09:47 Ýelken | |
ÝELKEN
Goşgular
Deňiz içre ýalňyz ýelken agarýar, Mawy dumanynda umman-derýanyň. Ol alys illerde näme agtarýar? Nämesinden geçdi eziz diýarnyň? Tolkunlar oýnaşýar, sygyrýar şemal, Bogaldak jygyldap, egilýär barha. Wah, bagt gözläp tapjak bolanok kemal, Ýa däl ol bagtyndan gaçgaklap barýan. Aşakda dury suw göm-gök çüýşe deý, Üstünde tylla Gün, şugla çar ýany. Ol bolsa birahat, gaý oň küýsegi, Tupanda kalbyna aram bar ýaly. Terjime eden: Bäşim ÖDEK. * * * Agaryp görünýär ýalñyz bir ýelken Mawy duman içre, äpet ummanda. Ol näme gözleýär uzak ülkeden? Näme ýitiripdir dogduk mekanda?.. Tolkunlar oýnaýar, sygyrýar ýep hem, Gämiñ bogaldagy zaryn ses edýär. Ne-hä öz bagtyny agtarýar ýelken, Ne-de öz bagtyndan baş alyp gidýär. Astynda tolkunýar gögümtil umman, Üstünde Kuýaş dur tylla nar ýaly... Oñ pitneli kalby küýseýär tupan, Gaý-tupanda rahatlyk bar ýaly! Terjime eden: Atamyrat ATABAÝEW. | |
|
√ Darkaşnama / Goşgular - 28.05.2024 |
√ Hijri-zulmydan niçe kim, eýlesem men dat oňa... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Daglar we adamlar / Goşgular - 10.12.2024 |
√ Gutarylmadyk goşgy / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Sadyk her guly / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Eý bolup magraç burhany-uluwwy-şan saňa! / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Ýigrimi ýyldan soñ / Goşgular - 12.07.2024 |
√ Türkmen rysgy köp bolsun / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Nebsin neýleýen / Goşgular - 08.06.2024 |
√ Pikir / Goşgular - 28.10.2024 |