalykdan gaçdy:
— A gyz, muň azaryna-da däl-le bi aýdylan zatlar. Kemteresinden «O nämäniň çakylygymyş?» dagam diýmedi. Göwnübir ýaly. Ýa bar zatdan habarlymyka bi çal! Aý, ýok, uzak ýoldan gelip durşy ahwetin. Bu habary menden başga bilýän bardyram öýdemok. Gel, gowsy, men muňa şojagaz haty görkezeýin. Meni iýäýesi ýok, şoň üçin.
Orazbibi eje öýde adamsyndan öň girdi. Derrew oňa süpürgiç uzatdy. Soňam ýorganyň gatyndan hälki haty aldy-da, çalaja pyşyrdady:
— Ine, şo hat!
— Güm et, şo tetellileriň hatam derkar däl, özlerem!
Aga Halyl yzyny aýtmady. Orazbibi eje elindäki haty nätjegini bilmedi. Mynçgalap bir gapdala oklaýsam diýibem oýlandy. Ýöne oňa-da bogny ysmady. Onsoň ýumrugyna mäkäm gysyp, öz işi bilen gümra boluberdi.
Çaý demledi. Gojanyň oturjak ýerine goşa ýassyk oklady. Onuň eý görýän käsesini çaýkamakçy bolanda, elindäki hata gözi düşüp aljyrady. Ony ýygşyrmagyň küýüne düşdi...
Aga Halyl düşege geçdi. Bilindäki saralyp ugran kamys guşagyny çözüp, derçigen maňlaýyny süpürdi. Çäkmenini iki epläp, tördäki haly çuwalyň öňüne taşlady. Mütgelden köýneginiň ýeňlerini çekişdirip, akgaýma tahýasyny arkanrak süýşürdi, ýassygy tirsekledi. Atymy ýeten gök çaýdan käsesini dolduryp, sowaryna-da garaşman, hopurdadyp, owurtlap başlady. Guşdyrnak çaýyň ýakymly tagamyny alandan derçigip ugrady. Çekge damarlary ýiteňkirläp ugransoň, çytylyp duran gaşlary ýazyldy, birneme keýpi çaglandy. Onsoň gap böwürde iňkise gidip, çugutdyryp oturan aýalyna söz gatdy:
— Näme, enesi, bir bolgusyz çakylyk üçin eňek atyp, gidip barýaň-a!
— O nähili bolgusyzmyş. Hälki gelip-gideniň öwzaýyny bir gören bolsadyň... Köneden ary köýen ýaly, edil...
— Äý, olar bir tur-otur, kersen getir diýilýänlerindendir.
— Zähersiz ýylanam iniňi düýrükdirýär-ä.
— Sen olaryň emeldarlaryny bir gör, agyzlaryndan ot çabraýar.
— Toba tagsyr!
Entek aga Halylyň diňe bir aýalynyň-a däl, başgalaryňam ýanynda beýle dänjiräp gürrüň eden wagty ýokdy. Muny Orazbibi eje-hä bir geň gördi welin, gojanyň özem haýran galdy:
«Be, Allajanlarym, ýürek ýukalyp başlapdyr öýdýän. Ýa bi demiň düşgürligem haýallap ýörmükä?!» — diýen pikiri hyýalyna getiren goja başyny aşak salyp esli oturdy. Onuň bu günki hereketinden azajygam bolsa ýüz tapan Orazbibi eje söze goşulanynam duýmady:
— Beýle hyňranyşar ýaly näme edenmişiň olara?
Keýwanysnyň sowaly Aga Halyly ukudan oýanan ýaly etdi. Öwhülläp ýerinden gozgandy. Entek boşadyp ýetişmedik çäýnegini aňyrrak süýşürip, eke dyzyna galdy. Ak öýüň gözeneginden daşaryk äňetdi-de, burnuna salybraga-da jabjyndy:
— Hanha, olaryň garagyna dürtülen zat!
Aga Halyl gözenege elini salgady. Ol ýerde üýtgeşik bir zat görjek ýaly Orazbibi eje-de tärime maňlaýyny degrere gezek getirip, daşaryny synlady. Soňam nägile halda pyşyrdady:
— Biz-ä şo ýerde bäş düýp üzümden başga zat göremizok.
— Belaň körügi şol üzümler-dä — diýip, Aga Halyl ýene-de ýumşak ýassygy tirsekledi. Soragly nazaryny üzümli haýatdan sowman oturan Orazbibi eje çalaja hüňürdedi:
— Wip, toba, gögerip oturan zat olaryň garagyna dürtüldimikä? Üzüm bir uçmahdan çykan zat ahyry.
Aga Halylyň sesi güňleç çykdy:
— Hawa, hawa, garaklaryna dürtülipdir. Bu ýere suw çykanmyş, taşlap başga ýere göçmelimiş. Yssalin karar çykaranmyş. Kiçijik obalary birleşdirip uly galhoz gurmalymyş.
Goja yzyny aýtmady. Hyrçynyny dişläp, başyny ýaýkady. Käsesine çäýnegiň düýbündäki çaýy sarkyrdy. Geplemän içini hümledip, kän oturdy. Nämäniň nämedigine göz ýetiren Orazbibi ejeden ses çykmady. Işikde agtyklarynyň gowry köpelip başlansoň. Olary bahana edinip daş çykdy. Öýde ýeke galan goja aýalynyň yzyndan seredip:
— Ýeri, bu naçarda näme ýazyk bar diýsene — diýip, uludan demini aldy. Onuň göz öňüne özüni bilip başyndan geçiren wakalary gelip başlady...
Ýigit çykynça maşgalalarynyň göç-gon meselesi Agany halys kejikdiripdi. Onsoň bir gün ol kakasy bilen şu meselede çynlakaý gürrüň etmeli boldy.
— Kaka o ýerden bu ýere göçüp ýörmekden ýadamadyňyzmy?
Oglunyň bu sözleri Kiçigul agany geňirgendirmänem durmady. Göpürden işip oturan tanapyny bir gapdala goýup, oglunyň ýüzüne dikanlap seretdi. Çalaja gülümsiredi:
— Ýadadyk, ogul, ýadadyk. Ýöne alajyň näme? Ýorgana görä aýak uzatmaly-da. Belli bir ýerde mekan tutup bilmedik-dä şu çaka çenli.
Kiçigul aga dymdy. Oglunyň mamladygyna gözi ýetip duransoň, başga zat diýjegem bolman, öz işi bilen gydyrdanyberdi. Aga kakasynyň jogabyndan nägileligini ozalka gör-ä hemliliräk aýtdy:
— Göçüp gonubam-a alan galaňyz bolmandyr.
Oglundan entek beýle mojuk çöz eşitmedik Kiçigul aganyň gahary geldi:
— Tüketsenaýt, nokgy-nokgyňy. Näme şü adamlar kep edýändir öýdýäňmi şoňa? Ýeliň ýyly ýerden çykýa seň. Gala synaly bäri esli ýyllap ezenegimiz galmady. Soňam bolşewik diýdi, menşewik diýdi nirä ýöreýänimizi aňşyrmadyk. Kowçum bolup mary aýagyna göçüp gördük. O ýerde-de ýerlemedik. «Towşana dogduk depe» diýlenini edip, Ahala dolandyk. Ynha indem ýene goşumyz arkamyzda. Çarwaçylykdan artan zadymyz bolmansoň, ata-baba kesbimize dolanalyň diýip, Halyllar bolup bir karara geldik...
Kiçigul Halyl assyrynlyk bilen oglunyň ýüzüne garady. Onuň aýdanyna puşman edýän ýaly sortduryp oturşyna haýpy geldi. Gepi az-kem ýumşatmagy makul bildi.
— Haý, ogul-ogul, «Ýer gaty bolsa öküz-öküzden görer» diýip, könelerimiz ýöne aýdan däldirler. Ýaňy emgegiň ujundan girip ugradyň. Entek köp çarkandyklary görüp, ençeme çarşenbäni duşuňdan geçirmeli bolarsyň. Alňasama! Sabyr-kanagatly bol!
— Wah, kaka, ähli zada aklym ýetibem dur welin, birden içim byjyklaberýär.
Jahyllygyň oýnudyr ol. gaýnap duran gany kiparlatmak ýeňil-ýelpaý-a däldir welin, bir alajy tapylaýmazmyka? Eneň-ä «aýagyny duşasak» diýip, oturaryma-turaryma goýanok, ýene o mamla çykaýmasan?
Kiçigul Halyl çalaja ardynjyrady-da gabak astyndan ogluny synlady. «Ýaş ýigidiň göwnüni galkyndyran meseläni dowam etmelimi ýa-da dälmi» diýen pikir gojada uzak säginmedi. Aganyň gamaşyp duran ýüzi, çytylan gaşlary gojany başga hörpden gopdurdy:
— Men bar zada düşünýän, oglum! Belli bir ýerde mesgen tutup, sübse başyny bogýançak gelinli mesele hezil bermez. Nesip bolsa Tejen aýagynda ornaşyp, özümizi bir dürsäliň, onsoň toýa şaýalanybereris.
Aga aýdara zat galmady. Kakasynyň häsiýetine belet bolansoň, onuň bilen ylalaşaýmakdan başga alaç ýokdy...
Kä ýyl kä ýyl gözbaşyna ygal düşmän taňkyrara gezek gelýän Tejen derýasy ýyl ygally gelende dolup-daşyp, hanasyna sygman, bolmajy bolýardy. «Idili suw gelesi ýok-la» diýip, arkaýynlyga salan ilaty başagaý ederdi. Şonda Garrybendiň ähli gözüni açyp, bulanyk mele suwy degene gözüm menden däl diýip akdyryp goýberýän halatlary hem bolýardy. Gatakaryň köne ugryny syryp gaýdan suw adamlary o diýen bimaza etmezdi. Oňa derek derýanyň hanasynyň has giňelen ýerlerinde çişlemek arkaly düme gawun-garpyz ekerdiler. Derýa bolsa gitdigiçe ýalpaklap, suwy ýeriň ýüzüne ýaýraýardy. Onsoň ol ýerde jeňňellik emele gelipdi. Birmahallardan bäri ol ýere «Ýolbarslyň tokaýy» diýip at berýärdiler.
Halyllaryň bu gezekki göçi Ýolbarsla 10-15 çakrym ýetmän, onuň günorta-gündogarynda goş ýazdyrdy. Ýurt tutunaýmaly alaňlyk olaryň gözüne yssy göründi. Göçüň öňüni çekip gelen Kör Halyl inidir-agalaryny bir ýere ýygnady:
— Ine gardaşlar ýurt ýeri edinäýmeli ýere Taňry bizi öz aýagmyz bilen getirdi. Öý tutjak, çatma dikjek ýerleriňizi peýläberiň.
Kör Halylyň sözlerini oturanlaryň aglabasy makullady. Içinden birlän ikilän gep ataýsam diýip synananlaram ýaşulynyň:
— Bu ýeriň yrýasy ýok. Göwnüňi bire baglap, gonsoň ýurt bolar, galany hem Allanyň işi — diýen sözleri hiç kime gep oklamaga ejaza beremok diýdigidi.
Iki-üç günň içinde Garrybentden bir salkynlyk demirgazykda çaklaňja oba emele geldi. Patyşalygyň jaryndan saka alnyp, gazylan ýabyň algyrlygy halylaryň isleýişi ýaly boldy. Agdarylyp, düňderilip gelen mele suw täze obanyň adamlaryny diýseň begendirdi. Ep-esli ýyl çarwaçylyk bilen meşgullanyp, akar suwa zar bolanlary üçinmi ýa-da indiki dowam etjek kesp-kärleriniň hatyrasy üçinmi, olar suwy ýüzlerine syldylar.
— Ine, ilkinji daragty men oturtdym, yzy gür bolsun — diýip Kör Halyl göçüp gaýdan ýerlerinden getiren tal çybygyny «bisimilla» diýip, ýere sünçdi. Ine, şeýdibem täze obada güzeran başlandy.
Kiçigul Halyl iki-üç ýylyň içinde uly üzümli haýatyň eýesi boldy. Aga-da kakasynyň kesbine imrikdi. Aradan on-oniki ýyl geçdi. Kör Halylyň eken taly uzaklardan seleňläp göründi. Onuň obasynyň tarypyda bu jelegaýlara ýaýrap başlady. Gelim-gidimi köpeldi. Şol günleriň birinde Tejen uýezdiniň emeldarlarynyň şum habaryny getirdiler. Habary getiren çüri telpekli, jüýk burun ýasawuly Kör Halyl garşylady.
— Hoş habara getirmänsoň inim! Bu ýerlere patyşalygyň ýeri diýilýänini siz aýtmasaňyzam bilýäs. Ak patyşanyň bu ýere gelip ekin ekmejegine-de aklymyz kesýä. Ak ekeris, gök ekeris. — Özüňizden artanyny tabşyryň — diýseňiz oňa-da götinjekläp durmarys. Ýöne, göç-gon diýen meseläňiz welin, maňzymyza batanok.
— Göçmek meselesi hut neçennigiň öz görkezmesi — diýip, ýasawul ýüzüni kese-kese sowdy.
— Men bir gepi iki gaýtalap, siz bilen ýaňkalaşyp durjak däl. Aýdaýyň baýara top süýrän gelse-de, şu ýerden gozganmajak bolarys.
Kör Halylyň sözi ýasawula ýaramasa-da ol sesini çykarmady. Alaçsyz iki egnini gysyp, turmak bilen boldy. Gatyryň öňüni dolan atyna atlanyp, «Agyryňyza çydasaňyz ýüz ýaşaň» diýdi-de, eýýäm ýola düşen janawary debsiläp, gamçy çaldy.
Kör Halyl emeldaryň haýsy matlap bilen gelenini, aralarynda näme gürrüňiň bolanyny hiç kime aýtmady. Ondan bu barada soramaga-da milt edenem bolmady.
