08:14 Ýene-de ýarym asyrdan soň / satiriki hekaýa | |
ÝENE-DE ÝARYM ASYRDAN SOÑ
Satiriki hekaýalar
Men Garagum şäheriniň merkezi meýdançasynda gezip ýörkäm, bir bildirişe gabat geldim: «Mýasorybowoşssementgudronplastmasholod» trestine ýumorist-konsultant gerek. Iş haky güldürip bilşiňe bagly. Habarlaşmak isleýänler 86791318473 nomerli wideotelefon arkaly gepleşip bilerler» diýlipdir. Men 86 milliard 791 million 318 müň 473 nomeri aýlap oturmadym-da, uçaýner-17 bilen göni treste baraýdym. ― Gaty gowy. Bize siziň ýaly işgärler gerek. Öňler ХХ asyrda ýumorist-konsultanta derek kärhanalarda ýurist-konsultantlar bolar ekeni. Indi döwür üýtgedi. Siziň etmeli işiňiz şu trestiň uprawleniýe naçalniklerini gülmäge mejbur etmeli, iň bolmanda ýylgyrtmaly. Işgärleriniň öňünde gaş-gabagyndan buz asyşyp otursalar, maňa raport beräýmeli. Garaz, ýüz görüp, gapyrga syrma-da. Eger meniňem tukat oturanymy, yzgytsyzlyk edenimi, gülmän-yşman kabinetime adam kabul edenimi görseň, özüme duýduraý. Ikinji gezek gaýtalasam bolsa tä ÝUMMIN-e çenli mälim etmäge hakyň bardyr. Ýumoristik ministrligiň jaýyn-a özüň bilýänsiň. Men işe başladym. Ilki bilen bir hepde on gün hiç kimi güldürmedim. Ýumorist-konsultantyň galyň kodeksler kitaby bilen tanyş boldum. Kitabyň gysgalan görnüşdäki adyna TÝUK diýilýär ekeni. Türkmenistanyň ýumoristik kodeksi ady bilen çap edilen bu gollanma edara ýolbaşçylaryny köp zatlara borçly edýärdi. «Eger edara ýolbaşçysy öýünde bir näsazlyga duçar bolsa, has türkläp aýtsak, aýalyndan käýinç alsa, ol ýolbaşçy işe gelmeli däldir. Tukatlyk keseli hroniki ýagdaýa öwrülmänkä, ýa tutaşyp başgalara geçmänkä, poliklinika, ýumoristiň kobinetine barmalydyr, ýa bolmasa «Tiz ýumoristik kömegi» öýüne çagyrmalydyr. Ine ýokarda mysal getirilen düzgünler TÝUK-nyň sahypalarynda iri harplar bilen ýazylypdyr. Kitapda diňe bir gülmeli adamlar hakda däl-de, eýsem güldürmeli ýumoristler barada-da berk düzgünler bardy. «Ýumorist-konsultant batnyksyz, ýuwan, öň leji çykan anekdotlary bilen güldürmeli däldir. Eger ol birine fiziki taýdan täsir edip, ýagny onuň içini gyjyklap güldürse, onda ýumorist eliňizdäki kodeksler kitabynyň 173-nji maddasynyň «g» punkty bilen aýyplanýar. Bu punktda 3 ýyldan 7 ýyla çenli mejbury iş görkezilipdir. «Mejbury iş alan ýumoristiň yzgytsyz hasap edilýän edara ýolbaşçysynyň gol astynda özüne berlen möhleti geçirmelidir» diýlip, 173-nji maddada aýdylýardy. Günlerde bir gün meniň işleýän trestime garaşly uprawleniýeleriň biriniň naçalnigi irden işe ýüzüni sallady geläýdi. Aýaly oňa «Her ýyl meni Myrryh ýyldyzyna gezelenje ugradýaň. Men saňa Zöhre ýyldyzyna putýowka al diýipdim ahyry» diýipdir. Naçalnik bolsa aýalyna: «Ikartäç, maňa beýle ezýet bermesene. Men şu günler öz işime ýetişip bilemok. Dördünji kwartal özüňe belli, plandyr borçnama üçin haýdamaly bolýas. Täze ýyl bir başlansyn, sen Wasa gitjek diýseňem ugradaýyn. Onsoňam meň gaharymy getirme, edarada şu günler trestden adam bar. Ýumorist-konsultant gelipdir» diýýär. Men naçalnigi işe goýbermedim. Ol özüni rahatlandyrmak üçin poliklinika wraç-ýumoristiň ýanyna gitdi. Ol ýerde-de ony özüm kabul etmeli boldum. Çünki poliklinikada-da 0,5 zähmet haka işe giripdim. Anekdota başlaýanam weli, ýaňky naçalnik görgüli içini tutup, gülmäge başlaýar. Çünki menden sypyp bilse kaýyl. Menem kliýentlerimi tizräk işine ugratsam şat. «Işlemäge ukyply, şadyýan» diýip, oňa sprawka berdim. Soň-soňlar men-ä poliklinikada kliýentlerimi ýeke-ýekeden däl-de, üýşürip kabul etmäge başladym. Her kimiň ýaşyna, ylmyna kybapdaş däl-de, umumy anekdotlary aýtmaga başladym. Men hakda baş wraçyň adyna anonim hat hem ýazyldy. «Ýumoristsumak A. hemişe işde pallap otyr. Aýdýan anekdotlary tüýs warsaky. Arada meni güldürip bilmän, içimi gyjyklady. Özem men köriçegämi operasiýa etdiripdim. Ol gödek ýumorist-wraç tas garnymdan gapy açypdy. Esli ýeriniň tikinini sökdi. Arada bir gaýtarmanyň hem içini gyjyklajak bolupdyr. Ol-a gyňajyny otlyň tüssesi ýaly edip kabinetden çykyp gaçdy. Gürrüňi edilýän wraç-ýumoristsumak başga-da birki ýerde işleýärmiş». Gepiň kelte ýeri, meniň işim KSU-a düşdi. KSU ― kontrol-satira uprawleniýesidi. Ol köplenç ýumoristleriň harsal eserleri üçin alan gonorarlaryny yzyna tabşyrmaga mejbur edýän edarady. Netijede men poliklinikadan, robot zawodyndan, «Kaspimorpodwodpastbişe» uprawleniýesinden, Kyrkçulbadaky pagta arassalaýjy zawoddan, Aşgabat ― Aý aralygynda gatnaýan ýolagçylar raketa stansiýasyndan alan pullarymy yzyna bermeli boldum. Şol pullary tabşyryp durkamam, hezil edinip gülýärdim. «Ine, hakyky ýumorist. Biz-ä şeýle ýagdaýda gülüp bilmeris» diýşip kärdeşlerim geň galdylar. ― Näme gülmän ― diýip, men yzly-yzyna dürli ýomaklary suňşurýardym. Çünki men ýene şu ugurdan işlemäge hukuk gazanjak bolýardym. Onsoňam KSU meniň ähli işleýän ýerlerimi anyklap bilmedi. Men Aşgabat metropolitetinde, Kirpiliniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda hem ýumorist-konsultant bolup işleýärdim. Repertuarym bolsa ählisi üçin birdi. Şeýlelik bilen men bu kärimden boşadyldym. Soňra robotlara, ýagny demir adamlara durmuş taýdan hyzmat edýän kombinata işe geçdim. Günlerde bir gün meniň ýanyma bir robot geldi. Oňa Demirguly Robotowiç Poladow diýilýän ekeni. Özüniňem pasportyndaky ýasalan wagtyna seretseň-ä ýaşy 28. Emma ýüzüne äňetseň garry. ― Demirguly Robotowiç, size näme boldy. Depäňizdäki inçejik antennajyklar çalarypdyr-la, entejik irräk dälmi? ― diýip, men oňa ýüzlendim. ― Men birki ýyl mundan öň öýlen... ― Dur, dur. Maşgala meselesi bilen özüňiziň robsuduňyza ýüz tutuň. Biziň edaramyz diňe ýag çalýar, üzülen, döwlen ýeriňiz bolsa bejerýär, ýüregiňi, kelläňi çalşyp berýär ― diýip, men onuň sözüni böldüm. ― Men aýalym üçin öňe tutulýan emeli ýaprak getiripdim. Onam aýalym Robjemal halamady. «Maňa sim geçen ýapon ýapragyny getirmänsiň» diýip azgyryldy. Ine siz şu ýapragyň içinden sim geçirip beriň. ― Dogrudanam şeýdäýmeli. Täze ýylyň baýramçylygynda Robjemal Demirgulyýewany bir begendireýin ― diýip, men ýaňky ýapragy öz sehlerimiziň birine tabşyrdym. Şol wagt ýaňky demir adam sag eli bilen döşündäki «G» harpy ýazylan knopkalarynyň birini basdy weli, gülki başlandy. «G» harply knopka «gülki» döredýän apparatura bilen baglanyşykly ekeni. Men şondan soň «gülki ýaşaýşyň müdimilik hemrasydyr» diýlen pikiriň dogrydygyna ýene bir gezek göz ýetirdim. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |