Y N S A P
Salawat mugallym orta mekdepde indi uzak ýyllardan bäri obadaşlarynyň çagalaryna biologiýa dersinden sapak berip gelýärdi. Ol etrap möçberinde-de tejribeli mugallymlaryň biridi. Mugallymyň okadýan okuwçylaryndan ýokar okuw mekdeplerini tamamlap bu ugurdan alymlyk derejesini alanlar hem, özi bilen bir mekdepde işläp ýörenlerem bardy.
Salawat mugallymy beýleki mugallymlardan ýene-de bir tapwutlandyrýan zat, ol hem howlusynda saklaýan haýwanlaryna çaga seredýän ýaly ideg edişidi. Özem diýseň hoşgylaw, dözmezek, poladyýumşak asyl garynjany ynjytmaýan adam diýilýänlerdendi. Ýüregi ýukady, dözümsizdi. Onuň howlusynda ullakan bir gaba kelleli iti hem bardy. Nirä gitse-de, gaýdyp gelýänçä howlyny bir özi gorardy. Adyny-da Arslan dakypdy. Ol Arslan diýseň arslandy. Onsoň Salawat mugallymyň itine esewan bolşam, hatda naharlaýşam başgaçady, ýalagyny asla boş goýmazdy. Mal soýulýan ýerlere aýlanyp, gassaplaryň taşlan ýagjymak süňkdir sümeklerinden çöpleşdirip getiren gezeklerem köp bolardy.
Bu günem işden gelip, oba arasyna siňdi. Toýly atly bir oglanjyk okuwa gelmänsoň olaryň maşgalasyndan habar almakçy boldy. Ol baranda Toýlyň atasy Aşyraly aga uly bir tuduň goýry kölgesinde mal soýup oturan eken.
-- Et ýagly bolsun, Aşyraly aga! –diýip, dileg etdi.
--Sag bol.-- Aşyraly aga eliniň tersi bilen telpeginiň gözüne düşüp duran tüýlerini bir gapdala syrdy. Soňam Salawat mugallymy görüp: --Salawat, bu senmidiň?! Gel-geçiň oturyň. Ine, menem bu işi bir ýüzli edip barýan--diýdi.
--Ýok! Aşyraly aga, oturmakçy däl, körpe agtyjagyň Toýly mekdebe barmady welin, habar alaýyn diýdim.
Aşyraly aga jogap berip-bermänkä:
---Ata, aý ata, goňşulara eltip ber diýen kirbeňke daş diýilýäniňi içerden tapmadym-laý!—diýip, öýden Toýlyjygyň özi çykdy.
-- Wah, oglum, oglum, meniň kirbeňke daş diýýänim köne şkafyň ýokarky çekerinde gözüňe dürtülip durandyr-a, ýarym kilolyk daş.
--Wiý, terezi daşymy?
-- Hawa, terezi daşy. –Aşyraly aga Salawat mugallyma bakyp gürledi. --Gördüňmi, Salawat, indiki össürimler terezi daşynyň köneçe atlandyrylyşynam bilenoklar. Mekdepde öwredilýän däl bolmaly.
-- Men siz edüşündim. Ýakynda mekdebimize dil-edebiýat ugrundan täze mugallym geldi. Özem mirasgär. Köne sözleriň onlarçasyny ýanynyň düşündirişi bilen taýynlapdyr. Hälki kirbeňke sözem men şonda gördüm. Ol, ine, nesip bolsa. täze okuw ýylynda Toýlylary hem okadyp başlar.
Toýly mugallymyny görüp birbada kürtdürip durdy. Soňam:
--Salam mugallym!—diýdi.
--Salam Toýly, gurgunjamyň? Mekdebe gelmänsoň...
--Ony men alyp galdym—diýip, Aşyraly aga mal soýup duran ýerinden başyny galdyrman jogap berdi.—Bu gün olar köpeldiler. Toýlyň jigisi boldy.
--Agtyk ýaşy uzak bolsun, Aşyraly aga.
--Ertir aýlanyň, mähelle üýşjekdir öýe.
--Hökman, hökman geleris, Aşyraly aga! Ataly-eneli bolsun!
--Sag boluň, ine, bularam dostuňa alyp bar – diýip, oňa malyň artyk-süýşük galyndylaryny salyp goýan köne bedräni görkezdi.
--Taňryýalkasyn. It janawaryň adama dost kemi ýok.
-- Wah bilýän, bilýän, dostuňa eltip ber diýýänimem şonuň üçindi-dä! Seniň it saklaýşyňa, ony neneň gowy görüşiňe, eýse men näbeletmi?!
...Haýp, şol günden soň göz boldumy, dil boldumy, Arslan nirädir birýana gürüm-jürüm boldy.Ýatagam haňlap galdy. Suw gabynda suw, ýalakdaky naharam guýluşy ýaly, ýagjymak sümeklerem el degrilmän ýatyr. Geler diýip umyt etdi. Sebäp onuň munça wagtlap howludan çykyp uzak ýerlere giden gezegi bolmandy. Ol dostuna garaşdy. Uzakly günläp garaşdy. Göwnüne bir ýerlerden zompa çykaýjak ýaly boldy durdy. Haýp, gelmedi. Üstesine, ondan gördüm-bildimem bolmady.
Şeýdibem ol Arslanyndan – wepaly dostundan aýra düşdi, soň-soňlaram gözläp, soraglap, onuň barmadyk ýeri, aýlanmadyk howlusy galmady. „Birentek itler guduzlansoň başyny alyp gidiberýändir. Onsoň onuň gidişi gidiş bolup, gaýdyp yzyna köwlenän däldir“ diýenlerem tapyldy. Salawat mugallym bu pikir bilen ylalaşmady. Ol öz iti barada başga pikirdedi. Ol aram-aram lukman gözegçiliginden geçirip durýardy. Itiň sagdynlygyna kepil geçýärdi. Onuň kesellemäge haky ýokdy. Ýöne oňa hyrydar gözler welin kändi. Asyl oňa „Arslanyňy maňa sat-da, maňa sat, oňa derek bir maň goýun bereýin“.“Itiňi maňa berseň, ornuna üç-dört güjük getirip bereýin“ diýen çopanlaram bolupdy. Ana, onsoň Salawat mugallym mydama şo zeýili adamlardan heder edip gezerdi. Ýöne olaram bu günki bolan ýagdaýdan bihabardylar, gynanç bildirip gidýärdiler. Gummat goňşusynyň bir gezek itine ýowuz darany welin hemişelik ýadynda galypdy. Howluda hiç kimiň ýoklugyndan peýdalanyp Arslanyň üstüne obanyň dört sany ýarak itlerini küşgüripdir. Arslan näçe gaýtawul berse-de, dört it dört ýerden oňa agyz salyp, telim ýerinden ýaralapdyrlar. Hernä goňşularyň çagalary ýetişäýipdirler. Bolmasa, bu oýnuň soňy näme bilen gutarjagy belli däldi.Aslynda duldegşir goňşularymyzyň hiç haýsy-da it saklamaýardy. Arslan olaryň öýlerini hem goraýardy. Onsoň Arsany goňşularyň ýörite gelip naharlan gezeklerem köp bolardy. Mal soýduklary bes, onuň artyk galyndylaryny Arslanabererdiler. Hawa, şol gezek Arslanyň köp ýerine ýara düşdi. Esli wagtglap essine gelip bilmedi. Ýaralaryna em edilensoň-a dura-bara bäri bakyp ugrapdy. Munuň üçin obaň dälibaş oglany Gummada käýedi, onuň ata-enesine-de berkden-berk tabşyryp gaýtdy. Ondan bäri köp wagt geçipdi.
Salawat mugallym itini ýatsa-tursa ýadyndan çykarmady, gözleri ýoldady. Onuň pikiriçe, Arslan haýsydyr bir ýere äkilip, daňylyp diýlen ýaly saklanylýan bolmalydy. Belki goňşy oba düşendir. Ýöne nirede bolsa-da, ahyry yzyna geljegine şübhe etmeýärdi. Asyl ol Salawat mugallymyň maşynyny örän uzaklardanam tanardy. Geçen tomus sanatoriden gelende, obadan esli uzaklykda maşynynyň öňünden çykyp, ilki bolup ony garşylanam Arslandy ahyryn. Şonda Salawat mugallym onuň boýuna-boýuna böküşini görüp, gözleri çyglanypdy. Maşynyny saklap, endamynyň tüýlerini sypaşdyrdy, öýe gelibem ýalagyna bir bölek et oklapdy. Onsoň „itiň eýesine wepasyny men şu itde--Arslanda gördüm“ diýerdi.
Bir gün welin it bilen bagly bolmasyz bir iş boldy duruberdi. Öz ulagynda çagalary bilen şäherden çykyp, ýaňy bir oba aralaşyberende nirdendir bir ýerlerden atylyp diýen ýaly haýsydyr bir it janawar maşynyň öňüne böwet boldy. Bi ýagdaý göz açyp ýumasy salymda boldy. Asla nämäň-nämedigini aňşyrarça wagt bolmady. Dogrusy, Salawat mugallym aljyrady, ähli güýjüni tijäp, maşynyň ruluny çepe öwrüp ýetişdi. Maşyn şol tizligi bilen ýoluň gyrasynda hatarlanyşyp goýlan beton sütünlerine baryp süsdi...
Salawat mugallymyň şäher hassahananyň agyr syrkawlar saklanylýan bölümine getirilenine indi üç gün bolupdy. Şondan bäri hem ol özüni bilmän, sus ýatyrdy. Lukman onuň özüne gelerine garaşýardy. Dogrusy, el-aýagynyň iki-ýeke seýiklenen ýerlerini hasap etmeseň, başga ýerine uly bir şikes ýetmändi, süňňi sagatdy. Ýol hadysasynda kem-käs şikes alan beýleki çagalary hem hassahanaň başga bir otagynda lukmanlaryň gözegçiligine alnypdy.
Gün öýlä agyberende bölümiň nobatçysy şepagat uýasynyň „“Hassa özüne geldi!“ diýen sesi öňi bilen hassahanaň däliziniň ugrunda toparlanyşyp duran lukmanlary heýjana saldy. Olar ylgaşlap diýen ýaly bu ýere geldiler. Baş lukman hem olar bilen içerik girdi. Bu mahal ýüz-gözi saralgy hassa agzyny düşnüksiz dilde müňküldedýärdi. Şepagat uýasy:
--Doktor, doktor, hassa nämedir bir zat aýtmakçy bolýar? Çagalaryny sorajak bolaýmasyn!? – diýdi.
Bejeriji lukman hassaň elini tutdyç pulsuny barlady.
Salawat mugallymyň agzyny näçe öwre müňküldetse-de, barybir düşnükli aýdan zady bolmady. Lukmanlar howsala düşdi.
--Biziň onuň näme sorajagyny hökman bilmegimiz gerek. Bu onuň saglygy üçin hem, biziň üçin hem örän möhüm zat bolup biler?
--Çagalaryndan öňňe näme möhüm zat bolup biler? Elbetde, ol özi bilen heläkçilige düşen çagalaryny alada edýändir. Bolmasa, çagalaryny ýanyna getirip, onuň gözüne görkezäýmeli bor—diýip. bejeriji lukman dillendi.
Baş lukman hassanyň has golaýyna gelip:
--Mugallym, siz zady gaýgy etmäň. Çagalaryň saglyk ýagdaýam gowy. Hiç haýsyna-da ullakan bir zeper ýeten zat ýok. Bäş-üç günden hemmäňizi hem öýüňize goýbäris. Dogrusy, biz sizi gaýgy etdik. Üç gije-güdizläp özüňize gelmediňiz. Indi welin gaýgylanara zat ýok. Tüweleme, bärik bakdyňyz, enşalla keremara gutularsyňyz. Geçmiş bolsun, mugallym! —diýip, adaja gepledi.
Onýança hassanyň sag eliniň barmaklary çalajan gymyldady. Ony hemmelerem gördi. Soňy bilen-ä ol barmaklar pianino guralynda saz çalýan ýaly, çalt-çaltdan hereketenip başlady. Hemmeler oňa näsagyň elleri sandyraýar diýip düşündi. Baş lukman welin hassanyň bu hereketlerinden başga zatlar aňşyran eken. Ol derhal şepagat uýasyna ýüzlendi:
--Uýam, hany sen bize bir kagyz bilen galam getir. Mugallymymyz bize nämedir bir zatlary ýazyp görkezmek isleýär.
Şepagat uýasynyň gidişi gelişi bilen deň boldy. Kagyzam getirdi, galamam. Baş lukman galamy näsagyň barmaklarynyň arasyna tutdurdy. Hemmeler onuň aýtmakçy bolýan zadyna sabyrsyzlyk bilen garaşdy. Salawat mugallym nämedir bir zatlary çyrşady.
Kagyzy ilki bolup garbap alan baş lukman ondaky jümläni daşyndan okady. “Meniň kakdyran itime näme boldy, dirimi? Ol kimiň iti eken?“.
--Diri, diri, siz iti kakdyrmansyňyz, o janawara hiç zat bolmandyr. Häzirem ol şu ýerde, hassahanaň töwereginde köw-jöw edip ýör, kowsaňam gidenok! Bilýäňizmi ol kimiň iti eken? Ol it siziň öz itiňiz --Arslan. Ol ýitmändir eken. Hoşgeldi çopan ony ýany bilen özüne ýoldaş edip dowarlaň ýatagynda saklapdyr -- diýip, hemmeden öň oňa baş lukman jogap berdi.
Salawat mugallym baş lukmanyň bu aýdanlaryny eşidip ynjalan borly, şondan soň ol rahat uka gitdi.
Hekaýalar