13:56 Gezek ýetirse | |
GEZEK ÝETIRSE
Goşgular
![]() Suwjarma eý ogul dek gez bozulma, Şeýle-de bozjak kän gezek ýetirse. Müzzerme eý ogul dikger üzülme, Şeýle-de üzjek kän gezek ýetirse. Seriňi belent tut, päliň pesden ýört, Ýagşy niýet bile halal nygmat ört, Nadan namart kişä jomart goluň art, Şeýle-de ýykjak kän gezek ýetirse. Bu ömür çarkandyk ýollar geçer sen, Beýige ýeten çagyň dostlar hoşlar geň, Kyn günüňde hoş dostlaryň daşlar çen, Şeýle-de depjek kän gezek ýetirse. Eý durmuş adyl bol merde mert deýin, Namardy hekgertme ot bilen çoýun, Her kese özi bol etdirme oýun, Şeýle-de ütjek kän gezek ýetirse. Halmyrat bu ýoldan ötüpdiň ençe, Kysmatym synagyň hanjaryn sünje, Köňlümi ynjytdyň dözüp sen munça, Şeýle-de dözjek kän gezek ýetirse. 04.02.2024 ýyl. | |
|
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |