10:46 Ýowuz günleriñ gerçekleri | |
ÝOWUZ GÜNLERIŇ GERÇEKLERI
Taryhy şahslar
Biz şu ýazgymyzda atlary taryha giren türkmen halkynyň gahryman ogullarynyň birnäçesiniň edermenligi hakda daşary ýurt ýazyjy-şahyrlarynyň gürrüň berýän eserleri bilen baglylykda söhbet açmakçy. ■ GELDI PARTIZAN Beýik Watançylyk urşy döwründe partizançylyk hereketi giň gerime eýe bolupdy. Türkmen partizany Geldi Gurbanmyradow Brýansk tokaýlyklarynda öz ýoldaşlary bilen edermenlik görkezipdi. Ildeşimiz Geldiniň gahrymançylygy hakda köp ýazyldy. Uruş ýyllary Aşgabatda ýaşan ukrain şahyry Agata Turçinskaýanyň türkmeniň edermen ogly Geldiniň ýagty ýadygärligine bagyşlan goşgusynda şeýle setirler bar: Gyzyl güller bilen bezelen oba, Egdi gahrymana egilmez başyn. Onuň adyn ýazyp ap-ak mermere, Nepis nagyşlardan keşdelär daşyn. Brýanskiň ýany tokaý-jeňňeldi, Onda bir dub gubur üstüne egildi. Ol guburda ýatyr gahryman Geldi, Şonda hem partizan heňi doguldy. Eý, ýolagçy, eger Sumbara gelseň, Ýoluň düşüp, Tutlygalada bolsaň, Gahrymanyň öýlerine gelip git, Gahrymandan ýadygärlik alyp git! Sen-de meniň ýaly ýatlagyn ony, Şu ýerde dogupdy Geldiniň Güni... Goşgyny şahyr Durdy Haldurdy terjime edip, türkmen okyjylaryna hödürläpdi. Geldi Gurbanmyradow söweşleriň birinde duşmanyň ýaragly güýçleri we tehnikasy jemlenen üç eşelonyny ýok edýär. Şol ýerde-de snarýadyň böleklerinden wepat bolýar. Türkmen partizanynyň gahrymançylygy we onuň jaýlanyşy hakda ýazyjy Ýuriý Dols «Otluk aýtymdaky ýadygärlik» atly hekaýasyny ýazypdyr. Hekaýadan bir parçany okyjylara hödürlemegi makul bildik: ...Geldi Gurbanmyradowy jaýladylar, Wlas aga kellesini ýalaňaçlap, hemmeleriň öňünden barýardy. Ýaşuly iki eli bilen bir ýassyk göterip barýardy, şol ýassygyň üstünde Geldiniň partizan otrýadynda bitiren işleri üçin berlen iki ordeni we gahrymanyň söweşjeň işleriniň şaýady bolan kertikli we kese çyzmykly kemer bardy. Ýaşulynyň yzyndan Geldiniň sekiz sany iň ýakyn partizan ýoldaşy, otrýadyň komandiri barýardy, olaryň yzyndan bolsa bütin otrýad barýardy. Olar Geldiden aýrylyşygy uzaga çekdirmek isleýän ýaly, örän ýuwaş ýöreýärdiler, Geldiniň hormatly üçin öne rus aýdymyny aýdýardylar. Adamlar bu gahryman ýigide bolan bütin söýgülerini we duşmanlara bolan bütin ýigrençlerini zarynlap aýdýan şol aýdymlaryndan aňladýardylar. Bu barýanlaryň birentekleriniň gözünden boýur-boýur ýaş akýardy. Wlas aga aglamaýardy. Ol ýüzüni ýokaryk tutup, üýtgeşik bir ýöriş bilen barýardy. Ol tabydy mazaryň içinde goýup, üstüne gum süren mahallarynda-da aglamaýardy. Ujuna tagtajyk çüýläp, taýýarlap getiren agajyny onuň özi Geldiniň mazarynyň başujunda dikdi. Hemmeleriň gözüniň öňünde şol tagtajygyň ýüzüne şeýle ýazdy: «1942-nji ýylyň dekabr aýynyň 28-inde söweşde wepat bolan gahryman söweşiji Geldi Gurbanmyrat şu ýerde jaýlandy. Rahat ýat, oglum!». Iň soňky sözüni ýazandan soň, Wlas aga gözüniň ýaşyny saklap bilmedi...». Brýanskide türkmen ýigidi Geldi Gurbanmyradyň ýagty ýadygärligine uly sarpa goýýarlar. Ol hakda kitaplarda, metbugat sahypalarynda ýatlap durýarlar. ■ GAHRYMANYŇ YKBALY Gahryman esger seržant Aýdogdy Tahyrowyň ady dilden-dile geçipdi. Onuň edermenligi esgerleri söweşlere ruhlandyrypdy. Meşhur rus ýazyjysy Mihail Matusowskiý ilkinjileriň hatarynda 1943-nji ýylyň wakalary barada gyzgyny bilen eser ýazypdy. Ol bu poemasyny «Aýdogdy Tahyrow we onuň dosty Sawuşkin» diýip atlandyrdy. Türkmen edebiýatynyň aksalgaly Berdi Kerbabaýew soň ony türkmen diline geçiripdi. 1944-nji ýylda poema aýratyn kitapça bolup, türkmen dilinde neşir edildi. Şahyr öz eserinde ýanbermez türkmen gerçeginiň soňky pursadyny şeýle suratlandyrypdyr: Örtülipdir polat deýin gabaklar, Dodaklary tapyşypdyr möhür dek. Asla sesin çykarmandyr baýaklar, Indi dymýar, dymýar munda ömürlik. Öz iline doly berip ömrüni, Ýatyr, ýatyr, ol çykypdyr hatardan. Egninde bir rus biçimli köýnegi, Çal şineli reňk alypdyr gardan... Beýik Ýeňşiň şöhratly altmyş bäş ýyllygy mynasybetli, bu poema täzeden nazar salyp, türkmen gerçegi Aýdogdy Tahyrowyň ölmez-ýitmez edermenligi hakda ýatlanyňy duýman galýarsyň. Demirgazyk-Günbatar frontuň söweşjeň esgerleri Watan ugrundaky aldym-berdimli söweşlerde edermenlik görkezýärdiler. 1943-nji ýylyň 29-njy ýanwaryndan 30-yna geçilýän gije san taýdan deň bolmadyk garpyşykda Aýdogdy duşmanlaryň eline düşüpdir. Duşmanlar ony öz taraplaryna geçirjek bolup, näçe gynasalar-da, ol muňa boýun bolmandyr. Aýdogdy Tahyrow şol aýgytly pursat öz janyny alada etmän, ar-namys, ene toprak üçin alada edipdi. Elbetde, uruş Tahyrowlaryň maşgalasyna uly hasrat getiripdi. Aýdogdy ýaly onuň Çary diýen bir inisi hem söweşde wepat bolupdy. Ata we Sapardurdy diýen doganlary bolsa söweşlerde agyr ýaralanyp, öz obalaryna dolanyp gelipdiler. M.Matusowskiniň poemasy ildeşimiziň edermenligi hakda döredilen ajaýyp şahyrana ýadygärlikdi. Geçen asyryň segseninji ýyllarynyň ortalarynda maňa bu poemanyň döreýşi hakda gyzyklanyp, Mihail Matusowskiý bilen hat alyşmak miýesser edipdi. Rus şahyry hatlarynyň birinde poemanyň döreýşi barada şeýle ýazypdy (ony Beýik Ýeňşiň 65 ýyllygy bellenilýän şu günlerde türkmen okyjylarynyň dykgatyna ýetirmegi makul bildim): «Men Tahyrow we onyň ykbaly barada Demirgazyk-Günbatar frontuň gazetiniň tabşyrygy bilen söweşýän goşunyň bölümleriniň birinde bolanymda eşitdim. Eşiden zadym meni lerzana getirdi we «Tahyrow hakda köpräk maglumat toplamaly, ony tanaýanlar bilen gürleşmeli, söweşen ýerini görmeli» diýen pikir kelläme geldi. Men öz ýüregime düwen pikirim bilen şeýle bir gyzyklandym weli, eşiden, gören zatlarym meni örän tolgundyrdy. Men Tahyrowdan başga hiç bir zat hakda pikir etmeýärdim. Front depderçäme edýän ýazgylarym barha galňaýardy. Aýdogdynyň sorag edilip duran pursaty we duşmanlaryň ony dönüklik ýoluna düşürmek üçin gynaýyşlary meniň göz öňümden gitmeýärdi. Poemany ýaz aýlary, redaksiýamyzyň ýerleşýän ýeri bolan Waldaýyň etegindäki tokaýlykda oturyp ýazdym... Poema «Za Rodinu» atly front gazetiniň üç sanynda yzly-yzyna sahypa bolup gitdi. Men bu gazet sahypalaryny öýümde aýawly saklaýan. Göwnüme bolmasa, olardan wagtyň ysy gelip duran ýaly. Soň bu poema meniň «Ilmen köli ses edende» atly kitabyma hem girdi. Ine, saňa durmuşymda köp zat bilen bagly bu poema hakda aýdyp biljek zatlarym şulardan ybarat». ■ «SÖWEŞDÄKI ÝALY DOSTY GÖRMEDIM...» «Esgerler» atly romanyň awtory, başga-da ençeme powestleridir hekaýalary bilen okyjylaryň arasynda uly meşhurlyk gazanan rus ýazyjysy Mihail Alekseýewde »Diwizionka» atly powest bar. Powest dürli nowellalardan ybarat bolup, olar front wakalaryndan söhbet açýar. Bu eserleriň ýazylanyna ýarym asyrdan gowrak wagt geçipdir. Ýazyjynyň nowellalarynyň biri «Ata Nyýazow» diýip atlandyrylypdyr. Eser türkmen ýigidi, gwardiýa kapitany Ata Nyýazow hakda, onuň söweş edermenligi hakda. Men geçen asyryň segseninji ýyllarynyň ahyrlarynda olimpiýa çempiony Marat Nyýazow bilen onuň kakasy, türkmen ýazyjysy Ata Nyýazow hakda söhbetdeş bolupdym. Türkmen ýazyjysy A.Nyýazow söweşde wepat bolupdy. Marat öz kakasy hakda, ine, şeýle bir wakany gürrüň beripdi. Ol: – Bir gezek ýazyjy Mihail Alekseýewiň uruş hakda ýazan oçerkini okadym. Onuň bir gahrymanynyň ady Nyýazow Atady. Ol dutar çalýan eken. Meňem kakam dutary gowy görerdi. Garaýagyz, daýaw türkmen diýip ýazylan. Meňzäp dur-da. Özem goşgam ýazýardy diýip ýazýar. Men ýazyja hat ýazdym. 3-4 aýdan soň ondan hat geldi. Ol hatynda öz gahrymanynyň diridigini, häzirem ýaşaýandygyny ýazypdyr. Soň başga «Uruş ýollary bilen» ady bilen rus dilinde çykan kitaby okadym. Şol kitabyň awtorlarynyň birem Mihail Alekseýewdi. Şonda men Hodakowskiý diýen esgeriň adyna gabat geldim. Meniň kakamyň dostunyň adam Mişa Hodak. Gabat gelip dur. Barybir, men şol oçerkdäki gahryman meniň kakammykam diýýän – diýip aýdypdy. Ýöne M.Alekseýewiň eseriniň gahrymanynyň ýazyjy A.Nyýazow däldigini öňünden aýdan ýagşy. 