15:43 Ynsap | |
YNSAP
Goşgular
![]() Adam bolmak näme, bilýärmisiňiz?! Gursagyňda urmak ynsaply ýürek. Gyzylgül Annagylyjowa Akyl satjak bolup ýöremok, asla, Artykmaç akyl ýok sada göwnümde. Aýtsam diýdim ynsap hakda bilenim, Gowgasyna baş çalardan döwrümde. Ynsap diýlen närse täsin güýç borly, Elýetmez bolarmyş onuň gymmaty. Päk edim-gylymlar şoňa jemlenen, Namysa şärik oň rysgal-nygmaty. Gursakda saklamak däl eken aňsat, Gidäýjek hem bormuş käteler, tasap. Ynsaplam diýermiş şol zaman: Saklan, Sensiz dünýe bormy, dünýe diýlen zat! Täk özüme bolsun diýip, bu durmuş, Dünýäni tutjakdan ynsaby ýoklar. Gorap biler dünýe mally dünýäni, Diňe är gaýratly, ynsapdan doklar. Her hal aýrylmasyn ynsan ynsapdan, Ýürekde ornasyn, çykman gursakdan. 2023 ý. Geldimyrat SEÝIDOW. | |
|
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |