01:30 Yşk mekany ataş, ataş mekany arş -12/ dowamy | |
Magtymguly asmandan agtarýan yşkyna zeminde sataşdy!!!
Taryhy proza
Aşyk didara zar! Aşyga didar derkar! Magtymguly ölmeli-ýitmeli Meňlini görmeli! Meňli gyzyň didaryny görmese, ol ölüp-ýitip barýar! Emma Meňlini göreýin diýeniň bilen görüp bolýamy? Gadagan! Gadagan, Meňlini görmegem, öýleriniň töwereginde görünmegem gadagan! Ol birewüň apalap oturan gyzy, maşgala namysynyň tugy! Meňli bilen Magtymguly bir obada ýaşasa-da, aralykda Deşti-Kebir ýaly äpet hijran,pyrkat ýatyr. Magtymgulyny hijran hupbatlaryndan diňe düýş, diňe düýş halas edip bilýär! Uklap bildigi düýş görýär, huşunda-da düýş görýär, hatda düýşünde-de düýş görýär. Asyl onuň owadan dünýäsi, heserlenen ýaşaýşy, hüýlenen gijesi-gündizi düýşe öwrüldi. Iki aşyk-magşuk üçin Wagt, giňişlik diýen düşünjeler manysyny ýitirdi. Öýleriniň arasynyň ýarym menzildigine garamazdan, Magtym-gulynyň pyşyrdap aýdan sözlerini Meňli eşidýär. Meňliniň üstüne sepinen müşki-enweriniň hoşboý ysy Magtymgulynyň gaňşyrawugyny tütedýär. Magtymguly ah ursa, ýalny Meňliniň ýüzüne çabraýar. Meňli uludan dem alsa, mübärek demine Magtymgulynyň sermes başy sämäp gidýär. Meňli Magtymgulynyň jaýynda kapasa salnan guş ýaly pelesaň kakýanyna çenli görýär. Ol garaňky gijeler gögüne garasa nazary süýnen ýyldyz bolup,jahany ýakyp,Magtymgulynyň kalbyna şugla saçýar.Meňli gyz zemine baksa dal-daragtlar gülleýär, asmana baksa dilsiz-dahansyz gökler gürleýär. Meňlini gören ýeller ýeldirgeýär, Meňliniň dem alan howasy hüýlenýär, gözlerinden akýan katra-katra gözýaşlar Magtymgulynyň ýüregine damýar! Gözýaşlar -- ýüregiň geýim-gejimi, aşyklaryň gözle-rinden akýan ýaşlar halys olaryň ýüreklerini ýalaňaçlap barýar! Beýik Biribar Magtymgulyny şindi adam oglunyň sataşmadyk yşkyna uçratdy. Asmanyň ak guwlary, çal durnalary Magtymgula ak ýelegini bagş eýledi. Magtymguly gijeler ýelegini ýyldyzlara batyryp, Meňliniň adyny heserlije ýelleriň ýüzüne ýazdy, ýeller ýeldirgäp ony Meňli gyza gowşurdy. Magtymguly gijeler süýnen ýyldyz bilen Meňli gyzyň heserli düýşüne yşky çabrap duran şygyrlaryny ýazdy. Meňli olary huşunda ýat tutup, ýürejigine ýazdy...Aşyklaryň aýnasy asman,olar Aýa bakyp, asmana bakyp, uzyn gije biri-biriniň husnyjemalyny synlady. Aşyk-magşuk tüm gijeler biri-birine pynhan syryny ýyldyz-laryň pyşyrdysy bilen aýdyşýar. Daňdanlar Meňli gyz uýala-uýala heserli gijeden hem owadan hyýalyndan çykýar, al-elwan säher ýaly bolup... Aşyk-magşugyň duşuşygy bir pursat, aýralygy weli tükeniksiz! Biserhet aýralyk aşyk-magşugyň jiger-bagryny parçalap, gyrmyzy ganyny syçradýar. Hijranyň hasraty, gam-gussasy aşyk-magşugy hopukdyryp gark edip barýar. Magtymgulam, Meňlem yşk oduna ýanmagyň, ah urup-efgan dartmagyň, gijeler gözlerden sil kibi ýaş dökmegiň nähili eziz bagtdygyna göz ýetirdi. Aýralykda gan aglap pygan çekmek -- lezzetdi, eşretdi, bagtdy!.. Eý, Allam! Yşk atly gudrat ýarym-ýaş agladyp, dady-perýat bilen jiger-bagryňy dagladyp bagtly edip bilýär! Aýralygy, hijrany bagtdan ýaňa hüýlendirip barýan yşkyň wysaly dagy nähilikä?! Magtymguly heserli hesret çekýärdi, özem geň galýardy: sebäbi täzeje, terje, müşki-enwerlije, heserlije hesretden Meňli gyzyň hüýlendirip barýan ysy kükeýärdi. Ol gaýgy-gama batyp pygan dartýardy, emma owadan, eziz, eşretli, lezzetli, şirin-şeker gaýgy-gamdan, ahy-pygandan Meňliniň yşkynyň dadyny alyp, odundan ýanýardy. «Yşka uçrap görmegenler, Yşk apatyn ýalan biler. Söýgi näme? Hasrat näme? Ony diňe ýanan biler. Didede ýaş, jigerde gan, Bijede ah, perýat-pygan, Gijelerne parçalap jan, Yşk goşgusyn ýazan biler. Ýaşlyk, senden hezl etmedim, Çekip yşkyň ezýetlerin. Bagyrmagyň lezzetdigin, Dadyn dünýä ýaýan biler. Böri deý al ganym ýalap, Ýara-ýara bagrym ýamap, Segparaz deý dartyp azap, Läşin oda ýakan biler. Demim ýalyn,ýürek ataş, Tutaş,yşkyň ody tutaş! Jiger-bagryn edip tutaç, Yşky bagty ýatan biler. Hakyky Şahyr beýik yşkdan başlaýar! Nowjuwan şahyryň Söýgisi näçe apat, näçe uly, näçe beýik bolsa, şonça-da ol Hakyky şahyr bolýar! Hakyky yşka uçraman şahyr bolýanlaram kän: hawa, olar uly şahyr bolup biler, beýik şahyr bolup biler, akyldar şahyr bolup biler, genial şahyr bolup biler, halk şahyry bolup biler,emma Hakyky şahyr bolup bilmez! Eýse Hakyky şahyr kim? Hakyky şahyr—ataşy çabrap duran yşk, hüýlendirip barýan heser! Il-ulus, halk onuň goşgy-gazallaryny okap didelerini ýaşlap yşka sataşýar! Durnalaryň dünýä aýlanyp mydama läle-reýhan ýazlarda ýaşaýşy ýaly, hakyky şahyr yşkdan möwç urýan heserli ýüreklerde mesgen tutup, Yşkyň ýüreginde ýaşaýar, yşk bolsa hüýlenen aýdymda ýaşaýar! Hakyky şahyr yşk ýaly jawudan! Magtymguly yşk bolup alawlap duran Meňli gyza duşaly bäri dilden-dahandan aýrylyp, pikirlenmekden mahrum bolupdy, ýetişen göknaryň endam-janyny päki bilen çirtişleri ýaly Meňliniň pynhan ala gözlerinden çakan ýyldyrymlar onuň ýüregini gyýym-gyýym, dilim-dilim edip taşlapdy. Meňliniň yşkyndan kükräp gelen ylham Magtym-gula şeýle bir goşgy-gazallar ýazdyrýardy, ol hatda olary özüniň ýazýandy-gyna-da ynanyp bilmeýärdi. Beýik Biribaryň arşy-aglada Adam atamyzyň palçykdan sulbasyna mübärek nepesi, demi bilen jan berşi ýaly, Magtym-gulynyň yşk bolup çabraýan deminden sözler, jümleler, setirler, bentler, goşgular jana gelýärdi, güpläp-güpläp ot alyp heýjana gelýärdi... Aşyk bilen magşuk nämä zar? Didara zar! Aslynda Magtymguly Meňlini, Meňli Magtymgulyny »ene bir görsem, ölsem armanym ýek» diýip ýaşaýardy. Olaryň arzuw-hyýallary-da, oý-pikirleri-de, doga-dilegleri-de, maksat-myratlary-da birek-biregi görüp, odundan ot alyp,birek-biregiň mährinden mährini gandyrmakdy. Beýle yhlas eden kişini Taňry Hydyr ata duşurmaýarmy?! Emma olara duşuşmak hyllallady, sebäbi Meňli gyz köçä çykyp, dar basyp, uz ýörişläp gelýän çagy, Wagt-da, dünýä-de oňa durup-durup seredýärdi. Ýaş-eleňler uçmahyň hüýrüni aňkaryp synlaýardy, Meňli duşundan geçensoňam yzyna gaňrylyp-gaňrylyp,tä büdüräp, awusyna ençe ümlükleri paýradýança gözlerini aýyryp bilmeýärdi. Meňli owadandy, çakdanaşa owadandy, näzijekdi, näzenindi, eýjejikdi, ezizdi. Geljekki beýik şahyrynyň aklyny çaşyraýyn diýip Allanyň mübärek nazaryny salyp, ýörite nepes edip, ezizläp ýaradan gudratydy. Allanyň mübärek nazary düşen hüýrüni bolsa görüp gözüňi, synlap göwnüňi dokun-dyrmak, didarlaşyp mähriňi gandyrmak mümkin däl. Günleriň bir güni Meňli üç ýaşly jigisi Eziziň golundan tutup Gaýly daýylarynyňka ugrady. Ol uly ýoldan çykyp, meçjidiň bagynyň içinden geçýän ýoda düşdi.Eý,Alla! Meňli gyz gelýär, sallanyp seýkin basyp Meňli gyz gelýär, ol ýerden däl-de howadan ýöräp gelýär, aýajyklarynyň yzy bolsa, Magtymgulynyň ýüreginde galýar. Meňli gyz heserli owazdan ýaradylandy, kölegesi bolsa älemgoşardan! Meňlini gören bägüller ýylgyryp gunçasyndan çykýar. Meňlini gören gunçalardan güller al-elwan ýalyn bolup parlaýar. Meňliniň yşk çaýylan owadanlygy, heser çaýylan zybalygy jadyly gudrat bolup islendik ýigidi şahyr edip biljek, indi ol beýik şahyr ýigidi neýlär?! Magtymgulynyň ýadyna bir bent pars goşgusy düşdi: Gel, saňa uçmahy bagyş eýläýin, Al, şirin janymny söwüş eýläýin. Nesimi deý şu dem hamym sypyryp, Ýalaň aýajygňa köwüş eýläýin. Meňli gyz birden çarbaglykdan çykan Magtymgulyny görüp tisginip gitdi, ýegsam ol onuň owsunyny duýup, hä diýmän oňa duşjagyny bilip gelýärdi. Meňli gyz owsunyp duran yşkdy, ýyldyrym çaksa alawlap, süýnen ýyldyzdan güpüläp ýanýan yşkdy.Gyz dessine özüni ele alyp, ýalpy-ýaz jadyly ýylgyryşa öwrülip, ýigidiň dumanlap duran gözlerine seretdi. Gözler gözlere gark boldy. Meçjidiň howalanyp oturan baglaryndaky bilbiller şeýle-bir şady-horram saýraşyp aşyk-magşugyň yşkyny dünýä ýaýaýjak bolýardylar.Meňli bilen Magtymgulynyň yşkyndan ýaňa guş janawerler tas adam dilinde gepläpdiler. Aşyk ýigit birden kellesini silkeledi, ol hüýlenip, ýeldirgäp barýardy. Meňli: -- Magtymguly, sen gije-gündiz meniň ýolumy saklap ýörmüň? - diýip, näz eýläp, ala-ala gözlerini güldürdi… Eý-ho! Magtymgulynyň Meňlä aýdaryn diýip ýadynda timarlap, söýgüsine, mähir-muhabbetine eýläp ýat tutan sözle-riniň ählisi bag başyndaky guşlar ýaly güsürre uçdy gitdi! Ýaş ýigit näme diýjegini bilmän, ýuwdunyp Meňlä seredip durşuna ýene haýran galdy: ol dünýäde sözden hikmetli, sözden gudratly, sözden keramatly, sözden hümmetli, sözden jadyly zadyň ýek ýekdugyna ynanýardy, çünki söz Ylahdandy!.. Söz Hudaýdy! Emma hany Hudaý söz?! Eý-ho! Onuň ýat tutan sözleriniň huşundan uçanam gowy bolaýypdyr,sebäbi Meňliniň heser bilen, bark bilen balkyldaýan pynhan syrly garaýşynyň ýanynda ol sözleriň, sözlemleriň ählisi manysyz, ähmiýetsiz boş jümleler! Her hal Magtymguly nämedir bir zat diýmelidi. Ol: --Meňli, meniň kalbyma ýanardag ýaly alawlap duran heserli, hüýli, hikmetli bir gudrat girdi. Men ol gudraty goşga saldym, emma kagyz öz-özünden güpläp ýanyp, küli ýele sowruldy gitdi. Men ol hikmetli gudraty aýdyma saldym, aýdym aglap, ah urup efgan dartyp, tüweleýläp hüýlendi gitdi! Meňli, o heserli, hikmetli gudraty saňa aýdaýmasam, däliräp barýan!.. Häzir-häzir ol gudraty aýdaýyn!—diýdi. Meňli gyz niz bilen ýylgyrdy. --Aýdaý, ýöne içiňden aýdaý. Magtymguly gyzyň owadan didesine dikan seredip köp durdy. Bir salymdan—Eşidýämiň?—Meňli syrly ýylgyryp, başyny yrady.—Onda men gudraty gözlerim bilen aýdaýyn, Meňli! Ýürejigiň bilen diňle.—Magtymguly ýene gara gözlerini çarhlap Meňliniň didesine dikan bakdy.—Görýärmiň? -- Meňli gözlerini süzüp, ýene lezzet bilen başyny yrady.—Görme-diňmi?—Meňli owadan ýylgyryp, şol hereketini gaýtalady. Magtymguly alaçsyz galan ýaly haşlap agyr dem aldy—Onda men ol heserli,hikmetli, gudratly sözi daşymdan aýdýan… Meňli aljyrady, pähim-parasatly Magtymguly gyzyň garaşmaýan ýerinden gelipdi. Hamana aşygy aýtmasyz zady aýdaýjak ýaly, hamana aşy-gy özüne söýýän diýäýjek ýaly : - Ýok, ýok! Eşitdim, eşitdim, içiňden aýdanyňda eşitdim, gözleriň bilen aýdanyňda men o gudraty gördüm, emma ki daşyňdan aýdaýma!—diýip, Meňli uýalyp al-elwan öwüsdi. Magtymguly syrly ýylgyrdy. Bu mahal Meňliniň jigisi Eziz meçjidiň bagynda kebelekleri kowalap ýördi… Aşyk Magşugynyň owadan gözlerine bakdy: ýene gözler gözleriň gudratyna uçrady. Janalgyjy yşkyň jadyly, gudratly öz dili bar! Ol dünýäniň iň ajaýyp dili! Meňli diýesi gelen sözleri didesine diýdirip, dili bilen bolsa başga zat diýýärdi. Magtymguly haýran: onuň jiger-bagryny ýakyp-ýandyryp gursagynda yşk ody lowlap ýanýar, göwresi bolsa gagşap barýar: Magtymgulynyň gursagyndan çasly yşk çaýy akyp ýatyr, daşy bolsa alaw-lap maşal ýaly ýanyp dur! Eý-ho! Meňli gyzda, ynsan yşkynda şeýle gudrat bar bolsa Perwerdigäriň yşky dagy nähilekä?!. Magtymguly bilen Meňli peýwendi erigiň aşagynda duşuşypdy, peýwendi erik olaryň atap yşkyndan ýaňa birdemde jowur-ak güllere basyryldy. Olaryň golaýyndaky ýaşajyk ülje Magtymguly bilen Meňliniň apaty yşkyny görüp, depesine ýyldyzly gijäni geýen ýaly bir demde pajarlap gül-pürçüge öwrüldi, beýleräkdäki şetdaly agajy al-gyrmyzy feєrwerk ýaly şowhun bilen asmana atylyp,olaryň yşkyny dünýä ýaýdy. Ýazyň heserlije ýellerine tänýän güller aşyk-magşugyň üstünden nowruz gary ýaly ýagyp durdy. Magtymguly Meňlä bakyp: --Meňli synla, men seniň şanyňa ajaýyp ýazy getirýän, hol üljeler, erikler, alma-şetdalylar seniň şanyňa gülleýär! Ertir öýlänler Bagdadyň durnalary toýnuk gurup saňa bendiwan bolup, gudrata zyýarat eden ýaly, seniň depäňden aýlanyp, saňa zyýarat ederler!—diýdi.Meňli ýylgyrdy.—Eger sen käte bir duşaýmasaň, men asmanda ah urup, efgan dartyp kalbymy ýaryp barýan yşkymy jümle-jahana ýaýaryn, soňam Selim magtymyň bimarhanasyna düşerin… Meňli gyz ozal beýle gürlenilýänini eşitmänsoň geňläp Magtymgula bakdy, Magtymgulam öz gürläp duran zadyna haýran galdy.Meňli heserli gözlerini güldürip: --Eger duşaýsam näme?—diýdi. --Eger duşaýsaň… -Magtymguly ataş çabrap duran nazaryny gyzyň humarala gözlerine dikip, oňa golaýlap ugrady. —Eger duşaýsaň asmany ýyrtyp, dünýäniň lowurdap duran ýürejigini alyp boýnuňa tumar edip dakar men, eger duşaýsaň asmanyň jadyly älemgoşaryny ýaglyk edip egniňe atar men! Hol gül-pürçük açylan üljäni bir desse ter çemen edip, saňa berer men! Asmanyň ülkerini belent başyňa göwher jyga edip geýdirer men! Gögüň ýyldyrymyny sogrup,biliňe zerrin kemer eder men! Ýörejek ýeluňa Akmaýanyň ýeluny paýandaz ýazar men! Meňli Magtymgulynyň ullakan gubarly gözlerine, şasuwar kaddy-kamatyna,adatdan daşary sözleri aýdyp duran zybanyna bendiwan bolup, näz-kereşme bilen owsunyp, gyýk garap jilwe eýledi! Meňliniň al ýaňagyndaky guýganak ýene Magtymgulynyň başyny aýlady gitdi! Olar bir meýdan biri-biriniň otly nazarlaryna, datly nazarlaryna, jadyly nazarlaryna ýüreklerini dagladyp, birek-biregiň gudratly gözlerine, heserli gözlerine garap, yşka maýyl boldular. Didar didary tapdy, gözler gözlerden öpdi…Bir akyldar «Sözüň gutaran ýerinden saz başlaýar» diýipdir, ýöne sazyň tamam bolan ýerindenem yşk başlaýar eken,Gudratly yşk, pynhan syrly yşk! --Meňli, Meňli…, meniň saňa kän-kän zatlary aýdasym gelýär… --Sen maňa düýşüňde aýdyber Magtymguly, men baryny eşidýän. Düýşüňde aýdýanyňy huşumda eşidýän, huşuňda aýtjagyňy düýşümde eşidýän—diýip, Meňli owadan gözlerini süzüp ýylgyrdy--Biri gelýär—diýip, kebelek kowalap ýörşüne golaýyna gelen Eziziň golundan tutup daýylaryna ýöneldi, birdenem yzyna dönüp –Haçan duşjagymy düýşüňe girip aýdaryn… Gitdi, Meňli gyz gitdi, dünýäniň owadan düýşi gitdi! Magtymguly töweregine syn kyldy, görse hiç kim gelmeýänem eken… Ertesi öýlänara al-ýaşyl parçalardan şahana geýnen Meňli seýkin-seýkin basyp owadan ýaşyl maýsaly meýdandan barýardy. Ol serdar durna ýaly buýsanjaňdy, derýadan ýüzüp gelýän şamar ýylan ýaly belent başy dim–dikdi! Meňli haýsy ýana seretse, dowamly nazar salýardy. Birden ol ýakymlydan heserli ses eşidip, gögüne garady.Eý-ho, kyrruw-kyrruw ses edip owadan durnalar toýnuk gurup gelýär! Allanyň görer göze görünýän perişdeleri--DURNALAR ýaşyl ýazly zemine gujak açyp, pelpelleşip gelýär! Biribaryň bir setir hikmetli, heserli şygry Meňliniň ýüre-jigini nyşanalap, yşkyň peýkamy bolup gelýär! Gözelligiň soltany durnalar zemindäki yşkyň melikesi Meňlini görgeý, owadandan heserli owaz edip, onuň depesinde aýlanyp, gözelligiň melikesine zyýarat edip, Meňliniň gözlerinem, göwnünem alyp gitdiler ýazlar dünýäsine! Meňliniň barkly gözleri, bagtly gözleri buýsançdan ýaşaryp balkyldady. Magtymgulyny Ýaradanyň kitaby ýalançy etmedi. Birden gögüň ýüzi gara-lyp, şuwlap-şuwlap gelýän ýellere atlanyp Hazar ummanynyň öýlänçisi ýetip geldi. Ertekilerdäki gara döwüň gelşi ýaly, öýlänçi ýerleri-gökleri gümmürdedip, ýyldyrymdan naýzalaryny çar ýana sanjyp, Magtymgulynyň yşkyny diňe Meňlä däl, jümle-jahana ýaýyp başlady. Şahana geýnen Meňli gyz heserli ýylgyryşa öwrülip, yşkdan hem bagtdan ýaňa uçaýjak–uçaýjak bolup asmana garady.Ol kowçum-kowçum şar gara bulutlary däl-de, asmanda ah urup, alawlap nagra dartýan Magtymgulyny gördi. Hakykatdanda asmandaky çal-gara bulutlarda nagra dartýan Magtym-gulynyň sudury bardy. Ol kirpikmen gözlerini süzüp, lezzet bilen gögüne seredip, »Magtymjan! Mag-tym-gu-ly!»-diýdi.Ol o jümläni içinden aýdanynam, daşyndan aýdanynam aňşyrman ýalta töweregine garady. Meňli tisginip gitdi: gör-ha nirden, nädip peýda bolany nämälim Magtymguly Meňliniň alnynda dyzyna çöküp, gül-pürçük açylan ülje bagyny bir desse çemen edip Meňlä uzadýar. Meňli ýeser ýylgyryp ter çemeni aldy, şol pursat örän owadan ýyldyrym çakdy, Magtymguly çalasyn margiriň ýylan tutuşy ýaly ýyldyrymyň ýere golaýlan ujundan penjeläp, şarpyldadyp bir silkdi, ýyldyrym şol dem melikeleriň lowurdap duran zünnar kemerine aýlandy. Aşyk zerrin kemeri Meňliniň inçe biline guşady, Aşygyna çakdan aşa golaýlan Meňli uýalyp näz-kereşme eýledi. Magtymguly bulutlaryň aňyrsyna gollaryny uzadyp, gökden Ülker ýyldyzlaryny aldy: ýyldyzlary lowurdap ýanyp duran Ülker ylla şa jygasy ýalydy.Magtymguly ony Meňliniň buý san-jaň başyna geýdirdi. Şol pursat ýene gökde ýyldyrym çakdy, Magtymguly iki goluny uzadyp, ýyldyrymyň çat açdyran asmanyny atlaz ýyrtan ýaly iki ýana ýyrtyp, dünýäniň göwher şamçyrag ýaly ýanyp duran ýürejigini alyp,ony tumar edip, Meňliniň boýnuna dakdy. Magşuk owadan ýylgyryp lowurdap duran tumaryny sypalady. Aşyk bilen Magşyk biri-biriniň golundan tutup, biri-biriniň gözlerine dikan bakyp,şabrap başlan çagbanyň aşagynda şalpy-şaraň ezilip aýlandy. Aşyk-Magşugyň başy aýlanýar, asmanyň başy aýlanýar, zeminiň başy aýlanýar! Bir salymdan Magtymguly asmanda endiräp duran yşkyň ýaňy ýaly älemgoşary alyp, Meňliniň egnine atdy. Magtymguly bilen Meňliniň depesinden al-ýaşyl, melewşe, mawy, sary ýagyşlar ýagýardy,olar baranyň aşagynda aýlanyp-öwrülip, yşk raksyny oýnap, jadyly sazdan ýaňa, yşkdan ýaňa, bagtdan ýaňa heýjana geldi! Magtymguly golaýda duran äpet çynary saýawan ýaly göterip, çagbaly bulutlary asmana göterdi. Meňliniň ýaz ýagşyna ýuwulan al ýaňaklary, kirpik-lerinden aslyşan göwher damjalar,läle-läle gyrmyzy lebleri Magtym-gulynyň janyny alyp barýardy. Edil şol pursat ejesiniň sesi Meňlini ýyldyrym uran ýaly etdi: --A gyz,sen näme sowuklajak bolýamyň? Dessine öe gir!—Bir demde Meňli gyzyň owadan hyýal-heser dünýäsi ýyrtylyp, yşk düýşi gaýyp boldy. Meňli gyz allaniçiksi aljyrady. Ol hamana Magtymguly bilen pynhan duşuşykda tutulan ýaly, sag eli bilen ýüzüni penalap, uýalyp öe girip gitdi… Derýanyň ýakasyndaky jeňňelliň ýitigsije ýedasyndan dört pyýada gelýärdi. Tokaý şeýle bir gürdi, içinden ne ýel geçýärdi, ne depesinden Gün şöhlesi düşýärdi. Ne guş-gumursylar jürküldeşýärdi. Gündiziň güni gara basan ýaly doňup oturan tokaýda gorkunç dym-dyrslyk gözlerini höwlendirip otyrdy. Gelýänleriň dördüsem kyrk-elli ýaşlaryndady. Sal-sal eginbaşlary ýamag üstüne ýamakly, ýarlykly garyp-kaşşaklar eňňere bolan ekinden çykyp gaýdan garantga meňzeýärdi, hut kesek-läberesiň gelýärdi. Dördüsem Kengana gidip şa boljak, at gazanyp dünýä ýaň saljak diýip dürli ýyllarda obasyny terk edip, uly dünýä çykan adamlardy. Olaryň biri Hajygowşandan,Magtymguly ýenaçynyň ogly Bada begdi. Beýleki üçüsiniň ady, obasy hökmanam däl, sebäbi olar bir at ýitiren zaňňarlar. Kaşşaklaryň hersiniň bir şäherde uly baý bolup, depesinden döwlet ýagyp, at-owazasynyň arşa galşy, ýöne pelek çarhyny terse çalyp, garyp-gallaç galyşy hakynda gyzykly, pajygaly, dartgynly rowaýaty bardy, ýöne rowaýat ynanardan has ynandyryjydy. Görgüliler indem gedaý halda Türkmensähra barýardy. Öňden gelýän Bada beg sakga saklanyp, başyny talawladyp howany ysgady, del ys alyp, ýelçekerleri öz-özünden her hili hereket edip, tamşandy: --Şepi, sen adamdan mahluga has ýewuk, hany aslyňa aralaş-da bir ysyrgan!—diýdi. Jonnuk kaşşak ilki sümgürip, topaz ýaly bitgin burnu-ny süpürişdirip: --Eý, mahluk aslymdan aýlanaýyn! Eý, gurt ganly ata-babamdan aýla-naýyn!—diýip, yhlas bilen howany ysgady, birden ýüzi üýtgäp gitdi. Ol gözlerini höwlendirip ýeldaşlaryna seretdi.—Joralar, ýa meniň aklym üýtgedi, ýa çişligiň, şaranyň, kebabyň ysy gelýär!-- Jonnuk kaşşak sazanaklap başlady --Joralar, garakçy-galtamanlardyr! Gaçalyň!.. --Äl-äýt şepi, nädip beýle züwwetdin bolduň? ÝA okuwyny dagy oka-dyňmy?— Bada beg soky ýaly ommuk pyýadanyň ýüzüne seretdi. Jonnuk: --Näme diýip towşan-tilkileriň san-sajagy ýek: sebäbi olar gorkmany, gaçmany bilýär—diýdi. Agajet kaşşak: --Oho-ho-how, kişdelije, kişmişlije, käşirlije, käkiliklije hezreti palawyň ysy gelýär, özem sarymsaklyja!.. Ýaňyja tamdyrdan çykan çöregiň ysam janymy alyp barýar, özem ak bugdaýdan!—diýip, dodaklaryny ýalady. Jonnuk kaşşak gözlerini erew-berew edip, galpyldaýardy, häh diýseň, ýüregi ýarylyp jan beräýjek neresse! --Doganlar, biz Jynly tokaýa gelendiris! Ýegsam bu ýabany jeňňelde, çişligiň, palawyň ysy neýlesin?—diýip, jonnuk pyşyrdady. Dört pyýada tilki ýaly ysyrganyşyp, ýedadan çykyp gür tokaýa girdiler, bir-biriniň yzyna düşüp, ýakymly ysy yzarlap, alaň-açyk meýdana çykdylar. Kaşşaklar kellesini silkeleşdirip, gözlerini açalak-ýumalak etdiler. --Begler, sadaka aýdyberiň, biz ýa Allanyň mülküne girdik, ýa melgu-nyň?—diýip, agajet kaşşagam gözlerini höwlendirip, gorkýandan boldy. Giň meýdana düşelen haly-palasyň üstündäki saçak ertekilerdäki ýalydy. Tylla mejimelerde syh-syh çişlikler, şaralar-kebapdyr gutaplar, ullakan çanakda bugaryp duran palaw ysy bilen janyňy alyp barýardy. Okara-okara nazy-nygmatlar, iýr-iýmişler, altyn-kümüş jürdekler, pyýalalar hatar-hatar. Saçagyň üstünde guşuň süýdüne, serçäniň buduna çenli bar. Bada beg: --Şepiler, Hudaý berse guluna, getirip goýar ýeluna! Pah-pah! Urşuň geňeşi bolmaz, geçiň saçak başyna! --Garakçy-galtaman gelse näderis? Bada beg dünýäden doýgun halda sag goluny salgady: --Garakçy-galtamanlar ýagşy etse öldirler-dä!.. Ýaman etse-de öldürler-dä! Kyrk ýyl bäri kyrk garnymyzyň kyrkysam aç, endam-janymyz ýalaňaç, beýdip garyp-gallaç ýaşap ýörenimizden ölenimiz bähbidimiz! Alyň zaňňarlar, pah-pah datly palaw ekenow!—diýip, çanaga penjesini urmanka palawyň waspyny etdi-- Allajan, bu päkize saçak seniň sahawatyň bolsa, onda seniň barlygyň çyn! Eger melgunyň oýny bolsa, onda melgunyň zorlugy çyn!— Dört aç pyýada geçdi saçagyň başyna. Kimsi eliniň göterdiginden palawdan alsa, kimsi syhyň bir çetinden tutup syryp goýberýär aňyrsy görünmeýän hokurdana garşy.—Haý ederini bilmez Allam-eý, işlemäge iki el berip, iýmäge ýeke agyz bermäň näme? Agajet kaşşak: --Ahaw, azajyk çeýnänem bolaý!—diýdi. --Meniň aňrym böri! Senem çeýnemän ýuwudyber samahyllap otur-man! Hah-hah-ha! Agşam gäwüş gaýtararsyň!—diýdi.-- Oglanlar, poha batsaň boýuňça diýlendir! Altyn pyýaladan şerap hem göndereliň! Geleweri atdaşym badajan! --Eý, joralar, biz namaz okaýas ahyry! --Aý, akmak, şerapmy şüý? Heý altyn jürdekden altyn bada guýlan al şeraby ömrüňde gördüňmi?! Pah-pah, gözüňe söweýin, bular erenleriň-pirleriň içýän şerabun—terahumy!—diýip, Bada beg altyn badany ogşap, başyna çekdi.—Hah-hah-ha! Indi enesi gyz bolsa gelibersin şol garakçy-galtamanlaryň! Iýiň begler, iýiň, ýaman etseňiz ýyrtylarsyňyz!-- Olar aldy-gyna symyşlaýardy, pyýala-pyýala al şerapdan goýberýärdi. Kaşşaklar gyrymsy agaçlaryň aňyrsynda Nedir şanyň, mürze Muhammet Kazym dagynyň bukulyp, özlerini synlap oturanyndan bihabardy. Aňyrsyna il gonansoň agajet kaşşak: --Haý, şu mahal maňa Nedir şa duşagaýsady. “How Nedir şa, ber maňa bäş-alty tanap boz ýeri. Men bir gysym mis ekip, bir çuwal kümüş almasam, bir çuwal kümüş ekip, bir harwar altyn almasam, bir harwar altyn ekip, ýedi düe göwher-lagyl almasam çal garladyp damagymy!” diýerdim. How, Ommuk batyr, sen näme dommarylyp otyrsyň? Şumat aýdanymyz bolup, diýenimiz gelip, ykbalymyzyň gülüp duran çagy Nedir şa duşaýsa näme dilejek? --Aý, kaşşak zaňňar, bidöwlet şa diletdirip berýändir. Nedir şa döwletli şahynşa ahyry, ol meni gördügi, genji-hazynasyny alnyma süýşürip, alaweri dogan diýer!.. ÝA Allam, biziň garnymyz doýan çagynda ýa arşdaky Allaga duş eýle, ýa zemindäki Nedir şaga!—diýip, Jonnuk kaşşak töweregine bakdy. Gyrymsy agaçlaryň aňyrsynda tomaşa edip oturan Nedir şanyň keýpi kökelýärdi. Muhammet Kazymam, beýlekilerem hezil edip sessiz gülýärdi. Üçünji: --Haý Taňrygarganlar! Belent başyna döwlet guşy gonan, tylla tagty arşy-agladan inen, maňlaýyndan Hak sypalap, nazar kylan Nedir şahynşa bize duşar ýaly bidöwletmidir? Sadagasy boldugym Nedir şa duşsa mydama ýagşyzadalara duşawersin! Hydyr ata, Ylýas ata, Kowus-Kyýas ata duşawersin!—diýip, doga edibermeli senaly sözleri sanaşdyryp başlady. Nedir şa gazap bilen mürzesi Muhammet Kazymyň ýakasyndan ebşit-läp, ýuwaşja: “--Ýörite gurnadyňmy, köpeý ogly!”--diýdi.Ýüregi ýarylan Muhammet Kazym Alladan ant içdi... Eýse, bu niçik waka? Erteki saçagy nireden geldi ýabany jeňňele, Nedir şa nädip peýda boldy? Iki gün mundan öň Nedir şa Näheň galanyň etegindäki tokaýda şa bezimini edermen bolupdy, hemişe bir bada iki-üç işi bitirip ýören şahynşa arasynda şalyk geýim-gejimini pukara eşikler bilen çalşy-ryp, özüni tanatman galanyň meçjidine baryp, raýatlarynyň permanyny berjaý edişini görmegi niýet edinipdi. Olar Näheň galanyň eteginde ýabany jeňňelde düşläp, derýanyň ýakasynda iýip-içmegi müwessa bilip-diler. Mydama bir henek-hokga tapyp, şahynşanyň göwnüni awlap ýören Muhammet Kazym galadan tokaýa girýän ýedanyň ýanynda gözetçi goýup, oýny-henegi halaýan Nedir şaga tomaşa görkezmegiň kül-külüne düşüpdi. Gözetçi dört sany pakyr-pukaranyň tokaý ýedasyna ýetip gelýänini görüp, eňdi mürze Muhammet Kazymyň ýanyna. Mürze-de dessine beglerine ýedanyň ýakasynda, datly naharlaryň ysy ýeter ýaly ýerde düşek atdyryp, saçak ýazdyryp kaşşak görgülileri oýnap, Nedir şaga tomaşa taýýarlapdy... Kaşşak senasyny tükedip, Bada bege: —How-how, şepi, sen näme ýüz-gözüňi bürjeşdirip, tüweleýläp baş-ladyň-la? Saňa Nedir şahynşah duşaýsa nädersiň?—diýdi. Bada beg: --Wah, hany men pakyrda çüwjek-çüwjek-çüwjek bolup duran maňlaý! Şumat şol galtaman zaňňar Nedir şa duşaýsa, döwlet guşy gonan depesine bir doňdurardym ýetim çaganyň kellesi ýaly ýumrugym bile! Häh! –ol edil Nedir şany urýan ýaly äpet ýumrugyny düşege patlatdy. Gyrymsy agajyň aňyrsyndaky Nedir şa-da depesine urlan ýaly düýrükdi—Onsoň şahyn-şanyň hykyrtmagyndan alagada, Taňry sypalan ýüzüne ine şeýdip gülçüldederdim! O gurrumsak zaňňar şumat dagy duşaýsa janyny jähen-neme iberip, Eýrany-Turany şahynşasyz goýýan!.. –diýip, öz-özünden ot aldy. Muhammet Kazymyň imany öçdi, ýüzi gara-ört bolup, galpyldady. Nedir şanyň bolsa keýpi göterildi, göhi geldi. Keýpi daş ýarýan üçünji kaşşak aňk bolup: --How-how, janyny jähenneme iberer ýaly Nedir şa saňa näme ýamanlyk etdi?—diýdi. --Joralar, biz ýa Allanyň mekanyna, ýa melgunyň mülküne geldik! Hany men ýene bir dileg edeýin. Eger şol dilegimem bitse, işimiziň gaýtdygy, maňlaýymyzyň ýatdygy!..—diýip, Jonnuk kaşşak molla oturşyny edip, ilki gysgajyk doga okady, soňra göge ellerini uzatdy—Eý, Allajan, gara başym saňa gurban bolsun, munça gudrat görkezeniňe görä, alnymyzda dört-bäş sany hüýr gyza-da raks oýnatdyraweri!.. --Eý,eý! Hüýr gyzy dilemäň näme? Bize enesi oýnaş, atasy ograş paýyşalaram köp bolýar! Bir salymdan gür tokaýyň içinden ylla düýşden çykan ýaly bäş-alty hüýr-peri gyz çykdy, olaryň hersiniň sag elinde tylla jürdejik bar. Oturanlar hem aňkaryp, hem gorkup, götin-götin süýşdiler. Hüýrleriň ählisi ýukajyk ýüpekden al-ýaşyl geýnipdir, manysy, mazmuny görnüp dur. Olar sallanyp, seýkin basyşyp, agzyny açyp oturan kaşşaklara näz-kereşme bilen jilwe taşlap, süýnüp-sarkyşyp gelýär. Jonnuk kaşşak gorkusyna elden-aýakdan aýrylyp, elewräp başlady. --Joralar, bagtymyz ýatdy, biz jynlyrapdyrys. Serediň o gyzlara! --Ommuk batyr, gorkma! Ojagaş gyzlar ýaman etse bize günä gazandyrlar-da! —diýip, Bada beg hoş boldy. Gyzlar gözlerini oýnadyp, gaşlaryny kakyp raks oýnady. Kaşşaklaryň biri aňk bolsa, biri aglap, biri doga okady. Bada beg ýerinden turup gyzlaryň ýanyna baryp, biriniň golundan tutup, golaýyna çekip ysgap gördi, sypalap gördi: --Päheý, Ommuk batyr, dilemeli gyzlaryňy-ha bilipsiň-ow!.. Hakyky hüýr gyzlar!—diýdi. Gyzlar jakjak gülüşip, hersi tylla jürdekden bir pyýalany al meýden dolduryp, dört kaşşaga berdi. Aglap oturan jonnuk kaşşak: --Doganlar, biz ölüpdiris! Biz ölüpdiris-eý! Nädip ölenimizem bilmän ölüpdiris-eý!—diýip gygyrdy. Owadan hüýr gyz oňa püre-pür pyýa-lany uzatdy. Gorkak kaşşak almajak boldy. Bukulyp olary synlaýan Nedir şa bolsa agzyny tutup gülýärdi... Bada beg akyl berdi: --Jonnuk beg, çek başyňa pyýalany! Ölsegem sermestkäk öleliň! Jonnuk kaşşak birde ýeldaşlaryna, birde gyza garap, pyýalany başyna çekdi. Dört pyýada bir salym mölerişip oturdy, gyzlar pessaýdan hüwdi ýaly näzijek aýdyma başlady. Kaşşaklar meýmireşip gapdala gyşardylar, sebäbi gyzlaryň getiren jürdeginiň şerabyna güýçli uky dermany goşulypdy... Ertesi kaşşaklaryň gorkagy ukusyndan ir oýandy. Ol gözlerini açalak-ýumalak edip, töweregine garandy. Beýleki üç kaşşak gara gumda çalam-çaş serlişip ýatyr. Jonnuk zaňňar gözlerini ýumup gördi, açyp gördi. Birde-nem jajajaýlap şeýle bir çirkin gygyrdy. Jynssyz gykylyk ukuda ýatan kaşşaklaryňam, gyrymsy agaçlaryň aňyrsynda bukulyp oturanlaryňam zähresini ýardy. Bada beg: --Nämäý, gyzlygyňy aldyrdyňmy?-–diýip azgyryldy. Jonnuk kaşşak gözlerini erew-berew edip: --Töweregiňe gara, sen entek jynlyrarsyňam! Hany düýnki saçak? Hany düýnki gähnäp-gähnäp iýen naharlarymyz?—diýdi. Gara guma bulaşyp ýatyp galan kaşşaklar atylyşyp turdylar, gözlerini elek-çelek edip töweregi synladylar, emma ne saçak bardy, ne şa zyýapaty. Kemteresinden olaryň gemrip, dumly-duşa zyňan süňk-saňklaram ýek. –Aýtmadymmy, Jynly tokaýa geldik diýip? Eý, Allajan-eý! Howpdan-hatardan, beladan beterden özüň gorawer-eý! Jynlar biziň gözümizi baglapdyr! Bada beg gözlerini çerreldip, ýatan ýerini, daş-töweregi synlady, garny-ny sypalady. --Ek, jynlar gözümizi baglan bolsa, garnymyz beýle dok bolmazdy, kellämizem sämäp durmazdy!—diýip, gorkak kaşşagyň alkymyna baryp, onuň geýim-gejimini barlaşdyrdy,öz üstüne seretdi. --Päheý, şepiler, garyp ýaşanam bolsak, baý ölüpdiris! —ol birden aklyna aýlandy. –Eý, zaňňarlar, bizi kim geýindirdi?.. Ohohow! Kim bizi ýalaňaçlady? Hany biziň köne şylhamyz?—Kaşşaklaryň gözleri hanasyndan çykara geldi. Bada beg endam-janyndan çümmükleşdirdi—Doganlar, biz ölüpdiris diýsek diri, jynlyrapdyrys diýsek aklymyz ýerinde. Birden olar alysdan eşdilýän çygşylda tisginişip, tokaýa seredip hasam haýran galdylar. Hanha, dört-bäş sypahsasy-emeldary bilen Nedir şa gelýär. Bada beg beýlesine öwrülip, Jonnuk kaşşagyň gulagynyň düýbüne çekdi. Jonnuk ýaňagyny tutup uwlady. Bada beg: --Diýmek, sen ukuda däl! Hany, meniň gulagymyň düýbüne-de ýapla! –Ol zor bilen gysga boýlynyň eli bilen ýüzüne urdy. –Diýmek, menem ukuda däl. Eý, Allam!—diýdi. Onýança Nedir şa dagy ýetip geldi. Kaşşaklar iki eglip, tagzym kylyp, salam berdiler. Bada begiň imany uçdy, ol bezemen geýnen Perman begi tanady. Sada Perman pil Bada begi görenden agzyny açyp, aňk boldy. Perman beg heý gardaşy bilen salamlaşmazmy? Emma ol şahynşanyň janpenasydy—keşikçisidi, ýöne oňa geplemek gadagandy. Bada beg oňa dikan bakyp, sag penjesiniň barmaklary bilen öz açyk agzyny ýumdurdy. Nedir şa ýylgyryp: --Begler, gorkmaň, siz jyna-jada däl-de, hokgabaz mürze Muhammet Kazymyň pirimine duşduňyz! Men Nedir şa! Bular wezir-wekillerim!—diýip, ol düýnki ýer istän agajet kaşşagyň alkymyna bardy.—How, bradarym, seniň doga-dilegiňi arşda Alla eşitmese-de, ýerde Nedir şa eşitdi. Hanha, saňa pul, halan ýeriňden boz ýer satyn al, öýlen!—Muhammet Kazym golundaky haly horjundan çykaryp oňa gabarasy gala pully haltany berdi.—Emma aýdyşyň ýaly bol hasyl algyn!— Ömründe şahynşa görmedik kaşşak iki epilip, başyny silkeläp, näme diýjegini bilmän saňňyldap dur. Nedir şa jonnuk kaşşagyň alkymyna bardy. --Hak aýtdyň, Nedir şa bidöwlet şahynşa däldir, diletmän berýän şahynşadyr, ynha saňa baýlyk, ýeriň bolmasa ýer satyn al! Mal-hal edin!—diýdi. Muhammet Kazym oňa-da pully halta berdi. Jonnuk kaşşak eplem-büklem bolup tagzym kyldy. Şahynşa üçünji kaşşagyň alkymyna bardy: --How, gardaşym, men ömrümde ýagşy doga-dilegleri, senalary kän eşitdim, emma seniňki ýaly ýagşy dilegi eşidip görmändim. Al saňa-da! Senem duşsaň mydama ýagşyzadalara, Hydyr ata, Kowus-Kyýas ata duş!—diýdi. Mürze oňa-da bir pully haltany berdi. Nedir şa ýaşkiçi kaşşa-gyň—Bada begiň alkymyna bardy. Kaşşaklar galpyldaşyp Bada bege seretdiler. Nedir şa onuň gözlerine dikan bakdy: --Howwa, Görogly beg, düýn sen nämeler ataladyň, bol gaýtala! Ynha, alnyňda şahynşa Nedir dur!—diýdi. Bu dünýäde görmedigi görde galan Bada beg owarrama urup, şahynşanyň gözlerine dikan bakdy, emma dessi-ne ýöwselledi, her hal özüne erk edip: --Siz Nedir şamy?—diýdi. Nedir şa başyny atdy.—Eger Nedir şa bolsaňyz, sizem düýnki zyýapatyňyzy gaýtalaň! Nedir şa-da, wezir-wekilleri-de wahahaýlaşyp gülüşdi. Şahynşa oňa mürähet etdi. Mürze Muhammet Kazym öňe düşdi,kaşşaklaram yzynda. Olar esli ýöräp, başga bir giň meýdana bardylar. Hemmesi aňk boldy, düýnki şa zyýapatyndan has baý saçak ýazylypdyr, üstünde näme diýseň bar. Bada beg gögüne garap hüňürdedi: --Eý, Allam, men Isa pygamberiň eşegini ogurladymmy? Bu zaňňary nireden tapyp maňa duşuryp ýörsüň?! Indi mundan ölüp sypsamam zor boldugymdyr!—diýip, sen-men ýek, alagada altyn jürdekleriň birini başyna çekdi. Perman pil aňk bolup synlaýardy. Bada beg jürdegiň ýaryny içdi, emma şerap degmedi. Nedir şa hoş bolup ýylgyrýardy --Kyblaýy älemim,men özümi erkek saýýardym weli, aý ýek, gatybir erkegem däl ekenim!.. Hany ýene birini içeýin!– Ol jürdegi boşatdy.—Wäh, şerap maňa degmese näme? Şahym, şerapda derek ýek!.. --ÝA şerap gönderýände derek ýek!—Nedir şa ýylgyrdy.—Hany düýnki diýenleriňi gaýtala!--Bada beg şahynşaga naýynjar seretdi: —Şahym, men düýnki diýenlerimi içimden aýdaýaýyn-la!— Nedir şa-da, wezir-wekilleri-de, Perman pil-de hezil edip güldi. Gülkiden göwni-göwrümi giňän Bada beg birden merdemsiredi. --Şahym, kyblaýy älemim, men erkek bolaýyn-da çynymy aýdaýyn! Ýaman etseňiz öldürdersiňiz-dä!..Mundan ýigrimi-ýigrimi bäş ýyl ozal men atamyň baýlygyndan ogurlap-dogurlap tüpeň, gylyç-gürzi satyn alyp, gijäniň bir wagty atymyzy ogurlap güw gitdim obadan çykyp! Maksadym Nedir hana gulluk edip, beg boljak, han boljak! Obadan birki menzil daşlaşyp, atymy çaýa goýberip, özümem çaý jogabyny edeýin diýip, ýylgynlyga dulandym weli, şahym, size örän meňzeş bir kişi atymy ogurlap gaçdy. --Ek, maňa örän meňzeş kişi atyňy alyp gaçdy!—diýip, şa synçy nazaryny dikdi. Baly beg: --Howwa. Şahynşahyma örän meňzeş biri atymy alyp gaçdy, maňa meňzeş alasamsygam atyny ogurlatdy. Garaz, atsyz-ýaragsyz galan Bada beg neýlesin? Obama dolanyp bardym. Gahary gelen atamam galanja baýly-gyna meni öýerip öldi gitdi... Howwa, şahym, bir zaman bir aç möjegiň alnyndan ak guýruk çykypdyr. Aç möjek görgülem guýrugyň eýlesinden bir baryp, beýlesinden bir baryp :“El ýatyra ýel ýatyr, Ýel başynda il otyr. Bir emmasy bolmasa, Guýruk munda nä ýatyr?” diýip iýipdir-de, göre-bile gapana düşüpdir. Atamam maňa alyp berdi bir ak guýruk gyzy, menem höňküräp giden zaňňar, saklan-da saklanyp bilseň! Gelnem ýylaşa bir gara kelläni dogrup ýatyr. Ynha, han bolmaly, beg bolmaly Bada beg güzeranyň guly, çagalarynyň gyrnagy boldy—diýdi. Nedir şa wezir-wekillerine bir zaman ýüz atlysy bilen duýdansyz üstüni basdyranyny, ýigitleriniň aglabasynyň duşman bilen söweşip gyrlanyny, atyna ok degip, özüniňem ýaradar bolup tokaýa siňenini, maýyna getirip birewiň atyny alyp gaçyp, şähere aşanyny gürrüň berdi. Ol gülüp: --Sen gaty tangyr ekeniň!—diýdi. --Atyňyzy ogurladan bolsaňyz sizem tangyr borduňyz, şahynşahym! --Men seniň atyňa derek päkize iki at berýän. Razymy? --O nähili razymy? Birinjiden meniň onym baýtaldy, özem ýagyr-nysyndan ýagşyzadalar sypalan, ýylda ekiz gunanlaýan tohum baýtaldy, şahynşa münensoň üçemden gunanlajagam hak! O baýtaly alyp gaça-nyňyza-da ýigrimi-ýigrimi bäş ýyl boldy... Şahym, siz şol atlaryň arkasyndan tagta çykdyňyz. Indi özüňiz hasaplaberiň ýa men hasaplaýynmy? --Ek, zaňňar, sen hasaplasaň täji-tagtymy, hany-manymy beremde-de bergidar çykararsyň! Mürze Muhammet, ber muňa-da, beýlekilere bere-niňiň iki, ýek üç essesini! Indi boldumy? --Pahaý şahym, men ölmän sypsam-da razydym! –diýip, Bada beg asmana bakdy-- Eý, Allajan, birdenkä men ukymdan oýanaýsam, bu bolup geçen närselerem düýşüm bolup çykaýsa, gaýdyp namazyňam okaman, orazaňam tutman, sadaka-da bermen!—ol kaşşak ýeldaşlaryna garady-- Eý, zaňňarlar, birdenkä dälirän bolsam, meni ahuna-pire okadyp açaýsaňyz, ähliňi pürrelärin! Bada beg Nedir şanyň hoşuna geldi. Perman pilem obadaşyna buýsa-nyp ýylgyrýardy. Şahynşa: --Bada beg, sen bir tomaşa ýigit ekeniň! Sen meniň mähremim bolaýsaň näder?!—diýdi. Bada beg ör-gökden geldi: --Şahym, kyblaýy älemim, heý meniň ýaly akylsyz zaňňaram tagta çykaryp bormy? Men-how ata çykamda howlap-heserläp ýören kişi men! --Men saňa mährem wezirim bol diýýän! --Kyblaýy älemim, köşge baryp, mährem weziriňiz boldugym, dessine baş weziriň ornuny alaryn! Onsoň siziň tylla tagtyňyza tiňkämi dikibem kellämi aldyraryn! Ýek, şahym, men obama gideýin! Ol ak guýruk gelin töwereginden geçseňem gunanlap ýatyr! Onuň töwereginden geçsemem özüm geçeýin!—diýdi. Olar wahahaýlaşyp gülüşdiler. Nedir şa kaşşaklar bilen şa zyýapatyny iýip-içip, göwün açyp, kaşşaklary baý hem mes edip ýela atardy. Perman pilem Bada bege ogryn nazary bilen ugratdy... Kaşşaklar Jynly tokaýdan baý bolup çykdylar. Olar ýel boýy arzuw eden-- baýlykdan, bagtdan lowurdap duran röwşen Geljegine barýardy. Bada beg geň galyp: --How-how, siz näme öýüňize barýaňyzmy?—diýdi. Olar baş atdylar. Bada beg ýeldaşlaryny içgin synlap, başyny ýaýkady.—Begler, heý munça genji-hazyna bilen öe gidip bormy,,heý munuň ýaly gulanalma keýp bilen öe gidip bormy? Munça baýlyk bilen obaňyza gidip akmakmy siz? Häli-şindi öe baryp ýörseňiz heý at-abraýyňyz bormy? Öe bäş-on ýyldan bir barmalydyr! Öe baraňyzda ataň pakyr aglap Hudaýely edip, eneň pişme paýlap, çagajyklar pylan dädem gelipdir diýip buşluga aýlansyn-la! Baý kaşşaklar oňa aňk boldular. Bada beg bir tyllany eline aldy-da:. –Jikge düşse, Bada beg Bulgura gidip hüýr gyz-gelinleriň hezilini görer, bükge düşse Çynmaçyna gidip—diýip, tyllany göge oklady! ÝA pelek! * * * Gijesi ýok, gündizi ýok, ukusy ýok, oýalygy ýok -- Magtymguly yşkyň hem hijranyň oduna ýanyp, hüýlenip barýardy. Meňli gyzyň yşky onuň garak-laryny gapypdyr, ol jümle-jahanda Meňliden gaýry hiç kesi görenok! Meňli gyzyň yşky ony lal kylypdyr, ol «Meňlim, Meňlim» diýip delmirmekden gaýry hiç bir sözi aýdyp bilenok! Magtymgulynyň Meňlä aýdasy gelýän sözleri yşkyň howruna kalbynda kişde bolup kakap barýar-dy. Magtymgulynyň Meňlä aýdasy gelýän jümleleri kalbynda ýaýyla-ýaýyla gaýmak bolup barýardy. Magtymgulynyň jiger-bagry yşk oduna ýanyp, gursagyndan şaranyň ysy kükeýärdi. Magtymgula jümle-jahan gerekmes, oňa diňe Meňliniň didary gerek! Oňa jümle-jahanyň baýlygy-bagty, hany-many gerekmes, oňa diňe Meňliniň didary gerek! Ol gözle-rini açsa-da Meňlini görýär, ýumsa-da Meňlini görýär! Dünýäniň ähli ýellary, ýedalary Meňlilere tarap uzaýar!.Meňli bolsa gudrat bilen ajaýyp aýdyma öwrülip, mawy asmandan messan-messan ýöräp gelýär. Gün onuň ýörejek ýeluna tylla şuglasyny, Aý kümüş şuglasyny paýandaz ýazýar!.. Ozal ylahy düýşünde pyýala-pyýala şerabun-terahumy içen, indem apat yşka düşen Magtymguly seri dumanly sagatsaýyn ulalyp, göge galyp bar ýar, gursagynda ýanardag goduklap, gara daglar jünbüş eýläp, uçmah jülgeden Meňli gyz yşk derýasy, aby-haýýat derýasy bolup, birde ataş derýasyna öwrülýär. ...Dünýä düýşe dönüpdi: arzuwçyl,hyýalbent,şahyrana fantaziýasy älemden giň Magtymguly owadan hyýala batyp dur: hanha şar gara bulutlar bilen ak ýagyşlar gelýär, ak ýagyşlaryň yzy bilen ýaşyl maýsalar galkynyp, ýaşyl ýagyş ýaly göge göterilip barýar! Hanha, sallanyp seýkin basyp Meňli gyz gelýär, yzyndan owsunyp, tolgunyp jadyly poeziýa gelýär! Hanha,Meňli gyz ýyldyrym bolup, yzynyň gübürdisi, gümmürdisi ajaýyp goşgy bolup gelýär! Meňliniň nazar salan ýerinden ak kömelekler ýaly ter hem datly pikirler dömýär! Meňli gyz jümle-jahana ýaň salyp, älemgoşardan ýaradylan aýdym bolup gelýär! Meňli hanym golun dişläp. Bizden ki uýat eýleýir. Kä daranyp, uz ýörişläp, Bizden ki uýat eýleýir. Magtymguly Meňliniň eýjejik elinden tutup, nerkes gözlerine seredip, pyşyrdap goşgy okady. Geýipdir gyzyl-ýaşyly Bilmen nadir, ýar hyýaly, Göz edip, ýemut-ahaly, Bizden ki uýat eýleýir. Görüşeli,Meňli hanym, Istihanym,şirin-janym, Pyragy diýr,din-imanym, Ýetdirmez uýat eýleýir. Meňli yşkyň ajaýyp aýdymyna meýmiräp,Magtymgulynyň gubar-lap duran heserli gözlerine gark boldy! Olar uçmahdan zyýada yşk dünýäsinde, Bakylyk dünýäsinde bagtyň goýnuna düşüpdi. Magtymguly Meňlini--Jeýla güli ysgady, essi aýyldy, Jeýla gül oňa gysymyljyrap näz-kereşme eýledi. Magtymguly: --Goşgymy haladyňmy Meňlijan?—diýdi.Meňli: --Magtymguly, seniň bilbilgöýäniňki ýaly owadan owazyň bar eken-ä! Ýaňky aýdan aýdymyň meni tas däliredipdi. --Men saňa goşgy okap berdim ahyry! --Ol maňa ajaýyp aýdyp bolup eşidildi.Magtymguly,sen gudratly goşgy…men onuň heserli owazy! Ikimiz jümle-jahanyň gudratly,keramatly aýdymy! Magtymguly guşagyndaky hannjaryny gynyndan sogrup, göni gursa-gyndan urdy. Meňli allaniçiasi halda çirkin gygyryp, penjelerini ýüzüne tutdy. Magtymguly zarp bilen hanjaryny sogurdy. Meňli barmak-larynyň arasyny açyp ýaş ýigide seretdi-de hasam haýran galdy. Ýigidiň gursagyndan sogran gamasy gyrmyzy gan däl-de, hakyýt gyzyl ýalyn bolup, çbrap, çar ýana uçgun syçradyp ýanyp dur. Haýýady öçen Meňli gyz birdemde Kaknus guşa aýlanyp gyzyl-ot bolup Magtymgulynyň guja-gyna doldy, şol pursat ol syçyrap ukudan oýandy, gözlerini açyp-ýumup töweregine nazar saldy. Magtymguly aňk boldy: Meňli gyzyň yşkam, müşki-enwer ysam, lezzetem bardy, emma özi ýekdy, onuň gujagy boşdy. Magtymguly haýran galdy… Eý-ho, ol ilkinji gezek düýşünde goşgy ýazypdy: hanha onuň düýşünde ýazan goşgusy asmana söýelen älemgoşardan merdiwan ýaly owsunyp dur. Ol düýşünde ýazan goşgusyny huşunda gaýtalap-gaýtalap aýdyp gördi. --Gudratyňdan aýlanaýyn Allajan! Sen maňa düýşümde-de goşgy ýazdyraýdyň!—diýip, goşgyny lezzet bile öwran-öwran gaýtalady.-- Eý, Allam, Sen gudrat, maňa bagyşlan Meňli gyzyňam gudrat, Yşkyňam Gudrat! Gudrat! Gudrat! | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |