22:49 Ýolbarsyñ ýagysy / hekaýa | |
ÝOLBARSYÑ ÝAGYSY
Hekaýalar
Biziň «Haýwanat bagymyzyň» açylanyna gaty köp ýyl bolansoň, jaýlarymyz könelişen. Haýwanlaryň kapasalarynyň kerpiç diwarlarynyň arasynda syçanlar ketekläp, azar ýamanyny berýärler. Olar üçin iým gözläp kösenip ýörmegiň geregi ýok. Haýwanlaryň iýminiň galan–gaçanlary hem ýeterlik bolýar. Özlerem gözegçiler islendik wagt arkaýyn girip-çykyp bilýän, howpsuz jandarlaryň kapasalarynda däl-de, ýyrtyjy haýwanlaryň ýerleşýän ýerlerinde ketekleýärler. Naharlanmaga bolsa «Haýwanat bagynyň» islendik künjegine gidip, garynlaryny gäberdensoňlar, hiç kimiň azar berip bilmejek kapasasynda gurnan «öýlerine» dolanýarlar. Olar ýolbarsyň kapasasynda öý tutunmagy has-da haladylar. Sebäbi onuň kapasasy bir çetde, daşky haýatyň gapdalynda. Şol haýatyň düýbi bilen bagyň beýleki ýerlerine gidip gelmek amatly. Kapasanyň arka ýüzüne bolsa bede basylgydy. Birden gyssaga düşüläýen halaty, şonuň aşagyna sümlüp, janyny gutarmak mümkindi. Galyberse-de, ýolbars ýolbars bolýar. Onuň kapasasynyň agzyna köp mähelle üýşýär. Dürli–dümen symyşlap, ýolbars iýse-iýmese, käte oňa-da oklap, uzak oturýarlar. Bu hem syçanlar üçin goşmaça «lukmalardy». Onsoňam, ýolbarsyň kapasasynda ýaşanyň özi nämä degmeýär. Oňa ýürek edip girip, syçan tutup biljek adam ýok. Munuň üçin «haýwanlaryň şasyny» wagtlaýynça başga bir ýere göçürmeli. Bu bolsa barypýatan hysyrdyly, howply iş. Elbetde, biziň, Gaýgysyz, atlandyrýan garryja ýolbarsymyza hem syçanlaryň azary ýetýärdi, esasy ýagysyna öwrülipdiler. Ony öňki ýolbarsymyz keselläp aýrylansoň, Moskwanyň «Zoobirleşiginden» alypdyk. «Gaýgysyz» diýip atlandyrmagymyzyň sebäbi, ýolbarslar, adatça, örän gaharjaň, hyrsyz bolguç. Öňki ýolbarsymyz hatda ýasy piliň üstüne goýup, gözenegiň arasyndan et äberilende-de, pili penjesi bilen urup, iki-üç gezek onuň sapyny döwüpdi. Berlen et süňklek bolup, göwnüne ýaramasa-da, gözenegiň daşyna pyzyşdyrybermesi bardy. Iki gat tutulan demir germawyň aňyrsyndanam, tomaşaçylar onuň ýüzüni görenlerinde yza tesiberýärdiler. Çagalar bolsa gorkujygyna balaklaryna buşugyşyp, aglaşyp ugraýardylar. Garryja aýallar: «Ýüzüň gursun, hyrsyzdygyny. Ýolbarsyň dagy ýüzi nazarkerde bolmazmy, janlar?! Bu bir adamhora meňzeýär» diýşip, içine tüýkürişerdiler. Ol arlanda, beýleki janly-jandarlar tisginişip, tebil tapyp, kapasasynyň içinde pelesaň urubirdiler. Garaz, ýolbars diýseň, ýolbarsdy. Ýogalmagynyň sebäbi, wagtal-wagtal gazaba münüp kapasanyň ýogyn demirlerini gahar bilen penjelärdi. Şonda tomaşaçylar hem gorkuşyp, ol töwerekden çete çekilişerdiler. Ýyrtyjy haýwanlaryň gözegçisi Kakyş