1965-nji ýylyň dekabrynyň ortalarynda ýurdumyzda rus medeniýetiniň ongünlügi geçirilende, rus ýazyjylarynyň toparyna Mihail Alekseýewiç ýolbaşçylyk edipdir. Şonda ol gazet habarçysy bilen eden söhbetdeşliginde şeýle diýipdir: – Özgeleri bilemok welin, özüm üçin-ä Türkmenistana barmak, birinjiden-ä, güneşli ülkäni ilkinji gezek görmek, ikinjidenem, birwagtky polkdaşym, «Diwizionka» atly powestimiň gahrymanynyň prototipi bolan, Çärjewde (häzir Türkmenabat) ýaşaýan köne frontçy dostum Ata Nyýazow bilen duşuşmak diýmekdir. Ata Nyýazowyň gaýduwsyzlygyna baş egen rus ýazyjysy öz gahrymany hakda birnäçe gezek çykyş edipdir. Şol ýazgylaryň birinde M.Alekseýew harby habarçy, gwardiýa kapitany A.Nyýazowy şeýle häsiýetlendiripdir: «Podrazdeleniýäniň wagyzçysy Ata Nyýazowyň garaýagyz, elmydama ýylgyryp duran ýüzüni göreniňde, onuň dogumly, owadan ädim urşuny synlanyňda, mähirli, mylaýym aksent bilen gürrüň berşini diňläniňde, dürli milletden bolan esgerleriň näme üçin hemişe şu adam bilen ümmülmez esger durmuşy barada söhbet açasy gelýändigine düşünýärsiň. Türkmen halkynyň ogly bolup, ol özünde şu halka mahsus bolan öz Watanyňy söýmek, halka ak ýürek bilen hyzmat etmek, kiçigöwünlilik, duşmanlara bolan ýigrenç ýaly ajaýyp häsiýetleri terbiýeläpdir». Habarçynyň belliginde Ata Nyýazowyň Stalingrad söweşlerinde aýratyn edermenlik görkezendigi hem agyr şertlerde gabawa düşen rotany boşatmakda söweşjeň hyzmatlary üçin «Edermenlik üçin» medalyna, Gyzyl Baýdak ordenine mynasyp bolandygy hem görkezilipdir. Uruş tamamlanandan soň, rus ýazyjysy front ýatlamalaryna esaslanyp, «Diwizionka» powestini ýazýar. Poweste girizilen «Ata Nyýazow» atly nowellasy ellinji ýyllaryň ahyrynda, has takygy, 1959-njy ýylyň 19-njy aprelinde «Krasnaýa zwezda» gazetinde ilkinji gezek çap edilýär. Nowellany okap bolanyňdan soň, şu zeýilli sowal kelläňe gelýär. Meşhur ýazyjynyň öz eserinde söweşjeň türkmen esgeriniň gaýduwsyz keşbini döretmegine näme sebäp bolduka? Ata Nyýazowyň belent adamkärçiligi, öz söweşjeň ýoldaşlaryna wepalylygy, lebzi halallygy, söweş gidip durka aladasy öz jany däl-de, beýlekiler üçin alada etmegi ony bir gez belende göterýär. Uruş Ýeňiş bilen tamamlanandan soň, söweşdeş dostlaryň ýollary aýra düşdi. Parahat durmuş başlandy. Ýazyjy şowly eserleri bilen okyjylarynyň ýüregine ýol ýasasa, öňki gwardiýa kapitany ýaşlara watançylyk terbiýesini berdi. Ata uzak wagt geçenden soň, söweşdeş dostuna duşuşmak miýesser edipdi. Ýazyjy M.Alekseýew güneşli Diýarymyza gelende, öz dosty we eseriniň gahrymany Ata Nyýazow bilen duşuşypdy. Rus ýazyjylarynyň birentegi bu tolgundyryjy duşuşygyň şaýady bolupdylar. «Edebiýat we sungat», 7.05.2010 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |