01:13 Yşk mekany ataş, ataş mekany arş -11/ dowamy | |
YŞK MEKANY ATAŞ
Taryhy proza
Pähim-parasatly kethuda ýonaçylara dowla düşer ýaly hiç närsäniň ýokdugyny, ýüregi ýuka, başy gowgaly, aladaly şahyryň-aryfyň saç-sakgalynyň ir agarýandyny deliller bilen düşündirdi. Jiger-bagryny gyn edinen ýyldyrym ýaly pajygaly habary pynhanda saklap, maşgalasyny dowuldan, howsaladan, nämälim gorkudan halas eýledi. Emma dowul kethu-danyň öz gursagynda kyýamat apy-tupanyna aýlandy... Il kethudasy, sylagly-sarpaly, ömrüne ýalan sözüň golaýynda barmaýan Döwletmämmet aga heý hossarlary ynanman biljekmi? Magtymguly bolsa düýrmegi bilen ynandy, sebäbi ol dädesini tanaýardy, haýsydyr bir gudrat zerarly saçy-sakgaly agaraýmasa, bu dünýäniň külpetlerem, şumluklaram, bedibagtlyklaram onuň umman ýaly giň, gara daglar ýaly beýik hem dana dädesiniň saçyny-sakgalyny ýekeje günde agardyp bilmeli däldi. Döwletmämmet aganyň ýeke günde saçynyň-sakgalynyň agarmagy diňe Hajygow-şanyň däl, tamam Türkmensähranyň ilatynam howatyrly iňkise batyrdy. Ýönekeý adamlar “Döwletmämmet weli alym, bendäniň maşgalasyna bir aýylganç howp abanýandyr, ony aýan bilibem görgüliniň saçy-sakgaly agarandyr” diýse, dana kişiler “Döwletmämmet Türkmensähranyň, uly iliň kethudasy, öz maşgalasynyň depesinden howp abanýany üçin, sakgalyny-saçyny agartmaly weli däl, haý görersiňiz, ulus-iliň üstüne bir nägehan bela howp salýan bolaýmasa” diýip, pikir girdabyna gark boldular. Garasaý, il-ulusa Döwletmämmet aganyň saçy-sakgaly iş boldy. Ertesi Döwletmämmet aga Kynyş begi ýanyna çagyryp, sypaýy halda: --Kynyş begim, ylma-bilime düýrmegi bilen berlen Magtymgulynyň gijesi-gündizi ýek, atyna atlanyp ýekeje özi gidiberýär. Nä wagt, nä zamana, göz bar, dil bar, dost bar, duşman bar. Sen Magtymgulyny göz astynda saklaweri—diýdi. Kynyş beg: --Döwlet däde, mundan bir ýyl ozal Selim dädem Janaman ikimize “Magtymguly niräk gitse, kölegesi ýaly yzyndan galaýmaň, oňa görünmän goraň! Onuň kölegesi ynjaýsa, ikiňiziňem kelläňi alaryn” diýip berk tabşyrypdy. Şondan bäri Magtymguly hanjak gitse ýa men, ýa Janaman onuň yzyndan galman, penalap ýörüs—diýdi. Döwletmämmet aganyň inisi Selim Magtymgulydan göwni bitdi. Magtymguly näçe giç ýatsa-da, barybir daň horazy gygyrmazdan has ozal oýanyp, ýuwunyp-ardynardy. Öýleri obanyň çetinde bolanam taň zat, ol boz meýdanlara aýlanyp, balkyldaşyp gözlerini gyrpyşýan pynhan syrly ýyldyzlary, ümüş-ta myşda heserlän dünýäni synlap, şöwür kylardy. Gör-ha Allatagala ony owadan dünýä getirip, Magtymgulynyň gursagyna sygmaýan ullakan bagt beripdir. Onuň tutuş Türkmensähra kethudalyk edip oturan ýagşyzada ýaly dädesi, ýüzünden-gözünden Hakyň nury ýagyp duran perişde ýaly ejesi, daglaryň arslany-şiri ýaly mähriban gardaşlary, çigildem güli ýaly eziz uýasy bar. Göreniňde ýalpy-ýaz bolup göwnüňi açýan Kynyş agasy, gökleňde-ýomutda arzylanýan kümüşçi ussa Selim Magtymguly, daşyny gallap duran doganoglanlary bar. Abdylla-da, Mämmetsapa-da, Magtymguly-da, Janesen-de babasy Atanyýaz hana çekipdir. Atanyýaz hany görenler «han ata dagy artlap münäýerdi, aýaklaryny üzeňňiden goýberse, ýere degýärdi» diýýärler. Magtymguly Hudaýdan müň kerem yrza, sebäbi ol oňa suw boýlap, syryga towsup ýörmeli syrdamdan uzyn boý, berdaşly göwre, şasuwar kaddy-kamat beripdir. Ol Hudaýdan müň kerem yrza, oňa tüweleýläp duran howalaly ruh, göçgün göwün, şamçyrag ýaly ýanyp duran zehin, parlak akyl-paýhas beripdir. Ol ýaş başyndan müň-de bir kitap okap, ahun-pirleriň sapagyny geçip, kämilligiň bir gyrasyndan girip, özüni Allanyň azyzlanyny, san-sajaksyz jemendäniň içinden saýlap, haýsydyr bir belent maksada ugrukdyrýanyny syzýardy, duýýardy, aňýardy. Ol ýaş başyndan Türkmensähranyň uçmah ýaly owadan tebigatyna aşyk bolup, ruhuna ruhy, göwresine beden terbiýesini berdi. Ol bu görünýän hasu-aamlar dünýäsinden çykyp, müňde bir syr bolup albaý bulaýan hikmetler, gudratlar, syrlar dünýäsine aralaşyp, Haka barýan ýola düşmelidi. Ýalan dünýäde çyn ýaşap, gapyl garagyny açyp, gaflatda ýaşap ýören halkyň-halaýygyň görmeýänini görüp, eşitmeýänini eşidip, duýma-ýanyny duýup, dünýä akyl ýetirmelidi!Magtymguly ýaş başyndan özüni uly uçuşlara taýýar-laýardy. Ol häli-şindi özüne: --Magtymguly, işiň agyryna ýapyş, aňsadynyň eýesi kändir, gije-gündiz oka, ylym-bilim al, nadanlygyň eýesi kändir, il-ulsuňyň adyny-abraýyny arşa galdyr, sensizem il-ulsa iş bolup at ýitirip ýörenler dolydyr, ýurduňy depäňe göter, sensizem ýurduňy owsarlap münüp,ýük bolýanlar ite dökündir, ýürekleriň soltany bol, ýurduň soltany boljak bolýanyň san-sajagy ýekdur, aýlan, dünýäni gör, sensizem dünýä özüni görkezjek bolýanlar süri-süri —diýip, ýapyşan her bir işine ataş bolup ýapyşýardy. Günler oňa basgançak, aýlar binýat bolup, günsaýyn, aýsaýyn onuň gözetimi giňäp, dünýägaraýşy çuňalyp barýardy. Bir gije ol soňsuz oý-pikirlerinden halys usurgap, daňyň öňýany ýatyp galdy. Has dogrusy, uka däl-de, ýa gudratly, ýa jadyly düýşler dünýäsine gitdi. Magtymguly o mahal on altydan geçip on ýedi ýaşdan alyp ugrapdy, emma boýy, göwresi-gabarasy on sekiz-on dokuz ýaşlylaryňkyça bardy...Eý-ho! Hanha, Magtymguly Perwerdigäriň gudraty bilen arşy agladan zemine düşen uçmahyň ajaýyp jülgesine aýlanyp ýör. Ol dogup-döräp görmedik gözelligine bendiwan bolup, dumly-duşuna nebsewür nazar salýar. Aý-ho! Hanha, şeýle bir owadan hüýr kaddy-kamatly sahypjemal gyz sallanyp, seýkin basyp, göz güldürip gelýär, göni onuň ýanyna gelýär! Magtymguly entek düýşünde-huşunda beýle owadandan zyba, näzeninden eýjejik gyzy görmändi. Al-elwan sabadan, şirin ýaňly owazdan, älemgoşarly howadan ýaradylan melek gyz şelaýyn ýylgyryp Magtymgulyny nazarlap gelýär! Sahypkyran gyzyň şakäse ýaly ullakan kirpikmen ala-ala humarala gözleri pynhan syr bilen, yşk-heser bilen, jadyly bark(ýyldyrym) bilen, seýirli nazar bilen ýaş ýigidiň janyny alyp barýar. Ýigdekçe akyl-huşundan, erk-ygtyýaryndan aýrylyp, gyzyň ümüş-tamyş ýaly nerkes gözlerine bendiwan bolup, näçe mahal garap duranyny hem bilenok, Hüýr gyzyň gözlerinden gözlerini aýryp hem bilenok, neresse düýşünde-de essi aýylyp, özünden gidip barýar. Perizat gyzyň näzijek gülüň ýapragy ýaly eýjejik lebleriniň ýekary ýanynda laçyn guşuň gözleri ýaly şar gara meň bar. Sahypjemal gyz kä gyýk garap, kä owsunyp näz-kereşme bilen jilwe taşlap, jadyly garaýşy bilen Magtymgulynyň jigerini jigledip, endam-janyny dygladyp, gursagynda ýer titredip, enterpelegini aýlady. Hüýr gyzyň ýaýylyp goýberilen tolkun-tolkun saçlary jadyly şaglawuk ýaly owsunyp aşak akyp ýatyr. Uçmahdan çykan jadyly gyzyň syh-syh kirpikleri şeýle bir uzyndy, hatda uçlary Magtymgulynyň ýüregine girip barýardy. Hüýr gyzyň nerkes gözleri şeýle bir ulydy, hatda Magtymguly gaýybana gark bolup barýardy. Owadan gyz oňa şeýle bir golaýlady, hatda gyzyň ýürejiginiň gürsüldisi Magtymgula degip, degip gidýärdi. Ýel ýaly ýukajyk ibrişim ýüpek köýnekli üzümiň suwy ýaly gyzyň yşk bilen gürsüldeýän ýürejigi gelinbarmak üzüminiň çigdiniň görünşi ýaly görnüp durdy. Humarala gözleriň agy ak şugla, garasy gara şugla saçýardy. Ýaş ýigit haýran galýar: owadan jülgäniň ýaşyl maýsasy ýaşyllygy bilen gözleriň ýagyny iýip barsa, penje-penje güller owadan jadyly ýylgyryş bolup gözelligine bendi edip,müşki-enwerini kükedip, beýhuş eýleýär. Ýalçy gaýadan şaglap inýän şaglawugyň çisgin-jybaryndan dörän älemgoşar öser-ösmez ýele näz eýläp olaryň ýüzüni ýelpeýär. Görülmedik dal-daragtlar perwana bolup, Magtymguly bilen Hüýr gyzyň daşynda raks oýnap, üýtgeşik-üýtgeşik güllerini ysgadyp, miwelerini, näzi-nygmat-laryny hödür edýär. Şindi görülmedik, owazy eşidilmedik guşlar saýraşyp, kah-kah uruşyp, hoş owaz eýleşip, dünýäni göçürýär! Äpet-äpet toklytaýlar ýaly, tawus guşlar ýaly, durnalar ýaly owadan guşlar olaryň daşynda raks oýnaýar. Owadan serwi daragtlar gelip, Hüýr gyz bilen Magtymgula tagzym edýär. Magtymguly ömründe birinji gezek ýöreýän, raks oýnaýan agaçlary, güllerini güjeňleşip ýylgyryşýan jadyly bägülleri gördi. Hüýr gyz bolsa husnyjemalyny güjeňläp, kä owadan ýylgyryp, kä pitneýi gaşlaryny oýnadyp, jadyly gözlerini güldürip, Magtymgulynyň elinden tutup, messan-messan ýöräp beýik dag gerşinden şaglap inýän şaglawugyň aşagyna girip gitdi. Depesinden al-ýaşyl şaglawuk inen Magtymguly syçyrap ukudan oýandy, uludan dem aldy, gözlerini höwlendirip, töwerek-daşyna garandy. Ol ýene haýran galyp, ullakan gözlerini petretdi: eý-ho, onuň düýşünde gören Hüýr gyzy bilen başta bir Magtymguly ala şowkun bolup şaglaýan şaglawugyň aşagynda şalpy-şaraň ezilip ýylgyryp dur. Magtymguly ýaňaklaryna urup, endamyndan çümmükläp gördi. Ol oýa! Ol Hüýr gyz kimly kim? Ol Magtymguly kim? Şol pursat Hüýr gyz bilen Magtymguly huşdaky Magtymgula gollaryny çalaja bulady. Bir salymdan uçmah jülge-de, şaglawuk-da, Magtymguly-da, Hüýr gyz-da salgym ýaly onuň gözleriniň öňünde howa hem owaza öwrülip gitdi. Bu hikmetli düýşüň ýene bir geň ýeri: Magtymguly tä ölinçä zeminiň ýüzünde aram-aram şol heserli düýşi gördi ýördi. Rowaýatlara görä, Magtymgulyny depin eden gölegçiler hut şol gün gabrystanyň golaýynda uçmahdan zyýada jülgede hüýr ýaly gyz bilen juwan Magtymgulynyň özlerine seredip duranyny görüpdirler. Häzirem ikisi kalby, niýeti-pygly, içki dünýäsi tämiz zyýaratçylara aram-aram görünýämiş. hhh Haý-haý,tersine-dürsüne aýlanyp duran pelegeý! Haý-haý, terslin-oňlyn öwrülip duran dünýä heý! Sende bolýan işler akyllynyň aklyna sygmaýar! Sende kylynýan işlere daşdan ýürekliler, demirden bagyrlylar ýyglaýar!..Tebigy ýiti akyl-paýhasly Nedir şa köşkde ýeser-eser kişi-leriň atasyny ogluna, ogluny atasyna, dogany-doganyna, aýalyny ärine duşman edip, öldürdip bilýändigine beletdi. Ol şa Abbasy ýadyna saldy. Bir gezek birnäçe wezir-wekil, sypahsa-serkerde şazada Safany şa Abbasyň ornuna şahynşa götermek üçin ýer astyndan dil düwüşýär. Ýöne olaryň arasynda şa Abbasyň “gözi hem gulagy”--şugulbeçje bar eken. Ertesi şa Abbas şol wezir-wekilleri, sypahsa-serkerdeleri dergähine çagyrýar-da, düýnki gizlin maslahaty aýan edip, hantagçanyň üstünde duran ýaglygy serpip goýberýär. Dildüwşük guranlaryň imany öçüp, zähresi ýarylýar. Ýaglygyň astyndaky mejimede şazada Safa mürzäniň kellesi ýatan eken. Depesinden haram siňek uçurylmaýan şazada Yrzagulynyň ýekeje permanda gözleri çekildi! Perman beren kim? Eziz dädesi! Nedir şa! Nedir şa Yrzagulyny uly ogly bolany üçinem, akylly-parasatly bolany üçinem, garadangaýtmaz dogumly bolany üçinem aýratyn gowy görýärdi. Ol şahynşanyň başdaş aýalyndandy, görgüli ir ýegalypdy. Babaguly han körekeniniň başyna düşen külpeti deň çekişip, ýaňy ýetişip gelýän gyzy Göwherşady Nedire durmuşa çykarypdy. Göwherşat aýaldoganynyň ogluny ezizläp öz ogullaryndanam ilerleýärdi, ýetim neressäniň göwni ynjaýmasyn diýip. Ynha, şol şazada ogluň gözleri çekildi. Yrzagulynyň iki gözüniň damary hem Nediriň şagyň ýüreginde eken! Oglunyň gözleri bäbeneginden sogrulyp, jigerinden jany giden Nedir şa aklyna aýlanyp, pis iş edenini bildi. Emma giçdi. Ol içki jaýyna girip, dört janpenasyny gapyda goýup: --Hiç kimi meniň ýanyma salaýmaň!—diýdi. Onuň içki jaýynyň bir gapysyndan Göwherşat melikäniň haremhanasyna baryp bolýardy. Onuň ýanyna diňe Göwherşat girip bilýärdi, emma olam häzir heder edýärdi. Bir gün, iki gün, üç geçdi... Şum habary eşidip onuň ýakyn egindeşleri, doganoglanlary, daýy-egenleri şahynşanyň dergähine geldiler. Olar onuň başyna düşen pajygany, agyr hasraty deň çekişjekdi, emma wepaly janpenalar hiç kimi şahynşanyň ýanyna goýbermeýärdi. Ogullary Nasrylla mürze, atasynyň adyny göterýän Ymamguly mürze şahynşa dädesiniň ýanyna girjek bolýardy. Emma janpena Perman beg diýleni diňlemeýärdi. Heý, ol şasynyň permanyny ýerine ýetirmän bilermi? Janpenalary gylyçdan geçiräýmeseň, Nedir şanyň ýanyna girmek mümkin däldi. Bir hepdeden Nedir şanyň dogany—Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Gürjüstanyň beglerbegi Ybraýym han geldi. Ony ikinji şahynşa saýýar-dylar. Olam janpenalardan geçip bolmajagyna şöz ýetirdi... Nedir şa ýedi gije-gündiz ne ýatdy, ne ýanyna adam goýberdi. Ol söwer ogly Ryzaguly hanyň gözüni çekdirensoň görüp, eşidip, dury pikirlenip ugrady. Sada, türkana, çakdanaşa ynanjaň, yňdarma Nedir şa oýlanyp, söwer ogly barada gep berenleriň, köşkde gep-gyýbat, hile-pirim bilen meşgullanýan emeldarlaryň bir toparyny dardan asdyrdy. Ol oglunyň gözlerini çekdirensoň duşmanlaryň gaýry ýurtlarda däl-de, köşküniň içindedigine, gujagyndagyna göz ýetirdi.. Nedir şa aklyna aýlandy, emma onuň gursagynda şübhe, müňkürlik bilen Melgun höwürtge gurdy. Şonda şanyň dosty Keýmir körem Nediriň ýanyna baryp, näme diýip oglunyň gözüni çekdirenini sorady. Nedir şahynşa: --Ol meniň ornumy aljak boldy—diýdi. Dana Keýmir serdar: --Päheý, il-ä ornuny berer ýaly serdar ogul tapyp bilenok, senem serdar ogluň gözlerini çekýämiň?!—diýýär. Nedir gözýaşyny saçalap: --Wah, kör teke, är gardaşym, sen ozal nirdediň?.. Ylym-bilim gory ýetik Magtymguly düýşleriň hikmetli, gudratly dünýäniň gapysydygyny, gudraty güýçli Perwerdigär azyzlan bendesine düýşünde hikmet görkezip, gudrata sezewar edýändigini bilýärdi. Ol ozalam ylahy düýş görüp, gudratly ýagşyzadalaryň, erenleriň golundan pyýala-pyýala şerabun-terahum içip sermest bolup ýördi. Eýse ol hikmetli, pynhan syrly gyz kim bolup biler? Magtymguly Göroglynyň düýşünde Agaýunus perä aşyk bolanyny bilýärdi, emma kämilligiň bir ujundan giren ýigdekçe dünýäde Kap dagynyňam, periler ýurdunyňam ýokdugyna beletdi. Periler ýurdy ýokka bi gudratly perizat kimkä? ÝA Allatagala Magtymgulyny ýalkap, ol hüýr gyzy arşy-agladaky uçmahyndan çykaraýdymyka? ÝA ol ummanlardan çykan suwperisimikä?... Magtymguly hakyky derwüşleriň ylahy düýşünde Hakyň didaryny görüp, Hak Alla aşyk bolup, pany dünýäniň hany-manyndan, bagty-baýlygyndan, keýpi-sapasyndan, aýyş-eşretinden,haýu- höwesinden geçip, Hakyň bargähine barýan ýola düşüp derwüş bolup, diwana öwrülip gidýändiginem, derwüşleriň Hakyň didaryny söwer ýaryň didary hökmünde wasp edýäninem bilýärdi. Elbetde, Magtymguly derwüş bolar, ol ýalan dünýä-niň alyna aldanardan has akylly ahyry! Haýsy ýana garasa hikmetli nazaryna gark edip, aklyny çaşyryp barýan ol pynhan syrly, jadyly dideli Hüýr gyz heý indi Magtymgulyny derwüş-diwana etmän goýjakmy? Şol düýşden soň onuň ýaşap ýören dünýäsem, durmuşam, gijeleri-gündiz-lerem, ýazýan goşgularam, dem alýan howasam süýjedi. Kümüşçi ussanyň kümüşe zer çaýyşy ýaly şol düýş Magtymgulynyň dünýäsine heser çaýdy, yşk çaýdy, jadyly owaz çaýdy. Döwletmämmet aga ýumuşa iberer ýaly inisi Selim Magtymgulynyň ýedi oglunyň ýekesinem tapman, nalaç oglunyň jaýyna girdi, ol onuň mydama kitap-diwan bilen gümrahdygyny bilýärdi. Kethuda: -- Oglum, şu diwanlary Medet Hudaýgula eltip ber. Ol bu-gün erte Etrege gidýär. Medet agaň bu diwanlary hezreti Baky pire eltip bermeli, men gürleşip goýupdym -- diýdi. Magtymguly daşyna mahmal çolanyp, sünnä daňlan kitaplary alyp boýurgandy. -- Medet aga Gara bagşynyň duldegşir goňşusydyr… Magtymguly diwanlary alyp ugrady, Döwletmämmet aga onuň boýuna-syratyna,kaddy-kamatyna buýsanyp,oglunyň yzyndan seretdi durdy, seretdi durdy. Kethudanyň gözlerine ýaş, gursagyndaky nägehan dowul apy-tupana aýlandy.Hezreti piri Seýit Syrajeddin Arşaýynyň hoşlaşyk pursaty aýdan sözleri gulagynda ýaňlandy. Kethuda töweregine hüşgär garap, hiç kimiň ýekdugyny bilip, gözleriniň ýaşyny sylyp, jaýyna girdi. Döwletmämmet aganyň jaýyna bolsa, özi çagyraýmasa, hiç kim girip bilmeýärdi. Kethuda ozalam Magtymgulynyň şasuwar kaddy-kamatyndan, zirek akyl-parasadyndan, ýanyp duran zehininden gorkýardy, sebäbi şabrap gelen çasly jalalar gelşi ýalam geçip gidýär, petde-petde ýagýan gar dessine ýagmasyny goýýar, ýiti gyzyl tiz solýar...Eri şasuwar kaddy-kamatly, çakdan aşa pähim-parasatly, adatdan daşary ýiti zehini ýanyp duran Magtym-gulyny ol nädip howp-hatara, bela-betere dözüp biler, nädip? Döwletmämmet aga kyblagöý oturyp,gözleriniň ýaşyny suw sil akdy-ryp, aglap Allasyna mynajat kylyp başlady… Giňjaý diýeniň giň jaý, ilersinden derýa akyp ýatan Hajygowşan bolsa çakdan aşa uly obady. Magtymguly obadaşlarynyň ählisini tanabam baranok, ana ýöne ony weli, hemmeler tanaýardy. Sebäbi ol sylagly-sarpaly kethudanyň ogly, serkerde Abdyllanyň, pälwan Muhammet-sapanyň inisi. Üstesine obanyň atly bagşysy Gara bagşynyň ogly Gaýyp bagşy Magtymgulynyň birnäçe goşgusyny aýdyma öwürip, toý-tomguda aýdyp ýördi. Uly obada haly-palas, tara dokalmaýan öý ýekdy, baýlar, gurby barlar öz haly-palasyny dokasa, mazlumlar baýlaryňkyny dokap gazanç edýärdi. Töwerekdäki öýlerden çykýan şowhunly dokma daraklarynyň owazy çapyp barýan bedew atlaryň güpürdisini ýatladýardy. Magtymgulynyň göwnüne, Hajygowşan obasy garyp, gamgyn, pukara hemizamanyndan röw-şen hem baý gelejegine at çapdyryp barýan ýalydy… Ykbaly,ene-atasy,hossarlary Magtymgulyny ezizleýärdi, läliksired-ýärdi, emma ol özüni läliksiretmedi, çagalykdan başlap, obalylaryň edýän ähli işlerini edýärdi. Çyrpysyny şarpyldadyp, jöwenem gorap-dy, depesinden gum sowrup ýer depip ekinem ekipdi, goýun-geçi güýlüp malam gyrkypdy, dükanynda gündizler kümüş ýenjip, gijeler ýigitler bilen göreş tutup, türgenleşip-türgenleşip, endamyny gatadyp, aýalaryny pyşbaganyň arkasy ýaly gabarçakladypdy. Ruhy tüweleýläp duran Magtym-gulynyň töwekgel kalby, owsarsyz duýgulary, ýanyp duran hyjuw-hyrujy, däli köňli, göwresine sygmaýan gujur-gaýraty ruhuna ruhdaş, gaýratyna garşydaş gözleýärdi. Onuň aýy bilen tutluşan, gaplaň bilen garpyşan, ýelbars bilen dikleşen obadaş batyrlaryna gözi gidýärdi. Ol nähilidir bir elhenç howp- hatarly, gorkunç ýagdaýa uçrap, özüniň güýjüni-gaýratyny, batyrlygyny,synap göresi gelýärdi, edermenlik küýseýärdi, emma gadymy dünýä gidip gözläýmeseň görnüp duran dünýäde döwem ýek, ajdarha-da. Tüpeň çykyp, dünýä namart bolup, ýelbars, gaplaň, aýy ýaly janawerlerem gaty azaldy, olara duşaňdan Hydyr ata duşan asan. Ol derýa gyzyl läbik bolup agdarlyp-düňderlip akýan çagy ýüzüp geçibem, gaty howply Ýelbarsly jeňňeliniň ol başyndan bu başyna pyýadalap gidibem gördi. Indi ençeme ýyl bäri gijeler ýabany jülgelerde, adam-garasyz daglarda ýeke-ýalňyz aýlanyp ýör. Emma agtarsaň gorkunç bela-da tapdyrmaýar eken! Gursagynda owsarsyz ruhy möwç urýan Magtymguly üçin alyp bolmajak gala,çykyp bolmajak beýiklik, ýetip bolmajak maksat ýekdy. Ol salgy berlen jaýy tapyp, bag-bakja bürenip oturan howla girdi. Daşarda adam-gara bolmansoň jaýyň gapysyna golaýlap, öý eýesiniň adyny tutup üç ýola gygyrdy. Ses berýän ýek. Magtymguly kaşaň eýwanyň gapysyny açyp içe girdi, şol dem jaýyň gapysy açyldy, ýok, jaýyň däl, hikmetli düýşüň, batyn syrly hikmetiň gapysy açyldy! Eý-ho!..Eý-ho! Magtym-gulynyň hikmetli düýşünde gören pynhan syrly Hüýr gyzy içki jaýdan eýwana çykdy. Magtymgulyny gören Hüýr gyzam «hiýh» edip alla-niçiksi tisgindi. Ýigdekçe oslagsyz duşuşyga haýran galyp, gözlerini ýumup-açyp, açyp-ýumup kellesini silkeledi. Duýdansyz duşuşykdan ýaňa tas neressäniň essi aýylypdy. Düýş däl, huş, hakyky huş! Magtymguly aňk bolup «Aperin!» diýeninem duýman galdy. Gör-ha, Hudanyň gudratyny! Gör-ha, pynhan syrly dünýäniň oýnuny! Magtymgulynyň kyrk gün mundan ozal düýşünde gören ahuw gözli hüýr-melegi gaşynda dur! Ol gözlerine ynanman, sahypjemal gyzyň serwi boýuny, sahypkyran kaddy-kamatyny, gülüp duran giň maňlaýyny, uçjak-uçjak bolup duran pitneýi gaşlaryny, läle-läle gyrmyzy leblerini synlady. Uçmahdan çykan hüýr gyzyň humarala nerkes gözleriniň syh-syh kirpikleri şeýle bir uzyndy, hatda tir kibi uçlary Magtymgulynyň jigerine girip barýardy, seredeniňden essiňi aýdyrýan heserli gözleri şeýle bir ulydy, hatda Magtymguly oňa golaýlamanka gark bolup barýardy. Hüýr gyzyň kirpikmen gara gözleri lälä-läle lebli dahanyndan has uludy. Ol gyzyň daglaryň garyndan ak, sabalaryň alyndan al hurmaýy ýaňagyndan, balkyldap duran humarala nerkes gözlerinden birhili janyny ezip, jadylap barýan şugla saçylýandygyna haýran galdy! Gör-ha, ony hatda hikmetli, gudratly düýşi-de aldapdyr.Bu hüýr gyz düýşündäkisindenem müň mertebe owadan eken! Meger, näzenin gyzyň sahypjemalyna Hudaýyň özem aşyk bolandyr: beýik Biribar gyzyň ýalkym saçýan didarynyň,al ýaňaklaryňyň aklygyny aýratyn nygtamak üçin, lebleriniň ýokary ýanyna laçyn guşuň gözi ýaly şar garaja meň goýupdyr.Eýjejik gyz Magtymgula gabak astyndan gyýk garap, ýeser ýylgyrdy, şonda onuň al öwsen ýaňagynda dörän çah -- guýganak tereň derýanyň aýlagy ýaly Magtymgulynyň başyny aýlandyryp goýberdi. Düýşden çykan gyz ýaňadan badam gabagyny göterip eda bilen: --Magtymguly -- diýdi. Gyz uýalyp, ýene bägül ýaly al öwüsdi. -- Men seni düýşümde gördüm…kyrk gün mundan owal… Ýaş ýigidiň beýnisi, süňňi-süýegi sarsyp, dünýäsi çaýkandy gitdi. Diýmek, Magtymgulynyň gören gudrat düýşüni bu gyz hem görüpdir! Üstesine-de, sahypjemal hüýr gyz ony tanaýar. Magtymguly takyk bilýär: ol bu gyzy düýşünde gördi, emma huşunda weli hiç haçan görmändi, ömründe görmedik gyzy ony tanaýar! ÝA bu hem beýik Biribaryň hikmetimikä? --Meňli, sen Hakyň gudratymy ýa men zyýan tapynyp ýörünmi? Sen meni nireden tanaýaň Meňli? --Ýaňy aýtdym-a, düýşüme girdiň diýip. Ikimiz uçmah ýaly owadan jülgede seýran etdik. Sen adym Magtymguly, goşgy ýazýan, men şahyr diýip öwündi-ňem!..—Hüýr gyz näz-kereşme bilen ýeser ýylgyrdy.--Arada Gara bagşylara geleniňde, seni huşumda görüp, tas çaşypdym. Gara bagşynyň gyzy joram Dürlüden adyňy soradym. Seniň adyňyň Magtymgulydygyny bilip, ençeme gün zyýan tapynyp ýörendirin öýtdüm-- Hüýr gyz uýalyp, näzeninden näzenin ýylgyrdy. Magtymgulynyň kalby jünbüş eýläp, dünýäsi heýjana geldi -- Sen meniň adymy nireden bilip ýörsiň Magtymguly? -- Hudaýym seniň al ýaňagyňa owadan meň bilen adyňy dakyp goýbe-ripdir, Meňli -- diýip, Magtymguly gyzyň gözlerine dikan bakdy. Ol Hüýr gyza özüniňem ony düýşünde görenini, şondan bärem onuň huşuny, tamam ýaşaýşyny heýjana getirip, nämälim syr bolup kalbynda ýaşap ýörenini aýtmak isledi, şol pursat gyzyň humarala gözlerinde çakan ýyldyrym onuň ýüregin-den parran geçip, aýagynyň astyndaky ýeri yrandyryp, asmany çaýkandyrdy gitdi.Eý-ho! Balkyldap duran şar-gara ataş gözler! Buldurap duran şar-gara jadyly gözler! Pynhan syrly, ýyldyrymly-barkly gözler!.. Magtymgulynyň berdaşly göwresi sarsyp, seri sämäp, akly çalam-çaş oldy. Bolsa-da ol essinden aýylyp, özünden gidäýmänkä gyz janalgyjy jellat nazarlaryny sowaýdy. Gyz halky yşkyň Hudaýy bolýar. Sahypjemal gyz keýerip, şikara çykan saýýadyň awuny nyşana alşy ýaly, Magtymgulynyň dumanlap duran ullakan gözlerini nyşana alyp, ýene gyýk garady. Eý-ho! Ýene-de hüýr gyzyň jadyly gözleriniň ýyldyrymy Magtymgulynyň akyl-huşuny, erk-ygtyýaryny, berdaşly göwresini pagş-para lagşadyp, yşk bilen lowlap duran ýanardaga öwürip taşlady. Gujur-gaýratyna bäs gelip bilmän ýören Magtymguly görülmedik bir apata uçranyna, ýanaýmakdan gaýry çäresiniň ýokdugyna haýran galdy. Ol Hüýr gyzyň alkymynda gamyş ýaly galdyraýardy, damagy çalnan mal ýaly sandyraýardy. Özüne gaty göwni ýetýän ýigdekçe saňňyldap durşundan utanyp, göwresine erk etjek boldy, emma.. Meňliniň gara gözlerinden çakýan ýyldyrym Magtymgulynyň jiger-bagryna sanjylyp, gyrmyzy ganyny saçdyryp, yşk atly gudraty, söýgi atly keramaty onuň gursagyna salýardy. Meňli gyzyň apat yşky ýaş ýigidiň ozalky ýaşap ýören dünýäsini ýakyp-ýandyryp goýberdi. Ol damarlarynda ganyň ornuna ýyldyrymlap yşk ataşynyň akýandygyna ynandy. Gyz bolsa düýşünden çykan melek ýaly, kä ýeser ýylgyryp gyýk garap, kä dikan bakyp, kä näz-kereşme bilen jilwe taşlap, ala-ala gözlerinden ýyldyrym çakdyryp, ony öz gurbanyna öwürişinden, yşk heserinden lezzet alýardy… Bu mahal daşarda apy-tupan gopup,lemmer-lemmer şar gara bulutlar gara goçlar ýaly garpyşyp, ýyldyrym yzyna ýyldyrym çakyp, gökler gümmürdeýärdi. Ol pynhanda dörän yşkyň aýandaky ýaňydy!..Dana, suhanwer Magtymguly geplemekden, pikirlenmekden, hereket etmekden mahrum bolup, şamaryň jadysyna duşan guşa döndi. Owadan gyz şelaýyndan syrly ýylgyryp, jadyly bir bakyşda onuň janyny alýardy, ýene bir bakyşda jan berýärdi. Meňli ýaş ýigidi öldürip-dirildip heser bilen ýylgyryp keýp edýärdi. Magtymguly edenli ýigitdi, emma ol bir gyzyň öňünde gara der bolup, pynhan syrly gyzyň gutulgysyz gurbanyna öwrülenine utanyp, gujur-gaýrata galjak bolýardy, emma demirden bedeniniň, daşdan synalarynyň mum ýaly eräp barýanyna, gursagyndaky polatdan erkiniň ýyldyrymlap ýanyp duranyna haýran galýardy.Ol häzir Hüýr gyza nämedir bir zat diýmelidi. Magtymguly aly hezretleri sözüň gudratdygyna, keramatdygyna ynanýardy, emma jadyly gözleriň ýanynda sözüň—keramat sözüň, gudrat sözüň hiç zatdygyna düşündi. Ol sözüň ylahdandygyna ynanýardy, emma ylahdan sözem özünden zor gudrata sataşanyny bilip, Magtymgulyny terk etdi. Yşk, apaty yşk ony dilinden-dahanyndan jyda düşürdi. Ol ýene Meňliniň humarala gözlerine, Meňli Magtymgulynyň ullakan gara gözlerine gark boldy. Bu pursat yşk pursadydy, bu apaty yşk hakyky aşyk-magşuklara miýesser edýän uly haaldy! Magtymguly Biribaryň yşkyna uçran aryf ýaly, asmana bakyp Alladan alamat gören dindar ýaly, alawlap duran apat yşky gördi. Meňli pynhan syrly, heserli gözlerinde ýyldyrym çakdyryp, aşyga yşkyň aklyňa sygmaýan güýjüni, gudratyny görkezýärdi. Şol pursat al-ýaşyl-mawy ataşdan-ýalyndan tüweleý Magtymguly bilen Meňlini gujagyna alyp pyrlanyp başlady. Aşyk-magşuk gökleriň ýyldyrymly, gümmürdili apy-tupanyna öwrülip gitdi arşy-agla sary! Magtymguly asmandan agtarýan gudratyna zeminde sataşdy! Her hal eýwana giren ýaş gyzyň sesi Magtymgulyny halas eýläýdi. Meňli-niň on üç—on dört ýaşly gyz jigisi Göwher doganynyň ýat oglan bilen duranyny görüp haýykdy: --Meňli, ejem gelýär!—diýip, tasanyp jaýa girdi. Magtymguly hoşlaşyk pursatynyň gelenini bilip, ähli erkini jemläp: --Meňli, Meňli, sen gudratmy, sen jadymy? Sen uçmahdan gelen hüýr-melekmi?! Sen ummandan çykan Bähri-melikemi?! Sen arşy-aglanyň Humaýymy?! Mundan kyrk gün ozal men hem seni düýşümde gördüm. Sen düýşümde ala-ala gözleriň bilen tas meniň janymy alypdyň! Ynha, huşumda bolsa meniň janymam-jigerimem aldyň, aklymam-huşumam, erkimem-ygtyýarymam aldyň! Sen meni neýlediň Meňli?—diýdi, emma onuň daşyndan aýdýan sözleri içinden aýdylýardy. Meňli heserli gözlerini Magtymgula dikip: --Sen nämeler diýip dursuň?—diýip, näz-kereşme bilen öýkeledi. --Wah, men diýere söz tapman durun! Meňli, sen sözden beýik, waspdan owadan, bagtdan eziz ekeniň, Meňli! Sen Allanyň Gudraty, Meňli! Sen Allanyň Keramaty Meňli! Sen arşyň Humaýy, Meňli!—diýip, Meňliniň gaty golaýy-na baryp pyşyrdady —Seni maňa, meni saňa kerem-keramaty çoh Allajan duşurdy. --Meňli uýalyp, owadan ýylgyryp aşak bakdy.—diýdi. Magtymguly gyza dowamly bakyp, yzyna öwrülip, eýwandan çykdy. Ol uly ýulusdan dynanyna begenip, derwezä ýöneldi. Meňli eýwandan çykyp: --Mag-tym-gu-ly, eliňdäkileri yzyna alyp barýamyň?—diýip, onuň adyny heser bilen şeýle bir süýjedip aýtdy weli, Magtymguly öz adynyň şeýle ezizdigine haýranlar galdy. Meňli gyýk garap, näz-kereşme bilen Magtymgula jadyly nazar saldy. Şol pursat asman ýarylan ýaly, dar howluda şa top atylan ýaly, eýmenç ses edip gök gümmürdedi, hatda Magtymguly bilen Meňliniň aýagynyň astynda ýerem titräp gitdi. Magtymguly syrly ýylgyryp, elindäki mahmala çolanan diwanlary Meňlä berip, dädesiniň sargytlaryny zordan aýdyp, derwezä bardy, howludan çykyp barýarka gaňrylyp, yzyna seretdi, şol pursat Meňli jadyly nazaryny ýene Magtymgula dikip, näz-kereşme bilen jilwe taşlady… Yşk asmandan! Yşk Alladan! Yşkyň mekany ataş, ataş mekany arş! Yşk aşygyňam-magşugyňam garagyny gapyp, dilini lal, gulaklaryny ker edip,aklyny aparýar. Yşk olaryň ozalky ýaşap ýören dünýäsini ýakyp-ýandyryp, başga bir heserli, heýjanly, jadyly dünýä äkitdi. Ol jadyly dünýäniň ady Meňli! Ol owadan planetanyň ady Yşk. Ol dünýä, ol planeta humarala gözleri heserli Meňli ýaly çakdan aşa owadan! Ol dünýä Meňli ýaly eýjejik, näzeninje, süýjüje, heserlije, datlyja, otlyja, jadylyja… Ýerler ýaşyl öwsüp ýaz ýetip gelýärdi. Gyşda, ýagyş-yrslanda, garda-gaýda toý tutmany oňlamadyk kişiler, toýa başlaýardy. Hajygowşan obasynyň atly baýlary arly ýyl dagda-deştde,çölde-sährada elkin gezen gylýal sürüsini obanyň ilersindäki nawlardan edilen berk agyla gabaýardy. At satyn aljak hyrydarlar, alys ýerlerden gelen söwdegärler, at satýan täjirler, uzyn kementli atbakarlar bir ýerde jemlenip, adam garasyny görmän halys ýabanylaşyp, wagşylaşyp giden sarç-sarç atlary synlaýa-rdylar. Bu ýyl ilkinji bolup Ýagşymyrat baý atlaryny agyla gabatdy. Hajygowşanyň ýerden ýöräni agylyň daşyna egele bolup, Hudanyň sünnä ýaradan owadan-owadan ganatly guşlaryny görüp göwnüni gandyrýardylar. Müňlerçe ýyl bedewler bilen bagryny badaşdyran türkmen at görse durup bilýärmi? Dünýä sygman ýören tez bedewler dar agylyň içinde tüweleý kimin aýlanýardy. At seçiliş dabarasynda bir däp bardy: kimde kim serdar atdan çekinmän, ilkinji bolup agyla girip at alyp çykyp bilse, şol at şol oglana serpaý berilýärdi. At alyp çykmak dessuryna on dört ýaşdan on ýedi ýaşa çenli ýigdekçeler gatnaşdyrylýardy. Şondan soň at söwdasy başlaýardy. Jarçylar dabara şüweleň berip, aldygyna gygyryşýardylar, emma ilkinji bolup agyla girmäge döwtalap ýokdy. Obada güýjüne-gaýratyna, hyjuwyna-hyrujyna bäs gelip bilmän ýören guduman-guduman ýigdek-çelerem süriniň serdar atynyň waşyýana sypatyny synlap,ilkinji bolup agyla girmäge het edip bilmän durdylar. Babaly seýis: -- Ahaw, gödekler, däli ganlylar, päkize bedewler size garaşýar! Näme mugt atam agyla girip dädeňiz alyp bersinmi indi?! -- diýip, ýaş-eleňlere gyjalat berýärdi. Emma sürüsini del jemendeden gabanyp, wagşyýana çarp urup, haýkyryp kişňeýän serdar atyň mülkine aralaşmaga atyň kellesi ýaly ýürek gerek! Obada göreş bolsa sypdyrman baýrak alyp ýören Täçberdi ilkinji bolup agyla girdi. At seçilişine tomaşa etmäge gelen gyz-gelinleriň arasynda jorasy Dürli bilen Meňlem bardy. Serwi boýly,hüýr kaddy-kamatly,näzenin görk-görmekli Meňli topar-topar gyzlaryň-gelinleriň melikesi ýaly, aýratyn saýlanyp durdy. Ol gabak astyndan märekä nazaryny gezdirip Magtymgulyny gözleýärdi, emma han bar, beg bar, kel bar, kör bar, Magtymguly ýokdy. Täçberdiniňki paşmady, serdar at toýnaklaryny ýere urup, gamyş gulaklaryny ýapyryp, eňdi onuň üstüne, neresse at almak beýlede dursun, zordan özüni agyldan alyp çykdy. Gülki-şowhun göge göterildi. Meňli gyz bolsa dünýäni unudyp heserli nazary bilen Magtymgulyny agtarýardy,ol onuň golaýdadygyny syzýardy, duýýardy. Nerkes gözli Meňli gyz birden ýylan gören ýaly düýrügip, seňrigine ýygryp, eýlesine öwrüldi. Ol Küremiş hanyň ogly Şanazary görüpdi, Şanazaram Meňlini gördi. Şanazar Gaýymgala ýaly daş ýerden ýörite Meňlini görmäge gelipdi, ynha, indi oňa özüni Meňlä görkezmäge-de amat pursat bolaýdy. Onýança Şanazaryň golaýynda duran Babaly seýis: -- Haý, agam ogly, hany Hajygowşanyň ýigdekçelerine hanzadanyň kim bolýandygyny görkez! -- diýdi. Ol Şanazaryň ýaşynyň ýigrimiden geçendigine-de seretmedi. Hanzadanyň göhi geldi. Şanazara at gerek däl-di, a:t gerekdi, Meňli gyza gaýratyny görkezmek gerekdi. Ol at seçiliş dabarasyna hem Meňlini görerin, hem Meňlä özümi görkezerin diýip arzuw-hyýallara atlanyp gelipdi. Ynha, allanäme, han ogluny seýisler sylady. Şanazar apaň-apaň basyp agyla ýöneldi, mähelle gygyryşyp şowhunyny ýetirýärdi. Agylyň kese nawlaryna münüp, içine towsan Şanazary görüp, serdar at toýnak kakdy, emma gelýän pyýadanyň garadan gaýtmajagyny bilip, gulaklaryny ýapyryp, haýkyryp, agzyny hatap ýaly açyp gaýtdy Şanazaryň üstüne! Ol-a ýabany atmyş, Meňli gyz synlap durka, Şanazar aždarhadan gaýtjakmy, ajaldan gaýtjakmy? Ýigit eýläk towsup, beýläk towsup, serdar ata hile edip gylýallaryň sürüsine golaýlajak bolýardy. Serdar at bolsa haremhanasy galtamanlaryň arasyna düşen gabanjaň han ýaly dergazap halda bolmajysy bolup guduz açýardy, mähelläniň şowhunyna seri göterilen Şanazar ahyry agylyň içinde tüweleýläp aýlanyp ýören ýabany ýylkylaryň biriniň ýalyndan ýapyşdy, arman şol pursat başga bir at omzy bilen ony kakyp geçdi, ozalam penjesi mazaly ilmedik Şanazar entiredi. Serdar at haýkyryp gelşine kellesini talawladyp, ony kakyp goýberdi. Garadangaýtmaz batyr, berdaşly Şanazar atyň kellesiniň urgusyna bir gapdala zyňylyp, özüni dürsäp bilmänem ýykyldy. Ajal ýaly agzyny açyp gelýän serdar at ony parçalamakdan gaýtjak däldi. Ölüm bir erbet zat, janam süýji. Şanazar kirpi ýaly düýrülip, tomalanyp kese nawlaryň aşagyndan çykyp, masgaraçylygyň gujagyna düşdi. Märeke wahahaýlaşyp gülüşýärdi, şowhun turuzyp gygyryşýardy, ellerini çarpyp heşelle kakýanam kändi. Bu tomaşaly waka zerarly hiç kim Magtymgulynyň geleninem, agyla gireninem duýman galdy. Meňli gyzyň haýýady göterilip, allaniçiksi halda: -- Magtym! Magtymguly! - diýip, duýdansyz gygyranyny bilip, gaty utandy. Töweregine garap, boz-ýaz boldy.Emma şowhunyň arasynda Meňliniň sesini eşiden bolmandy. Meňli gyzyň yşkyndan däliräp düze çykyp, arşu-kürsüň arasynda göwnüne karar, göwresine jaý tapman, gara başyny nirä urjagyny bilmän ýören Magtymguly serdar atda ruhuna ruhdaş, gaýduwsyz güýç-gaýratyna garşydaş gördi. Ol hälden bäri köpçüligiň arkasynda çiňirik ýaly uzyn bir kişä dulanyp, heserli nazaryny gezdirip Meňliniň özüni gözleýä-ninem, Şanazaryň masgara bolşunam synlapdy.Agyla giren Magtymguly awuny abaýyna getirjek bolup garaşýan gaplaň ýaly nazaryny özüne tarap atylyp gelýän serdar ata dikdi. Ajdarha ýaly agzyny açyp gelýän bedew at golaýlanynda, ol terse zyňdy. Magtymguly Täçberdi bilen Şanazaryň ýalňyşyny gaýtalamady: ol gara ýel bolup agylyň içinde aýlanyp ýören ýylky sürüsine seretmän, saga towsup, sola towsup, ahyry serdar aty amatyna-abaýyna getirip, ýalyndan ýapyşyp, bir towsanda onuň üstüne gondy. Ençe-ençe ýyllar bäri Soňudagyň jülgelerinde, derelerinde adam garasyny görmän ýabanylaşyp giden serdar at, entek ýel bilen ýagmyrdan gaýry zada arkasyndan sypaladyp görmedik buýsanjaň serdar at ýylky ordasyny goramakdan geçen, özünem gorap bilmedigine namys edip elhenç kişňäp, zyňdy özüni göge! Emma onuň ösgün ýallaryndan ajal bolup ýapyşan Magtymguly at bilen bile biten ýalydy. Janawar serdar at gaty namys edip, çyrpynyp özüni saga-sola oklaýardy, aldygyna jyzzynlap,çarpaýa galyp ýagyrnysyna gonan masgaraçylykdan dynjak bolýardy, kellesini arkan silkip, agzyny hatap ýaly açyp dişlejek bolýardy. Agylyň içinde aýlanyp ýören sarç ýylkylar serdaryň düşen halyna keýerip seredýärdiler. Namys astynda galan serdar at ýürek kimin ýarylaýjak bolup, dikine zyňyp, jyzzyn atyp arkasyna ajal bolup gonan beladan dynmajagyny duýdy. Magtymgulam serdar ata däl-de, arşyň çyrpynyp duran ýyldyrymyna münen ýalydy, emma şonda-da bir pursatlyk onuň nazary Meňliniň buýsanjaň ýylgyrýan nazaryna sataşdy. At aýylganç haýkyryp, giň agylyň içinde tüweleýläp, mazaly bat alansoň towusdy tas adam boýy agylyň depesinden! Tutuş mähelle aňk bolup galdy. Serdar at namysa çydaman gitdi Magtym-gulyny alyp däli düzlere! Goja seýis: --Anha, Garagaýyň agtygy atasynyň ogly boldy!—diýdi. --Tüweleýiň agtygy tüweleý boldy! --Dälibaş dirilip gelipdir! Janaman agzyny açyp, gözlerini höwlendirip bu aýylganç wakany dem alman synlapdy. Onuň haýýady göterilip, gapdalynda duran Kynyş begiň çignine penjesini urup: -- Ýör, depdik! - diýdi. Emma Kynyş beg ör-gökden gelip: -- Niräk? - diýip, gözlerini höwendirdi. -- Görmeýämiň, Magtymgulyny at alyp gaçdy! Kynyş beg lahlah gülüp, aljyrap duran inisini gujaklady: - Ýo-o-ok, ýo-o-ok, Janamanym, dädem dirilip gelipdir,dädemjan! Hah-hah-ha! Magtymjan serdar aty alyp gaçdy! Hah-hah-ha! Emma olaryň ikisi-de ýalňyşypdy. Serdar atam, Magtymgulynam Meňli gyzyň yşky alyp gaçypdy…Serdar at Magtymgulyny hem heläklär öýdüp janynda jan galmadyk Meňli gyz buýsanjaň başyny belent tutup, nazary bilen Şanazary gözledi, ol nazary bilen Şanazara gyjalat berjekdi, ýöne at aljak bolup at ýitirip, masgaraçylyga sezewar bolan Şanazar bu mahal ýeňsesini tüňňerdip Gaýymgala tarap barýardy.Agylyň daşyndaky mähelle ala şowhun bolup gygyryşyp heşelle kakýardy. Yşk - jümle-jahan apaty! Yşka düşünibem bolmaýar, düşün-diribem! Yşk-- Allatagalanyň azyzlan kişisiniň sataşýan gudraty! Yşk nämälim dünýäniň, poeziýanyň, ajaýyp sungatyň gapysy, ondan aňyrda Ylahy dünýä başlaýar. Islendik ýaş oglan-gyz yşka uçrasa, hüwläp, dünýä sygman goşgy-gazal ýazmagyň kül-külüne düşer, sebäbi ol hiç bir şahyryň diwanyndan öz yşkyny beýan edýän goşgy-gazaly tapyp bilmez! Eger-de şahyr, onda-da geljekde dünýäniň iň beýik şahyry apaty yşka uçrasa näder öýdýäňiz?! Buýsanjaň başy belent, päli pes, kalby uçursyz baý, köňli garyp, pähim-paýhasy umman ýaly giň, ruhy asman ýaly howalaly Magtymgulynyň gursagyna däli tüweleý, damaryna guduz gany girip, onuň wagşyýana yşky ylhamyny tüweleýledip, arşyň-kürsüň arasynda gaýdyryp-gaýdyryp uçursa, ylham onuň yşkyny apy-tupana öwürip, depesinde kyýamat gopdurýardy. Magtymguly Meňli gyzyň görlüp-eşdilmedik yşkyndan seňse bolup, beýnisi pikirlenmekden, zybany gürlemekden, gözleri görmekden jyda düşüpdi. Okumyş Magtymguly ozal yşky dessanlaryň ählisini okapdy,olarda wasp edilýän söýgini ol şahyrana ulaltma hasap edýärdi. Onuň pikiriçe, beýle apat gudraty diňe beýik Allatagala ýa-da onuň ýalka-nan azyzlary görkezip bilmelidi! Emma hanha tanamaýan-bilmeýän bir gyzy oňa yşkyň gudratyny görkezip, serpmeden gaýtaryp akyl-huşuny, erk-ygtyýaryny çalam-çaş, telbe edip taşlady!.. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||