16:28 Ýolaýyrt / hekaýa | |
ÝOLAÝYRT
Hekaýalar
Ýolaýrytda duran perişde ejemiň ýüregini iman terezisiniň bir tarapyna, guwuň ap-akja ýelegini bolsa beýleki tarapyna goýdy. Ejemiň ýüregi guşuň ýeleginden hem ýeňil geldi. Perişde ejeme: —Siz, Behişde geçiberiň –diýdi. Şondan üç ýyl soň, kakam hem ýolaýrytda duran perişdäniň huzuryna bardy. Perişde kakamyň ýüregini-de iman terezisiniň bir tarapyna, beýleki tarapyna bolsa guwuň ap-akja ýelegini goýup çekdi. Kakamyň ýüregi ýelekden agyr geldi. Perişde kakama: —Siziň ornuňyz Dowzah! –diýdi. Kakam allaniçiksi bolup: —Näme üçin? –diýip sorady. Perişde oňa: —Ýüregiňiz tämiz däl –diýip, jogap berdi. —Başaryp bildigimden tämiz saklajag-a boldum… –diýip, kakam ömrüniň niresinde näme säwlik goýberendigini ýatlamaga çalşyp, pikire çümdi. Meniň bilşime görä, ol mert, halal ýaşan adamdy. Onuň häzir nähili elhenç ahwalaty başdan geçirýändigini aňýardym. Ol özüniň Dowzaha ýollanandygy üçin bizden —çagalaryndan, tanyş-biliş, dost-ýarlaryndan utanýan, ejemiň ýanyna düşmänine gynanýan bolsa gerek. —Ýöräň, ýoly saklamaň! –diýip, perişde kakamy gyssady. Azaplardan doly sakar Dowzaha tarap bialaç gidip barýan kakam bize: —Siz bir ýüregiňizi tämiz saklajak boluň! –diýip gygyrdy. Ýolaýrytda bolan bu ahwaly görüp: «Ýowuz synag…» diýip oýlanýardym. Şeýle synagyň öňümde bardygynyň pikirini öňräk etmänime ökünýärdim. Sebäbi men hem eýýäm ep-esli ýaşa ýeten adamdym. Kakam birdenem yzyna öwrüldi-de, bize garşy ylgap gaýtdy. Dowzaha ýollananlara esewanlyk edýänler ony tutmak üçin dumly-duşdan topuldylar. Dowzahyňdyr uçmahyň gapysyndan girmäge häzirlenip duranlaryň ünsi kakama gönükdi. Olar kakamyň bu bolşuna geňirgenişip seredýärdiler. Men kakam uçmahyň gapysyndan kürsäp girip, ejemiň ýanyna barmak isleýändir öýtdüm. Emma ol göni bize tarap ylgap gaýtdy. Tertibe gözegçilik edýänler kakamy kowalap gelişlerine arany barha ýygyrýardy. Bu ahwaly synlap duran perişde «Degmäň!» diýip, kömekçilerine yşarat etdi. Şol pursat kakam iki dünýäniň araçäginden bize tarap böküp geçdi. Lukmanlar indi onuň ýaşajakdygyny, ýöne munuň üçin ýüregini öwürtse kem bolmajakdygyny aýtdylar. Bu teklibi kakam oňlady. Sebäbi onuň öz ýüregi ýolaýrytdaky perişdäniň aýtmagyna görä, tämiz däldi. Dowzaha ýollanmagyna sebäp bolupdy. Kakam ýüregini öwürtmek isleýänleriň nobatyna ýazyldy. Indi ol haýsydyr bir heläkçilige uçrap, tarpa-taýyn ýogalan bendäniň ýüregini alyp, özüne oturtmaklaryna garaşýardy. Men oňa: —Eger-de ol oturdylan ýürek hem tämiz bolmasa nätjek? –diýdim. Ol maňa: —Şeýle bolmagyndan juda gorkýaryn... –diýdi. Men oňa: —Sen öz ýüregiňi nädip hapaladyň? –diýdim. Ol maňa: —Bilmedim-dä... –diýdi. Nobat haýal süýşýärdi. Kakam özüni töweregine mährem alyp baryp, adamlara ýagşylyk baryny edip, mert, halal ýaşaýardy. Aslyýetinde, ol ozal hem erbet adam däldi. Indi welin, ol barada «perişde ýaly» diýýärdiler. Lukmanlar ony öz gözegçiliginde saklaýardy. Onuň ýüregi indi öňküleri ýaly azar berenokdy. Şeýle-de bolsa, kakam nobatynyň ýetmegine garaşýardy. Men kakamyň başyna düşen bu pajygaly ahwala gynanýardym. Islendik adamyň (şol sanda özümiň hem) irde-giçde ýolaýrytdaky perişdäniň huzuryna barmaly boljakdygy hiç ýadymdan çykanokdy. Indi men bar zatdan beter öz ýüregimiň tämizlik derejesini bilmek isleýärdim. Bu islegim diýseň güýçlüdi. Şonuň üçin hem ýüregiň tämizlik derejesini kesgitleýän gural ýasadym. Bu barada aýdanymda, kakam tolgundy: —Ilki bilen meniň ýüregimi barlap bersene! –diýdi. Ol gural öz çaklaýşymdan-da gowy bolup çykdy. Adam ýüreginiň diňe bir tämizlik derejesini däl, onuň nirede, haýsy sebäbe görä hapalanandygyny, ony arassalamagyň ýollaryny hem salgy berýärdi. Kakamyň ýüregi eýýäm tämizlenen ekeni. Onuň hapalanmagynyň sebäpleri bolsa ujypsyzja zatlardy. Ýöne durmuşda goýberýän şeýle ownuk säwlikleriň hem ýüregiň tämizligine zeper ýetirip biljekdigine göz ýetirdim. Men kakama ýüreginiň tämizlenendigini buşlap: —Sen indi uzak hem bagtyýar ýaşarsyň! –diýdim. Ol begendi: —Hoş sözleriň üçin sag bol, oglum! –diýdi. Indi maňa öz ýüregimiň aladasyny etmek gerekdi. Hemra ŞIROW. Surat: Polat Garryýew / "Üç ýol" | |
|
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Ketenini ysgamadyk armanlar... / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Tabyt / hekaýa - 17.07.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 4 | |||
| |||