— Aý, gün diýlende salym barmy näme? Telpegiňi aýlamankaň pasyl çalşyp, ýyl dönüpdir. Indi Halyllaryňam ýurt tutunyp, güzeran dolap oturanlaryna ýoňsuzja wagt geçipdi. Beýleki garyndaşlary bilen birlikde Aga Halylyňam arkasyna ýel çaldy, Yrsgy göterildi. Kiçigül pahyr nowbahar oglyny öý-işik edensoňň, köp wagt geçmänkä ýurduny täzeledi. Indi maşgalaň bar keşigi Aganyň boýnuna galypdy. Ol üzümli haýatyň içinden çykanokdy. Hemişe goly çermelgi, bilem guşalgydy. Hoz ussanyň ýasan piliniň dek duruzylýan wagty ýokdy.
Ak patyşanyň ýykylyp ýurtbaşyna bolşewikleriň geçenini Kör Halylyň obasy esli günden soň eşitdi.
— Hudaýyň uranyny Pygamber hasasy bilen dürter etseňiz bolaýjagyňyz şudur — diýip, Kör Halyl içinden aýtdy. Onuňam özüne ýetik sebäbi bardy.
Kör Halylyň neberesi bir günemanyny dolap bilmän ýörenlerden däldi. Olaryň mal ýerinde maly, ekin ýerinde ekinleri bardy. Ata-babalaryndan gelýän demir ussaçylygy häzirem olar üçin gazanç çeşmesidi. Onsoň özlerine gaty bir Hudaý uranam diýiberesem gelenokdy. Ol sözi halabam baranokdy. Ýöne gepiň gerdişine görä aýdaýypdy. Daşyna çykaryp bilmedik hem bolsa, ol öz göwnüne getiren sözüne az-kem gyýyldy.
Täze hökümetiň şow-şowy Tejeniň obalaryna-da ýetdi. Kör Halylyň dyzmajrak inileriniň täze herekete goşulyp, ony oňlanlaram, iki-ýeke ynamsyzlyk edip ikirjeňlänlerem boldy.
— Bu ýerler Patyşalygyň ýeri, hany göçüň — diýip hemle urjagyň indi ýoklugy olary arkaýynlaşdyranam bolsa, «kolhoz gurmaly, kolhoza girmeli» diýen habarlar bularyňam gulagyna ilip başlady. Ahyry bir günem olaryň islegine beýlekisine garaman täze döredilen «GPU» kolhozyna birikmeli, şo ýere-de göçmeli etdiler. Ýene göçhä-göçlük.
— Iki göçde bir talaň diýilýäni şu — diýip, Aga Halyl jibrindi. Kör Halyl onuň badyny aldy:
— Bu hökümet bilen oýun edip bolmaz. Gepini gögertjegine söz ýok. Onsoň gep güjükledip ýörenden pişe bolmaz.
Çözgüt gutarnyklydy...
Agadan başga Halylaryň göçmesi uzaga çekmedi. Ol hem il deňinde maşgalasyny täze gurulan kolhoza göçürip eltdi. Emma üzümli haýatyň «göçi» wagty bilen tamamlanmady. Aga Halyl her düýp üzümi düýbüni daş-töweregi bilen köwüp tamdyr ýaly gumy bilen birlikde eşek arabasyna ýükledi. Eltibem täze ýurt ýerlerinde täzeden oturtdy. Edil öýüniň gapdalyndanam kyrk gulaç guýy gazyp, üzümleri suwly etdi. Şeýdibem Halyllaryň köne ýurdunda top oky düşen ýaly meňzeş çukurdy, Kör Halylyň ýeke talyndan başga zat galmady.
Biri-birinden daş bolmadyk menzilde üç sany kolhoz guruldy. Olaryň biri Halyllaryňky. Oňa«GPU» diýen gysgaldylan at berdiler. Beýleki obalara «Sosializm» «Kommuna» diýdiler. Bu ýerde-de Aga halylyň üzümi bolsady ekilen ýaly boldy. Ynha ýene-de köne heňňam, göçmeli...
Aga Halyl başyny galdyranda gün gijigipdi. Ol agşam namazynyň wagtynyň bireýýäm bolup geçenine gynandy.
— Wah, bir namazyň peýdasyna degmeýän işle welin, näme etjek. Ganyňy gyzdyryp, hötjetlik edip, tutuş nesliňi agzyňa garadyp, soňam «aý, bolmady-da» diýip oturandan imi-sala ylalaşanyň ýagşy...
Aga Halyl üzüm köwläp ugrady. Köp wagt geçmänkä düýbüniň tamdyr ýaly gumy bilen üzüm agajy ýüklenen araba täze oba tarap gatnap başlady...
Nowruz GURBANMYRADOW.
Hekaýalar