baryp, üstüne sowuk suw çüwdürimini tutup, zordan köşeşdirerdi. Ine, onuň, şeýdip, demir germawy gaharly penjelän bir gezegi, kebşirleý-jiniň kesmegi ýatdan çykaryp galdyran gyýçak demri penjesini bijaý ýaralapdyr. Ukladýan sanjym edip, lukmanymyz onuň penjesiniň ýyrtylan ýerini tikip, hasa bilen daňdy. Ýöne ol özüne gelensoň, ýene-de gahar atyna atlanyp, penjesiniň daňysyny ýyrtyşdyryp taşlady. Şonda tikiniň sapaklary hem ýolnup, ikinji gezek sanjym bilen ukladyp, ýamaşgan tikýänçäler, gan köp gidip, azganlylyga uçrady. Soňundanam aýagynyň ýarasy gowy bitmän, hapa düşüp, gany zaýalanyp ýogaldy. Onuň bilen deňeşdirende, soňky getiren ýolbarsymyz ýuwaşdy. Kakyş ony biraz idedensoň: —Bu bir gaýgysyz-aladasyz jandar. Öňki ýolbars barka, gije öýde ýatyrkamam «Şu ertire çenli bir bolgusyzlyk tapmasa ýagşy» diýip, gaýgysyny ederdim. Indi men arkaýyn ýatýaryn –diýdi. Şeýdibem, onuň adyna Gaýgysyz goýupdyk. Dogry, ol hem ýolbarsdy. Görnüşi-de eýmendirýärdi. «Arlanda-da» şäheriň allowarrasyndan eşidilýärdi. Ýöne onuň gowy tarapy, öňki ýolbarsymyz ýaly özüni elden-aýakdan berip, germawy penjeläp, gorkunç hereketler etmeýärdi. Naharlanyp bolansoň, daryşganlyk öýünde ylgaşlap, diwara dik galyp durup, iýenini ýerleşdirýärdi. Bilesigelijilik bilen tomaşaçylary synlaýardy. Beýleki janly-jandarlaryň seslerini diňşirgenýärdi. Köplenjem diňarkanrajyk düşüp, garnyny akjardyp, mähnet penjelerini parahat goýberip uklaýardy. Hawa, syçanlaryň peýda bolmagy onuň ynjalygyny gaçyrdy. Ol syçanlaryň garşysyna barlyşyksyz uruş yglan etdi. Olary görenden yzlaryna düşüp, jyrraldyp kowalady. Emma mähnet göwreli ýolbarsa daryşganlyk kapasada syçanlary kowalamak amatsyzdy. Derrew diwaryň düýbündäki deşige sümlüp ýetişýärdiler. Soňra şol ýerden bihaýa tumşuklaryny görkezişip, üstünden gülýän ýaly «jykyrdaşyp» başlaýardylar. Gaýgysyz ýakymsyz ysly bu girdenejik jandarlaryň ýeke-täk çykalgalarynyň şol kiçijik deşikdigine düşünip, ony beklemegi, şeýdip, bu meseläni oňyn çözmegi makul bildi. Deşigi petikläp, üstünde ýatdy. Ýöne munuň hem gowy çykalga däldigine tiz göz ýetirdi. Sebäbi beýdip ýatanda, syçanlar onuň deşigi ýapyp duran ýerinden bijaý-bijaý dişleýärdiler. Galyberse-de, owkatlanmak ýa-da ýöne bir guruşygyny ýazmak üçinem wagtal-wagtal turmaly bolýardy. Şol wagtam syçanlar deşikden zybyrdaşyp çykyp, gaharly arlap, penjelemekçi bolup topulsa-da, haýal-ýagaldygy üçin ýetip bilmejekdigini bilip, oňa ähmiýet bermän, goňşy jandarlaryňka «çagyrylmadyk myhmançylyga» gidýärdiler. Özüniň şeýle kuwwatlydygyna seretmezden, bu kiçijik jandarlaryň garşysyna hiç bir zat edip bilmezligi Gaýgysyzyň barha gaharyny getirýärdi. Esasan, garaňky gatlyşansoň öýünden çykýan syçanlar, soňabaka halys batyrgaýlanyp, gündiz hem eýläk-beýläk zybyrdaşyp geçip başladylar. Gije rahat uklap bilmedik ýolbars köplenç gündiz uklamaga çalyşýardy. Kapasanyň alagaraňky törüne baryp, ýüzüni aňryk öwrüp ýatýardy. Ýolbarsy synlamaga gelen tomaşaçylar, «Ol hiý turmazmyka, görüp bilmezmikäk?!» diýşip, kapasanyň öňündäki meýdançada goýlan ýaýbaň skameýkalarda oturyp, uzak garaşýardylar. Gaýgysyz wagty bilen oýanmansoň, «Heý!», «Kişt!», «Haýt!», «Gyýuw!», «Tur!» diýşip, gygyryşyp, aýaklaryny tapyrdadyp oýarmaga synanyşýardylar. Gaýgysyz barybir turmaýardy. Hatda Kakyş et paýyny alyp gelse-de, üns bermeýärdi. Onuň goýup giden eti, wagtynda iýilmänsoň, siňek basyp, kakap ýatýardy. Mal lukmanymyz Bazar Abdyýewiç, bir alaç edip syçanlaryň ýoguna çykmasak, Gaýgysyzyň horlanyp, kesellemeginiň mümkindigini aýtdy. Eger garry ýolbars bir kesellese, ony halas etmek juda kyn düşjekdi. Ýogalaýsa-ha, «Haýwanat bagymyzyň» derejesi hem peseljekdi. Ýolbarsly bolmak uly abraýdy. Şonuň üçinem işgärleri ýygnap, ýygnak geçirdim. Ýüze çykan meseläni aýtdym. Göräýmäge, gülküňç ýaly görünse-de, biziň ýagdaýymyzda bu mesele gülkünjem däldi. Işgärlerimiziň birisi: —Sanepidstansiýadan gemrijileriň garşysyna ulanylýan zäherli arpa alyp sepeliň! –diýdi. Şol bada-da, mal lukmanymyz: —Ýok, bolmaz –diýip garşy çykdy. —Ýolbars eti kapasanyň her ýer-her ýerrägine alyp gidip iýmegi gowy görýär. Şonda ol arpa däneleriniň ete ýapyşyp, Gaýgysyzy zäherlemegi mümkin. Syçanlaryň barýan beýleki ýerlerine sepilse-de, şeýle howp dörär. Ahyrsoňy gürrüň pişige syrykdy. Onda-da: —Bu wagt bolçulyk bolansoň, pişiklerem halys azypdyr. Syçan tutýanyny tapmarsyňyz. Pişikli öýlerem syçany gapan gurup tutýarlar. –diýişdiler. «Haýwanat bagynyň» tämizligine esewançylyk edýän Tanýa daýza welin: —Beýle diýmeseňizläň, biziň Borkamyz-a tutýar! –diýdi. —Mümkin däl. Onda siz ony aç saklaýansyňyz –diýişdiler. —Aý, ýok-la, aç saklamzok. Ýöne ol kolbasany-kotleti berseňem iýmeýär –diýip, Tanýa daýza güldi —Janlyja syçan tutup iýýär. Goňşularymyzam ony gowy görýärler. Öýlerine syçan düşse, «Borkaňyzy bir-iki günlük bize beräýiň-dä?» diýip, alyp gidýärler. Borka olaryňkyda «iş saparynda» bolup, borjuny bitirensoň, hoşallyk bildirip, yzyna getirip gidýärler. —Bäh, gowy pişik ekeni. Ol pişikleriň haýsy tohumyndan? –diýip, soradym. —Adaty öý pişigi. Gadymky alaja pişiklerden. Isleseňiz, alyp geleýin. —Getirsene, Tanýa daýza –diýdim. —Belki, haýry deger. Ertesi Tanýa daýza pişigini alyp geldi. Ol, dogrudan-da, adaty öý pişigidi. Göwresi iri diýmeseň, hiç bir üýtgeşik tarapy ýokdy. Görnüşi juda parahat, adamdan gaçmaýan, şeýle hem özüne göwni ýetýän pişikdi. —Ynha, merhemetli Boris Nikolaýewiç, siziň indiki iş bitirmeli ýeriňiz! –diýip, Tanýa daýza ony baga goýberdi. Men: —Näme üçin beýle atlandyrýarsyňyz? –diýip sorasam, —Aý, ýöne şeýle atlandyraýdyk. Sebäbi, ol howlymyzyň pişiklerini jemläp, «ýygnak» etmegi gowy görýär. Özüni olaryň arasynda belent mertebeli, derejeli tutýar –diýdi. Men: —Ýolbarsyň gözeneginiň öňüne—syçanlaryň bar ýerine eltip goýbermeli ekeniňiz-dä –diýsem, —Aýlanyp, özi tapar –diýdi. Boris Nikolaýewiç ilki bilen, baga gelen tomaşaçylaryň arasyna garyşyp, howlukman, janly-jandarlary synlady. Olaryň haýsy birisi bilen dostluk açaýsaň-da boljakdygyny, haýsysyndan gaça durmalydygyny öwrendi. Ahyrsoňy ýolbarsyň kapasasynyň ýanyna baryp, boş skameýkanyň bir çetinde ornaşdy. Şol ýerden hem Gaýgysyzyň «öýüni» synlap başlady. Ol ertesi hem bagy birlaý aýlanyp çykansoň, ýene-de şol öňki ornuna baryp, ýolbarsyň kapasasyny garawullady. Soňky gün ol birdenem gürüm-jürüm boldy. —Tanýa daýza, pişigiňiz-ä işi agyr görüp, jyrdy öýdýän, görnenok –diýsem, Tanýa daýza: —Öýe görme-görşe bardy. Daşyna pişikleri üýşürip, bir wajyp ýygnak geçirip otyrdy. Ol işden basylyb-a giden däldir. Geler –diýdi. Tanýa daýzalaryň öýi «Haýwanat bagyna» golaý ýerleşýärdi. Dogrudanam, öýlänler Boris Nikolaýewiç geldi. Ýöne ol ýeke däldi. Ýanynda ýene–de özi ýaly iki sany ullakan pişik bardy. Ol ýanyndaky pişiklere hem bagy aýlap görkezdi. Soňra ýolbarsyň kapasasynyň ýanyna alyp bardy. Bede basan ýerimiziň aşaklaryna sümlüp, gözden geçirdiler. Bir görsem, Gaýgysyzyň kapasasynyň öňünde ýene-de Boris Nikolaýewi-çiň bir özi otyr. —Beýleki pişikleri kömege çagyrypdyr. Iş kän bolmaly –diýip, Tanýa daýza güldi. —Bu hem özüne şägirt ýetişdirýär. Ol pişikler häzir bedäniň aşagynda garawullaşyp otyrlar. Şol barmana-da, guşlaryň bölümine gidip, arpadyr bugdaýdan mazaly doýan semiz syçan ýaltalyk bilen zybyrdap peýda boldy. Boris Nikolaýewiç oturan ýerinden böküp düşdi-de, onuň ökjesine mündi. Syçan dessine Gaýgysyzyň gözenegine sümlüp, ketegine tarap ýöneldi. Gaýgysyz hem kapasasynyň töründe oýaly-ukuly ýatyrdy. Ol indi syçanlardan halys basylypdy. «Goý, näme etseler, şony bir etsinler» diýip, täleýine kaýyl bolana meňzeýärdi. «Boris Nikolaýewiç ýetip bilmän syçany sypdyrdy» diýip durkak, ol ikirjiňlenip durman, ýolbarsyň kapasasyna girdi-de, ketegine golaýlap barýan syçany ýetip, penjesi bilen pyzyp goýberdi. Syçan howada gaýyp, edil Gaýgysyzyň ýanyna düşdi. Aýňalyp, ýerinden galdy-da, başga gaçybatalga tapman, ýolbarsyň aşagyna sümlüp sypmaga synanyşdy. Bu ahwalaty synlap ýatan ýolbars juda ýigrenýän jandarynyň zybyrdap hut öz üstüne gelýänini görüp, ýerinden çalasyn turdy. Onýança-da, Boris Nikolaýewiçiň penjesi syçanyň üstünden basdy. Biz: —Gaýgysyz häzir pişigi parçalamasa ýagşy –diýşip biynjalyk bolduk. Emma ýolbars bolýan işleri geň galyjylyk bilen synlap durşuna, Boris Nikolaýewiçe zat diýmedi. Boris Nikolaýewiç bolsa syçany agzyna dişläp, kapasanyň bir burçuna alyp bardy-da, şol ýerde arkaýyn hytyrdadyp iýdi. Gaýgysyz onuň ýanyna baryp, özüne eýgertmeýän girdenek jandarlara hötde gelen geň haýwanyň eýle-beýlesinden ysgaşdyrdy. Eýýäm syçany aňyrsyna atyp ýetişen Boris Nikolaýewiç «ganly awdan» soň keýpi kökelip, ýakymly myrlap, ýolbarsyň aýaklaryna dostlarça süýkendi. Boris Nikolaýewiçiň birsydyrgyn dostlukly myrryldysy Gaýgysyza hoş ýarady öýdýän, ol oňa hiç bir zat diýmän, ozalky ýatan ýerine baryp, arkaýyn ýatdy. Şol gün Boris Nikolaýewiç ýene-de iki sany syçanyň janyny jähenneme ýollady. Onuň bedäniň aşagyndaky dostlary hem haýatyň düýbi bilen barýan syçanlary güpbasdy edip ugradylar. Boris Nikolaýewiç agşamlyk Gaýgysyzyň kapasasyndan çykjagam bolman, edil syçanlaryň keteginiň alkymynda garawullap ýatdy. Gije ynjalykly uklan Gaýgysyz ertesi et paýyny işdämen iýdi. Uzynly gün diýen ýaly aýak üstünde bolup, tomaşaçylary begendirdi. Boris Nikolaýewiç dostlary bilen iki hepderäk wagtyň dowamynda «syçan meselämizi» ymykly çözüp berdi. Şol döwürde olar elmydama öz postunda butnaman durmaly diýen düzgüne eýerjegem bolman, pişiklere mahsus erkinlik bilen bagyň içine-de aýlandylar. Janly-jandarlaryň durmuşy bilen içgin tanyşdylar, belki, hal-ahwal soraşdylar. Ine, bir gün bolsa Tanýa daýza işden soň öýe gaýtmakçy bolanda, onuň ýanyna Boris Nikolaýewiç ylgap geldi-de, ýüzüne seredip, öz pişik dilinde «Mýaw, mýaw» diýdi. —«Tabşyrygy berjaý etdim» diýýär –diýip, Tanýa daýza ýylgyrdy. —Köp sag boluň, Boris Nikolaýewiç –diýip, men pişikleriň aglabasyna hoş ýaraýan ýerini—alkymynyň aşagyny gaşap, minnetdarlyk bildirdim. Ol heziller edinip, gözlerini süzüp, «Gerek bolsam, ýene-de çagyraýyň» diýýän ýaly «Myr-myrlady». Tanýa daýza şol gün ony alyp gitdi. Biz hem syçan belasyndan dyndyk. Gaýgysyza–da öňki işdäsi, keýpihonlygy gaýdyp geldi. Şondan bäri ol seçelenip duran ösgün tüýli mähnet kellesini dik tutup, kapasanyň kä ol, kä bu burçuna baryp, käte-de gaty-gaty arlap, tomaşaçylarymyza hezil berýär. Hemra ŞIROW. | |
|
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Tabyt / hekaýa - 17.07.2024 |
√ Ketenini ysgamadyk armanlar... / hekaýa - 27.11.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |