YRYMYÑ GURBANLARY
Arada söwda işim çykyp, «Jygyllyk bazaryna» bardym. Bir adam dürli görnüşli dermanlyk otlary satyp otyr. Onuň gapdalynda başga biri «Gözden-dilden goraýar» diýip, alaja-mulaja gözmonjuklaryny, balykgulaklary, dagdan agajyndan ýasalan dogajyklary satyp otyr. Başga biri bolsa içinde näme bardygy mesaňa görnüp duran ululy-kiçili haltajyklarda mekgejöwen patragy ýaly ap-ak edip her dürli dişleri satyp otyr. Meniň ünsümi çeken, ine, şol boldy. Henize çenli diş satylyp duranyny görmänim üçin geň galdym:
—Bular nämäniň dişleri?
Otuz ýaşlaryndaky agajet adam harydyna müşderi tapandyryn öýdüp begendi:
—Nämäniň dişi gerek bolsa bar!
—Sen maňa ilki bularyň nämäniň dişleridigini aýdyp ber? –diýip, men haýyş etdim. Ol her haltadan biri-birine meňzemeýän geň dişleri çykaryp, tanyşdyryp ugrady:
—Ynha, bu diş mekejiniňki. Bu urkaçy böriniňki. Bu diş syrtlanyňky. Ine, gyzyl itiň dişi. Ynha-da, ýylanyňky.
Men ol dişleri elime alyp gowy synladym. Kökleri bilen sogrulan dişler. Onuň «ýylanyňky» diýip görkezen dişi welin içi deşikli geň egrileç hem ullakandy. Çaga külembikesiçe bardy:
—Bu juda uly ýylanyňky bolsa gerek?
—Hawa –diýip, ol baş atdy.
—Beýle uly ýylanlar bizde barmy?
—Bizde-de ululary bar. Ýöne beýle äpedi ýok.
—Onda bu diş nireden tutulan ýylanyňky?
—Men özbegistanly, gazagystanly awçylar bilenem aragatnaşykly. Olarda has uly ýylanlar barmyşyn. Öňräk Üstýurtda bolan bir wakany eşitmänmidiňiz? –diýip, ol sorady.
—Aý, ýok, eşitmändim.
—Otly demir ýoly kesip geçip barýan has äpet bir ýylany basyp öldüripdir. Muňa onuň höwri öjügip, gijelerine gelip, şol töweregiň çopanlarynyň goýun-geçilerini, it pişiklerini ýuwudyp, özlerine howp salyp ugrapdyr. Onsoň ony wertolýotly gözläp tapyp atypdyrlar.
—Bu diş şol ýylanyňkymy?
—Ýok, onuňky däl. Onuňky bolsa, has iri bordy.
Gürrüňimiz alşyp ugransoň, ol maňa köp ýagşylyk geljek bir bähbitli zady teklip etjekdigini aňdyryp, ýanyma geçdi:
—Ýaşuly, siz «syrtlan çöpi» diýip, eşidipmidiňiz? Il içinde «syrtlan çüki» hem diýilýär.
—Şeýle gürrüň onda-munda gulagyma-ha ilýär.
—Häzir adamlar şony edinýärler.
—Onuň nämä haýry degýär?
—Beý, bileňizokmydyňyz?! Şony ýanyňda göterseň, elmydama işiň şowuna bolýar, islegiň bitýär. Elbetde, ol gymmat. Sebäbi şonusy ýerbe-ýer erkek syrtlany tapmak çetin. Tapaýanyňda-da, ol, tüpeň sesini eşitdigi, ölmänkä öz çüküni özi iýip ýetişäýýär.
—Aý, nätdiň-äý? –diýip, syrtlan barada heniz eşitmedik bu delilime haýran galdym.
—Hawa. Syrtlanyň öň aýaklary uzyndyr. Yzky aýaklary bolsa gysgajyk, syrty pes. Ol elmydama, ätiýajy goldan bermän, şonusynyň alnaryndan gorkup, büküdip ýören ýalydyr. Janyna howp düşdügi kellesini aýaklarynyň arasyndan sokagetmäni ýaňkysyny özi iýip ýetişäýýär, adama teý aldyrmaýar. Şonuň üçinem ony atanyňda takga jany çykar ýaly, ýüreginden ýa-da kellesinden atyp almaly.
—Sen awçymy?
—Hawa –diýip, ol ellerini görkezdi. —Durşuna diş-dyrnak yzlary bolup durandyr.
—Haýsy jelegaýda aw edýäň?
—Sarygamyş töwereginde.
—Özüň syrtlan awlap gördüňmi?
—Ýok, syrtlan-a awlap göremok.
—Onda ýaňky gürrüň beren wakaň çyndygyny nireden bilýäň?
—Awlap gören awçylar aýdýarlar. Şowly atyp bilseler, ilki bilen otükisini kesip, çöpe geýdirýärler. Ol gurap kakap galýar. «Syrtlan çöpi» diýilmesi-de şondan. Bir matajyga dolap ýa-da haltajyga salyp, şony ýanyňda göterip gezseň, öňüňde bitmejek müşgil iş, yrylmajak adam bolmaýar. Wezipeli kişileriň köpüsi häzir şondan edinýär. Isleseňiz, size-de tapyp bereýin. Pulunyň ýarysyny ilki, galan ýarysyny haýrynyň degýändigine magat gözüňiz ýetensoň berseňiz-de bolýar.
—Bu syrtlanyň dişi diýeniň nämä haýyrly?
—Bu–da ýaňky ýaly. Ýöne täsiri pesräjik.
—Bolýar, häzirlikçe sen maňa syrtlanyň dişini beräý? –diýip, men ondan göwni üçin, adam azysyna çalymdaş, ýöne oňa görä-de iri dişi satyn aldym.
Şähere işime —«Haýwanat bagyna» gelen dessime, syrtlana gözegçilik edýän işgärimizi ýanyma çagyryp, oňa eşiden wakamy gürrüň berdim: «Bar, barlap gör, biziň syrtlanymyzyňky bir ýerindemi?» diýdim. Biraz wagtdan soň, ol «Bar zat ýerbe-ýer» diýip, ýylgyryp geldi.
Henize çenli şol awçynyň öňünde duran dişli haltalar göz öňümden gidenok. «Şonça dişi ýygnamak üçin, gör, näçe janly-jandary öldürmeli bolandyr?!» diýen pikir hiç kellämden çykanok.
Hemra ŞIROW.
Hekaýalar